Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri bilen duşuşdy

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Tähranda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen duşuşdy.

Aýatolla Ali Hameneýi Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda köp asyrdan bäri dowam edýän we häzirki döwürde okgunly ösdürilýän gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi. Şol gatnaşyklar bolsa, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, Tährana amala aşyrylýan şu gezekki iş sapary döwletimiziň Eýran Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Eýran ýurdumyzyň esasy strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler dürli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamda ägirt uly kuwwata we giň mümkinçiliklere eýe bolan netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyny bellediler.

28.08.2024

Ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasyndaky gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Resminamalaryň sanawy:

– Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama;

– Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portynyň arasynda doganlyk port gatnaşyklary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

– Tebigy gaz babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

– Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňemegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2025-2026-njy ýyllar üçin Maksatnamasy.

28.08.2024

Tähranda ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri geçirilýär

Iş sapar bilen Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda gepleşikler başlandy.

Taraplar ikiçäk we giňeldilen düzümindäki duşuşyklaryň dowamynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşarlar, şeýle hem halkara we sebit derejesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitmlemäge gönükdirilen meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryna gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

28.08.2024

«Magtymguly Pyragy – agzybirlik, döwletlilik, ynsanperwerlik» atly onlaýn maslahaty geçirildi

 

Ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» kabul eden Kararyna laýyklykda, ýylyň bütin dowamynda Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. 

Dünýä edebiýatynyň baýlaşmagyna uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň dabaraly ýagdaýda açylmagy akyldar şahyryň diňe bir türkmen halkynyň däl-de, tutuş adamzadyň guwanjyna öwrülendigini hem-de şöhratynyň has-da dünýä dolýandygyny tassyklaýar. 

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda guralýan giň gerimli çäreler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze taryhy döwürde ynsanperwer pikirleri, öňdengörüjilikli maksatnamalary bilen ruhlanan ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynda täze eýýamyň gazananlaryna we ösüşiň hem-de rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Watanymyzyň nurana geljegine bolan buýsanç duýgularyny artdyrýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi, şeýle hem şahyryň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi milli mirasymyzy, medeniýetimizi, taryhy şahslarymyzy sarpalamagyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda welaýat hem-de Aşgabat, Arkadag şäher häkimlikleri, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy bilen bilelikde guramagynda geçiren «Magtymguly Pyragy – agzybirlik, döwletlilik, ynsanperwerlik» atly onlaýn maslahaty hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, alymlar, şeýle hem ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler we halkara tejribesine, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasatyna, medeni diplomatiýasyna, bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen halkara başlangyçlaryna,  şeýle hem adamzat medeniýetiniň we edebiýatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyna bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.

Maslahatda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň ahlaklylygyň we watançylygyň çeşmesi, ýaş nesli terbiýelemekde deňi-taýy bolmadyk bilim mekdebi bolup durýan eserleriniň ähmiýeti barada aýratyn bellediler. Şahyryň goşgularynda bütin adamzady agzybirlige, dost-doganlyga, milli däp-dessurlara we ruhy gymmatlyklara hormat goýmaga, ynsanperwerlige, watansöýüjilige, adalatlylyga çagyrýandygy nygtaldy.

Magtymguly Pyragynyň garaýyşlarynyň beýleki halklara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, demokratiýa, däp-dessurlara ygrarlylyga esaslanýandygyny, akyldar şahyryň döredijiliginiň häzirki wagtda hem halkara derejede dost-doganlygy pugtalandyrmaga hyzmat edýändigi çykyşlarda bellenildi. 

Ýurdumyzda akyldar şahyra bagyşlanyp geçirilýän çäreler, baýramçylyk dabaralary beýik söz ussadynyň döredijiligini dünýä jemgyýetçiligine has giňişleýin tanatmaga, onuň danalyk çeşmesinden gözbaş alýan umumadamzat ähmiýetli garaýyşlarynyň çuňlugyny we ylym üçin häzire çenli gözýetmezligini açyp görkezmäge, raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge, ýaşlarda ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, watandaşlarymyzy ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrmaga gönükdirilendir.

 

Türkmenistanyň Mejlisi

28.08.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş sapary bilen Eýrana bardy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna bardy.

