Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

ÝAŞLARA BERK YNAMYŇ MIWESI

Ýüreginde berkarar Watanymyza egsilmez buýsanç duýgulary möwç urýan bagtyýar ýaşlarymyzyň nurana durmuşy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ykbal özgerdiji şanly wakalara beslenýär. Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar gu ramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi şeýle buýsançly hakykatyň nobatdaky subutnamasy bolup yklyma doldy. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Bu resminama ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň binýadyny has-da berkitdi. Berkarar döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlarda nazarlaýan belent sepgitleriniň rowaçlyklara beslenmegine ýaşlarymyzyň doly hukukly gatnaşmaklary üçin has oňaýly şertleri döretdi. 

Ýaşlaryň bagtyýarlygyna, sagdyn ösüp ulalmagyna gönükdirilen maýa goýumyny ýurduň geljegi üçin goýulýan iň ygtybarly maýa goýumy hasaplanýan mähriban Diýarymyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ýeten şunuň ýaly belent sepgitleri halkara derejesinde ykrar edilýär. Bu hakykat ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň resmi taýdan kabul edilmeginde mynasyp beýanyny tapýar. Munuň özi ata-babalarymyzyň ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgelerini ykbal bezegine öwren türkmen ýaşlarynyň dünýädäki ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleri bilen hoşniýetli gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde täze mümkinçilikleriň gapylaryny giňden açýar. Hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda tassyklanylan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» bu babatda esasy ýol görkezijidir. Onda öňde goýulýan möhüm wezipeler bagtyýar ýaşlarymyz bilen dünýä döwletleriniň ýaşlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça, aýratyn-da, ylym, bilim, maglumat-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer, sport we syýahatçylyk ýaly geljegi uly bolan birnäçe ugurlar babatda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejelere çykarmaga düýpli hem-de netijeli itergi berýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly türkmen ýaşlarynyň dünýä dolan abraý-mertebesiniň öňküden hem belende galmagy üçin täze mümkinçilikleriň döreýändigini aýdyň görkezýär. 

Ýaşlar eziz Watanymyzyň egsilmez güýjüdir, kuwwatydyr, abraý-mertebesidir hem-de beýik geljegidir. Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkynyň has-da bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, umumadamzat bähbitli beýik işleri elmydama rowaç bolsun. 

 

Guwanç ÇENDIROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy

08.09.2023 Giňişleýin

WATAN SÖÝÜJILIGIŇ BEÝIK NUSGASY

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramçylygyna barýan günlerimizde ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda köp sanly täze bilim edaralary, çagalar baglary, orta, orta hünär hem-de ýokary okuw mekdepleri, okuw-terbiýeçilik toplumlary açylyp ulanmaga berildi. Halkymyza peşgeş berlen döwrebap bilim ojaklary döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatlydygyny, ykdysady mümkinçiliklerimiziň halkyň bähbidine gönükdirilýändigini subut edýär. 

Hormatly Prezidentimiziň taryhy Karary bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy buýsançly wakalar boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň, okuw-terbiýeçilik toplumynyň, iňlis diline ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň onlarçasynyň açylmagy ähli halkymyzda uly begenç, joşgun döretdi. 

Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary barada umumy sapak geçmegi baýramçylyk dabarasyny has-da artdyrdy, 2023-2024-nji okuw ýylyna ak pata, özboluşly badalga boldy. Mähriban Arkadagymyz bu umumy sapagynyň dowamynda: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler, gözbaşy has gadymy döwürlerden gaýdýan nesil terbiýesi, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan milli durmuş tejribämiz barada söhbet ederis. Döwür hakda, beýik geljegimiz hakda, bizi gyzyklandyrýan meseleler hakda pikir alşarys» diýip, okuw sapagynyň baý many-mazmunyny beýan etdi. Döwleti dolandyrmakdaky baý tejribesine daýanyp, halka hem Watana hyzmat etmegiň kämil nusgasyny döreden döwrümiziň beýik şahsyýeti, milletimiziň ussat mugallymy Gahryman Arkadagymyz umumy sapagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň gazananlaryny berkitmek, döwletimiziň halkara gatnaşyklarda tutýan orny, öňe sürýän «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasynyň ähmiýeti, ÝUNESKO-nyň görnük li sanawynda mynasyp orun alan milli gymmatlyklarymyz, şöhratly taryhymyz, gadymy türkmen döwletlerini binýat eden beýik şahsyýetlerimiz, kämil eserleri bilen türkmen edebiýatynda mynasyp orun alan şahyrlarymyz, olaryň bitiren uly işleri barada giňişleýin gürrüň berdi. 

Ýaşlarymyzyň mähriban Arkadagymyzyň pentlerine ygrarly, Arkadagly Serdarymyzyň beýik tutumlaryny mynasyp durmuşa geçirýän kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin, ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň, Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň kabul edilmegi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi muňa şaýatlyk edýär. 

