Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz!

Sizi Özbegistanyň ýokary döwlet sylagyna — «Ýokary derejeli dostluk» («Oliý Daražali Dustlik» ordenine mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň döwlet, syýasy we jemgyýetçilik tejribäňiz, ýiti pähim-paýhasyňyz, çuňňur ylmy garaýyşlaryňyz, öňdengörüjiligiňiz, halkymyzyň eşretli, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde, berkarar döwletimiziň abraý-mertebesini Ýer ýüzünde belende galdyrmakda bitiren taryhy işleriňiz bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz belent sepgitlere çykdy. Halkymyzyň Arkadagy, Milli Liderimiz bolan Siziň döwletli tutumlaryňyz, taryhy başlangyçlaryňyz rowaçlanyp, türkmen halkyny bagtyýarlyga ýetirdi.

Berkarar döwletimizi has-da gülledip ösdürmek, dostlukly döwletler bilen halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak we täze derejä çykarmak ugrunda Siziň alyp barýan taryhy ähmiýetli işleriňize bagtyýar raýatlarymyz tüýs ýürekden guwanýarlar. Bu taryhy işler milletimizde buýsanç hem minnetdarlyk duýgusyny artdyrýar.

Hormatly Milli Liderimiz!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Merkezi Aziýanyň doganlyk ýurtlary bilen netijeli we köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça tutumly işler amala aşyrylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biri hem Özbegistan Respublikasydyr. Häzirki döwürde türkmen-özbek gatnaşyklary köpugurly strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykdy. Bu hyzmatdaşlyk ugurlaryň örän giň toplumy boýunça ösdürilýär. Onuň esasy aýratynlyklarynyň biri-de iki ýurduň halkara giňişlikde ýakyndan syýasy-diplomatik özara hyzmatdaşlygy bolup durýar.

Özbegistan Respublikasy Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugruny, Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny pugta we üýtgewsiz goldaýar. Biziň ýurdumyz hem, öz nobatynda, doganlyk Özbegistanyň halkara ähmiýetli tekliplerine hemişe hormat bilen garaýar we olary dünýäde öňe sürmäge işjeň gatnaşýar.

Gahryman Arkadagymyz!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň giň gerimli çärelere beslenýän şu günlerinde hem Siz sebitleýin hyzmatdaşlygyň, birek-birege ynamyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň we ylalaşygyň pugtalanmagy, bütin dünýäde durnuklylygyň berkemegi ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýärsiňiz. Doganlyk Özbegistan Respublikasyna dostlukly saparyňyzyň dowamynda Siziň Özbegistanyň ýokary döwlet sylagyna — «Ýokary derejeli dostluk» ordenine mynasyp bolmagyňyz hem bu ugurdaky beýik işleriňiziň mynasyp ykrar edilmegidir.

Siz Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, strategik hyzmatdaşlygy has-da berkitmek, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda köp taryhy işleri amala aşyrdyňyz we aşyrýarsyňyz. Siz söwda, senagat, ulag, energetika, oba hojalygy, ylym, bilim, sport we ynsanperwer ugurlarda köpugurly hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge ägirt uly goşant goşduňyz. Şeýle hem doganlyk halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagyna we jebisliginiň üpjün edilmegine, taryhy, milli gymmatlyklaryň, däpleriň baýlaşdyrylmagyna, medeniýet we sungat ulgamynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen asylly işleri bitirdiňiz.

Hormatly Milli Liderimiz!

Sizi türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde we täze derejä çykarmakda bitiren ägirt uly hyzmatlaryňyz üçin Özbegistanyň ýokary döwlet sylagyna — «Ýokary derejeli dostluk» ordenine mynasyp bolmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

24.04.2025

Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasyna dostlukly sapary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Özbegistan diňe bir özara bähbitlere däl, eýsem, tutuş sebitiň abadançylygynyň, rowaçlygynyň maksatlaryna hem laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň goňşy döwlete şu gezekki saparynyň netijeleri, şeýle hem Özbegistanyň Baştutany bilen geçirilen gepleşikler bar bolan uly mümkinçiliklerden has doly peýdalanmagy nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder.

...Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Samarkant şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Prezident Şawkat Mirziýoýew garşylady. Bu ýerde düşelen haly ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Myhmansöýerligiň asylly däplerine eýerilip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hormat-sarpa bildirildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Özbek Lideriniň bilelikdäki awtoulag kerweni Samarkant şäheriniň Hazrati Hizir taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna ugrady.

Mälim bolşy ýaly, Samarkant Gündogaryň gadymy däplerini we häzirki döwrüň ýörelgelerini özünde jemleýär. Gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bu şäheriň binagärlik we arheologik ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäklerinden hem geçen bu meşhur ýol asyrlaryň dowamynda Aziýa bilen Ýewropanyň, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeläpdir. Şunuň bilen birlikde, Beýik Ýüpek ýoly döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň, halklaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagy üçin köpri bolup hyzmat etdi.

Samarkant türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine saldamly goşant goşan beýik döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň hem dogduk şäheri bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar halklarymyzyň köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýar. Biziň halklarymyz ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini dowam etdirýärler. Şunda Islam Karimowyň Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy hökmünde türkmen halkynyň uly hormat-sarpasyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Goňşy ýurduň ilkinji Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine amala aşyran işleri dostlukly döwletiň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ol 2016-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Samarkantdaky Hazrati Hizir taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň çäginde jaýlanyldy. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň başlangyjy boýunça bu ýerde ilkinji Prezidentiň aramgähi gurlup, ol 2018-nji ýylyň ýanwarynda açyldy.

Bu ýadygärlikler toplumynyň gurluşygy ÝUNESKO bilen bilelikde amala aşyryldy. Taslamada bütindünýä medeni mirasynyň desgalarynyň biri bolan, XIX asyryň başlarynda gurlan Hazrati Hizir metjidi bilen sazlaşyk göz öňünde tutuldy. Bu desga gadymy medrese we aramgähler bilen birlikde, Samarkandyň iň gözel ýerleriniň biri hasaplanýar. Metjit beýik diňde ýerleşip, onuň eýwanlar toplumyndan, belent minarasyndan beýleki ajaýyplyklara — Bibi-Hanym, Şahi-Zinda ýaly binalara, Afrosiaba gözel görnüş açylýar.

Gahryman Arkadagymyz we Prezident Şawkat Mirziýoýew aramgähe bardylar hem-de Özbegistanyň ajaýyp syýasy-döwlet işgärini hatyralap, gül desselerini goýdular. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we doganlyk ýurduň Baştutany ýörite bellenen ýere bardylar. Ol ýerde musulman dessurlaryna laýyklykda, ymam mukaddes Gurhandan aýatlary okady.

Soňra Milli Liderimiz Özbegistanyň Prezidenti bilen bilelikde “Silk Road Samarkand” halkara merkezindäki “Baky şäheriň” syýahatçylyk meýdançasyna bardylar. Bu merkez 2022-nji ýylyň sentýabrynda açyldy.

Mälim bolşy ýaly, baý milli mirasy aýawly saklamak, öwrenmek we wagyz etmek Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan türkmen we özbek halklarynyň täsin taryhy-binagärlik ýadygärlikleri, özboluşly däp-dessurlary biziň ýurtlarymyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarydyr. Iki döwletiň arheologik ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaýyň Parfiýa galalary ýaly bütin dünýäde meşhur taryhy desgalaryny, şeýle hem Özbegistanyň Hywa, Buhara, Samarkant, Şahrisabz, Günbatar Týan-Şan ýaly taryhy merkezlerini görkezmek bolar.

Türkmen halkynyň täsin milli baýlyklary barada aýdylanda, “Görogly” dessançylyk sungatynyň, “Küştdepdi” aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini bellemek gerek. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan syýasy ugruny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda beýleki desgalary, halkymyzyň maddy we maddy däl medeniýetiniň gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň degişli sanawlaryna girizmäge hödürlemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýä ýurtlary bilen ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna şu gezekki dostlukly saparyny Samarkant şäherine amala aşyrmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki iki doganlyk halkyň medeniýetleriniň, milli däp-dessurlarynyň umumylygy, gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary döwletara dialogy çuňlaşdyrmak, onuň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, medeni alyşmalary giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Gahryman Arkadagymyz özbek Lideri bilen bilelikde umumy meýdany 17 gektardan gowrak bolan ägirt uly toplumyň desgalary bilen tanyşdylar. Bu toplum Samarkant, Buhara, Fergana, Daşkent, Hywa ýaly gadymy şäherleriň we beýlekileriň özboluşly sazlaşygy bolup durýar. Bu ýerde köp sanly myhmanlar we syýahatçylar Özbegistanyň welaýatlarynyň, şu sebitde ýaşaýan halklaryň taryhy, däp-dessurlary bilen tanşyp bilýärler. Toplumyň darajyk köçelerinde suratkeşleriň, senetçileriň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň dükanlary ýerleşýär. Gadymy kitaplarda beýan edilen hakyky öýler we täsin meýdançalar “Baky şäherdäki” pawilýonlaryň nusgasy bolup hyzmat edýär. Topluma gelýänler pöwrize reňkli gümmezli, diwarlary täsin bezelen köşkli we başy göge direýän binalary synlap, ajaýyp Gündogar ertekisine aralaşmaga mümkinçilik alýarlar. Şunuň bilen birlikde, bu ýere gelýänler ýurduň dürli sebitleriniň milli tagamlaryny dadyp, gyzykly şüweleňlere şaýat bolýarlar. Olar syýahatçylyk toplumynyň çäginden çykman, diňe bir Samarkandyň däl, eýsem, Buharanyň, Fergananyň, Daşkendiň, Horezmiň, Kaşgaderýanyň we Surhanderýanyň, Garagalpagystanyň köçelerinde gaýybana gezelenç edip bilýärler.

Hormatly Arkadagymyz özbek halkynyň baý medeni mirasyny açyp görkezýän gymmatlyklar, senetçilik, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň nusgalary, binagärlik desgalarynyň aýratynlyklary bilen tanşyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe hem-de özbek tarapynyň wekillerine gezelenjiň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Dostlukly saparyň ikinji gününde — 24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň awtoulag kerweni Samarkant şäherindäki Kongres merkezine tarap ugrady. Esasy girelgäniň öňünde belent mertebeli myhmany Özbegistanyň Baştutany mähirli garşylady. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň resmi wekiliýetiniň, dostlukly ýurduň Baştutany bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler syýasy, ykdysady we söwda ulgamlarynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ýurtlarymyzyň bilelikde tagalla edýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Baştutany netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, energetika, ulag, oba hojalygy, senagat taýdan goşulyşmak, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar. Soňra giňişleýin düzümdäki duşuşyk geçirildi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli türkmen myhmanyny we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny Samarkantda mähirli mübärekläp, Gahryman Arkadagymyza Özbegistana dostlukly sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Goňşy döwletiň Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy golaýda Ýaponiýa amala aşyran üstünlikli sapary hem-de Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory alymlyk derejesiniň berilmegi bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, munuň özi diňe bir Türkmenistana däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa hem hormat-sarpanyň nyşanydyr.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Özbegistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyna taýýarlyk görülýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň rowaçlygyna we halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen syýasat amala aşyrylýar. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Özbegistanda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine begenýärler. Pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň Baştutany Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň, şeýle hem “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlady.

Häzirki wagtda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Goňşy ýurtlary doganlyk we köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Biziň döwletlerimiz birek-biregi goldap, halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Goňşy ýurduň Lideri sözüniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasyna şu gezekki saparynyň netijeleriniň ähli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryň ilerledilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz doganlyk ýurduň Baştutanyny ýene-de bir gezek mübärekläp, Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşmaga örän şatdygyny aýtdy we mähirli kabul edendigi, myhmansöýerligi üçin oňa minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Liderine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip, şu gün ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny hem-de sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alşyljakdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda döwletara dialog ýokary derejede ösdürilýär. Bu işde iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary kesgitleýji orny eýeleýär. Özara saparlaryň asylly däbi şu ýyl hem dowam etdirildi diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 3-4-nji aprelinde Samarkanda iş saparyny amala aşyrandygyny belledi. Bu baradaky gürrüňiň dowamynda Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň şu ýylyň 5-nji maýynda “Merkezi Aziýa — Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” strategik dialogynyň ikinji sammitine gatnaşmak üçin Samarkanda, 6-7-nji sentýabrda bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Daşkent şäherine barjakdygy nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl biziň döwletimiz dünýä bileleşigi bilen bilelikde, ilkinji nobatda, goňşy ýurtlaryň gatnaşmagynda iri halkara çäreleriň birnäçesini geçirýär. Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek Liderini şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça geçiriljek halkara foruma hem gatnaşmaga çagyrdy.

Bellenilişi ýaly, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk nusgalyk bolup durýar. Şunda Milli Liderimiz özbek tarapyna Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany goldandygy we awtordaşy bolandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselesine degip geçip, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklaryň ilerledilmegi hem möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisini, üçünji sebitara forumy we milli haryt öndürijileriň sergisini guramagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň — söwda merkeziniň döredilmegi söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Onuň gurluşygy “Daşoguz — Şabat” barlag-geçiriş nokady sebitinde giň gerimde alnyp barylýar. Bu merkeziň şu ýyl ulanmaga berilmegi özara söwdany ilerletmek üçin täze mümkinçilikleri açar.

Energetika ulgamy döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda bu ulgamda, aýratyn-da, gaz pudagynda bilelikde işlemegiň netijesinde hil taýdan täze derejä çykyldy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri kanagatlanma bilen belledi.

Himiýa senagaty pudagyndaky hyzmatdaşlyk hem üns berilmäge mynasypdyr diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we özara gatnaşyklaryň ýokary derejededigini hem-de Türkmenistanyň bu pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen täze taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz ulag ulgamyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezip, türkmen tarapynyň bar bolan üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek we täzelerini döretmek boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagy teklip edýändigini aýtdy. Türkmen tarapynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny has netijeli ulanmak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny ýene-de bir gezek bellemek isleýärin diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Aziýa — Ýewropa ugry boýunça üstaşyr ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiligiň bardygyny aýdyp, şu kuwwatdan has netijeli peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda türkmen-özbek serhedinde “Farap — Olot” ulag-logistika merkezini döretmek hem-de bu işe dünýäniň iri ulag kompaniýalaryny, halkara maliýe institutlaryny çekmek meselesine garamak teklip edildi.

Bellenilişi ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar hem möhüm ähmiýete eýedir. Medeniýet we sungat ulgamynyň wekilleri biziň ýurtlarymyzda geçirilýän halkara çärelere yzygiderli gatnaşýarlar. Mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewe beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen halkara foruma gatnaşandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen birlikde, Özbegistanda söz ussadynyň şanly senesini giňden bellemek, şol sanda Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyny özbek dilinde neşir etmek barada dostlukly döwletiň Baştutany tarapyndan kabul edilen çözgüdiň ähmiýeti nygtaldy.

Sözüniň ahyrynda Milli Liderimiz Prezident Şawkat Mirziýoýewe myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, hemmelere berk jan saglyk, üstünlik, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Goňşy ýurduň Baştutany Gahryman Arkadagymyza çykyşy, beýan eden teklipleri üçin hoşallyk bildirip, Özbegistanyň iki doganlyk ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine Türkmenistan bilen giň gerimli strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandygyny tassyklady.

Ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň gol çeken Permany okalýar. Resminama laýyklykda, Özbegistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde, söwdada, senagatda, ulag ulgamynda, energetikada, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, sportda, ynsanperwer ulgamda köptaraply we uzak möhletli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmekde bitiren ägirt uly taryhy hyzmatlary, doganlyk halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, jebisleşmegine, gadymy taryhy, milli gymmatlyklary, däp-dessurlary aýawly saklamaga, medeniýet we sungat ugurlarynda gatnaşyklary ilerletmäge, ählumumy durnuklylygy, özara ynanyşmak ýagdaýyny, sebitde hyzmatdaşlygy we ylalaşyklylygy berkitmäge goşan ägirt uly goşandy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglanylýar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Gahryman Arkadagymyza Özbegistana sapary amala aşyrandygy üçin hoşallyk bildirdi. Şu gezekki duşuşygyň taryhy Samarkant şäherinde geçirilýändigi bellärliklidir. Bu şäher Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýär.

