Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadowy kabul etdi.

Myhman Türkmenistana ýene-de gelmäge we özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Azerbaýjanda ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuş-ykdysady ösüşde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Prezident Ilham Aliýewe iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin myhmana minnetdarlyk bildirdi hem-de Ali Asadowyň bu mejlisiň işine gatnaşmagynyň Azerbaýjan Respublikasynyň GDA-nyň çäklerindäki köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygynyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň Arkalaşyga agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, Ali Asadowyň şu gezekki saparynyň bolsa iki dostlukly döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzy we doganlyk halklarymyzy köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny, munuň bolsa özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigini belledi. Ägirt uly mümkinçilikleriň we iki ýurduň ýolbaşçylarynyň berk syýasy erkiniň netijesinde Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary depginde ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmenistan we Azerbaýjan abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň alyp barýan işiniň aýratyn ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegini nazara almak bilen, ilkinji nobatda, energetika, logistika, ulag ulgamlarynda bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmagyň zerurdygyna üns çekildi. Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini aýdyp, ýurdumyzyň Azerbaýjan Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Dostlukly ýurduň Premýer-ministri ýokary döwlet derejesindäki yzygiderli dialogyň ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimizi özi üçin amatly wagtda sapar bilen Azerbaýjana gelmäge çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

22.05.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Aleksandr Turçini kabul etdi.

Dostlukly ýurduň Premýer-ministri türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Belarus Respublikasynda Türkmenistana ygtybarly we strategik hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Belarus Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Aleksandr Turçine Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň şu mejlisiň işine gatnaşmagynyň Belarus Respublikasynyň GDA-nyň çäklerindäki köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny subut edýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu mejlisiň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, myhmanyň saparynyň bolsa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Belarusuň arasynda dürli derejedäki gatnaşyklaryň hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň dowam etdirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, şol sanda senagat kooperasiýasynyň ösdürilýändigi, özara bähbitli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär. Köp sanly türkmen ýaşlary Belarusuň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar, şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky göni gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri öwrenilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda gatnaşyklary ösdürmäge, tejribe alyşmaga we döwrebap lukmançylyk usullaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Öz gezeginde, Aleksandr Turçin Türkmenistanyň Belarus Respublikasynyň ozaldan gelýän ýakyn hyzmatdaşydygyny, iki ýurduň birek-biregiň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Aleksandr Turçin netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassyklap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

22.05.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenowy kabul etdi.

Myhman Gazagystanyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, biziň ýurtlarymyzy diňe bir hoşniýetli goňşuçylyk däl, eýsem, hakyky doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Gazagystanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyna Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň şu mejlisiň işine gatnaşmagynyň Gazagystan Respublikasynyň GDA-nyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygynyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu mejlisiň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge, myhmanyň şu saparynyň bolsa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurdumyz Gazagystan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan Gazagystan bilen daşary syýasat ulgamynda, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Döwletlerimiz sebit düzümleriniň, şol sanda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, «Merkezi Aziýa +» hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde hem özara tagallalary üstünlikli utgaşdyrýarlar.

Döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäherinde geçirilen hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm waka bolan Sebitleýin ekologiýa sammitine (RES 2026) gatnaşmagyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Gazagystan Respublikasy bilen mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, türkmen-gazak gatnaşyklarynyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine yzygiderli berkidiljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdiler.

22.05.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýewi kabul etdi.

Dostlukly ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Gyrgyzystanda Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan goşandyna ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem myhman Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň aprel aýynda Gyrgyz Respublikasyna amala aşyran dostlukly saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, gyrgyz-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýratyn goşandyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin Adylbek Kasymaliýewe minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň şu gezekki mejlisiň işine gatnaşmagynyň Gyrgyz Respublikasynyň GDA-nyň çäklerindäki köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydygyny subut edýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, myhmanyň şu gezekki saparynyň bolsa döwletlerimiziň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň Gyrgyz Respublikasy bilen ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berýändigini kanagatlanma bilen nygtady.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, häzirki wagtda ulag, nebitgaz senagaty, elektroenergetika, oba hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi hem-de ýurdumyzyň bu ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Ynsanperwer hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn hereketleriň aýrylmaz bölegi hökmünde bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň medeniýet, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça tagallalara ýokary baha berýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.

