Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak boýunça degişli işler dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli işledilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, kadaly gögeriş alynýar. Şeýle hem welaýatda pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak ugrunda zerur tagallalar edilýär. Pagtaçy daýhanlar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişiniň ýokary guramaçylykly geçirilmegi, bugdaý ekilen ýerlerde ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi, pagta hasylynyň bellenen möhletlerde ýitgisiz ýygnalyp alynmagy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak babatda häkime anyk görkezmeler berildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, «Arkadag şäherinde binalary we desgalary gurmak hakynda» Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu Kararda bellenen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam etmek bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýurdumyzda geçirilýän özgertmelere goşýan goşandyny has-da artdyrjakdygyny, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna uly itergi berjekdigini belläp, degişli Karara gol çekdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýokary hilli geçirmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak boýunça zerur işler utgaşykly ýerine ýetirilýär. Sebitde pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek, hususan-da, pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, pagtaçylar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaý ekişiniň ýokary hilli geçirilmeginiň geljek ýylda bol hasyl almagyň esasydygyny aýtdy we bu jogapkärli möwsümiň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyny, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatda alnyp barylýan işler baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda bugdaý ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar, tagt suwuny tutmak işleri tamamlandy. Ekişde tehnikalary, oba hojalyk gurallaryny netijeli işletmek boýunça degişli çäreler görülýär. Welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de bökdençsiz kabul etmek boýunça hem degişli işler ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Mundan başga-da, ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnamak işi guramaçylykly alnyp barylýar. Şeýle hem häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaý ekişiniň talabalaýyk geçirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz, gysga möhletde ýygnalyp alynmagyny, şaly oragynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaý ekişi bellenen talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işlerini öz wagtynda tamamlamak, kadaly gögeriş almak boýunça zerur işler geçirilýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryndan we ekiş gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga möhletde, ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Döwlete tabşyrylan hasyl üçin pagta öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şeýle-de welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy, welaýatyň Dänew etrabynyň Dänew şäherindäki 154 orunlyk hassahananyň hem-de Saýat etrabynyň Saýat şäherindäki 150 orunlyk hassahananyň durkuny täzelemek işleriniň tamamlanandygy we ulanyşa taýýar edilendigi barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi hem-de bugdaý ekişiniň, ideg, suwaryş işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, pagta hasylynyň bellenen talaplara laýyklykda ýygnalyp alynmagyny, şaly oragynyň guramaçylykly geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly anyk görkezmeler berildi.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz welaýatyň durky täzelenen hassahanalarynyň ulanyşa berilmegi mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow häzirki wagtda welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak barada öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda bugdaý ekişi bellenen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Bugdaý ekişi bilen birlikde, bugdaý ekiljek meýdanlary gurplandyrmak we ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş almak boýunça zerur çäreler geçirilýär. Bugdaý ekişinde degişli tehnikalaryň, gurallaryň doly güýjünde işledilmegi üpjün edilýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly harmanhanalarda kabul etmek we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Pagtaçy daýhanlar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri bilen bir hatarda, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak we gaýtadan işlemek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Şunuň bilen birlikde, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, gant şugundyryny ýygnamak boýunça işleriň bökdençsiz geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Wise-premýer, ilki bilen, “Arkadag şäherinde binalary we desgalary gurmak hakynda” Karara gol çekendigi üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallygyny beýan edip, bu taryhy çözgüt bilen Arkadagly Serdarymyzy we Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlady.

Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen oba hojalyk toplumynyň adyndan hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitlerde geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda ekiş möwsümi dowam edýär. Bugdaý ekişini talabalaýyk geçirmek maksady bilen, onda ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ekiş bilen bir hatarda, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.

Şeýle hem pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan welaýatlarda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Ýygnalan hasyly harmanhanalarda kabul etmek, pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça hem zerur işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri guramaçylykly dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde we bökdençsiz geçirilmegini, pagta ýygymyna gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegini, şaly oragynyň we gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleriniň talabalaýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilen hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagyny, geljek ýylyň hasyly üçin ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we bu jogapkärli möwsümiň bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

09.10.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezine geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabatda we Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde dürli maksatly binalaryň gurluşygy, şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, gurluşyklarda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklaryna degişli taslamalar we gurluşygy dowam edýän desgalaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalarydyr çyzgylary bilen tanyşdyrylyş çäresine Hökümet agzalary, ugurdaş ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýerde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň baş meýilnamasy, iki gatly, iki öýli ýaşaýyş jaý toplumlarynyň şekil taslamalary hem-de olaryň täze şäherde ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilýän desgalaryň aýratynlyklary barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow paýtagtymyzda gurulýan 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde, 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän Stomatologiýa merkeziniň, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklarynyň baş meýilnamasy, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we sagaldyş ulgamyna degişli merkezleriň bölümleriniň enjamlaşdyrylyşy, otaglaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Arkadag şäherinde ynsan saglygynyň berkidilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegine, hususan-da, şäheriň halkara ülňülere doly laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň işine uly üns berilýär.

Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň we onuň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary, Balkan welaýatynyň çäginde bina edilmegi göz öňünde tutulýan, kuwwatlylygy 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän döwrebap elektrik stansiýasynyň taslamalary we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Bular barada wise-premýer B.Annamämmedow türkmen halkynyň Milli Liderine hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz şekil taslamalary we çyzgylary bilen içgin tanşyp, gurluşyklarda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagynyň, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.

Bu ýerde görkezilýän taslamalar bilen tanyşlygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyza dünýäniň abraýly maliýe düzümleriniň biri bolan Yslam ösüş bankynyň ýurdumyzyň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň gurluşyklaryny maliýeleşdirmek boýunça öz tekliplerini hödürleýändigi baradaky hoş habar aýdyldy. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä derejesindäki belent abraýyna, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde ykrar edilýändigine, kuwwatly ykdysady mümkinçilige eýe bolan döwletdigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, ýurdumyzyň “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, dünýäniň dürli ugurlarda uly tejribä hem-de ýokary tehnologiýalara eýe bolan döwletleri we iri halkara maliýe edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýändigini belledi. Şeýle maliýe edaralarynyň hatarynda Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek bilen, bilelikdäki taslamalary amala aşyrýan Yslam ösüş banky hem bar.

Şunuň bilen baglylykda, keselleriň öňüni almak, anyklamak we degişli bejergileri geçirmek babatda öňdebaryjy tejribäniň ulanylmagynda we saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilmeginde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ähmiýetlidigine ünsi çekip, lukman Arkadagymyz Yslam ösüş banky bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, bilelikdäki taslamalary yzygiderli amala aşyrmagyň wajypdygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Saglygy goraýyş ulgamyna degişli toplumlaryň gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeler we enjamlar berkligi, uzak möhletleýinligi bilen tapawutlanmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de gurluşyk işlerini amala aşyrmaga toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli binalaryň gurluşyk işlerine maslahatçy hökmünde halkara derejeli bilermenler bilen bilelikde iş alnyp barylýandygy, şeýlelikde, geňeşçi toparlaryň işiniň netijeli häsiýete eýe bolýandygy barada habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda meýilleşdirilen döwrebaplaşdyryş işleriniň derejesi we gerimi bilen tanşyp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmeginiň türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşant boljakdygyny belledi. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Halk Maslahatynyň Başlygy çapuw ýodalaryna düşelýän örtügiň özboluşly aýratynlyklary barada aýdyp, olar üçin Garagum sährasynyň çägesini ulanmagyň möhümdigini nygtady. Munuň özi taryhyň dowamynda atçylyk babatda toplanan tejribäniň we milli atşynaslyk ýörelgeleriniň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüler.

Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynyň çäginde bina edilmegi göz öňünde tutulýan, kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasynyň gurluşygyna toplumlaýyn we jogapkärli çemeleşmelidigini belledi.

Häzirki döwürde Türkmenistandan Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Özbegistan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Eýran Yslam Respublikasyna we Owganystana elektrik energiýasy iberilýär. Täze desganyň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň energoulgamynyň kuwwaty ýene-de artar. Şeýlelikde, türkmen energiýasyny sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygy pugtalanar. Şol bir wagtyň özünde, ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiligi ýokarlanar we täze iş orunlary dörediler.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga gönükdirilen çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Şunda energetika desgalary gurlanda, daşky gurşawa ýaramaz täsiriň ýetirilmegini azaltmaga ýardam edýän döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem uly üns berilýär. Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde gurlan, sebitde deňi-taýy bolmadyk, utgaşykly dolanyşykda işleýän bug-gaz elektrik stansiýasyny muňa mysal hökmünde getirip bolar. Şeýlelikde, Balkan welaýatynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän elektrik stansiýasynyň utgaşykly dolanyşykda işlemegi bu pudaga dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň işjeň ornaşdyrylýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş, senagat, önümçilik maksatly binalaryň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagynyň, toplumlaryň işgärleriniň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň wajypdygyny belläp, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkiýeli işewür Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Mälim bolşy ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýän “Çalyk Holding” kompaniýalar topary gurluşyk pudagynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşydyr. Duşuşygyň dowamynda türkiýeli hyzmatdaşlaryň alyp barýan işleriniň ýagdaýy hem-de mundan beýläk-de gatnaşyk etmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işewür wagt tapyp duşuşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzda 10-njy oktýabrda bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen gutlady. Şeýle hem Ahmet Çalyk, pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy we “Altyn Aý” altyn nyşanynyň gowşurylmagy bilen gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda soňky ýyllarda giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, täze şäherdir obalaryň, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralarynyň, önümçilik kärhanalarynyň yzygiderli gurulýandygyny belledi.

Türk holdinginiň ýolbaşçysy “Çalyk Holding” üçin Türkmenistanda işlemegiň we ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine mynasyp goşant goşmagyň uly mertebedigini nygtap, özüne ynanylan desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gurluşyk işleri işlenip taýýarlanylan ýörite meýilnama laýyklykda güýçli depginde alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap türkmen-türk hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda, aýratyn-da, energetika, saglygy goraýyş, dokma senagaty, gurluşyk pudaklarynda işjeň ösdürilýär. Ýurdumyzda kabul edilen durmuş-ykdysady maksatnamalar we maýa goýum üçin döredilen mümkinçilikler netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça amatly şertleri döredýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri türk hyzmatdaşlaryň, aýratyn-da, Ahmet Çalygyň Türkmenistanda saglygy goraýyş, önümçilik we energetika ulgamlarynyň desgalarynyň gurluşyklaryny amala aşyran kompaniýasynyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekdäki uly goşandyny kanagatlanma bilen nygtady.

Işewür daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemekleri ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn maksatnamalaryň, halkara ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine “Çalyk Holdingiň” taýýardygyny tassyklady.

“GAP Inşaat” kompaniýasynyň häzirki döwürde Aşgabatda saglygy goraýyş ulgamyna degişli häzirki zaman merkezleriniň gurluşygyny alyp barýandygyny belläp, Ahmet Çalyk hemme işleriň ýokary hil derejesinde ýerine ýetiriljekdigine, desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga beriljekdigine ynandyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri taslamalar taýýarlanylanda, ýurdumyzda ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleriň we täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagyna aýratyn üns berilýändigini nygtap, işleriň ýokary derejede, öz wagtynda tamamlanmagy bilen bir hatarda, ekologik kadalaryň hem-de halkara ölçeglere laýyklykda daşky gurşawy goramak babatdaky talaplaryň pugta berjaý edilmeginiň möhüm ugur bolup durýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow türk işewürine işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

09.10.2023

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE ÝEWROPADA HOWUPSUZLYK WE HYZMATDAŞLYK GURAMASYNA BAŞLYKLYK EDÝÄN DEMIRGAZYK MAKEDONIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna Başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýanyň Daşary işler ministri Buýar Osmani bilen duşuşygy boldy. 

Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen köpýyllyk özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn täze ugurlar boýunça giňeldilýändigini belledi. 

Söhbetdeşligiň dowamynda myhman Bitarap Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek babatdaky syýasatynyň möhüm ornuny belledi. Şunuň bilen birlikde, durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilýändigine ähmiýet berdi.

Bulardan başga-da şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahatyň, Kanadanyň Wankuwer şäherinde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 30-njy mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň gatnaşandyklaryny hem-de öňde durýan möhüm meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmaga itergi berendigini bellediler.

Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda soňky wagtda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belläp, söhbetdeşler kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň zerurdygyny nygtadylar.

09.10.2023

Türkmenistanyň Mejlisinde şu ýylyň dokuz aýynyň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen maslahatda 2023-nji ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine garaldy hem-de kanunçylygy kämilleşdirmek barada öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Şeýle-de maslahatda dünýä döwletleriniň parlament wekilleri, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly geçirilen duşuşyklaryň netijelerine garaldy. Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara guralan iş saparlary hem-de kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmäge we döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri we abraýly halkara guramalar bilen bilelikde guralan okuw maslahatlary barada giňişleýin durlup geçildi.

Maslahatyň ahyrynda deputatlar Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň kanunçylygynyň türkmen halkynyň milli ýörelgeleriniň we oňyn dünýä tejribesiniň esasynda  kämilleşdirilmegi barada öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak barada ähli tagallalary etjekdiklerine Hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy ynandyrdylar.

