Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Nuriddin Muhiddiniň – Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Durmuş meseleleri, saglygy goraýyş, ylym, bilim, medeniýet, ýaşlar we zenanlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahatyň plenar mejlisindäki çykyşy:

– Ilki bilen, mähirli kabul edişligi, myhmansöýerligi we hoşniýetliligi üçin türkmen kärdeşlerimize tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirmäge, şeýle hem «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahatyň çäklerinde duşuşmaga we her bir döwlet hem-de jemgyýet üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan lukmançylygy we saglygy goraýşy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin sag bolsun aýtmaga rugsat ediň. Şeýle duşuşyklaryň we tejribe alşylmagynyň hünär hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga we ýurtlarymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam edýändigine ynanýaryn.

Ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegi — bu adamyň saglygyny goramaga bolan konstitusion hukugynyň has anyk mazmuna eýe bolýan saglygy goraýyş derejesidir. Raýat üçin bu hukuk kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we maksatnamalaryň sany bilen däl-de, lukmana öz wagtynda ýüz tutmak, ýaşaýan ýerinde öňüni alyş kömegini, anyklaýyş we bejeriş kömegini almak hem-de kesel sebäpli aşa köp maliýe ýüküne sezewar bolmazlyk mümkinçiligi bilen ölçelýär. Şonuň üçin ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömeginiň ösdürilmegi döwletiň durmuş wezipesiniň we konstitusion kepillikleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagy bilen bagly meseledir. 

Ýurdumyzda ilkinji lukmançylyk kömeginiň ösdürilmegi maşgala lukmançylygy bilen yzygiderli baglanyşyklydyr. Maşgala lukmany diňe bir anyk diagnoz bilen işlemeýär. Onuň üns merkezinde adamyň durmuşynyň dürli döwürleri, töwekgelçilik faktorlary, keselleriň öňüni almak, maşgalanyň ýagdaýy we mundan beýläk lukmançylyk kömegini utgaşdyrmagyň zerurlygy durýar. 

Saglygy goraýyş — kabul edilen kanunlaryň diňe bir hukuk taýdan takyk bolmagy däl-de, eýsem, iş ýüzünde netijeli işlemegi aýratyn möhüm bolan ulgamlaryň biridir. Kanun çykaryjy edaranyň işi kanuny kabul etmek bilen tamamlanmaýar. Kanunyň ulanylyşyna gözegçilik etmek, ýüze çykýan meseleleri we hukuk boşluklaryny ýüze çykarmak, hereket edýän mehanizmleriň netijeliligine baha bermek we zerur bolan ýagdaýynda kanunçylyga öz wagtynda üýtgetmeler girizmek möhümdir.

 

07.10.2026

Akmaral Alnazarowanyň – Gazagystan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministriniň «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahatyň plenar mejlisindäki çykyşy:

– Ilki bilen, myhmansöýerligi, saglygy goraýyş ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmak boýunça yzygiderli alyp barýan işleri üçin türkmen tarapyna minnetdarlygymy bildirýärin.

Döwletleriň syýasy erk-islegleriniň, hünär bilimleriniň we amaly tejribeleriniň birleşdirilmeginiň milli özgertmeleriň netijeliligini we durnuklylygyny has-da ýokarlandyrjakdygyna ynanýarys.

Biziň düşünjämizde saglygy goraýyş hyzmatlary bilen ählumumy gurşaw durmuş adalatlylygynyň ýörelgesini özünde jemleýär. Oňa laýyklykda, her bir adamyň ýaşaýan ýerine we girdejileriniň derejesine garamazdan, zerur bolan ýokary hilli lukmançylyk kömegine elýeterliligi bolmalydyr we bu kömegi almak üçin edilýän çykdajylar onuň maşgalasynyň abadançylygyna howp salmaly däldir.

Parlamentarileriň döwlet bilen ilatyň arasynda baglanyşdyryjy halka bolup durýandyklary hem örän möhümdir. Olar raýatlaryň zerurlyklaryny çözgüt kabul edýän adamlara ýetirmäge ýardam berýärler we saglyk meseleleriniň döwletiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda galmagyny üpjün edýärler.

Şu günki maslahatyň aýratyn ähmiýetini biz saglygy goraýyş hyzmatlary bilen ählumumy gurşaw meseleleriniň özara baglanyşykly üç ugur arkaly seredilýändiginde görýäris: ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegini pugtalandyrmak, derman serişdelerine elýeterliligi üpjün etmek we saglygy goraýşy durnukly maliýeleşdirmek. Bu möhüm platformany hünär we syýasy dialog üçin guramak boýunça GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň, GDA-nyň gatnaşyjy döwletleriniň Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk geňeşiniň we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň başlangyjyna ýokary baha berýäris.

Adamlara maýa goýum bolsa döwletlerimiziň geljegine goýulýan iň ygtybarly maýa goýumdyr.

07.10.2026

Ahliman Amiraslanowyň – Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Saglygy goraýyş baradaky komitetiniň agzasynyň «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahatyň plenar mejlisindäki çykyşy:

– Ilki bilen, şeýle möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň döredilendigi üçin maslahaty guraýjylara tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirmäge rugsat ediň.

Döwlet üçin durnuklylyk elýeterli, ýokary hilli we adama gönükdirilen saglygy goraýyş ulgamyny döretmegiň zerurlygyny aňladýar. Azerbaýjan bu maksada ýetmäge gönükdirilen saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeleri Prezident jenap Ilham Aliýewiň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirýär. Bu özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri ýurtda häzirki zaman lukmançylyk infrastrukturasyny ösdürmek we lukmançylyk kömeginiň elýeterliligini giňeltmek boldy. Soňky 20 ýylyň dowamynda ýurtda 500-den gowrak täze lukmançylyk edarasy guruldy. Täze lukmançylyk edaralary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Olar anyklaýyş we bejeriş mümkinçiliklerini giňeldýär. 

