Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustini kabul etdi.

Dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň dostlugyň we özara hormat goýmagyň berk binýadyna esaslanýandygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem Mihail Mişustin şu mejlisi geçirmäge döredilen şertler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz dostlukly ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin Mihail Mişustine minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň şu gezekki mejlisiň işine gatnaşmagynyň Russiýa Federasiýasynyň GDA-nyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklaýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, myhmanyň şu gezekki saparynyň bolsa döwletlerimiziň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy dialog yzygiderli pugtalandyrylýar, parlamentara hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barylýar, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň we subýektleriniň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Merkezi Aziýa — Russiýa» formatynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtady.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi. Russiýa Federasiýasy köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň özara söwdanyň möçberini artdyrmaga we harytlaryň görnüşlerini giňeltmäge, işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýene-de bir wajyp ugrudyr. Şunda bilim, saglygy goraýyş, ylym, medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistanyň we Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege hem-de iki ýurduň dostlukly halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

22.05.2026

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi

Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Bitarap Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň ýurtlary bilen deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyr. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär. Türkmenistan GDA agza döwletler bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala gelen dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň esasynda gurap, köpugurly hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýär we onuň uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklardyr çäreler geçirilýär. Ýurdumyz bu möhüm wezipä jogapkärli çemeleşmek bilen, öňde goýlan wezipeleri bilelikde çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Şu maksat bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny öz içine alýan degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Şeýlelikde, syýasy babatda sebit howpsuzlygyny we özara ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmaga, Bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmäge, parahatçylyk dialogynyň, özara düşünişmegiň meýdançasy hökmünde GDA-nyň ornuny pugtalandyrmak üçin diplomatik gurallardan netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berildi. Ýurdumyz halkara hukugy goramak boýunça tagallalary utgaşdyrmak ugrunda çykyş edip, hyzmatdaş döwletlere BMG-niň çäklerinde ylalaşykly diplomatik ugry işläp taýýarlamagy teklip edýär.

Türkmenistan söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça başlangyçlary ilerletmäge çalyşýar. Şunuň bilen bir hatarda, innowasiýa babatda özara gatnaşyklara aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda ol ählumumy giňişlikde bäsdeşlige ukyplylygyň wajyp şerti bolup durýar.

Ynsanperwer ulgam, şol sanda bilim, ylym, medeniýet, syýahatçylyk, sport, ýaşlar babatda alyşmalar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Saglygy goraýyş ulgamy hem tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda “Saglygy goramagyň ýyly” diýlip yglan edildi. Türkmenistan bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda GDA ýurtlary bilen netijeli gatnaşyk edýär. Konsepsiýada ekologiýa we daşky gurşawy goramak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri öz beýanyny tapdy. Şeýlelikde, bu resminama köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we geljegi nazara alyp, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekiliýetleri Aşgabada geldiler. Geňeşiň mejlisi paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasynda geçirildi. Bu ýerde daşary ýurtly myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy çäkli düzümde başlanan mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, döwlet Baştutanymyzyň mähirli salamyny we üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi. GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada gelmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin ýygnananlara tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi. Şunda Türkmenistanyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandygy tassyklanyldy.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ykdysady ösüşiň durnuklylygyny, halklarymyzyň rowaçlygyny üpjün etmekde ýurtlarymyzy umumy bähbitler arkaly birleşdirýän möhüm meýdança bolup durýar. Türkmenistan GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde üstaşyr ulag arabaglanyşygyny ösdürmek, energetika, senagat hyzmatdaşlygy, sanly özgertmeler, azyk howpsuzlygy, suw-ekologiýa gün tertibi ýaly ugurlarda tagallalary utgaşdyrmak ugrunda çykyş edýär.

Soňra Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe söz berildi. Ol mejlisiň gün tertibi boýunça degişli maglumat bilen çykyş etdi. Gün tertibi tassyklanandan soňra, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meseleleri, hususan-da, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda netijeli gatnaşyklary giňeltmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak hem-de ony diwersifikasiýalaşdyrmak üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Şunda bu ugurdaky hyzmatdaşlygy utgaşdyrýan, Arkalaşygyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň we şertnamalaryň, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň hem-de Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň degişli çözgütleriniň amala aşyrylmagyny üpjün edýän ýerine ýetiriji gurama hökmünde GDA-nyň ykdysady Geňeşine möhüm orun degişlidir.

