Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taherini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Katarda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hormatly Prezidentimizi ýakynda Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Nasser bin Ahmed Al Taherini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Katar bilen köptaraply hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň, ýakyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyz bu gatnaşyklary mundan beýläk-de uzak möhletleýin esasda pugtalandyrmagy hem-de täze derejä çykarmagy maksat edinýär. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda yzygiderli ösdürilýär. Ýokary derejedäki özara saparlar bolsa ony has-da ilerletmäge ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürýän başlangyçlaryny ilkinjileriň biri bolup goldaýandygy üçin katar tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Kataryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma we oba hojalyk pudagy, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bilelikdäki türkmen-katar hökümetara toparynyň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ulgamda, türkmen we katar halklarynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek babatda hem giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taheri mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA 

Siziň Alyhezretiňiz!
Gadyrly dostum!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, men jenap Nasser bin Ahmed Al Taherini Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Onuň tutanýerliligi, jogapkärçiligi, şahsy başarnyklary özüne ynanylan wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Nasser bin Ahmed Al Taheriniň Siziň ynamyňyzy hem-de hormatyňyzy gazanmak ugrunda tagallalaryny göz öňünde tutup, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize bagtyýarlyk, türkmen halkyna gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy ýetirende oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Beýik Biribardan Sizi öz penasynda aman saklamagyny dileýärin.

Siziň dostuňyz,

Şeýh Tamim bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň Emiri. 

18.11.2025

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Sammitiň netijeleri sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary türkmen we özbek halklarynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregi goldamak däplerine esaslanýan, strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädimdir.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ýangi Uzbekiston” seýilgähine bardy we bu ýerde “Garaşsyzlyk” ýadygärligine gül goýdy.

Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanly senesi mynasybetli açylan bu medeni-dynç alyş seýilgähi ýurtdaky iň iri seýilgähleriň biridir. Döwlet Baştutanymyzy goňşy ýurduň resmi adamlary we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýadygärligiň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.

Heýkel kompozisiýasynyň ýokarsynda parahatçylygy, azatlygy, hoşniýetliligi hem-de abadançylygy alamatlandyrýan, buýsançly ganatlaryny ýaýyp duran humaý guşunyň şekili ýerleşdirilipdir. “Garaşsyzlyk” ýadygärligi Özbegistanyň, onuň edermen we gaýduwsyz, parahatçylyk söýüji, zähmetsöýer halkynyň şanyna dikeldildi. Onuň eteginde: “Halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran ata-babalarymyzyň mizemez hakydasyna” diýen sözler ýazylypdyr. Ýokardan seretseň, seýilgähiň görnüşi ägirt uly daragty ýatladýar. Şondan bäş şaha uzalyp gidýär. Munuň özi Özbegistany ösdürmek boýunça hereketleriň strategiýasynyň bäş ileri tutulýan ugruny alamatlandyrýar. Toplumda doganlyk özbek halkynyň baý medeni mirasy, beýik serkerdelerdir esgerleriň, alymlardyr akyldarlaryň şekilleri şöhlelendirilipdir. Ýadygärligiň barelýeflerinde Özbegistanyň taryhynyň esasy tapgyrlary, şol sanda ýurduň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýolbaşçylygyndaky Garaşsyzlyk döwri aýdyňlyk bilen şekillendirilipdir.

Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna tarap ugrady. Köşgüň merkezi girelgesinde döwlet Baştutanymyzy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Özbek Lideri belent mertebeli myhmany özbek topragynda mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimize Özbegistana döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Özbegistana sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Şawkat Mirziýoýew däp bolan özbek-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly goşandyny belläp, türkmen halkynyň Milli Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan hem-de Özbegistan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň baý many-mazmunly gün tertibini kemala getirdiler. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde özara hyzmatdaşlyk depginli ösüşi bilen tapawutlanýar. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Özbegistanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiziň şu gezekki döwlet saparynyň iki halkyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň beýany bolup durýandygyny nygtady.

