Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-fransuz ykdysady forumyndaky çykyşy

Hormatly foruma gatnaşyjylar!
Hormatly hanymlar we jenaplar!

Şu duşuşygy geçirýändigimize örän şatdyryn. Meniň forumdaky çykyşym üç ugurdan ybarat bolar: birinjisi, Türkmenistanyň häzirki geosyýasy ýagdaýy, ikinjisi geoykdysady ýagdaýy, üçünjisi bolsa bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bilen bagly meseledir.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurtdur. Şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny üçünji gezek ykrar etmek hakynda Kararnamany kabul etdi. Munuň özi guwandyryjy wakadyr. Döwletimiz bu hukuk ýagdaýyna esaslanyp, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda giň halkara hyzmatdaşlyk we “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Dünýä ýurtlary, şol sanda Fransiýa hem ony goldady. Şunuň bilen baglylykda, sizi şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ýurdumyzda halkara derejede geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrýaryn.

Geosyýasy ýagdaý barada aýdylanda, Türkmenistanyň Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan bilen bir hatarda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň biridigini bellemek gerek. Eýran we Owganystan biziň sebitdäki goňşularymyzdyr. Türkmenistan goňşy ýurtlar bilen asyrlaryň dowamynda kemala gelen dost-doganlygyň ygtybarly hem berk binýadyna esaslanýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklap gelýär. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky haryt dolanyşygy oňyn häsiýete eýedir. Ýeri gelende, siziň ýurduňyzyň geçen döwürlerde Eýranda gurup beren senagat kärhanalarynyň netijeli işi, mysal üçin, “Peugeot” ulagy barada aýratyn nygtap bilerin.

Ýakyn goňşymyz Owganystan barada aýdylanda, bu ýurt Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklap gelýär. Şeýle hem sebitdäki beýleki döwletler bilen durnukly, deňhukukly gatnaşyklar ýola goýuldy. Biz mundan beýläk-de Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatymyzy dowam etdireris. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda duşuşygyň geçirilendigini hem bellemek isleýärin. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilip, Türkmenistan Ýewropa ýurtlary bilen birnäçe ylalaşyklary gazandy.

Halkara pul gaznasynyň seljermelerine laýyklykda, Türkmenistan ykdysady taýdan ösýän döwletleriň hataryna girýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine maýa goýmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalar üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny dörederis. Häzirki wagtda Türkmenistanda maýa goýumlaryň ygtybarlylygyny kepillendirýän, umumy ykrar edilen halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda berk kadalaşdyryjy hukuk binýady döredildi hem-de ol netijeli hereket edýär. Nebitgaz, gazhimiýa pudagyny, oba hojalygyny, gurluşyk ulgamyny ösdürmek babatda iki sany döwlet maksatnamasy — ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli döwür üçin senagatlaşdyrmak hem-de Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli Milli maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda iri we öňdebaryjy daşary ýurt işewürleri, şol sanda Fransiýanyň kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda “Cifal”, “Buig”, “Vinci”, “Schneider Electric” kompaniýalaryny we beýleki işewürlik düzümlerini görkezmek bolar. Olar ýurdumyzda amala aşyrylýan iri maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Bilelikdäki işleriň dowamynda toplanan tejribe hem-de onuň netijeleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegine ynamly garamaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan fransuz işewürlerine maýa goýumlary goýmak, özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli amatly şertleri döretmegi teklip etmäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, bäş ugur boýunça hyzmatdaşlyk meselesine ünsi çekmek isleýärin.

Birinjiden, fransuz önümlerini we hyzmatlaryny Türkmenistanyň bazarynda mundan beýläk-de öňe sürmäge taýýardyrys. Aýratyn-da, olary nebitgaz pudagy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary, ulag, kadastr, suw serişdeleri, himiýa senagaty, derman serişdeleri we beýleki ugurlarda öňe sürmäge taýýardyrys.

Ikinjiden, Türkmenistan şäherleri ösdürmek, metan zyňyndylaryna monitoring, geologiýa gözleg-barlag işleri, nebitgaz enjamlary bilen üpjün etmek, «ýaşyl» we wodorod energetikasy ulgamlarynda öňdebaryjy fransuz tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýär. Bu soraglar Energetika babatda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-fransuz iş toparynyň gün tertibine goşulyp bilner. Iş toparynyň nobatdaky mejlisini şu ýyl geçirmegi teklip edýäris. Şeýle hem 2024-nji ýylda Parižde guralan energetika forumy ýaly halkara çäreleri geçirmegiň tejribesini dowam etdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys.

Üçünjiden, kiçi we orta fransuz kärhanalaryny biziň ýurdumyzda işewürligi alyp barmaga çekmek mümkinçiligini öwrenmek zerur bolup durýar.

Dördünjiden, Fransiýanyň syýahatçylyk pudagynda dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýändigini we Türkmenistanyň uly syýahatçylyk mümkinçilikleriniň bardygyny göz öňünde tutup, bu geljegi uly ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmalydyrys.

Bäşinjiden, biz görkezilen ugurlaryň ählisi boýunça öz hünärmenlerimizi taýýarlamakda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýäris. Biz ýokarda beýan edilen we beýleki teklipleri iş ýüzünde ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys. Türkmenistanyň işewürleriniň hem şu günki duşuşyga gatnaşmagy munuň aýdyň mysalydyr. Ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiýasyny ulgamlaýyn meýilnamalaşdyrmak üçin bizde ähli şertleriň bardygyna ynanýaryn.

Sözümiň ahyrynda şu duşuşygy gurandyklary üçin fransiýaly dostlarymyza ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin we oňa gatnaşyjylara netijeli hyzmatdaşlyk etmegi arzuw edýärin.

06.05.2025

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, gallaçy daýhanlar tarapyndan bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlara gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Sebitde pile möwsümini guramaçylykly geçirmek we bu ugurda bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Häkim, ilki bilen, Balkanabat Halkara howa menzilini açyp berendigi üçin hormatly Prezidentimize welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Soňra ol welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlara gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlara bolsa hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda möwsümleýin ideg işleri geçirilýär. Sebitde pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, ekinlerden bol hasyl almak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden hem netijeli peýdalanmaga ýardam edýändigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada-da tabşyryklary berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlara ideg etmek, suw tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda şaly ekişine girişilip, möwsümi guramaçylykly geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwy tutulýar. Gowaça ekilen meýdanlarda pagtaçy babadaýhanlar tarapyndan gögeriş suwuny tutmak, endigan gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Welaýatda ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak we döwlet harmanyna tabşyrmak işlerine girişildi. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň, bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi we degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwy tutulýar. Bugdaý oragyna guramaçylykly girişmek maksady bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary we beýleki tehnikalary möwsüme taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Kadaly gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar. Şeýle hem pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, pile öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmeginiň geljekde oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagyň esasy şerti bolup durýandygyny belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Bugdaý oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary, beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýazlyk ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edýär. Pile möwsüminiň çäklerinde welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Diýarymyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň öňüni almak maksady bilen, ýangyna garşy gorag zolaklaryny döretmek boýunça arassaçylyk hem-de sürüm işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, pudagy toplumlaýyn ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi hem-de ýekelemek, otag etmek işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, gowaça ideg etmekde oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde peýdalanmak üçin zerur çäreleri görmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlara talabalaýyk ideg edilmeginiň, Daşoguz welaýatynda şaly ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmeginiň, welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, pile taýýarlamak boýunça netijeli işleriň alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini gazanmak, tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri berk gözegçilikde saklamagy, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

05.05.2025

Gahryman Arkadagymyz Fransiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Fransiýa Respublikasyna ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Ýewropa ýurtlary, şol sanda Fransiýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Iki ýurduň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we düşünişmek esasynda alnyp barylýar.

Syýasy-diplomatik ulgamda hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler yzygiderli geçirilýär.

Birnäçe sagatdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary Parižiň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Orly” Halkara howa menziline gelip gondy.

Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Fransiýa Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Fransiýanyň resmi wekili bilen söhbetdeş boldy.

Dostlukly ýurduň wekili belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Fransiýanyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza şu gezekki saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Fransiýa bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny, dürli ulgamlarda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Nygtalyşy ýaly, bu sapar Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berer hem-de türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açar.

05.05.2025

Hormatly Prezidentimiz Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ulag ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi Ýewropanyň we Aziýanyň söwda-ulag ýollarynyň wajyp çatrygynda ýerleşýän Türkmenistana üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi bu ulgamda tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasy bu ulgamda innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütleri, dünýäniň iň gowy tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawlary netijesinde paýtagtymyzda we welaýatlarda häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap howa menzilleri gurlup ulanmaga berilýär, öňdebaryjy öndürijileriň täze awiatehnikalarynyň satyn alynmagynyň hasabyna milli howa flotumyzyň üsti ýetirilýär we yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ulag-kommunikasiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglaryny ösdürmek, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça uzak möhletleýin strategiýa durmuşa geçirilip, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasy ilerledilýär. Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, pudagyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamada giň gerimli strategik maksatlara ýetmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň bar bolan kuwwatyndan netijeli peýdalanmak arkaly bitewi multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek hem Maksatnamanyň esasy wezipeleriniň biridir.