Mähriban Arkadagymyzyň umumy sapagy ählimiz üçin watansöýüjiligiň beýik nusgasy, ynsan bolup ýaşamagyň, bilim alyp, tutanýerli zähmet çekmegiň kämil mekdebi, her birimizi beýik üstünliklere atarjak ak ýoldur. Ata Watanymyzy röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, mertebeleri belent, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun! 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet 

we ýaşlar sAyýasaty baradaky komitetiniň başlygy.

08.09.2023 Giňişleýin

OBA HOJALYGYNDA JOGAPKÄRLI MÖWSÜM

Şu gün welaýatymyzda güýzlük bugdaý ekişine girişilýär

 

Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ak pa­ta­sy bi­len şu gün ýur­du­my­zyň ak ekin us­satla­ry güýz­lük bug­daý eki­şi­ne gi­riş­ýär­ler. Bu jo­gap­kär­li möwsüme we­la­ýa­ty­my­zyň eder­men oba zäh­met­keş­le­ri ýo­ka­ry taýýarlyk­lar bi­len gel­di­ler. 

Gal­la — rys­gal-be­re­ke­diň çeş­me­si, azyk bol­çu­ly­gy­nyň ke­pi­li. Asyr­la­ryň do­wa­myn­da me­le top­ra­gy­myz­dan bug­da­ýyň be­re­ket­li hasylyny ýe­tiş­dir­mek bi­len, baý daý­hançy­lyk däp­le­ri­ni dö­re­den we ola­ry bu gün­ki ne­sil­le­re mi­ras go­ýan pe­der­le­ri­miz gal­la­ny ekin­le­riň şa­sy, bereke­diň ha­myr­ma­ýa­sy hasap­lap­dyr. «Gal­la­ly il — ga­la­ly il» di­ýen naky­la öw­rü­len jüm­lä­niň hä­zir­ki gün­ler­de hem äh­mi­ýe­ti­ni ýi­tir­män gelme­gi ýö­ne­li­ge däl­dir. 

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galky­ny­şy döw­rün­de ata-babala­ry­my­zyň kämil daý­han­çy­lyk tej­ri­be­si­niň hä­zir­ki zaman ekerançylyk usul­la­ry bi­len ut­gaş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de gal­la­çy­lyk pudagyn­da hem uly sep­git­le­re ýe­til­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne daýhanlarymy­zyň çek­ýän yh­las­ly zäh­me­ti bi­len ön­dü­ril­ýän guş­gur­sak ak bug­da­ýyň bol-be­re­ket­li ha­sy­ly-da aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Döw­le­ti­miz tara­pyn­dan gal­la­çy daýhan­la­ra be­ril­ýän gol­daw-he­ma­ýat­lar bol­sa, ak ekin us­sat­la­ry­nyň işe hö­we­si­ni art­dyryp, ar­zy­ly zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne hy­juw dö­red­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, we­la­ýa­ty­my­zyň oba zäh­met­keş­le­ri geljek ýy­lyň ha­sy­ly üçin güýz­lük dä­ne eki­şi­niň taý­ýar­lyk iş­le­ri­ne turuwbaş­dan uly äh­mi­ýet ber­di­ler. Olar hasy­ly ýyg­na­lan meý­dan­lar­da sü­rüm, te­kizle­ýiş we beý­le­ki de­giş­li çä­re­le­ri saz­la­şyk­ly ýo­la go­ýup, topra­gy jo­gap­kär­li möw­sü­me bir­kem­siz taý­ýar­la­mak­da yh­las­ly iş­le­di­ler. Bu bol­sa, we­la­ýa­ty­myz­da bug­daý eki­şi­ni ýo­ka­ry taý­ýar­lyk­lar bi­len toý ru­hun­da baş­la­ma­ga şert dö­red­ýär. 

We­la­ýa­ty­myz bo­ýun­ça 195 müň gektarda dä­ne eki­şi­ni ge­çi­rip, şonça meý­dan­dan guş­gur­sak ak bug­da­ýyň 400 müň ton­na­syny al­mak mak­sat edi­nil­ýär. Bu asyl­ly maksat gallaçylary­my­zy jo­gap­kär­li möwsüme gu­ra­ma­çy­lyk­ly gi­riş­mä­ge, talabala­ýyk alyp bar­ma­ga we belle­nen möh­let­de ta­mam­lama­ga borçlandyr­ýar. Möw­süm­de we­la­ýat bo­ýun­ça eki­ji teh­ni­ka­la­ryň 300-si­ne go­laýy­nyň hyz­ma­tyn­dan peýdalanylar. Et­rapla­ryň teh­ni­ki hyz­mat ediş kär­ha­na­la­ry­na de­giş­li bolan şol eki­ji teh­ni­ka­lar öňün­den do­ly taý­ýar­lyk ha­ta­ryn­da go­ýul­dy. Ola­ra bu ugur­dan tej­ri­be­si ýe­tik me­ha­ni­za­tor­lar erk eder. Ekiş­de ulanyljak to­hu­myň taýýar­ly­gy­na hem aý­ra­tyn äh­mi­ýet beril­ýär. 

Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň şu şan­ly gü­nün­de Ak bug­daý etra­by­nyň «Ha­lal zäh­met uç­gu­ny» daý­han ho­ja­ly­gy­nyň ekerançy­lyk meý­dan­la­ryn­da we­la­ýa­ty­my­zyň di­li se­na­ly, il sy­lag­ly ýaşulu­la­ry­nyň «Bis­mil­la­sy» bi­len bug­daý eki­şi­ne ba­dal­ga ber­ler. Şu myna­sy­bet­li daý­han ho­ja­ly­gy­nyň çä­gin­de ha­ky­ky toý ru­hu­na bes­le­nen da­ba­ra­lar ýaý­baň­landy­ry­lar. Olar­da aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ra, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň ösüş­le­ri­ni we ata-ba­ba­la­ry­my­zyň daý­han­çy­lyk däp­le­rini açyp gör­kez­ýän baý ma­ny-maz­mun­ly ser­gi­ler­dir to­ma­şa­la­ra giň orun ber­ler. Bu bol­sa, eder­men gal­la­çy daý­han­la­ry­my­zy, oba zäh­met­keş­le­ri­mi­zi belent sep­git­le­re, aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­lan­dy­rar. 

 

Resul IŞANGULYÝEW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

Ahal welaýat komitetiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

06.09.2023 Giňişleýin

OBA HOJALYGYNDA JOGAPKÄRLI MÖWSÜM

Şu gün welaýatymyzda güýzlük bugdaý ekişine girişilýär

 

Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ak pa­ta­sy bi­len şu gün ýur­du­my­zyň ak ekin us­satla­ry güýz­lük bug­daý eki­şi­ne gi­riş­ýär­ler. Bu jo­gap­kär­li möwsüme we­la­ýa­ty­my­zyň eder­men oba zäh­met­keş­le­ri ýo­ka­ry taýýarlyk­lar bi­len gel­di­ler. 

Gal­la — rys­gal-be­re­ke­diň çeş­me­si, azyk bol­çu­ly­gy­nyň ke­pi­li. Asyr­la­ryň do­wa­myn­da me­le top­ra­gy­myz­dan bug­da­ýyň be­re­ket­li hasylyny ýe­tiş­dir­mek bi­len, baý daý­hançy­lyk däp­le­ri­ni dö­re­den we ola­ry bu gün­ki ne­sil­le­re mi­ras go­ýan pe­der­le­ri­miz gal­la­ny ekin­le­riň şa­sy, bereke­diň ha­myr­ma­ýa­sy hasap­lap­dyr. «Gal­la­ly il — ga­la­ly il» di­ýen naky­la öw­rü­len jüm­lä­niň hä­zir­ki gün­ler­de hem äh­mi­ýe­ti­ni ýi­tir­män gelme­gi ýö­ne­li­ge däl­dir. 

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galky­ny­şy döw­rün­de ata-babala­ry­my­zyň kämil daý­han­çy­lyk tej­ri­be­si­niň hä­zir­ki zaman ekerançylyk usul­la­ry bi­len ut­gaş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de gal­la­çy­lyk pudagyn­da hem uly sep­git­le­re ýe­til­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne daýhanlarymy­zyň çek­ýän yh­las­ly zäh­me­ti bi­len ön­dü­ril­ýän guş­gur­sak ak bug­da­ýyň bol-be­re­ket­li ha­sy­ly-da aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Döw­le­ti­miz tara­pyn­dan gal­la­çy daýhan­la­ra be­ril­ýän gol­daw-he­ma­ýat­lar bol­sa, ak ekin us­sat­la­ry­nyň işe hö­we­si­ni art­dyryp, ar­zy­ly zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne hy­juw dö­red­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, we­la­ýa­ty­my­zyň oba zäh­met­keş­le­ri geljek ýy­lyň ha­sy­ly üçin güýz­lük dä­ne eki­şi­niň taý­ýar­lyk iş­le­ri­ne turuwbaş­dan uly äh­mi­ýet ber­di­ler. Olar hasy­ly ýyg­na­lan meý­dan­lar­da sü­rüm, te­kizle­ýiş we beý­le­ki de­giş­li çä­re­le­ri saz­la­şyk­ly ýo­la go­ýup, topra­gy jo­gap­kär­li möw­sü­me bir­kem­siz taý­ýar­la­mak­da yh­las­ly iş­le­di­ler. Bu bol­sa, we­la­ýa­ty­myz­da bug­daý eki­şi­ni ýo­ka­ry taý­ýar­lyk­lar bi­len toý ru­hun­da baş­la­ma­ga şert dö­red­ýär. 