Dostlukly ýurduň Baştutany söwda, ulag, energetika, suw hojalygy ulgamlarynda we beýleki möhüm ugurlarda amala aşyrylan bilelikdäki işe ýokary baha berip, şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň bitiren ägirt uly hyzmatyny aýratyn nygtady. Prezident Şawkat Mirziýoýew iki ýurduň arasynda özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň soňky ýylda iki esse artdyrylandygyny aýdyp, harytlaryň görnüşlerini giňeltmegiň we erkin söwda tertibini netijeli ulanmagyň hasabyna bu görkezijini ýene-de köpeltmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle-de senagat kooperasiýasyny giňeltmek maksady bilen, gurluşyk serişdelerini, derman serişdelerini, azyk önümlerini we beýleki isleg bildirilýän harytlary öndürmek boýunça täze taslamalara işewür toparlary işjeň çekmegiň möhümdigi bellenildi. Energetika ulgamynda netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ulag ulgamy iki ýurduň ykdysadyýetlerini baglanyşdyrýan wajyp pudak bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýük daşamalaryň möçberiniň artdyrylýandygy, gümrük-logistika amallarynyň ýeňilleşdirilýändigi aýdyldy. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň syýasy-diplomatik ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup çykyş edýändigini belläp, halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň garaýyşlarynyň köp babatda gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny aýtdy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny, halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin özbek tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyzyň halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklar barada aýdyp, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň möhüm ähmiýetini belledi we biziň sebitimiziň taryhyň dowamynda Gündogaryň we Günbataryň arasynda medeniýet köprüsi, dialog hem-de hyzmatdaşlyk üçin giňişlik bolup hyzmat edendigine ünsi çekdi.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň netijeli ugry bolmagynda galýar. Söwda-ykdysady ulgam barada aýdylanda, bu hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär we häzirki wagtda söwda, ulag-kommunikasiýalar, ýangyç-energetika toplumy, senagat, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary öz içine alýar. Özara haryt dolanyşygy ösüş depgini bilen tapawutlanýar.

Ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Türkmenistan halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamyna degişli alty sany Kararnamany kabul etdi. Türkmenistan bu ugurdaky syýasatyny durmuşa geçirmegi dowam etdirmek bilen, 2026 — 2035-nji ýyllar üçin “BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny” yglan etmek başlangyjyny öňe sürýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Gündogar — Günbatar ulag geçelgesiniň esasy ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýändigini aýratyn nygtap, Hytaýyň, Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň ulag ulgamlaryny utgaşdyrmaga ýardam berýän zerur infrastrukturany hem-de şertleri döretmek üçin tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan we ondan aňryk Hazar deňzine, Pars aýlagyna çykýan ulag ugrunyň ähmiýetine üns çekildi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň Milli Lideri bilen ozal geçirilen ýokary derejeli duşuşykda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan türkmen-özbek serhedinde dünýäniň iri ulag kompaniýalaryny we halkara maliýe institutlaryny çekmek arkaly Farap — Olot ulag-logistika merkezini döretmek baradaky meselä seretmegiň teklip edilendigini aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurda bilelikdäki işe taýýardygyny tassyklady.

Energetika ulgamy iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasy Özbegistana eksport edilýär. Gaz pudagynda hem netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu hyzmatdaşlygy özara kabul ederlikli şertlerde çuňlaşdyrmaga taýýardygyny, gaz ulgamynda strategik hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şeýle hem oba hojalygy, himiýa senagaty, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, gurluşyk senagaty, ekologiýa tehnologiýalary, dokma we derman senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak wajypdyr.

Suw meselesi ikitaraplaýyn we sebit gatnaşyklarynda möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň suw-energetika meselelerine halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda garalmalydygyndan, çözgütleriň özara hormat goýmak we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda kabul edilmelidiginden, suw meseleleriniň halkara guramalaryň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylmalydygyndan ugur alýandygyny belledi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Taryhyň, diliň, däp-dessurlaryň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy bu ugurdaky gatnaşyklaryň berk binýadyny emele getirýär. Medeniýet ulgamynyň wekilleri iki ýurtda geçirilýän halkara çärelere işjeň gatnaşýarlar. Şeýle-de bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, şol sanda lukmançylyk bilimi babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Häzirki wagtda Arkadag şäherinde ylmy-barlag, bejeriş we önümçilik kuwwatlyklaryny özünde jemleýän iri lukmançylyk klasterini döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz bedenterbiýe we sport ulgamlarynda gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyna-da ünsi çekdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüniň ahyrynda türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmäge şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary sanly ulgam arkaly Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Ilki bilen, özbek tarapyndan Horezm welaýatynyň ýaşaýjysyna söz berilýär. Ol şeýle desganyň gurlup berlendigi üçin Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentlerine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini açmaga ak pata bermeklerini haýyş etdi.

