Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan böleginiň açylyşyna ak pata berdi. Munuň özi ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe ajaýyp toý sowgady bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda köpri gurmak, ýol çekmek ýaly sogap işleriň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

 

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň welaýatlaryny toplumlaýyn ösdürmek hem-de olaryň senagat we ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu bolsa “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenilen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň çar künjeginde medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurlup ulanmaga berilmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň aýdyň görkezijisidir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda ýerli çig malyň binýadynda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, gurluşyk we senagat toplumynyň düzümindäki önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleri öndürýän täze önümçilikleri döretmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek babatda iri taslamalar amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän awtomobil ýollarynyň ösen ulgamy kemala getirildi.

...Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uçary Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi.

Aýdym-sazly çykyşlar tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz dabaranyň geçirilýän ýerine ugrady.

Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Daşoguz welaýatynyň häkimi, köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimizi mübäreklediler. Medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýörite gurnalan mejlisler zalyna baryp, täze desgalaryň açylyş we düýbüniň tutulyş dabaralary mynasybetli çykyş etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda möhüm ähmiýetli desgalaryň — Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýändigini, şeýle hem şu gün Balkan welaýatynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan böleginiň açylyp ulanmaga beriljekdigini belledi hem-de hemmeleri täze desgalaryň düýbüni tutmak we ulanmaga bermek dabarasy bilen gutlady.

Bellenilişi ýaly, parasatly pederlerimiz ýol çekmegi, köpri gurmagy döwletlilik hasaplap, ony asylly ýörelgä öwrüpdirler. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanda häzirki wagtda bu asylly işler mynasyp dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Netijede, täze awtomobil ýollary, köprüleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär, awtomobil ýollary ulgamynyň işi kämilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu gün Demirgazyk — Günorta ugry boýunça amatly ulag geçelgesi hasaplanýan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň demirgazyk künjegini paýtagtymyz bilen birleşdirýän Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gurulmagynyň üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge, gatnawlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berjekdigini, şeýle hem goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrjakdygyny nygtady.

Umumy uzynlygy 550 kilometre golaý bolan bu ýolda ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli şertler dörediler. Täze awtomobil ýoly sanly ulgam arkaly dolandyrylýan döwrebap ýol gözegçilik enjamlary bilen üpjün ediler. Täze ýoluň ugrunda uzynlygy 812 metr bolan täze häzirki zaman awtomobil köprüsi hem gurlar. Şeýle hem bar bolan 9 sany awtomobil köprüsi doly döwrebaplaşdyrylar.

Nygtalyşy ýaly, geçen ýyl Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň düýbi tutuldy. Bu gün bolsa bu möhüm ähmiýetli ýoluň uzynlygy 44 kilometr bolan Garabogaz — serhetýaka bölegi açylyp ulanmaga berilýär. Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň aýrylmaz bölegi bolan bu ýol-ulag düzümi halkara ähmiýetli ulag ugurlarynyň möhüm bölegine öwrüler.

Şu gün Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda kuwwatlylygy ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň hem düýbi tutulýar. Kärhanada ösümlik ýagyny öndürmek pudagynda uly tejribä eýe bolan halkara kompaniýalaryň döwrebap enjamlary ornaşdyrylar. Bu bolsa kärhananyň halkara hil talaplary esasynda işlemegini üpjün edip, ýokary hilli pagta ýagyny öndürmäge mümkinçilik berer. Döwrebap kärhananyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde 250-ä golaý adamyň zähmet çekmegi üçin ähli şertler dörediler.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda senagat ulgamyny innowasion esasda ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini, ýakynda bolsa «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin milli Strategiýasynyň» kabul edilendigini belläp, häzirki wagtda ýurdumyzda eksporta niýetlenen önümçilikleriň döredilýändigini, dürli görnüşli we ýokary hilli önümleriň möçberiniň yzygiderli artdyrylýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, himiýa senagaty hem ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Uly möçberli maýa goýumlar özleşdirilip, iri taslamalar amala aşyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň himiýa senagatynda birnäçe iri kärhanalar netijeli işleýär. Şol kuwwatly kärhanalarda ýerli çig mallary ulanmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şu gün Daşoguz welaýatynda düýbi tutulýan täze himiýa desgasy hem uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar. Täze toplumyň önümçiliginde Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar. Bu bolsa ekologiýa taýdan arassa önümçilik işini ýola goýmaga ýardam eder.

Döwrebap toplum ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürmäge niýetlenendir. Bu toplumda öndüriljek dökünler ýurdumyzyň oba hojalyk sarp edijileriniň isleglerini doly kanagatlandyrar. Şeýle hem daşary ýurtlara eksport ediler. Bu ýerde bir müňden gowrak täze iş orunlary dörediler. Zähmet çekjek hünärmenleriň köp sanlysy daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okadylyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler dörediler. Umuman, döwrebap azotly dökünleri öndürýän toplumyň gurulmagy ýurdumyzyň himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge uly goşant goşar.

“Ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de geljekde hem Garaşsyz Diýarymyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Garabogaz — serhetýaka awtomobil ýolunyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Soňra sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan böleginiň açylyş dabarasy boldy.

Balkan welaýatyndan Hormatly il ýaşulusy A.Begjanow sanly ulgam arkaly çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynyň uly ösüşleri başdan geçirýändigini, ata-babalarymyzyň «Ýol salan sogap gazanar», «Ýoly bar ýurduň ýagty geljegi bar» ýaly asylly ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen barha rowaçlanýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz dost-doganlygyň mekanyna, parahatçylyk köprüsine öwrüldi. Geçen ýyl döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen düýbi tutulan Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — serhetýaka böleginiň şu gün dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi bedew batly Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly wakadyr. Bu ýol diňe bir iki goňşy döwleti däl, eýsem, sebitleri birleşdirjek, söwda-haryt dolanyşygyny, ulag we ýolagçy gatnawlaryny ösdürjek dostluk ýoly bolar.

Şunuň bilen baglylykda, A.Begjanow döwlet Baştutanymyzdan Garabogaz — serhetýaka awtomobil ýolunyň açylyşyna ak pata bermegini haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz täze ýoluň açylyş dabarasyna ak pata berdi.

Şol pursat şowhunly aýdym-sazlar ýerine ýetirilip, dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular toý bagyny kesdiler.

Soňra täze awtomobil ýolunyň ulanmaga berilmegini beýan edýän wideoşekil görkezildi.

Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — serhetýaka böleginiň umumy uzynlygy 44 kilometre deňdir. Ýer düşeginiň ini 27,5 metre deň bolan bu döwrebap awtomobil ýolunyň gatnaw bölegi her biriniň ini 9 metr bolan iki ugurdan ybaratdyr. Ýoluň howpsuzlygyny we amatlylygyny üpjün etmek maksady bilen, 3,5 metrlik bölüji zolak hem-de her tarapynda ini 3 metr bolan ýol gyralary göz öňünde tutulypdyr. Ýoluň gurluşygy halkara standartlara laýyklykda ýerine ýetirilip, onuň esasy gatnaw bölegi toprak gatlagynyň we geotekstiliň üstünden 20 santimetrlik iki sany iri däneli çagyl-çäge, 10 santimetrlik ownuk däneli çagyl garyndylary, şeýle hem 8 santimetrlik öýjükli, 7 santimetrlik iri däneli hem-de 5 santimetrlik dykyz ownuk däneli gyzgyn asfaltbeton gatlaklaryndan ybaratdyr. Bölüji zolakda bolsa toprak gatlagynyň üstünden 15 santimetrlik owradylan çagyl garyndysy we 10 santimetrlik ownuk däneli gyzgyn asfaltbeton gatlagy düşelip, ýol infrastrukturasynyň durnuklylygy üpjün edilýär.

Soňra täze düýbi tutuljak Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoly barada taýýarlanan animasion wideofilm görkezildi.

Aşgabat şäheriniň görküne görk goşýan Oguz han suw çüwdürimler toplumyndan başlanýan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy 546 kilometre deňdir. Ulag durnuklylygyny we ýokary tizligi üpjün etmek maksady bilen, ýol dört tapgyra bölünip, iň kämil ykdysady-tehniki görkezijileriň esasynda gurlar. Onuň 1-nji böleginiň, ýagny 0 — 9-njy kilometr aralygynyň ýer düşeginiň ini 65 metr bolup, jemi 8 zolakdan ybaratdyr. Bu ýerde iki taraplaýyn pyýada ýollary, gök zolaklar we ýanýollar göz öňünde tutulandyr. Ýoluň 9 — 48-nji hem-de 527 — 546-njy kilometr aralyklarynyň ýer düşeginiň ini 34 metr bolup, 6 hereket zolagyndan ybaratdyr. 48 — 527-nji kilometr aralygynda bolsa ýoluň ini 26,5 metr bolup, 4 hereket zolagyna bölünendir. Ýoluň ugrunda ýolagçylaryň we sürüjileriň rahatlygy üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.