Azerbaýjan ýerli derman önümçiligini ösdürmäge, maýa goýumlaryny çekmäge we derman serişdeleriniň elýeterliligini üpjün edýän häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Bu bolsa derman serişdeleri bilen üpjünçiligiň howpsuzlygyny berkitmäge, içerki önümçiligi ösdürmäge we tutuş lukmançylyk üpjünçiligi ulgamynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy gurşawyny üpjün etmek lukmançylyk kömeginiň hilini yzygiderli ýokarlandyrmagy, ilkinji lukmançylyk kömegi ulgamyny ösdürmegi talap edýär. Şonuň üçin biz ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegine aýratyn ähmiýet berýäris. Saglygy goraýyş ulgamynyň üstünlikli işlemegi hut şondan — keselleriň öňüni almakdan, irki anyklaýyşdan, sanjymlardan, dowamly kesellere gözegçilik etmekden we sagdyn durmuş ýörelgesiniň medeniýetini kemala getirmekden başlanýar. Bu ugurda Azerbaýjan kanunçylyk mehanizmlerini kämilleşdirmegi dowam etdirýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde parlamentlere aýratyn orun degişlidir.

Parlament özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny kemala getirýär, saglygy goraýyş ulgamynyň durnuklylygyny kesgitleýän çözgütleri kabul edýär, parlament gözegçiligini amala aşyrýar we raýatlaryň bähbitlerine wekilçilik edýär.

Biziň dialogymyzyň we hyzmatdaşlygymyzyň amaly çözgütleriň işlenip düzülmegine hem-de ýurtlarymyzyň saglygy goraýyş ulgamlarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn. Maslahata gatnaşyjylara alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

07.10.2026

Korinn Kapuanonyň – Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetirijiniň «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahatyň plenar mejlisindäki çykyşy:

– Şu ýylyň dowamynda saglygy goraýyş meseleleriniň ministrler, tehniki bilermenler we donorlar tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylan köp sanly mejlislerine gatnaşdym. Emma şu günki ýaly — kanunlary gönüden-göni işläp taýýarlaýan adamlaryň bir ýere jemlenýän duşuşyklary has seýrek geçirilýär. Meniň tejribäme görä, hut şeýle duşuşyklar iň möhüm ähmiýete eýedir.

Men hünär ýolumyň ilkinji ýyllarynda bir möhüm sapak aldym: ministr haýsydyr bir maksatnamany işe girizip biler, emma onuň bir ministriň ygtyýarlyk möhletinden soň hem dowam edip-etmejekdigini hut parlament çözýär.

Biziň hemmämiz kanunçylygyň diňe başlangyçdygyna düşünýäris. Ýeterlik maliýeleşdirmegi üpjün etmekde, kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmekde we gazanylan netijelere monitoring geçirmekde esasy orny hut parlamentler eýeleýär. 

Kanunlar olary kabul eden adamlardan has uzak ýaşaýar. Munuň hakykata öwrülmegini üpjün etmek jogapkärçiligi hut şu gün siziň üstüňize ýüklenilýär.

BSGG-niň Ýewropa sebit boýunça edarasy Saglygy goraýyş ýylynyň diňe bir deklarasiýany däl, eýsem, bu sebitiň köp ýyllaryň dowamynda görkezip we salgylanyp biljek kanunçylyk çözgütleriniň toplumyny miras galdyrmagy üçin siziň bilen bilelikde işlemegi dowam etdirmäge taýýardyr.

07.10.2026

Walentina Iwanowna Matwiýenkonyň – Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahatyň plenar mejlisindäki çykyşy:

– Ilki bilen, pursatdan peýdalanyp, türkmen halkyny Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanda durmuş syýasatyna, şol sanda lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegine, keselleriň öňüni almaga we raýatlaryň saglygyny gorap saklamaga aýratyn üns berilýär. Saglygy goraýyş hyzmatlary bilen ählumumy gurşawa bagyşlanan halkara maslahatyň eýýäm ikinji gezek hut siziň ýurduňyzda geçirilmegi tötänleýin däldir. Çäräni ýokary derejede gurandygyňyz we myhmansöýerligiňiz üçin minnetdarlygymy bildirýärin.

Saglyk – her bir adamyň esasy hukuklarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen ählumumy gurşawy üpjün etmek dünýäniň ähli ýurtlarynyň strategik ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Saglygy goraýşy ösdürmekde gazanylan ösüş Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň aýrylmaz bölegidir. Şu ýyl Arkalaşykda Saglygy goraýyş ýyly diýlip yglan edildi. Bu diňe bir halklarymyzyň we döwletlerimiziň abadançylygyny pugtalandyrmak ugrunda möhüm ädim bolman, eýsem, aýratyn jogapkärçilikdir. Şu ýylyň çäklerinde biz ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegini kämilleşdirmek, keselleriň öňüni almak, derman serişdeleri we lukmançylyk önümleri bilen üpjün etmek, telemedisinany ösdürmek ýaly esasy ugurlar boýunça ulgamlaýyn işleri ýola goýduk.

Döwlet goldawynyň, maksatnamalarynyň we ylmy önümçilik bilen integrasiýanyň netijesinde, Russiýanyň lukmançylyk ylmy diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm zerurlyklaryny üpjün etmän, eýsem, öz innowasion önümlerini hem döredýär – asyl derman serişdelerinden we test-ulgamlaryndan başlap, ýokary tehnologiýaly enjamlara çenli.

Biz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirýäris. Häzirki wagtda Russiýanyň ylmy-barlag edaralarynyň binýadynda saglygy goraýşyň dürli ugurlary boýunça BSGG-niň 20-den gowrak merkezi hereket edýär. 

Kanunçylyk derejesinde mugt lukmançylyk kömeginiň kepillikleri berkidildi we onuň hiliniň hem-de howpsuzlygynyň standartlary kesgitlenildi. Derman serişdeleriniň dolanyşygy düzgünleşdirilýär, innowasiýalary ornaşdyrmak üçin hukuk şertleri döredilýär.Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň senatorlary dürli iş görnüşleriniň çäklerinde kanunlaryň ýerine ýetirilişiniň amaly netijelerini seljerýärler we zerur halatlarda hukuk kadalaryna düzediş girizmäge başlangyç edýärler.

Sözümiň ahyrynda duşuşygy guraýjylara minnetdarlygymy bildirmek we Türkmenistanyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan uly goşandyny bellemek isleýärin. Şu günki duşuşygyň döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek, tejribe alyşmagy ösdürmek, netijeli dialogy ýola goýmak we saglygy goraýyş ulgamynda halkara gatnaşyklara gatnaşyjylaryň bähbitlerini sazlaşdyrmak üçin şertleri döretjekdigine uly ynam bildirýärin.

07.10.2026

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahatynyň açylyş dabarasy we plenar mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň we ählumumy durnukly ösüşiň wajyp meselelerine bagyşlanan «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahatyň plenar açylyş dabarasy we mejlisi geçirildi.