Türkmenistan öz tarapyndan geljegi nazara almak bilen, bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama munuň aýdyň mysalydyr. Bu resminama GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady ösüş Strategiýasynyň esasyny düzdi. Onuň kabul edilmegi döwletara hyzmatdaşlygyň gün tertibini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Türkmenistan GDA döwletleriniň ulag-kommunikasiýa, logistika we infrastruktura mümkinçilikleriniň doly derejede açylmagyna uly ähmiýet berip, bu ugurda yzygiderli çäreleri görýär. Ýurdumyz durnukly Ýewraziýa ulag-logistika geçelgelerini döretmek ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň demir ýol ugurlarynyň mümkinçiliklerini birleşdirmegiň, GDA döwletleriniň arasynda multimodal gatnawlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygy äşgärdir. Bu babatda Arkalaşygyň ulag ýollaryny Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça halkara geçelgeler bilen sazlaşdyrmak, ulag hyzmatlarynyň hilini hem-de elýeterliligini ýokarlandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistan ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolmak bilen, bu ulgamda, şol sanda energiýa serişdelerini ibermekde gatnaşyklary pugtalandyryp, elektroenergetika infrastrukturasyny ösdürmäge, energiýa babatda netijeli tehnologiýalara, gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynda bilelikdäki taslamalara aýratyn üns berýär. Ýurdumyz GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ykdysady ugry babatda özara söwdany, maýa goýum, işewürler işjeňligini höweslendirmegi we ösdürmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitleýär. Türkmenistan ekologiýa, howa, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge jogapkärli çemeleşip, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, tebigatdan rejeli peýdalanmak, obasenagat kooperasiýasy, ekologiýa ugurly taslamalar ulgamynda özara gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş edýär.

Soňra mejlis öz işini giňişleýin düzümde dowam etdi. Mejlisiň öňüsyrasynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň resmi banneriniň, Arkalaşyga agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň hem-de GDA-nyň baýdagynyň öňünde bilelikde surata düşdüler.

Mejlisiň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. Türkmen tarapy özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ulag arabaglanyşygyny giňeltmäge, sanly tehnologiýalary ösdürmäge, senagat integrasiýasynyň döwrebap gurallaryny döretmäge aýratyn üns berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki zaman şertlerinde özara bähbitlilige, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmaga, uzak möhletli strategik garaýyşlara esaslanýan hyzmatdaşlygyň durnukly gurallaryny döretmäge ylalaşykly çemeleşmeler zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ulag we logistikany, bu ulgamlarda, söwda ulgamynda sanly çözgütleri ösdürmegi hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitleýändigi aýdyldy.

Şeýle-de maslahat-sergi işi, senagat toplumynyň pudaklarynda sanly özgertmeler ýaly birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan innowasion ösüş ýoluna düşüp, ykdysadyýeti, şol sanda senagat, ulag pudaklaryny sanly özgertmek boýunça yzygiderli ädimleri ädýär. Häzirki zaman şertlerinde sanly we intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy senagat taýdan ösüşiň, pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň, önümçiligiň netijeliligini, hilini we çeýeligini ýokarlandyrmagyň, netijede, önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmegiň möhüm şertidir. Söwda, ulag-logistika ulgamlarynda sanly çözgütleriň ulanylmagy harytlary ibermegiň logistika binýadyny pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi eksport-import amallaryny, tutuşlygyna söwda işlerini ýeňilleşdirýär. “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” we degişli Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi ýurdumyzda sanly ulgama geçmek işiniň täze tapgyryny alamatlandyrdy. Olar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kararlary bilen tassyklanyldy. Türkmenistan bu ugurda döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine jogapkärli çemeleşip, senagat kooperasiýasyny giňeltmegiň, energetika, himiýa we dokma senagaty, dag-magdan toplumy, gurluşyk serişdelerini öndürmek ýaly ulgamlarda we beýleki birnäçe pudaklarda wajyp taslamalary durmuşa geçirmegiň geljeginiň uludygyny belleýär.

Türkmenistan tarapyndan 2027-nji ýylda Belarus Respublikasynyň Minsk şäheriniň, 2028-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Karaganda şäheriniň “GDA-nyň ýaşlar paýtagty” diýlip yglan edilmegi hakyndaky çözgüt goldanyldy. Şunda Türkmenistanyň ynsanperwer we ýaşlar babatdaky hyzmatdaşlyga Arkalaşygyň döwletleriniň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegiň, uzak möhletli gatnaşyklaryň möhüm şerti hökmünde garaýandygy aýdyldy.

Mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde degişli guramaçylyk meselelerine hem garaldy. Mejlis tamamlanandan soňra, jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda 2027-nji ýylda Minsk şäherini (Belarus Respublikasy), 2028-nji ýylda Karaganda şäherini (Gazagystan Respublikasy) “GDA-nyň ýaşlar paýtagty” diýip yglan etmek hakynda Çözgüt bar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň netijeleri metbugat maslahatynda beýan edildi. Bellenilişi ýaly, mejlisde GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giň meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de onuň netijeli häsiýete eýe bolandygy nygtaldy. Gün tertibine girizilen meseleleriň ählisi boýunça degişli çözgütler kabul edildi, resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Mejlisiň netijeleriniň Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi. Şu mejlisi guramaga beren goldawy hem-de bilelikde üstünlikli işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi. Mejlis ýokary derejede, işjeň we açyk dialog ýagdaýynda geçdi.

Şeýlelikde, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi döwletimiziň GDA-nyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga, netijeli halkara gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge çalyşýandyklaryny tassyklady.

22.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary bilen duşuşygy geçirildi

 

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň çäklerinde 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş Sekretary Dmitriý Kobiskiý bilen duşuşygy geçirildi. 

Türkmen tarapy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň  ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. 

 

 

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Mejlisiniň Parlamentara Assambleýa bilen gatnaşyklary ösdürmäge we onuň çäklerinde kanun çykaryjylyk işi, sanlylaşdyrma, ýaşlar syýasaty, gender deňligi, durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi, parlament diplomatiýasy, şeýle hem hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlary boýunça tejribe alyşmaga taýýardygy nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlament Assambleýasynyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň, duşuşyklaryň ýurtlaryň parlamentleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge, parlament diplomatiýasyny ilerletmäge, şeýle hem kanun çykaryjylyk işiniň öňdebaryjy tejribesini alyşmaga mümkinçilik berýändigini bellediler. 

Şeýle hem 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän durnukly ösüşi üpjün etmäge, oňyn tejribeleri paýlaşmaga we öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen halkara we parlament çäreleriň guramaçylyk meseleleri boýunça özara pikir  alşyldy.

22.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toragasy Marlen Mamataliýew bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toragasy Marlen Mamataliýew bilen duşuşygy geçirildi. 

Taraplar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini hem-de bu gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen berkitmäge we ösdürmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler. 

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly orun degişlidigi bellenildi. Bu gatnaşyklaryň häzirki wagtda halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaga, döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga mümkinçilik döredýändigi barada nygtaldy. 

Duşuşygyň dowamynda halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak, kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmek, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýulmak, ýaş parlamentarileriň we zenan parlamentarileriň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, birek-biregiň çärelerine wekilleriň gatnaşmagy, wekiliýetleriň saparlaryny guralmak hem-de duşuşyklary geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toragasy Marlen Mamataliýewi ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

22.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisine gatnaşdy

2026-njy 22-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisine gatnaşdy. 

Mejlisiň barşynda Milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa ýokary derejede geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisine gatnaşmaga iberilen çakylyk hem-de türkmen tarapyna bildirilen ýokar hormat üçin hoşallygyny bildirdi.

D.Gulmanowa döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigi hem-de ählumumy meseleleriň oňyn çözgütleriniň tapylmagynda we durmuşa geçirilmeginde parlament diplomatiýasynyň möhüm ornuny nygtady. 

Türkmen tarapy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda saglygy goramak  ýyly: ylalaşykly syýasat we milli strategiýalar» atly şygar astynda geçýändigi bilen baglylykda, Türkmenistanyň saglygy goraýyş babatda ählumumy wezipeleri çözmekde toplan oňyn tejribesiniň dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, ýagny Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Çagalar gaznasynyň giň ykrarnamasyna eýe bolandygyny belledi we bu ugurda Arkalaşygyň giňişliginde saglygy goraýşyň hukuk binýadyny berkitmäge, tejribe alyşmaga we milli strategiýalary özara utgaşdyrmaga taýýardygyny nygtady.

Mejlise gatnaşyjylar Parlamentara Assambleýanyň diňe bir oňa gatnaşyjy döwletleriň  kanunçylygyny kämilleşdirmäge, parlament işini pugtalandyrmaga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, zenanlaryň we ýaşlaryň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döredýändigini bellediler. Şeýle formatda geçirilýän çäreleriň, duşuşyklaryň dostlukly ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary we parlamentara hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi. 

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisiniň gün tertibinde öňe sürlen pikirleriň, teklipleriň we bilelikdäki başlangyçlaryň parlamentleriň syýasy we ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmäge, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam etjekdigini bellediler. 

22.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew bilen duşuşygy geçirildi. 

Taraplar döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda netijeli häsiýete eýe bolýandygyny, köp asyrlyk türkmen-gazak strategik gatnaşyklarynyň baý tejribesiniň esasynda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlamentara hyzmatdaşlykda uly ösüşleriň gazanylandygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, ýurtlaryň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara guramalaryň çäklerinde özara bähbitli gatnaşyklar esasynda yzygiderli ösdürilýändigi we pugtalandyrylýandygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigini we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň, ýaş we zenan parlamentarileriň duşuşyklarynyň geçirilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. 

