Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

 

2026-njy ýylyň 5-nji martynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy  parlamentara duşuşygy geçirildi. 

Parlamentara duşuşykda türkmen tarapy «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ynsanperwer we parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, Mejlisiň alyp barýan kanunçykaryjylyk işi bilen tanyşdyrdy. 

Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň Parlamentara Bileleşigiň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň  Parlament  Assambleýasynyň agzasy bolmak bilen, bu parlament meýdançalarynda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýandygy, Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletleriniň Parlamentleriniň 15-si bilen ikitaraplaýyn parlamentara dostluk toparlarynyň hereket edýändigi hem-de ugurdaş komitetleriň we dostluk toparlarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. 

Häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň hereketlendiriji güýjüne öwrülýän Türkmenistanyň geoykdysady taýdan Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda amatly ýerleşýändigi, sebitleriň arasynda uzak möhletleýin syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygy nygtaldy. 

Duşuşykda 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiň 24-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigiň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ulag infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy we sanlylaşdyrmak, energetika we daşky gurşawy goramak, ynsanperwer we bilim taslamalary boýunça geçirilen duşuşygyň işjeň häsiýete eýe bolandygy bellenildi. Şeýle-de Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň ösüşi, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, ulag we infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly maslahatlaşmalar boldy.

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşmagynda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bilim maksatnamalaryny sanlylaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çärelere ýokary baha berildi. 

05.03.2026

Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň zenan parlamentarileriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

 

2026-njy ýylyň  5-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisinde Pakistan Yslam Respublikasynyň zenan parlamentarileri bilen  wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de milli Parlamentiň düzümi, alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem halkara guramalar, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy, Parlamentara Bileleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlar boýunça giňeldilýändigi bellenildi. 

Taraplar parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigini we ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygyny aýratyn bellediler. 

Pakistan Yslam Respublikasynyň zenan parlamentarileri duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisinde zenan wekilleriniň görkezijisiniň ýokarydygyny, döwlet dolandyryşynda ýaş zenanlaryň ornuny aýratyn nygtamak bilen, munuň ýurtda gender deňligini üpjün etmekde  we döwlet edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmakda gazanylan uly üstünlikdigini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň dowamynda gender deňligini üpjün etmekde, zenanlaryň hukuklaryny goramakda geçirilýän çäreleriň we duşuşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanda adam hukuklary, gender deňligi, çagalaryň hukuklary boýunça hereketleriň milli Meýilnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hem-de bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy, onuň düzüm birlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigi barada aýdyldy.

Şunuň bilen birlikde parlamentara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary yzygiderli esasda ýola goýmak bellenildi. Bu başlangyjyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşmagyna hem-de hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam etjekdigi nygtaldy. 

 

05.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle-de Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda amala aşyrylan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň, Milli goşunymyzy ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmakda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini yzygiderli öwrenmegiň möhümdigini belledi hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Baş prokuror B.Muhamedow milli kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, bu ugurda sanly ulgamy işjeň ulanmak we prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunlaryň we hukuk namalarynyň takyk ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini dowam edip, mundan beýläk-de kanunylygy pugtalandyrmagyň, raýatlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda netijeli işleri alyp barmagyň wajyp wezipe bolup durýandygyny aýtdy hem-de bu babatda Baş prokurora birnäçe görkezmeleri berdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow geçen iki aýda ýurdumyzda hukuk tertibini pugtalandyrmak, düzgün bozulmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kazyýet edaralaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, kazyýet ulgamyny kämilleşdirmegiň barşy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy üpjün etmek, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini, raýatlaryň hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň, kazyýet edaralarynyň işiniň hilini has-da ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Meredow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işler, Watanymyzda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň konstitusion gurluşyny, milli bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek, milli howpsuzlyk edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow geçen iki aýda Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler, bu ugurda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwlet serhediniň dost-doganlyk serhedi bolup durýandygyny belledi hem-de onuň goraglylygyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň işini kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Adalat ministri M.Taganow halkara tejribäni ornaşdyrmagyň hasabyna milli kanunçylyk işini kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bu düzüme sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek işlerini has netijeli dowam etdirmegiň, raýatlara kanunçylygy düşündirmek bilen bagly wagyz-nesihat işlerini geçirmegiň zerurdygyny aýtdy we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şol sanda sanly ulgamy, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna işiň netijeliligini ýokarlandyrmak, gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň gümrük nokatlarynda gümrük düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow migrasiýa hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, düzümi ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýylyň iki aýynda amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, migrasiýa edaralarynyň işini kämilleşdirmegi üns merkezinde saklamagyň, ýokary hilli migrasiýa hyzmatlaryny üpjün etmek boýunça işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

04.03.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Matilda Bogner bilen duşuşyk geçirildi

 

2026-njy ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Matilda Bogner bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň halkara başlangyçlary hem-de bitaraplyk hukuk ýagdaýy we onuň ählumumy parahatçylygy üpjün etmekdäki orny, Birleşen Milletler Guramasy bilen alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň esasy ugurlary barada pikir alşyldy. 

Türkmen tarapy Türkmenistanda adam hukuklary babatda borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen alnyp barylýan işlere,      hususan-da, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmeginde halkara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini belledi. 

Duşuşygyň dowamynda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň sebitiň ýurtlarynyň Hökümetleri, hökümetara guramalary, raýat jemgyýeti, hususy pudak we BMG-niň düzüm birlikleri bilen özara gatnaşyklary kämilleşdirmek, Merkezi Aziýa ýurtlarynda adam hukuklaryny goramaga gönükdirilen meýilnamalary işläp taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan işler barada bellenip geçildi.

Myhman Türkmenistan bilen adam hukuklaryny goramak, gender deňligini üpjün etmek, maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny goramak babatda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi we geljekde bu hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge hemişe taýýardygyny beýan etdi. 