Şu iki günüň dowamynda meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Olar boýunça çözgütler kabul edildi. Bu gün, hakykatdan-da, biziň üçin taryhy gündür. Size, ýurdumyzyň ýakyn dostuna Özbegistanyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak meniň üçin uly hormatdyr. Munuň özi iki doganlyk ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy, strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda köpmilletli özbek halkynyň Siziň beýik hyzmatlaryňyza taryhy hormat-sarpasynyň nyşanydyr. Özbegistanda Sizi ajaýyp döwlet işgäri, Milli Lider hem-de gülläp ösýän Türkmenistanyň binagäri hökmünde tanaýarlar hem-de uly sarpa goýýarlar diýip, Özbegistanyň döwlet Baştutany aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, ägirt uly üstünlikleriň ählisi, giň gerimli özgertmeler we Türkmenistanyň halkara giňişlikde abraýynyň ýokarlanmagy türkmen halkynyň Milli Lideriniň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň ýurduň oňyn Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeler syýasatyny durmuşa geçirmekde haýran galdyryjy üstünlikleri gazanandygyna üns çekildi.

Halkyň abadançylygy yzygiderli ýokarlanýar, iň esasysy bolsa, adamlaryň ertirki güne ynamy artýar. Biz ýakyn goňşular hökmünde Türkmenistanyň bu üstünliklerine begenýäris. Siz köptaraply işiňiz hem-de gymmatly eserleriňiz bilen dünýä jemgyýetçiliginde uly abraýa eýe bolduňyz diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew belledi. Özbek Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ünsi çekdi. Şunda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu teklip Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy. Şu ýylyň ahyrynda Aşgabadyň bu möhüm waka bagyşlanan ählumumy sammiti kabul etjekdigi bellärliklidir. Häzirki wagtda Siziň asylly işiňizi we syýasy ugruňyzy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mynasyp dowam etdirýär diýip, dostlukly ýurduň Baştutany aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna sapary bolar. Onuň maksatnamasy möhüm ähmiýetli wakalara baýdygy bilen tapawutlanar. Biz Özbegistanda Siziň köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge we biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň ýakynlaşmagyna uly şahsy goşandyňyzy aýratyn hoşallyk bilen belleýäris diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew sözüni dowam etdi. Hakykatdan-da, Siz öz kitaplaryňyzda ykbalyň ilkibaşda türkmenlere gurmagy, döretmegi, ösmegi, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy, olary jebisleşdirmegi, parahatçylygy aýawly saklamagy, adamlaryň mertebesine hormat goýmagy salgy berendigine ünsi çekýärsiňiz. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň şahsy goldawy esasynda 2017-nji ýylda ýurtlarymyzyň strategik hyzmatdaşlygynyň ygtybarly binýady goýuldy. Döwletara gatnaşyklaryň netijeleri häzirki wagtda ýokary, nusgalyk derejä çykaryldy diýip, özbek Lideri nygtady.

Bu günki gün iki ýurduň parlamentleriniň, Hökümetleriniň, sebitleriniň, işewürliginiň, jemgyýetçiliginiň, intelligensiýasynyň we ýaşlarynyň derejesinde gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigi, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň maksatnamalarynyň we taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Haryt dolanyşygynyň görkezijileri munuň aýdyň mysalydyr. Soňky ýyllarda bu görkeziji birnäçe esse artdy we 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu gün ony 2 milliarda ýetirmek barada ylalaşyldy. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyzyň geljekde bu görkezijini 5 milliarda çenli ýetirmegi teklip edendigi aýdyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň halklarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga hemişe üns berýändigi aýratyn bellenildi. Geçen ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçirilen giň gerimli çäreler munuň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň paýtagtynda dürli döwürleriň we halklaryň dünýä belli akyldarlarynyň, şahyrlarynyň, şol sanda beýik Alyşir Nowaýynyň heýkelleri oturdylan täsin medeni-seýilgäh toplumy döredildi. Şeýle hem geçen ýyl Magtymguly Pyragynyň özbek dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy, türkmen halkynyň beýik ogluna bagyşlanan bilelikdäki çeper filmiň ilkinji görkezilişi boldy. Şunuň bilen birlikde, Milli Liderimiziň ylmy işleriniň köp böleginiň özbek diline terjime edilendigi bellenildi. Ata-babalarymyzyň ruhy mirasy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň täzeçil ylmy barlaglary şol eserleriň esasyny düzýär. Aýratyn-da, Siziň “Hakyda göwheri” atly täze kitabyňyz mende ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Bu kitap adamlar, hususan-da, ýaş nesil üçin pähim-paýhasyň, ruhubelentligiň gymmatly çeşmesi bolup durýar diýip, dostlukly döwletiň Baştutany aýtdy we bu ajaýyp eseriň giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni çekýändigini nygtady. Häzirki wagtda bu eser özbek diline terjime edildi we eýýäm Özbegistanyň kitaphanalarynda goýuldy.

Özbek Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňra sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bildirilen hormat-sarpa — “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglandygy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýan bu çäräniň taryhy ähmiýetini nygtady.

Prezident Şawkat Mirziýoýew öz çykyşynda Gündogaryň beýik akyldary, ajaýyp türkmen şahyry Magtymguly Pyragy barada aýtdy. Akyldar şahyr öz eserlerinde halklaryň arasyndaky dost-doganlygy wasp edipdir diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi we onuň “Türkmeniň” atly goşgusyndaky “Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr...” diýen jümlesini mysal getirdi. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz beýik şahyr Alyşir Nowaýynyň döredijiliginiň ähmiýetini belledi. Ol öz goşgularynda: “Dostluk — wepalylyk” diýip ýazypdyr.

Biziň halklarymyz asyrlaryň dowamynda kemala gelen, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän baý medeni we ruhy mirasa eýedir. Häzirki wagtda şöhratly ata-babalarymyzyň döwürleriň hem-de nesilleriň arasyndaky arabaglanyşygy saklamakda möhüm orny eýeleýän asylly däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi halklarymyza mahsus bolan ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly ýörelgelerde öz beýanyny tapýar. Men hormatly il ýaşululary bilen iki elläp salamlaşýaryn, bu hormat-sarpanyň we birek-birege hormatyň alamatydyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Gadymdan gelýän däplerden ugur alyp, her bir adam öz ömründe hökmany suratda asylly işleri amala aşyrmalydyr. Şoňa görä-de, köpri gurmak, ýol çekmek ýaly halk üçin bähbitli bir işi bitirmek sogap hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda özbek Lideriniň filosofiýasyny ýatlap, onuň dünýä gelen her bir adamyň bir haýyrly iş bitirmelidigi baradaky manysyna ünsi çekdi. Şawkat Miromonowiçiň bu filosofiýasy nusga alarlyk ýörelgedir. Onda dostluk, özara hormat goýmak ýaly düşünjeler öz beýanyny tapýar.

Şawkat Mirziýoýew döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinde doganlyk goňşy ýurtlara saparlary amala aşyrdy. Munuň özi umumy taryhy we medeniýeti bolan halklaryň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmekde möhüm ädim boldy. Özbegistanyň Prezidentiniň öz ilkinji daşary ýurt saparyny Türkmenistana amala aşyrandygy bellärliklidir. Saparyň çäklerinde Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy. Türkmenlerde hem, özbeklerde hem “Ölüsini sylan beg bolar” diýen paýhasly jümle bar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we bu ýörelgä eýermekde özbek Lideriniň görelde görkezýändigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistana amala aşyran saparynyň barşynda Prezident Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda ýurdumyzda gurlan awtomobil ýolunyň we köprüsiniň açylyş dabarasy boldy.

Biziň ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda köpri we ýol gurmagy asylly iş hasaplandyklary tötänden däldir. Şeýle desgalaryň üsti bilen gatnaşyklar ýola goýulýar. Haryt alyşmalary amala aşyrylýar, medeniýetler özara baýlaşýar. Şunuň bilen birlikde, munuň özi halklaryň birek-birege ýakynlaşmagyna hem giň mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Mundan başga-da, sebitleýin infrastruktura desgalaryny gurmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň artmagyna, iň esasysy bolsa, halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Umuman, munuň özi adamlaryň bähbidine asylly başlangyçlaryň dabaralanmagyna ýardam berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri köp ýyllaryň dowamynda Şawkat Mirziýoýewi oňat tanaýandygyny we Özbegistan Respublikasynda ençeme gezek saparda bolandygyny belledi. Bu saparlaryň her biriniň dowamynda biz bag nahallaryny oturdýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Bag bakylygyň nyşanydyr. Bag ekmek biziň halklarymyzyň milli ýörelgelerine laýyk gelýän asylly iş hasaplanýar. Çünki bag köklerini topraga çuňňur aralaşdyryp, barha berkeýär. Men bu sylagy — “Ýokary derejeli dostluk” ordenini türkmen halkyna özbek halkyndan sylag hökmünde kabul edýärin diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we doganlyk halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagallalaryny, bilimini we durmuş tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Hormatly Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewiň filosofiýasynyň çuň manylydygyny we onuň dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendigini ýene-de bir gezek belläp, özbek Lideriniň parasatly ýolbaşçy bolmak bilen, halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolandygyny nygtady. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň adyndan Özbegistanyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi we oňa berk jan saglyk, döwlet işinde uly üstünlikleri, goňşy ýurduň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Soňra dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzy Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletara dialogy ösdürmäge, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan ägirt uly goşandy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak, açyklyk, birek-birege hormat goýmak hemişe türkmen-özbek gatnaşyklarynyň tapawutly aýratynlygy bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Iki doganlyk döwleti taryhyň dowamynda emele gelen medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, asylly däpler baglanyşdyrýar. Bu däpler häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we dostlukly döwletiň Baştutany Kongres merkeziniň Hormatly myhmanlar seýilgähinde iki ýurduň doganlyk halklarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň we dostlugynyň pugtalandyrylmagynyň nyşany hökmünde bag nahalyny oturtdylar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Lideri “EKSPO” sergiler merkeziniň binasyna baryp, bu ýerde “Wagtyň salgymlary” atly sergi bilen tanyşdylar.

Sergide adamzat siwilizasiýasynyň ösüşiniň tapgyrlary beýan edilýär. Bu ekspozisiýa Özbegistanyň Döwlet sungat muzeýiniň, Amaly-haşam sungaty muzeýiniň, Taryh muzeýiniň, Samarkandyň Taryh muzeýiniň, Termez şäheriniň Arheologiýa muzeýiniň, Horezmiň Taryh muzeýiniň gymmatlyklaryndan ybaratdyr. Görkezilýän gymmatlyklar biziň eýýamymyzdan öňki XV asyrdan häzirki güne çenli döwri öz içine alýar. Bu ýerde adamzat tarapyndan daşyň ýüzünde döredilen sungat eserlerinden başlap, misden ýasalan zergärçilik we ýüpekden taýýarlanan önümlere çenli muzeý gymmatlyklaryny görmek bolýar. Serginiň esasy maksady wagtyň taryha, siwilizasiýalara we eýýamlara täsirini görkezmekden ybaratdyr. Aýratyn-da, onuň täsin bezegi haýran galdyrýar. Sergi zalynyň ýokarsyna seredip, adam özüni galaktikada — ýyldyzlaryň arasynda ýaly duýýar. Taryh boýunça bu özboluşly gezelençde sergä gelýänleriň öňünde täsin görnüş açylýar. Bu künjek ussalaryň we döredijileriň, suratkeşlerdir senetçileriň, şahyrlaryň şäheridir. Sergide goýlan gadymy şaý-sepler, elde ýasalan önümler, matalardyr beýleki gymmatlyklar uly gyzyklanma döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly saparynyň maksatnamasynda bu sergä baryp görmegiň göz öňünde tutulmagy tötänden däldir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek, aýawly saklamak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Gadymy siwilizasiýalaryň, medeniýetleriň mekany bolan türkmen topragyny “açyk asmanyň astyndaky muzeý” diýip atlandyrýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky köptaraply işe uly üns bermegi bilen, türkmen we meşhur daşary ýurt alymlarynyň gatnaşmagynda giň gerimli arheologik barlaglar geçirilýär.

Türkmenistanyň çäginde dünýä ähmiýetli açyşlar amala aşyryldy. Gadymy Marguş we onuň paýtagty Goňurdepe şolaryň iň meşhurlarynyň hataryndadyr. Muzeýleriň gaznalarynyň üsti arheologik ekspedisiýalaryň işleýän döwründe tapylan hem-de içgin öwrenilmegi talap edilýän gadymy tapyndylar bilen yzygiderli ýetirilýär. Häzirki güne çenli Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň üçüsi — Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaýyň Parfiýa galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmen topragynda ýerleşýän täsin ýadygärlikleriň beýlekilerini hem bu abraýly sanawa goşmak üçin ähli mümkinçilikler bar.

Iki doganlyk ýurduň taryhyna nazar salmak bilen, olarda umumylygyň köpdügini görmek bolýar. Ençeme asyrlaryň dowamynda biziň halklarymyz özboluşly baý medeniýeti döredipdirler. Halk döredijiliginde, senetçilikde, şekillendiriş sungatynyň ýadygärliklerinde, milli lybaslarda, ylymda, bilimde, binagärlikde, şäher gurluşygynda hem meňzeşlikler äşgär görünýär. Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäkleri siwilizasiýalaryň dörän ýeri bolup, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm merkezine öwrülipdir. Köp sanly gadymy binagärlik desgalary, çeperçilik hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleri türkmen we özbek halklarynyň geçen taryhy ýolunyň beýikdigine şaýatlyk edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gyzykly we çuň manyly gezelenç üçin minnetdarlyk bildirip, muzeýleriň hem-de şeýle sergileriň möhüm ornuny belledi. Öz nobatynda, gezelenç mahalynda Gahryman Arkadagymyzyň ýanynda bolan serginiň ýolbaşçylary belent mertebeli myhmana muzeýe gelip görendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň bilelikdäki awtoulag kerweni Samarkant şäheriniň Halkara howa menziline bardy.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz we özbek Lideri mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassykladylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasyna dostlukly saparyny tamamlap, Watanymyza ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar garşyladylar.

Umuman, Gahryman Arkadagymyzyň goňşy ýurtlara dostlukly saparlary doganlyk halklaryň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, taryhy gymmatlyklaryň we däp-dessurlaryň baýlaşmagyna, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam eder. Şunuň bilen birlikde, geçirilen gepleşikleriň netijeleri özara bähbitli sebit hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine täze itergi berer, şeýle-de ählumumy derejede durnuklylygy we okgunly ösüşi üpjün etmäge goşant bolar.

24.04.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanyş dabarasyndaky çykyşy

Hormatly Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti!

Hormatly şu günki çärä gatnaşyjylar!

Ilki bilen, bildirilen hormat-sarpa — “Ýokary derejeli dostluk» (“Oliý Darajali Dustlik”) ordeni bilen sylaglandygy üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýan bu çäräniň taryhy ähmiýetini bellemek isleýärin.

Prezident Şawkat Mirziýoýew öz çykyşynda Gündogaryň beýik akyldary, ajaýyp türkmen şahyry Magtymguly Pyragy barada aýtdy. Akyldar şahyr öz eserlerinde halklaryň arasyndaky dost-doganlygy wasp edipdir. Onuň “Türkmeniň” atly goşgusyndaky: “Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr...” diýen jümlesini mysal hökmünde getirmek isleýärin. Şunuň bilen birlikde, beýik söz ussady Alyşir Nowaýynyň döredijiliginiň ähmiýeti möhümdir. Ol öz goşgularynda: “Dostluk — wepalylyk” diýip ýazypdyr.