22.05.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, Aşgabada amala aşyrýan her bir saparynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň oňyn netijeleriniň şaýady bolýandygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem myhman Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam edýändigini belledi. Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Emomali Rahmona iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Täjigistanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyna Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň şu gezekki mejlisiň işine gatnaşmagynyň Täjigistan Respublikasynyň GDA-nyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydygyny subut edýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu mejlisiň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, myhmanyň şu saparynyň bolsa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Täjigistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Ýurtlarymyz Birleşen Milletler Guramasy we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn ünsi çekdi. Elektroenergetika, ulag, oba hojalygy we söwda ulgamlary, bilelikdäki iri düzümleýin hem-de maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň hem wajypdygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň geljekde hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge, iki halkyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmaga ygrarlydygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda iki ýurduň hem dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

22.05.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripowy kabul etdi.

Premýer-ministr türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Özbegistanda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň gazanýan uly üstünliklerine tüýs ýürekden guwanylýandygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Abdulla Aripowa Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň şu gezekki mejlisiň işine gatnaşmagynyň Özbegistan Respublikasynyň GDA-nyň çäklerindäki köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydygyny subut edýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu mejlisiň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, myhmanyň şu saparynyň bolsa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklar uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara we sebit düzümleriniň, GDA-nyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, bu ulgamda baý tejribäniň toplanandygyny aýratyn nygtady. Ulag we logistika ulgamy türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bu ugurda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle hem ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen halkara atly sport we gözellik bäsleşikleriniň ahalteke atlarynyň dünýädäki abraýyny artdyrmakda ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

22.05.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustini kabul etdi.

Dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň dostlugyň we özara hormat goýmagyň berk binýadyna esaslanýandygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem Mihail Mişustin şu mejlisi geçirmäge döredilen şertler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz dostlukly ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin Mihail Mişustine minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň şu gezekki mejlisiň işine gatnaşmagynyň Russiýa Federasiýasynyň GDA-nyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklaýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, myhmanyň şu gezekki saparynyň bolsa döwletlerimiziň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy dialog yzygiderli pugtalandyrylýar, parlamentara hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barylýar, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň we subýektleriniň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Merkezi Aziýa — Russiýa» formatynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtady.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi. Russiýa Federasiýasy köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň özara söwdanyň möçberini artdyrmaga we harytlaryň görnüşlerini giňeltmäge, işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýene-de bir wajyp ugrudyr. Şunda bilim, saglygy goraýyş, ylym, medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistanyň we Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege hem-de iki ýurduň dostlukly halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

22.05.2026

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi

Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Bitarap Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň ýurtlary bilen deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyr. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär. Türkmenistan GDA agza döwletler bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala gelen dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň esasynda gurap, köpugurly hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýär we onuň uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklardyr çäreler geçirilýär. Ýurdumyz bu möhüm wezipä jogapkärli çemeleşmek bilen, öňde goýlan wezipeleri bilelikde çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Şu maksat bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny öz içine alýan degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Şeýlelikde, syýasy babatda sebit howpsuzlygyny we özara ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmaga, Bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmäge, parahatçylyk dialogynyň, özara düşünişmegiň meýdançasy hökmünde GDA-nyň ornuny pugtalandyrmak üçin diplomatik gurallardan netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berildi. Ýurdumyz halkara hukugy goramak boýunça tagallalary utgaşdyrmak ugrunda çykyş edip, hyzmatdaş döwletlere BMG-niň çäklerinde ylalaşykly diplomatik ugry işläp taýýarlamagy teklip edýär.

Türkmenistan söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça başlangyçlary ilerletmäge çalyşýar. Şunuň bilen bir hatarda, innowasiýa babatda özara gatnaşyklara aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda ol ählumumy giňişlikde bäsdeşlige ukyplylygyň wajyp şerti bolup durýar.