Türkmenistan gysga taryhy döwürde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze ugurlaryny işläp taýýarlamak babatda gymmatly tejribe toplady. Dünýä ykdysadyýetiniň ählumumylaşmagy bilen baglylykda, ýurdumyz ulag-logistika ýaly geljegi uly ugurda BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen Kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. Bu resminamalar Diýarymyzda ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň halkara derejede goldanylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin toplumlaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasyny işjeňleşdirmegi teklip edýär. Şunda ileri tutulýan iki strategik ugry amala aşyrmaga, ýagny energetika özgertmelerine we ulag arabaglanyşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda-da bu barada bellenilýär.

...Irden hormatly Prezidentimiziň awtoulagy dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Täze howa menziliniň çäginde uly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň joşgunly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary mübärekläp, ýörite taýýarlanylan münbere barýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara hem-de watandaşlarymyza ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününiň taryhy wakalara, zähmet üstünliklerine beslenýändigini belledi. Ynha, şu gün hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we hemmeleri bu döwrebap desganyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, berkarar Watanymyzda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna gönükdirilen tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň ulgamlaryny, şol sanda ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzda ulag ulgamynyň möhüm bölegi bolan raýat awiasiýasyny ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Täze uçarlar yzygiderli satyn alynýar. Bu ugurda halkara derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Howa menzillerinde döwrebap şertler döredilýär. Gadymy Balkan topragynda şu gün açylyp ulanmaga berilýän döwrebap Balkanabat Halkara howa menzili hem bu ugurda alyp barýan işlerimiziň aýdyň mysalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we täze howa menziliniň howa ulaglary arkaly ýolagçy gatnatmagy, ýük daşamagy ýokary derejede amala aşyrmagy üpjün etjekdigini, sebitde häzirki zaman üstaşyr ulag üpjünçilik ulgamyny döretmegiň örän möhüm bölegi boljakdygyny nygtady.

Taryhda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýoly halklaryň arasyndaky dost-doganlyk, şeýle-de söwda gatnaşyklaryny berkitmekde wajyp wezipäni ýerine ýetiripdir. Häzirki döwürde Bitarap Watanymyz täze ulag üpjünçilik desgalaryny gurup, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap howa menzilleri, demir we awtomobil ýollary giň gerim bilen gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi hem-de täze Halkara howa menziliniň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini has-da giňeltjekdigine, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döretjekdigine berk ynam bildirdi.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň ählisini we mähriban halkymyzy Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Dabaraly pursat ýetip gelýär: şowhunly el çarpyşmalar astynda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesýär we Balkanabat Halkara howa menzili açylýar. Soňra hormatly Prezidentimiz ýolagçy terminalyna barýar.

Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýaş nesliň wekilleri joşgunly çykyşlary bilen garşyladylar. Soňra döwlet Baştutanymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýolagçy terminalynyň ugradyş zalynyň ýolagçylary we goşlary hasaba alyş bekedine barýar. Bu ýerde Halkara howa menziliniň ýolagçylara hyzmat ediş gullugynyň işgäri Balkanabat Halkara howa menzilini gurduryp berendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza “Türkmenhowaýollary” agentliginiň işgärleriniň adyndan hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza bellige alyş talonyny gowşurýar. Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşýar.

Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen howa menziliniň ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, tutýan meýdany 5 müň 203 inedördül metre deňdir. Binada ýolagçylar üçin garaşylýan zallar, petek satylýan kassalar, lukmançylyk, gümrük we migrasiýa hasaba alyş otaglary, internet kafe, sowgatlyk dükan, garbanyşhana, tehniki otaglar we beýlekiler bar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz terminalyň halkara gatnawlaryň ýolagçylarynyň uçuşa garaşylýan zolagyna gelip, bu ýerde gümrük, migrasiýa, serhetden geçiş nokatlaryndan geçip, degişli zolaga barýar. Şeýle-de howa menziliniň çäginde barlag-geçiriş nokatlary, ýangyn howpsuzlygy we halas ediş gullugynyň binasy, ýöriteleşdirilen ulaglar, aerodrom gulluklarynyň, uçarlaryň ýerüsti hem-de tehniki gullugynyň binasy, üsti ýapyk awtoduralga, ýük terminaly, myhmanhana, birnäçe tehniki binalar we beýlekiler bar. Bu ýerde emeli uçuş-gonuş zolagy, öwrüm ýoly, 6 sany howa gämisi, 4 sany dikuçar üçin niýetlenen uçar duralga meýdançasy, dolandyryş diňi göz öňünde tutulypdyr. Dolandyryş diňiniň beýikligi 44,05 metre, umumy meýdany 410,92 inedördül metre deň bolup, onuň daşky görnüşinde özboluşly bezeg we inženerçilik-tehniki çözgütler öz beýanyny tapýar.

Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutanymyz halkara guramalaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlaryny diňledi.

Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) Ýewropa we Demirgazyk Atlantika sebiti boýunça direktory Nikolas Rallo sanly ulgam arkaly çykyş edip, hormatly Prezidentimizi Balkanabat Halkara howa menziliniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. N.Rallo halkara awiasiýada strategik ähmiýeti bolan bu möhüm desganyň açylyşyna sanly ulgam arkaly gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, howa menziliniň ulanmaga berilmeginiň ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Şeýle-de ol çykyşynyň dowamynda 2016-njy ýylda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda üstünlikli geçirilen durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatyň ähmiýetine ünsi çekdi. Bu şanly waka ulag ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlykda döwrebap çemeleşmeleriň binýadyny goýdy diýip, ICAO-nyň sebitleýin direktory belledi we raýat awiasiýasy ulgamyndaky konwensiýalar boýunça öz halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygy, uçuşlaryň ýokary howpsuzlyk derejesini üpjün edýän dünýä standartlaryny berjaý edýändigi üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi.

Çykyşynyň ahyrynda Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň Ýewropa we Demirgazyk Atlantika sebiti boýunça direktory Nikolas Rallo ICAO-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny belläp, türkmen halkyna mundan beýläk-de üstünlik we abadançylyk arzuw etdi.

Soňra täze Balkanabat Halkara howa menziliniň Halkara raýat awiasiýasy guramasy tarapyndan resmi bellige alnandygy baradaky güwänama gowşuryldy.

Soňra Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasynyň (IATA) direktorynyň infrastruktura boýunça orunbasary Dmitriý Kosolapowa söz berildi. Ol Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasynda çykyş etmegiň özi üçin hormatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan baý taryhy hem-de ulag-logistika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleri bolan ýurtdur. Bu günki dabara Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. Balkanabat Halkara howa menzili diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, dünýäniň hem awiasiýa ulgamynyň möhüm halkasy bolar. Bu döwrebap infrastruktura taslamasy iň ýokary halkara howpsuzlyk we hil standartlaryna laýyk gelip, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

D.Kosolapow howpsuz we netijeli howa gatnawlarynyň ýörelgelerine ygrarlydygy üçin ýurdumyzyň Hökümetine hoşallyk bildirip, Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasynyň ykdysady ösüşe, raýatlarynyň abadançylygyna maýa goýumlary gönükdirýän döwlet bilen hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny belledi. Çykyşynyň ahyrynda ol Balkanabat Halkara howa menziliniň üstünlikli işlemegini arzuw edip, täze howa menziliniň IATA-nyň talaplaryna laýyklygy boýunça degişli resminamanyň resmileşdirilendigi baradaky güwänamany gowşurdy.

Çykyş etmek üçin Mýunhen Halkara howa menziliniň howpsuzlyk we durnukly ösüş bölüminiň başlygy Denis Astahowa söz berilýär. Ol hormatly Prezidentimizi hem-de dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallygyny bildirdi. Nygtalyşy ýaly, täze howa menziliniň açylmagy hemişe strategik ähmiýetli wakadyr. Munuň özi açyklygyň, durnukly ösüşiň we röwşen geljegiň nyşanydyr. Şu günki dabara Türkmenistanyň ulag infrastrukturasyny ösdürmekde, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm tapgyr bolup durýar.

D.Astahow Mýunhen Halkara howa menziliniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklap, Balkanabat Halkara howa menziliniň türkmen halky üçin buýsanç çeşmesi boljakdygyna, sebitiň durnukly ösüşine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Çykyşynyň ahyrynda Denis Astahow täze desga üstünlikli işe başlamagy, Türkmenistana bolsa mundan beýläk-de durnukly ösüş we abadançylyk arzuw edip, Balkanabat Halkara howa menziliniň halkara standartlara laýyklykda gurlandygy baradaky güwänamany gowşurdy.