Soňra türkmen tarapyndan Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysyna söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentlerine hoşallyk sözlerini aýtdy we Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylyşyna ak pata bermeklerini haýyş etdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew şu günki taryhy wakanyň ähmiýetini belläp, gadymdan gelýän dostlukly özbek-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze derejä çykarylýandygyny, ony has-da pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalaryny nygtady we söwda merkezini açmaga ak pata berdi.

Hormatly Prezidentimiz hem dabara gatnaşyjylary bu taryhy waka bilen gutlap, Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegine ak pata berdi. Şol pursatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri serhetýaka söwda merkeziniň türkmen hem-de özbek bölekleriniň girelgesindäki toý bagyny dabaraly ýagdaýda kesýärler. Soňra serhetýaka söwda merkezi barada taýýarlanan wideoşekil görkezildi.

Açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — “Ýokary derejeli dostluk” (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimizi we dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyza Özbegistanyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle çözgüdiň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa goýulýan hormatyň, döwlet Baştutanymyzyň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy, özara ynanyşmagy, strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlarynyň Özbegistanyň halky tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň nyşanydyr.

Özbegistanyň Prezidenti şu günki gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny, hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan ýoly mynasyp dowam etdirýändigini aýdyp, Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýene-de bir gezek gutlady.

“Siz görnükli döwlet işgäri hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, meniň gadyrly doganym Gurbanguly Berdimuhamedowyň işini mynasyp dowam etdirýärsiňiz. Ozal hem belleýşim ýaly, ýurduňyzda adamlaryň abadan durmuşynyň ygtybarly binýadyny döredýän giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Men her gezek doganlyk Türkmenistana baranymda, Siziň baştutanlygyňyzda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň şaýady bolýaryn” diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew nygtady. Dostlukly ýurduň Lideri şu gün geçirilen gepleşikleriň dowamynda Arkadag şäheriniň hemmeler üçin nusgalyk bolup durýandygyny belläp geçendigini aýtdy we Özbegistanyň degişli ýolbaşçylarynyň bu şäherde saparda bolanlarynda, şäheriň infrastrukturasynyň olarda ýakymly täsirleri galdyrandygyny we innowasion şäheri gurmakda doganlyk Türkmenistandan köp zatlary öwrenip boljakdygyna üns çekendigini aýtdy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew iki döwletiň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde köp sanly Kararnamalaryň awtordaşy bolup çykyş edýändiklerini, halkara gatnaşyklarda ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini we bu gatnaşyklaryň beýleki döwletler üçin görelde bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimizi Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagynyň berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de bu sylagyň iki ýurduň arasyndaky berk dostlugyň we strategik hyzmatdaşlygyň nyşanyna öwrülmegini arzuw etdi.

Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti döwlet Baştutanymyza “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglamak baradaky kabul edilen çözgüt üçin Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, bu sylagy Türkmenistanyň halkyna goýulýan ýokary hormatyň nyşany, köpasyrlyk türkmen-özbek doganlyk gatnaşyklarynyň subutnamasy hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, biziň umumy taryhymyz, medeniýetimiz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan we Özbegistan hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň nusgalyk derejesini görkezýärler.

Döwlet Baştutanymyz köpýyllyk bilelikdäki işiň dowamynda syýasat, ykdysadyýet we beýleki möhüm ugurlarda ýokary netijeleriň gazanylmagynyň guwandyryjydygyny aýdyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we oňa berk jan saglyk, döwlet hem-de halkara işlerinde uly üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy.

Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşkent oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Garagalpak Respublikasynyň Ministrler Geňeşiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Kaşkaderýa oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Surhanderýa oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar institutynyň arasynda Türkmen-özbek bilermenler geňeşini döretmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Kanunçylyk we hukuk syýasaty institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda 2026-2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda 2026-2027-nji ýyllarda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; halkara awtomobil ýolagçy we ýük gatnawy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky 1996-njy ýylyň 16-njy ýanwaryndaky Ylalaşyga goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda nebit önümlerini we himiki suwuk ýükleri daşamak üçin demir ýol wagonlaryny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda oba hojalygy babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrliginiň arasynda 2026 — 2030-njy ýyllarda tokaý hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmegiň “Ýol kartasy”; 2013-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga goşmaçalar girizmek hakynda Teswirnama; Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň işi hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Şertnama bar.