03.03.2026

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde dowam edýän oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we ony talabalaýyk geçirmek maksady bilen, meýdanlary, ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk işleri, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin agrotehniki çäreleriň guramaçylykly geçirilmeginiň oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek we ilatymyzy galla önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda meýilleşdirilen işleriň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk işinde ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň ýokary hilli önüm almaga ýardam berýändigini belledi we häkime welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işer dowam edýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda tekizlemek, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Welaýatda soganyň, kelemiň ekişine girişildi. Şeýle hem häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we häkime bugdaýa ideg etmek hem-de ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde şu ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak ugrunda degişli işler geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Şeýle-de häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri utgaşykly dowam etdirilýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ekerançylyk meýdanlarynda tekizlemek we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda meýilleşdirilen dabaraly çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny nygtap, häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini aýdyp, bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek, jogapkärli möwsümi talabalaýyk geçirmek maksady bilen, meýdanlary hem-de pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Ilaty ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralmanyň we gök ekinleriň ekişini guramaçylykly geçirmek ugrunda degişli işler dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki strategik ornuna ünsi çekdi we möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň önümçilikde ýokary netijeleri gazanmak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, topragyň şorlaşmagynyň öňüni almaga ýardam berýändigini belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ýene bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizlemek, çil we geriş çekmek, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda, ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi, oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine doly taýýar etmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, goşmaça dökünleri bermek işini agrotehniki möhletlerde geçirmegi, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwunyň tutulyşyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişini agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmegiň, Daşoguz welaýatynda bu ekinleriň tohumlaryny we ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine doly taýýar etmegiň, welaýatlaryň bugdaý, pagta öndürijileri bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramy mynasybetli welaýatlarda meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmegiň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde şu ýyl göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

02.03.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

 

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda işler batly depginde dowam etdirilýär. Bu tapgyrda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwrüň nusgalyk şäheri derejesine eýe bolan Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ikinji tapgyrda alnyp barylýan işler, Gahryman Arkadagymyzyň ozal beren maslahatlaryndan ugur alyp, ýaşaýyş jaýlary üçin niýetlenen mebeller, olaryň bezeg aýratynlyklary barada maglumat berdiler. Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäheriniň metjidiniň bezeg işlerine degişli serişdeler görkezildi.

Hajy Arkadagymyz metjidiň bezeg işlerine degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Milli Liderimiz metjidiň ähmiýetini nazara almak bilen, onuň bezeg serişdeleriniň talabalaýyk seçilip alynmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, binanyň daşky we içki bezeg işleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň degişli talaplara laýyk gelmelidigini belledi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň çäklerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşdiriljek mebelleriň, aşhana otaglarynyň enjamlarynyň hiline, berkligine we uzak möhletleýinligine zerur üns bermek babatda maslahatlaryny berdi. Mebelleriň, otag enjamlarynyň maşgala agzalarynyň hemmesi üçin niýetlenendigini nazara alyp, olaryň amatlylygyna, berkligine aýratyn ähmiýet berilmelidir. “Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň özboluşly binagärlik aýratynlyklary, ýokary ekologik derejesi, ýaşaýyş jaýlarynyň suw arassalaýjy serişdeler bilen üpjünçiligi, yşyklandyryş ulgamy halkymyzyň durmuşyna mahsus derejede bolmalydyr. Bu bolsa şäher ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözgüdiniň baş şertini emele getirýär.

Gahryman Arkadagymyz ýol ýakalarynda oturdyljak germewleriň kada laýyk bolmalydygyna ünsi çekip, olaryň sürüjiler üçin howpsuzlyk talaplaryna görä oturdylmalydygyny nygtady. Şeýle hem Milli Liderimiz şäheriň çäklerinde we ýol ýakalarynda oturdyljak bag nahallaryny synlady, nahallaryň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelmelidigini, şäheriň ähli künjekleriniň gür baglyga, ýaşyl bagy-bossanlyga öwrülmelidigini aýdyp, bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Munuň özi şäheriň ýol ýakalarynda, meýdançalarynda, binalaryň aralarynda ekilýän baglaryň hemişe gök öwsüp durmagyna, bu künjegiň ekologik ýagdaýyna oňyn täsir eder.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda ýerleşdiriljek serişdeleriň, şäheriň edara binalarynyň enjamlarynyň görnüşleri, bezeg serişdeleri, “Polatly” binasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere degişli şekil taslamalary görkezildi.

Hormatly Arkadagymyz şekil taslamalary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Şunda durmuş, önümçilik maksatly binalaryň enjamlaşdyrylyşyna, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir. Şeýle-de ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryň bezegleriniň, ýol ýakalaryndaky germewleriň, yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň we beýleki binalaryň hersiniň özüne mahsus bezeg serişdeleri bilen üpjün edilmelidigine üns çekildi. Saýlanyp alnan bezeg serişdeleri ýagyş-ýagmyra, Gün şöhlesiniň täsirine çydamly bolmalydyr. Olaryň uzak möhletleýin kadalara laýyk gelmegi möhüm talapdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri edara binalarynyň mejlisler jaýlarynyň, iş otaglarynyň enjamlaşdyrylyşynyň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelmelidigini, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belledi we iş orunlarynyň amatlylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýdyp, bu babatda degerli maslahatlaryny berdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

D.Orazow häzirki döwürde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Lukmançylyk klasteriniň binalarynyň, täze seýilgähiň gurluşygy batly depginde dowam edýär.

Gahryman Arkadagymyz şäheriň lukmançylyk klasterine degişli binalaryň, şol sanda beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigine ünsi çekdi. Arkadag şäheriniň çäklerinde guruljak täze binalaryň we desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, Milli Liderimiz bu ýerde ýokary ekologik ýagdaýyň üpjün edilmegi babatda maslahatlaryny berdi.

G.Mämmedowa häzirki döwürde şäheriň çäklerinde alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri, öňde boljak şanly seneleri mynasyp dabaralandyrmak ugrunda görülýän taýýarlyk işleri, Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly eneleri hormatlamak we baýramçylygyň hormatyna maşgalalary täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada maglumat berdi. Ol şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 5 ýyl dolýandygyny nazara alyp, Arkadag şäheriniň häkimliginiň haýyşy boýunça bu senäni ýokary derejede dabaralandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe teklipler bilen Gahryman Arkadagymyza ýüzlendi.