07.10.2023

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz ozaly bilen RF-niň Prezidentini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de Russiýanyň halkynyň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşydyr. Biziň gatnaşyklarymyz deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz giň ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. 

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar hem okgunly ösdürilýär, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy, parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirildi.

Medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üstünlikli pugtalandyrylýar, munuň özi iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagynyň möhüm şertidir. 

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz türkmen-russiýa gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge berýän uly ünsi we goldawy üçin russiýaly kärdeşine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

Dostlukly döwletiň Baştutany mähirli gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, däp bolşy ýaly, dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara dialogynyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. 

Telefon söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

07.10.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Şu gün — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen ýatlanýar. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şol agyr ýyllardan bäri näçe wagt geçse-de, häzirki nesliň Watanyň edermen goragçylarynyň görkezen gahrymançylyklaryna goýýan hormat-sarpasy belentdir. Çünki olar nesilleriň nurana geljeginiň hatyrasyna öz janlaryny pida etdiler.

Aýratyn ähmiýetli seneleri bilelikde bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpdir. Nesilleriň bu agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemezdir. Halkymyza mahsus bolan ruhubelentlik bilen birlikde, jebislik ähli kynçylyklary hem-de ýitgileriň yzasyny hemişe ýeňip geçmäge kömek edipdir. Türkmen halkynyň taryhynda şeýle wakalar ençeme gezek bolup geçipdi. Mähriban topragymyza çäksiz söýginiň, agzybirligiň, öz güýjüne ynamyň we durmuşy söýmegiň netijesinde, türkmen halky agyr ýitgilere sezewar bolanda-da kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdyr. Paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy milli gahrymanlarymyza çuňňur sarpanyň, halkymyzyň beýik geçmişine hormatyň özboluşly nyşanydyr.

Şu gün ir bilen ildeşlerimiziň müňlerçesi «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül desselerini goýmak bilen, halkymyzyň gahrymanlaryny hatyralady. Hatyralamak däbi halkymyzyň müňlerçe ýyla uzaýan ruhy-medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Biz bu gün pajygaly Aşgabat ýertitremesinde pida bolan ildeşlerimizi, Gökdepe galasynyň edermen goragçylaryny, şeýle hem 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlaryny hatyralaýarys.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada saklanýar. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bellenen ýere barýar. Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Gurban bolan Watan goragçylary we tebigy betbagtçylykda ömür tanapy kesilenler baradaky halk hasratynyň özboluşly sazly senasyna öwrülen gamgyn «Keçpelek» sazy ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin «Ruhy tagzym» ýadygärligine gül çemenini goýdy.

75 ýyl ozal tebigy betbagtçylyk Aşgabady düýbünden weýran edip, öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar etdi. Bu pajygaly wakanyň elhenç ýatlamalary henizem halkymyzyň ýüreginde ýaşaýar. Tebigy betbagtçylyk zerarly ömür tanapy kesilen watandaşlarymyzyň atlary hakydamyzda baky galar. Güýçli sarsgyn bilen sähel pursatda türkmen paýtagtyny weýran eden şol pajygaly gijede diri galanlar batyrlyk, tutanýerlilik, gaýduwsyzlyk we çydamlylyk görkezdiler.

Döwlet Baştutanymyz çuňňur hasratyň nyşany hökmünde baş egdi.

Şol aýylganç gijäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň garry atasy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň weterany Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapyny kesdi. Beýik şahsyýetiň çeken yhlasly zähmeti, türkmen döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlary müdimilik ýatda galar.

Häzirki wagtda Aşgabat ak mermerli şähere öwrüldi. Onuň täze keşbinde ata-babalarymyzyň, ýurdumyzyň ýagty geljegi, türkmen halkynyň geljek nesilleriniň bagtly ykbaly baradaky arzuw-umytlary jemlenýär. Agyr synaglardan geçen paýtagtymyz gaýtadan dikeldildi we parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň mekanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýan möhüm wezipeleriniň biri hem Aşgabady milli däpleriň, öňdebaryjy şähergurluşyk ýörelgeleriniň esasynda ösdürmekden ybaratdyr. Giň gerimli taslamalar şu maksada ýetmäge gönükdirilendir. Bu taslamalar sebitiň hem-de dünýäniň iri işewürlik, ylmy, medeni we sport merkezi hökmünde türkmen paýtagtynyň şan-şöhratynyň has-da artdyrylmagyna ýardam edýär.

Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleriniň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň yzygiderli gurulmagy ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň täze eýýamynyň nyşanydyr. Amala aşyrylýan özgertmeler Türkmenistanyň ösüşine we rowaçlygyna, ilatymyzyň abadançylygyny artdyrmaga, her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

2023-nji ýylda ýurdumyzda bolup geçen esasy taryhy wakalaryň biri hem 29-njy iýunda kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabaraly çärelerdir. Bu ajaýyp şäheriň açylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň aýdyň beýanydyr.

Halkymyzyň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan gadymy topragynda bina edilen bu şäher durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan «akylly» şäher taslamasynyň ajaýyp nusgasydyr. Bu ýerde milli binagärligiň iň gowy däpleri şähergurluşyk hem-de dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Ähli babatda, şol sanda tebigata aýawly çemeleşmekde halkara ölçeglere laýyk gelýän degişli düzümler ýaşaýjylar üçin amatly we oňaýly şertleri üpjün edýär. Şäher durmuşynyň ähli ulgamlaryna innowasion sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylan, Merkezi Aziýa sebitinde ýeke-täk täze, «akylly» şäheriň açylmagy Watanymyzyň ýyl ýazgysyna taryhy ähmiýetli aýratyn möhüm waka hökmünde altyn harplar bilen ýazyldy.

Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow faşizme garşy söweşde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de mähriban Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy. Türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky synmaz hakydanyň nyşany hökmünde «baky ot» ýanyp dur.

Halkymyz Watana wepaly gulluk etmegiň mizemez nusgasy bolanlaryň öňünde baş egýär, aramyzda ýaşap ýören gahrymanlar — weteranlar we söweşlerde wepat bolan esgerleriň maşgalalary uly üns-alada bilen gurşalýar. Ata-babalarymyzyň görkezen gahrymançylyklary ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin nusgalykdyr. Watanymyzyň azatlygy ugrunda göreşen pederlerimiziň şöhraty halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ildeşlerimiziň müňlerçesi Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda mertligiň, harby borja wepalylygyň, eziz topragymyza çäksiz söýginiň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Şolaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Berdimuhamet aganyň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň, borja wepalylygyň mekdebidir.

Soňra Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary gül desselerini goýýarlar. Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem olara goşuldylar. Sanlyja wagtyň içinde gül desseleri ýadygärlikleriň öňüni örtdi.

Hakyda halkyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Ol nesilleriň arasyndaky arabaglanyşyk bolup, durmuşy aýratyn, çuň many-mazmuna eýleýär, geçmişe nazar aýlap, geljege ynamly garamaga mümkinçilik berýär. Geçmiş taryhyny bilýän hem-de oňa hormat goýýan jemgyýetde ruhubelentlik höküm sürýär. Ol milletiň watansöýüjilik we döredijilik mümkinçiliklerini birleşdirmäge, durmuşa geçirmäge ýardam edýär.

Biziň hakydamyz, ýaşuly nesle bolan çäksiz hoşallygymyz parahatçylygy pugtalandyrmaga, Garaşsyz türkmen döwletiniň okgunly ösmegine, jemgyýetde belent ynsanperwer däpleri aýawly saklamaga gönükdirilen anyk işlerde öz beýanyny tapýar.

Çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Hatyralamak çäreleri, paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi. Wepat bolanlaryň ruhuna aýat-töwirler okaldy, sadakalar berildi.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen çäre beýik pederlerimiziň däpleriniň dowam etdirilýändiginiň, halkymyzyň ruhubelentligini artdyrmagyň hatyrasyna nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Biz öten-geçenleri hemişe ýatlaýarys. Garaşsyz Watanymyzda döretmegiň, parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagyň, zähmet çekmegiň bähbidine mundan beýläk-de güýç-gaýratymyzy gaýgyrmarys.

06.10.2023

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi we öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa 2023-nji ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, döwletimiziň durmuş-ykdysady we medeni ösüşini kanunçylyk taýdan üpjün etmäge, raýatlarymyzyň hukuklaryny, bähbitlerini goramaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen degişli işler ýerine ýetirildi. Şu geçen döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň 4-si geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 42-si we Mejlisiň kararlarynyň 40-sy kabul edildi.

Mejlisde degişli hünärmenleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda döredilen iş toparlarynda Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Şu ýylyň dokuz aýynda Mejlisde dünýä döwletleriniň parlament wekilleri, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly duşuşyklaryň 65-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri degişli ministrlikler tarapyndan halkara guramalar bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça guralan okuw maslahatlarynyň 74-sine gatnaşdylar. Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 25-si guraldy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň, döwletiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmagyň, kabul edilýän möhüm çözgütleriň, şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleriň ähmiýetini ilata düşündirmek maksady bilen, deputatlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny ösdürmegi we döwrebaplaşdyrmagy işjeň alyp barmalydygyny belledi. Munuň özi döwletimiziň syýasy ulgamyny kämilleşdirmekde we ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmakda nobatdaky işleri amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, dokuz aýyň dowamynda maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,3 göterime barabar boldy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy. Dokuz aýyň dowamynda bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,6 göterim köpeldi. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 111,7 göterim, çykdajy bölegi 97,8 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 13,3 göterim artdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde meýilleşdirilen gurluşyk we durkuny täzelemek işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda maliýe ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin özgertmeleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasyny ýene-de bir gezek seljerip, bu ugurda alnyp barylýan işleri çaltlandyrmak zerurdyr. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýylyň ahyryna çenli özara hasaplaşyklar boýunça zerur işleri geçirmegi, salgytlaryň, şol sanda ýerli salgytlaryň doly ýygnalmagyna gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, nebit we gaz kondensatyny çykarmak, polipropilen öndürmek boýunça tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 100,4 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,3 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 105,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 105,1 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,9 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 111,2 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 109,4 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 114,3 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidip we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanyp, uglewodorod serişdeleriniň täze gorlaryny açmagyň wajypdygyny nygtady. Toplumyň kärhanalaryny doly güýjünde, bökdençsiz işledip, ýokary hilli önümleri öndürmegiň zerurdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 105,3 göterime, şol sanda Oba hojalyk ministrligi boýunça 105,6 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 102,5 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,1 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 217,4 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişi dowam edýär, oba hojalyk tehnikalary netijeli ulanylýar, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şunuň bilen birlikde, pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, pagta arassalaýjy kärhanalarda kabul edilen hasyly gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Suw serişdelerini netijeli we tygşytly peýdalanmak boýunça geçirilýän işler barada-da aýdyldy. Ýurdumyzyň welaýatlarynda suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýerine ýetirilýän möwsümleýin işleriň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işlerini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz pagtany iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin çäreleri görmegiň, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde we kadalara laýyklykda geçirmek boýunça zerur bolan ähli işleri geçirmegiň, agrosenagat toplumynyň kärhanalaryny doly güýjünde işletmek üçin öz wagtynda çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady. Ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän döwrebap önümçilikleri döretmegi dowam etdirmek, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk işini ylmy taýdan guramak boýunça zerur işleri geçirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän senagat we gurluşyk, energetika toplumynda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginde hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginde 2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleriň meýilnamasy 110,3 göterim ýerine ýetirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 110,3 göterim boldy. Hasabat döwründe Energetika ministrligi önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasyny 113,2 göterim ýerine ýetirdi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 104,7 göterime, daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermegiň ösüş depgini bolsa 102,2 göterime deň boldy.

Şu ýylyň başyndan bäri “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan 1 milliard 661 million manatlyk önüm öndürildi we hyzmatlar ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça meýilnamany 103,7 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi 122,8 göterim berjaý etdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, garamagyndaky ministrlikleri we pudak edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri ýene-de bir gezek seljermegiň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi. Şeýle hem 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny taýýarlamak we göz öňünde tutulan ýaşaýyş jaýlaryny hem-de şäherçeleri gurmak üçin taýýarlyk işlerini çaltlandyrmak tabşyryldy. Ýurdumyzda energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny dowam etdirmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 102,6 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini 102,9 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça nah ýüplügiň we matalaryň öndürilişiniň ösüş depgini, degişlilikde, 102,8 we 106,4 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň ösüş depgini 102,7 göterime, gön önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 101,8 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 105,8 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň dokuz aýynda Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan birža söwdalarynyň 224-si geçirilip, 22 müň 394 sany şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109,2 göterime barabar boldy. Ýylyň başyndan bäri 16 sergi we 55 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar — sentýabr aýlarynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,8 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini bolsa 107,3 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda dürli görnüşli ýokary hilli harytlary öndürmek boýunça alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi harytlaryň eksportyny giňeltmek üçin zerur işleri geçirmelidir. Taýýar dokma önümleriniň eksportyny artdyryp, daşary ýurt bazarlarynda bu harytlary giňden ýaýratmak boýunça alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ýurdumyzda köp sanly döredijilik duşuşyklary, maslahatlar, brifingler, mediaforumlar, sergiler, wagyz-nesihat duşuşyklary, aýdym-sazly medeni çäreler geçirildi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler geçirildi, döredijilik bäsleşikleri yglan edildi, dokumental film surata düşürildi. Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular we halkara medeni forumlara, festiwallara we beýleki çärelere gatnaşdylar.

Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri jemlenildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda birnäçe çäreler guraldy. Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşan wekiliýet agzalary üçin dürli medeni hyzmatlar ýerine ýetirildi, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan ildeşlerimize sylaglary gowşurmak dabarasy, “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara mediaforum, Döwlet münberi toplumynyň öňünde dabaraly ýöriş, şeýle hem baýramçylyk konserti geçirildi.

Döwlet maksatnamalaryndan we konsepsiýalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirildi. Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri we medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyşy bilen bagly dabaralar giňden beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, teleradioýaýlymlarda tomaşaçylary gyzyklandyrýan täze programmalary hem-de şowhunly gepleşikleri köpräk taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady. Ýurdumyzdaky döwrebap medeniýet merkezlerinde we teatrlarda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän eserleriň sanyny artdyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ähli bilim edaralarynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda dabaraly nyzamlar we ilkinji okuw sapaklary geçirildi. Birinji synpa baran okuwçylara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan kompýuterler sowgat berildi.

Şol gün Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň sebitlerinde çagalar baglarydyr orta mekdepler, hünär bilim edaralary dabaraly açyldy. Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň we umumy ýaşaýyş jaýynyň düýbi tutuldy. Okuwçylardyr talyp ýaşlar halkara bilim bäsleşiklerinde altyn, kümüş, bürünç medallary gazanyp, ýokary işjeňlik görkezdiler. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Kibersport” merkezi döredildi.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, tanyşdyrylyş dabarasy we beýleki çäreler geçirildi. Daşary ýurtlara ylmy saparlar guralyp, gymmatly golýazmalaryň nusgalary ýurdumyza getirildi.

Wise-premýer saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler barada aýdyp, soňky dokuz aýyň dowamynda öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullarynyň amaly lukmançylyga ornaşdyrylandygyny habar berdi. “Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama” tassyklanyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler geçirildi.

Şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasynyň halkara maslahaty, sentýabr aýynda bolsa “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk çäreler geçirildi. Şeýle hem sporty we bedenterbiýäni ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär. Ýylyň üç çärýeginde türgenlerimiz halkara ýaryşlaryň 150-sine gatnaşyp, jemi 627 medala mynasyp boldular. Sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenlere Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegiň we lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny tejribä giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, dürli keselleriň, aýratyn-da, ýokanç keselleriň öňüni almagyň we olary bejermegiň kämil usullaryny netijeli ulanmak, bu ugurda tejribe alyşmak üçin, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýakyndan gatnaşyklary dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Wise-premýere bilim edaralarynyň ýokary hünärli mugallymlar we okuw kitaplary bilen üpjünçiligini seljerip durmak, bu ulgama sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy çaltlandyrmak hem tabşyryldy. Sporty ösdürmäge aýratyn üns berip, ýurdumyzda dürli sport çärelerini we halkara ýaryşlary geçirmek hem-de öňümizde boljak ýaryşlara ýokary derejede taýýarlyk görmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça öňde goýan wezipelerini we beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasyna, Katar Döwletine we Täjigistan Respublikasyna döwlet saparlaryny, Bahreýn Patyşalygyna resmi sapary amala aşyrdy. Hasabat döwründe döwlet Baştutanymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna, Beýik Britaniýa, Russiýa Federasiýasyna, Hytaý Halk Respublikasyna, Türkiýe Respublikasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna, Täjigistan Respublikasyna, Wengriýa, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparlary boldy.

Hormatly Prezidentimiz Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň işine we ABŞ bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň “С5+1” görnüşindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz Nýu-Ýorkda bolmagynyň barşynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine gatnaşdy.

Geçen döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine, Türkiýe Respublikasyna, Germaniýa Federatiw Respublikasyna, Eýran Yslam Respublikasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna, Täjigistan Respublikasyna saparlary amala aşyrdy.

Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň we Wengriýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza saparlary boldy.

Hormatly Prezidentimiz birnäçe döwletleriň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi.

Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara bolan saparlary daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Hasabat döwründe dürli derejede, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesi geçirildi. Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde duşuşyklar yzygiderli guralýar. Ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, bilelikdäki hökümetara toparlaryň nobatdaky mejlisleri, işewürlik maslahatlarydyr duşuşyklar guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýylyň ahyryna çenli geçiriljek iri halkara çärelere, resmi we döwlet saparlaryna, halkara maslahatlara hem-de Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk baýramyna talabalaýyk taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtap, bu babatda wise-premýer, daşary işler ministrine anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe şu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 123,3 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 105,9 göterime we ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 105,2 göterime deň boldy. Hasabat döwründe “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 108,4 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 118,4 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 226,2 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 107,1 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 111,6 göterime barabar boldy.

Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hem aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumy üçin niýetlenen önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hasabat berildi. Şeýle-de hasabatyň dowamynda daşary ýurtlar bilen ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri boýunça bilelikdäki iş toparlarynyň mejlisleriniň netijeleri, ulag meselesi boýunça guralan halkara maslahatlar we sergiler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzda ýolagçy we ýük dolanyşygyny, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmek möhümdir. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýylyň ahyryna çenli az wagtyň galandygyny aýtdy. Şoňa görä-de, bu ýyly gowy netijeler bilen tamamlamak üçin hemmämiz yhlas bilen zähmet çekmelidiris. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda gowy netijeleri gazanmak we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak üçin zerur çäreleri görmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz geljek sişenbe gününde — 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramynyň giňden bellenilip geçiljekdigini aýdyp, saglygy goraýyş işgärleriniň bitirýän işleriniň uly hormata mynasypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ulgamyň ähli işgärlerini bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, uzak ömür, ynsan saglygyny goramak ýaly örän jogapkärli we asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

05.10.2023

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleriniň jemlerine garaldy. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň howpsuzlygyny, asudalygyny üpjün etmegiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, olaryň işini kämilleşdirmegiň meseleleri girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol hasabat döwründe ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin göwnejaý şertleri üpjün etmek, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň barşy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de mähriban topragymyzda parahatçylygyň we asudalygyň, halkymyzyň abadan, döredijilikli durmuşynyň ygtybarly kepili bolup durýan Harby doktrinada kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Şunda öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň ýurdumyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülendigini belledi. Şunuň bilen birlikde, edermen ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dowam etdirýän harby gullukçylaryň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemäge, ýaş serkerdeleriň we esgerleriň nazary hem-de söweşjeň taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Baş prokuror S.Mälikgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçen dokuz aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunçylygyň berk berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmagyň, raýatlarymyzyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň goralmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli wezipeleriň öz wagtynda çözülmegini, prokuratura edaralarynyň işine döwrebap usullaryň işjeň ornaşdyrylmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda tertip-düzgüni berkitmek, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, ähli ýerlerde ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysy däp bolan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň netijeleri barada aýtdy. Onuň çäklerinde geçen aýda ilatyň ýollarda howpsuzlygyň kadalary baradaky habarlylygyny ýokarlandyrmaga, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilen düşündiriş, wagyz-nesihat çäreleri guraldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Mary welaýatynyň Mary şäherinde içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem welaýat Polisiýa müdirliginiň birliklerinde Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalarynyň gurlup ulanmaga berlendigi barada habar berildi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek işinde Içeri işler ministrliginiň möhüm ornuna, ýokary jogapkärçiligine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, innowasiýalary hem-de sanly ulgamy netijeli ulanmagyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň girewi bolup durýandygyny belläp, ministre degişli tabşyryklary, şol sanda ugurdaş edaralaryň düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, milli kazyýet ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunda ulgamyň işini umumy ykrar edilen halkara standartlara we täze taryhy eýýamyň talaplaryna laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanunylygy, adalatlylygy we hukuk tertibini üpjün etmegiň, raýatlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramagyň bu edaranyň möhüm wezipeleridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz agzalan ulgamyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmagyň, ony mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, şol sanda sanly ulgamdan netijeli peýdalanmak arkaly döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew degişli döwürde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzda durnukly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy we asudalygy üpjün etmek bu işiň esasy ugrudyr. Munuň özi eziz Watanymyzyň döredijiligiň we okgunly ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň möhüm şerti bolup durýar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny goramakda, Watanymyzyň has-da rowaçlanmagyny, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde Milli howpsuzlyk ministrliginiň wajyp ornuny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ministrligiň öňünde goýlan wezipeleriň netijeli çözülmeginiň möhümdigini belläp, birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, harby gullukçylaryň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi, degişli düzümiň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp hem-de serhetçileriň üstüne örän jogapkärli wezipeleriň ýüklenendigine ünsi çekip, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň ähli goňşy ýurtlar bilen dostlugyň, hoşniýetliligiň serhedi bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meselelerinde mundan beýläk-de ýakyndan goldaw berjekdigini belläp, bu edaranyň üstüne ýüklenen wezipeleriň takyk ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hususan-da, milli kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, ony halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirmek, bu ulgamda dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryna laýyklykda, täze kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak maksady bilen, hereket edýän kanunçylygy yzygiderli seljermegiň ähmiýetini nygtady. Şol kadalaşdyryjy hukuk namalary döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga, geljegi nazara almak bilen, Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam etmelidir.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewe söz berildi. Ol hasabat döwründe bu düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, onuň bölümlerini edaranyň esasy wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin niýetlenen döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we gullugyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan esasy wezipeler barada aýdyp, Türkmenistanyň çäk taýdan örän amatly ýerleşmegi esasynda kontinental we transkontinental gatnaw ýollarynyň strategik çatrygy hökmünde öz ornuny ynamly berkidýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň gümrük serhedi arkaly ulag serişdeleriniň gatnawlarynyň we ýükleriň daşalmagynyň tertibine berk gözegçilik etmek, bellenen talaplara laýyklykda degişli çäreleri geçirmek babatda anyk görkezmeler berildi. Döwlet Baştutanymyz gullugyň işine sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygyny nazara almak bilen, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselesine hem aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, ugurdaş maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu edaranyň esasy wezipesiniň migrasiýa ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekden hem-de bu ulgamda hyzmatlaryň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmekden ybaratdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz döwrüň talaplaryna laýyklykda, edaranyň işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň jemini jemläp, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýandygyny aýtdy. Şoňa görä-de, Watanymyzyň Harby doktrinasy diňe goranyş häsiýetine eýedir. Biz Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini hem-de işini mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdireris. Ýurdumyzyň goranmak ukybyny has-da berkideris. Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça hem uly işleri durmuşa geçirmegi dowam etdireris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

04.10.2023

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

     Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda bugdaý ekişi guramaçylykly dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan, gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar we kadaly gögeriş alynýar. Şeýle hem pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak ugrunda degişli işler ýerine ýetirilýär. Hususan-da, pagta hasylyny kombaýnlar bilen ýygnap almak üçin gowaçalaryň ýapragy düşürilýär. Pagtaçy daýhanlar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Welaýatdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, oba saglyk öýleriniň we merkezleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary gyşa talabalaýyk taýýarlanylýar. Mundan başga-da, häkim şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmegi, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda häkime anyk görkezmeler berildi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow şu günler welaýatyň oba hojalyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda bugdaý ekişi bellenen talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Hususan-da, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak arkaly kadaly gögeriş almak boýunça zerur işler geçirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary we ekiş gurallary doly güýjünde işledilýär. Sebitde pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek üçin degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, pagtaçylar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär, gowaçalaryň ýapragyny düşürmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem bilim we medeniýet ulgamlaryna degişli binalaryň, jemgyýetçilik desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary gyş möwsümine taýýarlanylýar. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigini aýtdy hem-de bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ekiş geçirilen ýerlerde ideg, gögeriş suwuny tutmak işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda bugdaý ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin degişli işler geçirilýär. Ekişde degişli tehnikalardan, gurallardan netijeli peýdalanylýar. Pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek babatda zerur işler geçirilýär. Şunda pagta ýygýan kombaýnlar we beýleki tehnikalar talabalaýyk işledilýär. Pagta hasylyny kombaýnlaryň kömegi bilen gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin gowaçalaryň ýapragyny düşürmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda bökdençsiz geçirilýär. Mundan başga-da, welaýatda şaly oragyna girişilip, ýetişdirilen hasyly ýygnamak işi bellenen talaplara laýyklykda alnyp barylýar.