Bu halkara çäräniň esasy maksady – sebit we ählumumy derejede saglygy goraýyş ulgamlaryny kämilleşdirmek, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde utgaşykly hereketleri amala aşyrmak, lukmançylyk ylmynyň hem-de tejribesiniň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli tejribe alyşmak meýdançasyny döretmekden ybarat.

Maslahatyň plenar mejlisinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myratberdi Gaýypow giriş sözi bilen çykyş etdi we ony alyp bardy. Bu ugurda sebit we halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Korinn Kapuano, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasary Denis Trefilow,  Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň «NMRM» radiologiýa merkeziniň Baş direktory, Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Andreý Kaprin, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Saglygy goraýyş baradaky komitetiniň agzasy Ahliman Amiraslanow, Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň kanunçylyk we döwlet gurluşy baradaky hemişelik komissiýasynyň agzasy Lýudmila Sapego, Gazagystanyň Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministri Akmaral Alnazarowa, Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Durmuş meseleleri, saglygy goraýyş, ylym, bilim, medeniýet, ýaşlar we zenanlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary Nuriddin Muhiddin, Özbegistan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministri Eldor Adilow hem-de Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysy Miloşewiç Bilýana çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa öz çykyşynda häzirki wagtda Türkmenistanda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda adam we onuň saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny aýratyn belledi. Türkmenistanda  jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr diýen konstitusion kadadan ugur alnyp, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde netijeli işler amala aşyrylýar.

Döwletimizde ählumumy saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli berkitmek we Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda giň gerimli, uzak möhletleýin maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn we kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. 

Türkmenistanyň ähli künjeklerinde döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglyk öýleri, bejeriş-öňüni alyş edaralary,  Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralary, şypahanalar, derman kärhanalary, döwrebap dynç alyş-sagaldyş, sport we syýahatçylyk desgalary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. 

Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmekde halkara gatnaşyklara uly orun berilýär. Bu ugurda gazanylan Ylalaşyklaryň, Ähtnamalaryň esasynda dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri, abraýly ýokary okuw mekdepleri, tanymal alym lukmanlary bilen netijeli hyzmatdaşlyklar alnyp barylýar. 

Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlaryny kämilleşdirmekde we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurdumyzda parlament derejesinde hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Milli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmek üçin zerur bolan hukuk esaslary döredilýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek, eneligi we çagalygy goramak milli parlamentiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. 

Ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramagyň, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa howpsyzlygyny üpjün etmegiň kadalaryny we derman üpjünçiliginiň hukuk esaslaryny kesgitleýän hem-de bu ugurdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunçylyk namalary hereket edýär.

Saglygy goraýyş pudagyny doly sanlylaşdyrmak, telelukmançylygyny we emeli aňy ornaşdyrmak üçin kadalaşdyryjy hukuk binýadyny üpjün etmek, şeýle hem şypahana hem-de öňüni alyş lukmançylygyň mümkinçiliklerini ählumumy gurşawa tapgyrlaýyn goşmagy kanunçylyk taýdan berkitmek hem döwrebap wezipeleriň hatarynda durýar.

Parlament derejesinde alnyp barylýan şeýle işler BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna, aýratyn-da, «Sagdyn durmuş we abadançylyk» maksadyna ýetmekde meýilnamalaýyn wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin mümkinçilikleri artdyrýar.

Saglygy goraýyş diplomatiýasynyň üsti bilen parahatçylygy, dostlugy we özara düşünişmegi wagyz edýän Türkmenistan döwletimiz bütin adamzat üçin sagdyn we howpsuz geljegi gurmaga özüniň mynasyp goşandyny goşýar. 

Türkmenistan bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem-de BMG-niň Çagalar gaznasy ýaly halkara düzümler bilen bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.

«Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» baş maksady ýurdumyzda lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmekden, saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy täze belentliklere götermekden we bu ugurdaky ählumumy tagallalary utgaşdyrmakdan ybaratdyr.

Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan ynsanperwerlik, sahawatlylyk we rehimdarlyk däpleri şu günki gün döwlet derejesinde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň milli we halkara derejede alyp barýan asylly işleri aýratyn buýsanç döredýär. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinde çagalara çylşyrymly lukmançylyk amallary we degişli bejergiler tölegsiz esasda amala aşyrylýar. Şeýle hem çagalar hassahanalaryna döwrebap lukmançylyk enjamlary we ýokary tehnologiýaly tiz kömek ulaglary yzygiderli sowgat berilýär. Durmuşa geçirilýän bu ynsanperwerlik missiýasy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara giňişlige hem işjeň ýetirilýär. Gazna dünýäniň dürli künjeklerinde tebigy we ykdysady kynçylyklardan ejir çeken çagalara yzygiderli kömek berip gelýär. Guralýan bu asylly çäreler Türkmenistanyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we belent ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan özüniň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde we yglan edilen «Saglygy goraýyş ýylynda» bu ugurdaky sebitara hyzmatdaşlygy täze wezipeler we anyk taslamalar bilen baýlaşdyrmagy goldaýar.

Çykyş edenler saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň we halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň wajyp meselelerine ünsi çekdiler, şeýle hem häzirki zaman lukmançylygynyň hukuk esaslaryny döwrebaplaşdyrmakda öňde durýan wezipeler babatda pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler. Şeýle hem bu ugurda Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn halkara başlangyçlaryna, durmuşa geçirýän giň gerimli işlerine ýokary baha berdiler. 

Maslahata gatnaşyjylar sebit we ählumumy ähmiýetli halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw etdiler hem-de bu halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine döredilen giň mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallyk bildirip, köp sagbolsunlar aýtdylar

07.10.2026

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ählumumy saglygy goraýyş we durnukly ösüş boýunça halkara maslahat öz işine başlady

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahat öz işine başlady.

Saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge we halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen giň wekilçilikli bu forum milli tejribeleri alyşmakda, oňyn başlangyçlary öňe sürmekde möhüm meýdança hökmünde uly ähmiýete eýedir.

Halkara maslahat öz işini umumy mejlisde we  mowzuklaýyn mejlislerde dowam eder.

07.10.2026

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Halkara zenanlar dialogynyň «Parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde halkara hukugyň we zenanlaryň ornunyň ähmiýeti» atly 3-nji mowzuklaýyn mejlisi

Halkara zenanlar dialogynyň 3-nji mowzuklaýyn mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Sýaozýun Greýs Wanyň alyp barmagynda geçirildi.