Milli Liderimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň, ilaty täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabarany geçirmegi makullap, onuň anyk meýilnamasynyň taýýarlanylmalydygyny belledi we bu işe ýurdumyzyň medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň işjeň çekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Dabaralaryň guraljak ýerini kesgitlemek, onuň medeni maksatnamasyny taýýarlamak meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy alyp barýan işlerinde we kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde degişli ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňra ahalteke atlaryna aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz Ahalteke atçylyk toplumynda behişdi bedewler bilen didarlaşdy we Hanbeg atly bedewe atlanyp, birsellem gezim etdi. Munuň özi ynsanyň hem bedewiň birek-birek bilen baglanyşygynyň çuňňurdygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär. Türkmen bedewleriniň taryhyna, ahalteke atlarynyň özboluşly aýratynlyklaryna bagyşlanan birnäçe eserleri döreden Milli Liderimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap atçylyk sport toplumlary guruldy. Atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bedewleriň asyl mekany bolan Türkmenistanda bu ugra degişli alnyp barylýan işler, atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlyk täze derejä çykdy. Halkara maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edilen Watanymyzda atçylyk pudagynyň derwaýys meselelerini öz içine alýan maslahatlar, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň meýilnamasyny tassyklady.

...Aty seýislemek we çapmak boýunça baý tejribe toplan Gahryman Arkadagymyz bedewi gorgunyna goýberdi. Bu ajaýyp pursatda ösüşleriň belentliklerini nazarlaýan ýurdumyzyň okgunly gadamlary öz beýanyny tapýar. Şu günler gözel künjekde ynsan ruhuna ýakymly täsir edýän howa gurşawy emele geldi. Dag etekleriniň salkyn howasy, bu ýerleriň özboluşly tebigy aýratynlyklarynyň sazlaşygy göwün göteriji duýgulary döredýär.

Milli Liderimiz Hanbeg atly bedew bilen gezelenji tamamlap, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda atçylyk pudagy boýunça birnäçe halkara çäreleriň meýilleşdirilendigini aýdyp, olaryň guramaçylykly geçirilmegine, çärelerde behişdi bedewlerimiziň dünýädäki abraýynyň öz beýanyny tapmagyna, bu işlere degişli ugur boýunça bilim alýan talyplaryň işjeň çekilmegine zerur üns berilmelidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlaryny berdi we alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

 

Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

28.02.2026

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwletimiziň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli, şeýle-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň 23-24-nji fewralda Gruziýa amala aşyran saparynyň netijeleri barada aýdyldy. Saparyň dowamynda dostlukly ýurduň Prezidenti, Premýer-ministri we parlamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyklar geçirildi. Olar hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň nyşanlaryny, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralaryny ýokary derejede guramak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň, Halkara zenanlar güni mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň we onuň düzümleriniň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak işlerini ýokary hilli alyp barmak, synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Şu babatda baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde daşary ýurtlaryň akkreditasiýa boýunça esasy edaralary bilen hyzmatdaşlyk barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkara standartlar boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan degişli infrastruktura taslamasyny durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we ugurlaryny giňeltmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, harytlyk gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz “Türkmengaz” döwlet konserniniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizlemek, geriş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça işler geçirilýär. Welaýatlarda ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, bu ekinleriň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ýazlyk ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini geçirmek babatda zerur çäreler görülýär.

Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy we ilatymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky tokaý hojalyklarynda saýaly, pürli we çöl ösümlikleriniň nahallaryny ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlamak işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmegiň wajypdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki işleri öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumy tarapyndan, hususan-da, paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabat şäherini bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin has amatly şertleri döretmek, baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde, seýilgählerde, bag ekilen ýerlerde, suw çüwdürimlerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş, dürli görnüşli bezeg baglaryny ekmek işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabat şäherinde Halkara zenanlar güni we Milli bahar baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere paýtagtymyzda baýramçylyk çäreleri bilen bagly abadanlaşdyrmak we bezeg işlerini geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli sergini hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu çärelere gatnaşmaga isleg bildiren daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalaryň 70-e golaýy hasaba alyndy hem-de gatnaşyjylary hasaba almak işi dowam edýär. Foruma türkmen tarapyndan degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmäge we telekeçilik işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulan sergini, “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forumy ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk dabaralarynyň, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Ene hüwdüsi — iň kämil eser” atly dabaraly maslahatyň we serginiň, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Ogulabat ejäniň el hünäri türkmen zenanlarynyň görelde mekdebidir” atly maslahatyň we serginiň, Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Şekillendiriş sungatynda zenan waspy” atly serginiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen bäsleşikleriň jemini jemlemek meýilleşdirilýär. Bulardan başga-da, teatrlarda sahna oýunlaryny, kinoteatrlarda, kinokonsert merkezlerinde türkmen filmleriniň görkezilişini hem-de baýramçylyk konsertlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek baýramçylyk konsertine gowy taýýarlyk görmegi, ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow ýurdumyzda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň halkara talaplaryna laýyk gelýän ylmy-kliniki merkezleri, hassahanalary, şypahanalary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurmak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda toplanan oňyn tejribeler üstünlikli amal edilýär. Munuň özi ilatyň saglyk ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan ählumumy ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň ösdürilmegine, bu ugurda ýurdumyzyň halkara abraýynyň berkidilmegine ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda lukmançylyk ylmyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny” taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew awtomobil ulagy pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin milli kanunçylygy halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, bu ugurda ýurdumyzyň goşulan halkara konwensiýalaryny netijeli ýerine ýetirmek maksady bilen, Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan milli düzgünleri halkara resminamalaryň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda awtomobil ulagy pudagyny ösdürmekde, ulag howpsuzlygyny üpjün etmekde kanunçylyk işiniň halkara kadalar esasynda kämilleşdirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara ulag gatnawlarynda sürüjileriň iş we dynç alyş düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi kämilleşdirmek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde eziz enelerimize uly ornuň degişlidigini belledi. “Olaryň zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýy has-da belende göterilýär. Şoňa görä-de, mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy örän uludyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzda 8-nji martda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak we ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak çärelerini guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

27.02.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşygy

 

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzä Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostlukly salamlaryny, hoşniýetli sözlerini we Gruziýanyň halkyna  iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

D.Gulmanowa duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda köp ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda dostlukly gatnaşyklaryň işjeň ösdürilip, ikitaraplaýyn görnüşde we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak bilen, has-da berkidilýändigini aýtdy.