Taslamanyň dowamynda öň bar bolan jemi 9 sany köpriniň durky täzelener. Şeýle hem “Naýzalydepiz” oýtumynda uzynlygy 812 metr, ini 25 metr bolan 2 gatnawly awtomobil köprüsi we onuň 2 kilometrlik eltiji ýollary, ýoluň ugrunda döwrebap we oňaýly 136 sany awtobus duralgasy hem-de 13 sany awtoduralga meýdançasy gurlar. Mundan başga-da, ýol hereketiniň kadaly we howpsuz bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, polisiýanyň ýol gözegçilik nokatlarynyň 7-si gurlar hem-de döwrebap wideogözegçilik we tizlik ölçeýji ulgamlary ornaşdyrylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýaş nesliň wekilleriniň haýyşy boýunça täze awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlejek ösümlik ýag kärhanasy barada taýýarlanan animasion wideofilm görkezildi.

Umumy meýdany 122 müň 500 inedördül metr bolan önümçilik desgasy bir gije-gündizde 600 tonna çig mal kabul etmäge ukyply bolup, kabul edilen çig mal ilkinji tapgyrda kärhananyň barlaghanasynda barlagdan geçirilýär we çig mal ammarlarynda toplanýar. Kärhanadaky sykma bölümi günde 200 tonna çig maly gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Sykma bölüminden çykan çig ýag arassalamak we hilini gowulandyrmak üçin rafinasiýa bölümine iberilýär. Rafinasiýa bölüminiň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 50 tonna çig ýagy arassalamaga mümkinçilik berýär.

Kärhanada öndürilen ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli ýag guýma we gaplama binasyna ugradylýar. Bu binada dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylyp, bir ýylda jemi 9 milliona golaý 1 litr göwrümdäki plastik gaplara guýlan ýag öndürmäge mümkinçilik berýär. Täze kärhana içerki bazarda haryt bolçulygyny üpjün etmäge, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmäge hem-de ýerli önümçiligi ösdürmäge uly goşant goşar.

Soňra hormatly Prezidentimiz senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasy barada ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasynda çykyş etmek üçin «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga söz berildi.

Işewür hemmeleri mübärekläp, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan toplumlaýyn işleriň netijesinde hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistanyň ähli ugurlarda uly üstünliklere ýetip, durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň uzak möhletli ösüş maksatlaryna laýyklykda, himiýa senagatyny ösdürmäge, onuň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga we milli ykdysadyýetde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maýa goýumlary özleşdirmek işleri yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, öňdebaryjy halkara tejribäni, innowasion tehnologiýalary hem-de ylmy-tehniki gazanylanlary giňden ornaşdyrmak möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary goşmaça gymmaty bolan bäsdeşlige ukyply himiki önümleriň önümçiligini giňeltmek, tebigy baýlyklary we ýerli çig mal serişdelerini netijeli peýdalanmak arkaly himiýa senagatynyň kuwwatyny pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenýär. Bu maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistan himiýa senagatynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion çözgütleri giňden ornaşdyrmaga, şeýle hem özara tejribe we bilim alyşmalaryny işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Ahmet Çalyk şu günki dabara hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da ösmegine, senagat kuwwatynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirjek bu täze desganyň gurluşygynyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylandygy üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de «GAP Inşaat» gurluşyk kompaniýasynyň Germaniýanyň «ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda bu desganyň gurluşygyny halkara standartlara laýyklykda amala aşyrjakdygyna hem-de taslamany ösen tehnologiýalaryň, innowasion çözgütleriň we ekologiýa taýdan arassa çemeleşmeleriň esasynda durmuşa geçirjekdigine ynandyrdy.

Soňra German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms çykyş edip, Daşoguz welaýatynda geçirilýän şeýle möhüm waka gatnaşmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi hem-de ýolbaşçylyk edýän komitetiniň adyndan Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň hem-de häzirki zaman senagat ösüşiniň berk binýadyny goýan Gahryman Arkadagymyza, bu özgertmeleri üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Germaniýa bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barýar. Şol ýyllaryň dowamynda nemes kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda iş alyp barmak bilen, öňdebaryjy tehnologiýalary, senagat enjamlaryny ornaşdyrmak we durnukly infrastrukturany ösdürmek işine uly goşant goşup gelýärler. Häzirki wagtda german-türkmen ykdysady gatnaşyklary ýokary derejelere çykarylyp, şu günki täze desganyň düýbüni tutmak dabarasy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de umumy ykdysady üstünlikleri berkitmekde ýene-de bir möhüm tapgyr bolar. Daşoguzdaky toplumda «ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasynyň ammiak, karbamid we ammiak selitrasyny öndürmek boýunça dünýäde meşhur bolan tehnologiýalary ornaşdyrylar. Bu öňdebaryjy çözgütler serişdelerden iň ýokary derejede netijeli peýdalanmagy hem-de içki bazaryň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin ýokary hilli dökünleriň öndürilmegini üpjün edýär.

Mihael Harms bu möhüm senagat taslamasynyň ähmiýetini belläp, onuň gurluşygyna badalga berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Soňra Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory hanym Nadýa Hokanssona söz berildi. Ol Türkmenistanda ammiak selitrasyny we karbamid öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmagyň we bu ýerde çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belläp, «ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasynyň adyndan şeýle möhüm dabara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Işewür zenan döwlet Baştutanymyzyň goldawy bilen durmuşa geçirilýän bu döwrebap önümçilik toplumynda wekilçilik edýän kompaniýasynyň iň kämil inženerçilik we tehnologik çözgütleriniň ulanyljakdygyny belläp, bu innowasiýalaryň energiýa we serişde tygşytlamaga, munuň netijesinde bolsa önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de daşky gurşawa ýetirilýän täsiri peseltmäge ýardam edýändigini aýtdy.

Nadýa Hokansson şu gün Türkmenistanyň senagat ulgamyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljak iri önümçilik toplumynyň gurluşygyna badalga berilýändigini belläp, «ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasynyň bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin öz öňdebaryjy tehnologiýalaryny we inženerçilik tejribesini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.

Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplum barada taýýarlanan animasion wideofilm görkezildi.

Toplumyň önümçiliginiň esasy çig maly tebigy gaz bolup, onuň deslapdan bir ýylda 630 million kub metr möçberini sarp etmek göz öňünde tutulýar. Täze taslamada dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tehnologiýalary ulanylar hem-de energetika üpjünçiligi ornaşdyrylan turbina generatorlary bilen üpjün ediler. Toplumda öndüriljek karbamid hem-de ammiak selitra dökünleri ýurdumyzyň içerki sarp edijileriniň isleglerini doly kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem täze toplumda öndüriljek karbamidiň agramly bölegi daşary ýurtlara eksport ediler. Mundan başga-da, toplumda 1 müňden gowrak täze iş orunlarynyň döredilmegine garaşylýar. Bu bolsa Daşoguz welaýatynyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga itergi berer.

Wideofilm tamamlanandan soňra hormatly Prezidentimiz körpeleriň haýyşy boýunça täze toplum barada ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz azotly dökünleri öndürjek täze toplumyň düýbüniň tutuljak ýerine geldi.

Ýaş nesliň wekili hormatly Prezidentimizden täze toplumyň düýbüni tutup bermegini haýyş etdi hem-de gol çekilen sene ýazgyly gutyny gowşurdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze toplumyň binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutujygy oklady hem-de pil bilen ilkinji beton garyndysyny guýup, onuň gurluşygyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem toplumyň düýbüne beton garyndysyny atdylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Ýaş nesliň wekili hormatly Prezidentimizden senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň düýbüni tutup bermegini haýyş etdi hem-de gol çekilen sene ýazgyly gutyny gowşurdy.

Ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujyk ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze toplumyň binýadyna atyldy. Hormatly Prezidentimiz düýbi tutulýan desganyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atdy. Dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular hem döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, desganyň binýadyna beton garyndysyny atdylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerden Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň düýbüniň tutuljak ýerine geldi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň wekiliniň haýyşy boýunça täze awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujygy hem-de ilkinji beton garyndysyny ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda gurluşyk meýdançasynyň binýadyna atdy we bu başlangyja ak pata berdi.

Bu ýerde Watanymyzy we täze taryhy döwrümiziň ägirt uly özgertmelerini wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary ähli dabara gatnaşyjylaryň adyndan şu günki möhüm wakalar bilen hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutladylar hem-de bu möhüm taslamalaryň halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydygyny bellediler.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziline ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Halkara howa menzilinden paýtagtymyza tarap ugur aldy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýlelikde, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlejek ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak, şeýle hem Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — serhetýaka böleginiň açylyş dabaralary ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

***

Daşoguz şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň köpçülikleýin dabaraly çäreleriň geçirilýän binasynda welaýatyň Garaşsyzlyk etrabynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bolan dabaralar mynasybetli toý sadakasy berildi.


Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

04.11.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Şu gün biz ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda möhüm ähmiýetli desgalaryň — Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşýarys. Şeýle hem şu gün Balkan welaýatynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan bölegi açylyp ulanmaga berler. Men siziň ähliňizi täze desgalaryň düýbüni tutmak we ulanmaga bermek dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly adamlar!

Parasatly pederlerimiz ýol çekmegi, köpri gurmagy döwletlilik hasaplap, ony asylly ýörelgä öwrüpdirler. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanda häzirki wagtda bu asylly işler mynasyp dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Netijede, täze awtomobil ýollary, köprüleri yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär, awtomobil ýollary ulgamynyň işi has-da kämilleşdirilýär.

Ine, bu gün bolsa Demirgazyk — Günorta ugry boýunça amatly ulag geçelgesi hasaplanýan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berýäris. Ýurdumyzyň demirgazyk künjegini paýtagtymyz bilen birleşdirýän Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gurulmagy üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge, gatnawlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berer. Şeýle hem goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrar. Umumy uzynlygy 550 kilometre golaý bolan bu ýolda ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli şertler dörediler. Täze awtomobil ýoly sanly ulgam arkaly dolandyrylýan döwrebap ýol gözegçilik enjamlary bilen üpjün ediler. Täze ýoluň ugrunda uzynlygy 812 metr bolan täze häzirki zaman awtomobil köprüsi hem gurlar. Şeýle hem bar bolan 9 sany awtomobil köprüsi doly döwrebaplaşdyrylar.

Hormatly adamlar!

Geçen ýyl Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň düýbi tutuldy. Bu gün bolsa bu möhüm ähmiýetli ýoluň uzynlygy 44 kilometr bolan Garabogaz — serhetýaka bölegini açyp ulanmaga berýäris. Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň aýrylmaz bölegi bolan bu ýol-ulag düzümi halkara ähmiýetli ulag ugurlarynyň möhüm bölegine öwrüler.

Hormatly adamlar!

Şu gün Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda kuwwatlylygy ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň hem düýbi tutulýar. Kärhanada ösümlik ýagyny öndürmek pudagynda uly tejribä eýe bolan halkara kompaniýalaryň döwrebap enjamlary ornaşdyrylar. Bu bolsa kärhananyň halkara hil talaplary esasynda işlemegini üpjün edip, ýokary hilli pagta ýagyny öndürmäge mümkinçilik berer. Döwrebap kärhananyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde 250-ä golaý adamyň zähmet çekmegi üçin ähli şertler dörediler.

Hormatly adamlar!

Biz ýurdumyzyň senagatyny innowasion esasda ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Ýakynda bolsa «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin milli Strategiýasy» kabul edildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda eksporta niýetlenen önümçilikler döredilýär. Dürli görnüşli we ýokary hilli önümleriň möçberi yzygiderli artdyrylýar.

Himiýa senagaty hem ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Uly möçberli maýa goýumlar özleşdirilip, iri taslamalar amala aşyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň himiýa senagatynda birnäçe iri kärhanalar netijeli işleýär. Şol kuwwatly kärhanalarda öz ýerli çig mallarymyzy ulanmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şu gün Daşoguz welaýatynda düýbi tutulýan täze himiýa desgasy hem uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar.

Täze toplumyň önümçiliginde Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar. Bu bolsa ekologiýa taýdan arassa önümçilik işini ýola goýmaga ýardam eder. Döwrebap toplum ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürmäge niýetlenendir. Bu toplumda öndüriljek dökünler ýurdumyzyň oba hojalyk sarp edijileriniň isleglerini doly kanagatlandyrar. Şeýle hem daşary ýurtlara eksport ediler. Bu ýerde 1 müňden gowrak täze iş orunlary dörediler. Zähmet çekjek hünärmenleriň köp sanlysy daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okadylyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler dörediler. Umuman, döwrebap azotly dökünleri öndürýän toplumyň gurulmagy ýurdumyzyň himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge uly goşant goşar.

Hormatly adamlar!

Ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Biz geljekde hem Garaşsyz Diýarymyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris.

Hormatly adamlar!
Gadyrly dabara gatnaşyjylar!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Garabogaz — serhetýaka awtomobil ýolunyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen sizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

04.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi.

Ol şu ýylyň on aýynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler hem-de nobatdaky harby gulluga çagyrmak möwsüminiň barşy, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler, şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri ýakynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigi üçin ähli harby gullukçylaryň adyndan ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Ýaragly Güýçleri mundan beýläk-de ösdürmek hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, aýratyn-da, kanunçylyk namalarynyň berjaý edilişine geçirilen prokuror gözegçiliginiň netijeleri we bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanunlaryň, hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini dowam etmegiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramagyň zerur talap bolup durýandygyny aýtdy hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda jemgyýetçilik düzgün-tertibini we ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişini üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, jemgyýetçilik hukuk tertibiniň, ýol hereketiniň kadalarynyň we ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talabalaýyk berjaý edilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu ugurda ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirmek babatda tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýanwar — oktýabr aýlarynda degişli ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň hem-de bu düzümiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we oňa öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, raýatlaryň hukuklaryny, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri has-da netijeli dowam etmegiň möhümdigini belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, Ýokary kazyýetiň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Meredow şu ýylyň on aýynda döwletimiziň milli bähbitlerini goramak we ýurdumyzda asudalygy üpjün etmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň milli bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek babatda ministre anyk tabşyryklary berdi

Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goraglylygyny üpjün etmek, serhet birikmeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk şertlerini we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwlet serhediniň dost-doganlyk serhedi bolup durýandygyny belledi hem-de serhet goşunlarynyň işini kämilleşdirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem serhetçileriň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra adalat ministri M.Taganow ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek, düzüme öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli hukuk ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, hususan-da, gullugyň işine öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna gümrük amallaryny kämilleşdirmek we bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gümrük işini has-da kämilleşdirmegiň we düzümiň işine döwrebap usullary ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi hem-de bu babatda gullugyň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şol sanda düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak maksady bilen alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, migrasiýa işini yzygiderli kämilleşdirmegiň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň häzirki döwürde zerur talap bolup durýandygyny aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny hem-de çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.


Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

03.11.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy hanym Kristina Şwarz-Fuksy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara Awstriýada möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Belleniň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, Prezident Aleksandr Wan der Bellene iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanyň Ýewropa sebitinde öňden gelýän möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigini, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, dostluk we düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar oňyn häsiýete eýe bolup, ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk alyp barýarlar. Iki ýurduň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň köp babatda gabat gelmegi bolsa halkara derejede hereketleri utgaşdyrmak üçin esas bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz parlament diplomatiýasynyň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli gural bolup durýandygyny aýratyn belläp, şunuň bilen baglylykda, türkmen-awstriýa parlamentara hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini aýtdy. “Biz ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagy, kanunçykaryjylyk babatda tejribe alyşmagy maksadalaýyk hasaplaýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Awstriýanyň kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine aýratyn goşant goşandygyny belledi hem-de iki ýurduň arasynda ulag tehnikalaryny, saglygy goraýyş, himiýa we nebitgaz ulgamlarynda öňdebaryjy enjamlary satyn almakda hyzmatdaşlygyň üstünlikli giňeldilýändigini nygtady. Şeýle hem ikitaraplaýyn ykdysady mümkinçilikleri doly ulanmakda bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň toparyň döwlet edaralarynyň we hususy ulgamyň arasynda utgaşdyryjy hökmünde işjeň çykyş etmegini geljekde hem goldajakdygy nygtaldy. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda we medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda möhüm orun eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyz ýakynda Awstriýa Respublikasynyň Milli baýramynyň bellenilip geçilendigini aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, bu şanly sene mynasybetli Kristina Şwarz-Fuksy we ýurduň ähli halkyny ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy hanym Kristina Şwarz-Fuks birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.


Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

03.11.2026

Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge Ýaponiýada aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady hem-de ýurdumyzda iş alyp barmagyň «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz işewüri mübärekläp, onuň ýurdumyza amala aşyrýan şu saparynyň dowamynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşjakdygyny aýtdy hem-de alyp barýan işlerinde, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky täze başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Bu gatnaşyklar özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady mümkinçilikleriň ulanylmagynda iri ýapon kompaniýalarynyň uly goşandynyň bardygyny nygtap, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilendigini, «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasy bilen nebitgaz we himiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýtdy hem-de bu kompaniýanyň gatnaşmagynda Gyýanlyda ägirt uly gazhimiýa desgasynyň —–polimer zawodynyň gurlup ulanmaga berlendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda taslamalar amala aşyrylanda öňdebaryjy tejribäniň, ýokary tehnologiýalaryň ulanylmagynyň, halkara hil ölçegleriniň we ekologiýa talaplarynyň üpjün edilmeginiň möhüm şert bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Işewür türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoi birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.


Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

03.11.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, ABŞ-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny belledi. Şeýle hem Pol Kapur pursatdan peýdalanyp, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Gahryman Arkadagymyza we döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekläp, Prezident Donald Trampa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň dowamynda türkmen-amerikan syýasy geňeşmelerine gatnaşjakdygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu geňeşmeleriň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirip, myhmanyň gepleşikleriniň netijeli we saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilýär. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-nyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini yzygiderli goldaýandygyny aýdyp, munuň üçin amerikan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Öz gezeginde, Pol Kapur ABŞ-nyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna hormat goýýandygyny belläp, ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ornunyň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, myhman ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi.

Gahryman Arkadagymyz syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada belläp, soňky ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «C5+1» formatdaky sammite gatnaşmak üçin geçen ýylyň noýabr aýynda Waşington şäherine amala aşyran iş sapary munuň aýdyň mysalydyr. Saparyň dowamynda Prezident Donald Tramp bilen netijeli duşuşyklar geçirildi. Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekde ony ösdürmek boýunça pikir alşyldy.

Gahryman Arkadagymyz möhüm saparlaryň hatarynda şu ýylyň fewral aýynda ABŞ-nyň Florida ştatyna amala aşyran saparyny belledi hem-de ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň «C5+1» formatyndaky duşuşygynyň geçirilmeginiň sebit derejesinde syýasy dialogy, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda işjeň gatnaşyklar alnyp barylýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem netijeli ösdürilýär. Ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda «Nicklaus Design», «John Deere», «Case New Holland» we «Boeing» ýaly amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi toplanyldy. Şeýle hem iki ýurduň arasynda «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşi hereket edýär we ýakynda Aşgabat şäherinde onuň nobatdaky maslahaty geçirildi.

«Türkmenistan tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biri bolmak bilen, energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirýär, öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň deň derejede bähbitlerini nazara almak esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek ugrunda çykyş edýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi hem-de energetika babatda sebitde geljegi uly Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegine ABŞ tarapyndan berilýän ünse we goldawa ýurdumyzda ýokary baha berilýändigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika, ulag-logistika ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň halklarymyzyň ýakynlaşmagyna ýardam berýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegini mundan beýläk-de goldamaga taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň uzak möhletleýin we köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.


Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

03.11.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde Awstriýa Respublikasynyň Parlamentiniň Federal Geňeşiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Awstriýa Respublikasynyň Parlamentiniň Federal Geňeşiniň başlygy hanym Kristina Şwarz-Fuksyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary bilen duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy, aýratyn hem parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda myhmanlar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi                        hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy hem-de Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasynda yzygiderli ösdürilýän deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ähmiýeti barada özara pikir alşyldy.

Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, maýa goýum, oba hojalygy, ulag-logistika ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. 

Taraplar parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm bölegine öwrülendigini we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda mümkinçilikleri artdyrýandygyny aýratyn bellediler. Şeýle hem geljekde ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek, parlamentler derejesinde duşuşyklary, maslahatlary, özara saparlary gurap, birek-birek bilen tejribe alşylmagyny goldaýandyklaryny beýan etdiler. 

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn düzümlerde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde özara bähbitli we uzak möhletleýin häsiýetde üstünlikli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Taraplar iki ýurduň arasynda işjeň häsiýete eýe bolan dostlukly gatnaşyklaryň geljekde hem parlament diplomatiýasy arkaly has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bidirdiler.

03.11.2026

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler geçirilýär. Welaýatda bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edip, möwsümde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim welaýatdaky edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyryp, tokaý zolaklaryny döretmek maksady bilen geçiriljek Ählihalk bag ekmek dabarasyna hem-de Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we guramaçylykly alnyp barylmagynyň zerur talap bolup durýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görmegiň, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhümdigini belledi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak we ýygymyň depginini güýçlendirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin degişli işler alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatda güýzlük ekilen ýeralma we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek bilen bir hatarda, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň çägindäki bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary möwsümleýin işe girizilip, olary kadaly işletmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Mundan başga-da, häkim welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny hem-de Hasyl toýuny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin ähli zerur işleriň ýerine ýetirilmelidigini belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 7-nji noýabrda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmek, welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamak babatda hem degişli tabşyryklar berildi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda pagta ýygymy guramaçylykly dowam edip, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilip, hasyl kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Şeýle hem welaýatda bugdaý ekişini gysga wagtda we ýokary hilli geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde kadaly gögeriş alynýar.

Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda şalynyň, şeýle hem güýzlük gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatda medeni-durmuş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary işe girizilip, olary kadaly işletmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Şeýle hem häkim welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny hem-de bereketli türkmen topragyny dabaralandyrýan Hasyl toýuny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygymyň depginini güýçlendirmek, bugdaý ekişini talabalaýyk we agrotehniki möhletlerde geçirmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak hem-de Watan harmanyna tabşyrmak işleri alnyp barylýar. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli işledilýär. Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen ýerlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gögeriş suwy tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatda ýetişdirilen şalynyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri geçirilýär.

Şeýle hem häkim welaýatdaky bilim, medeniýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek üçin durmuşa geçirilýän çäreler hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna we Hasyl toýuna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmeginiň möhümdigini belledi we şunuň bilen baglylykda, häkime welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna talabalaýyk taýýarlyk görmegi, şeýle hem welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, pagta ýygymynda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy öz wagtynda tutulyp, kadaly gögeriş alynýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almaga taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerini ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatyň çägindäki medeni-durmuş, jemgyýetçilik binalarynda, ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlary kadaly işledilýär.

Şeýle hem häkim ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny, şeýle hem Hasyl toýuny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, häkime welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleri, hususan-da, pagta ýygymyny we bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça degişli işler geçirilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gögeriş suwuny tutmak hem-de gögeriş alnan meýdanlarda ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylynyň ýygymyna başlamaga taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ähmiýetini belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere häzirki wagtda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleri, hususan-da, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak boýunça alnyp barylýan işleri, şeýle hem ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk işlerini gözegçilikde saklamagy, ýurdumyzda giňden belleniljek Hasyl toýuna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda örän jogapkärli möwsümiň — pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň dowam edýändigini, şoňa görä-de, bu möwsümleri ýokary hilli hem-de guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz gyş möwsüminiň hem golaýlap gelýändigine ünsi çekip, welaýatlarda bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

02.11.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Eýranda goňşy Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz diplomaty mähirli mübärekläp, goňşy ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Seýed Abbas Arakçiniň şu saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşy ýurtlar bilen dostluga, özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hemişe ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen we eýran halklarynyň gatnaşyklary asyrlara uzap gidýän taryhy we medeni köklerden gözbaş alýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek esasynda ösdürilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine we Hazar ekologiýa sammitine Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň gatnaşandygyny belläp, bu saparyň çäklerinde geçirilen duşuşygyň netijeli häsiýetini belledi.

Öz nobatynda, Seýed Abbas Arakçi Awazada geçirilen giň möçberli çäreleriň möhüm ähmiýetini belläp, olaryň netijeleriniň sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge goşant goşandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny, häzirki wagtda bu gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigini belledi.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Halklarymyzy taryhy, medeni we ruhy ýakynlyga esaslanýan gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Ýurdumyz hyzmatdaşlygyň bu möhüm ugruna aýratyn üns berýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi iki doganlyk döwletiň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.


Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

02.11.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy

2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Etýen Berhtolddan Ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan Der Belleniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň döwletara hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine oňyn täsir edendigi aýratyn nygtaldy. 

Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem ýurdumyzyň «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen alyp barýan ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli duşuşyklaryň, halkara forumlaryň we maslahatlaryň ähmiýetine üns çekildi.

Taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik gatnaşyklary döwrebap şertlerde ösdürmegiň,  söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, parlament ugurlarynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyklygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, kanunçykaryjylyk we parlament işi babatda birek-birek bilen tejribe alyşmakda, iki döwletiň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmakda, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Etýen Berhtold okgunly ösýän hem-de parahatçylyk söýüjilikli ýurt hökmünde giňden tanalýan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtap, döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

02.11.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan işler we bu ýerde güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlygyň guramaçylyk derejesi bilen tanyşmak üçin Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda gurlan täze şäher ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde ähli ugurlarda alnyp barylýan işler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

...Milli Liderimiz Arkadag şäherinde güýzki möwsümde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljek ýeriniň ýanynda saklandy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýeriň taýýarlyk derejesi bilen tanşyp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde-de her ýylda müňlerçe düýp bag nahalynyň ekilýändigini belledi. Şunda bag nahallarynyň ekiljek ýeriniň taýýarlyk derejesine, baglaryň görnüşlerine ylmy esasda çemeleşilýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi bilen baglanyşykly meseleleriň, şol sanda Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berýär. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz döwletimizde ekologik abadançylygy üpjün etmäge, tebigaty gorap saklamaga uly üns berilýändigini, giň tokaý zolaklarynyň döredilýändigini aýtdy.