We­la­ýa­ty­myz bo­ýun­ça 195 müň gektarda dä­ne eki­şi­ni ge­çi­rip, şonça meý­dan­dan guş­gur­sak ak bug­da­ýyň 400 müň ton­na­syny al­mak mak­sat edi­nil­ýär. Bu asyl­ly maksat gallaçylary­my­zy jo­gap­kär­li möwsüme gu­ra­ma­çy­lyk­ly gi­riş­mä­ge, talabala­ýyk alyp bar­ma­ga we belle­nen möh­let­de ta­mam­lama­ga borçlandyr­ýar. Möw­süm­de we­la­ýat bo­ýun­ça eki­ji teh­ni­ka­la­ryň 300-si­ne go­laýy­nyň hyz­ma­tyn­dan peýdalanylar. Et­rapla­ryň teh­ni­ki hyz­mat ediş kär­ha­na­la­ry­na de­giş­li bolan şol eki­ji teh­ni­ka­lar öňün­den do­ly taý­ýar­lyk ha­ta­ryn­da go­ýul­dy. Ola­ra bu ugur­dan tej­ri­be­si ýe­tik me­ha­ni­za­tor­lar erk eder. Ekiş­de ulanyljak to­hu­myň taýýar­ly­gy­na hem aý­ra­tyn äh­mi­ýet beril­ýär. 

Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň şu şan­ly gü­nün­de Ak bug­daý etra­by­nyň «Ha­lal zäh­met uç­gu­ny» daý­han ho­ja­ly­gy­nyň ekerançy­lyk meý­dan­la­ryn­da we­la­ýa­ty­my­zyň di­li se­na­ly, il sy­lag­ly ýaşulu­la­ry­nyň «Bis­mil­la­sy» bi­len bug­daý eki­şi­ne ba­dal­ga ber­ler. Şu myna­sy­bet­li daý­han ho­ja­ly­gy­nyň çä­gin­de ha­ky­ky toý ru­hu­na bes­le­nen da­ba­ra­lar ýaý­baň­landy­ry­lar. Olar­da aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ra, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň ösüş­le­ri­ni we ata-ba­ba­la­ry­my­zyň daý­han­çy­lyk däp­le­rini açyp gör­kez­ýän baý ma­ny-maz­mun­ly ser­gi­ler­dir to­ma­şa­la­ra giň orun ber­ler. Bu bol­sa, eder­men gal­la­çy daý­han­la­ry­my­zy, oba zäh­met­keş­le­ri­mi­zi belent sep­git­le­re, aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­lan­dy­rar. 

 

Resul IŞANGULYÝEW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

Ahal welaýat komitetiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

06.09.2023 Giňişleýin

ÝAŞLAR ÜÇIN MUKADDES ÝÖRELGE

Düýn paýtagtymyzdaky Mekan köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermeginde bir näçe bilim edaralarynyň açylyp ulanmaga berilmegi we düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçiren umumy sapagyna bagyşlanyp, «Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly dabaraly maslahat geçirildi. 2019-njy ýylda bu binada guralan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň nesillere atalyk ündewleri, pent-sargytlary ýüregimizde buýsanç duýgularyny döreden bolsa, 2022-nji ýylda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda geçirilen VII gurultaýda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» rejelenen görnüşdäki Türkmenistanyň Kanunynyň tassyklanmagy kalbymyzda baky orun aldy. Şu ýylyň ilkinji günlerinde hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirilip, onda öňde goýlan täze maksatlar we wezipeler kesgitlendi.

Bi­lim­ler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermeginde bir näçe bilim edaralarynyň açylyp ulanmaga berilmegi we düýbüniň tutulmagy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçiren umumy sapagynyň taryhy ähmiýetine bagyşlanyp guralan maslahat ýaşlaryň ykbalyndaky bagtly pursatlaryň üstüni ýetirdi. Taryha altyn harplar bilen ýazylan ýyllara ser salsak, 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistany Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşyp, ýurdumyzyň işçi, gullukçy, daýhan, talyp we okuwçy ýaşlary bilen geçiren duşuşygynda ýaşlara ýüzlenip: «Size tutan işiňizi ahyryna çenli ýetirmek, sowatly we başarjaň hereket etmek, işde, okuwda, döredijilikde dünýäniň ösen tejribesine daýanyp, iň öňdebaryjylara goşulmak zerurdyr. Onuň üçin biz hem döwlet tarapyndan elimizden gelen kömegi gaýgyrmarys. Sizi hemişe goldarys we zähmete höweslendirip, ruhlandyryp durarys» diýip bellän bolsa, ýurdumyzyň talyp ýaşlary bilen geçirilen umumy sapagynda Milli Liderimiz: «Biz belent maksatlarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlarymyza bil baglaýarys. Men ýaşlarymyzyň el-ele berip, yhlasly zähmet çekjekdiklerine, öňde goýlan belent maksatlara ýetjekdiklerine, Watanymyzyň şöhratyny arşa göterjekdiklerine berk ynanýaryn» diýip, biz, bagtyýar ýaşlara uly ynam bildirdi. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň «Türkmen halkynyň Milli Lideri — bagtyýar ýaşlaryň durmuş uniwersiteti» diýlip atlandyrylan 2-nji mowzugy boýunça ýurdumyzyň ýaşlarynyň buýsançly çykyşlarynyň giň seslenmä eýe bolandygyny şu pursatda uly buýsanç bilen ýatlasyň gelýär. Çünki bagtyýar nesilleriň ýagty geljegi ugrunda ägirt uly işleri bitirýän, Watany söýmegiň beýik nusgasyny görkezýän, ýurdumyzy dünýä tanadan, ýaşlaryň juwan kalbynda baky orun tutan Gahryman Arkadagymyzyň täzeçillige beslenen her bir tutumy, manyly ömür ýoly bu gün ykbaly galkynan bagtyýar ýaşlaryň durmuş uniwersitetine öwrüldi. 