Welaýatyň bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik düzümleriniň binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynda meýilnamalaýyn abatlaýyş işleri geçirilip, möwsüme doly taýýar edildi. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz, gysga möhletde ýygnalyp alynmagyny hem-de şaly oragynyň guramaçylykly geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda bugdaý ekişini öz wagtynda geçirmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak boýunça zerur işler utgaşykly alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ýygym möwsümi dowam edýär. Şunda ýygym işleriniň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Hususan-da, pagtany kombaýnlar bilen ýygnap almak üçin gowaçalaryň ýapragyny düşürmek işleri ýerine ýetirilýär. Döwlete tabşyrylan hasyl üçin pagta öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şeýle hem şaly oragyny ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Bilim we medeniýet edaralarynyň desgalarynyň, dolandyryş hem-de jemgyýetçilik ulgamlarynyň binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary güýz-gyş möwsümine doly taýýar edildi. Mundan başga-da, häkim şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de bugdaý ekişiniň, ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, pagta ýygymy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegini, şaly oragyna gatnaşjak ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly anyk görkezmeler berildi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow häzirki wagtda welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda bugdaý ekişi bellenen talaplara laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar we kadaly gögeriş alynýar. Bugdaý ekişinde degişli tehnikalaryň, gurallaryň doly güýjünde işledilmegi üpjün edilýär. Dowam edýän pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek hem-de depginini güýçlendirmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar. Pagtaçy daýhanlar bilen öz wagtynda hasaplaşyk işleri geçirilýär. Şeýle hem pagtany kombaýnlar bilen ýygnap almak üçin gowaçalaryň ýapragyny düşürmek boýunça çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ilatyny oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak boýunça taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär.

Welaýatdaky binalaryň we desgalaryň, hususan-da, bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary gyş möwsümine talabalaýyk taýýarlanylýar. Şunuň bilen birlikde, häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly binalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň guramaçylykly hem-de öz wagtynda alnyp barylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, gant şugundyryny ýygnamaga taýýarlyk görülmegini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatlarda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilýän meýdanlara mineral dökünleri bermek işleri geçirilýär. Ekiş bilen birlikde, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň bugdaý ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny, Daşoguz welaýatynda ekişden öň ýerlere tagt suwuny tutmak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak, ýygnalýan hasyly pagta kabul ediş harmanhanalarynda gije-gündiziň dowamynda kabul etmek hem-de hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin pagtaçy daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Şeýle hem wise-premýer Daşoguz welaýatynda şaly oragyna girişilendigini habar berdi. Mundan başga-da, Lebap welaýatynda şaly oragyna, Mary welaýatynda gant şugundyryny ýygnamaga başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň gysga wagtda we ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ýetişdirilen hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagyny, geljek ýylyň hasyly üçin ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

02.10.2023

«Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap» atly maslahat geçirildi

 

   «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda giňden bellenilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň baýramçylygynyň öň ýanynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemleri ýurdumyzyň raýatlarynda uly gyzyklanma döredýär. 

2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap» atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Aşgabat şäher Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, alymlar, ýaşuly nesliň wekilleri, şeýle hem ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Garaşsyzlygymyzyň 32 ýylynyň içinde gazanylan üstünlikler we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň taryhy ähmiýeti, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyzlygyň binýadyny has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti, döwleti dolandyrmakda, adalatly jemgyýeti gurmakda baý tejribesi bolan türkmen halkynyň gazanan üstünlikleri barada, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasatyna bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.

Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini kesgitleýän milli gymmatlyklarymyza, halkymyzyň özboluşly ruhy ýörelgelerine, onuň köp asyrlyk taryhynyň dowamynda toplan baý tejribesine daýanyp, durmuşa geçirýän beýik işleri, ýurdumyzy ösüşiň täze tapgyrynda beýik derejelere ýetirmek barada edýän taýsyz tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde we durmuşyň beýleki ugurlarynda gazanan beýik üstünliklerini, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýetini, döwletimiziň eýe bolan halkara abraýyny giňden wagyz etmek barada özleriniň tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ynandyrdylar.

02.10.2023

Türkmenistanyň «Arkadag» medaly döredildi

 

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Kanun esasynda, Türkmenistanyň «Arkadag» medaly döredildi hem-de medal hakynda Düzgünnama, şeýle hem medalyň Ýazgysy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda geçirilen maslahatynda kabul edilen «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, «Arkadag» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagy bolup durýar. Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen durmuş, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, meýletinçilik işleriniň ösmegine, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş hyzmatlarynyň guralmagyna, hemaýata mätäç çagalara we ýaşlara maliýe, maddy kömegini, maslahatlarydyr usuly taýdan kömek bermekde uly goşant goşan Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem daşary ýurt raýatlary sylaglanylýar.

Ynsanperwerlik, adamy hormatlamak ýaly milli ýörelgelerimizden ugur alnyp kabul edilen bu Kanun Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny dünýä ýaýmaga, döwletimiziň ynsanperwer durmuş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny  ýokarlandyrmaga ýardam berer.

02.10.2023

Ýurdumyzyň milli Parlamentiniň agzalary Arkadag şäheri bilen tanyşdylar

 

Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesidir. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri bilen tanyşmaga Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna hem mümkinçilik döredildi. Deputatlar şäheriň ýol-ulag düzüminde ekologik taýdan arassa jemgyýetçilik ulagy bolan elektrobusda şähere gezelenç edip,               «Arkadag Binasyna», Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna, Arkadag şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, «Akhan» binasyna, Ruhyýet köşgüne, Bagt köşgüne, seýilgählere baryp gördüler. Şeýle hem parlamentariler täze ýaşaýyş jaýlary, çagalar bakja-baglary, ýöriteleşdirilen mekdepler we okuw-terbiýeçilik toplumlary, saglygy goraýyş  edaralary  bilen tanyşdylar.

Ýurdumyzyň Parlamentiniň agzalary hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, kanunçykaryjylyk işiniň  iň oňat dünýä tejribesini milli kanunçylyga ornaşdyrmak, halkymyzy abadan durmuşda ýaşatmak, ýaş nesillerimiz barada edýän çäksiz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

 

02.10.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Kanunlaryna gol çekdi

 

Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny özara höweslendirmek we goramak hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny höweslendirmek we özara goramak hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda», «Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda», «Halkara korrupsiýa garşy Akademiýasyny Halkara guramasy hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda»«Ýewropa-Kawkaz-Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda»,«Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna gol çekdi.

 

 

02.10.2023

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi

 

     Şu gün Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlaryň taslamalaryna garaldy. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Maslahatyň dowamynda deputatlar “Türkmenistanyň “Arkadag” medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Kanunyň taslamasynda “Arkadag” medalynyň Türkmenistanyň döwlet sylagy bolup durýandygy, onuň durmuş, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, meýletinçilik işleriniň ösmegine,  lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş hyzmatlarynyň guralmagyna, şeýle hem hemaýata mätäç çagalara we ýaşlara maliýe we maddy kömegini, maslahatlary we usuly taýdan kömek bermekde uly goşant goşan Türkmenistanyň raýatlaryny we daşary ýurt raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredilýändigi görkezildi. 

Gün tertibine laýyklykda, deputatlar “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny höweslendirmek we özara goramak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda”,  “Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda”, "Halkara korrupsiýa garşy Akademiýasyny Halkara guramasy hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda" hem-de "Ýewropa - Kawkaz - Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda" Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Çykyş edenler bu kanunlaryň kabul edilmeginiň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda bu ugurlardaky kanunçylyk binýady mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin hukuk esasyny üpjün etmekde wajyp ähmiýetiniň bardygyny bellediler. 

Şeýle hem, deputatlar “Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, "Kazyýet hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda", "Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda", "Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda" hem-de "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryna garadylar. 

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilmeginiň ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek, şeýle hem sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hukuk esaslary üçin uly ähmiýete eýedir. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

30.09.2023

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna

Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!

Eziz watandaşlar!

Sizi umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrýan ajaýyp baýram — Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşuly nesillerimiziň mertebesiniň, hormat-sarpasynyň has-da belentdigini alamatlandyrýan bu halkara baýramyň il sylagly ýaşulularymyzyň, mähriban enelerimiziň, ähli watandaşlarymyzyň ruhuny has-da belende göterip, gülläp ösüşlere gönükdirilen belent maksatlarymyzyň töwereginde mäkäm jebisleşdirjekdigine berk ynanýaryn.

Biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyz belent maksada — mähriban halkymyzy we geljek nesillerimizi bagtyýar, parahat, asuda durmuşda ýaşatmaga, döwletimiziň mizemezligini hem-de kuwwatyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň watansöýüjilik, agzybirlik baradaky gymmatly taglymatlaryna, şeýle-de «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgesine, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarymyza laýyklykda, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny berkitmek ugrunda toplan tejribelerimizden ugur alyp, bu gün eziz Watanymyzy ösüşiň, abadançylygyň belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýarys. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy hem-de özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyryp, uly ösüşleri gazanýarys.

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adamyň abadançylygy barada hemmetaraplaýyn alada etmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy, ileri tutulýan ugrudyr. Bu ugurda her bir raýatyň, aýratyn-da, durmuş mekdebini geçen pähim-paýhasly ýaşuly nesillerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga uly orun berýäris. Şu maksat bilen, ýaşuly nesillerimiziň durmuş taýdan goraglylygynyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslaryny yzygiderli pugtalandyrýarys.

Geçmişi, şu güni we geljegi baglanyşdyrýan, her bir şahsyýeti adamkärçilige, päk ahlaklylyga ugrukdyrýan, maşgala agzybirligini pugtalandyrýan, manyly ömür menzilleri, öwüt-ündewleri bilen bizi belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýan ýaşuly nesilleriň mertebesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende göterilýär. Täze döwrümiziň her bir güni şanly wakalar bilen şöhratlandyrylýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanynda Ýaşulular geňeşini döretdik. Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlyk gününiň 32 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşulularymyzyň döwletli maslahatlarydyr teklipleri esasynda ýurdumyzy we jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm çözgütleri kabul etdik.

Agzybirligimizi pugtalandyrmakda, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemekde, olarda dostluk, birek-birege hormat goýmak, arassa ahlaklylyk, halallyk, mertlik, zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetleri kemala getirmekde aýratyn hyzmatlary bitirýän, durmuşda ýagşy görelde görkezýän ýaşuly nesliň wekillerine «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakdyk, «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan hormatly enelerimize sylaglary gowşurdyk. Bularyň ählisi ýaşuly nesillerimize ýokary derejede sylag-hormat goýýandygymyzyň hem-de döwürleriň arabaglanyşygyny, nesilleriň arasyndaky sazlaşygy üpjün edýän milli ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Merdana halkymyzyň döredijilikli we tutanýerli zähmeti, ýaşuly nesillerimiziň watansöýüjilik, ynsanperwerlik hakyndaky pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary gazanýan guwandyryjy üstünliklerimiziň, agzybirligimiziň we jebisligimiziň berk binýadydyr.

Eziz watandaşlar!

Dilleri senaly ýaşulularymyzyň makullamagynda we goldamagynda başy başlanýan ýurdumyzyň durmuş-ykdysady hem-de medeni özgertmelerine höwesli gatnaşýan bagtyýar ýaşlarymyz bilimdir ylym-hünär derejeleri, ukyp-başarnyklary, Watanyň, il-günüň, adamzadyň öňündäki jogapkärçilik duýgulary bilen özleriniň tutanýerliligini görkezýärler. Her bir işde ýaşululara — atalarymyzdyr enelerimize sala salýan, pederlerimiziň baý durmuş tejribesini, çuňňur mazmunly öwüt-ündewlerini goldanýan ýaşlarymyz bu gün durmuş-ykdysady, medeni-sport, jemgyýetçilik-syýasy we ynsanperwer-döredijilik ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri bilen ýurdumyzyň at-abraýynyň has-da ýokarlanmagyna goşant goşýarlar. Beýik taryhymyzdan we baý medeniýetimizden gözbaş alyp gaýdýan ýaşulularymyzyň göreldesi nesiller üçin ebedi ýörelgedir.

Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!

Eziz watandaşlar!

Sizi Ýaşulularyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş, berkarar Watanymyzda bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, uzak ýyllar ömür sürmegi arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

29.09.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn agşam Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurduň paýtagtyna bardy.

Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu gezekki sapar döwletara gatnaşyklary berkitmekde hem-de türkmen-german hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmakda nobatdaky möhüm ädim boldy. Saparyň maksatnamasyna ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň derejesinde möhüm duşuşyklaryň birnäçesi girizildi. Şunuň bilen birlikde, GFR-iň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wajyp ähmiýetli köptaraplaýyn çäräniň guralmagy Ýewropanyň bu döwletiniň halkara giňişlikde durnukly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly abraýa eýe bolan Türkmenistan, şeýle hem Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentiniň edarasyna bardy.

“Belwýu” köşgüniň esasy girelgesiniň öňünde Gahryman Arkadagymyzy GFR-iň Baştutany Frank-Walter Ştaýnmaýer mähirli garşylady.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Şondan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we GFR-iň Federal Prezidenti bilelikde surata düşdüler. “Merkezi Aziýa — Germaniýa” duşuşygyna gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň Baştutanlary “Langhanssaal” zalyna çagyryldy.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentiniň başlyklyk etmeginde işewürlik ertirlik nahary görnüşinde geçirilen duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

GFR-iň Baştutany Frank-Walter Ştaýnmaýer “Merkezi Aziýa — Germaniýa” görnüşindäki gatnaşyklaryň ähmiýetini belledi. Şeýle hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri sebit parahatçylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, Merkezi Aziýanyň häzirki döwrüň dünýä işlerine üstünlikli goşulyşmagy babatda netijeli ulanylyp bilner.