Ynsanperwer ulgam, şol sanda bilim, ylym, medeniýet, syýahatçylyk, sport, ýaşlar babatda alyşmalar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Saglygy goraýyş ulgamy hem tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda “Saglygy goramagyň ýyly” diýlip yglan edildi. Türkmenistan bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda GDA ýurtlary bilen netijeli gatnaşyk edýär. Konsepsiýada ekologiýa we daşky gurşawy goramak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri öz beýanyny tapdy. Şeýlelikde, bu resminama köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we geljegi nazara alyp, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekiliýetleri Aşgabada geldiler. Geňeşiň mejlisi paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasynda geçirildi. Bu ýerde daşary ýurtly myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy çäkli düzümde başlanan mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, döwlet Baştutanymyzyň mähirli salamyny we üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi. GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada gelmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin ýygnananlara tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi. Şunda Türkmenistanyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandygy tassyklanyldy.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ykdysady ösüşiň durnuklylygyny, halklarymyzyň rowaçlygyny üpjün etmekde ýurtlarymyzy umumy bähbitler arkaly birleşdirýän möhüm meýdança bolup durýar. Türkmenistan GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde üstaşyr ulag arabaglanyşygyny ösdürmek, energetika, senagat hyzmatdaşlygy, sanly özgertmeler, azyk howpsuzlygy, suw-ekologiýa gün tertibi ýaly ugurlarda tagallalary utgaşdyrmak ugrunda çykyş edýär.

Soňra Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe söz berildi. Ol mejlisiň gün tertibi boýunça degişli maglumat bilen çykyş etdi. Gün tertibi tassyklanandan soňra, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meseleleri, hususan-da, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda netijeli gatnaşyklary giňeltmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak hem-de ony diwersifikasiýalaşdyrmak üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Şunda bu ugurdaky hyzmatdaşlygy utgaşdyrýan, Arkalaşygyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň we şertnamalaryň, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň hem-de Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň degişli çözgütleriniň amala aşyrylmagyny üpjün edýän ýerine ýetiriji gurama hökmünde GDA-nyň ykdysady Geňeşine möhüm orun degişlidir.

Türkmenistan öz tarapyndan geljegi nazara almak bilen, bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama munuň aýdyň mysalydyr. Bu resminama GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady ösüş Strategiýasynyň esasyny düzdi. Onuň kabul edilmegi döwletara hyzmatdaşlygyň gün tertibini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Türkmenistan GDA döwletleriniň ulag-kommunikasiýa, logistika we infrastruktura mümkinçilikleriniň doly derejede açylmagyna uly ähmiýet berip, bu ugurda yzygiderli çäreleri görýär. Ýurdumyz durnukly Ýewraziýa ulag-logistika geçelgelerini döretmek ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň demir ýol ugurlarynyň mümkinçiliklerini birleşdirmegiň, GDA döwletleriniň arasynda multimodal gatnawlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygy äşgärdir. Bu babatda Arkalaşygyň ulag ýollaryny Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça halkara geçelgeler bilen sazlaşdyrmak, ulag hyzmatlarynyň hilini hem-de elýeterliligini ýokarlandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistan ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolmak bilen, bu ulgamda, şol sanda energiýa serişdelerini ibermekde gatnaşyklary pugtalandyryp, elektroenergetika infrastrukturasyny ösdürmäge, energiýa babatda netijeli tehnologiýalara, gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynda bilelikdäki taslamalara aýratyn üns berýär. Ýurdumyz GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ykdysady ugry babatda özara söwdany, maýa goýum, işewürler işjeňligini höweslendirmegi we ösdürmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitleýär. Türkmenistan ekologiýa, howa, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge jogapkärli çemeleşip, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, tebigatdan rejeli peýdalanmak, obasenagat kooperasiýasy, ekologiýa ugurly taslamalar ulgamynda özara gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş edýär.

Soňra mejlis öz işini giňişleýin düzümde dowam etdi. Mejlisiň öňüsyrasynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň resmi banneriniň, Arkalaşyga agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň hem-de GDA-nyň baýdagynyň öňünde bilelikde surata düşdüler.

Mejlisiň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. Türkmen tarapy özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ulag arabaglanyşygyny giňeltmäge, sanly tehnologiýalary ösdürmäge, senagat integrasiýasynyň döwrebap gurallaryny döretmäge aýratyn üns berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki zaman şertlerinde özara bähbitlilige, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmaga, uzak möhletli strategik garaýyşlara esaslanýan hyzmatdaşlygyň durnukly gurallaryny döretmäge ylalaşykly çemeleşmeler zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ulag we logistikany, bu ulgamlarda, söwda ulgamynda sanly çözgütleri ösdürmegi hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitleýändigi aýdyldy.