“Bag durmuşyň, ýaşaýşyň bezegidir. Bag töwerege gözellik paýlaýar. Bag ekilen ýerler adam saglygyna, howanyň arassalygyna öz täsirini ýetirýär. Bag ekmek ene topraga bolan uly hormatdyr. Şoňa görä-de, bag ekmek ösüp gelýän ýaş nesillerimizde ene topraga yhlas etmegi, zähmete bolan beýik söýgini terbiýeleýär. Her ýylyň ýaz we güýz paslynda mähriban halkymyzyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçirilýär. Şundan ugur alyp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň güýz paslynda-da ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşarys” diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi we türkmen halkynyň irki döwürlerden bäri bag ekmegi, oňa ideg etmegi haýyrly hem-de sogap iş hasaplandygyny, ata-babalarymyzyň «Bagym bar, barym bar», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki» ýaly pähimleriniň bag ekip ýetişdirmegiň wajyp ornuny görkezýändigini nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýakyn günlerde ýurdumyzda Hasyl toýunyň belleniljekdigini hem-de ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, şeýle asylly işe öz goşandyňy goşmagyň ata Watanymyza bolan beýik söýgüden nyşandygyna ünsi çekdi. Döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şoňa görä, ählihalk bag nahallaryny ekmegiň güýzki möwsümine taýýarlyk işleri ähli ugurlar boýunça ylmy tarapdan esaslandyrylan bolmalydyr. Munuň özi bu künjekde ýokary ozon gurşawynyň emele gelmegini üpjün eder.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebiniň we çagalar bagynyň gurluşygynyň dowam edýän ýerine geldi. Mekdebiň çäginde saýaly baglaryň köpçülikleýin ekilmeginiň, desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu işlere ýaşlaryň hem işjeň çekilmegine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Munuň özi ýaş nesilleriň zähmete, sahawatly topraga söýgüsiniň artmagyny şertlendirer. Gahryman Arkadagymyz il içinde “Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär,//Dünýä kitabynda onuň ady bar” diýlişi ýaly, sogap işe hemmeleriň goşandynyň bolmalydygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mekdebiň we çagalar bagynyň ýanynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy üçin ýer bölekleriniň bölünip berilýändigini aýtdy. Şunda toplumyň hünärmenleri, oba hojalyk ylmy-barlag institutlarynyň alymlary bölünip berlen ýeri ylmy esasda öwrenmek, özleşdirmek we bu ýerde saýaly baglary ösdürip ýetişdirmek boýunça degişli işleri geçirmelidirler. Aýratyn-da, bu ýerde dörediljek seýilgäh zolagynyň çäklerinde ýodalaryň çekilmegi çagalaryň arassa howada dynç almaklaryny üpjün eder. “Arassa howanyň, ýokary ekologik ýagdaýyň çagalaryň pikirleniş ukybyny ösdürmäge oňyn täsiriniň bardygyny köp ýyllaryň tejribesi subut etdi” diýip, hormatly Arkadagymyz nygtady we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

Güýzki möwsümde Arkadag şäheriniň çäginde müňlerçe düýp bag nahaly ekiler. Şoňa görä, Milli Liderimiz ekilen baglara agrotehniki talaplara laýyklykda ideg işleriniň yzygiderli ýerine ýetirilmelidigini, baglaryň arasynyň arassaçylyk ýagdaýynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Munuň özi baglaryň ösüşini çaltlandyrmak bilen bir hatarda, olaryň saýaly baglar bolup ýetişmegine-de ýardam berer.

Ählihalk bag ekmek dabarasy ýaly sogap işiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, oňa uludan-kiçä ähli ilatyň işjeň gatnaşmagy dabaranyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer. Bu künjegiň howa gurşawynyň ýakymly bolmagynda, ekologik ýagdaýynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginde wajyp ähmiýeti bolan köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy gözel tebigatymyzyň dag howasy bilen çölüniň, sährasynyň arasyndaky arabaglanyşygy belläp, ekologiýanyň bu özboluşly aýratynlygynyň utgaşmagy netijesinde ýakymly gurşawyň emele gelýändigine ünsi çekdi. Şu nukdaýnazardan, tokaý zolaklarynda alnyp barylýan işleri, saýaly baglaryň ösüş tapgyrlaryny yzygiderli gözegçilikde saklamak maksady bilen, sanly ulgamyň we emeli aňyň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmalydygy barada aýdyldy. Munuň özi bu ugurda alnyp barylýan ylmy işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder. Şeýlelikde, bagy ekmek ýaly sogap işleriň netijesinde geljek nesillere saýa saljak tokaý zolaklary dörediler. Aýratyn-da, önümçilik toplumlary bilen durmuş maksatly binalaryň arasynda tokaý zolaklarynyň döredilmegi, dürli gülleriň ekilmegi möhümdir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew bu ýere gelip, ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek we bu künjek üçin ýaramly bag nahallaryny seçip almak babatda maslahatlaryny berendigi hem-de oba hojalyk toplumyna ýer bölekleriniň bölünip berlendigi üçin Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem wise-premýer kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýuljakdygyna ynandyrdy.

Milli Liderimiz öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurluşygy dowam edýän önümçilik desgalarynyň ýagdaýy, Ahalteke atlary şaýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada maglumat berdi.

Milli Liderimiz ikinji tapgyrda meýilleşdirilen gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, önümçilik hem-de durmuş maksatly binalaryň gurluşyklarynyň kesgitlenen möhletlerde tamamlanmagy ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Şunda binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Halk Maslahatynyň Başlygy Ahalteke atlary şaýoluny döwrebaplaşdyrmak işlerini öz wagtynda tamamlamak, ýol ýakalarynyň bezeg işlerini häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede ýerine ýetirmek babatda maslahatlaryny berdi. Aýratyn-da, ýol ýakalary düzgünleşdirilen tertibe laýyk derejede abadanlaşdyrylmalydyr. Munuň özi ýerine ýetirilýän işleriň depginini güýçlendirmek bilen bir hatarda, desgalary abadanlaşdyryş işleriniň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegini hem üpjün eder.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde degişli arassaçylyk we abadançylyk işleriniň yzygiderli alnyp barylýandygy barada aýtdy hem-de öňde boljak ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görlen taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýunyň dabaralaryna işjeň gatnaşar.

Hormatly Arkadagymyz şäheriň ähli çäklerinde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň ýola goýulmagynyň bu ýerde ýokary ekologik derejäniň saklanmagy bilen bir hatarda, şäher ilatynyň işjeňligine, ruhubelentligine-de oňyn täsirini ýetirjekdigini belledi. Şunda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek, oňa Arkadag şäheriniň ilatynyň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şeýle-de Arkadag şäheriniň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Hasyl toýunda mynasyp wekilçilik etmegi ýola goýulmalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäkleriniň arassaçylygy, ilatyň saglygy, ýaş nesillerde watançylyk duýgusyny ösdürmek, ähli işleriň düzgünleşdirilen tertipde ýerine ýetirilmelidigi barada aýdyp, meýilleşdirilen çäreleri abraý bilen geçirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň täze taryhynda möhüm orny eýeleýän Arkadag şäheriniň dürli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüşi guwandyryjy ýagdaýdyr. Arkadag şäheriniň gazanýan üstünliklerinde “akylly” şäheriň sazlaşykly ösüşi öz beýanyny tapýar.


Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

01.11.2026

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Merkezi Aziýa döwletleriniň IV parlamentara forumyna gatnaşmak üçin golaýda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Olarda Türkmenistan bilen dostlukly ýurduň arasynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer, ulag-üstaşyr ulgamlarda we beýleki ugurlarda yzygiderli ösdürilýändigi, olary giňeltmäge gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylyk işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýet, maliýe we bank toplumy tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli we döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilip, ýurdumyzyň senagat-innowasion ösüşine gönükdirilen özgertmeler dowam etdirilýär, makroykdysady durnuklylyk üpjün edilýär hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga, önümçilikleri innowasion esasda ýola goýmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilip, döwrebap önümçilik we durmuş maksatly binalar, desgalar gurlup ulanmaga berilýär hem-de täze iş orunlary döredilýär.