Soňra Federal Prezident duşuşyga gatnaşyjylara söz berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryny mähirli mübärekledi we GFR-iň Baştutany Frank-Walter Ştaýnmaýere şu günki duşuşygy gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleri bilen Germaniýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek işinde möhüm goşant bolar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan täze köptaraplaýyn formaty döretmek başlangyjyny goldaýar hem-de gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr.

Bu gün Merkezi Aziýa ýurtlary sebitiň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine gönükdirilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, howpsuzlygyň, durmuş-ykdysady ösüşiň, ekologiýa we halkara işleri ynsanperwerleşdirmegiň häzirki zamanyň iň esasy meseleleridigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz howpsuzlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň bu meselä onuň bitewüligi taýdan garaýandygyny belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy derejede howpsuzlygy üpjün etmekde gural bolup galmalydygyna berk ynanýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we şulardan ugur alyp, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BMG-niň ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn üns bermegiň zerurdygy nygtaldy. Munuň özi has irki döwürlerinde gapma-garşylykly ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almakda örän ähmiýetlidir. Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak howpsuzlygy üpjün etmegiň beýleki bir möhüm ugry bolup biler. Ol jogapkärli öňüni alyş çäreleriniň hem-de işjeň parahatçylyk döredijilikli işiň amala aşyrylmagynyň möhüm ugurlaryny özüne birleşdirýär.

Gahryman Arkadagymyz ykdysady ösüş meselesi barada aýtmak bilen, bu prosesiň ählumumy özara baglanyşyk häsiýetine eýedigini belledi. Häzirki wagtda dünýä ykdysady ulgamy diýlende, diňe bir dürli ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ýakynlaşmagy göz öňünde tutulman, eýsem, onuň köp sanly düzüm bölekleriniň sazlaşykly işini hem aňladýar. Şolaryň hatarynda energetika, ulag pudaklary hem-de maliýe ulgamy ýaly öňden bar bolan ugurlar bilen bir hatarda, sanlylaşdyrmak, emeli aň we “ýaşyl” tehnologiýalar ýaly ykdysadyýetiň täze ugurlarynyň bardygy bellenildi.

Türkmenistan halkara giňişlikde energetika we ulag ulgamlarynda energiýa serişdelerini ygtybarly üstaşyr geçirmek, täze ulag geçelgelerini döretmek bilen bagly başlangyçlary öňe sürýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, ýokarda bellenip geçilen ugurlarda türkmen tarapynyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalaryna awtordaşlyk edendigi üçin Germaniýa minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň we GFR-iň arasynda söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdyp, milli ykdysadyýetleriň uly kuwwatynyň bardygyny, şeýle hem tebigy we adam maýasyna baý bolan Merkezi Aziýa sebitinde Germaniýanyň önümçilik, tehnologik we maýa goýum mümkinçiliklerine uly gyzyklanma bildirilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Energetika, logistika, senagat, infrastruktura, oba we suw hojalygy, hususy pudak, “ýaşyl” ykdysadyýet we beýlekiler bilelikdäki işiň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Ählumumy energetika bazarynyň hem-de dünýä ulag ugurlarynyň barha özgerýän häzirki tapgyrynda biz Ýewropa — Aziýa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we bu çemeleşmäniň köp babatda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasyna, şeýle hem “Ýewropa toparynyň” başlangyjy bilen kabul edilen 2027-nji ýyla çenli döwür üçin “Ählumumy derweze” Ýewropa meýilnamasynyň maksatlaryna laýyk gelýändigini nygtady.

Energetika meselesiniň üstünde aýratyn durlup geçildi. Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, bu energiýa serişdesini halkara bazarlara ibermegiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda ekologik taýdan arassa, uglerod düzümi çäkli bu ýangyja dünýäde isleg örän uludyr. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa ugry boýunça gazy ibermek taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigi bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz ulag meselesi barada aýdyp, Merkezi Aziýa —Ýewropa ugry boýunça logistika ýoluny işjeň ösdürmäge taýýarlygy tassyklady we geljekde Dunaý derýasynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen “Hazar deňzi — Gara deňiz” üstaşyr ulag geçelgesiniň geljeginiň uludygyna ünsi çekdi.

Ekologik mesele hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda “Ýaşyl” Merkezi Aziýa” başlangyjy netijeli hyzmatdaşlyk üçin ýolgörkezijidir. Bu başlangyç howanyň üýtgemelerine uýgunlaşmaga german çemeleşmesine esaslanýar.

Bilim we medeniýet ulgamy şu duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň hyzmatdaşlygynda wajyp orun eýeleýär. Şunda Gýote merkezi, “DAAD”, “PAD”, “PASCH” ýaly german maksatnamalarynyň sebitde netijeli iş alyp barýandygy bilen baglylykda, bilelikdäki işiň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Türkmenistanda nemes dilini öwrenmäge uly gyzyklanmanyň bardygyny hasaba almak bilen, Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýanyň we Germaniýanyň halklarynyň arasynda medeni alyşmalaryň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigine aýratyn ünsi çekip, şunuň bilen baglylykda, Germaniýanyň şäherlerinde dünýä siwilizasiýasynyň ojaklarynyň biri bolan gadymy Marguşyň arheologiýa sergisiniň geçirilmeginiň üstünlikli tejribesini kanagatlanma bilen belledi. Bu sergä 430 müňe golaý adam baryp gördi. Şunuň bilen baglylykda, serginiň ikinji tapgyryny geçirmegiň, şeýle hem Parfiýa şalygynyň gadymy tapyndylarynyň görkezilişini guramagyň mümkinçiligine garamak teklip edildi.

Sözüniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu sapary gurandygy üçin german tarapyna ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň we Germaniýanyň ýolbaşçylary köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, ynsanperwer ulgamda dialogy giňeltmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Ýygnananlaryň umumy pikirine görä, biziň ýurtlarymyzyň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleri bar. Ýokary derejedäki çäräniň netijeleri we “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenilmegi anyk netijelere gönükdirilen oňyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berer.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy “Adlon Kempinski Berlin” myhmanhanasyna tarap ugrady.

Bu myhmanhananyň merkezi girelgesiniň öňünde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy “СLAAS KgaA GmbH” kompaniýasynyň gözegçilik geňeşiniň we paýdarlar komitetiniň başlygy hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzer mähirli garşylady we “Palaissaal” zalyna geçmäge çagyrdy. Şol ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň «Geljegi strategik taýdan bilelikde emele getirmek — Merkezi Aziýa bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek» mowzugy boýunça duşuşygy geçirildi.

Hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzeriň başlyklyk etmeginde geçirilen işewürlik çäresine Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Liderleri hem gatnaşdylar. German tarapyna ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministriniň stats-sekretary Udo Filipp, aýratyn tabşyryklar boýunça federal ministri, GFR-iň Kansleriniň edarasynyň ýolbaşçysy Wolfgang Şmidt, «Linde GmbH», «GP Günter Papenburg AG», «Knauf», «Ernst Klett AG», «DB Engineering and Consulting», «BayWa AG» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler.

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy, “Сlaas KgaA GmbH” kompaniýasynyň gözegçilik geňeşiniň we paýdarlar komitetiniň başlygy duşuşygy açyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň Baştutanlaryna şu günki çärä gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin hoşallyk bildirdi.

GFR-iň paýtagtynda geçirilýän şeýle ilkinji wekilçilikli duşuşygyň taryhy ähmiýetini belläp, hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzer gün tertibi boýunça, hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň maýa goýum babatda özüne çekijiligi hem-de german kompaniýalarynyň sebitde ykdysady taýdan netijeli işlemegi üçin şertleri döretmek meseleleri boýunça pikir alşylmagynyň netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň anyk gurallaryny kesgitlemäge, “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyna gatnaşýan ýurtlaryň milli ykdysadyýetleriniň strategik taýdan ähmiýetli pudaklarynda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berjekdigini nygtady.

Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministriniň stats-sekretary Udo Filipp belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, Germaniýada iki yklymyň strategik taýdan möhüm çatrygynda ýerleşýän Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Bu ýurtlar ählumumy ösüş işlerine saldamly goşantlaryny goşýarlar. Nygtalyşy ýaly, energetika, maýa goýumlar, söwda, bilelikdäki kärhanalary we täze iş orunlaryny döretmek ýaly ugurlarda giň mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen birlikde, germaniýaly hyzmatdaşlaryň ulag-logistika ulgamynda, oba hojalygynda, öňdebaryjy tehnologiýalar we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmäge çalyşýandygy aýdyldy.

Bilim, hususan-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynda nemes dilini çuňlaşdyryp öwrenmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi geljekde däp bolan medeni-ynsanperwer we işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder diýip, Udo Filipp nygtady we altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň Baştutanlaryna söz berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlary mübärekläp, ozaly bilen, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçylaryna bu duşuşygy geçirmek başlangyjy üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de oňa gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşi Merkezi Aziýa sebiti bilen Germaniýanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň täze derejesiniň kemala getirilmegine kuwwatly itergi berer diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we häzirki wagtda biziň sebitimiziň tutuş dünýäniň belli kompaniýalarynyň ünsüni barha köp özüne çekýändigini aýtdy. Munuň özi sebitimizde tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlarynyň bardygy hem-de uly adam mümkinçilikleri bilen şertlendirilendir. 4 million inedördül kilometre golaý meýdany eýeleýän Merkezi Aziýanyň geografik taýdan örän amatly ýerleşýändigi, sebitde yklym ähmiýetli ulag-logistika merkezini döretmegiň geljegi, ählumumy azyk howpsuzlygynyň çözülmegine uly goşant goşmak mümkinçiligi bu barada şeýle diýmäge esas berýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty barada aýdyp, käbir makroykdysady görkezijileri mysal getirdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda umumy bahasy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna golaý bolan 200-e golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar. 2023-nji ýylyň 8 aýynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy. Biziň ykdysadyýetimize gönükdirilýän her ýylky maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 18-19 göterimine deňdir. Şunda daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy olaryň jemi möçberiniň 12 göterimine golaýyny düzýär.

Strategik senagat-innowasion ösüş depgini maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 60 göterimden gowrak böleginiň önümçilik ulgamyna gönükdirilmeginiň hasabyna üpjün edilýär. Munuň özi senagatymyzyň tutuş düzümini üýtgetmäge, importyň ýerini tutýan hem-de eksport ugurly önümçilikleri ösdürmegi çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen birlikde, soňky ýyllarda ykdysadyýetimiziň gazhimiýa pudagynda birnäçe maýa goýum taslamalary amala aşyryldy. Olar ammiak, karbamid, polipropilen, polietilen, sintetiki benzin önümçiligi boýunça gurlan täze zawodlardyr.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň dowamynda Türkmenistan bilen Germaniýanyň hyzmatdaşlygynyň käbir ileri tutulýan ugurlary barada gysgaça durup geçdi.

Energetika hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Onuň düzüminde gaz we elektroenergetika pudaklary wajyp orun eýeleýär. Şunda gaz çykarmak boýunça kuwwatlyklaryň artdyrylmagyna, köpugurly gaz ulag düzüminiň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini üpjün etmäge ýardam berýär.

Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orun eýeländigini we şeýle bolmagynda galýandygyny aýratyn bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, Hazarüsti gaz geçirijisini gurmak arkaly Ýewropa ýurtlaryna gaz ibermek boýunça Türkmenistanyň eýeleýän üýtgewsiz garaýşy tassyklanyldy. Mälim bolşy ýaly, munuň üçin soňky 15 ýylyň dowamynda köp işleri ýerine ýetirdik. Ýewropa Bileleşigi bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ýewropa Komissiýasynyň degişli düzümleri, Ýewropanyň aýry-aýry döwletleri hem-de kompaniýalary bilen iri halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde işjeň gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyrys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow germaniýaly işewürlere elektroenergetika pudagynda işlemek mümkinçiligine garamagy hem teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, elektrik stansiýalaryny gurmak we döwrebaplaşdyrmak, elektrik geçiriji ulgamlary ösdürmek we beýleki taslamalar bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Şol bir wagtda, Türkmenistan energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly möhüm ugruň ösdürilmegine uly üns berýär. Ýurdumyz “ýaşyl” energetika “geljegiň energiýasy” hökmünde düşünmek bilen, häzirki wagtda milli derejede Gün we ýel energiýasy ulgamynda taslamalaryň ilerledilmegine gönükdirilen çäreleriň birnäçesini durmuşa geçirýär.

Bellenilişi ýaly, wodorod energetikasy babatda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Metanyň atmosfera goýberilýän zyňyndylaryny azaltmak, uglewodorod serişdeleriniň ýataklarynda ugurdaş gazy gaýtadan işlemek meselelerinde daşary ýurt kompaniýalary we halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk aýratyn möhüm ugurdyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady we Germaniýanyň kompaniýalarynyň toplan bilimleriniň hem-de iň gowy iş tejribeleriniň ýokarda görkezilen ugurlarda Türkmenistanda uly islege eýedigini aýtdy.