Biziň halklarymyz asyrlaryň dowamynda kemala gelen, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän baý medeni we ruhy mirasa eýedir. Häzirki wagtda şöhratly ata-babalarymyzyň döwürleriň hem-de nesilleriň arasyndaky arabaglanyşygy saklamakda möhüm orny eýeleýän asylly däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi halklarymyza mahsus bolan ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly ýörelgelerde öz beýanyny tapýar. Men hormatly il ýaşululary bilen iki elläp salamlaşýaryn, bu hormat-sarpanyň we birek-birege hormatyň alamatydyr.

Gadymdan gelýän däplerden ugur alyp, her bir adam öz ömründe hökmany suratda asylly işleri amala aşyrmalydyr. Şoňa görä-de, köpri gurmak, ýol çekmek ýaly halk üçin bähbitli bir işi bitirmek sogap hasaplanýar. Şu ýerde özbek Lideriniň filosofiýasyny bellemek ýerlikli bolar. Onda her bir adamyň asylly işi amala aşyrmagynyň wajypdygyna üns berilýär. Şawkat Miromonowiçiň bu filosofiýasy nusga alarlyk ýörelgedir. Onda dostluk, özara hormat goýmak ýaly düşünjeler öz beýanyny tapýar.

Şawkat Mirziýoýew döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinde doganlyk goňşy ýurtlara saparlary amala aşyrdy. Munuň özi umumy taryhy we medeniýeti bolan halklaryň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmekde möhüm ädim boldy. Özbegistanyň Prezidentiniň öz ilkinji daşary ýurt saparyny Türkmenistana amala aşyrandygy bellärliklidir. Saparyň çäklerinde Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy. Türkmenlerde hem, özbeklerde hem “Ölüsini sylan beg bolar” diýen paýhasly jümle bar. Bu ýörelgä eýermekde özbek Lideri görelde görkezýär.

Türkmenistana amala aşyran saparynyň barşynda Prezident Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda ýurdumyzda gurlan awtomobil ýolunyň we köprüsiniň açylyş dabarasy boldy.

Biziň ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda köpri we ýol gurmagy asylly iş hasaplandyklary tötänden däldir. Şeýle desgalaryň üsti bilen gatnaşyklar ýola goýulýar. Haryt alyşmalary amala aşyrylýar, medeniýetler özara baýlaşýar. Şunuň bilen birlikde, munuň özi halklaryň birek-birege ýakynlaşmagyna hem giň mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Mundan başga-da, sebitleýin infrastruktura desgalaryny gurmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň artmagyna, iň esasysy bolsa, halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Umuman, munuň özi adamlaryň bähbidine asylly başlangyçlaryň dabaralanmagyna ýardam berýär.

Men Şawkat Mirziýoýewi köp ýyllar bäri tanaýaryn we Özbegistan Respublikasynda ençeme gezek saparda boldum. Bu saparlaryň her biriniň dowamynda biz bag nahallaryny oturdýarys. Bag bakylygyň nyşanydyr. Bag ekmek biziň halklarymyzyň milli ýörelgelerine laýyk gelýän asylly iş hasaplanýar. Çünki bag köklerini topraga çuňňur aralaşdyryp, barha berkeýär. Biziň halklarymyzyň özboluşlylygyndan ugur alnanda, munuň özi dostlugyň nyşany bolup durýar.

Men bu sylagy — “Ýokary derejeli dostluk” ordenini türkmen halkyna özbek halkyndan sylag hökmünde kabul edýärin. Men, öz gezegimde, Türkmenistanyň we Özbegistanyň doganlyk halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagallalarymy, bilimimi we durmuş tejribämi gaýgyrmaryn.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň filosofiýasynyň çuň manylydygyny hem-de onuň dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendigini ýene-de bir gezek bellemek isleýärin. Özbek Lideri parasatly ýolbaşçy bolmak bilen, halkara giňişlikde uly abraýa eýedir. Pursatdan peýdalanyp, Şawkat Miromonowiçe türkmen halkynyň adyndan minnetdarlyk bildirýärin we oňa berk jan saglyk, döwlet işinde uly üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

(Samarkant şäheri, 2025-nji ýylyň 24-nji apreli)

24.04.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Gruziýada geçirilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy: parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly duşuşyga gatnaşdy

2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň bu ýurduň Suhumi döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlap geçiren duşuşygyna gatnaşdy. Bu ýokary okuw mekdebiniň rektory Z.Honelidze duşuşyga gatnaşyjylary giň gerimli türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtamak bilen, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirilýän, deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň umumadamzat ähmiýeti barada belläp geçdi. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň, alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň diňe bir milli bähbitlere jogap bermän, eýsem, dünýä we sebit derejesinde parahatçylygy döretmekde, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmekde netijeli gural bolup durýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmeginiň häzirki döwrüň möhüm meseleleri bilen bagly syýasy-diplomatik üstünlikdigi hem-de bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde ähmiýetli başlangyç bolup, daşary syýasat ugrunyň kanunalaýyk netijesidigi hakynda bellenildi. Şeýle hem çykyş edenler türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň giňelmeginde we berkemeginde wajyp orny eýeleýän ýokary derejedäki saparlaryň, parlamentara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellemek bilen, geljekde bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.

24.04.2025

Gahryman Arkadagymyzyň Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, ýakyn goňşy döwletler bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara dialogy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary uzak möhletli strategik hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykdy. Halkara we sebit syýasatynyň derwaýys meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakynlygy dürli derejede döwletara dialogy işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döredýär. Häzirki wagtda Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy Merkezi Aziýada durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, özara düşünişmek, ynanyşmak, hormat goýmak däplerini berkitmek ugrunda çykyş edýärler.

...Gazagystanyň Türküstan şäherinden ugur alan türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary biraz wagtdan soňra, iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Yssyk-köl Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Türkmen we gyrgyz halklaryny köpasyrlyk taryhyň hem-de ruhy kökleriň umumylygy, diliň, medeni däpleriň meňzeşligi baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurtlaryň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlykda ynsanperwer gatnaşyklara möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek. Iki ýurduň medeniýet, sungat, edebiýat we kinematografiýa işgärleriniň gatnaşmagynda dürli dabaralaryň, sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Ylym-bilim ulgamynda uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy iki ýurduň halklarynyň baý taryhy-medeni mirasyny dikeltmekde-de tagallalary birleşdirýärler.

...Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki awtoulag kerweni Çingiz Aýtmatow adyndaky “Ruh-Ordo” medeniýet merkezine geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlar mähirli garşylanyldy we merkez barada giňişleýin maglumat berildi.

Mälim bolşy ýaly, 2002-nji ýylda esaslandyrylan “Ruh-Ordo” medeniýet merkezi açyk asmanyň astyndaky muzeýi ýatladýar. Bu merkez Yssyk-kölüň demirgazyk kenarynda ýerleşýän Çolpon-Ata şäheriniň iň gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Häzirki wagtda şäher arassa kenary we ösen syýahatçylyk infrastrukturasy bilen meşhurdyr. “Ruh-Ordo” medeniýet merkezi bu şypahana zolagynyň merjeni hasaplanýar. Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden gelýän jahankeşdeleriň zyýarat edýän ýerine öwrülen toplumyň çäginde esasy dünýä dinlerine bagyşlanan 5 sany dini bina gurlupdyr. Bu ýerde gyrgyz halkynyň we dünýä taryhynyň, ylmynyň, edebiýatynyň, sungatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleri ýerleşdirilipdir. 2008-nji ýylda “Ruh-Ordo” medeniýet merkezine belli gyrgyz ýazyjysy we jemgyýetçilik işgäri Çingiz Aýtmatowyň ady dakyldy. Bu ýerde ýazyjynyň öý muzeýi hem-de onuň eserleri esasynda döredilen birnäçe heýkeller bar.

Söz ussatlaryny sarpalamak iki halkyň däplerinde möhüm orny eýeleýär. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň günorta künjeginde “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy beýik söz ussadynyň döredijiligine goýulýan hormatyň aýdyň nyşany boldy. Diňe bir Gündogar edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň ösmegine-de uly goşant goşan ussat şahyryň sarpasy belentde tutulýar. Söz ussadynyň pikirleri, giň filosofik garaýyşlary häzirki türkmen jemgyýetiniň ruhy binýady bolmak bilen, umumadamzat gymmatlygyna öwrüldi.

Aşgabatdaky “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň, şol sanda gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň hem heýkeliniň oturdylandygy bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň aýdyň beýanydyr. Paýtagtymyzdaky bu toplum hem-de Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherindäki “Ruh-Ordo” medeniýet merkezi iki halkyň beýik şahsyýetlere goýýan uly sarpasynyň nyşanydyr. Olarda şygryýet agşamlary, döredijilik duşuşyklary, aýdym-sazly çykyşlar yzygiderli guralýar.

“Ruh-Ordo” medeniýet merkezi diňe bir täsin binagärlik ýadygärlikleri bilen däl, eýsem, kölüň kenaryndaky özboluşly gaýyk duralgasy bilen hem meşhurdyr. Bu ýerde dünýäniň dört tarapyny, şeýle-de ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan dört sany täsin desga ýerleşýär. Seýilgäh zolagynyň çäginde sergi zallary-da bar. Olaryň gymmatlyklary gadymy çarwa durmuşynyň taryhyny aýdyňlyk bilen görkezýär hem-de gyrgyz halkynyň halk döredijiliginiň meşhur eseri bolan “Manas” eposy barada gürrüň berýär.

Çingiz Aýtmatow adyndaky “Ruh-Ordo” medeniýet merkeziniň gymmatlyklary bilen tanyşlykdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we Prezident Sadyr Žaparow bilelikde Yssyk-kölüň ajaýyp kenarynda gezelenç etdiler. Tebigatyň gözel görnüşi, kenarýakasynyň ýakymly howa gurşawy ynsanyň ruhuny götermek bilen, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Munuň özi adamlaryň saglygyny berkitmekde, ruhubelentlik duýgusyny oýarmakda tebigatyň ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň mysalydyr.

Gezelenjiň dowamynda iki ýurduň arasynda syýahatçylyk pudagynda-da gatnaşyklary ösdürmegiň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.

Dostlukly saparyň ikinji gününde — 23-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy. Bu duşuşyk uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berer.

Irden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň bilelikdäki awtoulag kerweni “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynyň maslahatlar binasyna bardy. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy myhmansöýer gyrgyz topragynda ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi. Bu künjekdäki täsin şäher Yssyk-kölüň örän arassa suwlary bilen aýratyn sazlaşyk döredýär. Munuň özi gyrgyz halkynyň açyklygynyň, myhmansöýerliginiň we baý däp-dessurlarynyň nyşany bolup durýar.

Gyrgyz Lideri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň şu saparynyň halklarymyzyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Şunda Sadyr Žaparow 2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmagynyň çäklerinde geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Dostlukly döwletiň Baştutany Gyrgyz Respublikasynyň adyndan Gahryman Arkadagymyzy hem-de doganlyk türkmen halkyny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek giň gerimli baýramçylyklar bilen gutlady.

Pursatdan peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny we Gyrgyz Respublikasyna sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurda sapar bilen gelmäge çakylygy hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, şu gezekki duşuşyga ýurtlarymyzyň arasyndaky okgunly ösýän syýasy dialogyň dowamy hökmünde garaýandygyny belledi. Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşandy üçin Prezident Sadyr Žaparowa minnetdarlyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy syýasy-diplomatik ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezip, ýokary derejedäki saparlaryň we duşuşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň esasy şerti hökmünde çykyş edýändigini belledi.

Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edendigini aýdyp, şu ýyl Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen, ilkinji nobatda, sebit ýurtlarynyň gatnaşmagynda iri halkara çäreleriň birnäçesini geçirýändigini nygtady. Şunda 12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guraljak halkara forum aýratyn ähmiýete eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Sadyr Žaparowyň bu forumyň işine gatnaşmagyna umyt bildirildi.

Biziň ýurtlarymyz halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleriniň ençemesi boýunça bitewi ýa-da ýakyn garaýyşlar bilen çykyş edýärler diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygyny, halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin gyrgyz tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýylyň 21-nji martynda kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany goldandygy we awtordaş bolup çykyş edendigi üçin hem gyrgyz tarapyna minnetdarlygyny beýan etdi. Munuň özi Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna degişli Kararnamalaryň (1995-nji we 2015-nji ýyllaryň Kararnamalaryndan soňra) üçünjisidir. Biz mundan beýläk-de siziň halkara ähmiýetli, dag meselesine degişli teklipleriňizi ilerletmek boýunça tagallalaryňyzy goldarys. Şunuň bilen baglylykda, 24-25-nji aprelde Bişkekde geçiriljek “Durnukly ösüşiň bähbidine ählumumy dag dialogy” atly halkara maslahata ýurdumyzyň degişli wekiliýetiniň gatnaşjakdygyny aýtmak isleýärin diýip, Milli Liderimiz belledi we bu maslahatyň 2027-nji ýylda geçiriljek “Bişkek+25” ikinji ählumumy Bişkek dag sammitine taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyryna öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Biz Merkezi Aziýada parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinde bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmagyň zerurdygyny nygtaýarys. Şunda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň ähmiýetini bellemek gerek diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň awgustynda Astanada geçirilen altynjy konsultatiw duşuşykda kabul edilen sebit integrasiýasyny ösdürmegiň “Merkezi Aziýa — 2040” konsepsiýasynyň hem-de 2025 — 2027-nji ýyllarda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasynyň” wajypdygy nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň awgust aýynyň başynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň başlyklyk etmeginde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça halkara maslahatyň geçiriljekdigini aýtdy we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini oňa gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly döwletiň Baştutanyny Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan transkontinental demir ýolunyň gurluşygy boýunça giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilip başlanmagy bilen gutlap, üstaşyr ulag geçelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek babatda bilelikdäki işiň wajypdygyny belledi hem-de logistika boýunça ýerli merkezi döretmegi teklip etdi. Ulag ulgamy biziň hyzmatdaşlygymyzda wajyp orny eýeleýär. Biz sebitimiziň ulag-logistika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny görýäris. Şoňa görä-de, Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar üstaşyr ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmagy zerur hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda, Pars aýlagyndaky we Hazar deňzindäki portlara çykmak arkaly Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan ugry strategik taýdan möhüm ädim bolup durýar. Biz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastruktura mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin özara kabul ederlikli şertleri döretmäge taýýardyrys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Taraplaryň tagallalary bilen ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gyrgyz topary döredildi. Onuň ilkinji mejlisi şu ýylyň 28 — 30-njy aprelinde Bişkek şäherinde geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda has netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça teklipler beýan edildi. Munuň özi döwletlerimiziň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam eder.

Şeýle hem ýurtlarymyzyň ösmegine uly goşant goşan ajaýyp şahsyýetlere bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek teklip edildi. Biz Gyrgyz Respublikasynyň milli toparlaryny Türkmenistanda geçirilýän dürli ýaryşlara hem-de okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşmaga uly höwes bilen çagyrýarys. Munuň özi sport gatnaşyklaryny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň we hyzmatdaşlygyň hem nyşanyna öwrüler diýip, Milli Liderimiz belledi.

Sözüniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň, hemişe bolşy ýaly, Gyrgyz Respublikasy bilen özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin açyk bolmagynda galýandygyny nygtady.

Gyrgyz Lideri Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygyny alyp barmaga jogapkärçilikli çemeleşýändigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Milli Liderimiziň beýan eden başlangyçlarynyň ählisini goldaýandygyny aýtdy.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti gyrgyz milli ak öýüne baryp gördüler.

Türkmenlerde bolşy ýaly, gyrgyzlarda hem ak öýe aýratyn sarpa goýulýar. Ol diňe bir däp bolan ýaşalýan öý bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ençeme asyrlyk medeniýetiň hem möhüm bölegi hasaplanýar. Ol öý-ojagy, maşgalany, halkyň durmuş ýörelgelerini alamatlandyrýar. Sökülýän, bir ýerden başga bir ýere aňsatlyk bilen göçürilýän ak öý gyşyna ýylylygy, tomsuna bolsa salkyn howany üpjün edýär. Öýüň görnüşi asman giňişliginiň şekilini ýatladýar. Ak öýüň tüýnüginiň Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet baýdagynda şekillendirilmegi hem tötänden däldir. Bir söz bilen aýdylanda, ak öý geçmişi we häzirki döwri baglanyşdyryp, taryhyň sahypalaryna aralaşmaga, gadymy çarwadarlaryň baý medeniýetiniň, sungatynyň, däp-dessurlarynyň gözbaşlaryna has oňat düşünmäge mümkinçilik berýär.

Ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna uly sarpa goýulýan Türkmenistanda hem ak öýler ähli baýramçylyklaryň aýratyn bezegi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda “Türkmeniň ak öýi” binalary gurlup, olar köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Türkmen-gyrgyz dostluk gatnaşyklaryny hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly şahsy goşant goşan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hormat-sarpanyň nyşany hökmünde gymmatly sowgatlar — milli gyrgyz ak öýi hem-de häzirki wagtda aýawly saklanylýan we kämilleşdirilýän senetçilik sungatynyň ösýändigine şaýatlyk edýän sowgatlyk önümler, şeýle-de Han atly bedew sowgat berildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň bilelikdäki awtoulag kerweni Çolpon-Ata şäheriniň atçylyk toplumyna tarap ugrady.

Atçylyk toplumyna barýan ýoluň ugrunda dostlukly ýurduň sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Olarda taryh we medeniýet babatda umumylyklary bolan halklaryň milli däpleri, häzirki döwürde üstünlikli ösdürilýän dost-doganlyk gatnaşyklary wasp edildi. Gyrgyz halkynyň gadymy durmuşyny, däp-dessurlaryny beýan edýän görnüşler iki dostlukly halkyň umumy medeniýete eýediginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

10 müň adama niýetlenen bu toplum Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinden 270 kilometr uzaklykda ýerleşýär we 25 gektar meýdany eýeleýär. Toplum 2014-nji ýylda Çarwadarlaryň birinji bütindünýä oýunlaryndan soňra guruldy. Çarwadarlar siwilizasiýasynyň medeniýetini dikeltmek we aýawly saklamak üçin Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň başlangyjy bilen Merkezi Aziýanyň halklarynyň milli sport görnüşleri boýunça bu iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilmegi häzirki wagtda asylly däbe öwrülip, dürli ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Belent mertebeli myhmana milli gyrgyz at üstündäki oýunlar — Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen “žorgo”, “gök-böri” we “salburun” oýunlary görkezildi.

Türkmen halkynda bolşy ýaly, Gyrgyz Respublikasynda hem at çapyşyklary sportuň iň gyzykly we çekeleşikli görnüşleriniň biri bolmagynda galýar. Ençeme asyr mundan öň bolşy ýaly, häzirki wagtda-da at çapyşyklary ählihalk dabaralarynyň, baýramçylyklaryň bezegi bolup durýar. Gyrgyzlarda Aziýa halklarynyň köpüsiniň arasynda giňden ýaýran “gök-böri” atly gadymy atly sport oýny hem aýratyn meşhurlykdan peýdalanýar. Çarwadarlaryň aw awlamak, sürini ýyrtyjy haýwanlardan, ilkinji nobatda, möjeklerden goramak däplerinden elguşlary we tazylary ulanmak arkaly toparlaýyn aw etmek ýüze çykdy. Bu aw “salburun” diýlip atlandyrylýar. Ýaryşa gatnaşyjylar öz çalasynlygyny, atyň üstünde ýaýdan ok atmak ussatlygyny görkezýärler.

Merkezi Aziýa sebitiniň ähli halklary, şol sanda türkmenler hem müňýyllyklaryň dowamynda edermen ýigitleriň ýoldaşy bolan bedewlere aýratyn sarpa goýýarlar. Behişdi bedewleriň muşdagy we ajaýyp çapyksuwar, atly sportuň wagyzçysy bolup durýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen täze taryhy döwürde ahalteke bedewleri okgunly ösýän Türkmenistanyň esasy nyşanyna öwrüldi. Milli Liderimiz öz birnäçe ajaýyp kitaplaryny, şol sanda “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eserlerini döwürleriň hem-de nesilleriň arabaglanyşygynyň nyşanyna öwrülen ýelden ýyndam bedewlere bagyşlady. Bu kitaplar daşary ýurt dilleriniň ençemesine terjime edilip, giň dünýä jemgyýetçiliginiň gymmatly gollanmasyna öwrüldi hem-de Ýer ýüzünde ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda möhüm orny eýeledi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda gadymy atçylyk sungatyny dikeltmek we ösdürmek boýunça maksada okgunly işler alnyp barylýar. Zähmetsöýer seýisler beýik ata-babalarymyzyň iň gowy däplerini dowam etdirip, deňsiz-taýsyz tohumyň arassalygyny saklamak we ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak babatda giň gerimli işleri amala aşyrýarlar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary we merkezleri guruldy. Olarda atçylygy ösdürmek üçin ähli şertler döredildi. Milli at üstündäki oýunlar, atly sportuň dürli görnüşleri, şol sanda konkur okgunly ösüşe eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça konkur ilkinji gezek 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýaryşlarynyň maksatnamasyna girizildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, 2007-nji ýylda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary döredildi. Häzirki wagtda bu topar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşarda hem meşhurdyr. Ol dünýäniň dürli künjeklerinde çykyş edip, abraýly halkara sylaglaryň ençemesine, şol sanda şu ýylyň ýanwarynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldular. Ganatly bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki şan-şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenilýär. Bu baýramçylyga gabatlanyp dürli halkara bäsleşikler, şol sanda ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi guralýar.

Gahryman Arkadagymyz atçylygyň gadymy däpleriniň umumylygyny belläp, gyrgyz atşynaslaryny golaýlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde Arkadag şäherine gelmäge çagyrdy. Bu ýerde Halkara atçylyk akademiýasy, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, atçylyk toplumy guruldy. Olar sebitdäki bu ilkinji “akylly” şäheriň binagärlik toplumynyň özboluşly bezegine öwrüldi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň Baştutany atçylyk toplumynyň ähli işgärlerine minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugradylar.

Gyrgyz Respublikasyna dostlukly saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparow bilen bilelikde Yssyk-köl Halkara howa menziline bardy we şol ýerden uçarda Özbegistanyň Samarkant şäherine ugrady.

23.04.2025

GRUZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Gruziýa saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň agzalarynyň bu ýurduň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynyň kabul edilmeginde Gruziýanyň beren goldawyna Türkmenistan uly baha berýändigi bellenildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň toplumlaýyn we yzygiderli ösmeginiň berk binýady hökmünde çykyş edýän ýokary derejedäki saparlaryň orny aýratyn nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda ýurtlaryň arasynda özara düşünişmekligi we ynamy, döredijilikli hyzmatdaşlygy alyp barmakda wajyp gurallarynyň biri bolup durýan parlamentara gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi. Şu nukdaýnazardan parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar köpugurly hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine gyzyklanma bildirdiler.
23.04.2025

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILIÝETINIŇ GRUZIÝA-TÜRKMENISTAN PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

 

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Gruziýa iş saparynyň dowamynda Gruziýa-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky topar agzalary bilen duşuşygy boldy. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi, şol sanda parlament ugry boýunça netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleriň döredilýändigi bellenildi. 

Türkmen tarapy ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli  Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. 

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanun çykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleriň artdyrylýandygy aýratyn bellenildi.

Şeýle hem parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň ilerledilmeginiň geljekde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň ýol açmaga itergi berjekdigi bellenildi. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak işini dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. 

23.04.2025

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILIÝETINIŇ GRUZIÝANYŇ PARLAMENTINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

 

 2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň bilen Gruziýanyň arasynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin bu ýurduň paýtagty Tbilisi şäherine iş saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili bilen duşuşygy boldy. 

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan ygtybarly gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň esasynda goldamak maksady bilen, Parlamentleriň arasynda guralýan ikitaraplaýyn saparlaryň möhüm ähmiýeti bellenildi. 

Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlarynyň uly goldawa eýe bolýandygyny hem-de Türkmenistan bilen Gruziýanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de kämilleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. 

Taraplar geljekde parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berjek Parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň hem-de parlamentler derejesinde duşuşyklaryň we maslahatlaryň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýeti barada pikir alyşdylar. 

 

 

23.04.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde Horwatiýanyň Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy

 

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hrwoýe Swetanowiçden Ynanç hatyny kabul etdi. 

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de ykdysadyýetde, medeni-durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. 

Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki derejesi, parahatçylygy ilerletmek, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek işlerinde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.

Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn esasda ýola goýlan parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň türkmen-horwat gatnaşyklarynyň mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi. Şeýle hem Parlamentara hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň ýokarlanmagynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlaryna möhüm ornuň degişlidigi barada aýdyldy.

 

23.04.2025

Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara

Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Eziz adamlar!

Sizi Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň bahar paslynyň ajaýyp günlerinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilýän halkara göçme forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara göçme forumy ýokary derejede geçirmäge döredilen mümkinçilikler üçin Malaýziýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirýärin. Forumyň maýa goýumlary çekmekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we işjeň gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigine ynanýaryn.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, biz giň gerimli döwlet maksatnamalaryny, ýurt we sebit maksatly iri taslamalary durmuşa geçirýäris. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzda hukuk binýady halkara ülňülere laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar, daşary ýurtly maýa goýujylar üçin ýeňillikler we kepillikler göz öňünde tutulýar. Abraýly halkara maliýe guramalary hem-de banklar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.

Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Hanymlar we jenaplar!

Häzirki döwürde Türkmenistan ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklary bolan ýangyç-energetika, gurluşyk we senagat, himiýa, ulag-aragatnaşyk pudaklaryny hem-de hususy pudagy ösdürmek babatda uzak geljegi nazarlaýan taslamalary durmuşa geçirýär. Şeýle taslamalary halkara maýadarlar we hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrmaga uly ähmiýet berýär.

Energetika döwleti bolan Türkmenistan ýangyç-energetika pudagynyň mümkinçiliklerini yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan energetika syýasatyna laýyklykda, bu pudaga uly möçberde maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna, nebitiň we gazyň çykarylyşynyň artdyrylmagyna mümkinçilik döredýär. Munuň özi gaýtadan işleýän senagatyň hem sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Diýarymyzda nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak maksady bilen, Hazar deňziniň türkmen böleginde hem-de gury ýerde özara bähbitli şertlerde birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklar esasynda hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar we geljekde bu işleriň depginini güýçlendirmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar.

«Galkynyş» gaz känini özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ulag geçelgeleriniň hem-de energiýa geçirijileriniň gurluşygyny netijeli dowam etdirmek häzirki wagtda öňde goýlan möhüm wezipelerdir. Bu taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýangyç-energetika pudagynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, sebitde energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda ösen senagat pudagy kemala gelýär. Öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyryp, bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen birlikde, bu işlerde ekologik howpsuzlygyň talaplaryny berjaý etmek hem esasy şertleriň biri bolup durýar. Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň dowamynda oňa gatnaşýanlar uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek, gaz geçirijileriň eksport mümkinçilikleri, tebigy gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa pudagyna maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlary barada tejribe alşarlar diýip pikir edýärin. Gurluşyk, ulag, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, senagat önümçiligi, oba hojalygy, dokma we azyk önümleriniň eksporty, metanyň hem-de kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak, «ýaşyl» energetika ýaly möhüm ugurlar boýunça olaryň degişli teklipleri hödürlejekdigine ynanýaryn.

Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Hanymlar we jenaplar!

Sizi Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilýän halkara forumyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

23.04.2025

Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary tamamlandy

 

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary tamamlandy.

Ozal habar berlişi ýaly, saparyň ilkinji gününde Gahryman Arkadagymyz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen bilelikde Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasyna we onuň düzümine girýän Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine, “Etnoaul” milli medeni toplumyna, “Turkistan Visit Centre” syýahatçylyk-maglumat merkezine, “Karavansaray Turkistan” syýahatçylyk toplumyna baryp gördi.

Ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Munuň özi doganlyk halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen medeni we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bilen şertlendirilendir. Ýokary derejedäki saparlaryň hem-de duşuşyklaryň barşynda bu meselä uly üns berilýär. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi ähli ugurlar boýunça netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ýardam edýär.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl ýurdumyzda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenildi. Bu şanly senä gabatlanyp, 2024-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forum geçirildi. Oňa birnäçe ýurtdan döwlet Baştutanlary, şol sanda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hem gatnaşdy. Dünýäniň köp ýurtlarynda beýik şahyra bagyşlanyp geçirilen çäreler Gazagystanda-da guraldy.

Şu gün — saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy.

Gazagystanyň Baştutany türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, belent mertebeli myhmana Gazagystan Respublikasyna gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi we bu sapara sabyrsyzlyk bilen garaşylandygyny hem-de onuň öz wagtynda amala aşyrylandygyny nygtady. Goňşy ýurduň Lideriniň belleýşi ýaly, Gazagystanda Gahryman Arkadagy ajaýyp döwlet işgäri hökmünde tanaýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýola goýan strategik ugry esasynda häzirki wagtda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan öňe tarap ynamly hereket edip, öz ösüşinde haýran galdyryjy netijeleri gazanýar.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy bilen gutlap, Gazagystanyň türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu şahsy başlangyjyny ruhubelentlik bilen goldandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda berkidilen bu çözgüt Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň ýokarydygyna, ýurdumyzyň parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak bilen bagly tagallalarynyň diňe bir biziň sebitimizde däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda-da aýratyn ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Gazagystanyň Baştutany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çakylygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, bu çakylygy höwes bilen kabul edendigini hem-de türkmen paýtagtyna sapary amala aşyrmaga meýillidigini nygtady. Şu ýylyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýändiginiň çuňňur manysy bardyr diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy. Şeýle-de ol geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistana bolan resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Gazagystanyň Lideri ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigine ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza Aşgabatda görnükli gazak döredijilik işgärleriniň — Kurmangazynyň we Abaýyň ýadygärlikleriniň açylandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Goňşy ýurduň Lideri mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa şu ýyl Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygyny beýan etdi. Bu sapar özara doganlyk gatnaşyklaryna goşmaça itergi berer.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik, Türkmenistanyň wekiliýetiniň gadymy Türküstan şäherinde bolmagy üçin amatly şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystan Respublikasynyň Baştutanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirip, geçen ýyllaryň dowamynda dürli ugurlar boýunça ygtybarly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi. Şeýle-de Milli Liderimiz iki ýurduň arasynda sebit we ählumumy gün tertibiniň parahatçylygy, durnuklylygy saklamaga hem-de pugtalandyrmaga, durnukly energetikany, ulag baglanyşygyny üpjün etmäge, suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawy goramaga we howanyň üýtgemegine degişli möhüm meseleler boýunça özara düşünişmek ýagdaýynyň bardygyny aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Türkmenistan dünýä bileleşigi bilen bilelikde, ilkinji nobatda, goňşy ýurtlaryň gatnaşmagynda iri halkara çäreleriň birnäçesini geçirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe 12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma gatnaşmagyny tassyklandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Gazagystanyň Baştutanynyň bu çärä gatnaşmagy forumyň işine hem-de netijelerine saldamly goşant bolar we onuň ähmiýetini has-da artdyrar.

Gahryman Arkadagymyz dünýäniň syýasy giňişliginde hyzmatdaşlyk etmek meselesine geçip, iki ýurduň iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregi özara goldamagynyň asylly däbe öwrülendigini nygtady. Pursatdan peýdalanyp, Milli Liderimiz 2025-nji ýylyň 21-nji martynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany goldandygy we awtordaş bolup çykyş edendigi üçin gazak tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine degişli Kararnamalaryň üçünjisidir. Biziň ýurdumyz hem Gazagystanyň halkara giňişlikde öňe sürýän tekliplerini, şol sanda goňşy döwletiň dürli köptaraplaýyn düzümlere saýlanylmagy meseleleri boýunça tekliplerini uly hormat bilen goldaýar.