Milli parlamentiň Başlygy D.Gulmanowa bu duşuşygyň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen parlamentara gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýewi ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň   döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

22.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Täjigistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Faýzali Idizoda bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Täjigistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Faýzali Idizoda bilen duşuşygy geçirildi. 

Taraplar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini hem-de bu gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen berkitmäge we ösdürmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler. 

Milli parlamentiň Başlygy D.Gulmanowa iki ýurduň halklaryny gadymyýetden gelýän taryhy kökleriň, medeni we ruhy umumylyklaryň baglanyşdyrýandygyny, häzirki wagtda özara hormat goýmaga, ynanyşmaga we deňhukuklylyga esaslanýan bu gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. 

Duşuşygyň dowamynda halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlarynyň goldanylmagy, kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmagy, parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň işjeňleşdirmegi, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, zenan we ýaş parlamentarileriniň arasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, birek-biregiň çärelerine wekilleriniň gatnaşmagy, wekiliýetleriň saparlarynyň guralmagy hem-de duşuşyklaryň geçirilmegi goldanyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Täjigistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Faýzali Idizodany ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň   döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy. 

22.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. 

Mejlisiň barşynda türkmen tarapy hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň dünýäniň syýasy, ykdysady, hukuk giňişligine goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen dünýä we sebit derejesinde parahatçylygyň, ösüşiň ilerlemegi ugrunda energiýa serişdeleriniň we ulag üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi, parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda öňe sürýän başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň goldamagynda kabul edilen kararnamalaryň ähmiýeti barada belledi. 

Mejlisiň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda hereket edýän ygtybarly meýdança bolup, bu gurama gatnaşyjy döwletleriň arasynda daşary syýasy, ykdysady, söwda, ynsanperwer hem-de beýleki ugurlar boýunça alnyp barylýan netijeli dialogyň ähmiýeti nygtaldy. 

Türkmen tarapy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyň diňe bir giň geografik giňişligi emele getirmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlaryň köpasyrlyk taryhy, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigini we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ösdürmekde açyk meýdança bolup durýandygyny belledi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine hödürlenen meseleleriň kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga, şeýle hem ýurtlaryň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny berkitmäge, Arkalaşyga döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga uly mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

21.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi

 

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy N.Koçanowa bilen duşuşygy geçirildi.  

Taraplar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen türkmen-belarus döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigini bellediler.   

Türkmen tarapy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň   ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda dünýä döwletleri, şol sanda Belarus Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge we berkitmäge aýratyn ähmiýet berýändigini hem-de Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen berkitmäge we ösdürmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi. 

Duşuşygyň dowamynda geljekde hem kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmagy, parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň işjeňleşdirmegi, halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlarynyň goldanylmagyny, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, ýaş parlamentarileriň we zenan parlamentarileriniň arasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini, birek-biregiň çärelerine wekilleriniň gatnaşmagyny, wekiliýetleriň saparlarynyň guralmagynyň hem-de duşuşyklaryň, şol sanda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklaryň geçirilmeginiň goldanylýandygy  nygtaldy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy N.Koçanowany ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň   döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda durnukly ösüşi üpjün etmekde oňyn tejribeleri paýlaşmaga we öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen halkara we parlament çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

21.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary başlandy

 

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy mejlisiniň we Parlamentara Assambleýanyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň işine gatnaşmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary başlandy. 

Iş saparyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenko bilen duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasyna gatnaşmak üçin iberen çakylygy üçin hoşallygyny beýan edip, bu çäräniň  üstünlikli geçmegi baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenko Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna çuňňur hormat goýýandygyny we ýokary baha berýändigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna, şol sanda onuň Parlamentara Assambleýasynyň işine uly üns we yzygiderli goldaw berýändigini belledi. 

Şeýle hem taraplar döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň düýpli strategik hyzmatdaşlyk häsiýete eýe bolmak bilen, türkmen-rus gatnaşyklarynyň baý tejribesiniň esasynda dürli ugurlarda, şol sanda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli ösdürilýändigi we döwletara gatnaşyklaryň parlamentler derejesinde yzygiderli goldanylýandygyny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda geljekde kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagy, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegi, halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny goldamagy hem-de parlamentler derejesinde duşuşyklary we maslahatlary geçirmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň ähmiýeti bellenilip geçildi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkony ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň   döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy. 

21.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen zenanlaryň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça geçirilen Sebitleýin maslahatyna gatnaşdylar

 

2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde «Merkezi Aziýada gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bagly meseleleri ilerletmek» atly sebitleýin maslahata gatnaşdylar. 