Ulag we kommunikasiýalar hyzmatdaşlygyň ýene bir möhüm ugrudyr. Ençeme ýyllaryň dowamynda biz Germaniýanyň kompaniýalary bilen üstünlikli işledik. Olar ykjam aragatnaşyk, hemra ulgamlarynyň torunyň hyzmatlaryny giňeltmek, deňiz ulagyny ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşdylar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we german kompaniýalary bilen demir ýol ulagyny ösdürmek, gämigurluşyk enjamlary, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulag-logistika mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, telekommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmak meselelerini anyk ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan etdi. Şunuň bilen birlikde, Germaniýanyň işewür toparlaryna Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak boýunça taslamalara gatnaşmak baradaky çakylyk hem beýan edildi.

Maliýe-bank ulgamy türkmen-german hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolmalydyr. Türkmenistanyň barha ösýän bank ulgamy ýurdumyzyň maliýe ulgamynyň möhüm bölegidir. Çünki ol tutuş Merkezi Aziýa sebitinde wajyp ähmiýete eýedir. Şunda daşary ýurt banklary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de täze gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz Germaniýanyň banklaryny, eksport-karz edaralaryny, ätiýaçlandyryş guramalaryny ýurdumyzyň döwlet we täjirçilik banklary bilen göni gatnaşyklary işjeň ösdürmäge çagyrdy.

Mälim bolşy ýaly, suw serişdeleriniň ýetmezçiligi häzirki wagtda dünýäniň köp sebitlerinde möhüm mesele bolup durýar. Munuň özi, ozaly bilen, howanyň ählumumy üýtgemegi, aýry-aýry döwletleriň ykdysady düzümleriniň giň gerimli hem-de kähalatlarda gözegçiliksiz hojalyk işleri bilen şertlendirilendir. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna, Pariž ylalaşygyna we daşky gurşawy goramak ulgamynda beýleki köptaraplaýyn resminamalara gatnaşyjy bolmak bilen, özüniň halkara ekologiýa borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarlydyr.

Hususan-da, biziň ýurdumyzda suw serişdeleriniň goralyp saklanmagyna hem-de rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu çäreleri halkara guramalar hem-de daşary ýurtlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda durmuşa geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we german kompaniýalaryna Türkmenistanyň suw hojalyk ulgamynda dürli taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garamagy teklip etdi. Şolaryň hatarynda, ilkinji nobatda, Garagum derýasynyň ulanyş düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak ýaly ägirt uly taslama bar. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny ýurdumyza ibermekde german kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ykdysadyýetiniň durmuş ugurlydygy barada aýdyp, lukmançylyga hem-de saglygy goraýyş ulgamyna ägirt uly üns berilýändigini nygtady. Soňky 25 ýylyň dowamynda Türkmenistanda iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary hem-de saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bejeriş edaralarynyň onlarçasy guruldy, ýokary derejeli hünärmenleriň müňlerçesi ýetişdirildi. Biz bu asylly işde german hyzmatdaşlarymyzyň baý tejribesini peýdalanýarys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy kanagatlanma bilen belledi we pursatdan peýdalanyp, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk üçin german tarapyna minnetdarlygyny beýan etdi.

Şunuň bilen birlikde, türkmen tarapynyň geljekde-de german kompaniýalary bilen lukmançylyk enjamlarynyň önümçiligi, derman senagaty, telelukmançylyk usullaryny işläp taýýarlamak we ulanmak, öňüni alyş, anyklaýyş hem-de dürli keselleri bejermek ulgamynda german hünärmenleriniň tejribesini peýdalanmak ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Şu ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanda täze Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy boldy. Häzirki wagtda bu şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy başlandy. Senagat toplumyny döretmek bu gurluşygyň möhüm ugurlarynyň biri bolmalydyr. Bu şäheriň “ýaşyl” ugurlydygyny hasaba almak bilen, onuň senagat zolagynda lukmançylyk senagatynyň, dermanlaryň, çagalar iýmitiniň aýry-aýry görnüşleriniň öndürilmegine gönükdirilen birnäçe kärhanalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, gyzyklanma bildirýän german kompaniýalaryna bu toplumy döretmäge gatnaşmak teklip edildi.

Men döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň diňe käbir ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdim diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we türkmen tarapynyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň hem-de onuň agzalarynyň bu işleri berk goldajakdygyna, olary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşjakdygyna umyt edýändigini nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda türkmen wekiliýetiniň adyndan Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda “Merkezi Aziýa — Germaniýa” görnüşinde söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek meselelerine bildirilen uly gyzyklanma üçin duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy, “СLAAS KgaA GmbH” kompaniýasynyň gözegçilik geňeşiniň we paýdarlar komitetiniň başlygy hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzere şeýle wekilçilikli işewürlik çäresini gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň çäklerinde altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri we olary hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrmagyň gurallary, şol sanda dürli ulgamlarda möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek arkaly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Germaniýanyň esasy maýadarlarynyň Merkezi Aziýa döwletlerine strategik gyzyklanmasynyň uly möçberdäki tebigy serişdeler, olaryň eksport we üstaşyr mümkinçilikleri, işjeň ösýän bazary bilen şertlendirilendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda bu sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin ähli mümkinçilikler bar. «Linde GmbH», «GP Günter Papenburg AG», «Knauf», «Ernst Klett AG», «DB Engineering and Consulting», «BayWa AG» nemes holdingleriniň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda hem şu meseleler öz beýanyny tapdy.

Kompaniýalaryň ýolbaşçylary wekilçilik edýän düzümleriniň işi bilen gysgaça tanyşdyrdylar. Geografik taýdan amatly ýerleşýän we ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň geljegi uly bazarlarynda eýeleýän orunlaryny giňeltmäge taýýardyklaryny bellediler. Hususan-da, german kompaniýalarynyň wekilleri dürli döwletleriň ykdysadyýetlerine maýa goýumlary goýmak babatda toplan tejribesini paýlaşdylar we himiýa senagatynda, ulag, gurluşyk ulgamlarynda, gurluşyk serişdeleri önümçiliginde, neşirýat işi we bilim ugry boýunça, oba hojalygynda, energetikada hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny hödürlediler.

Aýratyn tabşyryklar boýunça federal ministr, GFR-iň Kansleriniň edarasynyň ýolbaşçysy Wolfgang Şmidt öz çykyşynda Germaniýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylyp, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Şu günki ýokary derejedäki duşuşyk altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça pikir alyşmak, geljekki bilelikdäki işiň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin oňat mümkinçilikdir.

Wolfgang Şmidt Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň Baştutanlary tarapyndan aýdylan oňyn teklipleriň maýa goýum, söwda, önümçilik, oba hojalygy, energetika ulgamlarynda, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi. Ekologiýa, döwrebap üstaşyr ulag düzümini kemala getirmek, innowasiýalary ornaşdyrmak, zerur bolan hünärler boýunça işgärleri taýýarlamak ýaly wajyp ugurlarda we beýleki ulgamlarda tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi.

Ýygnananlar duşuşygyň netijelerini jemläp, döwletleriň bähbitlerine hem-de dostlukly ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýän täze “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky netijeli dialogyň ösdüriljekdigine berk ynam bildirdiler.

Soňra duşuşyga gatnaşyjylar bilelikde surata düşdüler.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň GFR-iň Hökümetiniň Başlygy Olaf Şols bilen duşuşygyna gatnaşmak üçin Germaniýanyň Federal Kansleriniň edarasyna bardy.

Işewürlik günortanlyk nahary görnüşinde geçirilen çärä Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Germaniýanyň Federal Kansleri belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, şeýle derejedäki ilkinji duşuşygyň uzak möhletli geljegi nazara almak bilen hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we GFR-iň bähbitlerine altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňaýly mümkinçilik bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Olaf Şols uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, öz ýurdunyň Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen ähli ugurlar boýunça strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Şu günki duşuşygyň esasy maksady gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady taýdan durnukly ösüşine we döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary, ilkinji nobatda, olaryň umumy meselelerini hem-de milli aýratynlyklaryny we talaplaryny nazara almak bilen, maýa goýum işini amala aşyrmagyň hasabyna hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmäge gönükdirilen çäreleri anyklaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Federal Kansler bilelikdäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada durup geçip, birnäçe anyk teklipleri beýan etdi.

Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň Baştutanlaryna söz berildi.

Öz nobatynda, türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýa gelmäge çakylyk we netijeli işlemek üçin döredilen şertler üçin Federal Kansler Olaf Şolsa minnetdarlyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, şu gezekki duşuşyklaryň geçirilmegi Merkezi Aziýa döwletleri bilen GFR-iň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýetli sepgit bolar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki günde dünýä syýasy, ykdysady we ynsanperwer taýdan durnuksyz ýagdaýdadyr diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Howanyň üýtgemegi, azyk howpsuzlygy we beýleki wehimler aýratyn ynjalyksyzlyk döredýär. Häzirki döwrüň şu we beýleki meseleleriniň çözülmegi her bir döwletiň ählumumy dialoga jogapkärçilikli çemeleşmegini hem-de işjeň gatnaşmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary wekilçilikli derejedäki “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatynyň döredilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gün tertibiniň anyk meselelerine geçip, esasy ugurlaryň birnäçesine ünsi çekdi.

Howpsuzlyk bilen bagly mesele ilkinjileriň hatarynda görkezildi. Bu mesele islendik jemgyýetiň durmuşynyň esasy zerurlygy bolmak bilen, ol toplumlaýyn çemeleşmäni talap edýär. Howpsuzlygyň bitewüligi hem-de gepleşikler arkaly deňhukukly hyzmatdaşlyk etmek bu çemeleşmäniň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şunda howpsuzlygy üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasyna esasy orun degişli bolmalydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde Türkmenistanyň BMG-niň kadalarynyň we ýörelgeleriniň esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny taýýarlamak baradaky teklibi hem şuňa gönükdirilendir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy sebitdäki ýagdaý barada durup geçip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady. Şular barada Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynda kabul edilen Bilelikdäki Beýannamalarda hem aýdylýar.

Ikinji ugur ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek bilen baglydyr. Şunda energiýa serişdeleri bilen üpjün etmek, ulag özara baglanyşygyny döretmek, suw hem-de azyk meselelerini çözmek, ylmy-tehniki ösüşi senagatyň pudaklary bilen utgaşdyrmak we netijeli maliýe-maýa goýum mehanizmlerini döretmek has möhüm meseleler bolup durýar.

Häzirki günde biz energiýa serişdelerimizi, nebitgaz, himiýa we dokma senagatynyň, oba hojalygynyň önümlerini we beýleki harytlary eksport etmek babatda ýewropaly hyzmatdaşlar bilen anyk taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýäris. Öz nobatymyzda, Germaniýada ýokary tehnologiýaly önümleriň importyna, maýa goýum işine ýardam bermäge, şeýle hem senagat, ylym we hünär bilimi babatda tehnologik we sanly çözgütleri almaga taýýardyrys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. Şu we beýleki wezipeleri çözmek üçin transkontinental, üstaşyr ulag merkezi hökmünde Merkezi Aziýanyň uly mümkinçiliklerini peýdalanmagyň zerurdygy, şeýle hem TRACECA, Hazar deňzi — Gara deňiz geçelgesi ýaly sebitara taslamalaryň möhümdigi bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow energiýa akymlary bilen bagly meselelere degip geçip, Türkmenistanyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýelemek bilen, ýewropaly hyzmatdaşlar bilen Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça işleri täzeden başlamagy teklip edýändigini nygtady.

Ekologiýa we “ýaşyl” geçiş üçünji ugur bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, howanyň üýtgemegi we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ählumumy gün tertibindäki meseleleriň ilkinjileriniň hatarynda durýar. Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky tagallalaryny doly goldaýar. Ýurdumyzda zerur kanunçylyk binýady döredilýär, az uglerodly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça degişli çäreler görülýär, Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak boýunça işler alnyp barylýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Ýurdumyzda tebigy gazdan wodorod öndürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegine “ýaşyl” ykdysadyýetiň çäklerindäki geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde garalýar. Häzirki wagtda bu energiýa serişdesiniň dünýädäki önümçiliginiň 70 göterimine golaýy tebigy gaza degişlidir we munuň özi maliýe hem-de serişde çykdajylary nukdaýnazaryndan wodorody almagyň iň netijeli usulydyr.

Ekologik wehimler boýunça geçirilýän işler bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Berlinde kabul edilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň howanyň üýtgemegi we howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi hakynda Bilelikdäki Jarnamanyň kadalaryna ygrarly bolmagymyzda galýarys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy. Gahryman Arkadagymyz täze sebit başlangyçlaryny hasaba almak bilen, Berlin prosesiniň çäklerinde ylalaşylan taslamalara mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýarlygy tassyklap, Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, şeýle hem “Hazar ekologik başlangyjyny” işläp taýýarlamak baradaky Türkmenistanyň tekliplerine ünsi çekdi.