Mowzuklaýyn mejlisde global howplaryň öňüni almakda, gapma-garşylyklary parahatçylykly we diplomatik ýollar arkaly çözmekde halkara hukugyň kadalaryny ulanmak hem-de bu ugurdaky sebitara we global proseslerde zenanlar diplomatiýasynyň ornuny has-da güýçlendirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mowzuklaýyn mejlisiň dowamynda  Sýaozýun Greýs Wanyň, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň edarasynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ennio Boatiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň maşgala, zenanlar we çagalaryň meseleleri baradaky Döwlet komitetiniň Diwanynyň başlygy Jeýran Rahmatullaýewanyň, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýn wekilhanasynyň başlygy Bilýana Miloşewiçiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy Enejan Ataýewanyň, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň agzasy Kylyç Filiziň, Gyrgyz Respublikasynyň Zenanlaryň kongresiniň zenan telekeçiligi komitetiniň başlygy Aliýa Turusbekowanyň, Belarus Respublikasynyň "Zenanlaryň Belarus bileleşigi" jemgyýetçilik birleşiginiň telekeçilik işi boýunça subýektleriniň birleşen guramasynyň başlygy Lugina Tatýana Alekseýewnanyň ynsanperwer hukuk ölçeglerine we halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanan çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda parahatçylygy üpjün etmekde zenanlaryň hukuk we ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek, sebitara telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we maşgala gymmatlyklaryny goramak baradaky döwrebap tejribeler barada bellenildi.

Gatnaşyjylar Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary hem-de parlamentara diplomatiýasynda zenanlaryň işjeň gatnaşygyny goldamak boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň anyk netijelerine ýokary baha berdiler.

Mowzuklaýyn çykyşlar tamamlanandan soňra, parahatçylyk we durnukly ösüş proseslerinde halkara hyzmatdaşlygy täze belentliklere çykarjak teklipler we çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de mejlisiň jemleri jemlenildi.

Maslahatyň netijeleri boýunça sebitara we halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we anyk maksatlara ýetmäge gönükdirilen Jemleýji resminama biragyzdan kabul edildi.

Halkara çärä gatnaşyjylar sebitara hyzmatdaşlygy hem-de ynsanperwer dialogy täze belentliklere çykarmakda örän ähmiýetli şeýle abraýly forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallyk bildirip, köp sagbolsunlar aýtdylar.

07.10.2026

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Halkara zenanlar dialogynyň «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde zenanlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegi» atly 2-nji mowzuklaýyn mejlisi geçirildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Halkara zenanlar dialogynyň 2-nji mowzuklaýyn mejlisinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde zenanlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, aýal-gyzlaryň döwlet dolandyryşyndaky, kanunçykaryjylyk işindäki we jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny goldamak boýunça sebitara tejribeleri utgaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Inna Swýatenkonyň, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň başlygynyň orunbasary Mowludahon Hojaýewanyň, BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklary we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň başlygy Güwen Jeren Güreşiň, Oman Soltanlygynyň Durmuş ösüşi ministrliginiň Zenanlaryň işleri boýunça müdirliginiň Monitoring we baha beriş departamentiniň başlygy Ziýun Amer Al Jabriniň, BMG-niň Ilat gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasynyň gender meseleleri boýunça sebit geňeşçisi Gabriela Minte Alwareziň, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk komitetiniň baradaky komitetiniň agzasy Jennet Öwekowanyň, Russiýa Federasiýasynyň Zenanlar bileleşiginiň Tatarystan boýunça sebit bölüminiň başlygy Waleýewa Zilýa Rahimýanownanyň çykyşlary diňlenildi.

Çykyşlarda aýal-gyzlaryň kanunçylyk bähbitlerini üpjün etmek, eneligi we çagalygy goramak hem-de durmuş syýasatynda zenanlaryň innowasion başlangyçlaryny goldamak baradaky milli üstünlikler barada bellenilip geçildi. Bu mowzuklaýyn mejlis zenanlaryň hukuk goraglylygyny ýokarlandyrmakda we durnukly ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde parlamentarileriň we halkara guramalaryň gatnaşygyny berkitmekde örän netijeli hem-de aýratyn ähmiýetli meýdança boldy. Çykyşlar tamamlanandan soňra, degişli ugurlar boýunça çözgütler ara alnyp maslahatlaşyldy we mowzuklaýyn mejlisiň jemleri jemlenildi.

Gatnaşyjylar Türkmenistanda zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, gender deňligini üpjün etmek boýunça milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işlere ýokary baha berdiler.

Maslahatyň netijeleri boýunça sebitara we halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we anyk maksatlara ýetmäge gönükdirilen Jemleýji resminama biragyzdan kabul edildi.

Halkara Zenanlar dialogyna gatnaşyjylar zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny ýokarlandyrmaga, parahatçylyk söýüjilikli we ynsanperwer başlangyçlary dünýä ýaýmaga döredip berýän ähli ajaýyp şertleri üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallyk bildirip, köp sagbolsunlar aýtdylar.

07.10.2026

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Halkara zenanlar dialogynyň «Zenanlaryň abadançylygynyň üpjün edilmegi parahatçylygy berkitmegiň we jemgyýetiň durnukly ösmeginiň möhüm şertidir» atly 1-nji mowzuklaýyn mejlisi geçirildi

Halkara zenanlar dialogynyň 1-nji mowzuklaýyn mejlisinde jemgyýetde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde zenanlaryň abadançylygyny üpjün etmegiň strategik ugurlaryny kesgitlemek, zenan-gyzlaryň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek, gender deňligini we maşgala durnuklylygyny goldamak boýunça halkara hem-de sebitara hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy tejribeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Mowzuklaýyn mejlisde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan, Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Wekiller palatasynyň Zähmet we durmuş meseleler boýunça hemişelik komitetiniň başlygy         Kostewiç   Irina Anatolýewna, Ermenistan Respublikasynyň Milli ýygnagynyň bilim, ylym, medeniýet, sport we diaspora meseleleri boýunça hemişelik komitetiniň başlygynyň orunbasary Alkhas Kazarýan, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna, Russiýa Federasiýasynyň Zenanlar bileleşiginiň wise - prezidenti Nina Alekseýewna Çernýaýewa, Gazagystan Respublikasynyň Kurultaýynyň Halkara gatnaşyklar, goranmak we howpsuzlyk baradaky komitetiniň agzasy Nurgul Tau, Pakistan Respublikasynyň Penjab welaýatynyň zenanlarynyň goragy boýunça müdürliginiň başlygy Butt Hina Perwaiz zenan-gyzlaryň zähmet hukuklaryny goramak, olaryň durmuş taýdan goraglylygyny güýçlendirmek we döwlet gurluşyndaky ornuny ýokarlandyrmak, bu ugurdaky kanunçylyklary kämilleşdirmek barada milli tejribeler boýunça anyk mysallar arkaly çykyş etdiler.