Şeýle hem zähmet gatnaşyklaryny, ilatyň iş bilen üpjünçiligini we durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak, bank we ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny, standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmek, milli statistika edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy we daşary ykdysady işi ösdürmek, toplumyň edaralarynda sanly hyzmatlary we döwrebap sanly maliýe tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ykdysadyýeti düzgünleşdirmegiň gurallaryny hem-de kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli ykdysadyýeti ösdürmek we býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de wise-premýere ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we peýdaly ulanmak babatda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan bu ugurda, hususan-da, Bütindünýä bankynyň degişli taslamasynyň çäklerinde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen işler alnyp barylýar. Munuň özi önümçilik işlerinde daşky gurşawy aýawly saklamakda anyk çäreleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda daşky gurşawy aýawly saklamak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy we wise-premýere nebitgaz toplumynda metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak babatda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna we Hasyl toýuna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekişi möwsümi dowam edýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şeýle hem ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak, ýygnalýan hasyly harmanhanalarda kabul etmek, pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda 2026-njy ýylda bag ekmek hakynda” Kararyna laýyklykda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň noýabrynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýatlarda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna Hasyl toýy giňden bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, 8-nji noýabrda Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, bugdaý ekişini geçirmek, pagta ýygymynyň depginini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere ählihalk bag ekmek dabarasyna, Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň sebitleriniň, şol sanda Balkan welaýatynyň sarp edijilerini hem-de welaýatyň çäginde ýerleşýän nebit ýataklaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen, energetika pudagy tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Şunda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda elektrik energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň noýabr aýynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde guraljak sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň milli pawilýonynda ekologiýa we howanyň üýtgemegi babatda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler görkeziler. Munuň özi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini we bu ugurda geçirilýän halkara çärelere işjeň gatnaşýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Türkiýe Respublikasynda geçiriljek ekologiýany goramaga bagyşlanan halkara sergä ýurdumyzyň milli pawilýony bilen ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleriň, şol sanda türkmen halkynyň baý taryhyny, medeniýetini, milli däp-dessurlaryny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek boýunça çäreleriň, aýratyn tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dürli dersler boýunça halkara internet olimpiadalarynyň, Aşgabat şäheriniň çagalar baglarynda, orta mekdeplerde we çagalar sungat mekdeplerinde «Gül çagalar aýdym-sazly mekanda» atly aýdym-sazly festiwalyň, şeýle hem halypa ýazyjy-şahyrlaryň ömür-döredijiligine bagyşlanan döredijilik çäreleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty netijesinde, şu ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyzda Koreý medeniýetiniň hepdeliginiň, Ýewropanyň medeniýet günleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň medeni hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem Aşgabat şäherinde «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramlar bilen bagly noýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, täze desgalaryň düýbüni tutmak we ulanmaga bermek dabarasyny ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni, Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň noýabr aýynda Saglygy goraýyş boýunça XIII türkmen-german forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli hemaýat-goldawy esasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak babatynda uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda iri halkara guramalar, dünýä ýurtlary, aýratyn hem Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli pugtalandyrylýar we giňeldilýär. Hususan-da, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde 2011 — 2026-njy ýyllar aralygynda Germaniýada we Türkmenistanda saglygy goraýyş boýunça köp sanly forumlar geçirildi hem-de olarda iki ýurduň saglygy goraýyş ulgamlaryna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Dostlukly ýurtlaryň arasynda bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, nobatdaky forumy Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly geçirmek hem-de onda pediatriýanyň, onkologiýanyň, rewmatologiýanyň we neýrohirurgiýanyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Forumyň işine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Saglygy goraýyş ministrliginiň we öňdebaryjy klinikalarynyň professorlarynyň, ýurdumyzyň hassahanalarynyň lukmanlarynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň sanly ulgam arkaly gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, dünýä döwletleriniň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglyk merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Saglygy goraýyş boýunça XIII türkmen-german forumyny sanly ulgam arkaly geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz iş saparynyň çäklerinde bu sammite gatnaşyp, ýokary derejeli duşuşykda Türkmenistanyň synçy döwlet hökmünde bu guramanyň işlerine işjeň gatnaşýandygyny aýratyn belläp geçdi hem-de türki döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ekologiýa we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny we anyk tekliplerini beýan etdi.

Saparyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy hem geçirildi. Gepleşiklerde syýasy-diplomatik dialogy işjeňleşdirmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, medeniýet, ylym, bilim we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Saparyň dowamynda möhüm dabaralaryň geçirilmegi onuň syýasy ähmiýetini has-da artdyrdy. Hususan-da, hormatly Prezidentimize Türkiýäniň Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory akademiki derejesi berildi. Bu belent at döwlet Baştutanymyzyň döwletara gatnaşyklary ösdürmekde, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerine berlen ýokary bahadyr. Mundan başga-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan “Strategik dostluk nyşanynyň” gowşurylmagy aýratyn ähmiýetli waka boldy.

Saparyň dowamynda Ankara şäherinde Türki döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyş dabarasy hem geçirildi. Bu dabaranyň çäklerinde türki halklaryň taryhy-medeni mirasyny we milli gymmatlyklaryny beýan edýän ak öýler, şol sanda türkmen halkynyň milli binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgasy bolan türkmeniň ak öýi hem-de milli buýsanjymyz hasaplanýan ahalteke bedewiniň heýkeli ýerleşdirildi.

Wise-premýer, daşary işler ministri Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan iş saparynyň üstünlikli geçmegi, onuň dowamynda gazanylan möhüm netijeler we döwlet Baştutanymyza gowşurylan ýokary sylaglar mynasybetli hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty amala aşyrýandygyny, hyzmatdaş ýurtlar, şol sanda iri halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri hasabaty dowam edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamasyny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy we oňa agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny hem-de ýörelgelerini berkitmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda ynanyşmagy ösdürmek, ýüze çykýan meseleleri syýasy-diplomatik we parahatçylykly ýollar arkaly çözmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Şol başlangyçlaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi aýratyn ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň halkara hukugyň ähmiýetini ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň möhüm netijesidir.

Bu Kararnamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin kabul edilen çäreleriň meýilnamasynyň dowamlylygyny üpjün etmek maksady bilen, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda «2028-nji ýylda Halkara hukuk ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça Türkmenistanyň 2027-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» taslamasy boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamany amala aşyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) standartlaryna we kadalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

31.10.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lungisani Dominik Ntombeladan Ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Matamela Siril Ramaposanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem  ýurdumyzyň dünýäde  parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy berkitmek babatda öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň ähmiýetine üns çekildi.

Taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik gatnaşyklary döwrebap şertlerde ösdürmegiň,  söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, parlament ugurlarynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyklygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, kanunçykaryjylyk we parlament işi babatda birek-birek bilen tejribe alyşmakda, iki döwletiň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmakda, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi dünýä giňişliginde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen giňden tanalýan Türkmenistanda öz ýurdunyň adyndan wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

31.10.2026

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň şu gün geçirilen nobatdaky sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, sammite gatnaşmaga çakylyk, Türkmenistanyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik we duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Prezident Rejep Taýyp Ärdogana iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandy üçin dostlukly ýurduň Prezidentine aýratyn minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän ýokary derejeli duşuşyklar we gepleşikler syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berýär.

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Türkiýäniň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, doganlyk Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine Türkiýede uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Rejep Taýyp Ärdogan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.


Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

30.10.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly sammite gatnaşyjylar!

Sözümiň başynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, hormatly jenap Rejep Taýyp Ärdogana Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitine gatnaşmaga çakylygy, şeýle hem türkmen wekiliýetine görkezilen mähirli myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Baştutanlaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmek isleýärin.

Şu günki duşuşygymyzyň Türkiýe Respublikasynyň milli baýramy bolan Respublika güni bilen gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu şanly baýram mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hormatly jenap Rejep Taýyp Ärdogany we ähli doganlyk türk halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkiýe Respublikasyna mundan beýläk-de gülläp ösüş, abadançylyk we täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly sammite gatnaşyjylar!

Türkmenistan türki dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şol sebäpli, biz Türki Döwletleriň Guramasyny doganlyk döwletleriň arasynda özara ynamy berkitmegiň, netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň we amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm guramasy hökmünde görýäris. Onuň işiniň netijeli bolmagy, ilkinji nobatda, halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen anyk başlangyçlaryň we özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Türki döwletler giň ykdysady mümkinçiliklere eýedir. Olary netijeli peýdalanmak üçin energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, gurluşyk, dokma, çig maly gaýtadan işlemek we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek zerur bolup durýar. Şol bir wagtda, özara maýa goýumlary höweslendirmek, telekeçileriň arasynda gatnaşyklary giňeltmek we bilelikdäki önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de amatly şertleriň döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýarys.

Ykdysady ösüşi üpjün etmekde we sebitara gatnaşyklary giňeltmekde ulag-aragatnaşyk ulgamy strategik ähmiýete eýedir. Ýurtlarymyzyň amatly geografik ýerleşişi Merkezi Aziýany, Hazar sebitini, Günorta Kawkazy, Gara deňiz sebitini, Türkiýäni we Ýewropany birleşdirýän ulag geçelgelerini ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bu mümkinçilikleri netijeli ulanmak maksady bilen, Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagy möhüm hasaplaýarys. Munuň üçin biziň ýurdumyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasyny gönükdirmäge taýýardyr.