 

Taraplar türkmen-gruzin parlamentarileriniň ikitaraplaýyn saparlarynyň we duşuşyklarynyň, şol sanda Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygynyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň hem-de türkmen wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň möhüm ähmiýetini bellemek bilen, geljekde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň has-da durnukly häsiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdiler. 

Şeýle hem özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hökümetara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda parlament diplomatiýasyna möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar we bu ugurda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini goldamaga taýýardyklaryny beýan etdiler. 

 

 

 

24.02.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen duşuşygy boldy

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen duşuşygy boldy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy duşuşygyň barşynda Gruziýanyň Prezidentine Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostlukly salamlaryny, hoşniýetli sözlerini we Gruziýanyň halkyna  iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen tarapy iki ýurduň arasynda köp ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak bilen, işjeň ösdürilýändigini belledi. 

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlyga uly ornuň degişlidigi bellenildi. Bu hyzmatdaşlygyň bolsa halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaga, döwletara gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga ýardam berýändigi nygtaldy. 

Şunuň bilen birlikde, ýokary derejede guralan saparlaryň we duşuşyklaryň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň, gol çekilen bilelikdäki resminamalaryň ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli hem-de dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda has-da işjeňleşmegine itergi berýändigi bellenildi.

Iki döwletiň arasynda energetika, ulag-logistika, senagat babatda, şol sanda täze tehnologiýalary dürli pudaklara ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi ykdysady ösüşlere oňyn täsir edýär. 

Duşuşygyň ahyrynda türkmen-gruzin dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň geljekde täze belentliklere ýetjekdigine ynam bildirildi. 

 

 

 

24.02.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gruziýa resmi saparynyň dowamynda gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar

2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti meýilnama laýyklykda, Tbilisi şäherindäki Gahrymanlar meýdanynda Gruziýanyň gahrymanlarynyň hormatyna gül dessesini goýmak dabarasyna gatnaşdylar.

24.02.2026

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, ekini goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam edýär. Pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek maksady bilen, gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edip, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, beýleki azyklyk ekinleriň ekiljek ýerlerini we tohumyny taýýarlamak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işleriň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň oba hojalyk önümçiliginde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek işleri dowam edip, häzirki wagtda ýuwuş suwuny tutmaga girişildi. Pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýar etmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Ilaty ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda azyklyk ekinleriň ekiljek meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş işleri geçirilip, olaryň tohumyny ekişe taýýarlamak ugrunda degişli işler dowam edýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini belledi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, sebitde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklar berildi.

Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý meýdanlarynda goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri hem utgaşykly dowam etdirilýär. Ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary doly taýýar edilip, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edip, bu işleri agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häkime welaýatda bugdaýa ideg etmekde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegini, gowaçanyň ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri guramaçylykly dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk, agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek üçin bar bolan serişdelerden we mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny belledi hem-de häkime bu babatda degişli görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, möwsümleýin işleriň çäklerinde häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş, çil çekmek hem-de ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ilaty ýeralma, gök-bakja, beýleki azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda bu ekinleriň ekişi guramaçylykly geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam edýän esasy pudaklaryň biri hökmünde oba hojalygynyň möhüm ähmiýetini belledi we wise-premýere pudagy döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek, önümçilige sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizlemek, çil we geriş çekmek, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagyny, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi, oba hojalyk tehnikalarynyň ýazky ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, goşmaça dökünleri bermek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini hem-de bugdaý meýdanlarynda ösüş suwunyň tutulyşyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişiniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegini, Daşoguz welaýatynda bu ekinleriň tohumynyň, ekiljek ýerleriniň möwsüme doly taýýar edilmegini, welaýatlaryň bugdaý we pagta öndürijileri bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, sebitlerde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

23.02.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa sapary: parlamentara gepleşikleriň berkidilmegi we hyzmatdaşlygyň geljegi

 

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň we Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň ýolbaşçylygynda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň yzygiderli we ulgamlaýyn esasda ösýändigini hem-de özara bähbitli ugurlaryň giň gerimini öz içine alýandygyny bellediler. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde özara düşünişmegi berkitmegiň we ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça tutýan orunlaryny utgaşdyrmagyň wajyp guraly bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklary aýratyn ähmiýete eýe bolýar. 

Ýola goýlan parlamentara gatnaşyklaryň ösüş häsiýeti, ýokary derejedäki parlament saparlarynyň uly orny, şeýle hem parlamentara dostluk toparlarynyň her ýylky duşuşyklarynyň ähmiýeti bellenip geçildi. Hyzmatdaşlygyň bu formaty döwletara gatnaşyklary berkitmegiň möhüm guraly bolup çykyş edýän we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berýän parlament diplomatiýasynyň esasy ugry bolup durýar.

Taraplar kanunçylyk başlangyçlaryny we bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmäge, tejribe alyşmaga we ugurdaş komitetleriň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem yzygiderli we netijeli gepleşikler üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berdiler. Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaş parlamentariler toparynyň we Gruziýanyň Parlamentiniň ýaş parlamentarileriniň, şeýle hem zenan parlamentarileriniň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle hem taraplar Halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary özara goldamak tejribesini mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gruziýanyň Parlamentinde Hormatly myhmanlaryň kitabyna ýazgy galdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Gruziýanyň Parlamentiniň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Taraplar bu resminamanyň parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek we ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin ygtybarly esas boljakdygyna ynam bildirdiler.

23.02.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gruziýa resmi sapary başlandy

 

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleri, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary halkara jemgyýetçiligine ýetirmek, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň Tbilisi şäherine resmi sapary başlandy.

23.02.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary

Gahryman Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gelende, dostlukly ýurduň Halkara howa menzilinde mähirli garşylanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurda amala aşyran saparynyň çäklerinde «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Jon Riz türkmen halkynyň Milli Liderini ABŞ-da görýändigine örän şatdygyny nygtap, özüniň Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Aşgabadyň binagärlik keşbiniň özünde oňyn täsirleri galdyrandygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň, dynç alyş ulgamynyň we syýahatçylygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Munuň özi ýurdumyzda ählumumy durnukly ösüşiň strategik ugry hasaplanýar. Şunda Türkmenistanda sportuň hem-de syýahatçylygyň häzirki zaman düzüminiň döredilendigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlan golf meýdançalarynyň görnüşleri görkezildi. Nygtalyşy ýaly, sporty we dynç alşy özünde jemleýän golf meýdançalary ekologik ýagdaýyň durnukly saklanmagynda, bu ugur boýunça täzeçil çözgütleriň kabul edilmeginde wajyp şert hökmünde ykrar edilendir.