Soňra «Al-Hatmi Consulting» kompaniýasynyň Baş direktory — taslama boýunça dolandyryjysy Mhoma Abdulhamid Mohammed Alä söz berildi. Ol hormatly Prezidentimizi hem-de dabara gatnaşyjylary bu şanly waka bilen gutlap, Türkmenistanyň awiasiýa infrastrukturasyny ösdürmekde täze sahypanyň başyny başlaýan Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasynda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Mhoma Abdulhamid Mohammed Ali ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň bu möhüm taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşandygyna buýsanýandygyny belläp, howa menziliniň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine, baý taryhyny, medeniýetini dünýä tanatmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. «Al-Hatmi Consulting» kompaniýasynyň wekili bu taslamany amala aşyrmakda bildirilen uly ynam üçin ýurdumyzyň Hökümetine hoşallygyny beýan edip, Balkanabat Halkara howa menziliniň Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň we myhmansöýerliginiň nyşany boljakdygyny aýtdy hem-de howa menziliniň gurluşygynyň dünýäde bildirilýän talaplara laýykdygy baradaky güwänamany gowşurdy.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň çykyşlary tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň we daşary ýurt awiakompaniýalarynyň howa gämileriniň Halkara howa menziline gonuş pursatlaryna syn etdiler.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda bu ýerde Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň gurluş aýratynlyklary bilen tanşypdy. Uçuş-gonuş zolagy ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede gurlupdyr. Tanyşlygyň dowamynda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynda uçaryň synag gonuşy amala aşyrylypdy. Synag gonuşy menziliň uçuş-gonuş zolagynyň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Türkmenistanyň awiasiýa parkynyň üsti “Boeing”, “Airbus” kompaniýalarynyň döwrebap uçarlary bilen yzygiderli ýetirilýär. Munuň özi milli awiakompaniýamyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýük daşamalaryň we ýolagçy gatnawlarynyň gerimini giňeltmäge amatly şertleri döredýär. Milli awiakompaniýamyzyň howpsuzlyk babatda Aziýada öňdäki orunlaryň birini eýeländigi hasaba alnanda, onuň sebit daşamalarynda öňdäki hatarlara çykmaga ähli mümkinçilikleri bar.

Howa menziline ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyrylypdyr. Toplumyň düzüminde menzile ýanaşyk meýdança, ýolagçylar üçin niýetlenen awtoulag duralgalary hem bar. Täze howa menziliniň taslamasy bu ulgamda täzeçil tehnologiýalardyr öňdebaryjy gazanylanlar göz öňünde tutulyp ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

02.05.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi

Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan ugur alyp, adam hukuklaryny we azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, saýlaw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ylmy-intellektual eýeçilik, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.

Ýurdumyzda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dünýä ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy. Hususan-da, häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnamasyna laýyklykda, şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek maslahatyň çäklerinde guraljak parlamentara foruma taýýarlyk görülýär. Şunda bu forumyň parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge, dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty esasynda gazanan oňyn tejribesini, halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan berkitmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendigi bellenildi. Forumyň many-mazmunyny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek maksady bilen, Mejlisde guramaçylyk iş topary döredildi. Şeýle hem deputatlar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, türkmen Bitaraplygynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ähmiýetini, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde parlamentara forumy geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak halkara maslahata we parlamentara foruma gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylyk işlerine işjeň gatnaşmagyň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar: durnukly ösüş arkaly parahatçylyk we ynanyşmak” atly BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara maslahatlary, duşuşyklary, döwlet çärelerini guramaçylykly geçirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu forumy ýokary derejede geçirmek hem-de myhmanlary garşylamak bilen baglanyşykly meseleler barada aýdyldy. Şeýle-de wise-premýer «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ykdysadyýet, maliýe we bank toplumyna degişli myhmanhanalary we kottejler toplumyny tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlamak babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny guramaçylykly geçirmek boýunça ykdysadyýet, maliýe we bank toplumy tarapyndan hem gowy taýýarlyk görmegi, bu halkara çäräni geçirmek bilen bagly maliýe soraglaryna aýratyn üns bermegi, Awazadaky ykdysadyýet, maliýe we bank toplumyna degişli myhmanhanalarda taýýarlyk işlerini alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýangyç-energetika toplumy tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky ýörite gurnama dolandyryş edarasy tarapyndan halkara maslahatyň esasy we ugurdaş çäreleriniň geçiriljek ýeri bolan “Awaza” sport toplumynda gurluşyk, abatlaýyş we abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, çäreleriň çäklerinde myhmanlara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek üçin syýahatçylyk zolagyndaky nebitgaz toplumyna degişli myhmanhanalarda, kottejler toplumynda tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, «Awaza» sport toplumynda gurluşyk, abatlaýyş, abadanlaşdyrmak işleriniň alnyp barylýandygyny, bu işlere berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda nebitgaz toplumyna degişli myhmanhanalarda taýýarlyk işlerini alyp barmagy hem tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumy tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek maksady bilen, oba hojalyk pudagy tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde taýýarlyk işleri alnyp barylýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bag nahallaryna, gök zolaklarda ideg işleri geçirilýär.

Şeýle-de wise-premýer Balkan welaýatynda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar. Bugdaý, ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek möwsüminiň çäklerinde welaýatyň pileçi kärendeçileri tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek boýunça oba hojalyk pudagy tarapyndan hem degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylmagynyň zerurdygyny nygtady. Bu ýerde ähli ekilen bag nahallaryna ideg etmek işlerine gözegçilik etmek, oba hojalyk toplumyna degişli myhmanhanalarda, binalarda we desgalarda taýýarlyk işlerini alyp barmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow halkara maslahata görülýän taýýarlyk, 2025-nji ýylda Balkan welaýatynda gurlup ulanmaga beriljek binalarda we desgalarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan degişli işler ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýol-ulag düzümlerinde abadanlaşdyryş, ýol belgilerini, yşyklandyryjylary täzelemek işleri dowam edýär. Topluma degişli myhmanhanalarda myhmanlaryň medeniýetli dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen zerur çäreler görülýär.

Wise-premýer Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň degişli desgalarynda, Esenguly etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgada gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň we oňa eltýän ýoluň, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň golaýynda döwrebap obanyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Häzirki wagtda Gyzylarbat etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly elektrik stansiýasynda gurluşyk işleri tamamlandy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynyň hem gowy taýýarlyk görmelidigini belledi. Türkmenbaşy şäherinde, Awaza etrabynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda awtomobil ýollarynyň ugrunda oturdylan ýol belgilerini, ýol yşyklaryny, ýol hereketini sazlaýjy yşyklary, gorag germewlerini, asfalt örtügini abatlamak işlerine gözegçilik etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere gurluşyk-senagat toplumyna degişli myhmanhanalarda taýýarlyk işlerini alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew söwda toplumynyň düzümleri tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Dokma senagaty ministrligi tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahata gatnaşyjylar üçin ýokary hilli hyzmatlary guramak bilen bagly degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Myhmanhanalardaky dükanlary dürli görnüşli sowgatlyk harytlar bilen üpjün etmek, ähli söwda nokatlarynda harytlaryň bolçulygyny döretmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde topluma degişli myhmanhanalaryň, kottejler toplumlarynyň daş-töweregindäki gök zolaklarda, baglarda abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede geçirmek üçin söwda toplumynyň hem gowy taýýarlyk görmelidigini belläp, wise-premýere halkara foruma gatnaşyjylara hem-de myhmanlara hödürlenilýän iýmit we söwda hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegi, söwda toplumyna degişli myhmanhanalarda, desgalarda taýýarlyk işlerini alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamy tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda halkara maslahaty we onuň bilen bagly beýleki ugurdaş çäreleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek boýunça degişli guramaçylyk işleri geçirilýär. Esasy çäreleriň geçiriljek ýerlerinde dürli sergileri, beýleki medeni çäreleri guramak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem wise-premýer Balkan welaýatynda geçiriljek medeni çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 31-nji maýda dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň, 26-njy iýulda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyrlaryny, 2 — 7-nji iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara maslahaty we onuň bilen bagly ugurdaş çäreleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz metbugat wekillerine işlemek üçin gowy şertleri döretmegi, maslahatyň geçýän döwründe meýilleşdirilen medeni çärelere-de gowy taýýarlyk görmegi, medeniýet toplumyna degişli myhmanhanalarda taýýarlyk işlerini talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamy tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, halkara foruma gatnaşyjylary myhmansöýerligiň asylly däplerine laýyklykda garşy almak we çäreleri ýokary derejede geçirmäge ýardam bermek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini bilýän talyplardan meýletinçiler taýýarlanylýar. Maslahat döwründe esasy çäräniň geçirilýän binasynda lukmançylyk bölümlerini döretmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, Awazadaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerini, şypahanalary tomus möwsümine taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde merkezlerde dürli çäreleri, şol sanda gezelençleri, oýunlary, bäsleşikleri, döredijilik işgärleri bilen duşuşyklary, göçme sergileri we beýlekileri geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara maslahaty guramaçylykly geçirmek boýunça ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar toplumynyň hem gowy taýýarlyk görmelidigini, halkara foruma, onuň bilen bagly ugurdaşlykda guraljak çärelere ýurdumyzyň ýaşlarynyň hem işjeň çekilmelidigini belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz syýahatçylyk zolagyndaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, şypahanalarda alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda ýurdumyzda möhüm iri halkara çäreler geçirilýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny (LLDC3) görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnama kabul edildi. Bu resminamada Baş Assambleýa Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýurdumyzda geçirmek baradaky hoşniýetli teklibini beýan etdi. Maslahaty Awazada has ýokary derejede, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlarynyň derejesinde “Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek” atly mowzuk boýunça geçirmek karar edilýär.

Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara maslahatyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. Foruma hem-de onuň dowamynda geçiriljek ugurdaş çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, 47 sany kiçi ada döwletleriniň, 49 sany az ösen ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň medeni çäreleriniň geçirilmegi boýunça degişli işler alnyp barylýar. Halkara maslahatyň Türkmenistanda guralýandygy bilen baglylykda, şol döwürde Merkezi Aziýanyň her bir ýurdunyň Awazada öz milli gününi geçirip, özboluşly medeniýetini, sungatyny, milli tagamlaryny görkezmegi göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu wekilçilikli halkara forumy ýokary derejede, talabalaýyk geçirmek boýunça BMG-niň Sekretariaty bilen bilelikde degişli taýýarlyk işlerini alyp barýar. Çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen protokol üpjünçiligi, ulag-aragatnaşyk, wiza meseleleri ýaly ugurlar boýunça yzygiderli esasda iş duşuşyklary we gepleşikleri guralýar.

Şeýle hem maslahaty ýokary derejede geçirmek üçin ýurdumyzyň aragatnaşyk toplumy tarapyndan görülýän çäreler barada aýdyldy. Halkara maslahatyň resmi internet saýty synag maksatly işe girizildi. Birleşen Milletler Guramasynyň maslahaty geçirmek boýunça jogapkär düzüm birligi bilen geçirilen iş duşuşyklarynyň netijesinde bildirilýän talaplara laýyklykda, «Awaza» sport toplumynyň binalarynyň şekil taslamalarynyň täzelenen görnüşleri taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýer, daşary işler ministrine halkara maslahatyň maksatnamasyny amala aşyrmak üçin ähli zerur işleri ýerine ýetirmegiň, forumyň we onuň çäklerinde guraljak halkara çäreleriň protokol-guramaçylyk meselelerini utgaşdyrmagyň, çäräniň geçýän günlerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak bilen bagly protokol işlerini alyp barmagyň möhümdigini aýtdy hem-de maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew toplum tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, halkara çärelere gatnaşjak myhmanlary ýörite howa gatnawlary, demir ýol ulaglary bilen getirmek, alyp gitmek bilen bagly meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, forumyň geçiriljek döwründe şäheriçi ugurlar boýunça jemgyýetçilik awtobuslarynyň, ýeňil taksi awtoulaglarynyň gatnawlarynyň ýygjamlaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Myhmanlary ýokary hilli aragatnaşyk, internet hyzmatlary bilen üpjün etmek işleri meýilnamalaýyn esasda dowam edýär.

Şeýle hem hasabatda tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, agentlige degişli myhmanhanalarda dynç alýanlary kabul etmek we olara ýokary hilli hyzmat etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Möwsümde ýolagçy otly gatnawlarynyň tassyklanan tertibinden başga-da, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça goşmaça ýolagçy gatnawlaryny guramak, Balkanabat Halkara howa menzili — Türkmenbaşy, Türkmenbaşy demir ýol menzili — Awaza we Aşgabat — Awaza ugurlary boýunça yzygiderli awtobus hem-de Aşgabat, Daşoguz, Mary, Türkmenabat, Kerki Halkara howa menzillerinden Balkanabat Halkara howa menziline täze ýolagçy howa gatnawlaryny ýola goýmak, gatnawlaryň sanyny artdyrmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, maslahata gatnaşyjylaryň maksatnama boýunça çärelere gatnaşmagyny üpjün etmek üçin, olary ýurdumyza ýörite howa gatnawlary bilen getirmek, garşy almak we ugratmak, zerur ulag serişdeleri bilen üpjün etmek meselesine gözegçilik etmegiň möhümdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ulag we kommunikasiýalar toplumyna degişli myhmanhanalarda taýýarlyk işlerini talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine maslahaty ýokary derejede geçirmek üçin degişli işleri geçirmegi, onuň geçýän döwründe tertip-düzgüniň, ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berk berjaý edilmegini gazanmagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow halkara maslahata görülýän taýýarlyk hem-de welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny guramaçylykly geçirmek babatda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Tomus möwsüminde Awazada ilatyň oňaýly dynç alşyny guramak maksady bilen, myhmanhanalarda, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, kottejler toplumlarynda we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde abadanlaşdyryş işleri ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Balkan welaýatynyň häkimine maslahata ýokary derejede taýýarlyk görmegi, welaýatda, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda abadanlaşdyryş, arassaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň awgustynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň biri boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçiriljek bu halkara ähmiýetli foruma gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

01.05.2025

Gahryman Arkadagymyz Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenip geçilýän günlerinde myhmansöýer türkmen topragynda bolmagyna şatdygyny aýtdy hem-de Gahryman Arkadagymyzy bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem Žoel Buzu Milli Liderimize Monakonyň Şazadasy Alber II-niň hem-de Şagyzy Stefaniýanyň mähirli salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Žoel Buzu Monako Knýazlygynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyna ýokary baha berilýändigini aýratyn belledi.

Hormatly Arkadagymyz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Şazada Alber II-ä we Şagyzy Stefaniýa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Ž.Buzu türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň şu ýylyň ýanwarynda Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan üstünligi bilen Gahryman Arkadagymyzy ýene-de bir gezek gutlap, türkmen sirk sungatynyň ýeten ýokary derejesini belledi. Nygtalyşy ýaly, ahalteke bedewleri uzak taryhyň dowamynda kemala gelip, nesilden-nesle geçirilip gelnen atçylyk sungatynyň nusgalyk beýanydyr. Atçylyk sungaty türkmen atşynaslarynyň yhlasly zähmetiniň, çuňňur tejribesiniň we ýokary ussatlygynyň miwesidir. Ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, onuň gadymy däplerini dowam etdirmek we dünýä giňişliginde giňden tanatmak boýunça döwlet derejesinde giň gerimli işler alnyp barylýar.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Žoel Buzu ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge taýýardygyny tassyklady.

Myhman Gahryman Arkadagymyzyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Monako Knýazlygyna amala aşyran saparlaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi hem-de saparlaryň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzuwa berk jan saglyk, işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

29.04.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Wolgograd şäherinde geçirilen «Beýik miras – umumy gelejek» atly halkara forumynyň Plenar mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Russiýanyň we Belarussiýanyň Bileleşiginiň Parlament Ýygnagynyň guramagynda, 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp, Wolgograd şäherinde geçirilen «Beýik miras – umumy gelejek» atly halkara forumynyň Plenar mejlisine gatnaşdy. Foruma dünýä ýurtlaryndan parlamentleriň, halkara guramalaryň we ylmy-jemgyýetçiligiň wekilleri hem-de halkara bilermenler gatnaşdylar. Plenar mejlisde wekiliýet ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda taryhy mirasa hormat goýmak, ony unutmazlyk, ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary dowam etmek, dünýäde parahatçylygy, agzybirligi üpjün etmek hem-de ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak we bilelikde degişli işleri alyp barmak boýunça tagallalary utgaşdyrmak barada aýdyldy. Bu maslahatda türkmen wekiliýeti çykyş etmek bilen, maslahata gatnaşyjylary 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlady, şeýle çäreleriň medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekde uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, ilkinji nobatda, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen döwlet hökmünde Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy, özara hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam edýän halkara başlangyçlary we durmuşa geçirýän işleri barada belledi. Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygynyň dünýä halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýändigi bellenip geçildi. Birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamagyň ähmiýeti hem çykyşda nygtalyp geçildi.

29.04.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Wolgograd şäherinde geçirilen «Beýik miras – umumy gelejek» atly halkara foruma gatnaşdy

2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Russiýanyň we Belarussiýanyň Bileleşiginiň Parlament Ýygnagynyň guramagynda, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp, Wolgograd şäherinde geçirilen «Beýik miras – umumy gelejek» atly halkara foruma gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň agzasy Forumyň «Umumy taryhy hakydany hatyralamak we goramak» atly birinji bölümçesinde çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek babatda oňyn halkara başlangyçlarynyň, şeýle hem ýurdumyzda adalatly durmuş ösüşini üpjün etmek babatda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi. Bölümçede Russiýa Federasiýasynyň Wolgograd şäherinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän Forumyň işiniň häzirki zamanyň möhüm meselelerini – Durmuş ösüşini we adalatlylyk üçin parlament hereketini ara alyp maslahatlaşmakda netijeli meýdança bolup durýandygy, şeýle hem Parlamentara gatnaşyklaryň dünýä döwletleriniň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga, tejribeleri paýlaşmaga ýardam edýändigi barada nygtaldy.

28.04.2025

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary, beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri geçirilýär. Pile öndürmek möwsüminiň çäklerinde ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň zerurdygyny belledi we häkime bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri geçirilip, ösüş suwy tutulýar. Galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek maksady bilen, kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary, galla kabul ediş nokatlaryny möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Pile öndürmek möwsümi dowam edip, pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň ekinlerden bol we ýokary hilli hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda gowaça ekişi dowam edýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Welaýatda şaly ekişine guramaçylykly girişilip, häzirki wagtda meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, suw tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy, bugdaý oragy möwsümine ykjam taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwy tutulýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, degişli tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Welaýatda gowaça ekişi tamamlanyp, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde bolsa hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Sebitde ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barlyp, pile kabul ediş bölümleri möwsüme doly taýýar edildi. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmegini, bugdaý oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi we bu babatda degişli görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwy tutulýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary we beýleki tehnikalary bugdaý oragy möwsümine taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, otag işleri geçirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edip, bu ugurda ýüpekçilere degişli ýardamlar berilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda kadalaryň we düzgünleriň berk berjaý edilmeginiň, işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde ýerine ýetirilmeginiň oba hojalygynda oňyn netijeleri gazanmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlykly girişmek, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak maksady bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja hem-de beýleki azyklyk ekinleriň ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlarda pile öndürmek möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Şeýle-de wise-premýer howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň öňüni almak üçin alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, dokma senagatynyň kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça we ýazlyk ekinlere ideg etmek, galla oragyna taýýarlyk görmek işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

28.04.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hany kabul etdi.