Maslahatyň maksady sebitiň ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary berkitmekden, birek-birege ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny ýokarlandyrmakdan we ýolbaşçylyk ukybyny ösdürmekden, olaryň döwlet dolandyryşyna, jemgyýetçilik, ykdysady we medeni ösüşe goşýan goşandyny wagyz etmekden ybarat boldy.

Meýilnama laýyklykda, «Merkezi Aziýada gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bagly meseleleri ilerletmek» atly sebitleýin maslahatda Merkezi Aziýa sebitinde gender deňligini üpjün etmekde durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ähli zenanlaryň hem-de gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de bu ugurda Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde  alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler dogrusynda çykyşlar diňlenildi. 

Milli parlamentiň wekili sebitleýin maslahatda çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, olaryň döwlet dolandyryşynda hem-de jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda ornuny ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda zenanlar we erkekler üçin deň hukuklaryň we mümkinçilikleriň döwlet kepillikleri barada kanunçylygyň kämilleşdirilişi, şeýle hem milli meýilnamalaryň durmuşa geçirilişi bellenildi.

Maslahatda sebitiň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagynda zenanlaryň alyp barýan işleriniň ähmiýeti barada pikir alşyldy.

21.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hünär alyş-çalyş okuw sapary

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň guramagynda bu ýurduň paýtagty Waşington we Montana ştatynyň Helena şäherlerinde 2026-njy ýylyň 12-22-nji maýy aralygynda ABŞ-nyň «Open World»  maksatnamasynyň hünär alyş-çalyş okuw saparynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklara we çärelere gatnaşdylar. 

Saparyň maksatnamasy döwlet dolandyryşy, parlament ulgamy, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýaly ugurlary öz içine aldy.

Okuw sapary ABŞ-nyň Kongresiniň Jeýms Medison adyndaky kitaphanasynyň binasynda guralan tanyşdyryş duşuşygy bilen başlandy. 

 

Описание: C:\Users\EAtayewa\AppData\Local\Microsoft\Windows\INetCache\Content.Word\IMG-20260515-WA0007.jpg

 

Bu ýerde geçirilen okuw maslahatynyň dowamynda amerikan federalizmi we ABŞ-nyň Kongresiniň işjeňlik ulgamynyň aýratynlyklary barada durlup geçildi. «Capital Communications Group, Inc» korporasiýasynyň prezidenti Akram Elias bilen geçirilen duşuşykda ol wekiliýet agzalaryny kanunçykaryjylyk ulgamynyň gurluşy we onuň amaly işleri bilen tanyşdyrdy.

 

Описание: C:\Users\EAtayewa\AppData\Local\Microsoft\Windows\INetCache\Content.Word\IMG-20260515-WA0006.jpg

 

Şol günüň ikinji ýarymynda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky häzirki zaman gatnaşyklarynyň ösüş aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berildi. Duşuşykda Lora Kennedi  2001–2003-nji ýyllar aralygynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi wezipesinde işlän döwründe ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp baran işleri boýunça tejribelerini paýlaşdy. Ol iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy     has-da pugtalandyrmak boýunça geljegi uly ugurlaryň bardygyny nygtady. 

Описание: C:\Users\EAtayewa\AppData\Local\Microsoft\Windows\INetCache\Content.Word\IMG-20260515-WA0002.jpg

 

Maksatnama laýyklykda, Montana şäherindäki Senator Stiw Deans bilen geçirilen duşuşykda parlamentara dialogy işjeňleşdirmek, kanunçykaryjylyk tejribeler we ikitaraplaýyn bähbitli meseleler barada pikir alşyldy.

 

21.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Ženewa şäherinde iş saparynda boldy

2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Parlamentara Bileleşigiň agza ýurtlarynyň parlamentleriniň arasynda guralan saglygy goraýyş meseleleri boýunça Parlamentara foruma gatnaşdy. 

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we Parlamentara Bileleşik tarapyndan bilelikde guralan her ýylky forum «Borçnamalary iş ýüzüne geçirmek: Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň pandemiýa boýunça Ylalaşygyny durmuşa geçirmekde we saglygy goraýşy maliýeleşdirmekde parlament ýolbaşçylygyny ösdürmek» atly temada geçirilip, parlament wekilleriniň Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň işine gatnaşmagy üçin ýöriteleşdirilen platforma boldy. 

Forumyň esasy maksady durnukly dialogy ýola goýmakdan, tejribe alyşmakdan we ählumumy saglygy goraýyş borçnamalaryny milli derejede anyk çäreler bilen utgaşdyrmakdan ybarat.