Milli Liderimiz dünýäde öňdebaryjy hasaplanýan “Nicklaus Companies” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny, Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Aşgabatda gurlan golf meýdançasynyň şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygyny aýdyp, hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň şeýle merkezleriň gurulmagy bilen bagly meseleler babatda hyzmatdaş kompaniýanyň tekliplerini öwrenmäge taýýardygyna ünsi çekdi.

Saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan kompaniýanyň ýolbaşçysy dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hem-de halkara gatnaşyklary ösdürmek üçin degişli kanunçylyk binýady üpjün edilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle-de Jon Riz Milli Liderimizi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, Arkadag şäherinde gurulmagy möhüm hasaplanýan birnäçe taslamalar bilen tanyşmaga çagyrdy.

Gahryman Arkadagymyz taslamalar bilen içgin tanşyp, Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda golf meýdançalarynyň gurulmagynyň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köpçülikleýin bina edilýän durmuş maksatly desgalaryň üstüni ýetirjekdigini belledi hem-de “Nicklaus Companies” kompaniýasy bilen netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Jon Riz Türkmenistanda golf sportunyň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilmeginiň örän guwandyryjy ýagdaýdygyny nygtap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ykdysady taýdan kuwwatly ýurduň dürli künjeklerinde golf meýdançalaryny gurmak baradaky teklipleri hödürlemäge we desgalaryň gurluşygyna girişmek üçin zerur taýýarlyk işini alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy taslamalar bilen tanyşlykdan soňra, “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.

Erik Stýuart Gahryman Arkadagymyzy ABŞ-da görýändigine şatdygyny aýdyp, amerikan işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.

Milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilýändigini, şunda iki ýurduň işewür düzümleriniň bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklaryny belledi we birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenendigi bellenildi. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň we ABŞ-nyň işewür düzümleriniň arasynda geljegi uly ugurlar boýunça gatnaşyklary ilerletmekde wajyp ähmiýeti bolan duşuşyklary yzygiderli guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Nygtalyşy ýaly, köp ýyllaryň dowamynda “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Case” “Nicklaus Companies” ýaly iri amerikan kompaniýalary Türkmenistanda möhüm taslamalary durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz birnäçe ýyllaryň dowamynda iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy. “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory iki ýurduň ykdysady düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Milli Liderimiz hem-de Erik Stýuart birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerlediljekdigine ynam bildirdiler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Panther” milli golf klubuna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy hem-de golf klubunyň wekilleri meýdançalaryň gurluş aýratynlyklary, onuň özboluşly şertleri barada gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda-da golf bilen köpçülikleýin meşgullanmak üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär.

Milli Liderimiz meýdançalaryň abadanlaşdyrylyşy, hil derejesi bilen tanşyp, Aşgabatda hereket edýän golf meýdançasynyň ýaşlaryň söýgüli künjegine öwrülendigini aýtdy. Ýurdumyzda golf meýdançalarynyň sanyny artdyrmagyň meýilleşdirilýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda oňyn tejribe toplan amerikan hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi.

Golf klubunyň wekilleri türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmagyň we bilelikdäki golf ýaryşlaryny geçirmegiň özleri üçin hormat boljakdygyny nygtadylar.

Gahryman Arkadagymyz “Sandhill Crane Golf Club” okuw-türgenleşik merkezi bilen tanyşdy. 1992-nji ýylda açylan bu merkez häzirki wagtda gelim-gidimli ýerleriň biri bolup durýar. Bu ýerde dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän dokma senagatyna degişli önümleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda arassa nah ýüplüklerden taýýarlanan sport lybaslarynyň dürli görnüşleri görkezildi. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda öndürilen, “Türkmenistanda öndürildi” nyşanly harytlara möhüm orun berildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň arassalygy, ekologik derejesi bilen ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýän önümleri dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän harytlar hökmünde ykrar edilýär.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu toplumyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Merkezde türgenleşik işleri sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly geçirilýär. Şeýle-de ol tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyz merkeziň mümkinçiliklerine ýokary baha berdi we bu ugurda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe boljakdygyny belledi. “Golf sporty häzirki wagtda dünýäde meşhur sport görnüşleriniň biri bolup durýar. Bu sporta ýaşlaryň arasynda gyzyklanmalar barha artýar. Ýurdumyzda golf sportuny ösdürmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär” diýip, Milli Liderimiz nygtady. Şeýle hem bu ugur boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemegiň wajypdygyny aýdyp, hormatly Arkadagymyz ekologik abadançylygyň möhüm şertleriniň biri bolan golf meýdançalarynyň köpçülikleýin gurulmagynyň adamlaryň, şol sanda ýaşlaryň saglygynyň berkidilmeginde aýratyn orun eýeleýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, golf sporty boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin wagtyň synagyndan geçen netijeli gural hökmünde golf meýdançalarynyň ähmiýetine üns berildi.

Gahryman Arkadagymyz golf klubunyň wekillerine üstünlikleri arzuw etdi we olara netijeli duşuşyk üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri “La Victoria” atçylyk toplumyna bardy. Bu toplum atşynaslar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryndan, athanalardan, türgenleşik meýdançasyndan, suw çüwdürimli kölden we beýleki ugurdaş desgalardan ybarat. Onda athanada saklanýan atlar üçin ýataklar, atlaryň seýislenilýän ýerleri, ýapyk manež, at eýerlerini we beýleki esbaplaryny saklamaga niýetlenen otaglar bar. Şeýle hem açyk meýdanda atlary suwa ýakmak üçin ýer döredilipdir.