Bu mowzuklaýyn mejlis zenanlaryň jemgyýetdäki abadançylygyny üpjün etmekde, olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekde halkara hem-de sebitara tejribeleri utgaşdyrmakda amatly meýdança boldy. Çykyşlar tamamlanandan soňra,  degişli ugurlar boýunça çözgütler ara alnyp maslahatlaşyldy we mowzuklaýyn mejlisiň jemleri jemlenildi. 

Çykyş edenler Türkmenistanda zenanlaryň abadançylygynyň we jemgyýetiň durnukly ösmeginiň üpjün edilmegi boýunça durmuşa geçirilýän işlere ýokary baha berdiler.

Maslahatyň netijeleri boýunça sebitara we halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we anyk maksatlara ýetmäge gönükdirilen Jemleýji resminama biragyzdan kabul edildi.

Bu halkara çärä gatnaşyjylar zenanlar baradaky döwlet syýasatyny täze belentliklere göterýän, halkara derejeli forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün edýän we netijeli işlemäge ähli döwrebap mümkinçilikleri döredýän Hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny bildirip, köp sagbolsunlar aýtdylar.

07.10.2026

Gulbahor Mahkamowanyň – Täjigistan Respublikasynyň Işewür zenanlarynyň Milli Assosiasiýasynyň esaslandyryjysynyň we dolandyryjy geňeşiniň başlygynyň «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogynyň plenar mejlisindäki çykyşy:

– Men Türkmenistanda ilkinji gezek bolýaryn. Şeýle hem ajaýyp ýurduňyz bilen tanyşlygymyň hut şu ýerde – zenanlar, parahatçylyk we geljek hakynda söhbetdeşlikden başlanýandygyna aýratyn begenýärin. Türkmenistanyň we Halkara zenanlar dialogynyň guramaçylarynyň çakylygy we myhmansöýerligi üçin tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin.

Biz parahatçylygyň nähili gymmatlydygyny bilýäris. Şu gün dünýäniň dürli sebitlerinde çaknyşyklaryň dowam edýän, howanyň üýtgeýän, ykdysady deňsizligiň artýan, emeli aňyň bolsa göni gözümiziň öňünde ykdysadyýeti we zähmet bazaryny üýtgedýän döwri.

Döwletiň durnuklylygy adamyň durnuklylygyndan başlanýar. Jemgyýetiň durnuklylygy maşgalanyň durnuklylygyndan başlanýar. Maşgalanyň durnuklylygy bolsa zenandan başlanýar. 

Men Täjigistana wekilçilik edýärin — bu ýurt suw, howanyň üýtgemegi we durnukly ösüş meselelerini halkara derejede yzygiderli öňe sürýär. Täjigistanyň başlangyjy bilen, 2025-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Buzluklary gorap saklamagyň halkara ýyly diýlip yglan edildi. Duşanbede buzluklary gorap saklamak boýunça ilkinji ýokary derejeli halkara konferensiýa geçirildi. 2025-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi üçin täze mümkinçilikleri döretmekde emeli aňyň orny baradaky Kararnamany kabul etdi. Bu başlangyjy Täjigistan sebit ýurtlary bilen bilelikde öňe sürdi.

Ýigrimi bäş ýyl ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 1325-nji kararnamasy parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinde zenanlaryň ornuny ykrar etdi.

Men Merkezi Aziýanyň şu ugurda ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýaryn. Men Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň zenanlarynyň diňe forumlarda duşuşman, eýsem, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýän, sebit bazarlaryna çykýan, täze tehnologiýalary özleşdirýän we howanyň üýtgemegi bilen bagly çözgütlere gatnaşýan derejelerinde görmek isleýärin. 

07.10.2026

Tanzila Rustamhanliniň – Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň agzasynyň «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogynda çykyşy:

– Ilki  bilen, häzirki zaman dünýäsi üçin örän derwaýys we möhüm bolan «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» diýen mowzuga bagyşlanan Halkara zenanlar dialogyny gurandygy, şeýle hem bize bildirilen tüýs ýürekden myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna çuňňur hoşallygymy bildirmek isleýärin. Bu abraýly duşuşygyň doganlyk Türkmenistanyň topragynda geçirilmegi biziň üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Azerbaýjan we türkmen halklaryny diňe bir geografik ýakynlyk däl, eýsem, umumy taryhy kökler, dil, medeniýet, däp-dessurlar we urp-adatlar, şeýle hem asyrlar boýy synagdan geçen ruhy baglanyşyklar birleşdirýär. 

Häzirki wagtda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Döwletlerimiziň Baştutanlarynyň derejesinde bar bolan özara ynam we syýasy erk hyzmatdaşlygymyzyň ähli ugurlaryna oňyn täsir edýär. Bu gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hem parlamentara hyzmatdaşlykdyr. Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisi bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegi bizi aýratyn begendirýär. Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň zenan parlamentarileriniň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň, bilelikdäki başlangyçlaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň hyzmatdaşlygymyza täze mazmun berip biljekdigine ynanýaryn.

Meniň hem degişli bolan türki halklaryň taryhynda zenan hemişe aýratyn orun eýeläpdir. Taryhymyzyň dürli döwürlerinde zenanlar döwlet dolandyryşynda, diplomatiýada, ylymda, medeniýetde we jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orun oýnapdyrlar. Biz bu baý taryhy mirasy häzirki döwrüň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmalydyrys. Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň zenanlarynyň hem bu işde möhüm orun eýeläp biljekdigine ynanýaryn. Halklarymyzyň umumy medeniýeti we ruhy gymmatlyklary biziň üçin uly artykmaçlykdyr. Biz bu taryhy ýakynlygy geljege gönükdirilen anyk hyzmatdaşlyk taslamalaryna öwürmelidiris.