Iki dostlukly we goňşy döwletiň Baýdaklary bilen bezelen Tähran şäheriniň «Mehrabad» Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýokary wezipeli resmi adamlar mähirli garşyladylar. Bu ýerde Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gezekki sapary hem-de ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri döwletara dialogyny has-da pugtalandyrmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam eder.

28.08.2024

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýrana ugrady

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady.

Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Mälim bolşy ýaly, dünýäniň döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Uzak möhletli geljege niýetlenen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk esasy ulgamlary öz içine alýar we iki ýurduň milli bähbitlerine doly laýyk gelýär. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-eýran gatnaşyklary häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.

28.08.2024

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda iki ýurduň üstaşyr ulag kuwwatynyň doly derejede ulanylmagynyň möhümdigine üns çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda hil taýdan täze derejä çykarylandygyny belledi hem-de özbek Liderine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi.

Dostlukly döwletiň Baştutany hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.

Gürrüňdeşligiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

27.08.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi, şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny dikeltmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy.

Ir säher bilen Milli Liderimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde bina edilen täze şähere geldi. Häzirki döwürde bu ýerde döwrebap şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bir hatarda, türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgelerine laýyklykda, ynsanperwer ähmiýetli işlere-de möhüm üns berilýär. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara beslenmegini şertlendirýär.

Gahryman Arkadagymyz haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherindäki ştab-kwartirasynda bolup, bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda şu ýylyň dowamynda degişli düzümler boýunça alnyp barylýan işler hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda işlenip taýýarlanan maksatnamalar barada habar berildi.

Ilki bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan meýilnamalaýyn işleri barada aýdylyp, şunda gaznanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we ony yzygiderli ösdürmegiň meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. R.Bazarow hasabatynda kömege mätäç çagalaryň 400-den gowragyna degişli operasiýalaryň geçirilendigini, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň welaýatlarynyň çagalar sagaldyş merkezlerine haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň dowamly böwrek keselinden ejir çekýän näsaglaryň saglygyny gowulandyrmaga ýardam berýän “Dialog+” kysymly gemodializ enjamlarynyň sowgat berlendigini aýtdy. Mundan başga-da, gaznanyň hasabyna dünýäniň birnäçe döwletiniň tebigy heläkçilikler zerarly ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik ýükleriniň ugradylandygy, ýurdumyzda bellenilýän şanly seneler mynasybetli çagalara ýörite sowgatlaryň gowşurylandygy barada hasabat berildi. Aýratyn-da, gaznanyň howandarlyk etmeginde, 14 ýaşa çenli çagalaryň arasynda yglan edilen “Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri” atly surat çekmek bäsleşiginiň ähmiýetli bolandygy nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda alnyp barylýan asylly işleriň, aýratyn-da, ynsanperwer ýörelgeleriň adamlary belent maksatlara ruhlandyrýandygyny belledi. Döwletimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde amala aşyrylýan ýagşy dessurlar ösüp gelýän ýaş nesillerde watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ýörelgelerini, tebigata aýawly çemeleşmek endiklerini ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda döwlet derejesinde kömege mätäç çagalara goldaw bermek boýunça işler durmuşa geçirilýär, Bu işler ýaşlaryň döretmäge, ýokary derejeli hünär almaga höwesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Milli Liderimiz çeper döredijilik bilen meşgullanýan çagalaryň çeken suratlaryny synlap, olarda gözel tebigatymyzyň, sahawatly türkmen topragynyň özboluşly aýratynlyklarynyň şekillendirilmeginiň ösüp gelýän ýaş nesilleriň Watanymyza, Diýarymyzyň özboluşly tebigatyna bolan söýgüsiniň we buýsanjynyň aýdyň beýanydygyny aýtdy we bu işleri yzygiderli dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Arkadagymyz öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Arkadag şäheriniň häkimi ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guraljak dabaralara taýýarlyk, şu ýyl 1-nji synpa kabul edilen çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleri gowşurmak, Arkadag şäherindäki umumybilim berýän 1-nji orta mekdepde BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldaw bermeginde Robototehnika bilim merkezini açmak dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Arkadag şäheriniň orta we ýörite orta okuw mekdeplerinde, şeýle-de ýokary okuw mekdebinde täze okuw ýylynyň ilkinji sapagynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanjakdygy barada aýdyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gazanylýan üstünlikleriň, syýasy, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli wakalaryň Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň belende galýandygyny görkezýändigini belledi hem-de ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmekleri, döwrebap bilim almaklary, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary bilen baglanyşykly meselelere döwletimiz tarapyndan möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Meýilleşdirilen ähli çäreleriň, şol sanda Bilimler we talyp ýaşlar güni, Garaşsyzlyk baýramy, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli göz öňünde tutulýan medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz dabaralarda ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünlikleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan dabaralaryň giň gerime eýe bolýandygyna ünsi çekip, şanly sene mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynda umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasynyň geçirilmeginiň halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň, dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilýändiginiň beýanydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly döwletiň türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan welaýatynda ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň bina eden täze mekdebinde okajak okuwçylara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna kompýuterleriň gowşurylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň halkara derejede-de dabaralandyrylýandygynyň güwäsine öwrüler.