Hormatly Arkadagymyz atçylyk toplumynyň bedewleri, olaryň saklanyş şertleri bilen tanşyp, bu ýerde atlary bäsleşiklere taýýarlamaga niýetlenen mümkinçilikler, seýisleriň iş tertibi bilen gyzyklandy. Bu iri toplumda atçylyk sporty boýunça bäsleşikleri guramak, atçylyk sportunyň konkur görnüşi boýunça halkara ýaryşlary geçirmek üçin ähli zerur şertler bar. Bu ýerde konkur boýunça halkara bäsleşikler birnäçe aýlap dowam edýär. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň arasynda atçylyk sporty boýunça ýygjam gatnaşyklary ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda türkmenistanly we ABŞ-ly atşynaslaryň, atçylyk sporty bilen meşgullanýanlaryň arasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ähmiýetli bolar.

Gahryman Arkadagymyz atçylyk toplumynyň wekilleriniň özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça teklipleriniň öwreniljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde ýurduň tanymal syýasatşynaslary, işewürleri bilen duşuşdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy işewürler Stiw Winn, Aýzek Perlmutter, “Oxbow Group” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Wilýam Koh mähirli garşyladylar.

Milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny, köp sanly amerikan kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barýandyklaryny, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda ozaldan gelýän özara hereketleri pugtalandyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Işewürler işjeň ýagdaýda geçen duşuşyk üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan edip, geljekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň “John Deere Walldorf International GmbH” kompaniýasynyň Baş direktory, GDA we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalygy ugry boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýko bilen duşuşygy boldy.

Çaba Leýko bu duşuşygyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyza Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi hem-de bu saparyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlykda oba hojalygy boýunça gatnaşyklara möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şeýle hem oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimiziň wajyp pudaklarynyň biridigi, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň bolsa halkymyzyň abadançylygy bilen gönüden-göni baglydygy aýdylyp, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygy nygtaldy. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň yzygiderli goldaw bermegi esasynda ýurdumyzda obasenagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. Bu toplumyň işine öňdebaryjy tehnologiýalar, dünýäniň iň gowy tejribesi ornaşdyrylýar. Daýhanlara döwrebap tehnikalar satyn alnyp berilýär.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, “John Deere” kompaniýasy bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň uzak möhletli häsiýete eýedigine üns berildi. Bu kompaniýa obasenagat ulgamynda Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Işjeň gatnaşyklaryň 30 ýyldan gowrak döwrüniň içinde kompaniýanyň Türkmenistana iberýän dürli görnüşli oba hojalyk tehnikalarynyň sanynyň artmagy hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Obasenagat toplumy üçin niýetlenen “John Deere” kysymly ýöriteleşdirilen tehnikalar ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde netijeli işledilýär.

Türkmenistan üçin ýokary bilimli ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlarynyň biridir. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilmegi üçin uly mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda bu kompaniýanyň kuwwatly tehnikalarynyň müňlerçesi ulanylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we “John Deere” kompaniýasynyň netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hyzmatdaşlyk has-da işjeň häsiýete eýe bolar.

Duşuşygyň ahyrynda Çaba Leýko Gahryman Arkadagymyza netijeli söhbetdeşlik hem-de kompaniýa bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “John Deere” kompaniýasynyň öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşyp, gepleşikleriň dowamynda maslahatlaşylan meseleler, gazanylan ylalaşyklar we kesgitlenen wezipeler barada pikir alyşdy.

Jon Riz Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň ýokary derejede geçendigini hem-de onuň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, ABŞ-nyň işewür düzümleriniň wekilleri bu saparyň netijelerine ýokary baha berdiler.

Milli Liderimiz amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalarynyň ähmiýetlidigine ünsi çekip, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny, şunda Türkmenistanyň özara bähbitli, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Pikir alyşmalaryň dowamynda geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary ýokary derejede ýerine ýetirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we Arkadag şäherinde golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýdyp, bu babatda özara tejribe alyşmagyň meselelerine ünsi çekdi.

Jon Riz Milli Liderimiz bilen bolan duşuşykdan soňra, Türkmenistanda golf meýdançasyny gurmagyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilendigini habar berdi. Bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň kenarynda guruljak golf toplumy sportuň bu görnüşine höwes edýän ýaşlar üçin niýetlenen iki sany meýdançany öz içine alar. Olaryň birinde özara bäsleşikleri guramak mümkinçiligi üpjün ediler. Bu meýdançada golf klubunyň agzalary dürli türgenleşikleri geçirip bilerler we onda halkara ýaryşlary guramak babatda mümkinçilikler dörediler. Kaşaň myhmanhanalary, şypahanany, ajaýyp akwoparky özünde jemleýän gözel Awazanyň çäginde golf meýdançalarynyň gurulmagy bu künjegiň Merkezi Aziýada ähmiýetli şypahana zolagy hökmündäki derejesini has-da pugtalandyrar.

Duşuşygyň dowamynda Arkadag şäheriniň tebigy aýratynlyklarynyň golf meýdançasyny gurmak üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýändigi bellenildi. Munuň özi bu ugur boýunça gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejesine çykmagyny üpjün eder. Mälim bolşy ýaly, “Nicklaus Companies” kompaniýasy 50 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda dünýä derejeli golf meýdançalarynyň 450-den gowragyny gurdy. Olar ABŞ-nyň ştatlarynyň 40-synda, ýurtlaryň 50-sinde işjeň hereket edýär. Munuň özi dünýäde golf sportunyň ösdürilmegine goşulan mynasyp goşantdyr. Türkmenistanda bu görnüşiň işjeň ösdürilmegi ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki sport abraýyny has-da belende göterer.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň, dynç alyş ulgamynyň we syýahatçylygyň ösdürilmeginiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Duşuşygyň ahyrynda Milli Liderimiz we Jon Riz geçirilen duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aýdyp, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler hem-de bu duşuşygyň täze başlangyçlara badalga bolandygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparyny tamamlap, dostlukly ýurduň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden ugrady. Birnäçe sagatdan Gahryman Arkadagymyz Germaniýa Federatiw Respublikasyna bardy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahaty hormatly Prezidentimiziň 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek maksady bilen gol çeken Karary esasynda geçirildi. Onda 2026-njy ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar 2026-njy ýyl üçin möhüm maksatlary özünde jemleýär. Çünki ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlarynyň, halkymyzyň tutanýerli zähmetiniň nyşanydyr. Gündogar müçenamasynda ýylky ýyly güýç-kuwwaty, asyllylygy, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin tutanýerli erki aňladýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toý-baýramlaryň bezegine öwrülen bedewleriň halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aýdyp, pederlerimiziň, ussat seýisleriň tagallasy bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilýändigini belledi. Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň döredijilik zehininiň we tebigat bilen sazlaşygynyň ýokary nusgasydyr. Halkymyzyň milli buýsanjydyr. Şoňa görä-de, halkymyz «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar», «Aty baryň ganaty bar» diýmek bilen, öz behişdi bedewlerine uly sarpa goýýar.

Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow türkmen-german gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýär. Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropa sebitinde esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýewropa ýurtlary bilen özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Şeýle hem ilçi behişdi bedewlerimizi wagyz etmek, ahalteke atlarymyzyň geçiriljek halkara ýaryşlara gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz 2026-njy ýylyň 11 — 23-nji awgusty aralygynda Germaniýanyň Aahen şäherinde geçiriljek «FEI World Championship 2026» çempionatyna, sentýabrda Niderlandlar Patyşalygynda boljak ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigine, Fransiýada, Beýik Britaniýada geçiriljek at bilen bagly çärelere gatnaşmagy gazanmagyň we olara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi. “Häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berlen atçylyk toplumlary, aýlawlar, ahalteke bedewleriniň arassa ganlylygyny gorap saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak, bedewleri çapyşyklara taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýär” diýip, Milli Liderimiz nygtady.

Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde boljak çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny belleýän Türkmenistanyň dünýäniň syýasy giňişligindäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagyny, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň has-da artmagyny üpjün eder. Şu maksat bilen, ähli meýilleşdirilen çäreleriň anyk maksatnamalarynyň taýýarlanylmalydygyny, her bir çäräniň döwrebap derejede geçirilmelidigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalarynyň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden Watanymyza ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.

Umuman, Milli Liderimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran sapary netijeli we işjeň geçen duşuşyklara, gepleşiklere baý boldy. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar üçin açykdygynyň aýdyň güwäsidir. Bu saparyň jemleri Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm sahypany açar.

21.02.2026

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda milli hem-de halkara tejribeler öwrenilip, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak bilen baglanyşykly hem-de başga-da hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde Mejlisiň agzalary Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren iş duşuşyklaryna gatnaşdylar. Mundan başga-da, milli parlamentiň wekili BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan geçirilen okuw maslahatyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Türküstan şäherinde iş saparynda boldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, milli kanunçylygymyzy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny bermek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ynsanperwer döwlet syýasatyna laýyklykda, mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza hormat goýmak däbini dowam etdirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň zenan-gyzlaryna gowşuryljak pul serişdeleriniň möçberi kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Diýarymyzda mähriban enelerimize we zenanlarymyza uly hormat goýulýandygyny, olar üçin ähli döwrebap şertleriň döredilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny bermek hakynda Buýruga gol çekendigini aýdyp, wise-premýere baýramçylyk mynasybetli pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler konserniň kärhanalarynyň önümçilik-tehnologik desgalarynyň bökdençsiz, sazlaşykly we ygtybarly işlemegini üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän awtomobil ýollaryny, köprüleri gurmak boýunça Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işlerde ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmäge, Türkmenistanyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini artdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýolgurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, pudagyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýük awtoulag we ýolagçy gatnawlaryny üstaşyr geçirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen, Daşoguz welaýatyny paýtagtymyz Aşgabat şäheri bilen baglanyşdyrjak Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek hem-de bu ýoluň ugrunda täze köprini gurmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň ýurdumyzyň esasy ýollarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýoluň durkuny täzelemek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu kärhanalaryň has-da netijeli işlemegini üpjün etmek, olaryň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, işgärleriň zähmet çekmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek babatda degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary hilli dokma önümlerini öndürýän kärhanalaryň öndürijilikli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Dokma senagaty ministrliginiň edara-kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny berkitmek bilen bagly taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, mart aýynyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli dürli çäreleriň we dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň, şol sanda “Talyp gözeli”, “Iň eýjejik gyzjagaz”, “Zenan — Zeminiň zynaty”, “Ýaşlygymyň bahary” atly bäsleşikleriň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär. Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralarynyň, welaýatlarda, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde baýramçylyk çäreleriniň, konsertleriň, suratkeşleriň sergisiniň, teatrlarda sahna oýunlarynyň görkezilişiniň guralmagy hem-de Mukamlar köşgünde baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Şu ýylyň mart aýynda welaýatlardaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda”, Arkadag şäherindäki baýramçylyk meýdançasynda Milli bahar baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaralaryň, Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň gatnaşmagynda “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!” atly festiwalyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Tertibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar bilen bagly şu ýylyň mart aýynda geçiriljek çäreleri giňden beýan etmek üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow 2026-2027-nji okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer türkmen ýaşlarynyň dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerine maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar we tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar ýaly ugurlar boýunça iberilmeginiň maksadalaýyk hasaplanýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaşlaryň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, munuň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmäge ýardam berýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň bu gurama bilen gatnaşyklary syýasy, ykdysady, daşky gurşaw, ynsanperwer ugurlar boýunça alnyp barylýar. Bu meýilnama howpsuzlygy, parahatçylygy berkitmäge, durnukly ösüşi gazanmaga we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, gümrük, serhet, kiberhowpsuzlygy ýokarlandyrmaga, ykdysadyýeti we sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologik howpsuzlygy berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleriň çözülmegine, bilim-ylym ulgamlarynda, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, ýurdumyzyň demokratik institutlarynyň binýadyny pugtalandyrmakda, gender deňligini üpjün etmekde, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ösdürmekde degişli çäreleriň geçirilmegine gönükdirilen birnäçe işleri öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda halkara guramalar, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew pudaklara innowasion sanly çözgütleri we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunda dünýäniň tehnologik taýdan ösen ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi sanly ulgamy ösdürmek boýunça degişli konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Aragatnaşyk ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen teklipleri goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

20.02.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliniň ýolbaşçylygynda geçirilen duşuşyga gatnaşdy

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 2026-njy ýylyň 20-nji fewralynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Angelos Sirigosyň Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament wekiliýetleri bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda türkmen wekiliýeti ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda beýan edilen 2028-nji «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň ähmiýetini nygtady hem-de 2026-njy ýyl üçin hereketleriň meýilnamasynda Aşgabatda ählumumy howpsuzlygyň hukuk esaslaryny we öňüni alyş diplomatiýasyny pugtalandyrmaga bagyşlanan halkara maslahatlaryň we forumlaryň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny bellediler.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ÝHHG bilen parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, şol sanda ekologiýa abadançylygyny gazanmak, raýat jemgyýetleri, demokratik institutlar, metbugat azatlygy, gender deňligini üpjün etmek, ýaşlaryň işjeňligini gazanmak we olaryň bilim almak hukugy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýändigi nygtaldy.  