Şeýle-de maslahat-sergi işi, senagat toplumynyň pudaklarynda sanly özgertmeler ýaly birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan innowasion ösüş ýoluna düşüp, ykdysadyýeti, şol sanda senagat, ulag pudaklaryny sanly özgertmek boýunça yzygiderli ädimleri ädýär. Häzirki zaman şertlerinde sanly we intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy senagat taýdan ösüşiň, pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň, önümçiligiň netijeliligini, hilini we çeýeligini ýokarlandyrmagyň, netijede, önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmegiň möhüm şertidir. Söwda, ulag-logistika ulgamlarynda sanly çözgütleriň ulanylmagy harytlary ibermegiň logistika binýadyny pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi eksport-import amallaryny, tutuşlygyna söwda işlerini ýeňilleşdirýär. “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” we degişli Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi ýurdumyzda sanly ulgama geçmek işiniň täze tapgyryny alamatlandyrdy. Olar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kararlary bilen tassyklanyldy. Türkmenistan bu ugurda döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine jogapkärli çemeleşip, senagat kooperasiýasyny giňeltmegiň, energetika, himiýa we dokma senagaty, dag-magdan toplumy, gurluşyk serişdelerini öndürmek ýaly ulgamlarda we beýleki birnäçe pudaklarda wajyp taslamalary durmuşa geçirmegiň geljeginiň uludygyny belleýär.

Türkmenistan tarapyndan 2027-nji ýylda Belarus Respublikasynyň Minsk şäheriniň, 2028-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Karaganda şäheriniň “GDA-nyň ýaşlar paýtagty” diýlip yglan edilmegi hakyndaky çözgüt goldanyldy. Şunda Türkmenistanyň ynsanperwer we ýaşlar babatdaky hyzmatdaşlyga Arkalaşygyň döwletleriniň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegiň, uzak möhletli gatnaşyklaryň möhüm şerti hökmünde garaýandygy aýdyldy.

Mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde degişli guramaçylyk meselelerine hem garaldy. Mejlis tamamlanandan soňra, jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda 2027-nji ýylda Minsk şäherini (Belarus Respublikasy), 2028-nji ýylda Karaganda şäherini (Gazagystan Respublikasy) “GDA-nyň ýaşlar paýtagty” diýip yglan etmek hakynda Çözgüt bar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň netijeleri metbugat maslahatynda beýan edildi. Bellenilişi ýaly, mejlisde GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giň meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de onuň netijeli häsiýete eýe bolandygy nygtaldy. Gün tertibine girizilen meseleleriň ählisi boýunça degişli çözgütler kabul edildi, resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Mejlisiň netijeleriniň Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi. Şu mejlisi guramaga beren goldawy hem-de bilelikde üstünlikli işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi. Mejlis ýokary derejede, işjeň we açyk dialog ýagdaýynda geçdi.

Şeýlelikde, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi döwletimiziň GDA-nyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga, netijeli halkara gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge çalyşýandyklaryny tassyklady.

22.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary bilen duşuşygy geçirildi

 

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň çäklerinde 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş Sekretary Dmitriý Kobiskiý bilen duşuşygy geçirildi. 

Türkmen tarapy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň  ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. 

 

 

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Mejlisiniň Parlamentara Assambleýa bilen gatnaşyklary ösdürmäge we onuň çäklerinde kanun çykaryjylyk işi, sanlylaşdyrma, ýaşlar syýasaty, gender deňligi, durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi, parlament diplomatiýasy, şeýle hem hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlary boýunça tejribe alyşmaga taýýardygy nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlament Assambleýasynyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň, duşuşyklaryň ýurtlaryň parlamentleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge, parlament diplomatiýasyny ilerletmäge, şeýle hem kanun çykaryjylyk işiniň öňdebaryjy tejribesini alyşmaga mümkinçilik berýändigini bellediler. 

Şeýle hem 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän durnukly ösüşi üpjün etmäge, oňyn tejribeleri paýlaşmaga we öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen halkara we parlament çäreleriň guramaçylyk meseleleri boýunça özara pikir  alşyldy.

22.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toragasy Marlen Mamataliýew bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toragasy Marlen Mamataliýew bilen duşuşygy geçirildi. 