Iri sebit guramasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, YHG-nyň ykdysady ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Şeýle-de Asad Majid Han guramanyň şu gezekki forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi we bu çäräni geçirmäge beren goldawlary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, YHG-nyň forumynyň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Köp ýyllaryň dowamynda bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Şunuň bilen baglylykda, YHG-a agza döwletler bilen söwda-ykdysady, energetika, ulag, ekologiýa, syýahatçylyk, medeniýet ýaly ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary goldap, özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz bu gurama bilen söwda-ykdysady, aýratyn-da, energetika pudagynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz tebigy gazyň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň mawy ýangyjyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi.

Geografik taýdan amatly ýerleşmegi Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny ilerletmek üçin berk esas bolup durýar. Ulagyň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygynyň üpjün edilmegi bu ugurda uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalara gatnaşmak babatda YHG-nyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Han birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

28.04.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Seýed Hamid Purmohammadini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň wise-prezidentini mähirli mübärekläp, Eýranyň Bender-Abbas şäherindäki Şehit Rejaýi portunda bolup geçen partlama zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Seýed Hamid Purmohammadiniň şu saparynyň netijeleriniň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge we ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary öz gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar. Bu gatnaşyklar häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede, şeýle-de halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, bu babatda bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparyny möhüm gural hökmünde has netijeli ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekdiler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde birnäçe möhüm energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär. Bu işler ilatymyzyň we daşky gurşawyň aýratynlyklaryny, howpsuzlygyny nazara almak bilen amala aşyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýurdumyzyň özara gatnaşyklary ilerletmäge gönükdirilen başlangyçlary hem-de teklipleri goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Seýed Hamid Purmohammadi hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

28.04.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Gazagystanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan döredijilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändigi nygtaldy.

Dostlukly ýurduň Premýer-ministriniň orunbasary Arkadag şäheriniň gözel keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny, Gazagystanda Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine guwanylýandygyny belledi. Şeýle hem myhman YHG-nyň forumynyň ýokary guramaçylyk derejesine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz şu gezekki saparyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumynyň çäklerinde geçýändigini belläp, forumda öňe sürüljek teklipleriň gurama gatnaşyjy ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi hem-de onuň üstünlikli geçirilmegini we sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjek möhüm netijeleriň gazanylmagyny arzuw etdi.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary häzirki wagtda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň özara düşünişmegiň, strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini görkezýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu hyzmatdaşlyk köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, medeni däpleriň umumylygyna esaslanýar. Ýurtlarymyz syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler, energetika, ulag-logistika pudaklarynda gatnaşyklary pugtalandyrýarlar. Türkmenistan we Gazagystan ýokary derejedäki netijeli dialogy yzygiderli esasda alyp barýarlar, hökümetara we pudagara hyzmatdaşlygy ösdürýärler.

Myhman Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanyň döredijilikli daşary we içeri syýasatyny, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň transmilli energetika, ulag geçelgelerini döretmek boýunça möhüm halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny belledi. Bu başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginiň goldamagynda häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza doganlyk Gazagystanyň gadymy Türküstan şäherinde bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýew birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, döwlet işlerinde üstünlikleri, iki dostlukly ýurduň halklaryna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw etdiler.

28.04.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Açilbaý Ramatowy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda ilkinji gezek şeýle formatda geçirilýän we YHG-nyň sebitinde özara bähbitli hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge gönükdirilen şu gezekki forumyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de ähmiýeti bellenildi.

Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Arkadag şäheriniň özünde galdyran täsiri barada aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen bina edilen “akylly” şähere haýran galandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, öňdebaryjy sanly we “ýaşyl” tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy esasynda bu ýerde adamlaryň rahat ýaşamagy, iri halkara çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän Arkadag şäheri Türkmenistanyň innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Myhman Özbegistanyň Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini nygtady. Taryhyň dowamynda emele gelen we hoşmeýilli erke esaslanýan bu gatnaşyklar häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Samarkant şäherine amala aşyran dostlukly sapary möhüm waka boldy. Bu saparyň dowamynda iki ýurduň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli döwletara we sebit hyzmatdaşlygyna ygrarlydygy tassyklanyldy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglanylmagynyň özbek halky tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edilendigi aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, YHG-nyň Arkadag şäherinde geçirilýän forumynda öňe sürülýän pikirleriň we teklipleriň geljekde oňa gatnaşyjy ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz forumyň sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewe mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşan doganlyk ýurtlardygyny nygtady. Häzirki wagtda bu berk taryhy gatnaşyklar köpugurly hyzmatdaşlyk üçin esas bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza gadymy Samarkant topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Bu şäher diňe bir Özbegistanyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň hem baý taryhy we medeni mirasynyň nyşany bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Açilbaý Ramatow birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

28.04.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň federal ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň meýilleşdiriş, ösüş we ýörite başlangyçlar boýunça federal ministri Ahsan Ikbaly kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Pakistanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň, Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şunuň bilen birlikde, myhman Arkadag şäherinde geçirilýän forumyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Pakistanyň federal ministrini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesinde geçirilýän ilkinji forumynyň möhüm ähmiýetini belläp, myhmanyň şu gezekki saparynyň netijeleriniň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge we ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklar dostluga we özara hormat goýmaga esaslanýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, energetika, ulag, logistika ýaly strategik pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça maksatnamalaýyn işleri alyp barýar we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyz bu taslamalaryň diňe bir ýurtlarymyzyň ykdysadyýetine däl-de, eýsem, tutuş sebitiň energiýa durnuklylygyny üpjün etmäge hem uly goşant goşjakdygyny nygtap, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga we täze başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň meýilleşdiriş, ösüş we ýörite başlangyçlar boýunça federal ministri Ahsan Ikbal ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki dostlukly halkyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

28.04.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde Kolumbiýanyň Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy

2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ektor Isidro Arenas Neýradan Ynanç hatyny kabul etdi. Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa Türkmenistan bilen Kolumbiýa Respublikasynyň arasyndaky ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi. Diplomat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň işi bilen tanyşdyryldy. Taraplar halkara düzümleriň çägindäki hyzmatdaşlygy bellemek bilen, BMG-niň çäginde öňe sürülýän başlangyçlary özara goldamagy dowam etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler. Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

28.04.2025

Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine uzaýan milli atşynaslygyň baý däplerini dowam etdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, bu ugurda gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, 1 müň 500 tomaşaça niýetlenen Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň gurulmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.

…Ir bilen hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy.

Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde baýramçylyk mynasybetli ýaýbaňlandyrylan sergini synlady. Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň bu ýerde gurnan ak öýleri gadymy türkmen obasyny ýadyňa salýar. Gelin-gyzlar ajaýyp sazlaryň owazy astynda haly dokaýarlar we keçe basýarlar. Ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklary, häzirki zaman suratkeşleriniň eserleri-de görkezilýär. Halylarda, özboluşly heýkeltaraşlyk işlerinde, grawýuralarda, fotosuratlarda behişdi bedewleriň keşbi şekillendirilipdir.

Türkmen zergärçilik sungatynda bedewleriň şaý-sepleri aýratyn orny eýeleýär. Taryhyň dowamynda ahalteke bedewleri çeýeligi, gözelligi bilen şahyrlaryň, ýazyjylaryň, suratkeşleriň ünsüni özüne çekipdir. Bu ýörelge häzirki zamanda hem döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýär. Şeýle-de bu ýerde tejribeli we ýaş heýkeltaraşlaryň döreden eserleri görkezilýär. Bagşy-sazandalaryň joşgunly çykyşlary, pälwanlaryň tutluşyklary dabara türkmen toýlaryna mahsus baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Döwlet Baştutanymyz dürli tilsimleri, çeýeligini, ussatlygyny görkezýän pälwanlaryň göreşini synlady.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde estrada aýdymçylary, tans toparlary dabara gatnaşýanlary joşgunly çykyşlary bilen garşylaýarlar.

Behişdi bedewler ähli döwürlerde-de halkymyzyň wepaly dosty, hemrasy, döredijilik ylhamynyň çeşmesi bolup gelipdi we şeýle bolmagynda-da galýar. Halkymyzda seýisçilik däpleri nesilden-nesle geçirilip gelinýär. Bu gün ahalteke bedewleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Türkmen halkynyň asyrlaryň synagyndan geçen atlary seýislemek boýunça milli ýörelgeleri, oňyn tejribeleri Ýer ýüzüniň atşynaslarynyň ünsüni çekýär. Halkymyz ahalteke bedewleri ýaly halk seçgiçilik sungatynyň kämil eserini dünýä bermek bilen çäklenmän, eýsem, bu ajaýyp atlaryň özboluşlylygyny biziň günlerimize hem ýetirmegi başarypdyr. Bu gün ýurdumyzda halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedewleriň şanyna döwlet derejesinde dabaralar guralýar. Onuň esasy bezegi bolsa at çapyşyklarydyr.

...Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özi üçin bellenen ýere geçýär.

Ady rowaýata öwrülen bedewlere belent sarpa goýýan döwlet Baştutanymyz milli atçylyk sportunyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Muňa ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş, iş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy-da aýdyň mysaldyr. Şunuň bilen bir hatarda, atçylyk pudagynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilendigini hem bellemek möhümdir. Onuň esasy maksady türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we ösdürmek babatda tagallalara goldaw bermekden, ahalteke atlarynyň taryhyny öwrenmekden, ýaş nesillere ýetirmekden, behişdi bedewlerimizi dünýä derejesinde wagyz etmekden ybaratdyr.

...Alypbaryjy baýramçylyk at çapyşyklarynyň başlanýandygyny yglan edýär.

Ussat atşynaslar we seýisler ahalteke bedewi ýaly ajaýyp tohum atyny döredip, tohum arassalygyny saklamak bilen, olary has-da kämilleşdirýärler. Ata-babalarymyzyň seýisçilik ýörelgeleri gadymdan gelýän özboluşly atşynaslyk däplerine esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz atçylyk pudagynda döwrebap usullary peýdalanmak bilen, tohumçylyk işiniň ylmy esaslaryny giňeltmek, ýurdumyzda atly sportuň dürli görnüşlerini has-da ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça hünärmenleriň öňünde möhüm wezipeleri goýdy. Munuň özi ýüzýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip, häzirki günde halkymyzyň buýsanjyna öwrülen ajaýyp bedewlere aýawly çemeleşilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

...Baýramçylyk mynasybetli geçirilen şu günki at çapyşygy türkmen halkynyň buýsanjy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratynyň özboluşly senasyna öwrüldi. At çapyşyklary çapyksuwarlardan erjelligi, dogumlylygy, ugurtapyjylygy, tutanýerliligi, atlara bolan söýgini we üşügi talap edýär. Şu gün dürli aralyklara at çapyşyklarynyň jemi 7-si geçirildi hem-de olara bedewleriň onlarçasy gatnaşyp, iň gowy netijeleri görkezdiler.

Birinji çapyşyk ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1400 metr aralyga geçirildi. Onda pellehana birinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Babadaş atly mele aty gelmegi başardy. Onuň çapyksuwary R.Agamyradow.

Ikinji çapyşykda hem aralyk 1400 metr boldy. Bu çapyşykda bedewler nebitgaz toplumynyň baýragyny almak ugrunda bäsleşdiler. Onda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Tokaý hojalygy” döwlet kärhanasynyň Goar II atly mele aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň çapyksuwary O.Amangeldiýew.

Üçünji çapyşykda bedewler ýurdumyzyň söwda toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1600 metr aralyga ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda çapyksuwar D.Azadowyň erk etmeginde “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Ýagmyrly atly dor aty ýeňiş gazandy.

Dördünji çapyşykda bedewler Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baýragyny almak ugrunda 1600 metr aralyga güýç synanyşdylar. Onda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Gazanar atly al aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar Y.Saparow.

Bäşinji çapyşyk gurluşyk we senagat toplumynyň baýragyny almak ugrunda geçirildi. 1600 metr aralyga ýaryşan bedewleriň arasynda pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Şägirt II atly dor aty geldi. Onuň çapyksuwary S.Çaryýew.

Altynjy çapyşykda dört we ulyýaşar atlar oba hojalyk toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1800 metr aralyga bäsleşdiler. Onda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Tokaý hojalygy” döwlet kärhanasynyň Gudratlydag atly mele aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň çapyksuwary D.Berdimämmedow.

Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy hem-de göçme kubogy ugrunda 1800 metr aralyga geçirilen jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Bezirgen atly akýal mele aty ýeňiji boldy. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.

Baýramçylyk çapyşyklarynyň dowamynda bagşy-sazandalaryň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olaryň şöhratly geçmişimizi, häzirki döwrümiziň ägirt uly özgerişlerini wasp edýän aýdym-sazlary tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Hemişe bolşy ýaly, şu gezekki at çapyşyklary hem örän gyzykly boldy. Bäsdeşlik ruhy, joşgunlylyk, ahalteke bedewleriniň ýyndamlygy, gözelligi ýaryşlara aýratyn öwüşgin çaýýar.

Soňra baýramçylyk at çapyşyklarynyň, şeýle-de şu hepdede geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň, bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginde Polat atly bedew diňe ýyndamlygyň däl, eýsem, çydamlylygyň hem iň gowy nusgasyny görkezdi. Onuň çapyksuwary S.Seýidow. Ahalteke bedewleri dünýä atçylygynyň taryhynda uzak aralyklara geçirilen ýörişlere gatnaşmak bilen, çydamlylygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler we şan-şöhrata eýe boldular.

Päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşikde Altynhan atly bedew birinji orny eýeledi. Onuň çapyksuwary Y.Çopanow.

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň we päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan soňra, şu günki geçirilen çapyşyklaryň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara gymmat bahaly sowgatlar, uly möçberli pul baýraklary, diplomlar gowşuryldy. Mundan başga-da, jemleýji çapyşygyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy we uly möçberli pul baýragy gowşuryldy.

Çapyksuwarlar mynasyp bolan sylaglaryny kabul edip, milli atşynaslygy we atçylyk sportuny ösdürmek babatda yzygiderli tagallalary üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Olar atşynaslygyň şöhratly ýörelgelerini dowam etdirmekde mundan beýläk-de yhlasyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyza ajaýyp haly sowgat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

27.04.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisini kabul etdi

Şu gün Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzuny kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy, ähli türkmen halkyny Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlady. Sahawatly toprakda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary ganatly bedewlere bolan ählihalk söýgüsiniň aýdyň nyşanydyr. Žoel Buzu şu ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimize Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň hem-de Şagyzy Stefaniýanyň iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-ä we Şagyzy Stefaniýa mähirli salamyny, olara berk jan saglyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini Žoel Buzudan haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisini kabul edýändigine şatdygyny aýtdy. Ahalteke bedewleri dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary şu ýylyň ýanwarynda Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda uly üstünlik gazandy. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda jenap Žoel Buzu Türkmenistan bilen sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny aýdyp, ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Myhman bu saparyň örän netijeli geçendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, saparyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary, hususan-da, sport ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň özleri üçin uly hormatdygyny aýratyn nygtady.

Myhman tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylaryna hormatly Prezidentimiziň aýdan salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirjekdigine ynandyrdy.

27.04.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň at-abraýy dünýä dolýar. Ahalteke bedewleri ähli döwürlerde-de milli gymmatlygymyz, türkmen ojagynyň ýaraşygy we tutumly toýlaryň bezegi bolup geldi. Ýyndamlygy, owadanlygy, wepadarlygy bilen tapawutlanýan bedewlerimiz halkymyzyň uçar ganaty, bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygydyr. Ahalteke atlary hemişe aýratyn buýsanç hem-de ylham çeşmesi bolupdyr we şeýle bolmagynda-da galýar. Gözellikde deňi-taýy bolmadyk bedewlerimize tutuş Ýer ýüzünde uly baha berilýär.

Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz ýyndam ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň milli ýörelgesini döredipdirler. Häzirki wagtda bu däpler ussat atşynaslarymyz, seýislerimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär we baýlaşdyrylýar. Bu gün türkmeniň atşynaslyk, seýisçilik sungaty şöhratly ýollary geçýär, atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalanýar. Ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny belende galdyrmak ugrunda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Pudagyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligine hem aýratyn üns berilýär. Tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we bu ugra degişli beýleki hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Bu işlerde atşynaslyk sungatynyň gadymdan gelýän däpleriniň häzirki zaman tehnologiýalary esasynda dowam etdirilip, has-da baýlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Arkadag şäheriniň häkimi garşylaýarlar. Şeýle hem dabara gatnaşyjylaryň hatarynda daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, belli atşynaslar, atçylyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler bar.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlarynda ýelden ýüwrük behişdi bedewleriň waspy ýetirildi. Milli baýram mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz sungat ussatlaryna minnetdarlyk bildirip, Halkara atçylyk akademiýasynyň ýapyk manežine bardy. Bu ýerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guraldy. Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň Altyn baýragyna, şeýle hem ençeme beýleki halkara ýaryşlaryň baýraklaryna mynasyp bolan bu topar milli sirk sungatymyzy dünýäde giňden tanatmaga uly goşant goşmak bilen bir hatarda, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda, şanly seneler mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edip, olaryň derejesini has-da belende göterýär. Ajaýyp bedewleriň gözelligi, çeýeligi, toparyň çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän artistleriniň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Çykyşlar tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow açyk maneže barýar hem-de özi üçin bellenen ýere geçýär.

Ähli türkmen halkynyň adyndan döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda alyp barýan giň möçberli işleri we ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermäge berýän aýratyn ünsi üçin hoşallyk sözleri beýan edildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlaglar, il bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli durmuşa geçirilýän işlerde uly üstünlikler baradaky arzuwlar ýaňlandy.