Şu gün doganlyk Türkmenistanda geçirilýän Halkara zenanlar dialogynyň hut şeýle geljegi gurmaga hyzmat edýän möhüm meýdançalaryň birine öwrüljekdigine, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň, zenanlarymyzyň arasyndaky raýdaşlygyň, şeýle hem tutuş sebitimizde parahatçylyk we hyzmatdaşlyk medeniýetiniň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna öz goşandyny goşjakdygyna ynanýaryn. 

Parahatçylygy, özara ynanyşmagy, ynsanperwerligi we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berýän ýokary ähmiýeti üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn hoşallygymyzy bildirýäris.

07.10.2026

Zamira Akbagyşewanyň – Gyrgyz Respublikasynyň Zenanlaryň kongresiniň prezidentiniň «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogynyň plenar mejlisindäki çykyşy:

– Şu gün Türkmenistanda, parahatçylyk, maşgalalaryň abadançylygy we çagalarymyzyň geljegi üçin zenanlary birleşdirýän şu möhüm meýdançada bolmak meniň üçin uly hormatdyr. Ilki bilen, myhmansöýerligi we özara hormat, ynam hem-de açyk zenanlar dialogy üçin döredilen mümkinçilikler üçin Türkmenistana çuňňur hoşallygymy bildirmek isleýärin.

Gyrgyz Respublikasynyň Zenanlar kongresiniň dürli sebitleriň, hünärleriň we nesilleriň zenanlary bilen işlemekde baý tejribesi bar. Iş ýyllarymyzyň dowamynda biz zenanlaryň ägirt uly döredijilik güýjüne eýedigine göz ýetirdik. Maşgala kömege mätäç bolanda, muny ilkinji bolup ene duýýar. Çaganyň geljegi hakynda ilkinji bolup ene oýlanýar. Köplenç ýaraşmak ýoluny ilkinji bolup zenan teklip edýär. Şonuň üçin parahatçylygy pugtalandyrmakda we durnukly ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň gatnaşmagy diňe bir taraplaýyn bolman, eýsem, doly we hakyky bolmalydyr. 

Goý, şu günki dialog zenanlaryň, maşgalalaryň we ilkinji nobatda, çagalarymyzyň bähbitlerine gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalaryň başlangyjyna öwrülsin!

Parahatçylyk zenandan, geljek çagadan başlanýar. Durnukly ösüş bolsa biziň umumy jogapkärçiligimizden başlanýar.

07.10.2026

Sewim Saýim Madakyň – Türkiýe Respublikasynyň Maşgala işleri we durmuş hyzmatlary ministriniň orunbasarynyň «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogynda çykyşy:

– Türkiýe zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meselelerinde Türkmenistan bilen tejribe alyşmagyň gerimini giňeltmegi goldaýar. Ykdysady, durmuş, ekologik we ynsanperwer häsiýetli meseleler iki ýurtdan has köp raýdaşlygy talap edýär. Ankara bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklaryň doganlyk gatnaşyklaryna, umumy taryha, dile we medeniýete daýanýandygyny guwanç bilen nygtaýaryn. Türkiýe Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden döwletdir.

Zenanlar bilen bagly gün tertibi barada aýdylanda, Türkiýede 2024–2028-nji ýyllar üçin Strategik resminama we hereketleriň meýilnamasy hereket edýär. Bu resminama bilim, saglygy goraýyş, ykdysadyýet, liderlik we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri öz içine alýar. Mundan başga-da, ýurtda zenanlara garşy zorluga garşy göreş boýunça 2026–2030-njy ýyllara niýetlenen bäşinji milli hereketleriň meýilnamasy durmuşa geçirilýär.

Häzirki zaman dünýäsinde zenanlar diňe bir çökgünlikleriň täsirine sezewar bolman, eýsem, parahatçylygy üpjün etmekde hem möhüm orun eýeleýärler. Giň wekilçilikli şu halkara dialog hem bu ugurda tejribe alyşmakda we öňde durýan wezipeleri kesgitlemekde möhüm ähmiýetli meýdançadyr.

07.10.2026

Nataliýa Pawlýuçenkonyň – Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň bilim, ylym, medeniýet we sosial ösüşi boýunça Hemişelik toparynyň başlygynyň «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogyndaky çykyşy:

– «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän zenanlar forumynda gender deňligi, eneligi we çagalygy goldamak bilen bagly ara alnyp maslahatlaşylýan meseleler Belarus Respublikasynyň döwlet syýasatynyň üýtgemeýän ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar. Ýurdumyzda zenanlara durmuşyň iň möhüm pursatlary boýunça çäreler ulgamy döredildi. Biziň ýurdumyzyň Prezidenti hemişe zenanlary goldady we goldap gelýär.

Belarus Respublikasynda 2026-njy ýyl «Belarus zenany ýyly» diýlip yglan edildi. Zenanlar ilatyň 54 göterimini düzýärler, zähmete ukyply ýaşdaky zenanlaryň iş bilen üpjünçiligi bolsa 85,5 göterimden geçýär. Hökümetiň gözegçiliginde gender syýasaty boýunça milli geňeş işleýär, zähmet hakynyň deňligi üpjün edilýär hem-de işi we çagalary terbiýelemegi utgaşdyrmak üçin şertler döredilýär.

Ýurtda ýolbaşçy wezipelerde zenanlaryň wekilleri hem artýar: olar Milli Ýygnagynda orunlaryň, takmynan, 33 göterimini, ýokary derejeli döwlet dolandyryş edaralarynda 36 göterimini, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynda 48 göterimini we kazyýetlerde 67 göterimini eýeleýärler. Zenan telekeçiliginiň paýy takmynan 42 göterime ýetdi.

Maşgala institutyny goramak Konstitusiýa derejesinde berkidildi we döwletiň iň möhüm wezipelerine degişlidir.

07.10.2026

Farzane Sadeg Malwajerdiň – Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministriniň «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogynyň plenar mejlisindäki çykyşy:

– Ilki bilen, jemgyýetleriň durmuş-ykdysady ösüşinde aýallaryň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm başlangyç hökmünde şu duşuşygyň geçirilmegini ýokary bahalandyrýandygymy bildirmek isleýärin. Meniň pikirimçe, bu forumyň geçirilmegi ykdysadyýetiň, medeniýetiň, jemgyýetiň we syýasatyň dürli ugurlarynda zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen pikir alyşmak we garaýyşlary özara paýlaşmak üçin örän gymmatly mümkinçilik döredýär. Bu duşuşykda bilelikde alyp barjak pikir alyşmalarymyzyň jemgyýetleriň ösüşinde we gülläp ösmeginde zenanlaryň möhüm ornuna halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekjekdigine ynanýaryn.