Taraplar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini hem-de bu gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen berkitmäge we ösdürmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler. 

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly orun degişlidigi bellenildi. Bu gatnaşyklaryň häzirki wagtda halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaga, döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga mümkinçilik döredýändigi barada nygtaldy. 

Duşuşygyň dowamynda halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak, kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmek, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýulmak, ýaş parlamentarileriň we zenan parlamentarileriň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, birek-biregiň çärelerine wekilleriň gatnaşmagy, wekiliýetleriň saparlaryny guralmak hem-de duşuşyklary geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toragasy Marlen Mamataliýewi ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

22.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisine gatnaşdy

2026-njy 22-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisine gatnaşdy. 

Mejlisiň barşynda Milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa ýokary derejede geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisine gatnaşmaga iberilen çakylyk hem-de türkmen tarapyna bildirilen ýokar hormat üçin hoşallygyny bildirdi.

D.Gulmanowa döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigi hem-de ählumumy meseleleriň oňyn çözgütleriniň tapylmagynda we durmuşa geçirilmeginde parlament diplomatiýasynyň möhüm ornuny nygtady. 

Türkmen tarapy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda saglygy goramak  ýyly: ylalaşykly syýasat we milli strategiýalar» atly şygar astynda geçýändigi bilen baglylykda, Türkmenistanyň saglygy goraýyş babatda ählumumy wezipeleri çözmekde toplan oňyn tejribesiniň dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, ýagny Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Çagalar gaznasynyň giň ykrarnamasyna eýe bolandygyny belledi we bu ugurda Arkalaşygyň giňişliginde saglygy goraýşyň hukuk binýadyny berkitmäge, tejribe alyşmaga we milli strategiýalary özara utgaşdyrmaga taýýardygyny nygtady.

Mejlise gatnaşyjylar Parlamentara Assambleýanyň diňe bir oňa gatnaşyjy döwletleriň  kanunçylygyny kämilleşdirmäge, parlament işini pugtalandyrmaga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, zenanlaryň we ýaşlaryň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döredýändigini bellediler. Şeýle formatda geçirilýän çäreleriň, duşuşyklaryň dostlukly ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary we parlamentara hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi. 

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisiniň gün tertibinde öňe sürlen pikirleriň, teklipleriň we bilelikdäki başlangyçlaryň parlamentleriň syýasy we ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmäge, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam etjekdigini bellediler. 

22.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew bilen duşuşygy geçirildi. 

Taraplar döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda netijeli häsiýete eýe bolýandygyny, köp asyrlyk türkmen-gazak strategik gatnaşyklarynyň baý tejribesiniň esasynda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlamentara hyzmatdaşlykda uly ösüşleriň gazanylandygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, ýurtlaryň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara guramalaryň çäklerinde özara bähbitli gatnaşyklar esasynda yzygiderli ösdürilýändigi we pugtalandyrylýandygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigini we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň, ýaş we zenan parlamentarileriň duşuşyklarynyň geçirilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. 

Milli parlamentiň Başlygy D.Gulmanowa bu duşuşygyň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen parlamentara gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýewi ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň   döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

22.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Täjigistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Faýzali Idizoda bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Täjigistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Faýzali Idizoda bilen duşuşygy geçirildi. 

Taraplar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini hem-de bu gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen berkitmäge we ösdürmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler. 

Milli parlamentiň Başlygy D.Gulmanowa iki ýurduň halklaryny gadymyýetden gelýän taryhy kökleriň, medeni we ruhy umumylyklaryň baglanyşdyrýandygyny, häzirki wagtda özara hormat goýmaga, ynanyşmaga we deňhukuklylyga esaslanýan bu gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. 

Duşuşygyň dowamynda halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlarynyň goldanylmagy, kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmagy, parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň işjeňleşdirmegi, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, zenan we ýaş parlamentarileriniň arasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, birek-biregiň çärelerine wekilleriniň gatnaşmagy, wekiliýetleriň saparlarynyň guralmagy hem-de duşuşyklaryň geçirilmegi goldanyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Täjigistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Faýzali Idizodany ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň   döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy. 

22.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. 