Diýarymyzda milli atşynaslyk pudagy täze belentliklere çykarylyp, atçylyk sport düzümlerini, atçylyk sportunyň görnüşlerini we milli atşynaslyk däplerini ösdürmek, arassa ganly tohum atlaryň baş sanyny köpeltmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda arassa tohumly ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly atçylyk sungatynyň milli däp-dessurlaryny many-mazmun taýdan baýlaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ahalteke bedewleriniň nesil ugurlaryny has-da gowulandyrmak maksady bilen, tohumçylyk-seçgi işleri hem kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, dürli ýurtlarda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirýän atşynaslaryň, hünärmenleriň, edara görnüşli taraplaryň işini utgaşdyrmak, ahalteke bedewleri baradaky maglumatlary toplamak, atçylyk pudagynyň halkara derejede ösdürilmegine goşant goşmak, bu ugurda halkara maslahatlary we sergileri guramak maksady bilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy esaslandyryldy. Bu gurama döredilenden bäri dünýäniň dürli künjeklerinden hususy atşynaslar bu düzüme agza boldular. Olaryň hatary ýyl-ýyldan has-da artýar. Şeýlelikde, ahalteke bedewleriniň asyl mekany bolan Türkmenistanda atçylyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi milli atşynaslyk ýörelgeleriniň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň we bu ugurda hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny artdyrmakda, milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmekde, olary ösdürip ýetişdirmekde uly işleri bitiren halk seçgiçileriniň, ussat seýisleriň atlary ebedileşdirilýär. Şeýle şahsyýetleriň biri-de Aba Annaýewdir. Onuň atşynaslyk sungatyny ösdürmekde we bu sungatyň gadymy däplerini nesilden-nesle geçirmekde bitiren hyzmatlary örän uludyr. Aba Annaýew öz işiniň hakyky ussady bolup, saýlama bedewleriň köp sanlysyny ösdürip ýetişdirdi we seýisledi. Halypa seýsiň adynyň Arkadag şäheriniň esasy şaýollarynyň birine, şeýle hem «akylly» şäherdäki Halkara atçylyk akademiýasyna dakylmagy ýurdumyzda zehinli seýislere, halypalara goýulýan çuňňur hormatdan nyşandyr. Pudak üçin ýokary hünär derejeli işgärleri, atçylyk sporty we syýahatçylyk, sirk sungaty boýunça hünärmenleri taýýarlaýan bu ýokary okuw mekdebinde bilim almak, ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir. Akademiýanyň ýanynda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi hereket edýär. Bu ýerde ýokary okuw mekdebiniň talyplary öz bilimlerini kämilleşdirip, ylmy-barlag işlerine gatnaşyp bilýärler.

...Atçylyk pudagyny ösdürmek baradaky tagallalaryna çäksiz hoşallygy alamatlandyrýan ahalteke bedewlerini sowgat hökmünde kabul etmek üçin hormatly Prezidentimiz uly hormat bilen dabaralar meýdançasyna çagyrylýar.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, döwlet Baştutanymyza Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Arkaç, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Gazal, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Diýar, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Güneş, Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Pälwan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Ynamly, Arkadag şäheriniň atşynaslarynyň adyndan Parahat atly ajaýyp bedewler sowgat berildi. Şol pursatlarda welaýatlara hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerine wekilçilik edýän ýaş nesiller ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny joşgunly goşgy setirleri arkaly beýan etdiler.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Watançy atly bedew sowgat berildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşýan welaýatlaryň hormatly ýaşulularyna, behişdi bedewleriň şöhratly ýolunyň mynasyp dowam etdirilmegine uly goşant goşýan ähli atşynaslara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Arkadag şäheriniň atşynaslarynyň adyndan sowgat berlen Parahat atly bedewiň boýnuna käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny dakdy. Munuň özi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylda aýratyn many-mazmuna eýedir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Bitarap Türkmenistanyň taryhynda şanly senedir. Döwletimiziň BMG-niň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesi parahatçylyk döredijiligiň, sebitde we dünýäde howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň netijeli guraly bolup durýar.

Soňra bu ýerde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi ussat hünärmenleriň, bedew muşdaklarynyň ünsüni özüne çekýän ýatdan çykmajak wakadyr. Gözelligi, ýyndamlygy, eýesine çäksiz wepadarlygy bilen tapawutlanýan bu ajaýyp atlar tomaşaçylaryň belent hormatyna mynasyp bolýar. Geçirilen saýlama tapgyrlaryň barşynda bäsleşigiň jemleýji tapgyryna owadan, syratly, ajaýyp atlaryň 10-sy çykaryldy. Bu atlar eminler topary tarapyndan “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen ada eýe bolmaga has mynasyplar hökmünde ykrar edildi.

Syn ediş meýdançasyna ahalteke atlarynyň iň naýbaşy nesil ugruny esaslandyran meşhur bedewleriň neslinden bolan, biri-birinden owadan bedewler çykarylýar. Alypbaryjy bedewleriň her biriniň ady hem-de gelip çykyşy bilen tanyşdyrýar. Olar Garaduman diýen gara, Jaňlygara, Pereňdagly atly gurt mele, Meleguş, Patrak, Meýdanly, Gözbaş, Watançy atly mele, Pähimli, Kerwen atly dor atlardyr. Bu bedewleriň ählisi şöhratly nesil ugurlaryna degişli bolup, ol ýa-da beýleki tohum ugruny dowam etdirijilerdir. Şunda behişdi bedewlere sarpa goýýanlaryň köp sanlysy esasy nesil ugurlarynyň binýadyny goýan şöhratly bedewleriň häzirki nesilleriniň täsin gözelligine baha bermäge mümkinçilik aldy.

Ahalteke bedewleri diňe bir at muşdaklarynyň däl, eýsem, sungaty söýüjileriň hem ünsüni çekýär. Çünki köp suratkeşler we heýkeltaraşlar bedewleriň gözelliginden ylham alýarlar. Halkymyzyň ýelden ýüwrük bedewlerimize bolan çäksiz söýgüsi nusgawy edebiýatymyzda, şahyrlarymyzyň şygyrlarynda, atalar sözüdir nakyllarda, milli äheňdäki eserlerde öz beýanyny tapýar. «At agynan ýerinde toý bolar», «Atym bar — ganatym bar», «Irden turup ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «At — ýigidiň ýoldaşy» ýaly çuň many-mazmunly jümleler hem muny aýdyň äşgär edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplary behişdi bedewlerimize goýulýan bimöçber sarpadan aýdyň nyşandyr hem-de ýaş nesil üçin gymmatly gollanmadyr.

Bedewler tomaşaçylaryň öňünden ilki bezelmedik görnüşinde, soňra bolsa ussat zergärleriň taýýarlan milli şaý-sepleri bilen bezelen görnüşde geçirildi. Alypbaryjy gözellik bäsleşigine gatnaşýan atlar baradaky maglumatlary aýdyp, bedewler bilen baglanyşykly milli däpler, olaryň üýtgeşik häsiýetleri barada gürrüň berdi. Bedewlere bagyşlanan şahyrana setirler belentden ýaňlandy.

Soňra atlaryň tebigy özüne çekijiligini, gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Onda haly eserini döretmek, zergärçilik, surat we heýkel eserleri, neşir önümleri, fotosurat we teleoperatorçylyk işi ýaly ugurlar boýunça iň gowy işler saýlanyp alyndy. Ahalteke bedewiniň gaýtalanmajak keşbi, duýgurlygy, düşbüligi eserleriň awtorlaryny şahyrana mazmuna hem-de ylhama beslenen dürli keşpleri döretmäge ruhlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýeňijilere — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap häkimliginiň senagat, gurluşyk, arhitektura we ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bölüminiň birinji derejeli hünärmeni Ý.Gulowa “Bedew batly Watanym” atly haly eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Ş.Orazberdiýewe “Altyn bezeg” atly at şaý-sep toplumy; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylyk kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby J.Gurbanowa “Behişdi bedewler” atly nakgaşlyk eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby G.Hanowa “Şan-şöhrata beslenen türkmen bedewi” atly heýkel eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby A.Gutlyýewe “Şa serpaýly bedewli halylar” atly senenama neşir işi; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Halkara habarlar merkeziniň operatorlar bölüminiň bölüm müdiri B.Garlyýewe “Owazasy dünýä dolan “Galkynyş” atly wideoşekili üçin baýraklar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşanlaryň her biri döredijilik işinde gözelligiň, sazlaşygyň ýokary derejesi, täsinligiň belent nusgasy hasaplanýan bedewiň keşbine bolan garaýşyny özboluşly beýan etmäge çalşypdyr. Ýeňijiler döredijilik işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewlerimiziň bütin dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra ahalteke bedewleriniň arasynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” adyny almak ugrunda geçirilen halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. «2025-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada 2020-nji ýylda doglan, Gerden we Tugly diýen bedewleriň nesli bolan, meşhur Gyrsakaryň ugruna degişli Meleguş diýen mele at mynasyp boldy. Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi bolan atyň eýesine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baş baýragy — “Toyota Camry V6” kysymly ýeňil awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.