Gahryman Arkadagymyz halkara hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyzda abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Şunda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary, halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmaklary bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Şeýle çäreler ýaş nesilleriň zähmetsöýer bolup ýetişmekleri, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny, sanly ulgamy ussatlyk bilen ele almaklary ugrunda edilýän aladanyň aýdyň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri, çeper döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin uly mümkinçilikler döredilýär.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde sebitde ilkinji “akylly” şäher hökmünde ykrar edilen täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde durmuş maksatly binalar bilen bir hatarda, önümçilik toplumlarynyň gurluşyklaryna hem badalga berildi. Munuň özi Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň nobatdaky beýanydyr. Şeýle-de Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçiriljek “akylly” şäherleriň “World Smart Сity Eхpo” Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin türkmen wekiliýetiniň öňde boljak sapary barada habar berildi. Onda “akylly” tehnologiýalara esaslanýan Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri görkeziler. Seul şäherine şu ýylyň 1 — 7-nji sentýabry aralygynda boljak gulluk iş saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalary Koreýa Respublikasynyň lukmançylyk serişdelerini öndürýän kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirerler, ýurduň ugurdaş kärhanalarynyň işleri bilen tanşarlar.

Geljegiň, döredijiligiň, ýaşlygyň şäheri hökmünde ykrar edilen we “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesine we ekologik talaplara laýyk gelmelidigini belläp, hormatly Arkadagymyz bu ýerde dünýäniň ösen tejribesiniň milli binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Koreýa Respublikasynda geçiriljek Bütindünýä sergisi barada aýtmak bilen, onda Arkadag şäheriniň özboluşly ajaýyplyklarynyň ýokary derejede öz beýanyny tapmalydygynyň, ugurdaş düzümleriň wekilleri bilen duşuşyklaryň guralmagynyň, özara tejribe alşylmagynyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ýurdumyzda ornaşdyrylmagy babatda zerur tagallalaryň edilmeginiň ähmiýetli boljakdygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň işjeň gatnaşyk saklaýan hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki döwürde paýtagtymyzda Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezi hereket edýär we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde koreý dili öwredilýär. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurda sapara iberiljek wekiliýetiň düzümine ugurdaş düzümleriň agzalarynyň, bu ugur boýunça bilim alýan talyp ýaşlaryň goşulmagy ähmiýetli bolar. Alym Arkadagymyz munuň türkmen ýaşlarynyň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklaryna, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň ýol açjakdygyny aýdyp, bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Lukman Arkadagymyz täze şäherde iň ýokary hilli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işe başlamagynyň ýurdumyzda hemaýata mätäç çagalara kömek etmek boýunça giň gerimli işleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berendigini belledi we bu babatda alnyp barylýan işler barada hasabat bermek üçin merkeziň direktory M.Öküzowa söz berdi.

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler bilen baglanyşykly meseleler baradaky hasabatyň çäklerinde bu ýerde näsag çagalaryň 20-ä golaý görnüşli bejergi alandyklary aýdyldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasatda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilmeginiň aýdyň netijesidir.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunda kömege mätäç çagalara hemaýat bermek, olaryň saglyklaryny berkitmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaş raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmegiň, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini gazanmagyň türkmen halkyna gadymdan mahsus ruhy-ahlak ýörelgelerdigini belläp, lukman Arkadagymyz jemgyýetimizde öňden kemala gelen durmuş ýörelgeleriniň yzygiderli wagyz edilmeginiň ähmiýetlidigine ünsi çekdi.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary, kliniki we ylmy-kliniki merkezler bina edildi. Olarda alnyp barylýan bejergi işleri döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär. Şunda Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işini degişli derejede guramagyň zerurdygyny belläp, Milli Liderimiz bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda asylly işleri dabaralandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde hemmelere rowaçlyklary arzuw etdi.