Şeýle hem ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, halkara ýük daşamalaryň şertlerini has-da kämilleşdirmek, gümrük amallaryny yzygiderli ýeňilleşdirmek we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak zerur bolup durýar. Şol bir wagtda üstaşyr geçelgeleriň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, logistika amallaryny utgaşdyrmak we ýükleriň geçirilmegi üçin amatly şertleri döretmek boýunça tagallalarymyzy birleşdirmegi makul görýärin.

Ýene-de bir wajyp mesele daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak bolup durýar. Türkmenistan bu wezipä döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Biz ekologik abadançylygy üpjün etmäge, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini azaltmaga, ekologik howpsuzlygy pugtalandyrmaga we durnukly ösüşiň ekologik esaslaryny berkitmäge aýratyn ähmiýet berýäris.

Mälim bolşy ýaly, suw serişdelerini tygşytly ulanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak we tebigy ekoulgamlary goramak möhüm meselelerdir. Olaryň netijeli çözgütleriniň tapylmagy biziň ýurtlarymyzyň milli bähbitlerine doly laýyk gelýär. Şu maksat bilen, Türkmenistan Aşgabatda Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça we Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezlerini döretmek baradaky başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde öňe sürdi. Bu merkezler ekologik meseleleriň çözülmegine, ylmy-amaly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we sebit derejesinde utgaşykly çemeleşmeleriň ösdürilmegine ýardam eder diýip ynanýarys.

Halklarymyzyň arasyndaky gadymy taryhy we ruhy arabaglanyşyk medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň berk binýadyny emele getirýär. Ol medeni mirasy ösdürmek, ylym-bilime hormat goýmak, maşgala mukaddesligini sarpalamak, ulyny sylamak, myhmansöýerlik we parahatçylykly ýaşaýyş ýaly asylly ýörelgeleri özünde jemleýär. Bu gymmatlyklary has-da dabaralandyrmak maksady bilen, durmuş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi möhüm hasaplaýarys.

Ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň, döredijilik toparlarynyň we ýaşlar guramalarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we akademiki alyşmalary ýola goýmak bu ugurda täze mümkinçilikleri döreder.

Şeýle hem syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar. Biz özara syýahatçylyk alyşmalaryny giňeltmek we ýurtlarymyzyň gadymy ýadygärliklerini halkara derejede wagyz etmek üçin bilelikdäki başlangyçlary goldaýarys. Ýurtlarymyzyň taryhy ýerleri, tebigy gözellikleri we milli däpleri halkara syýahatçylygy ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna hormat goýmak hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek biziň döwletlerimiziň öňünde durýan möhüm wezipelerdir. Şunuň bilen baglylykda, Türki Döwletleriň Guramasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, halkara derejede ynanyşmagy pugtalandyrmaga, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge we ynsanperwer hem-de ekologik meseleleriň çözülmegine uly goşant bolar.

Bu ugurlarda ýurdumyzyň halkara başlangyçlary hem möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” diýip yglan etmek barada Kararnamany kabul etdi. Bu çözgüt halkara hukugyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrmaga, onuň kadalarynyň we ýörelgeleriniň halkara gatnaşyklarda berk berjaý edilmegine gönükdirilendir.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Şu günki ýokary derejeli duşuşygyň netijeleri döwletlerimiziň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge uly itergi berer diýip ynanýaryn. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, ähli gatnaşyjy döwletleriň Prezidentlerine Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge yzygiderli üns berýändikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary hormatly Kubanyçbek Omuraliýewe Guramanyň işini netijeli guramakda we bu sammitiň üstünlikli geçirilmegine goşandy üçin sagbolsun aýdýaryn. Şeýle-de Türki Döwletleriň Guramasynyň täze Baş sekretaryna jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw edýärin.

Sözümiň ahyrynda sammite gatnaşyjylaryň ählisine jan saglyk, bagtyýarlyk we uzak ömür, doganlyk halklarymyza bolsa abadançylyk, rowaçlyk we täze üstünlikleri arzuw edýärin.

(Ankara şäheri, 2026-njy ýylyň 30-njy oktýabry)


Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

30.10.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Kökleri asyrlaryň jümmüşine uzaýan hem-de taryhyň, diliň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan türkmen-türk gatnaşyklary bu gün täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, hil taýdan täze derejä çykarylýar. Iki döwletiň arasynda ýola goýlan ýokary derejedäki netijeli syýasy dialog söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýan köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup çykyş edýär.

Döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde okgunly ösdürilýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli dialogy halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen giň möçberli bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýär.

Türki Döwletleriň Guramasy (TDG) bu gün halkara gatnaşyklar ulgamynda möhüm orun eýeläp, durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça gatnaşyjy ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmek üçin netijeli mehanizm bolup çykyş edýär. Bu düzüm energetika, ulag, logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hereketleri utgaşdyrmak üçin binýady kemala getirýär.

TDG-niň çäklerindäki köpugurly hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýar. Türki halklaryň ruhy mirasyny gorap saklamak, olaryň medeni däplerini giňden wagyz etmek, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň ýaşlar guramalarynyň, ylmy we döredijilik jemgyýetçilikleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmek guramanyň gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär.

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna eýermek bilen, synçy ýurt hökmünde Türki Döwletleriň Guramasynyň işine işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz bu gurama medeni dialogy ilerletmek hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança hökmünde garaýar. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär.

Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz uly şahsy goşant goşýar. Gahryman Arkadagymyzyň türki dünýäni jebisleşdirmäge, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de häzirki döwrüň möhüm meselelerini bilelikde çözmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary gurama agza döwletleriň Baştutanlarynyň giň goldawyna we ýokary bahasyna mynasyp bolýar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň alyp barýan işi türki halklaryň köpasyrlyk däpleriniň dowamata atarylýandygynyň aýdyň mysaly boldy. Bu geňeşiň işine möhüm goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaşuly nesliň paýhasy, aksakgallaryň baý durmuş tejribesi we abraýy ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, ahlak ýörelgeleri gorap saklap, geljekki nesillere ýetirmekde bahasyna ýetip bolmajak orun eýeleýär.

TDG-niň çäklerinde Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlary durnukly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak we “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Ýurdumyzyň parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine türki döwletleriň mümkinçiliklerini birleşdirmäge gönükdirilen yzygiderli başlangyçlary netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

...Birnäçe sagatdan hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Ankara şäheriniň “Etimesgut” howa menziline gelip gondy.

Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we Türkiýäniň işewürleri mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz haly düşelen ýodajyk boýunça Hormat garawulynyň esgerleriniň hataryna tarap ýöredi.

Hormat garawulynyň esgerleriniň hatarynyň başynda döwlet Baştutanymyzy Hormat garawulynyň serkerdesi garşylady hem-de hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz esgerlere “Merhaba, asker!” diýip ýüzlendi, esgerler bolsa, öz gezeginde, “Sag boluň!” diýip jogap berdiler.

Soňra Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan döwletleriň Baştutanlary Türki döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine bardylar.

Seýilgähde türki halklaryň taryhyna degişli dürli binalaryň nusgalary ýerleşdirilipdir.

Soňra belent mertebeli myhmanlar bu ýerde bag nahallaryny ekdiler. Taryhy kökleriň, ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň, däp-dessurlaryň umumylygyny alamatlandyrýan bu seýilgähde ýaş bag nahallarynyň oturdylmagy aýratyn many-mazmuna eýe boldy.

Soňra dabaranyň barşynda döwlet Baştutanlary bu ýerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler.

Şeýle çykyşlar we medeni çäreler doganlyk döwletleriň kuwwatly döredijilik mümkinçiligini hem-de ruhy baýlygyny aýdyň şöhlelendirýär. Munuň özi halklary has-da ýakynlaşdyrmaga, özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga, şeýle hem umumy taryhy-medeni mirasy halkara giňişlikde wagyz etmäge ýardam berýär.

Soňra döwlet Baştutanlary bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Döwlet Baştutanlary türki dilli döwletleriň milli ak öýlerini synladylar.

Bu ýerde türkmeniň ak öýi dikilip, onda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy we milli aýratynlyklary şöhlelendirilýär. Ak öý hemişe halkymyzyň myhmansöýerliginiň nyşany bolupdyr. Ak öýüň içinde türkmen halkynyň gündelik durmuşynda ulanan öý esbaplary, milli lybaslary, saz gurallary we beýlekiler ýerleşdirilipdir.

Şeýle hem ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Olarda milli mirasymyzyň, medeniýetimiziň we türkmen halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalary öz beýanyny tapdy. Joşgunly “küştdepdi” tansynyň ýerine ýetirilmegi çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli başlangyçlary esasynda bu baý taryhy-medeni hazyna aýawly saklanylyp, yzygiderli baýlaşdyrylýar we halkara derejede giňden wagyz edilýär. Medeni mirasyň umumylygy ýurtlarymyzyň arasyndaky özara ynanyşmagy we mizemez doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň şerti bolup hyzmat edýär.