Mejlisiň barşynda türkmen tarapy hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň dünýäniň syýasy, ykdysady, hukuk giňişligine goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen dünýä we sebit derejesinde parahatçylygyň, ösüşiň ilerlemegi ugrunda energiýa serişdeleriniň we ulag üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi, parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda öňe sürýän başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň goldamagynda kabul edilen kararnamalaryň ähmiýeti barada belledi. 

Mejlisiň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda hereket edýän ygtybarly meýdança bolup, bu gurama gatnaşyjy döwletleriň arasynda daşary syýasy, ykdysady, söwda, ynsanperwer hem-de beýleki ugurlar boýunça alnyp barylýan netijeli dialogyň ähmiýeti nygtaldy. 

Türkmen tarapy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyň diňe bir giň geografik giňişligi emele getirmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlaryň köpasyrlyk taryhy, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigini we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ösdürmekde açyk meýdança bolup durýandygyny belledi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine hödürlenen meseleleriň kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga, şeýle hem ýurtlaryň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny berkitmäge, Arkalaşyga döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga uly mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

21.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi

 

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy N.Koçanowa bilen duşuşygy geçirildi.  

Taraplar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen türkmen-belarus döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigini bellediler.   

Türkmen tarapy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň   ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda dünýä döwletleri, şol sanda Belarus Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge we berkitmäge aýratyn ähmiýet berýändigini hem-de Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen berkitmäge we ösdürmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi. 

Duşuşygyň dowamynda geljekde hem kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmagy, parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň işjeňleşdirmegi, halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlarynyň goldanylmagyny, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, ýaş parlamentarileriň we zenan parlamentarileriniň arasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini, birek-biregiň çärelerine wekilleriniň gatnaşmagyny, wekiliýetleriň saparlarynyň guralmagynyň hem-de duşuşyklaryň, şol sanda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklaryň geçirilmeginiň goldanylýandygy  nygtaldy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy N.Koçanowany ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň   döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda durnukly ösüşi üpjün etmekde oňyn tejribeleri paýlaşmaga we öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen halkara we parlament çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

21.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary başlandy

 

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy mejlisiniň we Parlamentara Assambleýanyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň işine gatnaşmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary başlandy. 

Iş saparyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenko bilen duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasyna gatnaşmak üçin iberen çakylygy üçin hoşallygyny beýan edip, bu çäräniň  üstünlikli geçmegi baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenko Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna çuňňur hormat goýýandygyny we ýokary baha berýändigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna, şol sanda onuň Parlamentara Assambleýasynyň işine uly üns we yzygiderli goldaw berýändigini belledi. 

Şeýle hem taraplar döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň düýpli strategik hyzmatdaşlyk häsiýete eýe bolmak bilen, türkmen-rus gatnaşyklarynyň baý tejribesiniň esasynda dürli ugurlarda, şol sanda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli ösdürilýändigi we döwletara gatnaşyklaryň parlamentler derejesinde yzygiderli goldanylýandygyny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda geljekde kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagy, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegi, halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny goldamagy hem-de parlamentler derejesinde duşuşyklary we maslahatlary geçirmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň ähmiýeti bellenilip geçildi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkony ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň   döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy. 

21.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen zenanlaryň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça geçirilen Sebitleýin maslahatyna gatnaşdylar

 

2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde «Merkezi Aziýada gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bagly meseleleri ilerletmek» atly sebitleýin maslahata gatnaşdylar. 

Maslahatyň maksady sebitiň ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary berkitmekden, birek-birege ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny ýokarlandyrmakdan we ýolbaşçylyk ukybyny ösdürmekden, olaryň döwlet dolandyryşyna, jemgyýetçilik, ykdysady we medeni ösüşe goşýan goşandyny wagyz etmekden ybarat boldy.

Meýilnama laýyklykda, «Merkezi Aziýada gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bagly meseleleri ilerletmek» atly sebitleýin maslahatda Merkezi Aziýa sebitinde gender deňligini üpjün etmekde durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ähli zenanlaryň hem-de gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de bu ugurda Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde  alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler dogrusynda çykyşlar diňlenildi. 

Milli parlamentiň wekili sebitleýin maslahatda çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, olaryň döwlet dolandyryşynda hem-de jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda ornuny ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda zenanlar we erkekler üçin deň hukuklaryň we mümkinçilikleriň döwlet kepillikleri barada kanunçylygyň kämilleşdirilişi, şeýle hem milli meýilnamalaryň durmuşa geçirilişi bellenildi.