Soňra hemmeleriň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Resminamalary alyşmak dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimizi we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, bu taryhy saparyň doganlyk ýurtlaryň arasynda ýola goýlan aýratyn ýakyn gatnaşyklaryň aýdyň güwäsidigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Özbegistanyň we Türkmenistanyň halklaryny köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara goldaw bermek gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Türkmenistan Özbegistanyň iň ýakyn goňşusy, wepaly dosty we ygtybarly strategik hyzmatdaşydyr. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz bilen gepleşikleriň mazmuna baý bolup, açyk we dostlukly ýagdaýda geçendigini nygtady. “Biz hyzmatdaşlygymyzyň netijeleri barada düýpli pikir alyşdyk, gepleşiklerimiziň ähli ugurlary öz içine alýan gatnaşyklarymyzy ösdürmekde, iki doganlyk ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde we ony täze belentliklere çykarmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýarys. Şu gün biz syýasy, söwda-ykdysady, ulag, suw-energetika, medeni-ynsanperwer ugurlarda bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledik” diýip, özbek Lideri belledi.

“Soňky ýyllarda özara söwda dolanyşygy ep-esli artdy. Şunda «Şabat — Daşoguz» serhetýaka söwda zolagyna aýratyn orun degişlidir. Şu gün biz hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen ony işe girizmek dabarasyna gatnaşdyk. Biz bu tejribäni beýleki serhetýaka sebitlerde, ilkinji nobatda, Olot — Farap sebitinde durmuşa geçirmegi maksat edinýäris” diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew sözüniň üstüni ýetirdi. Şeýle-de ol gepleşiklerde energetika meselesine aýratyn üns berlendigini, taraplaryň elektrik energiýasyny ibermekde we üstaşyr geçirmekde hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga, iki ýurduň çäginde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga ygrarlydyklaryny tassyklandyklaryny belledi.

Özbegistanyň Prezidenti sebitara hyzmatdaşlygyň hem möhüm ugurlaryň biridigini, onuň uly gyzyklanma bildirilýän we geljegi uly formatdygyny belläp, muňa bilelikdäki tagallalar arkaly göz ýetirilendigini, Buharada we Türkmenabatda Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň sebitleriniň forumynyň üstünlikli geçirilendigini, ýakyn wagtda Hywada iki ýurduň ähli sebitleriniň gatnaşmagynda üçünji forumyň geçiriljekdigini aýtdy hem-de Hökümetlere bu ugurda ulgamlaýyn iş alyp barmak üçin bilelikdäki “Ýol kartasyny” kabul etmegiň tabşyrylandygyna ünsi çekdi.

“Biz düýn Daşkentde geçirilen ýedinji konsultatiw duşuşygyň netijeleriniň integrasiýa proseslerine we ýurtlarymyzyň jebisligini pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdik. Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde özara goldaw bermegiň tejribesini dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadyk. Sebit hem-de halkara gün tertibiniň ähli möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarymyzyň doly gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin” diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiziň şu gezekki döwlet saparynyň netijeleriniň köp asyrlardan bäri dowam edip gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini, taraplaryň ýurtlarymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi hem-de belent sepgitlere ýetmegi maksat edinýändigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe bildirilen myhmansöýerlik hem-de özara ynanyşmak, düşünişmek ýagdaýynda geçen netijeli, many-mazmunly gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirip, Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde şu gün ýokary derejedäki gepleşikleriň geçirilendigini, olaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygynyň tassyklanandygyny, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda möhüm ugurlaryň kesgitlenendigini hem-de birnäçe möhüm resminamalara gol çekilendigini aýtdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Özbegistan Respublikasyna bu döwlet saparynyň iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge uly ýardam berjekdigine ynam bildirip, Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň wajyp ugurlary boýunça pikir alşylandygyny nygtady.