27.08.2024

SOMALI FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNY GOWŞURDY

 

2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Fathudin Ali Mohamediden Ynanç hatyny kabul etdi. 

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Ilçi oňyn Bitaraplyk, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga hemişe taýýardyklaryny beýan etdiler.

27.08.2024

MAWRIKIÝ RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNY GOWŞURDY

 

2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Mawrikiý Respublikasynyň Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Heswar Jankeden Ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. 

Şunuň bilen baglylykda, taraplar geljekde parlamentara gatnaşyklary halkara parlament düzümleriniň çäklerinde işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. 

Ilçi Türkmenistan bilen Mawrikiý Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, öz ýurdunyň ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

27.08.2024

Türkmenistanyň Prezidenti “Dragon Oil” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ikiçäk söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi. Garaşsyz Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri Milli Liderimiziň ady bilen berk baglanyşyklydyr.

Döwlet Baştutanymyz işewüri myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar köp ýyllaryň dowamynda özara düşünişmek, ynanyşmak, hormat goýmak esasynda yzygiderli ilerledilýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem BMG-niň, beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýar.

Ýangyç-energetika pudagy Türkmenistan bilen BAE-niň özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz nebitgaz senagatynyň ýurdumyzyň iň depginli ösýän pudaklarynyň biridigini nygtady. Pudagy ösdürmegiň strategiýasy ýerli çig mal serişdelerini ulanmak arkaly milli ykdysadyýetimiz, eksport üçin önümleri öndürmäge gönükdirilendir. “Nebitgaz senagatyny ösdürmekde Birleşen Arap Emirlikleriniň baý tejribesi bar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesiniň toplanandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini we ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistanyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Nebitiň, gazyň gazylyp alynýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini, ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň, taýýar nebit, gazhimiýa önümleriniň eksportyny artdyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hataryndadyr. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda işewürlik üçin döredilen amatly şertleri göz öňünde tutup, däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi we türkmen tarapynyň kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.

Işewür bildirilýän ynam üçin hoşallygyny beýan edip, “Dragon Oil” kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmegi üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

26.08.2024

KAMBOJA PATYŞALYGYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNY GOWŞURDY

 

2024-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Sok Çeadan Ynanç hatyny kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar geljekde parlamentara gatnaşyklary halkara parlament düzümleriniň çäklerinde işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. 

Ilçi Türkmenistan bilen Kamboja Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, öz ýurdunyň ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

26.08.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Arçman” şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň düzümleriniň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.

Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasyna geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli garşylanyldy.

Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna şypahananyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary we ozal bar bolan desgalaryň durkuny täzelemegiň ugurlary, degişli düzümleriň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary görkezildi hem-de ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalary barada hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, “Arçman” şypahanasynda täze bejeriş binasyny gurmak boýunça degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen guramaçylyk işleri geçirildi. Şeýlelikde, şypahananyň melhem suwly çeşmesiniň suw gorlary ylmy esasda öwrenildi, ony rejeli peýdalanmak babatda maslahatlar berildi. Täze bina gurlandan soňra, bu ýerde bejergi alýan adamlaryň sanyny has-da artdyrmak üçin mümkinçilik dörär. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda täze gurulmaly 400 orunlyk binanyň, durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň, şypaly suw bilen bejeriş binasynyň, daşky eltiji ulgamlaryň, şypaly suw içilýän binanyň, 300 orunlyk mejlisler otagynyň, 400 we 250 orunlyk naharhanalaryň, dermanlyk otlardan taýýarlanan dürli içgileri hödürleýän çaýhananyň, diş lukmanynyň otagynyň, anyklaýyş we fizioterapiýa, rentgen otaglarynyň taslamalary, ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň görnüşleri, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar. Mundan başga-da, “Arçman” şypahanasynyň çäginde guruljak täze binanyň, durky täzeleniljek bejeriş otaglarynyň ýerleşdirilişi, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň ugurlary, binalaryň bezeg aýratynlyklary, esasan-da, täze toplumyň merkezi girelgesi we onuň dolandyryş ulgamynyň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berildi.