Şu gün men bu ýerde Eýran topragynyň zenanlaryna wekilçilik edip çykyş edýärin. Eýran — mert we asylly adamlaryň topragydyr. Olar batyrgaý zenanlaryň mähirli gujagynda terbiýelenip, kämillige we belent maksatlara ýetdiler. Eýranyň taryhy zenanlaryň ýurduň şöhraty ugrunda erkekler bilen deň hatarda, öz janlaryny orta goýup göreşendigine şaýatlyk edýär. Şol bir wagtyň özünde, olar geljekki nesilleri päklikde terbiýelemek ýaly mukaddes borjy hem öz üstlerine aldylar.

Öňdebaryjy zenanlar diňe şahsy gatnaşmak derejesinden çykyp, öz ýurtlarynyň durmuş, ykdysady, hatda ekologik geljeginiň kemala gelmegine täsir edýän zenanlardyr. Olar diňe bir dolandyryş, ylym ýa-da jemgyýetçilik ugurlarynda işjeň bolman, eýsem, ösüşe hemmetaraplaýyn garaýyş arkaly ösüşiň maksatlaryny täzeden kesgitleýärler.  Şübhesiz, dürli wezipelerde — ene, ýanýoldaş, telekeçi, mugallym, ýolbaşçy ýa-da syýasaty kesgitleýji hökmünde — öňdebaryjy zenanlar çuňňur we uzak möhletleýin täsir etmäge ukyplydyrlar.

Zenanlara maýa goýmak islendik jemgyýetiň has durnukly, deňagramly we çydamly geljeginiň kemala gelmegine ýardam edýär. Aslynda, durnukly ösüş zenanlaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagy bilen utgaşmalydyr. Öňdebaryjy zenanlar meýilleşdiriş we karar kabul etmek işleriniň özeninde ösüşiň esasy ýörelgelerini öňe sürýän güýç hökmünde çykyş edip bilerler we şeýlelikde, milli ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna gönüden-göni goşant goşup bilerler.

Sözümiň ahyrynda şu duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine ýene-de bir gezek hoşallygymy bildirýärin. Şu duşuşygyň netijeleriniň durmuş, ykdysady we medeni ugurlarda öňdebaryjy zenanlaryň ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyna umyt edýärin.

07.10.2026

Akmaral Alnazarowanyň – Gazagystan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministriniň «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogynyň plenar mejlisindäki çykyşy:

– Ilki bilen, şu möhüm halkara çärä gatnaşmaga çakylyk üçin hem-de bize bildirilen mähirli we tüýs ýürekden myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna çuňňur minnetdarlygymy bildirmäge rugsat ediň. Gazagystany Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynam we köpýyllyk hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýan türkmen topragynda açyk we konstruktiw dialog alyp barmak mümkinçiligine ýokary baha berýäris.

Häzirki wagtda Gazagystan öz döwlet-hukuk ösüşiniň möhüm tapgyryny başdan geçirýär. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ýolbaşçylygynda Adalatly Gazagystany gurmak, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny, durmuş adalatlylygyny hem-de mümkinçilikleriň deňligini pugtalandyrmak ugrundaky syýasat yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu özgertmeleriň möhüm tapgyry bolup, 2026-njy ýylyň 15-nji martynda geçirilen umumymilli sala salşykda Gazagystan Respublikasynyň täze Konstitusiýasynyň kabul edilmegi boldy. Täze Konstitusiýa döwletimiziň esasy gymmatlyklaryny – adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny, deňligi, durmuş adalatlylygyny we döwletiň raýatlaryň öňündäki jogapkärçiligini pugtalandyrdy. Zenanlar, maşgala, enelik we çagalyk babatyndaky syýasatymyz hem hut şu ýörelgelere esaslanýar. Gazagystanda gender syýasatynyň hemmetaraplaýyn kanunçylyk we institusional binýady döredildi. Biz halkara borçnamalarymyzy, şol sanda Pekin Jarnamasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Aýallara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda Konwensiýasynyň we Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerindäki borçnamalarymyzy yzygiderli ýerine ýetirýäris.

Gazagystanyň döwlet syýasatynda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak aýratyn orun eýeleýär. Bu diňe saglygy goraýşyň meselesi däl. Bu demografiýanyň, adam maýasynyň we döwletiň geljeginiň meselesidir.

Gazagystan öz tejribesini paýlaşmaga we, öz gezeginde, Türkmenistanyň üstünlikli tejribesini öwrenmäge taýýardyr. Biz şuňa berk ynanýarys: enäniň saglygy — maşgalanyň saglygydyr; çaganyň saglygy — döwletiň geljeginiň saglygydyr.

Sözümi gadymy türkmen paýhasynyň şu sözleri bilen tamamlamaga rugsat ediň: «Agzybirlik – güýçdür». Bu diňe bir sözler däldir. Bu bilelikdäki hereketlere çagyryşdyr. Geliň, her bir zenanyň howpsuzlykda ýaşamaga we ýokary hilli lukmançylyk kömegini almaga mümkinçiligi bolmagy, her bir çaganyň bolsa sagdyn we goragly şertlerde ösmegi hem-de öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge mümkinçiligi bolmagy üçin tagallalarymyzy birleşdireliň. Gazagystan bilen Türkmenistanyň mundan beýläk-de şu möhüm wezipeleri çözmekde ygtybarly hyzmatdaşlar bolup galjakdygyna ynam bildirýärin.

07.10.2026

Dilnozahon Kattahanowanyň – Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň, Zenanlar we maşgala işleri baradaky Döwlet Komitetiniň başlygynyň «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogynyň plenar mejlisindäki çykyşy:

– Ilki bilen, Özbegistanyň wekiliýetiniň adyndan şu günki ýokary derejeli dialogyň geçirilmegi mynasybetli hemmäňizi tüýs ýürekden mübärekleýärin. Şu forumy ýokary derejede gurandygy, bildirilen mähirli myhmansöýerlik we hyzmatdaşlyk üçin döredilen mümkinçilikler üçin türkmen tarapyna çuňňur hoşallygymy bildirýärin.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty otuz ýylyň dowamynda sebitimizde ynamyň we dialog medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna hyzmat edip gelýär. Birleşen Milletler Guramasynyň türkmen tarapynyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmegi bu syýasatyň halkara derejede ýokary ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şu nukdaýnazardan, parahatçylygy we ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň orny baradaky meseläni hut türkmen topragynda ara alyp maslahatlaşýandygymyz aýratyn ähmiýete eýedir.