«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy», ony durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu Maksatnama esasynda taryhymyzy, medeniýetimizi hem-de däp-dessurlarymyzy oňat bilýän, olara baha bermegi, gadyr goýmagy başarýan, maşgala gymmatlyklaryny sarpalaýan, kämil, beden we ruhy taýdan sagdyn şahsyýetleri kemala getirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda: «Häzirki wagtda ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi günsaýyn artyp, olar belent sepgitleri nazarlaýarlar. Biz ýurdumyzyň ýaşlar birleşikleri bilen beýleki döwletleriň hem-de halkara Ýaşlar guramalarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýäris» diýip belledi. Hut şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanmagy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlykda türkmen ýaşlarynyň ornuny has-da berkitdi. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer giňişlikdäki täsirini ýokarlandyrmaga, ählumumy derejede köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge, parahatçylygy, dostlugy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, döwletleriň, abraýly halkara guramalaryň arasyndaky gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmaga ýardam berýän beýik başlangyçlarynyň halkara derejede goldanýandygynyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmeginiň düýp mazmunynda-da ýurdumyzyň geljeginiň berk binýady hasaplanýan ýaşlara bildirilýän uly ynam äşgär görünýär. 

Şu günümize buýsanç, aýdyň geljegimize ynam döredýän ýaşlar syýasatyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň bagtyýar talyp ýaşlary bilen geçirilen umumy sapagynda Gahryman Arkadagymyzyň ünsümizi çeken: «Bu gün biziň gursagymyzda gurmaga we döretmäge güýç-kuwwat bagyş edýän Watana bolan beýik söýgi joş urýar. Biz beýik işlerimizi Watanymyza söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýen sözleri ählimizde eziz Diýarymyza buýsanç duýgusyny oýarýan ajaýyp taglymata öwrüldi. Çünki Milli Liderimiziň buýsanç bilen belleýşi ýaly, «Bagtyýar ýaşlar bilen bizi halkymyz bagtlydyr!» 

Arkasynda ýurdy,mähriban ili, Gahryman Arkadagy, hormatly Prezidenti duran ýaşlaryň ýüreginde belent maksat, gözlerinde dogum bar. Şeýle belent ynam bilen bitirilmejek iş, ýetilmejek menzil bolmaz. Hut şonuň üçin hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň bu gün gadamlary ynamly, gaýratlary daş ýarýar. Ak geljegiň umyt güllerine deňelýän bagtyýar ýaşlarymyz özi barada edilýän aladany, goldawy duýup ýaşaýar. Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen kämil ýaşlarymyz bilen belent maksatlarymyz myrat tapsyn! Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri, döwletli ýoly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mundan beýläk-de dowamat-dowam bolsun! 

 

Ýazpolat KERIÝEW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisi deputaty

05.09.2023 Giňişleýin

SAGDYN WE ABADAN DURMUŞYŇ BINÝADY

Ýur­du­myz­da daş­ky gur­şa­wa aýaw­ly çe­me­leş­mek, eko­lo­gi­ýa abadançyly­gy­ny go­rap sak­la­mak ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan döw­let syýasaty sag­dyn jem­gy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek ug­run­da­ky ta­gal­la­lar bi­len ut­gaş­dyryl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bu ugur­da ama­la aşyr­ýan iş­le­ri dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan giň golda­wa eýe bol­ýar. Bu ta­gal­la­lar dur­nuk­ly ösü­şiň we aba­dan ýa­şaý­şyň üp­jün edil­me­gi­niň esa­sy şert­le­ri­dir. Diý­mek, sport we eko­lo­gi­ýa bi­r-bi­ri bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Halkymyzyň Milli Lideriniň asylly başlangyçlaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýatlaryň saglygyny, ýaşaýan dünýämiziň abadançylygyny, geljekki nesilleriň mynasyp ýaşaýşyny nazarlaýan tagallalar ýurdumyzda giň gerimli we köpugurly häsiýete eýedir. Bu babatda amala aşyrylýan işler dowamlylygy we üznüksizligi bilen tapawutlanýar. Sport bilen ekologiýanyň arabaglanyşygy barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda, bu iki düşünjäniň hem adamlaryň saglygy bilen baglanyşyklydygyny bellemelidir. Daşky gurşawyň abadançylygyna uly ähmiýet berýän ýurdumyzda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen welosipedli ýörişler sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň we ekologiýanyň sazlaşygynyň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylýan şeýle çärelere ildeşlerimiziň on müňlerçesiniň işjeň gatnaşmagy bolsa bu asylly başlangyjyň halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe bolýandygyny tassyklaýar. 