Ak öýüň ýanynda halkymyzyň göz guwanjy bolan ahalteke bedewiniň heýkeli oturdylypdyr. Gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda dünýäniň iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Eýesine wepadarlygy, gözelligi we ýyndamlygy bilen halkymyzyň buýsanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr.

Milli we dünýä medeniýetiniň naýbaşy nusgasy bolan behişdi bedewler häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazanýan beýik üstünlikleriniň, ähli ulgamlardaky okgunly ösüşiniň nyşanydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi ahalteke atlaryny wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da ilerletmek üçin täze tapgyry açdy.

Adamzat durmuşynyň dürli ulgamlarynda gazanylan beýik sepgitlere hem-de wakalara baý bolan türki halklaryň köpasyrlyk ýyl ýazgysy dünýä siwilizasiýasynyň taryhynda şöhle saçýan sahypalaryň biri bolup durýar. Ýewraziýanyň uç-gyraksyz giňişliklerinde ýaşan türki halklar müňýyllyklaryň dowamynda döredijilikli zähmete, ula hormat goýmaga hem-de tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaga esaslanýan özboluşly durmuş ýörelgelerini kemala getiripdirler. Şonuň esasynda adamzat jemgyýetiniň taryhynda öçmejek yz galdyran beýik döwletler döredildi.

Baý halk döredijiligi, şadessanlar we rowaýatlar, çuňňur filosofik şygyr eserleri türki dünýäniň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Watansöýüjiligi, edermenligi hem-de parahatçylyga ygrarlylygy wasp edýän ynsanperwer taglymlar nusgawy şahyrlaryň, şol sanda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýär. Bu baky gymmatlyklar häzirki wagtda ýaşlary ahlak taýdan terbiýelemek üçin egsilmez çeşme bolup, türki dilli döwletleriň bu günki nesilleriniň arasynda ruhy gatnaşyklary pugtalandyrýar.

Ýewrаziýanyň iň gadymy ruhy we maddy medeniýetiniň gözbaşynda duran türkmen halky asyrlaryň dowamynda türki dünýäsiniň umumy siwilizasion baýlygyna uly döredijilik goşandyny goşup gelýär. Geçmişiň görnükli alymlary, şahyrlary we ussatlary tarapyndan döredilen edebiýat, binagärlik we amaly-haşam sungatynyň naýbaşy eserleri milletimiziň berk ruhy sütünini emele getirip, dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynda orun aldy. Türkmen topragynyň beýik nusgawy şahyrlary tarapyndan wasp edilen ynsanperwerlik ýörelgeleri parahatçylygyň, adalatlylygyň, dostlugyň we döredijiligiň belent taglymlaryny wagyz edip, ähli doganlyk halklaryň umumy baýlygyna öwrüldi.

Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutanlary Türkiýäniň milli halk oýunlaryna tomaşa etdiler.

Açylyş dabarasyndan soňra döwlet Baştutanlary “Malazgirt” çäreler merkezine bardylar.

Bu ýerde medeni maksatnamanyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan milli we etnosport oýunlary kökleri müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän däpleriň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýany boldy. Täsirli atly çykyşlar we etnografik görkezilişler türki halklaryň asyrlar aşyp gelýän durmuş ýörelgelerini açyp görkezdi. Olarda bedew hemişe erkanalygyň, okgunlylygyň we wepadarlygyň nyşany bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny artdyrmak, ata-babalarymyzdan miras galan milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek we atly sporty ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Türkmenistan gadymy döwürlerden bäri atşynaslygyň iri merkezi bolup durýar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň milli atşynaslygy ösdürmek, onuň gadymdan gelýän däplerini gorap saklamak, behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça başyny başlan giň gerimli işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýyl ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen geçýär. Milli atçylyk pudagy täze belentliklere çykarylyp, atçylyk-sport düzümlerini, atly sportuň görnüşlerini we milli atşynaslyk däplerini ösdürmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmen çapyksuwarlary şöhratly ata-babalarymyzyň iň gowy däplerini dowam edip, abraýly atly sport ýaryşlarynyň we daşary ýurtlarda geçirilýän köp sanly at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar.

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda uly dabaralara beslenýän Türkmen bedewiniň milli baýramy ahalteke bedewlerine diňe bir ählihalk däl-de, eýsem, halkara söýginiň hem nyşanydyr. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen, 2007-nji ýylda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary döredildi. Häzirki wagtda bu topar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşarda hem meşhurdyr. Topar dünýäniň dürli künjeklerinde çykyş edip, abraýly halkara sylaglaryň ençemesine mynasyp boldy.

Çäräniň dowamynda türki döwletleriň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Konsert maksatnamasy dürli halklaryň asyrlarboýy dowam edip gelýän özboluşly däp-dessurlaryny şöhlelendirýän milli aýdym-sazlary öz içine aldy.

Umuman, türki dilli döwletleriň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi türki halklaryň özboluşly aýratynlyklary, taryhy, medeniýeti hem-de milli däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döretmek bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylmagyna itergi berýär.

Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna iş sapary dowam edýär.


Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

29.10.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 4-nji Parlamentara forumyň «Suw, howa, ekologiýa howpsuzlygy sebitiň durnukly ösüşiniň binýadydyr» atly mejlisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji Parlamentara forumynyň «Suw, howa, ekologiýa howpsuzlygy sebitiň durnukly ösüşiniň binýadydyr»atly mejlisine gatnaşdylar.

Mejlisde Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy B.Myradowa çykyş edip, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak we «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada belläp geçdi. Ol Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň, howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmagyň we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi. 

Şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, metan zyňyndylaryny azaltmak we daşky gurşawy goramak boýunça milli strategiýalaryň hem-de halkara başlangyçlaryň ähmiýeti nygtaldy. Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işleriniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendigi barada durlup geçildi.

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar daşky gurşawy goramak boýunça halkara borçnamalary ýerine ýetirmäge we ählumumy ekologiýa meseleleriň çözülmegine mynasyp goşant goşmaga ygrarlydyklaryny bellediler.

29.10.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 4-nji Parlamentara forumyň «Ykdysady integrasiýa, durnukly ösüş we sebitleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi» atly mejlisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji Parlamentara forumynyň «Ykdysady integrasiýa, durnukly ösüş we sebitleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi» atly mejlisine gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, maýa goýumlary çekmek üçin amatly şertleri döretmegiň hem-de ulag-logistika mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň ähmiýetini bellediler. Şeýle hem sebitde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde parlamentara hyzmatdaşlygyň ornuna aýratyn üns berildi. Bu ugurda parlamentleriň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hukuk binýady kämilleşdirmegiň we özara bähbitli başlangyçlary goldamagyň möhüm ähmiýetini nygtadylar.

Mejlisde ýurdumyzyň Milli parlamentiniň wekili çykyş edip, Türkmenistanda daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, bäsdeşlige ukyply innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek, sirkulýar ykdysadyýete geçmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de adam maýasyny ösdürmek babatdaky işleriň döwlet tarapyndan, oňyn başlangyçlar bilen işjeňleşdirilýändigini belledi. 

Maslahatyň ahyrynda doganlyk döwletleriň wekilleriniň çykyşlarynda öňe sürlen täze we anyk teklipleriň, şeýle hem sebitara derejede durmuşa geçirilýän oňyn tejribeleriň gatnaşyjylar üçin örän ähmiýetli bolandygy bellenildi. Bu ýokary derejeli forumyň geljekde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde we halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny täze sepgitlere çykarmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirildi. 

29.10.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 4-nji Parlamentara Forumyň «Parahatçylyk, sebit howpsuzlygy we parlament diplomatiýasyny ösdürmek» atly mejlisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji Parlamentara forumynyň «Parahatçylyk, sebit howpsuzlygy we parlament diplomatiýasyny ösdürmek» atly mejlisine gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar forumyň parahatçylygy pugtalandyrmakda, sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde  tejribeleri we pikir-garaýyşlary paýlaşmakdaky möhüm ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy M.Kulyýew çykyş edip, maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň Merkezi Aziýanyň geljegi üçin örän möhümdigini, bu ugurda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna esaslanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda energiýa serişdeleri we ulag üstaşyr geçelgeleri, parahatçylygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça kabul edilen kararnamalaryň, hususan-da, «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda halkara-hukuk binýady pugtalandyrmaga oňyn itergi berýändigini nygtady.

Mejlise gatnaşyjylar häzirki wagtda şeýle formatdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde parahatçylygy we howpsuzlygy hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmekde, ulag geçelgelerini döretmekde we giňeltmekde, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmakda, energiýa serişdeleriniň elýeterliligini gazanmakda tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini bellediler. Şeýle hem forumyň sebitde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirildi. 

29.10.2026
1 2 3 4 5 6 7 ... 96