Özbek we türkmen halklaryny umumy taryh, medeniýet we köp asyrlyk doganlyk gatnaşyklary birleşdirýär. Häzirki wagtda döwletlerimiziň Baştutanlarynyň syýasy erki netijesinde, bu gatnaşyklar hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesinde ösýär.

Bilimli zenan öz çagalary üçin aň-bilimiň çeşmesi, jemgyýetiň durnuklylygy üçin bolsa daýançdyr. Sebitimiz üçin bu mesele aýratyn möhümdir. Biz zenanlaryň bilim almaga we zähmet çekmäge bolan hukugynyň islendik jemgyýetiň durnukly geljeginiň binýadydygyna ynanýarys. 

Özbegistanda Prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň merkezinde adamyň mertebesi durýar. Aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça işler «Özbegistan – 2030» strategiýasynyň hem-de 2030-njy ýyla çenli gender deňligini gazanmak strategiýasynyň esasynda yzygiderli alnyp barylýar. Biziň esasy maksadymyz her bir zenanyň bilim almagy, hünär edinmegi, mynasyp zähmet çekmegi, howpsuzlykda ýaşamagy we öz mümkinçiliklerini doly derejede açyp görkezmegi üçin deň mümkinçilikleri döretmekden ybaratdyr.

Türkmen halkynyň paýhasly nakyly bar: «Abadançylyk agzybirlikdendir». Bu sözlerde şu günki dialogymyzyň ähli manysy jemlenendir: parahatçylyk özara ynam arkaly pugtalandyrylýar, ösüş bolsa jebislik we bilelikdäki hereketler arkaly üpjün edilýär. Zenanlaryň sesi eşidilýän, olaryň bilimi we tejribesi gadyrly görülýän, başlangyçlaryna goldaw berilýän jemgyýet öz geljegini berk binýadyň üstünde gurýar. Şu gün Awazada geçirilýän dialogyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna zenanlaryň mümkinçiliklerini birleşdirmäge hyzmat etjekdigine berk ynanýaryn.

07.10.2026

Sýaozýun Greýs Wanyň – BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogynyň plenar mejlisindäki çykyşy:

– Häzirki wagtda zenanlar milli parlamentlerdäki orunlaryň diňe dörtden birinden gowragyny eýeleýärler, dünýä boýunça ýolbaşçylyk wezipeleriniň bolsa 30 göterimini düzýärler. 2024-nji ýylda geçirilen esasy parahatçylyk proseslerinde gepleşik geçirijileriň diňe 7 göterimi zenanlardan ybarat boldy. Bu ugurdaky görkezijileri has-da gowulandyrmak üçin, bilelikdäki tagallalarymyzyň utgaşdyrylmagy örän möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, sebitde we onuň çäklerinden daşarda zenan liderleri, syýasaty kesgitleýjileri we hyzmatdaşlary bir ýere jemläp, bu meseläni bilelikde ara alyp maslahatlaşmakda mümkinçilik döredendigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlygymy bildirýärin.

Aýallar we gyzlar üçin abadançylyk diňe bir görkeziji bilen ölçenilmeýär. Ol saglygy we bilimi; ykdysady howpsuzlygy we mynasyp zähmeti; durmuş goragyny; zorlukdan we kemsitmelerden azat bolmagy; şeýle hem olaryň durmuşyna täsir edýän karar kabul etmek işlerine manyly gatnaşmak mümkinçiligini aňladýar. Bu ugurlaryň ählisi biri-biri bilen çuňňur baglanyşyklydyr. Päsgelçilikler hem şeýle baglanyşyklydyr. Dünýäde aýallar we gyzlar erkeklere garanyňda tölegsiz ideg we öý işlerine takmynan iki ýarym esse köp wagt sarp edýärler. Bu bolsa olaryň bilim almak, zähmet çekmek, telekeçilik bilen meşgullanmak we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmak üçin bar bolan wagtyna we mümkinçiliklerine täsir edýär. Ösüşe diňe aýallaryň tagallalary bilen ýetmek mümkin däl. Erkekler we oglanlar — maşgalalarda, iş ýerlerinde, edaralarda we jemgyýetlerde — deňligi öňe sürmekde we aýallaryň hem-de gyzlaryň doly gatnaşyp, öz mümkinçiliklerini açyp bilmegi üçin zerur şertleri döretmekde möhüm hyzmatdaşlardyr. Hukuklaryň we borçnamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin olary üpjün edýän kanunlar we syýasatlar, zerur serişdeleri göz öňünde tutýan býujetler, aýallara we gyzlara ýetýän hyzmatlar, boşluklaryň heniz nirede galýandygyny görkezýän maglumatlar hem-de netijeleri üpjün etmek üçin jogapkär institutlar zerurdyr.

Türkmenistan hem bu işlere öz goşandyny goşdy. Hususan-da, şu ýerde, Awazada geçirilen LLDC3 çäresiniň dowamynda zenan liderleriň duşuşygyny guramak, şeýle hem gender deňligi boýunça halkara we parlamentara dialoglary geçirmek arkaly bu ugra goşant goşdy. Şeýle hyzmatdaşlygyň ähmiýeti örän amaly häsiýete eýedir. Bir ýurtda üstünlikli işleýän çözgüt başga bir ýurt üçin görelde bolup biler. Tejribäni täzeden döretmegiň ýerine, ony ýerli şertlere uýgunlaşdyrmak mümkin. Ykdysady gatnaşyklardan we aýallara garşy zorlukdan başlap, howanyň üýtgemegine we sanly özgertmelere çenli umumy meseleler bolsa bilimleriň paýlaşylmagyndan we bilelikdäki hereketlerden peýdalanyp biler.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýylyň Halkara hukuk ýyly diýlip yglan edilmegi möhüm ähmiýete eýedir.  Biziň şu günki duşuşygymyz bilelikdäki möhüm işimiziň netijeliligini artdyrmaga ýardam eder.

07.10.2026
1 2 3 4 5 6 7 ... 95