Maslahatda sebitiň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagynda zenanlaryň alyp barýan işleriniň ähmiýeti barada pikir alşyldy.

21.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hünär alyş-çalyş okuw sapary

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň guramagynda bu ýurduň paýtagty Waşington we Montana ştatynyň Helena şäherlerinde 2026-njy ýylyň 12-22-nji maýy aralygynda ABŞ-nyň «Open World»  maksatnamasynyň hünär alyş-çalyş okuw saparynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklara we çärelere gatnaşdylar. 

Saparyň maksatnamasy döwlet dolandyryşy, parlament ulgamy, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýaly ugurlary öz içine aldy.

Okuw sapary ABŞ-nyň Kongresiniň Jeýms Medison adyndaky kitaphanasynyň binasynda guralan tanyşdyryş duşuşygy bilen başlandy. 

 

Описание: C:\Users\EAtayewa\AppData\Local\Microsoft\Windows\INetCache\Content.Word\IMG-20260515-WA0007.jpg

 

Bu ýerde geçirilen okuw maslahatynyň dowamynda amerikan federalizmi we ABŞ-nyň Kongresiniň işjeňlik ulgamynyň aýratynlyklary barada durlup geçildi. «Capital Communications Group, Inc» korporasiýasynyň prezidenti Akram Elias bilen geçirilen duşuşykda ol wekiliýet agzalaryny kanunçykaryjylyk ulgamynyň gurluşy we onuň amaly işleri bilen tanyşdyrdy.

 

Описание: C:\Users\EAtayewa\AppData\Local\Microsoft\Windows\INetCache\Content.Word\IMG-20260515-WA0006.jpg

 

Şol günüň ikinji ýarymynda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky häzirki zaman gatnaşyklarynyň ösüş aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berildi. Duşuşykda Lora Kennedi  2001–2003-nji ýyllar aralygynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi wezipesinde işlän döwründe ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp baran işleri boýunça tejribelerini paýlaşdy. Ol iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy     has-da pugtalandyrmak boýunça geljegi uly ugurlaryň bardygyny nygtady. 

Описание: C:\Users\EAtayewa\AppData\Local\Microsoft\Windows\INetCache\Content.Word\IMG-20260515-WA0002.jpg

 

Maksatnama laýyklykda, Montana şäherindäki Senator Stiw Deans bilen geçirilen duşuşykda parlamentara dialogy işjeňleşdirmek, kanunçykaryjylyk tejribeler we ikitaraplaýyn bähbitli meseleler barada pikir alşyldy.

 

21.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Ženewa şäherinde iş saparynda boldy

2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Parlamentara Bileleşigiň agza ýurtlarynyň parlamentleriniň arasynda guralan saglygy goraýyş meseleleri boýunça Parlamentara foruma gatnaşdy. 

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we Parlamentara Bileleşik tarapyndan bilelikde guralan her ýylky forum «Borçnamalary iş ýüzüne geçirmek: Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň pandemiýa boýunça Ylalaşygyny durmuşa geçirmekde we saglygy goraýşy maliýeleşdirmekde parlament ýolbaşçylygyny ösdürmek» atly temada geçirilip, parlament wekilleriniň Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň işine gatnaşmagy üçin ýöriteleşdirilen platforma boldy. 

Forumyň esasy maksady durnukly dialogy ýola goýmakdan, tejribe alyşmakdan we ählumumy saglygy goraýyş borçnamalaryny milli derejede anyk çäreler bilen utgaşdyrmakdan ybarat.

Maslahatyň dowamynda halkara saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygy täze şertlerde ösdürmek we tejribe alyşmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem parlamentler derejesinde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde döwlet goldawynyň hem-de bu ugurda kanunçylyk binýadynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şunda dünýä derejesinde sagdyn durmuş ýörelgesini durnukly ösdürmek, ilatyň saglygyny goramak we oňa howp salýan ýagdaýlary aradan aýyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny halkara derejede ösdürmek bilen, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar saglygy goraýyş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde we lukmançylyk ulgamynda täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda kanunçykaryjy edaralaryň ornuny has-da pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtadylar.

21.05.2026
1 2 3 4 5 6 7 ... 84