“Biz berk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygymyzy tassykladyk. Hyzmatdaşlygymyzyň täze tapgyryna has okgunly häsiýeti bermek barada ylalaşyk gazanyldy” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de şunda halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns berlendigini belläp, Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge, energetika we ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, gepleşiklerde umumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn orun berildi, ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de halkara düzümleriň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklary tassyklanyldy. “Daşoguz — Şabat” söwda merkeziniň açylmagynyň ähmiýeti nygtaldy. Şu gün iki ýurduň Prezidentleriniň gatnaşmagynda onuň dabaraly açylyşy boldy. Şeýle-de energetika, ulag-kommunikasiýalar, senagat, oba hojalygy, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ulag ulgamynda taraplar Merkezi Aziýanyň ulag ulgamlaryny birleşdirýän we ýurtlarymyza iri halkara ugurlara çykmagy üpjün edýän döwrebap ulag infrastrukturasyny döretmek boýunça ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirerler. Hususan-da, Türkmenistan Pars aýlagyna we Hazar deňzine çykýan Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan ulag geçelgesini ösdürmek boýunça bilelikdäki işe taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini ulanmak baradaky teklibiň ýene-de bir gezek beýan edilendigini, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag ugrunyň taslamasyny tiz durmuşa geçirmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmegiň möhümdiginiň bellenilendigini aýtdy. Gepleşikleriň dowamynda ekologiýa meselelerine-de aýratyn üns berildi. Şunda Aral sebitinde ekologik we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmaga gönükdirilen esasy sebit düzümi bolan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, taraplar medeniýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Liderine we özbek wekiliýetiniň agzalaryna bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

Soňra Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Daşkent şäheriniň Halkara howa menziline bardylar.

Iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijelerine we gazanylan ylalaşyklara kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyga, özara bähbitlilige, deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini tassykladylar we birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny tamamlap, bu ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Hökümet agzalary hormatly Prezidentimizi Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy — “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglanylmagy hem-de dostlukly ýurda amala aşyran döwlet saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, sebitiň ýurtlary, şol sanda Özbegistan Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi we hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň şu gezekki döwlet sapary Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm tapgyr bolup, onuň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik häsiýete eýedigini tassyklady. Saparyň dowamynda dürli ulgamlarda gazanylan ylalaşyklar, şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklipleri ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin berk binýady döretmäge gönükdirilendir. Bu döwlet sapary diňe bir Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmäge hem uly goşant goşup, ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge ygrarlydygyny aýdyň görkezdi.

***

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalary özbek kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

17.11.2025

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy: gün tertibinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasaty sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şol ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostluk we özara goldaw bermek däpleri birleşdirýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Olaryň durmuşa geçirilmegi umumy abadançylygyň, rowaçlygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär. Biziň ýurdumyz sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge yzygiderli, sazlaşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşmek ugrunda çykyş edýär. Bu bolsa sebitiň diňe bir yklym däl, eýsem, ählumumy derejede hem ornunyň artýandygyny göz öňünde tutmak bilen, aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygyň we strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Häzirki wagtda köpasyrlyk taryhyň, medeniýetiň, diliň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşýan iki doganlyk halky has-da ýakynlaşdyrmak ugrunda yzygiderli tagalla edilýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň syýasy erki bilen türkmen-özbek gatnaşyklary soňky ýyllarda ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykaryldy. Ýokary derejedäki özara döwlet we resmi saparlary döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagyň hem-de açyklygyň aýdyň beýanydyr. Bu işjeň dialog dürli meseleleri, şol sanda halkara giňişlikdäki strategik hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan hem-de Özbegistan halkara guramalaryň çäklerinde möhüm sebit we ählumumy meseleler boýunça garaýyşlaryny utgaşdyryp, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde çykyş edýärler.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Senagat kooperasiýasyny ösdürmäge, bilelikdäki kärhanalary döretmäge, işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini döretmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bu ugurda möhüm ädim boldy. Bu taslama söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, serhetýaka söwdanyň möçberini artdyrmaga, iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Ulag-logistika pudagy-da hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurtlarymyz sebiti dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrýan bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Hazar deňzinde döwrebap port infrastrukturasy bolan Türkmenistan goňşy ýurtlara, şol sanda Özbegistana ulag geçelgelerini döretmek üçin bähbitli ugurlary teklip edýär. Mundan başga-da, ýurtlarymyz strategik taýdan ähmiýetli energetika ulgamynda, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Halk diplomatiýasyny, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Taryhy we ruhy umumylyklar medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýady döredýär. Iki ýurtda özara Medeniýet günleri, festiwallar we maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa baý medeni mirasy gorap saklamaga we wagyz etmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, köpasyrlyk dostlugyň mizemez binýadyna esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklary häzirki günde strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini görkezip, Merkezi Aziýada durnuklylygyň, ykdysady ösüşiň, abadançylygyň möhüm şerti bolup çykyş edýär.

...Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Daşkent şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady.

Howa menzilinde iki ýurduň Prezidentleriniň söhbetdeşligi boldy. Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Özbegistana gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga itergi berjekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Şawkat Mirziýoýewe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň, Prezident Şawkat Mirziýoýew bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ýörite niýetlenen münbere geçýärler. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary nyzama düzülen esgerleriň öňünden geçdiler hem-de Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdagyna hormat-sarpa goýdular.

Soňra Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary sebitiň bäş ýurdunyň arasynda hoşniýetli goňşuçylygy, ynanyşmagy we integrasion prosesleri pugtalandyrmak maksady bilen döredilen möhüm sebit meýdançasydyr. Sammitlerde özara gyzyklanma bildirilýän esasy meseleler boýunça dialogy ösdürmäge üns berilýär. Ykdysady meseleleriň çäklerinde döwlet Baştutanlary haryt dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Mundan başga-da, suw hojalygy, energetika ulgamlarynda tagallalary utgaşdyrmak, şol sanda serhetüsti suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, bitewi energetika ulgamyny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, ylym-bilim, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary ilerletmek bilelikdäki işiň wajyp ugurlarynyň biridir. Her duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannamalar we konseptual maksatnamalar kabul edilýär.

Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, bu dialogda umumy meseleleriň ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz Merkezi Aziýa Ýewropany we Aziýany, Demirgazygy hem-de Günortany baglanyşdyrýan möhüm merkez hökmünde garaýar we üstaşyr ulag arabaglanyşygyny ösdürmäge gönükdirilen gün tertibini öňe sürýär. Hususan-da, ýurdumyz sebit üçin täze bazarlara we deňiz portlaryna ýol açýan multimodal ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalara işjeň gatnaşýar. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri ugrunda çykyş edýär. Konsultatiw duşuşyklarda ýurdumyz sebitde hem-de onuň çäkleriniň daşynda energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen taslamalary öňe sürýär. Türkmenistan energiýa serişdelerini ibermegiň täze ugurlaryny döretmek bilen, sebitde durnuklylygyň, integrasiýanyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar.

Saglygy goraýyş ulgamy öňe sürülýän başlangyçlarda aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça Merkezi Aziýa sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny bellemek gerek. Bu başlangyç Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ylmy hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin uzak möhletli institusional mehanizmleri döretmäge çalyşýandygyny görkezýär. Şeýle-de ýurdumyz bilelikdäki festiwallary, Medeniýet günlerini, ylmy maslahatlary yzygiderli geçirmegi teklip edip, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga uly üns berýär. Türkmenistanyň bu başlangyçlary üstünlikli syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyk üçin zerur bolan özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň berk binýadyny döredip, sebitiň halklarynyň taryhy-medeni umumylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň konsultatiw duşuşyklaryň çäklerindäki başlangyçlary hemişe toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň howpsuzlygyny we durnukly ösüşini üpjün etmegi maksat edinýär. Munuň özi ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlyk formatynda eýeleýän netijeli ornuny tassyklaýar.

...Ýokary derejeli duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan Kongres merkeziniň foýesinde döwlet Baştutanymyzy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Kongres merkeziniň uly mejlisler zalynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hem gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynda türkmen halkynyň Milli Lideri hyzmatdaşlygyň şu formatyna Azerbaýjanyň goşulyşmagy bilen bagly başlangyjy öňe sürdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli myhmanlary mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendikleri üçin hoşallyk bildirdi hem-de şu gezekki sammitiň Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de ol döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň 2026-njy ýylda täze — “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmegi bilen gutlady. Soňra duşuşyga gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylary mübärekläp, bildirilen myhmansöýerlik hem-de şu sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ilham Aliýewi Azerbaýjanyň şu formata doly hukukly agza hökmünde goşulyşmagy bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz sebit derejesinde, şeýle-de halkara meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýakyn syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň sebitiň ähli döwletleriniň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegini talap edýändigine ünsi çekip, ulag, energetika, söwda ulgamlaryny, senagat we tehnologik kooperasiýany hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň hatarynda belledi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Merkezi Aziýa esasy halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde garalýar. Ykdysady, maýa goýum işjeňliginiň Gündogar we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogara geçýändigini nazara almak bilen, sebitimiziň bu ornunyň barha artjakdygy mälimdir. Biziň ýurtlarymyza ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek zerurdyr. Munuň üçin Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşdyrylan geçelgeleri döretmäge girişmek gerek diýip hasaplaýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de döwrebap, köpşahaly, netijeli, durnukly ulag-logistika infrastrukturasyny döretmek üçin tagallalaryň birleşdirilmeginiň döwletlerimiziň strategik bähbitlerine laýyk gelýän mynasyp maksatdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça anyk işleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şunda gürrüň diňe turba geçirijiler bilen baglanyşykly taslamalar barada barmaýar. Bu gün biz elektroenergetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, sebitimizde we onuň töwereklerinde kuwwatly önümçilik, elektroenergiýa sarp ediş ulgamyny döretmegiň möhümdigini nygtaýarys. Şeýlelikde, bolup biläýjek daşarky oňaýsyz şertleriň täsirine durnukly elektrik üpjünçilik ulgamy üçin ygtybarly serişde binýady dörediler.