Ýeňiji bolan bedewiň seýsi gymmat bahaly baýrak hem-de atçylyk pudagyny ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol türkmen atşynaslarynyň geljekde-de bu ugurdaky işleri mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyryp, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar dabaranyň ajaýyp jemlenmesi boldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

26.04.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, saýlaw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ylmy intellektual eýeçilik gatnaşyklaryny düzýän kadalaryň hukuk esaslary, gümrük meseleleri, ykdysadyýetiň pudaklarynyň, durmuş syýasatynyň dürli ulgamlarynyň kanunçylyk üpjünçiligi bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Halkara guramalar bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde Mejlisiň wekilleri BMG-niň düzüm birlikleri we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna, duşuşyklara gatnaşyp, kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar. Deputatlar Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynda kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, milli kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly raýatlaryň tekliplerini öwrenmek babatda-da degişli işleri alyp barýarlar. Olar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen, welaýatlarda iş saparlarynda bolup, öz saýlaw okruglarynda saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalary we düzgünleri işläp taýýarlamagyň we tassyklamagyň Tertibiniň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, resminama “Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasyna laýyklykda, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan degişli ministrlikler, pudak edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde we kämilleşdirmekde senagat howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmegiň wajyp bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz önümçilik desgalaryny howpsuz ulanmak, senagat howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek, önümçilik barlagyny guramak maksady bilen, degişli resminama gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatlarda gowaça ekişi dowam edýär, gögeriş alnan meýdanlarda ilkinji hatarara bejergi işleri alnyp barylýar. Şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzda ýeralmanyň, gök we bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreleri bellenen meýilnama laýyklykda, ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzda möhüm ähmiýetli çäreler, bäsleşikler, sergiler we beýleki dabaralar geçirilýär. Şeýle hem baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde 25-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVII halkara ylmy maslahaty, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigini, 26-njy aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açyk manežinde “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny, 27-nji aprelde bolsa Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklaryny geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, welaýatlardaky gowaça ekişini berk gözegçilikde saklamagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk geçirmegiň, Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde, seýilgählerde, bag ekilen ýerlerde abadanlaşdyryş, dürli görnüşli bezeg güllerini ekmek işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere paýtagtymyzda baýramçylyk çäreleri bilen bagly bezeg işlerini geçirmegi, abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň söwda ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, söwda ulgamyny kämilleşdirmek, ilaty ýokary hilli söwda hyzmatlary bilen üpjün etmek, hususan-da, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde döwrebap bazary gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bazaryň çäginde dükanlar, ammar jaýlary, 700 orunlyk gök-bakja ýerlenilýän hem-de 700 orunlyk halkyň sarp edýän senagat harytlary ýerlenilýän bazar, 150 orunlyk awtoulag satylýan meýdança, 200 orunlyk awtoduralga gurlar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda ulgamyny kämilleşdirmek, ilatymyzy ýokary hilli söwda hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde söwda we hyzmat ediş maksatly döwrebap desgalaryň gurlup, halkyň hyzmatyna berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde döwrebap bazary gurmak bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, maý aýynyň dowamynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, bäsleşikleri, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler. Şunuň bilen bir hatarda, geljek aýda Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň, paýtagtymyzda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň geçirilmegi, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde fransuz, italýan we türkmen sungat ussatlarynyň bilelikdäki çykyşlarynyň guralmagy meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramlar bilen baglanyşykly şu ýylyň maý aýynda geçiriljek çäreleri giňden beýan etmek üçin zerur işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmek hem-de olary ýokary derejede geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, nesilleriň parahat durmuşy, tutuş adamzadyň azatlygy ugrunda janyny gurban eden merdana gerçeklerimiz hatyralanylýar, Beýik Ýeňşi gazanmaga ägirt uly goşant goşan zähmetkeş watandaşlarymyz uly hormat bilen ýatlanylýar. Bu şanly sene mynasybetli gazaply uruş döwrüniň gahrymançylykly wakalaryny şöhlelendirýän söhbetdeşlikler, aýdym-sazly duşuşyklar, sergiler, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky söweşjeň şöhratyň mukaddes ýerlerine öwrülen ýadygärliklere, şeýle hem edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak çäreleri, uruş we zähmet weteranlaryna baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylyş dabaralary geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen uruş we zähmet weteranlary üçin ähli şertleriň döredilýändigini, olaryň ýaş nesillerde watançylyk, gaýduwsyzlyk, edermenlik ýaly belent duýgulary terbiýeleýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken enelerimize 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylmagyny, Ýeňiş güni bilen bagly çäreleriň hem ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 21 — 24-nji apreli aralygynda Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna amala aşyran dostlukly saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bellenilişi ýaly, 21-22-nji aprelde Gazagystan Respublikasyna bolan dostlukly saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türküstan şäherindäki Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine zyýarat etdi. Şeýle hem milli medeni topluma baryp gördi. Saparyň ikinji gününde Gahryman Arkadagymyzyň we Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň wekiliýetleriniň gepleşikleri geçirildi. Onuň dowamynda ýurtlarymyzyň halkara giňişlikde, şol sanda BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, sebit we ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça özara düşünişýändikleri bellenildi. Gepleşikler tamamlanandan soňra, Milli Liderimiz maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň iri meýdançasy bolup durýan “SPK TURKISTAN” senagat parkyna baryp gördi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 22-23-nji aprelde Gyrgyz Respublikasyna bolan dostlukly saparynyň birinji gününde Çolpon-Ata şäherindäki meşhur ýerlere, hususan-da, Çingiz Aýtmatow adyndaky “Ruh-Ordo” medeniýet merkezine bardy. Saparyň ikinji gününde Gahryman Arkadagymyzyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň ýolbaşçylygynda iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Taraplar netijeli syýasy dialoga aýratyn üns berip, Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň möhüm halkara hem-de sebit meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny kanagatlanma bilen bellediler. Gyrgyz Respublikasyna saparynyň ikinji gününde Milli Liderimiz gyrgyz halkynyň amaly-haşam sungatynyň däp bolan görnüşleri bilen tanyşdy, şeýle hem gyrgyz çapyksuwarlarynyň milli at üstündäki çykyşlary we bäsleşikler görkezildi.

23-24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna dostlukly sapary amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Samarkant şäherinde bolmagynyň birinji gününde Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýagty ýadygärligini hatyralady. Şol gün agşam Gahryman Arkadagymyz Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde “Baky şähere” baryp gördi. Bu ýerde däp bolan halk senetçiliginiň hem-de amaly-haşam sungatynyň önümleri görkezildi.

Saparyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen-özbek ykdysady gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigi, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylýandygy bellenildi. Şol gün Gahryman Arkadagymyzy Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» (“Oliý Darajali Dustlik”) ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Milli Liderimiziň şu ýylyň 5 — 8-nji awgustynda Awazada geçiriljek möhüm halkara çärä — BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça maslahatyna ünsi çekip, dostlukly döwletleriň Baştutanlaryny oňa gatnaşmaga çagyrandygyny bellemek gerek. Nygtalyşy ýaly, bu köptaraply meýdança sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilýändigini aýdyň görkezer. Şeýle hem şol döwürde Merkezi Aziýanyň her bir döwletiniň Awazada öz milli gününi geçirip biljekdigine üns çekildi.

Wise-premýer, daşary işler ministri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly saparlarynyň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, sebitde durnuklylygy we ösüşi üpjün etmegiň ýolunda möhüm ädim bolandygyny nygtady. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmäge saldamly goşantdyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini we bu ugurda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan, Gyrgyz we Özbegistan Respublikalaryna bolan sapary hem muňa şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine bu dostlukly döwletler bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Wise-premýer, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, Türkmenistan bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan bilelikde «Musulman dünýäsinde bosgunlar» atly halkara maslahat geçirildi we onuň jemleri boýunça Aşgabat jarnamasy kabul edildi. Şeýle hem 2021-nji ýylda sanly ulgam arkaly Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammiti geçirildi. Sammitiň işine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe teklipler beýan edildi.

Şolaryň hatarynda şu ýylyň 20-21-nji iýunynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 51-nji mejlisiniň işine türkmen wekiliýetini gatnaşdyrmak we onuň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynda we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegini gazanmak; 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde parahatçylyga bagyşlanan maslahaty guramak baradaky teklipler bar. Şeýle hem geljek ýyllaryň dowamynda bu guramanyň mowzuklaýyn mejlislerini, hususan-da, ulag, energetika, bilim, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary boýunça ministrler derejesindäki maslahatlaryny ýurdumyzda geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek; şu ýylyň 1-2-nji iýulynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Azyk howpsuzlygy boýunça yslam guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýedinji mejlisine ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biriniň halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyz bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, bu ugurdaky teklipleri goldady we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli awiasiýa pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna we Howa kodeksine hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) tarapyndan kabul edilen halkara standartlara laýyklykda, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli awiasiýa pudagynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge uly ähmiýet berilýändigini, Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň agzasy hökmünde Türkmenistanda uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça maksatnamalary işläp taýýarlamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasyny makullap, agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 27-nji aprelde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenip geçiljekdigini aýdyp, ahalteke bedewlerimiziň halkymyzyň milli buýsanjydygyny, gymmatly baýlygydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ministrler Kabinetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

25.04.2025
1 ... 18 19 20 21 22 ... 74