Ekologiýa abadançylygy ýurdumyzda yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän medeni we durmuş maksatly desgalaryna, şol sanda sport düzümlerine bildirilýän möhüm talap bolup durýar. Paýtagtymyzdaky we welaýatlarymyzdaky sport desgalarynyň ekologik talaplara laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilmegi, olaryň töwereginde ýaşyl zolaklaryň döredilmegi munuň aýdyň mysallarydyr. Şäherlerimizdäki seýilgählerdir ýaşyl zolaklar hem ähli ýaşdaky we dürli kärlerde zähmet çekýän raýatlarymyzyň arassa howada bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmekleri, sport bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär. Şeýle şertleriň netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň sanynyň artmagy diýseň begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawyň goraglylygyny, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly öňe sürýän başlangyçlary ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde amala aşyrylýan giň möçberli işlerde, agaç nahallaryny ekmekde, tebigy tokaý zolaklaryny gorap saklamakda, paýtagtymyzda, awtoulag ýollarynyň ugrunda pürli baglary ekmek işleriniň giňişleýin dowam etdirilmeginde aýdyň beýanyny tapýar. 

Ýurdumyzda ynsan saglygynyň esasy şertleriniň biri bolan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki wagtda daşky gurşawyň abadançylygy bilen baglanyşykly wezipeler Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, Sanitariýa kodeksi, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi, «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy» we beýleki resminamalar arkaly düzgünleşdirilýär. 

Türkmenistanyň ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde öňe sürmegi meýilleşdirýän Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlarynyň hatarynda hem ekologiýa meselelerine möhüm orun degişlidir. Şol başlangyçlaryň hatarynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek, BMG-niň howandarlygynda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy Strategiýany işläp taýýarlamaga girişmegi we bu abraýly halkara guramanyň degişli düzümleriniň hem-de Metan zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýanyň gatnaşmagynda Türkmenistanda halkara maslahaty geçirmek, «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek, Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdelerinden peýdalanmagyň meseleleri boýunça baş edarasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän BMG-niň Sebit geňeşini döretmek ýaly teklipler bar. 

Ýurdumyzda ählumumy abadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, tebigy serişdelerden oýlanyşykly peýdalanmak ugrunda durmuşa geçirilýän işler dünýä üçin nusgalykdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ekologiýa syýasaty şu günki we geljekki nesilleriň sagdyn hemde bagtyýar durmuşynyň güwäsidir. 

 

Ser­dar GA­ÝY­POW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy

02.09.2023 Giňişleýin

GÖWÜNLERE GANAT BEREN WAKALAR.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler hem-de özgerişler äleme ýaň salýar. Ýurdumyzda uly üstünliklere beslenýän taryhy wakalar, şanly seneler bizi döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Şu toýly günde institutymyzyň çäklerinde goşmaça 2000 orunlyk okuw binasynyň, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport binasynyň we aýlawly ýoldaky monumentiň düýbüniň tutulyş dabarasynyň geçirilmegi toý şatlygymyzy goşalandyrdy. 

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli resminamasyna laýyklykda binalaryň düýbüniň tutulmagy buýsanjymyzy artdyrdy. Bu binalaryň gurulmagy bilen energetika pudagyna gerekli ýörite bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň kämil derejede bilim almagyna, sport bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikler dörediler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda şeýle il-ýurt bähbitli, döwletli desgalary we binalary gurduryp, ýaşlaryň bagtly geljegine ak ýollary açyp berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun! «TÜRKMENISTAN»

 

Merdan ORAZMEREDOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 

institutynyň mugallymy, Mejlisiň deputaty

02.09.2023 Giňişleýin

HALKYŇ ABADANÇYLYGYNY NAZARLAÝAN MAKSATALAR

Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda asyrlaryň synagyndan geçen asylly, milli däplerimize eýerilip geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler bilen birlikde, halk häkimiýetiniň ýörelgelerini hem häzirki zaman röwüşde kämilleşdirýär. 