Maslahatyň dowamynda halkara saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygy täze şertlerde ösdürmek we tejribe alyşmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem parlamentler derejesinde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde döwlet goldawynyň hem-de bu ugurda kanunçylyk binýadynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şunda dünýä derejesinde sagdyn durmuş ýörelgesini durnukly ösdürmek, ilatyň saglygyny goramak we oňa howp salýan ýagdaýlary aradan aýyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny halkara derejede ösdürmek bilen, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar saglygy goraýyş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde we lukmançylyk ulgamynda täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda kanunçykaryjy edaralaryň ornuny has-da pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtadylar.

21.05.2026

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda özara ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk täze many-mazmun esasynda baýlaşdyrylýar. Taryhyny gadymy Beýik Ýüpek ýolundan alyp gaýdýan gatnaşyklar iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli ösdürilýär. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaýa amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda geçiren ýokary derejedäki duşuşyklary hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berdi. Şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda saparda bolan hytaý wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikler, gazanylan ylalaşyklar iki ýurduň milli bähbitleriniň ählumumy ösüş maksatlary bilen sazlaşykly utgaşýandygynyň aýdyň mysaly boldy.

Hormatly Prezidentimiz HHR-iň Başlygy Si Szinpine Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylyk hatyny ugratdy. Munuň özi türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze sahypany açmak bilen, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna badalga berer. Si Szinpin hem döwlet Baştutanymyzyň çakylyk hatyny kabul edip, öz gezeginde, jogap hatyny iberdi. Bu hatda şeýle bellenilýär:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Siziň iberen çakylyk hatyňyzy aldym.

Siz uzak wagtyň dowamynda hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda tagalla edýärsiňiz, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlugyň dowam etdirilmegine ägirt uly goşant goşýarsyňyz hem-de dürli möhüm ugurlarda özara hyzmatdaşlyga ýardam edýärsiňiz. Men muňa ýokary baha berýärin. Men hytaý-türkmen hemmetaraplaýyn gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin we Siziň bilen ýakyn gatnaşyk saklamaga taýýardyryn. Türkmenistana gelip görmäge çakylygyňyz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin. Iki tarap üçin hem amatly bolan wagtda ýurduňyza sapar bilen barmaga taýýardyryn. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleri bu mesele boýunça ýakyn aragatnaşykda bolup bilerler.

Siz öz hatyňyzda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde birnäçe iri taslamalary ýatlapsyňyz. Hytaý tarapy iki ýurduň arasynda dürli ugurlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny yzygiderli goldaýar. Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça komitet degişli başlangyçlary düýpli öwrenip, olary degişli şertlerde durmuşa geçirip biler. Hytaý tarapy Türkmenistan bilen bilelikde gatnaşyklaryň täze aýdyň nusgalaryny döretmek we “Hytaý — Türkmenistan bitewi ykbal bileleşiginiň” mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Dostlukly türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, parahatçylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

20.05.2026

Ýewraziýa toparynyň agza döwletleriniň parlament agzalarynyň V forumy geçirildi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Jenaýatçylyklyk ýol bilen alnan girdejileriniň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň 44-nji umumy mejlisiniň  çäginde oňa agza döwletleriň parlament agzalarynyň V forumy geçirildi. Foruma Ýewraziýa toparynyň agza döwletleriniň we synçy döwletleriň parlamentleriniň, halkara guramalaryň hem-de maliýe institutlaryň wekilleri gatnaşdylar. 

Forumyň barşynda gün tertibiň meseleleri boýunça Ýewraziýa toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň, Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň hem-de Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň, Hindistan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleri çykyş etdiler. Olarda jenaýatçylyklyk ýol bilen alnan girdejileriniň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, döwrebap kiberhowpsuzlyk gurallaryny ösdürmek hem-de sanly giňişlikde emeli aň we beýleki täze tehnologiýalar arkaly amala aşyrylýan hukuk bozulmalaryň öňüni almak, olardan goranmak, bu ugurda jenaýatlara garşy halkara derejede hereket etmek boýunça garaýyşlar, milli tejribeler beýan edildi we durmuşa geçirilýän işler bellenildi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili gün tertibiniň meselesi boýunça çykyş edip, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, ynsanperwerlik, parahatçylyk, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda dünýäniň abraýly guramalary, şol sanda sebitleýin hökümetara guramasy bolan Ýewraziýa topary bilen netijeli gatnaşyklaryny ösdürýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu abraýly sebitleýin düzüm bilen kanunçykaryjylyk işi babatda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk hem-de ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada giňişleýin durup geçdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ugurda milli ulgamynyň netijeli işiniň üpjün edilmegi, onuň pudagara derejedäki hem-de degişli düzümleriň görnüşindäki işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy babatda zerur tagallalar edilýär. Şunda bar bolan wezipeleri çözmekde diňe bir kanunçylyk taýdan däl, eýsem, beýleki ugurlarda hem düýpli özgertmeleri amala aşyrmak esasynda hereket edilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. 

Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň guramaçylykly jenaýatçylyga we terrorçylyga garşy göreşmek boýunça birnäçe konwensiýalaryna, ylalaşyklaryna we maksatnamalaryna goşulmak bilen, halkara hukuk kadalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edýär. 

Forumyň barşynda Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmek, halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmak babatda sebit we dünýä ähmiýetli başlangyçlaryna hem-de bu ugurda ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmek boýunça durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berildi.

Foruma gatnaşyjylar meýilleşdirilen halkara çäreleriň guramaçylykly geçirilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza wekiliýetleriniň adyndan hoşallygyny beýan etdiler hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine uly ynam bildirdiler. 

19.05.2026

Ýewraziýa toparynyň agza döwletleriniň parlament agzalarynyň V forumy öz işine başlady

Şu gün paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýewraziya toparynyň agza döwletleriniň Parlament agzalarynyň V forumy öz işine başlady.

Bu halkara çäre Ýewraziýa toparynyň 44-nji umumy mejlisiniň çäklerinde geçirilýär. Bu forum jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşmekde kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň özboluşly platfroma bolup durýar. Şeýle çäräniň geçirilmegi parlament wekilleriniň halkara kadalar we häzirki zaman wehimleri barada bilimini artdyrmakda we bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmek babatda tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýedir.

19.05.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde we Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisinde döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisinde türkmen-özbek Parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde dostlukly gatnaşyklaryň dürli ugurlar, şol sanda parlamentara aragatnaşyklar boýunça uly ösüşe eýe bolýandygy aýratyn bellenildi hem-de türkmen-özbek gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda türkmen tarapy Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwer, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işler bilen tanyşdyrdy.

Häzirki döwürde özara hormat goýmagyň we ynanyşmagyň berk binýadyna esaslanan türkmen-özbek gatnaşyklary täze many-mazmuna eýe bolýar. Şunda taryhyň dowamynda emele gelen, özleriniň gadymy däplere ygrarlydygyny görkezýän iki doganlyk halky birleşdirýän ruhy gymmatlyklaryň umumylygy möhüm ähmiýete eýedir. 

Duşuşykda parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi. Şunuň bilen birlikde, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasynda geçirilýän duşuşyklaryň, maslahatlaryň döwletara gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada bellenildi. 

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde zenanlaryň dialogynyň,                     GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisiniň, demografiýa meseleleri boýunça geçiriljek çäreleriň ähmiýeti barada hem belläp geçdi. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar däp bolan dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

18.05.2026

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNI

 

Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Esasy Kanuny, jemgyýetimiziň kanunçylyk-hukuk esaslarynyň gözbaşy we mizemez binýady bolup durýar. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Esasy Kanunymyz ýurdumyzyň ösüş derejesine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirildi, onda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçen taryhy ähmiýetli iň möhüm wakalar öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna öňdebaryjy dünýä tejribesiniň, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasyny düzýän ýörelgeleriň ornaşdyrylmagy netijesinde, Esasy Kanunymyz diňe bir mazmun taýdan däl, eýsem, gurluş taýdan hem düýpli özgerdildi. Munuň özi ähli ulgamlarda döwlet syýasatyny düzgünleşdirýän kanunlaryň kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Bitarap döwletimiziň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan mukaddes nyşanlaryň biridir. Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, halkymyzy galkyndyrýan, eziz Watanymyzyň bähbitlerine beýik maksatlara ruhlandyrýan buýsançly döwlet nyşanymyzdyr. Merdana halkymyzyň bütin şöhratly geçmişiniň dowamynda mukaddes baýdagymyza milli gymmatlyklaryň biri hökmünde uly sarpa goýlupdyr. 

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Birleşen Milletler Guramasynyň edara binasynyň öňünde we beýleki halkara guramalarda, şeýle-de dünýäniň çar künjegindäki döwletlerde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň, parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer döwlet syýasatynyň, türkmen halkynyň milli galkynyşynyň, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň we abadançylygyň, döwletliligiň, bitewüligiň nyşany hökmünde al-asmanda parlaýar.

 

18.05.2026

«Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň hukuk ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary: häzirki zaman kanunçylygynyň milli modeli» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Eziz Diýarymyzda her ýylyň 18-nji maýynda Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni agzybirlikde, ruhubelentlikde uly dabaralara beslenip bellenilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Konstitusiýamyzyň kabul edilmegine we Döwlet baýdagymyzyň döredilmegine 34 ýyl dolýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kabul edilen güni halkymyzyň Garaşsyz, demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakdaky asyrlarboýy arzuwynyň hasyl bolan güni hökmünde taryha girendigi guwandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bu goşa baýram bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni giňden toýlanýar. 