Gahryman Arkadagymyz söwda-ykdysady ulgamda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy meselesine geçip, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn ösýändigini aýtdy we şunda bu görkezijini mundan beýläk-de artdyrmak babatda mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Biziň ýurtlarymyzyň ägirt uly kuwwaty bar, özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberlerini artdyrmak, energetika, ulag, aragatnaşyk ulgamlarynda, senagatyň dürli pudaklarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin ondan netijeli peýdalanmak möhümdir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Energetika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, geçen ýylyň tomsunda Astanada nebitgaz pudagynda bilelikdäki işleri geçirmek baradaky möhüm ähmiýetli ylalaşyk gazanyldy. Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabada bolan saparynyň barşynda iki ýurduň iri ugurdaş düzümleriniň arasynda resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi bu ylalaşyklary durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň olary amala aşyrmaga taýýardygyny tassyklap, “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmek we türkmen tebigy gazyny Gazagystana ibermek taslamasyny ilerletmek boýunça işi utgaşdyrmak maksady bilen döredilen bilelikdäki iş toparyna degişli tabşyryklary bermegiň zerurdygyny aýtdy. Elektrik energiýasyny ibermek energetikanyň geljegi uly ugurlarynyň ýene biri bolup durýar. Bu babatda hem Türkmenistan gazagystanly hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly, netijeli işlemäge taýýardygyny beýan edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ulag-kommunikasiýa pudagyny hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Gahryman Arkadagymyz mundan beýläk-de amatly üstaşyr ulag şertlerini döretmek maksady bilen, Hazar deňzinde Türkmenbaşy, Aktau we Kuryk portlarynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garamagy teklip etdi. Şeýle-de awtomobil we demir ýol ulaglary arkaly ýük daşamalaryň oňyn ösýändigi nygtaldy. Hususan-da, şunda Demirgazyk — Günorta geçelgesiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ulgamlaýyn işi dowam etdirmegiň maksadalaýykdygyna üns çekildi. Türkmenistan — Gazagystan işewürler geňeşiniň işini ilerletmek we onuň mejlislerini yzygiderli geçirmek netijeli hasaplanýar. Geňeşiň nobatdaky mejlisi 2025-nji ýylyň martynda Aşgabatda geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini nygtap, Türkmenistanyň we Gazagystanyň wekilleriniň biziň ýurtlarymyzda geçirilýän halkara maslahatlara, sergilere, beýleki çärelere işjeň gatnaşýandyklaryny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri geçen ýyl Astanada we Aşgabatda özara Medeniýet günleriniň geçirilendigini aýdyp, bu asylly däbi dowam etdirmegi teklip etdi.

Hormatly Arkadagymyz sözüniň ahyrynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, goňşy ýurduň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki awtoulag kerweni “SPK TURKISTAN” senagat parkyna tarap ugrady.

Mälim bolşy ýaly, bu iri senagat meýdançasy sebitleýin maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilýän ýeri bolup durýar. Senagat parkyny döretmegiň maksady sazlaşykly önümçilik gurşawyny döretmekden, ykdysadyýetiň hususy böleginiň kuwwatyndan netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Iki tapgyrda amala aşyrylýan “SPK TURKISTAN” taslamasynda senagat desgalaryny, dolandyryş-durmuş toplumyny we beýleki degişli binalary gurmak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu ýerde dürli pudaklarda ýöriteleşdirilen kärhanalaryň birnäçesi ýerleşýär.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew senagat parkyna baryp, bu ýerde öndürilýän dürli önümler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän sergi bilen tanyşdylar. Açyk meýdançada ýeňil awtoulaglar, traktorlar, kombaýnlar, awtobuslar, şeýle hem olaryň ätiýaçlyk şaýlary görkezildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystan Respublikasynyň Baştutany ykdysadyýetiň dürli pudaklary, şol sanda gurluşyk, oba hojalygy, ulag pudaklary üçin niýetlenen senagat önümleriniň nusgalarynyň, gaýtadan işleýän senagatyň harytlarynyň, kompýuter we durmuş tehnikasynyň görkezilýän sergi bölümine bardylar. Hormatly Arkadagymyza we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine mowzuklaýyn wideoşekiller hem görkezildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we senagatlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän strategiýada kuwwatly innowasion senagat ulgamyny döretmäge, bar bolan baý çig mal binýadyndan netijeli peýdalanmaga, öndürilýän ýokary hilli önümleriň görnüşlerini artdyrmaga, olaryň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä, nebitgaz toplumynyň, oba hojalygynyň, azyk we ýeňil senagatynyň, gurluşyk senagatynyň, beýleki pudaklaryň ugurdaş infrastrukturasy ösdürilýär, täze kärhanalar döredilip, hereket edýänleri döwrebaplaşdyrylýar, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär.

Ýurdumyzda telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamaga we höweslendirmäge hem aýratyn üns berilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan işler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler ykdysadyýete döwrebap bazar gurallaryny ornaşdyrmaga, jemi içerki önümde hususy pudagyň paýyny artdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligiň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri üpjün etmäge, şol sanda degişli kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmäge gönükdirilendir. Şunlukda, türkmen telekeçileri dürli pudaklarda netijeli zähmet çekip, ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri, maksatnamalary we taslamalary amala aşyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleri çözmäge mynasyp goşant goşýarlar. Şu ýylyň martynda Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli serginiň hem-de “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forumyň geçirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Innowasiýalara tarap ugur almak, ylmy-tehniki ösüş, öňdebaryjy, şol sanda “ýaşyl” tehnologiýalar, sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, işiň görnüşlerini giňeltmek — bularyň ählisi ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekillerine mahsusdyr. Agzalan gözden geçirilişiň ekspozisiýasy-da munuň şeýledigine doly şaýatlyk etdi. Bu sergi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz böleginiň gazananlaryny giňden açyp görkezdi.

Täze taryhy döwürde hususy kärhanalar dürli ulgamlarda, obasenagat toplumynda, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarda, gurluşykda, gurluşyk serişdelerini öndürmekde, durmuş himiýasynda, halkyň sarp edýän dürli harytlaryny öndürmekde netijeli işleýärler. Döwrebap elektron önümleriň önümçiligi hem ýola goýuldy. Ýurdumyzyň telekeçileri hyzmatlar ulgamynda, şol sanda ulag-logistika ulgamynda-da işjeň hereket edýärler. Şunuň bilen birlikde, olar milli bezeg we amaly-haşam sungatynyň, halyçylygyň, keşdeçiligiň, zergärçiligiň, keramiki hem-de sowgatlyk önümleri öndürmegiň özboluşly däplerini aýawly saklamaga we dowam etdirmäge uly goşant goşýarlar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sanynyň ep-esli artmagy, telekeçilik başlangyçlarynyň işjeňleşmegi ýurdumyzyň bu ugurdaky öňdengörüjilikli syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň güwäsidir. Munuň şeýledigini köp sanly milli haryt nyşanlary-da tassyklaýar. Häzirki wagtda olar daşary ýurtlarda hem meşhurdyr. Türkmenistanda ägirt uly ykdysady kuwwatyň, amatly maýa goýum ýagdaýynyň we ygtybarly hukuk binýadynyň bolmagy türkmen bazarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin özüne çekijiligini şertlendirip, halkara hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri döredýär. 18-nji martda Aşgabatda geçirilen halkara forum pikir we tejribe alyşmak, telekeçilik ugry boýunça özara gatnaşyklaryň geljegini, netijeli döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrüldi. Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleriniň we daşary ýurtlaryň, şol sanda Gazagystanyň kompaniýalarynyň arasynda forumyň netijeleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň ýurdumyza gyzyklanmasynyň artýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystanyň Prezidenti bilelikde Türküstan şäheriniň Hazret Sultan Halkara howa menziline geldiler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow uçarda dostlukly sapar bilen Gyrgyz Respublikasyna ugrady.

22.04.2025

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, şu günler ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary we beýleki tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatda gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem welaýatda pile öndürmek möwsümini üstünlikli tamamlamak babatda degişli çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde behişdi ahalteke bedewlerimiziň şanyna bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek hem-de öz wagtynda tamamlamak, galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary, galla kabul ediş nokatlaryny möwsüme doly taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda sebitde pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim welaýatda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň, galla oragyna taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin welaýatyň çägindäki galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary, beýleki tehnikalary möwsüme taýýarlamak işleri dowam edýär. Sebitde gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek üçin zerur çäreler görlüp, şunda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, pileçi kärendeçilere ýüpek gurçugynyň tohumyny paýlamak işlerine girişildi. Şeýle-de häkim Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň guramaçylykly geçirilmeginiň, oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, galla oragyna ykjam taýýarlyk görülmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda gowaça ekişi dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary we gurallar doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmaga, gögeriş alnan ýerlerde bolsa hatarara bejergi işlerini geçirmäge girişildi. Ýazlyk ýeralma we sogan ekilen meýdanlarda-da ideg işleri dowam edýär. Şeýle-de welaýatda pile öndürmek boýunça meýilnamany doly ýerine ýetirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň guramaçylykly we agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, galla oragyna talabalaýyk taýýarlyk görülmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Şeýle hem galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary, beýleki tehnikalary bugdaý oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek babatda zerur çäreler görülýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak we bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ideg işleri dowam etdirilýär. Sebitde pile öndürmek möwsümini talabalaýyk geçirmek we bu ugurdaky meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin hem zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, häkim her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygy pudagynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Sebitlerde gowaça ekişi guramaçylykly dowam edýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ýeralma, gök-bakja hem-de beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerine ideg işleri alnyp barylýar. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de ýurdumyzyň ýüpek kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Şeýle hem wise-premýer howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň öňüni almak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işlerde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň, bu işlerde kuwwatly, döwrebap tehnikalaryň doly güýjünde işledilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga we ekinlerden bol hasyl almaga ýardam berýändigini belledi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we gowaça ekişiniň öz wagtynda geçirilmeginiň, bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň, galla oragyna gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýazlyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň öňüni almak üçin ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli welaýatlarda medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

21.04.2025

Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary başlandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirip, sebit we ählumumy derejede köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunda Merkezi Aziýa döwletleri, şol sanda Gazagystan bilen däp bolan gatnaşyklar nusgalyk häsiýete eýedir. Sebitiň ýurtlarynyň halklary bilen türkmen halkyny medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Gazagystan Türkmenistanyň wagtyň synagyndan geçen möhüm hyzmatdaşydyr. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik ýörelgelerine laýyklykda ýola goýulýar. Ýurtlarymyz soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Türkmenistan we Gazagystan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen, halklarymyzyň gadymdan gelýän doganlyk, birek-birege hormat goýmak, döwletlerimiziň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik däplerine ygrarlylyk ýörelgelerinden ugur alýarlar.

...Birnäçe wagtdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň uçary Türküstan şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Hazret Sultan Halkara howa menziline gelip gondy. Haly ýodajygynyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Gazagystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türküstan şäherindäki Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasyna baryp gördi.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk umumy taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary bolan iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ýurtlarymyz dürli ulgamlarda, şol sanda ylym, bilim, medeniýet, sungat we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Yzygiderli geçirilýän dürli medeni çäreler, özara Medeniýet günleri, sergiler, festiwallardyr konsertler doganlyk halklarymyzy has-da ýakynlaşdyrmaga ýardam berýär. Medeni mirasy gorap saklamak babatdaky bilelikdäki işler hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Iki döwletiň baý taryhy mirasy bar we bu ugurdaky bilelikdäki tagallalar dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrýar. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk syýahatçylyk ulgamyny-da öz içine alýar. Şunda ýurtlarymyzyň taryhy we medeni ýadygärlikleri bilen tanyşdyrýan syýahatçylyk ugurlarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

...Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki awtoulag kerweni Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasyna gelýär. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Baştutany mähirli garşylanyldy we Türküstan şäheriniň taryhy barada gürrüň berildi.

Türküstan Gazagystanyň günortasynda ýerleşýän iň gadymy şäherleriň biridir. Bu gadymy şäher alymlaryň, şahyrlardyr filosoflaryň mekany bolupdyr. Bu ýerde Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähi hem ýerleşýär. Türküstanyň medeni mirasy köpdürli we köptaraplydyr. Bu şäher öz däp-dessurlary, senetçilik sungaty bilen meşhurdyr. Ýerli senetçiler gadymdan gelýän tärlerdir usullar bilen dürli küýzegärlik, haly we dokma önümlerini taýýarlaýarlar. Türküstan nesilden-nesle geçirilip gelinýän aýdym-saz däpleri bilen hem bellidir.

Ýeri gelende, türkmen topragynda hem Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew ýaly dünýäniň ilkinji ekerançylyk medeniýeti bolan ýadygärlikleriň bardygyny bellemek gerek. “Nusaý”, “Köneürgenç”, “Gadymy Merw”, “Gadymy Dehistan”, “Kerki”, “Abiwerd”, “Köne Sarahs”, “Gökdepe galasy” döwlet taryhy-medeni goraghanalary bolsa ýurdumyzyň taryhyny öwrenmek üçin özboluşly muzeýlerdir. Türkmen toparagynda Merkezi Aziýada iň belent ymaratlaryň biri bolan Gutlug Temiriň minarasy, Soltan Alaeddin Tekeşiň, Törebeg hanymyň, Nejmeddin Kubranyň, Il Arslanyň, Pirýar Weliniň, Seýit Ahmediň aramgähleri we orta asyr binagärliginiň beýleki ýadygärlikleri bar. Olar şekillendiriş sungatynyň ýokary kämillik derejesi bilen tapawutlanýar, milli binagärligiň müňýyllyklara uzaýan ýörelgeleriniň dowamatlylygyny äşgär edýär. Arheologlardyr syýahatçylaryň ünsüni çekýän gadymy şäherleriň hatarynda Gadymy Nusaý aýratyn orny eýeleýär. Türkmenleriň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda guran Parfiýa döwleti irki döwürleriň beýik döwletleriniň biri hökmünde alty asyrlap özbaşdaklygyny saklapdyr.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda milli taryhy-medeni mirasy öwrenmek we aýawly saklamak boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halky ösen sungaty, nusgawy ýörelgeleri, gaýtalanmajak medeni mirasy bilen dünýäde giňden tanalýar. Ýurdumyzda milli medeniýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, milli mirasyň gymmatlyklaryny öwrenmek we gorap saklamak, dünýä ýaýmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.

...Milli muzeý-goraghanasy bilen tanyşlygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew, ilki bilen, Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine barýarlar. Aramgähiň içinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň müftüleri Gurhandan aýat okaýarlar hem-de doga-dileg edýärler.

Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähi Türküstan şäherinde (ozalky Ýassy obasy) ýerleşip, gümmezler bilen bezelen, ini 46,5 metr, uzynlygy 65,5 metr bolan gönüburçluk şekilindäki ägirt uly binadyr. Onuň daşky diwarlarynyň galyňlygy 2 metre, merkezi zalyň diwarynyň galyňlygy bolsa 3 metre deňdir. Aramgähde dürli otaglardyr zallaryň 36-sy bar. Diwarlary mawy plita bilen örtülen merkezi zalda diametri 2,45 metre, agramy 2 tonna golaý ägirt uly gazan ýerleşýär. Bu gazanda juma namazyna gelen adamlar üçin nahar taýýarlanypdyr. Şeýle hem bu ýerde Teýmirleňiň aramgähe beren sowgady — bürünçden ýasalan çyra bar.

Desganyň içinde Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähi, onuň hüjresi, Uly köşk, Kiçi köşk, Kiçi metjit, kitaphana, guýy we naharhana ýaly binalar ýerleşýär. Aramgähiň töweregindäki meýdança Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasynyň çägine degişli. Aramgäh orta asyr binagärlik sungatyna degişlidir. Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähi 1385 — 1405-nji ýyllarda emir Timuryň (Teýmirleň) buýrugy boýunça gurlupdyr. Binanyň gurluşygynda öz döwrüniň öňdebaryjy binagärlik çözgütleri ulanylypdyr.