Senagatda we obasenagat toplumynda önümçilik zynjyrlarynyň döredilmegini, ýurtlarymyzyň çäklerinde dürli ugurly bilelikdäki kärhanalary döretmäge işewür toparlaryň has işjeň gatnaşmagyny, serhetýaka, sebit söwdasynyň giňeldilmegini wajyp wezipeleriň hatarynda görýäris. Deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak, özara düşünişmek, raýdaşlyk esasynda sebitde suw meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna umyt edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Umuman, sebitde ekologik meselelerde, ilkinji nobatda, Araly halas etmek we çölleşmek ýaly meselelerde bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýäris. Merkezi Aziýada ekologik meseleleri çözmäge BMG-niň düzümleriniň gatnaşmagyny, sebitde onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň döredilmegini goldaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Birleşen Milletler Guramasynda ýurtlarymyzyň ylalaşykly ekologiýa diplomatiýasynyň döredilmeginiň, Merkezi Aziýanyň meselelerine halkara jemgyýetçiligiň ünsüniň çekilmeginiň zerurdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň sebitiň ýurtlary üçin möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmek bilen, ýurtlarymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitiň daşarky maýa goýumlar we energetika, ulag, kommunikasiýa hem-de beýleki ulgamlarda iri halkara taslamalar üçin özüne çekijiligini artdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň doganlyk halklaryna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Özbegistanyň Prezidenti çuň manyly çykyşy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak, sebit ulag geçelgelerini döretmek we ösdürmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmek, serhetüsti suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, suw hojalygy ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, “ýaşyl” energetika boýunça taslamalary ilerletmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we onuň täsirlerini peseltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem birnäçe resminamalara gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.

16.11.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy

Hormatly Şawkat Miromonowiç!

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Sizi mübäreklemäge we bildirilen myhmansöýerlik hem-de şu sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Ilham Geýdarowiç Aliýewi Azerbaýjanyň biziň formatymyza doly hukukly agza hökmünde goşulmagy bilen gutlamak isleýärin.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Sebit derejesinde, şeýle-de halkara meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýakyn syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirmegi möhüm hasaplaýaryn.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ägirt uly mümkinçilikleri sebitiň ähli döwletleriniň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegini talap edýär. Ulag, energetika, söwda ulgamlaryny, senagat we tehnologik kooperasiýany strategik ugurlaryň hatarynda bellemek isleýärin.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýa esasy halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde garalýar. Ykdysady, maýa goýum işjeňliginiň Gündogar we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogara geçýändigini nazara almak bilen, sebitimiziň bu ornunyň barha artjakdygy mälimdir.

Biziň ýurtlarymyza ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek zerurdyr. Munuň üçin Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşdyrylan geçelgeleri döretmäge girişmek gerek diýip hasaplaýaryn. Döwrebap, köpşahaly, netijeli, durnukly ulag-logistika infrastrukturasyny döretmek üçin tagallalaryň birleşdirilmeginiň döwletlerimiziň strategik bähbitlerine laýyk gelýän mynasyp maksatdygyna ynanýaryn. Şeýle hem Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça anyk işleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şunda gürrüň diňe turba geçirijiler bilen baglanyşykly taslamalar barada barmaýar. Bu gün biz elektr