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça öz ýurtlarynda alnyp barylýan işler barada pikir alyşdylar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, daşky gurşawy gorap saklamaga, tebigata aýawly çemeleşmäge gönükdirilen tagallalaryň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasatyny parlament diplomatiýasy arkaly goldamak boýunça toplanan tejribeler beýan edildi.

20.02.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 25-nji gyşky mejlisine gatnaşdylar

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 2026-njy ýylyň 19-njy fewralynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 25-nji gyşky mejlisine gatnaşdylar. 

Mejlisiň işi syýasy we howpsuzlyk meseleler, demokratiýa, adam hukuklary we ynsanperwer meseleler, ykdysadyýet, ylym, tehnologiýa we daşky gurşaw meseleleri, parlamentara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, 2026-njy ýylyň iýul aýynda geçiriljek Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 33-nji ýyllyk mejlisine görülýän taýýarlyk işleri boýunça alnyp baryldy.

Mejlise gatnaşyjylar häzirki zaman dünýäsinde ÝHHG-niň orny, döwletleriň arasynda özara ynamy we hyzmatdaşlygy berkitmek, ykdysady durnuklylygy we deňhukuklylygy saklamak, adam mertebesini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, ynsanperwer kömekler, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, dialog arkaly parahatçylygy pugtalandyrmak barada çykyş etdiler we özara pikir alyşdylar.

19.02.2026

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň hormatly işgärleri!

Sizi Watanymyzda her ýyl giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylda hem döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak üçin täze, belent sepgitler kesgitlenildi. Siziň sebit we halkara gatnaşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge mynasyp goşandyňyzy goşjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Hormatly diplomatlar!

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ädimlerinden başlap, halkara gatnaşyklarda we daşary syýasatda Bitaraplyk, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly binýatlyk ýörelgeleri saýlap aldy. Geçen ýyllaryň dowamynda döwletimiziň daşary syýasaty Türkmenistanyň milli bähbitlerine we Birleşen Milletler Guramasynyň esas goýujy maksatlaryna doly laýyk gelýändigini iş ýüzünde subut etdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we onuň Türkmenistanyň Hökümeti bilen netijeli işlemegi hem Bitaraplygyň parahatçylyk dörediji güýjüniň aýratyn ähmiýetini giňden açyp görkezýär.

Ýurdumyzyň halkara ähmiýetli teklipleriniň we ählumumy häsiýete eýe bolan başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ulgamyndaky möhüm Kararnamalaryň uly toplumynyň kabul edilmegi döwletimiziň bu abraýly gurama bilen strategik hyzmatdaşlygynyň netijeli mazmuna eýedigini görkezýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem bu hakykaty doly tassyklaýar. Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçirilen ýokary derejeli halkara forumyň jemleri Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny has-da artdyrdy, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatyny ýene-de bir gezek äleme ýaýdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz halkara borçnamalara hem-de halkara hukugyň ýörelgelerine berk we gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy hem-de geoykdysady mümkinçiliklerini parahat durmuşyň, döredijilikli ösüşiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna durmuşa geçirýäris. 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyç bütin dünýäde parahatçylygyň diňe bir hukuk binýadyny däl, eýsem, onuň ruhy esaslaryny hem kämilleşdirýär. Bu ynsanperwer başlangyçlar halkara gatnaşyklarda özara hormat goýmak we adalatlylyk ýörelgelerini dabaralandyrmak bilen, ählumumy durnuklylygyň täze taryhy sahypasyny açýar.

Döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen birlikde, häzirki wagtda energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa, ýokary tehnologiýaly «ýaşyl» ykdysadyýet, medeni-ynsanperwer ulgam ýaly ähmiýetli ugurlarda iri halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda zerur şertler döredilýär. Hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu babatda döwletara we hökümetara derejede syýasy-diplomatik, halkara hukuk, söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli gurallaryny işe girizmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna uly talap bildirilýär.

Türkmenistan bu gün ösüşiň belent sepgitlerini nazarlap, nurana geljege tarap ynamly öňe barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur şertleri döredýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» ugur alyp, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri daşary syýasatymyzda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi arkaly halkara gatnaşyklary kämilleşdirmäge çagyrýan nusgalyk syýasatymyzyň geriminiň giňeldilmegine, Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende göterilmegine işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň milli bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramakda we halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyny artdyrmakda döwletimiziň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňünde goýlan möhüm wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirjekdiklerine berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri!

Sizi hünär baýramyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, döwletimiziň dünýä derejesindäki abraýyny has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

18.02.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy

 

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rolliansýah Soemiratdan Ynanç hatyny kabul etdi. 

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa Türkmenistan bilen Indoneziýa Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we  parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň işi bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Indoneziýa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, iki ýurduň arasynda ylym, bilim ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösüş aýratynlyklary barada aýdylyp, Indoneziýa Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplarynyň sanynyň barha artýandygy, munuň özi geljekde iki ýurduň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna itergi berjekdigi bellenildi. 

Şeýle hem taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik gatnaşyklary döwrebap şertlerde ösdürmegiň,  söwda-ykdysady, ylym, bilim, medeni-ynsanperwer, syýahatçylyk we parlament ugurlarynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyklygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, kanunçykaryjylyk we parlament işi babatda birek-birek bilen tejribe alyşmakda, iki döwletiň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmakda, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny bildirip, dünýä giňişliginde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen giňden tanalýan Türkmenistanda öz ýurdunyň adyndan wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

18.02.2026
1 2 3 4 5 6 7 ... 80