Milli Liderimiziň “Ömrümiň manysy” atly ajaýyp kitabynda belleýşi ýaly, «Medinede — Muhammet, Türküstanda — Hoja Ahmet» diýlip, belent mertebä eýe bolan ussat, ýasawylyk mekdebini esaslandyran, müňlerçe talyp ýetişdiren Hoja Ahmet Ýasawy türkmeniň orta asyr sopuçylyk edebiýatynyň başyny çekýär. «Türküstan piri» diýlip atlandyrylyp, mertebeli sopular tarapyndan uly hormata mynasyp bolan Hoja Ahmet Ýasawy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin türki halklaryň arasynda-da örän meşhurdyr. Gahryman Arkadagymyz bu eserinde Hoja Ahmet Ýasawynyň töweregine ýüzlerçe müridi, talyplary ýygnap, bu uly akymyň ýasawylyk ugruny esaslandyrandygyny nygtaýar. Dini-ahlaky hikmet görnüşindäki şygyrlarynda Ýasawy hem, soňra onuň ýoluny mynasyp dowam etdiriji derwüş-sopular hem täze pikirleri, Allatagala bolan söýgüsini, duýgusyny halkyň düşünip, aňlap biljek dilinde we derejesinde beýan edipdirler. Şonuň üçin-de, adamlar bu sopuçylyk akymyny çalt hem ýitilik bilen ýürekden kabul edipdirler. Hoja Ahmet Ýasawydan soňra onuň şägirtleri, müritleri bu ýoly uzak wagtlap dowam etdiripdirler.

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda Hoja Ahmet Ýasawynyň adynyň duş gelmegi Pyragynyň bu beýik şahsyýetiň döredijiligine uly sarpa goýandygyny görkezýär. Üç asyryň geçendigine garamazdan, häzirki wagtda Magtymgulynyň şygyrlary täze röwüşde ýaňlanýar we Türkmenistanyň çäklerinden has uzaklarda-da barha meşhurlyga eýe bolýar. Magtymgulynyň goşgulary Watana söýginiň, ynsanperwerligiň, parahatçylygyň, dost-doganlygyň, dürli medeniýetleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşmagyň, hormat goýmagyň senasyna öwrüldi. Şahyryň goşgularyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgeleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň hem mazmunyny emele getirýär. Häzirki wagtda Magtymgulynyň döredijiligi halkara derejede dost-doganlygy pugtalandyrmaga hyzmat edýär.

...Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutany “Etnoaul” milli medeni toplumyna baryp görýärler. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi gazak milli döredijilik topary mähirli garşylaýar. Toplumyň wekili gazak ak öýi, gazak halkynyň gadymy döwürlerde ulanan öý hojalyk esbaplary, haly önümleri we beýlekiler bilen tanyşdyrýar.

“Etnoaul” milli medeni toplumy “Kazanat” aýlawynyň çäginde 2 müň 500 inedördül metr meýdany tutýar. Toplumyň ähli ekspozisiýasy 30 sany ak öýde ýerleşdirilip, bu ýere gelýänleri gazak halkynyň baý taryhy, medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary bilen tanyşdyrýar. Aýlawda adaty atly sport çäreleri bilen birlikde, gadymy çarwadarlaryň milli sport görnüşleri boýunça ýaryşlar hem geçirilýär. “Etnoaulda” saz we teatr sungaty festiwallary, suratkeşleriň, amaly-haşam sungatynyň wekilleriniň ussatlyk sapaklary, senetçilik we çeperçilik sergileri, köp sanly beýleki medeni çäreler geçirilýär. Toplum Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasynyň düzümine girip, Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähiniň golaýynda ýerleşýär. Toplumyň ekspozisiýasy esasy iki bölege bölünýär we olaryň her biri çarwadarlaryň medeniýetiniň, durmuşynyň möhüm ugurlaryny açyp görkezýär. Bu ýerdäki ak öýlerde çarwadarlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanşyp bolýan bolsa, orta asyr äheňinde ýerine ýetirilen senetçiler köçesindäki saman palçykdan ýasalan ussahanalarda çarwadarlaryň halyçylyk, zergärçilik, küýzegärçilik ýaly senetçiligi beýan edilýär.

Şeýle-de bu ýerde milli aşhananyň tagamlary taýýarlanylýar, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda konsertler, şüweleňler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň gurlandygyny bellemek gerek. Özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýan bu binalarda köpçülikleýin baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Ak öý türkmen halkynyň aňynda dünýä gurluşynyň özboluşly nyşanyny janlandyrýar. Günüň tegelekligini esas edinen ak öý durmuşyň bakylygyny, paýhasyň we ruhy başlangyçlaryň dowamatlylygyny alamatlandyrýar. Ak öý agzybirligi, halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, ynsanperwerligi hem özünde jemleýär.

“Etnoaul” milli medeni toplumy bilen tanyşlykdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýew “Turkistan Visit Centre” syýahatçylyk-maglumat merkezine ugradylar. Ýol ugrunda Milli Liderimiz hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutany ýadygärlik surata düşdüler.

Syýahatçylyk-maglumat merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türküstan şäheri barada wideoşekile tomaşa edip, taryhy eksponatlar bilen tanyşdylar.

Döwrebap äheňde gurlan bu merkez Türküstanyň binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşýar. Desganyň bezeginde milli binagärlik däpleri we häzirki zaman gurluşyk tehnologiýalary öz beýanyny tapýar. Merkezdäki maglumat diwarlyklary, multimedia enjamlary taryhy ýadygärlikler, medeni çäreler, syýahatçylyk ugurlary barada giňişleýin maglumat berýär. Şeýle-de ol dürli hyzmatlary, şol sanda gezelençleri, dürli çäreleri guramak boýunça hyzmatlary hödürleýär. Bu ýerde ýerli senetçileriň ýasan sowgatlyk önümlerini-de satyn almak bolýar.

Bilim işi syýahatçylyk-maglumat merkeziniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Merkez Türküstanyň taryhyna we medeniýetine bagyşlanan dürli ussatlyk sapaklaryny, okuwlardyr sergileri guraýar. Bu ýere gelýän myhmanlara sebitiň gadymy däp-dessurlary, senetçiligi, sungaty barada maglumat almaga, interaktiw çärelere gatnaşmaga mümkinçilik döredilýär. Mundan başga-da, merkez ýerli mekdepler we uniwersitetler bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar hem-de ýaşlara öz ülkesiniň taryhyny, medeniýetini öwrenmek üçin amatly şertleri döredýär. Bu bolsa ýaşlarda medeni mirasa gyzyklanmany kemala getirmäge ýardam edýär. Merkezde işleýän ýolbeletler myhmanlara her bir desga barada dürli dillerde giňişleýin maglumat berýärler hem-de gezelençleriň täsirli geçmegine goşant goşýarlar. Merkez sebitiň özboluşly medeni mirasyny gorap saklamaga, syýahatçylygy ösdürmäge ýardam berýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti “Karavansaray Turkistan” syýahatçylyk toplumyna baryp görýärler.

“Karavansaray Turkistan” Gündogar ertekisi äheňinde gurlan syýahatçylyk toplumydyr. Bu ýerde myhmanlar Türküstanyň taryhy, senetçiligi, medeniýeti, sportuň milli görnüşleri bilen tanşyp bilýärler. Toplumyň çäginde 115 otagly döwrebap myhmanhana ýerleşýär.

Toplumdaky söwda-dynç alyş merkezlerinde dürli attraksionlar, şol sanda tomaşaçylary ertekiler dünýäsine gaýybana syýahata äkidýän 3D tehnologiýaly attraksionlar hereket edýär. Özboluşly binagärlik äheňinde ýerine ýetirilen söwda zolaklarynda dünýä belli brendleriň dükanlary ýerleşýär. Dürli konsepsiýaly myhmanhana, söwda zolaklary, guralýan medeni çäreler daşary ýurtly syýahatçylary özüne çekýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda hem syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Hazaryň türkmen kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işleriň aýdyň netijesidir.

Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda ýerleşen dünýä derejeli deňiz dynç alyş zolagy syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny ösdürmekde Türkmenistanyň gazananlarynyň aýdyň nyşany hasaplanýar. Ajaýyp myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, kottej şäherçeleri, seýilgäh-dynç alyş toplumlary we hyzmatlaryň ýokary derejesi Awazany köp sanly türkmenistanlylar, şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar üçin özüne çekýän merkeze, maşgala bolup dynç almak üçin ajaýyp ýere, aýratyn-da, tomus dynç alyş möwsüminde gözel künjege öwürýär.

Amatly howa şertleri, Hazar deňziniň kenarýakasynyň baý şypahana kuwwaty, iň döwrebap tehnologiýalardan, innowasiýalardan, öňdebaryjy binagärlik hem-de inženerçilik-tehniki pikirlerden ugur alynmagy, öňde goýlan maksatlara ýetmek babatda oýlanyşykly çemeleşmeler Türkmenistanyň “deňiz merjenini” halkara syýahatçylygyň, şypahana-dynç alşyň hem-de sportuň ykrar edilen merkezine öwürýär.

Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasy bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz hem-de Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna sapary dowam edýär.

21.04.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 12-nji aprelinde Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek we ýük markalary hakynda halkara Konwensiýa degişli Teswirnama goşulmak bilen bagly kanunlaryň taslamalaryna garaldy. Şunuň bilen birlikde, jenaýat we jenaýat iş ýörediş kadalaryny döwrebaplaşdyrmak, kazyýetde raýat iş ýörediş düzgünleri amala aşyrylanda, arbitraž, zähmet, maşgala, salgyt bilen baglanyşykly işlere garalanda adalgalaryň ulanylyşynyň birkysmy sazlaşygyny emele getirmek, şeýle hem ýubileý medaly, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa boýunça kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Şeýle-de maslahatda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň maglumaty diňlenildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň aprel aýynda Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, çärä gurama agza ýurtlaryň döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň esasy maksady YHG-nyň sebitinde durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy ilerletmekden ybaratdyr. Çäräniň dowamynda Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerini çözmegiň ýollaryna garalar, şeýle hem gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin hemmetaraplaýyn we durnukly strategiýalary ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Duşuşygyň netijeleri boýunça Jemleýji resminamany kabul etmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Arkadag şäherinde guraljak Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň suw üpjünçilik desgalaryny we ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işler “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda alnyp barylýar. Munuň özi senagat-önümçilik desgalarynyň üpjünçilik ulgamlaryny has-da kämilleşdirmäge, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen işleri üstünlikli ýerine ýetirmäge, hususan-da, zawodlar toplumynyň önümçiligi üçin suwuň zerur bolan möçberi bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmek we yzygiderli döwrebaplaşdyrmak babatda maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň suw üpjünçilik desgalaryny we ulgamlaryny döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça teklibi makullady hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmek maksady bilen, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallary netijeli ulanmak, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, ilkinji hatarara bejergi işlerini geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, bugdaý ýygýan kombaýnlary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Pile öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak babatda degişli işler dowam edýär. Mundan başga-da, hasabatyň dowamynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaraly çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatlarda dowam edýän gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmegiň, munuň üçin oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmagy, galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmäge, şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň 29-njy apreli — 1-nji maýy aralygynda Söwda-senagat edarasynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkany hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sergä ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli hem-de ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, guramalaryň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Onuň çäklerinde halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda eksporty ösdürmek, sanly marketing, sertifikasiýa talaplary ýaly meseleler boýunça maslahat beriş duşuşyklarynyň, işewürlik geňeşmeleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Halkara maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 27 ýurdundan kompaniýalaryň we guramalaryň 63-si hasaba alnyp, häzirki wagtda-da gatnaşmaga isleg bildirýänleri hasaba almak işi dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde söwda ulgamyna uly ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahata gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu çäräniň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçiriler. Bu ýerde arap kalligrafiýasynyň we Liwiýanyň milli lybaslarynyň, kitaplaryň hem-de milli tagamlaryň sergisini guramak, «Adamzadyň medeni ösüşini açyp görkezmekde we arap dilini hem-de yslam magaryfyny baýlaşdyrmakda türkmen alymlarynyň eýeleýän orny» atly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Medeniýet günleriniň çäklerinde myhmanlaryň «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Şekillendiriş sungaty muzeýine hem-de paýtagtymyzyň gözel ýerlerine baryp görmekleri göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ol, ilki bilen, döwlet Baştutanymyzy dünýäniň iň iri ylym-bilim merkezleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegi mynasybetli gözegçilik edýän toplumynyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, häzirki wagtda Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary tarapyndan “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ylmyň gazananlary, täze himiki tehnologiýalar arkaly ekologik taýdan arassa, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny işläp düzmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şonuň netijesinde, öňdebaryjy usullardyr döwrebap tehnologiýalar önümçilige yzygiderli ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisini geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisini guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi Ýaponiýanyň Osaka we Tokio şäherlerine amala aşyran saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito, Premýer-ministri Sigeru Isiba, dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Ikitaraplaýyn resminamalaryň 15-sine gol çekildi, Bilelikdäki metbugat beýanaty kabul edildi. Şeýle hem geçen ýylyň 9-njy awgustynda Astana şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen “Nippon” eksport we maýa goýumy ätiýaçlandyryş agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama alşyldy. Bularyň ählisi türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Bu ählumumy gözden geçirilişde ýurdumyzyň öz Milli gününi ilkinji bolup geçirendigi bellärliklidir. Onuň çäklerinde halkymyzyň taryhy we baý medeni mirasy, ýurdumyzyň häzirki ösüşleri giňden açylyp görkezildi.

Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Ýaponiýa saparynyň üstünlikli geçmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, bu babatda abraýly halkara guramalar we dünýäniň ösen döwletleri bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, sergi işiniň ösdürilmegi ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady, medeni, maglumatlar giňişligine goşulyşmagynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 25-nji awgustyndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Konsepsiýanyň çäklerinde Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça 2023 — 2025-nji ýyllar üçin Milli meýilnama işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda bu resminama bellenen tertipde amala aşyrylýar.

2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Parižde geçirilen Halkara sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynyň 173-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistan ilkinji gezek 2024-2025-nji ýyllar üçin bu guramanyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň düzümine agzalyga saýlanyldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 19-njy martynda Aşgabat şäherinde Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda degişli komitetiň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Ýokarda beýan edilenleriň esasynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler, şol sanda geljek ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda Halkara sergiler býurosy bilen bilelikde oba hojalyk ugry boýunça ýöriteleşdirilen “EKSPO” halkara sergisini geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek we bu babatda deslapky taýýarlyk işlerini geçirmek baradaky teklip hödürlenildi. Şeýle-de agzalan sergini Türkmenistanda geçirmek boýunça ýörite gaznany döretmek babatda çäreleri görmek we şunuň bilen baglylykda, iri halkara kompaniýalar bilen gepleşikleri geçirmek teklip edilýär.

Ýurdumyzyň halkara sergi işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, Türkmenistanyň öňümizdäki Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergilerine ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek üçin degişli işleri amala aşyrmaga gönükdirilen degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak bilen bagly teklipler beýan edildi. Şolaryň hatarynda 2027-nji ýylyň 19-njy marty — 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokogama şäherinde geçiriljek ekologiýa we tebigaty goramak meselesine bagyşlanan «Green EKSPO — 2027» hem-de 2027-nji ýylyň 15-nji maýy — 15-nji awgusty aralygynda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde «Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin» diýen şygar astynda geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergileri bar. Şeýle-de türkmen hünärmenleri üçin sergi-ýarmarka işi boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň we halkara guramalaryň wekilleri bilen okuw maslahatlaryny guramak, daşary ýurtlardaky okuw merkezlerinde olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2025 — 2027-nji ýyllar üçin degişli Maksatnamany taýýarlamak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Halkara sergiler býurosy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, Bütindünýä «EKSPO» sergilerine yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. Bu iri halkara sergiler dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we döwrebap çözgütlere esaslanýan innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli Döwlet maksatnamasynda bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny döretmek we işe girizmek, bu ugurda işlejek hünärmenleri taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu bolsa maglumatlara elýeterliligi üpjün etmäge, ýurdumyzda elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga giň mümkinçilikleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti yzygiderli ösdürmek, ähli pudaklary sanly ulgama geçirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, bu ugurda innowasion tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylýandygyny belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu babatdaky işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

18.04.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Saud Arabystanynda Türkmenistanyň dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman ben Abdelaziz Al Saudyň we Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de diplomat hormatly Prezidentimizi Ýaponiýa saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz ilçini mähirli mübärekläp, ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň ýokary wezipeli ýolbaşçylaryna hem iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Türkmen-saud hyzmatdaşlygy dostlugyň, ynanyşmagyň, birek-birege hormat goýmagyň we deňhukuklylygyň nusgasy bolup durýar. Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki başlangyçlaryny we tekliplerini işjeň goldaýandygy üçin saud tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny we bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma we oba hojalygy pudaklary Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen birlikde, medeniýet, ylym, sungat we döredijilik ulgamlarynda hem hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikler bar.

Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde iki halkyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz iki ýurduň we olaryň halklarynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrä iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Amer bin Ali Al-Şehrini Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldik. Jenap Amer bin Ali Al-Şehriniň şahsy häsiýetleri özüne ynanylan wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmäge ynam döredýär. Onuň Siziň Alyhezretiňize biziň adymyzdan ähli beýan etjeklerine ynanmagyňyzy haýyş edýäris.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistana hem-de onuň halkyna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýäris.

Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri

Salman ben Abdelaziz Al Saud,

Saud Arabystanynyň Patyşasy.

17.04.2025

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalara beslenýän günlerinde Ýaponiýa amala aşyran saparyňyzyň üstünlikli geçmegi mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty barha rowaçlanýar. Siziň baştutanlygyňyzda alnyp barylýan daşary syýasat strategiýamyzda dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň biri bolan Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ilerletmäge uly ähmiýet berilýär. Geçen ýyllaryň dowamynda Ýaponiýa bilen uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan strategik gatnaşyklar ýola goýuldy. Siziň Ýaponiýanyň Imperatory bilen bolan duşuşygyňyz Onuň Alyjenabynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli we netijeli gatnaşyklary ösdürmäge şahsy ygrarlylygyny ýene-de bir gezek görkezdi. Şeýle hem ol ýurdumyz bilen Ýaponiýanyň arasynda ozal ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan syýasatymyzyň dowam etdirilýändigini tassyklady. 2019-njy ýylda Onuň Alyjenabynyň tagta çykmak dabarasy wagtyndaky duşuşygymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim bolupdy. Siziň Ýaponiýanyň Imperatory bilen geçiren bu duşuşygyňyzyň hem netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde täze tapgyr boljakdygyna ynanýaryn.

Sapar wagtynda Siziň Tokioda Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen geçiren gepleşikleriňiz özara bähbitli gatnaşyklarymyzy mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy. Ýokary derejede geçen bu gepleşikler türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlar, ýagny syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigini we üstünlikli dowam etdirilýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda häzirki döwürde Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň köpüsiniň, şol sanda Ýaponiýanyň ýurdumyz bilen ykdysady gatnaşyklaryň ugurlaryny giňeltmäge gyzyklanmasynyň barha artmagyna ýardam edýär. Ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda Diýarymyzyň çar künjeginde iri senagat kärhanalary gurlup, bu ugurda baý tejribe toplandy. Siz ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygyňyzda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp baran üstünlikli işine ýokary baha berilýändigini aýtdyňyz. Şol kompaniýalar dürli ýyllarda Mary welaýatynda ammiak we karbamid, Gyýanlyda polietilen we polipropilen, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän döwrebap senagat kärhanalarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmekde özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdiler. Siziň saparyňyzyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar, gol çekilen täze resminamalar bolsa bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň pugta hukuk binýadyny goýdy.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siziň bu dostlukly ýurda amala aşyran ilkinji saparyňyz baý mazmuna eýe bolup, türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze tapgyrynyň başyny başlady. Siziň Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmagyňyz Bitarap Watanymyzyň ählumumy ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmaga bildirýän uly gyzyklanmasyny nobatdaky gezek äşgär etdi.

Türkmenistanyň sergä gatnaşýan 160-a golaý ýurduň arasynda öz Milli gününi ilkinji bolup geçirmegi ýurdumyza bildirilýän uly hormatdan nyşan bolup, biziň buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Siziň belleýşiňiz ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi bilen gabat gelýän bu iri gözden geçiriliş ykdysady, maýa goýum gatnaşyklary üçin netijeli ugurlary, öňdebaryjy ideýalary, tehnologik çözgütleri öňe sürýär. Türkmenistanyň pawilýonynyň özboluşly binagärlik aýratynlygy, döwrebaplygy hem-de milli öwüşginliligi bilen tapawutlanmagy ýurdumyzyň ähli ugurlarda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmak üçin bu ýere gelýän köp sanly myhmanlarda aýratyn täsir galdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň döwlet syýasatyňyzda ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň bilim edaralary bilen daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň arasynda ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Şolaryň hatarynda Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleri-de mynasyp orny eýeleýär. Hususan-da, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda degişli ylalaşyklar hereket edýär. Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bularyň ählisi talyplary we mugallymlary alyşmak işini ilerletmäge, bilelikdäki ylmy barlaglaryň gerimini giňeltmäge hem-de olaryň netijelerini tejribä ornaşdyrmaga zerur şertleri döredýär.

Pursatdan peýdalanyp, Sizi dünýäniň abraýly bilim ojaklarynyň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň bu abraýly derejä mynasyp bolmagyňyz bu ugurda edilýän tagallalara ýokary baha berilýändigini alamatlandyryp, dostlukly gatnaşyklarymyzy has-da berkidýär. Siziň baştutanlygyňyzda innowasion serişdeleri döretmekde, nou-haulary ulanmakda, dürli ulgamlarda döwrebap dolandyryş çözgütlerini işläp taýýarlamakda we ornaşdyrmakda Ýaponiýa bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýaryn.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Ýaponiýa amala aşyran saparyňyzyň üstünlikli geçmegi hem-de saparyň dowamynda Size Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegi mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

16.04.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda alnyp barylýan işler geljegimiz bolan çagalaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine, olar üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilýär. Bu ugurda Milli Liderimiziň başyny başlan işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär.

...Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy gaznanyň wise-prezidentleri mähirli garşyladylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň edara binasynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň we wise-prezidenti R.Bazarowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde gazna tarapyndan alnyp barylýan işler we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. R.Bazarow, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegi hem-de degişli diplomyň gowşurylmagy mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we Gahryman Arkadagymyzy gutlady. Şeýle-de ol ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralaryň, şanly senäniň hormatyna halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi barada hasabat berdi.

R.Bazarow şanly sene mynasybetli guralan dabaralara we halkara foruma dünýäniň köp ýurtlaryndan, şol sanda Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan we beýleki döwletlerden wekilleriň, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşandyklaryny we olar bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilendigini habar berdi. Maslahatyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň meýilleri hakynda resminama; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin ýurt boýunça Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda «Ýaşyl» mekdep bilelikdäki Maksatnamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama we başga-da birnäçe ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekildi. Munuň özi ýurdumyzda guralýan halkara çärelere dünýä giňişliginde uly gyzyklanma bildirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. R.Bazarow foruma gatnaşan döwletleriň wekillerinden köp sanly teklipleriň gelip gowşandygyny aýdyp, olarda bu ugur boýunça halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, türkmen wekiliýetini öz ýurtlarynda kabul etmek ýaly başlangyçlaryň öňe sürülýändigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-prezident Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň agzalarynyň daşary ýurtlara saparlaryny guramak we ilkinji sapary Özbegistan Respublikasyna amala aşyrmak baradaky teklibi öňe sürdi.

Gahryman Arkadagymyz haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň diňe bir öz ýurdumyzyň çagalarynyň abadançylygynyň bähbidine däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň çagalarynyň sagdyn durmuşynyň üpjün edilmegine hem gönükdirilýändigini belläp, “Kyýamat güni goňşudan” diýlişi ýaly, ilkinji saparyň ýakyn goňşymyz bolan Özbegistan Respublikasyna guralmagynyň maksadalaýyk çözgüt boljakdygyna ünsi çekdi. Hyzmatdaşlygyň özara tejribe alyşmak, halkara giňişlikde gaznanyň işini wagyz etmek we bu ugurda amala aşyrylýan çäreleri has-da kämilleşdirmek babatda ähmiýetlidigini nygtap, Milli Liderimiz bu teklibi oňlaýandygyny aýtdy.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa halkymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgelerini esasy ugur edinýän gaznanyň alyp barýan işiniň halkara giňişlikde uly goldawa mynasyp bolýandygyny belledi.

Şeýle hem çagalaryň irki ösüşini kadaly ýola goýmak, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek babatdaky işleriň häzirki zaman ylmynyň esasynda durmuşa geçirilmeginiň wajypdygy bellenildi. Şunda degişli ugurlaryň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegine möhüm üns berilýär. Gaznanyň wise-prezidenti ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek we lukmançylyk edaralaryna täzeçil usullary, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly birnäçe teklipleri öňe sürdi. Nygtalyşy ýaly, bu başlangyçlar keselleriň öňüni almakda ähmiýetli bolar.

Lukman Arkadagymyz saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň ösdürilmeginiň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine baglydygyny aýtdy. Maksatnamanyň esasy wezipesi keselleri bejermek däl-de, olaryň öňüni almakdan ybaratdyr. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Milli Liderimiz gaznanyň “Sagdyn ene bolmasa, sagdyn çaga bolmaz” diýen ýörelgäni esasy ugur edinýändigini belledi. Şunda enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň lukmançylyk edaralarynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridigini aýtmak gerek.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän hassahanalara we saglyk merkezlerine dünýäniň iň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän hassalary has netijeli bejermäge niýetlenen häzirki zaman lukmançylyk enjamlary sowgat berildi. Munuň özi Diýarymyzyň ähli ýerlerinde saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi ugrunda döwlet tarapyndan edilýän aladanyň aýdyň netijesidir. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wekilleriniň ýurdumyzyň welaýatlarynda bolup, köpugurly hassahanalarda, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezlerinde alnyp barylýan işler, lukmançylyk edaralarynyň hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de ýerlerde “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşmak üçin saparlarynyň guralmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Munuň özi döwlet derejesinde döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleriň işjeň ösdürilmeginde we ýurdumyzda sagdyn, berk bedenli nesilleriň kemala gelmeginde ähmiýetli çärä öwrüler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kesgitlenen wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

16.04.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tokioda ýokary derejeli gepleşikleri we duşuşyklary geçirdi

Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Imperator Naruhito, Premýer-ministr Sigeru Isiba, şeýle hem Ýaponiýanyň işewür we ylym-bilim jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy.

Ozal habar berlişi ýaly, Ýaponiýa saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine bardy we Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy. Şeýle hem düýn hormatly Prezidentimiz Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.

...Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Ýaponiýanyň Imperatorynyň köşgüne geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Imperator Naruhito bilen duşuşdy.

Onuň Alyjenaby Imperator belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, häzirki wagtda iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiň täze derejesine çykandygyny aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa ilkinji saparynyň ähmiýetini belledi. Şeýle-de ýapon Imperatory döwlet Baştutanymyzy “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň geçirilmegi bilen gutlady we bu waka mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesine ünsi çekdi. Onuň Alyjenaby Naruhito ýurdumyzyň bu sergä gatnaşmagynyň onuň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerine şaýatlyk edýändigini aýtdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hoşniýetli sözler we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Imperator Naruhitony “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň açylmagy bilen gutlady. Hormatly Prezidentimiz şu günki duşuşygyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmekde täze tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň iberen salamyny ýetirdi.

Imperator Naruhito ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly şahsy goşandyny belläp, mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Ýaponiýa öňdebaryjy tehnologiýalary we ösen senagaty bilen bellidir. Tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan, öz gezeginde, ýapon tehnologiýalaryny ulanmak arkaly bu baýlyklary has netijeli peýdalanmaga çalyşýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan milli ykdysadyýetiň pudaklaryny, şol sanda elektroenergetika, nebitgaz senagaty, himiýa, gurluşyk, ulag hem-de oba hojalygy pudaklaryny işjeň döwrebaplaşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, durnukly ösüşi gazanmak üçin innowasion çemeleşmeleriň we Ýaponiýa ýaly öňdebaryjy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň ýokary tehnologiýalar ulgamynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri, maglumat tehnologiýalary, ekologiýa, durnukly ösüş ýaly ugurlarda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň iki ýurt üçin hem gowy netijeleri berjekdigine ynam bildirdi. Medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ýapon medeniýeti, sungaty we däp-dessurlary Türkmenistanda hemişe uly hormat hem-de gyzyklanma döredýär. Şunuň bilen birlikde, türkmen medeniýetine-de Ýaponiýada uly gyzyklanma bildirilýär.

Imperator Naruhito bilim ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon diliniň öwredilmeginiň örän guwandyryjydygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini we ony mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklap, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşýan ägirt uly şahsy goşandy üçin Imperator Naruhito minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz hem-de Ýaponiýanyň Imperatory uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlygyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Ýaponiýa saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isibanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeldilýär. Dünýä döwletleri bilen netijeli syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly we parlamentara gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Ýaponiýa Türkmenistanyň ygtybarly strategik hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki wagtda däp bolan dostlukly gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda uly ösüşlere eýe bolýar.

...Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň edarasyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Premýer-ministr Sigeru Isiba mähirli garşylady.

Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Premýer-ministri birek-biregi mübärekläp, resmi garşylamak dabarasynyň geçirilýän ýerine barýarlar. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar. Hormat garawulynyň serkerdesi münberiň öňüne gelýär we sähelçe baş egmek bilen, Hormat garawulynyň esgerleriniň hataryny aýlanmaga çagyrýar. Döwlet Baştutanymyz we Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler we Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň Döwlet baýdaklaryny sarpalaýarlar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen, öz nobatynda, Premýer-ministr Sigeru Isiba hem Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrylýar.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşmek dabarasyndan soňra, Bilelikdäki metbugat beýanaty kabul edilýär, şeýle-de şol pursatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasynda energiýa geçişlerini amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Ähtnama yglan edildi.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany hormatly Prezidentimizi hem-de ýurdumyzyň wekiliýet agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa ilkinji saparydygyny belledi we çakylygy kabul edip, Ýaponiýa gelendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle-de Premýer-ministr Sigeru Isiba hormatly Prezidentimizi “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen gutlap, bu waka mynasybetli geçirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.

Sigeru Isiba ýapon-türkmen hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykarylyp, many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny aýdyp, Ýaponiýanyň hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de ony täze ugurlar boýunça giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Dostlukly ýurduň Premýer-ministri hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek berkidilen Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryna Ýaponiýada ýokary baha berilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz öz adyndan, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan mähirli garşylandyklary we myhmansöýerlik üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirip, Premýer-ministr Sigeru Isiba türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň Premýer-ministrini Osakada “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň dabaraly açylmagy bilen gutlady we bu serginiň innowasiýalaryň, medeniýetleri özara alyşmagyň, ählumumy derejede hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk, netijeli we dostlukly dialog ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň esasy şertidir. Döwlet Baştutanymyz ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň özara gatnaşyklary ösdürmäge uly itergi berýändigini aýdyp, şu günki duşuşygyň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga gowy mümkinçilik berjekdigini belledi we bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi.

Türkmenistan we Ýaponiýa ähli ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialog alnyp barylýar, söwda-ykdysady gatnaşyklar ösdürilýär. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär, şeýle hem parlamentara gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Munuň özi dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynda aýdyň görünýär.

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn formatda, hususan-da, «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde-de üstünlikli ösdürilýär. Bu dialog köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşi bolup durýar. Degişli formatyň çäklerinde oba hojalygy, ulag we maýa goýumlar ýaly ugurlary öz içine alýan sebit derejesindäki birnäçe ykdysady taslamalar durmuşa geçirilýär. Biz Ýaponiýa bilen «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» medeni dialogynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygymyz netijeli häsiýete eýedir diýip hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, esasy ugurlara ünsi çekdi.

