Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hususan-da, häzirki wagtda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde hereket edýän kanunlary seljermek, kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işleriň dowam etdirilýändigi bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek baradaky guramaçylyk toparynyň mejlisiniň geçirilendigi aýdyldy. Onda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini bellemek, guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak, forumyň gün tertibini we deslapky maksatnamasyny, degişli resminamalary taýýarlamak, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermek bilen baglanyşykly beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşygyň geçirilendigi hakynda habar berildi. Bellenilişi ýaly, Mejlisiň deputatlary Türkmenistanda daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany taýýarlamak bilen bagly meseleler boýunça iş duşuşygyna, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan okuw maslahatyna, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny ilata düşündirmek boýunça dürli çärelere gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.