Dördünji ugur medeni-durmuş we ynsanperwer ulgamlar bilen baglanyşyklydyr. Wehimleriň artýan, ynanyşmagyň we dialog medeniýetiniň ýetmezçilik edýän häzirki döwründe bu ugurlar örän möhüm hasaplanýar. Birek-biregiň dilini öwrenmek, halklarymyzyň özboluşly medeniýeti we taryhy bilen tanyşmak, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklara ýardam bermek, bilimleri alyşmak — bularyň hemmesi ägirt uly peýda getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň medeniýet hem-de arheologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça orta möhletli meýilnamany işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip edip, Türkmenistanyň bu ugurda german guramalary, şol sanda Medeni mirasyň Prussiýa gaznasy, Gýote adyndaky institut hem-de Berlin Täze taryh muzeýi bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Sözüniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Federal Kanslere mähirli kabul edendigi we şu saparyň netijeli, ýokary derejede guralandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde ykdysady gatnaşyklaryň ilerledilmegine täze itergi berjek giň gerimli, geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi nygtaldy. Ähli ugurlarda, ilkinji nobatda, söwda, üstaşyr ulag, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny giňeltmek, täze kommunikasiýalary çekmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň kesgitlenilmegi altytaraplaýyn gatnaşyklara kuwwatly itergi berer we döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň binýadyny berkider.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, onuň resmi banneriniň we “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyna gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.

***

Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen-german işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň Federal Kansleri Olaf Şols we GFR-iň Federal Kansleriniň orunbasary, ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministri Robert Habek bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny tamamlap, “Berlin — Brandenburg” Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

29.09.2023

Türkmen-german işewürlik maslahaty: ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary anyklaşdyryldy

Şu gün GFR-iň paýtagtynda Türkmen-german işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Ýurdumyzda we onuň çäkleriniň daşynda geçirilýän işewürlik duşuşyklarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini, Türkmenistanyň maýa goýum kuwwatyny açyp görkezmek üçin meýdança bolup hyzmat edýändigini bellemek gerek. Daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin bolsa şeýle duşuşyklar özleriniň geljegi uly taslamalaryny tanyşdyrmagy babatda oňat mümkinçilikdir. Däbe öwrülen şeýle forumlar dürli pudaklara maýa goýumlaryň gelýän möçberini artdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, ykdysady ösüşi çaltlandyrmaga we milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Bu forumlarda döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ýollarydyr gurallary kesgitlenilýär.

Berlindäki “Marriott” myhmanhanasynyň mejlisler zalyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Türkmenistanyň esasy pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýygnandylar. Kabul edýän tarapdan bu çärä GFR-iň esasy ministrlikleriniň, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň, Kiçi we orta kärhanalaryň federal birleşiginiň wekilleri, iri banklaryň hem-de dürli ulgamlarda işleýän onlarça kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Germaniýaly hyzmatdaşlar üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sergisi guraldy. Sergide özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary we geljegi beýan edilip, dokma we haly önümleriniň köp görnüşleri, milli amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.

Maslahaty alyp baryjylar duşuşygy açyp, nobatdaky Türkmen-german işewürlik maslahatynyň esasy maksadynyň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmakdan we geljekki netijeli gatnaşyklary meýilleşdirmek üçin möhüm teklipleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygyny bellediler. Çykyş edenler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada aýdyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösmeginiň döwletara dialogyň ýokary derejesiniň görkezijisi bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunda bilelikdäki Türkmen-german iş toparynyň işine we şeýle çärelere wajyp orun degişlidir.

Germaniýa ýurdumyzyň esasy işewür hyzmatdaşlarynyň hatarynda çykyş edýär. Iri german işewür düzümleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar, şeýle hem çärä gatnaşyjylaryň giň düzümi GFR tarapyndan ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen birlikde, german kompaniýalarynyň türkmen bazaryna ilkinjileriň hatarynda gelendigi bellenildi. Olar indi ençeme ýyllardan bäri dürli ulgamlarda üstünlikli işleýärler. Häzirki güne çenli ýurdumyzda german maýasynyň gatnaşmagynda umumy möçberi ABŞ-nyň 1,6 milliard dollaryna golaý bolan maýa goýum taslamalarynyň we şertnamalarynyň 196-synyň bellige alnandygy muňa aýdyň mysaldyr. GFR-iň işewür toparlarynyň wekilleri, şol sanda “Siemens”, “Daimler”, “СLAAS”, “Rohde & Schwarz”, “Dresser-Rand” we beýleki kompaniýalar uzak möhletli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga saldamly goşant goşýarlar.

Ýöne, nygtalyşy ýaly, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň giňden ornaşdyrylmagyny, işjeň sanlylaşdyrmagy, infrastrukturanyň okgunly ösdürilmegini nazara almak bilen, iki ýurduň mümkinçiliklerini has netijeli ulanyp bolar. Türkmenistanyň wekilleriniň çykyşlarynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna, dürli pudaklarda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere hemmetaraplaýyn baha berildi, bu ulgamlaryň has ähmiýetli görkezijileri we olary ösdürmegiň geljegi barada aýdyldy. Ykdysady özgertmeleriň innowasion ugruna, daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi üçin amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de oňaýly şertleriň bardygyna aýratyn üns berildi.

Taraplar ykdysady gatnaşyklaryň täze hili barada aýdyp, hyzmatdaşlygyň ýokary tehnologik we innowasion häsiýete eýe bolmalydygyny biragyzdan bellediler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda german kompaniýalarynyň netijeli işlemegi üçin oňaýly şertleri hödürlemäge taýýardyr. Türkmen ykdysadyýeti oňyn pikirler we teklipler, jogapkärli, ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Şu gezekki foruma hem uzak möhletli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim hökmünde garalýar.

GFR-iň iri holdingleriniň ýolbaşçylary we wekilleri dünýä ykdysadyýetiniň ählumumylaşmagy şertlerinde döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlary babatda öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Hususan-da, çykyş edenler türkmen hyzmatdaşlaryna gurluşykda, ulag-kommunikasiýalarda we energetika ulgamlarynda, maliýe-bank ulgamynda özleriniň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny, innowasion tehnologiýalaryny hödürlemäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Bilim, ylym we medeniýet, saglygy goraýyş, syýahatçylyk baradaky meseleler hem içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda hem bilelikde üstünlikli işlemegiň baý tejribesini topladylar, şol sanda türkmen we german alymlarynyň golýazma mirasyny aýawly saklamak, arheologik gözlegleri geçirmek ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary ýola goýuldy.

Arakesmeden soňra, işewürlik maslahaty türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. Ýygnananlar Gahryman Arkadagymyzy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylaryň öňünde giňişleýin çykyş etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetine şu duşuşygy gurandygy üçin minnetdarlyk bildirip, şeýle görnüşdäki forumyň indi ençeme gezek geçirilýändigini belledi.

Geçen ýyllaryň dowamynda iri german işewür toparlarynyň wekilleri ençeme gezek türkmen kärdeşleri bilen duşuşdylar, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri şu gün hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermegiň, bilelikdäki işleri meýilleşdirmek üçin iki tarapyň hem anyk isleglerini öwrenmegi maksat edinýän netijeli dialogyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, bu ýere ýygnanan dostlarymyzy, ozaldan gelýän hyzmatdaşlarymyzy — german kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny tüýs ýürekden mübärekledi.

Duşuşygyň şeýle wekilçilikli düzümde geçmegine ýurduň işewür toparlarynyň Türkmenistana bolan uly gyzyklanmasy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ymtylmasy hökmünde garalýar.

Umuman, türkmen-german gatnaşyklarynyň häzirki günde ähli esasy ugurlary öz içine alyp, işjeň ösdürilýändigini bellemek gerek. Dürli ýyllarda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara formatlaryň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklar bar bolan hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Bu duşuşyklar syýasy hyzmatdaşlygyň esasy binýadyny goýdy, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly şertleri döretdi.

Men Germaniýa amala aşyran öňki saparlarymyň dowamynda Germaniýanyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarymyzda gatnaşyklarymyzy ösdürmäge we pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmany duýýardym diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de iki tarapyň tagallalarynyň anyk netijeleri berendigini, onuň häzirki günde hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek üçin binýat bolup hyzmat edýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Ykdysadyýet GFR bilen gatnaşyklarymyzyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. German kompaniýalaryna ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlar hökmünde garaýarys. Olar ýokary hünär derejesi, hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli çemeleşýändikleri bilen tapawutlanýarlar hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň özara bähbitlidigine düşünýärler. Biz şeýle çemeleşmäni goldaýarys we german işewürleriniň türkmen bazaryndaky alyp barýan işlerini mundan beýläk-de höweslendireris. “Siemens”, “Daimler”, “СLAAS”, “MANN”, “Rohde & Sсhwarz” nemes kompaniýalarynyň Türkmenistandaky köpýyllyk we netijeli işini şeýle hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly hökmünde getirmek bolar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Umuman, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk yzygiderli we depginli ösdürilýär. Şunuň bilen birlikde, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri giňden ornaşdyrmagy, infrastrukturany depginli ösdürmegi nazara almak bilen, bilelikdäki mümkinçilikleri has netijeli ulanyp boljakdygy äşgärdir. Täze maýa goýumlary çekmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek, döwrebap hyzmatlary ýola goýmak üçin mümkinçilikleri açýan hem-de hakykatdan-da, ykdysady hyzmatdaşlygymyza itergi berjek giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň gerek bolan tapgyryndadygymyza berk ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, GFR-iň işewür düzümleriniň wekillerine hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegiň birnäçe mümkinçiliklerine garamak teklip edildi.

Energetika ulgamy möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin Germaniýanyň kompaniýalarynyň tehnikalaryny we enjamlaryny getirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmaga, Gün batareýalaryny peýdalanmak boýunça german tehnologiýalaryny Türkmenistanda ornaşdyrmagyň mümkinçiligini öwrenmäge taýýardygyny beýan etdi. Şeýle hem ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek maksady bilen, Germaniýanyň wodorod energetikasy boýunça tejribesini öwrenmäge isleg bildirildi.

Oba hojalyk pudagynda Türkmenistan bilen “СLAAS” kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köpýyllyk oňyn tejribesini nazara almak bilen, innowasion çemeleşmeli, öňdebaryjy “ýaşyl” tehnologiýalary we sanly ulgamy işjeň ulanmak arkaly hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine geçmek teklip edildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi hem-de “СLAAS” kompaniýasy bilen bilelikde ýurdumyza oba hojalyk tehnikalarynyň, enjamlaryň we ätiýaçlyk şaýlaryň nobatdaky tapgyryny getirmek üçin önüm öndürijileriň birleşigi döredildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen hünärmenleriniň bu kompaniýanyň täjirçilik teklibini amala aşyrmak meselelerine girişmäge taýýardyklary aýdyldy.

Çykyşynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýanyň işewür toparlaryny Türkmenistanda döwrebap ulag infrastrukturalaryny we kommunikasiýalaryny gurmak boýunça taslamalara özleriniň gatnaşmak mümkinçiliklerini içgin öwrenmäge çagyrdy. Häzirki günde ýurdumyzda täze awtomobil we demir ýol ulag halkalarynyň, geçelgeleriň gurluşygy, howa we deňiz portlarynyň infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy giň gerimde alnyp barylýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiasiýalarynyň hem-de kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli esasdaky iş duşuşyklaryny ýola goýmagy teklip etdi. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň gün tertibine german kompaniýalarynyň Türkmenistanda ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, hyzmat ediş merkezlerini döretmäge, ulag ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamaga gatnaşmagy ýaly meseleleri girizmek bolar.

Şeýle hem “Deutsche Bahn Holding” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga, şeýle hem üstaşyr ulag ulgamynda bar bolan kuwwaty we logistikanyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmagyň hasabyna awtoulag, deňiz gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma beýan edildi. Raýat awiasiýasy ulgamynda, hususan-da, iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny ösdürmek babatda, Türkmenistanyň howa menzillerini bilelikde dolandyrmak mümkinçiliklerini artdyrmakda, şol sanda bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin degişli hukuk binýadyny taýýarlamakda hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Himiýa senagatynda german kompaniýalarynyň Türkmenistandaky “Tejenkarbamid” zawodynda abatlaýyş-dikeldiş hem-de bölekleýin döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmek boýunça taslama gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi. Meselem, “ThyssenKrupp” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk maksadalaýyk hasaplanýar. Şol bir wagtyň özünde, german hyzmatdaşlarymyz bilen Türkmenistanda Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny taslama kuwwatlyklaryna çykarmak we ösdürmek boýunça täze toplumlaýyn taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiligi baradaky gepleşikleri dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, bu ugurda eýýäm “Erсosplan”, “Ka-Utek”, “Sсhaсhtbau” german kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar.

Ykdysadyýetimizi ösdürmek we ýurdumyza maýa goýumlary çekmek boýunça konsalting ulgamynda german kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygymyzyň tejribesini hasaba almak bilen, gyzyklanma bildirýän kompaniýalar, hususan-da, “Goetz & Partners” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek boýunça işleri dowam etdirmek teklip edilýär. Bellenilişi ýaly, suw hojalyk ulgamynda häzirki wagtda türkmen tarapy Türkmenistanda suw üpjünçilik we suw paýlaýyş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak meselesi boýunça german kompaniýalarynyň tekliplerine garaýar. Hususan-da, akabalary we gapdal kanallary betonlamak, suw sorujy stansiýalary döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek, zeýkeş ulgamlaryny gurmak arkaly Garagum derýasynyň renowasiýa taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak teklip edilýär.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen GFR-iň Ykdysadyýet we energetika ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine esaslanyp, Türkmenistanyň dolandyryş işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek baradaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek teklip edildi.