Birinji ugur — syýasy-diplomatik ulgamdaky özara gatnaşyklar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň türkmen-ýapon syýasy dialogyny mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary güýçlendirmek üçin daşary syýasat edaralarynyň ugry, şeýle-de iki ýurduň halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalary boýunça özara hereketleri işjeňleşdirmegi teklip etdi.

Ikinji ugur söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekdir. Häzirki wagta çenli Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen täze ykdysady taslamalary amala aşyrmakda işjeň gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady we şolaryň hatarynda ammiak we karbamid, şeýle-de tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodlaryň gurluşyklaryny belledi.

Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy üçünji esasy ugur hökmünde görkezdi. Ýaponiýanyň ilçihanasynyň guramagynda Aşgabatda Ýapon kinosynyň günleri, Ikebananyň we ýapon aşhanasynyň tanyşdyrylyşy ýaly dürli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. 2024-nji ýylda Aşgabatda açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda ýapon ýazyjysy Ýasunari Kawabatanyň heýkeli oturdyldy. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistanda ýapon dilini öwrenmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw we orta mekdeplerinde ýapon dili öwredilýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Parlamentara gatnaşyklar hem Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini, 12-nji dekabrda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň bolsa ýylyň esasy wakasy boljakdygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Premýer-ministr Sigeru Isibany bu forumyň işine gatnaşmaga çagyrdy.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini ýene-de bir gezek belledi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri çuň manyly çykyşy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, beýan edilen teklipleriň ähmiýetini belledi hem-de şu gezekki gepleşikleriň netijeleriniň uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlygy iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Şu gün saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy Haýahsi Nobumitsu bilen hem duşuşdy.

Iri maliýe edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi. Şeýle-de Haýahsi Nobumitsu döwlet Baştutanymyzy “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen gutlap, ýurdumyzyň bu sergide öz Milli gününi ilkinjileriň biri bolup geçirmeginiň guwandyryjy waka bolandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň toplanan oňyn tejribesini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň döwlet ösüş strategiýasy ylma esaslanýan önümçilikleriň döredilmegini, öňdebaryjy we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, nou-haularyň milli ykdysadyýetiň pudaklaryna giňden ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlarda ýapon kompaniýalary bilen durmuşa geçirilen taslamalaryň ähmiýeti bellenildi.

Ýaponiýanyň iri bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň netijeliligine ünsi çekip, öz ýurdunyň işewür düzümleriniň hem-de maliýe edaralarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de netijeli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, Haýahsi Nobumitsa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tokioda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen duşuşdy. Duşuşyga iki ýurduň resmi wekiliýet agzalary hem gatnaşdylar.

Uniwersitetiň ýolbaşçysy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň şu saparynyň bilim ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de Kýosuke Nagata döwlet Baştutanymyzy “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Kýosuke Nagata bilen duşuşýandygyna şatdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge uly üns berýändigini belledi hem-de oňa Gahryman Arkadagymyzyň salamyny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda bilim ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklar ýola goýuldy. Hususan-da, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda degişli resminamalar kabul edildi. Iki döwletiň bilim ojaklarynyň arasynda hereket edýän resminamalara laýyklykda, dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Mundan başga-da, şu ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama göni wideoaragatnaşyk arkaly gol çekildi.

Kýosuke Nagata bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýadynyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan goýlandygyny we häzirki wagtda onuň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi hem-de munuň üçin döwlet Baştutanymyza we Milli Liderimize hoşallygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen gatnaşyklary geljekde-de netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge hemişe taýýardygyny aýdyp, iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek babatda edýän şahsy tagallalary üçin Sukuba uniwersitetiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Sukuba uniwersitetiniň filosofiýa ylymlarynyň hormatly doktory akademiki derejesiniň degişli diplomyny gowşurmak dabarasy boldy.

Kýosuke Nagata bilim-ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bu hormatly ady dakmak baradaky çözgüde gelnendigini aýdyp, dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyza degişli diplomy gowşurdy we Gahryman Arkadagymyzyň hem bu uniwersitetiň hormatly doktorydygyny, giň gerimli döwlet işi bilen bir hatarda, ylmy-barlag işlerine-de hemişe uly üns berýändigini buýsanç bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň filosofiýa ylymlarynyň hormatly doktory alymlyk derejesiniň berlendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu sylagyň özi üçin uly hormatdygyny we munuň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň, hususan-da, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini görkezýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Sukuba uniwersitetiniň ýolbaşçysy birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hem duşuşygy boldy. Duşuşyga ýapon tarapyndan Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň, «Mitsubishi Corporation», «Sumitomo Corporation», «Komatsu Ltd.», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «Sanko Seiko Co. Ltd.», «Muroosystems Corporation», «Tokyo Boeki Eurasia Limited», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «Sumitomo Heavy Industries Ltd.», «Tohkemy Corporation», «ITOCHU Corporation» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle işewürlik duşuşyklary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri we maýa goýum kuwwaty bilen tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin bolsa ol öz geljegi uly taslamalaryny tanyşdyrmak babatda oňat mümkinçilikdir. Däbe öwrülen şeýle forumlar milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna maýa goýumlary çekmäge, işewürligi ösdürmäge we geljegi uly taslamalaryň binýadyny goýmaga ýardam berýär. Häzirki wagtda iri ýapon kompaniýalary Türkmenistanda netijeli iş alyp barýarlar. Olar köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda giň gerimli taslamalary durmuşa geçirip, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdiler. Şunda gaz we nebithimiýa, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy, öňdebaryjy tehnologiýalar ýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar.

Işewürler duşuşmaga wagt tapandygy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, bu duşuşygyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin möhüm itergi boljakdygyny bellediler. Şeýle-de olar döwlet Baştutanymyzy Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory alymlyk derejesine mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, munuň hormatly Prezidentimiziň syýasy we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek babatda uly şahsy goşandynyň ykrarnamasy bolmak bilen birlikde, akademiki hyzmatdaşlygyň hem nyşanydygyny nygtadylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berildi. Döwlet Baştutanymyz duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu duşuşygy gurandyklary üçin ýapon işewürlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ynanyşmak we özara bähbitlilik esasynda alnyp barylýandygyny, geçen ýyllaryň dowamynda ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýadyň döredilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary, ykdysady we ekologiýa strategiýasyny ösdürmekde ýurdumyz üçin görelde bolup durýandygyny, ylymda, senagatda gazanan üstünlikleriniň, dolandyryş ulgamynda toplan özboluşly tejribesiniň Türkmenistan üçin örän möhümdigini aýtdy.

Biz innowasion senagaty kämilleşdirmäge, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmaga uly üns berýäris. Şeýle hem energetikany diwersifikasiýalaşdyrmaga, milli we halkara ulag arabaglanyşygyny ösdürmäge aýratyn orun degişlidir. Ýapon işewürleriniň bu ugurlaryň ählisine gatnaşmagy üçin amatly şertleriň bardygyny bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň ykdysadyýetine uzak möhletli maýa goýumlary goýmak üçin örän gowy mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy hem-de ýurdumyzdaky syýasy durnuklylygy, durnukly ykdysady ösüşi, baý serişde binýadyny, düzümleýin özgertmeleri, innowasion ösüşe döwlet goldawyny, amatly maýa goýum ýagdaýyny munuň üçin amatly şertleriň hatarynda belledi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda käbir sanlary we maglumatlary getirdi.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6 göterimden gowrak derejede durnukly saklanýar. Golaýda Halkara pul gaznasy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösýändigini tassyklady. Ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 6,3 — 8,3 göterim bolmagyna garaşylýar. Bu bolsa Türkmenistanyň şu görkeziji boýunça diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde hem öňdebaryjy orunlarda boljakdygyna şaýatlyk edýär. Milli ykdysadyýetimiz, esasan, döwlet we hususy maýa goýumlaryň hasabyna ösýär. Her ýyl bu ulgama goýulýan maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 40 göteriminden hem geçýär. Şonuň 15 göterimi bolsa daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýyna düşýär. Ýurduň senagat-innowasion ösüşi maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 65 göteriminden gowragynyň önümçilik pudagyna gönükdirilmegi arkaly üpjün edilýär. Munuň özi ykdysady düzümlerimizi özgertmäge, önümçilik pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Maliýe-bank ulgamy hem yzygiderli ösdürilýär. Biz daşary ykdysady işde yzygiderli we üýtgewsiz açyk syýasaty ýöredýäris. Halkara işewürleriň Türkmenistanda iri taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagy üçin amatly şertleri döredýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we şunda ýapon işewürleri bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, täze taslamalary durmuşa geçirmegiň maksadalaýyk hasaplanýandygyny aýtdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 44 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan geçýär. Şeýle hem bahasy 256 million ýewro we 190 milliard iýene golaý bolan taslamalar durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp baran üstünlikli işine ýokary baha berip, munuň üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, «Itochu Corporation», «Kawasaki Heavy Industries», «Mitsubishi Corporation», «Sojitz Corporation», «Toyo Engineering», «Mitsui», «Sumitomo Corporation» we beýleki korporasiýalaryň türkmen ykdysadyýetiniň ösüşine goşýan uly goşandy bellenildi.

Soňky ýyllarda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda iri senagat desgalary işe girizildi. Şolardan Garabogazdaky ammiak we karbamid öndürýän gazhimiýa toplumyny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody we Çärjew etrabyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasyny görkezmek bolar. «Komatsu» ýer gazyjy tehnikalarynyň, «Toyota» kysymly awtoulaglaryň ýurdumyza getirilýändigini bellemek isleýärin. Bu işlere Ýaponiýanyň Hökümet edaralarynyň, Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) hem-de Eksporty we maýa goýumlary ätiýaçlandyryş ýapon agentliginiň (NEXI) ýardam berendigini aýtmak gerek diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we Türkmenistanyň uzak möhletli maýa goýumlary goýmak hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin ýapon işewürlerine ähli şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz energetika, ulag we logistika pudaklaryny ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, ýokary tehnologiýaly we ekologik taýdan arassa önümçilikleriň, suw serişdeleri ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň we hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm ähmiýetini nygtady.

Uzak möhletli geljegi göz öňünde tutup, ýapon işewür toparlary bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin birnäçe anyk teklibimizi beýan etmek isleýärin. Birinjiden, Türkmenistanyň bazarynda ýapon tehnologiýalaryny we önümlerini, aýratyn-da, olary maşyn gurluşygy, elektronika, himiýa senagaty ýaly pudaklarda ornaşdyrmaga taýýardyrys. Ikinjiden, biziň ýurdumyz suw tygşytlaýjy we arassalaýjy, galyndylary gaýtadan işlemek, “ýaşyl” hem-de wodorod energetikasy boýunça ösen ýapon tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär. Üçünjiden, Türkmenistanda kiçi we orta ýapon kärhanalarynyň işewürligi ýöretmek, Ýaponiýada türkmen kärhanalarynyň iş alyp barmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň bu teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny, ykdysady hem-de işewürlik hyzmatdaşlygyny ynamly meýilleşdirmek üçin ýurdumyzda ähli şertleriň bardygyny aýtdy.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz ýapon işewürlerini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek halkara foruma hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine, ýapon işewürleriniň geljekde-de ýurdumyzdaky uly taslamalara giňden gatnaşjakdyklaryna ynam bildirip, şu duşuşygy gurandygy üçin ýapon tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de duşuşyga gatnaşyjylara netijeli hyzmatdaşlygy arzuw etdi.

Işewürler hormatly Prezidentimizi Ýaponiýa ilkinji sapary bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de wagt tapyp şu duşuşyga gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdiler. Şeýle-de olar “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşýan 160-a golaý döwletiň arasynda Türkmenistanyň ilkinji bolup Milli gününi üstünlikli geçirmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyza gutlaglaryny beýan etdiler. Ýapon işewürleri “EKSPO” sergisi geçiriljek şäheriň saýlanan döwründe Türkmenistanyň Osaka şäheriniň dalaşgärligini ilkinjileriň hatarynda goldandygy, soňra ilkinji bolup milli pawilýonyny gurmak barada haýyşnama berendigi üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

Bellenilişi ýaly, Ýaponiýada Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda daşary syýasatda ýeten sepgitlerine uly hormat goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan syýasatda, ykdysadyýetde we durmuş ulgamynda uly ösüşleri gazandy. Işewür toparlaryň wekilleri ýurdumyzda häzirki wagtda senagat ulgamyny ösdürmäge, infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga, sirkulýar ykdysadyýete geçmäge we galyndylary gaýtadan işlemäge uly üns berilýändigini, munuň bolsa Türkmenistanda daşky gurşawy goramak meselesine jogapkärçilikli çemeleşmäniň aýdyň güwäsi bolup durýandygyny bellediler we ýapon kompaniýalarynyň bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek babatda täze başlangyçlarydyr teklipleri öňe sürjekdiklerine ynam bildirdiler.

Ýapon tarapynyň wekilleri diňe bir öz tehnikalaryny we öňdebaryjy çözgütlerini eksport etmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň importyny ösdürmäge hem gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar. Olar ugurlaryň giň gerimi boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda netijeli iş alyp barmagy babatda döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdiler. Işewürler döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolandygyna berk ynam bildirip, ýapon kompaniýalarynyň iki ýurduň arasyndaky işewürligi ösdürmek üçin mundan beýläk-de tagalla etjekdiklerine ynandyrdylar we şunda türkmen tarapynyň goldawlaryna bil baglaýandyklaryny aýtdylar.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «ITOCHU Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Gap Inşaat Yatirim ve Diş Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Gyýanly obasynda kuwwatlylygy ýylda 1,155 müň tonna karbamid önümçilik zawodynyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Toyo Engineering Corporation» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanda Gyýanlydaky polimer zawodyny düýpli abatlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň arasynda 09.05.2024 senedäki (03.06.2024 senedäki HZM-740101) 02/24 belgili Çarçuwaly şertnama 2 belgili Goşmaça ylalaşyk; Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda açyk dolanyşykdaky elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyk işine geçirmek taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk; Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Ýaponiýanyň «Muroosystems Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen «Sumitomo Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen «Tokio Boeki Euroasia Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň «Tohkemy Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň «Kubota» korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Çuo uniwersitetiniň Gözleg we ösüş başlangyjynyň arasynda parnik gazlarynyň milli sanawyny kämilleşdirmek we Pariž ylalaşygyna laýyklykda hasabat bermek boýunça mümkinçiligini ýokarlandyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen “Nippon” eksport we maýa goýumy ätiýaçlandyryş agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama bar. Şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen «Nippon» gaznasynyň we «JACAFA» gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen «Nippon» gaznasynyň we «JACAFA» gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen «Nippon» gaznasynyň we «JACAFA» gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şeýlelikde, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti, gazanylan täze ylalaşyklar hem-de beýan edilen teklipleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berer.

Ýaponiýa saparynyň maksatnamasyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tokionyň Haneda Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.

***

Hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýet agzalarynyň bu dostlukly ýurduň döwlet we hususy, şol sanda bank düzümleriniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy. Duşuşyklarda degişli ugurlarda özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

15.04.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.

Endo Toşiaki döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Ýaponiýa ilkinji sapary bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şu gezekki saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigini belledi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň öz Milli gününi Bütindünýä sergisinde ilkinjileriň biri bolup geçirmeginiň guwandyryjy wakadygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, parlamentara dostluk toparynyň başlygyna Milli Liderimiziň salamyny ýetirdi we ony “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň dabaraly açylmagy bilen gutlap, serginiň işiniň üstünlikli dowam etmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýär. Häzirki wagtda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup, häzirki wagtda ol ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara ynamy, düşünişmegi berkitmegiň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz parlamentara gatnaşyklary berkitmekde Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň alyp barýan işini aýratyn belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmek ugrunda edýän tagallalary üçin Endo Toşiakä minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ilerletmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge hemişe taýýardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda netijeli işleýändiklerini, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşýandyklaryny, iri ýapon kompaniýalarynyň, maliýe institutlarynyň gatnaşmagynda nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigini we şeýle hyzmatdaşlygyň häzir hem üstünlikli dowam etdirilýändigini belledi.

Endo Toşiaki iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan uly şahsy goşantlary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

14.04.2025
1 ... 19 20 21 22 23 ... 74