Şunda asyrlaryň dowamynda milletimiziň ykbalyna, keşbine siňen milli gymmatlyklarymyzyň täze döwrüň ruhunda dowam etdirilmegine ähmiýet berilýär. Çünki millilik milletimiziň mertebesi, döwletlilik, ynsanperwerlik bolsa baş ýörelgämiz hasaplanylýar. Türkmen döwletliliginiň gözbaşynda halkyň ynsanperwerligi, döwletiň we raýatlaryň agzybirligi, olaryň özara täsiri hem-de hyzmatdaşlyk hereketleri durýar. Hukuk döwletiniň, şeýle hem raýat jemgyýetiniň esasy görkezijileriniň biri halkyň häkimiýeti, ýagny raýatlaryň döwletiň, jemgyýetiň durmuşyny dolandyrmaga giňden gatnaşmagynyň üpjün edilmegi bolup durýar. Munuň özi halkyň bähbitlerini şöhlelendirmek bilen, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynda iň wajyp meseleleriň ýüze çykarylyp, olaryň çözgüdiniň tapylýan, täze ösüşlere ýetmekde kararlaryň kabul edilýän möhüm gurluşyny emele getirýär. Kabul edilýän şeýle çözgütleriň özeninde bolsa, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçiliginiň, döwrebaplygynyň hem-de her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ýörelgeler aýdyň şöhlelenýär. Bu bolsa her bir adamyny öz ornunda döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Ata Watanymyzda dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilip, halkymyzyň ynanyşmak, parahatçylyk söýüjilik ýol-ýörelgeleri rowaçlyklara beslenýär. 

Dünýäde Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagynyň ilerleýän döwründe ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň kuwwatlanmagyna, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyna, ekologiýa abadançylygynyň deňagramly saklanmagyna ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýurtda azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna we ýerli önümçilikleriň hasabyna senagatyň çig mal serişdeleri bilen üpjün edilmegine önjeýli goşant goşulýar. Şunda döwletimiziň durmuş syýasatynyň depginli ösüşini üpjün edýän ulgamlarynda oňyn görkezijileri gazanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Halkymyzyň sagdyn iýmitlenmegini gazanmak, durmuş taýdan üpjünçiligini gowulandyrmak, ilaty iş orunlary bilen üpjün etmek çygyrlarynyň esasy meseleleriniň çözülmeginde möhüm wezipeler ýerine ýetirilýär. Şeýle toplumlaýyn düzüm birlikleriniň depginli ösdürilmegi, Durnukly ösüşiň wajyp maksatlaryny amala aşyrmak ugrundaky meýilleriň öňegidişlikli ilerlemegine täsirini ýetirýär. 

Alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň ilkinjileriniň hatarynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda ilatymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary netijeli bejermek ugrunda meýilnamalaýyn çäreler giň gerim alýar. Ýurdumyzda keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň dünýä tejribesinde ulanylýan täze innowasion usullary milli lukmançylygymyza ornaşdyrylýar. Ilatymyz elýeter hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilýär. Weteranlaryň we maýyplaryň, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalaryň durmuş taýdan goraglylygy kepillendirilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara berilýän ynsanperwer kömekler giň gerim alýar. Keselleriň öňüni almak, maýyplygy azaltmak hem-de raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň umumy ösüşi bilen bir hatarda, ýerli derman senagatynyň we lukmançylyk enjamlarynyň önümçiliginiň ösdürilmegi bilen bagly meseleler hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Içerki bazarymyzy ýerli lukmançylyk önümleri bilen üpjün etmek bilen birlikde, onuň daşary ýurtlara eksporty hem artdyrylýar. 

Berkarar döwletimizde ynsanperwer syýasatyň maksatlaryny şöhlelendirýän raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, durmuş goraglylygyny we iş üpjünçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň ýokarlandyrylmagy, döwlet býujetiniň çykdajylarynyň esasy böleginiň durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmegi döwlet syýasatynyň esasy ugruny düzýär. Şunda durmuş ähmiýetli harytlaryň we hyzmatlaryň bahalaryny hem-de nyrhlaryny düzgünleşdirýän adalatly nyrh syýasaty alnyp barylýar. Durmuş hyzmatlarynyň gerimi has-da giňeldilýär. Täze önümçilikleri ýola goýmak, iş orunlaryny döretmek, ilatyň iş üpjünçiligi ulgamyny kämilleşdirmek maksatnamalaýyn işlerimiziň özenini düzýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durnukly ösüşiň bähbidini ilerledýän toplumlaýyn çäreler ýurdumyzda ilatyň abadan ýaşaýşyny üpjün edýär. 

Halkyň we barha rowaçlanýan milli ykdysadyýetimiziň bähbidine il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli çäreleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik başlangyçlary üstünliklere beslensin. 