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ugry boýunça hem hyzmatdaşlyk etmegiň oňat mümkinçilikleri bar. Şunda “ýaşyl” geçişi, şol sanda az uglerodly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, energetika we lukmançylyk geljegi uly ugurlar hasaplanýar. Gündogar komiteti bilen geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça 2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Berlin şäherinde wekilçilikli Türkmen-german işewürlik forumyny guramak teklip edilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň beýan eden möhüm teklipleriniň hatarynda Arkadag şäherinde lukmançylyk we derman senagaty ulgamyny hem-de german tarapynyň gatnaşmagynda tehniki-hünär bilim edarasyny özünde jemleýän “Ýaşyl” bilim merkezini döretmek mümkinçiligini öwrenmek teklibi bar. Bu teklipler boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak üçin Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň işini işjeňleşdirmegi we indiki ýylyň başynda Berlin şäherinde bu toparyň nobatdaky mejlisini geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Häzirki günde Germaniýanyň we Türkmenistanyň özara Ykdysadyýet günlerini geçirmek tejribesini täzeden dikeltmek üçin mümkinçilikler açylýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we şeýle duşuşyklaryň anyk möhletlerini, gün tertibini bilelikde pikirlenmegi teklip etdi.

Beýan edilen teklipleriň aglabasy ýakyn geljek üçindir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi we Türkmenistanyň döwletara, hökümetara ylalaşyklara esaslanýan yzygiderli, uzak möhletli bilelikdäki işi maksat edinýändigini tassyklady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu meselä aýratyn üns bermegi, türkmen-german işewürlik hyzmatdaşlygynyň halkara hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine, şol sanda ýurdumyzda iş alyp barmak üçin amatly şertleri döretmek arkaly ýardam bermegi maksat edinýärin diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Türkmen tarapy netijeli pikirler we teklipler üçin açykdyr. Bu gün biz ykdysady gatnaşyklarymyzyň täze hili barada esaslanyp aýtmak bilen, bu gatnaşyklaryň ýokary tehnologiýaly, innowasion häsiýetli bolmalydygyna, ösüşiň häzirki zaman meýilleri bilen ugurdaş gitmelidigine we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigine ynanýarys hem-de biz muňa hemişe ýardam ederis diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, şu gün ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesiniň geçiriljekdigini belledi. Olaryň barşynda türkmen-german hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň meseleleri, bilelikdäki işiň geljekki meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşylar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow günüň birinji ýarymynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň agzalary, şeýle hem GFR-iň Federal Kansleri Olaf Şols bilen geçirilen duşuşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, şol çäreleriň barşynda öňe sürlen teklipleriň durmuşa geçiriljekdigine we olaryň altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň üçünji we dördünji tapgyrlaryny özleşdirmek boýunça işler dowam edýär. Her tapgyrda 30 milliard kub metr tebigy gazy çykarmak, geljekde bolsa, bu görkezijini 90 milliard kub metre çenli ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň birnäçe kompaniýalarynyň, aýratyn-da, “Siemens” kompaniýasynyň gaz turbinaly elektrik stansiýalaryny we beýleki desgalary gurmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge uly goşandyny belledi. Şol taslamalary amala aşyrmaga ägirt uly möçberde maýa goýumlar goýuldy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki duşuşygyň guralandygy we foruma gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etmäge mümkinçiligiň döredilendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, ýygnananlara iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we bu ýerden ugrady.

***

Netijeli häsiýetde geçen Türkmen-german işewürlik maslahatynyň çäklerinde iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet we hususy kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, özara gatnaşyklar üçin bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň möhüm ugurlary kesgitlenildi.

Bellenilişi ýaly, geljekki hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy mundan beýläkki işiň ugurlaryny kesgitlemäge, wajyp başlangyçlaryň we haryt dolanyşygynyň ýurtlarymyzyň ýokary ykdysady kuwwatyna laýyk gelýän derejä çykarylmagyny üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmäge ýardam etdi.

Türkmen-german işewürlik maslahatynyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat düzümleriniň ugry boýunça, ulag-kommunikasiýa ulgamynda, şol sanda gämi gurluşygy, demir ýol ulagy ulgamynda, şeýle hem suw serişdelerini dolandyrmak, himiýa pudagy, senagat we gurluşyk önümçiligi ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen pudagara ylalaşyklaryň ençemesine gol çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň arasynda şertnamalara gol çekildi.

Şeýlelikde, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti, gazanylan täze ylalaşyklar hem-de beýan edilen teklipleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi “Türkmenistan — Germaniýa” formatyndaky giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berer.

29.09.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri bilen duşuşygy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-e iş saparynyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy.

Germaniýanyň Federal Hökümetiniň Baştutany belent mertebeli myhmany ýene-de bir gezek mübärekläp, ikiçäk duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi. Bu gatnaşyklar häzirki günde has netijeli häsiýete eýe bolýar. Federal Kansler Olaf Şols hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa salamyny we iň gowy arzuwyny beýan edip, german-türkmen hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçilikleriniň we uly kuwwatynyň bardygyny belledi hem-de öz ýurdunyň bu hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Halk Maslahatynyň Başlygy Berline gelmäge çakylyk hem-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň saparynyň ýokary derejede guralandygy üçin GFR-iň Federal Hökümetiniň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň iň gowy salamyny we arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Germaniýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga barha artýan gyzyklanmasyny goldaýar we köpugurly hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde işjeňleşdirmäge taýýardyr. GFR ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biri boldy diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi hem-de Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesini üýtgewsiz goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Germaniýanyň Federal Kansleri döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, taraplaryň däp bolan hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we GFR-iň Federal Hökümetiniň Baştutany uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Mälim bolşy ýaly, häzirki günde dünýä gün tertibine zeper ýetirip biljek ählumumy derejedäki wakalar bolup geçýär. Bellenilişi ýaly, şeýle ýagdaýda bar bolan meseleleri çözmekde syýasy sowukganlylyk we jogapkärli çemeleşmek zerurdyr. Bitarap ýurt bolmak bilen, Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan pursadyndan bäri bu syýasata yzygiderli eýerýär. Sebitde durnuklylygyň ykrar edilen merkezi bolmak bilen, ýurdumyz bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, işjeň daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň teklibi boýunça 2023-nji ýylyň “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edilmegi, parahatçylyk döredijilik babatda beýleki teklipleri biziň parahatçylyga, durnuklylyga we hyzmatdaşlyga ygrarlydygymyzyň subutnamasydyr diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň başlangyçlaryny, şol sanda Bitaraplyk, energiýa serişdeleriniň durnukly üstaşyr iberilmegi, ulag, ekologik meseleler babatda başlangyçlaryny hemişe goldaýandyklary üçin Germaniýanyň ýolbaşçy düzümine minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Türkmenistanyň GFR bilen häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralary tarapyndan hyzmatdaşlygyň orta möhletleýin Maksatnamasyny taýýarlamak mümkinçiligine garamagyň zerurdygy nygtaldy.

Owganystandaky ýagdaý duşuşygyň aýratyn mowzugy boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Owganystandaky ýagdaý boýunça Germaniýanyň başlangyjy bilen kabul eden Kararnamalarynyň ençeme gezek awtordaşy bolup çykyş edendigi bellenildi. Bu meseläni ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy durmuş-ykdysady meseleleri çözmek üçin gaz geçirijileri, demir ýollary, elektrik geçirijileri, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak ýaly sebit taslamalaryna Owganystany çekmegiň möhümdigini nygtady.

Türkmen-german söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy babatda aýdylanda, türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Federal Kansler bu hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler. Bu ugurdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, birnäçe geljegi uly ugurlar bellenildi. Energetika pudagy şolaryň iň ähmiýetlisidir. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň birnäçe anyk ugurlarynda tagallalary birleşdirmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, munuň özi german kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge gatnaşmaklaryna, şol sanda Germaniýadan maýa goýum we tehnologik tejribäni çekmek, tehniki-ykdysady esaslandyrmany geçirmek, hyzmatlary amala aşyrmak, enjamlary getirmek we bu ulgamda täze desgalary gurmak arkaly gatnaşmaklaryna degişlidir.

Halk Maslahatynyň Başlygy Hazar deňziniň ýalpaklygyny özleşdirmegiň wajypdygyny, bu ugurda iri german kompaniýalary, hususan-da, “Wintershall” we “RWE” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny belläp, Türkmenistanyň germaniýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga we bu kompaniýalaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hazarüsti gaz geçirijisiniň ähmiýetine ünsi çekip, ýurdumyzyň bu taslama ygrarlydygyny hem-de Ýewropa Komissiýasynyň degişli düzümleri, aýry-aýry Ýewropa döwletleri bilen bu mesele boýunça dialogy täzeden ýola goýmaga meýillidigini tassyklady. Germaniýa bu ýurtlaryň arasynda möhüm orun eýeleýär.

Duşuşykda Türkmenistanda metan zyňyndylaryny azaltmak hem-de wodorod öndürmek babatda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Bu ulgamlarda Germaniýa öňdebaryjy tehnologiýalara eýedir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň iýul aýynda kabul edilen GFR-iň Milli wodorod strategiýasyny hasaba almak bilen, özara hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Germaniýanyň Federal Hökümetiniň Baştutanynyň belleýişleri ýaly, ýokarda agzalan ugurlary 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-german iş toparynyň onunjy mejlisiniň gün tertibine girizmek maksadalaýyk bolar. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bank ulgamy, himiýa we dokma senagaty, saglygy goraýyş, ulag, “ýaşyl” tehnologiýalar, suw hojalygy, sanlylaşdyrmak we konsalting ulgamlary görkezildi.

Saglygy goraýyş ulgamyna aýratyn üns çekildi. Bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistandaky lukmançylyk edaralarynyň aglabasy, esasan, german kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilendir. Iki ýurduň lukmançylyk edaralarynyň we ylmy-kliniki merkezleriniň wekilleriniň arasynda tejribe alşylýar, saglygy goraýyş boýunça Türkmen-german forumy üstünlikli hereket edýär. Nygtalyşy ýaly, umuman, ýurdumyzyň bu ugurdaky çemeleşmesi Germaniýanyň “Bitewi saglyk” çemeleşmesi bilen gabat gelýär. Onuň çäklerinde saglyk bilen daşky gurşawyň ýagdaýynyň özara baglanyşygy hasaba alynýar.

Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Federal Kansler şu günki geçirilen Türkmen-german işewürlik forumynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň we GFR-iň beýleki ugurdaş guramalarynyň işjeň ýardam bermeginde şeýle çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň maksadalaýykdygyny nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda bilim, medeniýet we arheologiýa ulgamlarynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň meselelerine deglip geçildi. Bu ugurda bilelikdäki taslamalary guramagyň oňyn tejribesi toplandy. Gýote merkezi, “DAAD”, “PAŞ” we “PAD” maksatnamalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk, 2018-2019-njy ýyllarda Germaniýada “Marguş —Türkmenistanyň çägindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly serginiň üstünlikli geçirilmegi muňa aýdyň mysal hökmünde görkezildi. German jemgyýetçiligi tarapyndan bildirilen uly gyzyklanmany nazara almak bilen, söhbetdeşler bu serginiň ikinji tapgyryny, şeýle hem Parfiýa şalygynyň taryhy tapyndylarynyň we Seljuk mirasynyň görkezilişini geçirmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar we şu hem-de beýleki taslamalaryň iki halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Federal Kansler Olaf Şolsy özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Germaniýanyň Federal Hökümetiniň Baştutany taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

29.09.2023

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Merkezi Aziýa + Germaniýa» görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün Berlin şäherinde iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + Germaniýa» görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentiniň başlyklyk etmeginde işewürlik ertirlik nahary görnüşinde geçirilen duşuşykda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz duşuşykda çykyş etmek bilen, Türkmenistan täze köptaraplaýyn formaty döretmek başlangyjyny goldaýandygyny hem-de gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlary sebitiň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine gönükdirilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, howpsuzlygyň, durmuş-ykdysady ösüşiň, ekologiýa we halkara işlerinde ynsanperwerleşmegiň häzirki zamanyň iň esasy meseleleridigi nygtaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ykdysady ösüş meselesi barada aýtmak bilen, bu prosessiň ählumumy özara baglanyşyk häsiýete eýedigini belledi. Häzirki wagtda dünýä ykdysady ulgamy diýlende, diňe bir dürli ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ýakynlaşmagy göz öňünde tutulman, eýsem, onuň köpsanly düzüm bölekleriniň sazlaşykly işini hem aňladýar.

Olaryň hatarynda energetika, ulag pudaklary hem-de maliýe ulgamy ýaly öňden bar bolan ugurlar bilen bir hatarda, sanlylaşdyrmak, emeli intellekt we ýaşyl tehnologiýalar ýaly ykdysadyýetiň täze ugurlarynyň bardygy bellenildi.

Şeýle hem ýokary derejedäki duşuşygyň dowamynda ekologiýa we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy.

29.09.2023
1 ... 60 61 62 63 64 ... 67