2026-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, ýurdumyzyň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen «Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň hukuk ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary: häzirki zaman kanunçylygynyň milli modeli» atly ylmy-amaly maslahat hem bu şanly senä bagyşlandy.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, Demokratik partiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, alymlar, professor-mugallymlar, şeýle hem ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyň çäklerinde «Garaşsyz döwletimiziň hukuk ulgamynyň kemala gelmegi: milli tejribe we halkara hukugy», «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň  ykdysady, syýasy, ýaşaýyş-durmuş, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda syýasy we hukuk özgertmeleri», «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara başlangyçlary: parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara-hukuk esaslaryny pugtalandyrmakdaky ähmiýeti» atly bölümler boýunça geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary hem-de Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň milli kanunçylygynyň berk binýadynyň döredilmeginiň, häzirki zaman kanunçylygynyň milli modeliniň kemala gelmeginiň, döwletiň hem-de jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde adamyň ykrar edilmeginiň ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine laýyk gelýändigi, Konstitusiýamyzda berkidilen adalatlylyk, deňhukuklylyk, adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny sarpalaýan ýörelgeleriň raýat jemgyýetiniň dabaralanmagyna giň şertleri döredýändigi barada aýratyn nygtadylar.

Şeýle hem maslahatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenmeginiň ähmiýeti, many-mazmuny, türkmen halkynyň dostlukly, ynsanperwer we hoşniýetli gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny alamatlandyrýandygy barada belläp geçdiler. 

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.

 

Описание: C:\Users\DMuhyyew\Desktop\äw\2 копия.jpg

 

Ylmy-amaly maslahatyň «Garaşsyz döwletimiziň hukuk ulgamynyň kemala gelmegi: milli tejribe we halkara hukugy» atly bölüminde edilen çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiziň hukuk ulgamynyň kemala gelmegi, milli tejribäniň we halkara hukugynyň kanunçylyga ornaşdyrylmagy, konstitusion özgertmeler, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, sebit we halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde geçirýän halkara hyzmatdaşlygy, döwletimiziň daşary syýasatyny amala aşyrmagyň konstitusion-hukuk kepillikleri, milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi barada durlup geçildi.

Şeýle hem, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli kanunçylygynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy, munuň bolsa ilkinji nobatda, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň dabaralanmagy bilen baglanyşyklydygy barada edilen çykyşlarda bellenildi.

 

Описание: C:\Users\DMuhyyew\Desktop\äw\0.jpg

 

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ykdysady, syýasy, ýaşaýyş-durmuş, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda syýasy we hukuk özgertmeleri» atly bölümde edilen çykyşlarda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysadyýetde, syýasatda, halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynda, medeni ynsanperwer ulgamlarynda amala aşyrylýan kanunçylyk özgertmeleri barada bellenildi.

Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda umumy ykrar edilen halkara kadalaryny göz öňünde tutmak bilen geçirilen milli kanunçylyk özgertmeleriniň, ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda bedew batly ösüşleriň esasyny düzýändigi, özüne çekijiligi we maýa goýum işjeňligi bilen tapawutlanýan ykdysady syýasat, milli bilimiň, ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy, gender deňligini üpjün etmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň döwlet kepillikleri, hukuk ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary barada çykyşlar diňlenildi.

 

Описание: C:\Users\DMuhyyew\Desktop\äw\4 копия.jpg

 

«Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara başlangyçlary: parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara-hukuk esaslaryny pugtalandyrmakdaky ähmiýeti» atly bölümde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde dünýäde ynsanperwerligi öňe sürmekde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti barada giňden bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bilen baglanyşykly üçünji gezek ýörite Kararnamany kabul etmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň netijeliliginiň aýdyň mysalydygy aýratyn bellenildi.

Şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň  80-nji ýubileý mejlisinde 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky öňe süren başlangyjynyň ähmiýeti barada durlup geçildi.

Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hem-de sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek barada Türkmenistanyň daşary syýasy başlangyçlarynyň taryhy-syýasy ähmiýeti, durmuşa geçirýän işleri, şol sanda parlament diplomatiýasyny ilerletmek, hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler, milli konstitusion kanunçylygyň we halkara-hukuk kadalaryň sazlaşygy, ýurdumyzyň ekologiýa babatyndaky başlangyçlarynyň ähmiýeti barada çykyşlar diňlenildi.

16.05.2026
1 2 3 4 5 6 7 ... 85