 

Gurbanmyrat AŞYROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

01.09.2023 Giňişleýin

SAGDYN NESIL — SAGDYN JEMGYÝET

Hal­ky­my­zyň, ylaý­ta-da, döw­le­ti­mi­ziň gel­je­gi bolan ýaş­la­ry­my­zyň yk­ba­ly­na gö­nük­di­ri­len iş­le­re tutanýerli çemeleºmek, olary belent maksatlara ruhlan­dyr­mak Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Serdary­my­zyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­niň bi­ri bo­lup, Ber­karar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de şol ýö­rel­ge­ler Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň has-da kuw­wat­lan­ma­gy­na esas dö­red­ýär. Hut şo­ňa göräde, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ry bo­lan sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ös­dür­mek ba­bat­da­ky işler­de hem giň möç­ber­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy bo­lan adam­laryň sag­ly­gy­ny goramak­da, ke­sel­le­riň öňü­ni al­makda, ra­ýat­la­ryň ömür do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak­da, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak­da, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çy­ka­ryp, döw­re­bap mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny esas­lan­dyr­mak­da «Sag­lyk» Döw­let maksatna­ma­sy yg­ty­bar­ly ýö­rel­ge bo­lup dur­ýar. Eziz Di­ýa­ry­myz­da ka­bul edi­len döw­let mak­sat­na­ma­lar esa­syn­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp bar­lyp, ýur­du­my­zyň dür­li künjek­le­rin­de hal­ka­ra öl­çeg­le­re ky­bap gel­ýän sag­ly­gy goraýyş we anyklaýyş merkezleri, hassahanalar, şypa­ha­na­lar bi­na ­edil­di we bi­na edil­ýär. Ýy­lyň-ýy­ly­na tä­ze luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry gur­lup, sagly­gy go­raýşyň mil­li nus­ga­sy döredilýär. 

Mil­li Li­de­ri­miz şu ýy­lyň iýul aýy­nyň 18-ine ge­çi­ri­len Türkmenista­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň mej­li­si­ne gatnaşyjy­la­ra ýüz­le­nip, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy we ma­li­ýe gör­ke­zi­ji­le­ri­niň aý­ra­tyn mö­hüm ha­sap­lanýan alty ugrunyò biri bolan saglygy goraýyş we der­man se­na­ga­ty pu­da­gy­ny ös­dür­mek, iý­mit önüm­le­ri­niň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, be­je­riş we öňü­ni alyş işleriniň, der­man se­riş­de­le­ri­niň ýo­ka­ry hil­li bol­ma­gy­na, howp­suz­ly­gy­na hem-de ne­ti­je­li­li­gi­ne gö­nük­di­ri­len gö­zeg­çi­lik bo­ýun­ça alnyp ba­ryl­ýan işle­riň do­wam et­di­ril­me­li­di­gi ba­rada aý­ra­tyn nyg­tap geç­me­gi bel­lär­lik­li pur­sat­dyr. 

Ýur­du­myz­da ka­bul edi­len «Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­ry­nyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň 2023­ —­ 2030-njy ýyl­lar üçin Stra­te­gi­ýa­sy» bo­ýun­ça ýaşlary durmuş taýdan goldamak, çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, bagtyýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­mek hem-de olarda wa­tan­sö­ýü­ji­lik, ru­hu­be­lent­lik, ýo­ka­ry ah­lakly­lyk, yn­san­per­wer­lik, ha­lal­lyk ýa­ly hä­si­ýet­le­ri kemala getirmek boýunça uly işler durmuşa geçiril­ýär. Ga­ly­ber­se-de, ýur­du­myz bo­ýun­ça döw­re­bap hassahanalarda hyzmatlary ýokary hilli ýola goýma­gyň, luk­man­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň des­lap­ky iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men ýaş­la­ry döw­let, hä­ki­mi­ýet we do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryn­da, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pudakla­ryn­da, ylym, bi­lim, me­de­ni­ýet, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ryn­da, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalarda, Prezident Maksatnamasynda we beýleki milli maksatnama­lar­da kes­git­le­nen wezipe­le­ri hem-de düýp­li öz­gert­me­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek ugrun­da yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler. Bu gün­ki gün Gah­ryman Arkadagymy­zyň, Ar­kadag­ly Ser­da­ry­my­zyň nus­ga­lyk iş­le­ri­ni öz­le­ri­ne baş ýörel­ge edi­nip, Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň her bir gü­nü­ni be­ýik ýeňiş­le­re, tä­ze üstün­lik­le­re bes­le­ýän ýaş­la­ry­myz ýurdumyzyň äh­li ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re örän tu­tan­ýer­li goşant goşýarlar.

 Halkymyza sagdyn hem ruhubelent durmuşy ba­gyş ed­ýän, ola­ry wa­tan­sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­werlik, ha­lal­lyk ýo­lu­na ruh­lan­dyr­ýan türk­men halky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Serdarymy­zyň biz üçin dö­re­dip berýän giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne çyn ýürek­den ho­şal­lygy­my­zy bil­dir­ýä­ris! Goý, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bol­sun! 

 

Gurbanmyrat GÖRMEKOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy

31.08.2023 Giňişleýin