Lukman Arkadagymyz taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Täze binalary gurmak, desgalaryň durkuny täzelemek işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy wajypdyr. Ýerli tebigatyň özboluşly aýratynlyklaryna, bu çägiň ekologik ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Binalaryň taslamalary taýýarlananda hut şu talaplardan ugur alynmalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde duran wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli alnyp barylmagynyň häzirki döwrüň wajyp wezipesidigini belläp, bu işleriň depginini yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamyna degişli binalaryň taslamalary taýýarlananda-da, ýerli tebigy aýratynlyklar, olaryň ähmiýeti göz öňünde tutulmalydyr. Şunda şypahananyň çäkleriniň abadanlaşdyrylmagy, ýokary ekologik ýagdaýyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr.

Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ulanyljak lukmançylyk enjamlarynyň döwrebap bolmalydygyny belledi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işlerinde hiç hili ownuk zadyň ýokdugyny aýdyp, toplumyň binalarynyň enjamlaşdyrylyşyna, olarda döredilýän mümkinçiliklere, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna, ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmegini, kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Şypahananyň çäginiň ähli desgalarynyň gurluşygyna we bezeg işlerine bolşy ýaly, dynç almak üçin niýetlenen künjekleriň abadanlaşdyrylyşyna, bag nahallarynyň oturdylmagyna-da zerur üns berilmelidir. Şunda açyk meýdanda adamlaryň dynç almaklary üçin niýetlenen seýilgäh zolaklarynda şertleriň döredilmegi möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ähli meýilleşdirilen işler ylmy esasda, bu künjegiň tebigy aýratynlyklary nazara alnyp içgin öwrenilmelidir.

Ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, lukman Arkadagymyz jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramagyň wajyp wezipedigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, şypahana düzüminiň işini kämilleşdirmek meselelerine zerur üns berilmelidir. Döwletimiz öz raýatlarynyň saglygy hakynda hemişe alada edýär. Şunda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berk berjaý edilmegi saglygy berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar. Iň esasysy bolsa, adamyň saglygy nesilleriň geljegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagydyr diýip, Milli Liderimiz belledi.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülendigini belläp, lukman Arkadagymyz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän döwrebap şypahanalaryň ähli mümkinçilikleriniň halkymyzyň sagdynlygynyň berkidilmegine hyzmat edýändigini aýratyn nygtady. Munuň özi “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şypahanalarda raýatlarymyz saglygyny berkidýärler, döredilen mümkinçiliklerden we hyzmatlardan netijeli peýdalanýarlar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygyny aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden lukman Arkadagymyz bu ýerleriň mineral suwlarynyň ýokary bejerijilik häsiýetine eýedigi hem-de onuň adam bedenine oňyn täsir edýändigi barada gürrüň berdi. Şeýle-de Milli Liderimiz şypahananyň tebigy aýratynlyklary, umuman, bu künjegiň ýakymly howa gurşawynyň özboluşlylygy hakynda aýdyp, onuň uly bejeriş güýjüniň bardygyny belledi we şypahananyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Arçman” şypahanasyna saglygyny berkitmek üçin gelýän ildeşlerimiziň sanynyň yzygiderli artýandygy nazara alnanda, täze bejeriş binasynyň gurulmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi we gurluşyk işlerini ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

25.08.2024

Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara

Garaşsyz ýurdumyzyň ýaş bagşy ýigitleri we gyzlary!

Gadyrly ýaşlar!

Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda iri möçberli döwlet maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan uly üstünlikler mähriban Watanymyzy tanalmaz derejede özgerdýär. Umumadamzat bähbitli öňe sürýän başlangyçlarymyz dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolup, ýurdumyzyň halkara abraýy has-da ýokarlanýar.

Gadyrly ýaş bagşy-sazandalar!

Garaşsyz ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde, medeniýet ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Häzirki döwürde türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge, täze, döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmaga, medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen tutumly işler barha rowaçlanýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi hem milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmaga, olary goldamaga uly ýardam berýär. Bu bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän zehinli bagşy-sazandalaryň sany ýyl-ýyldan artýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa...» atly çuňňur many-mazmunly kitabynda türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda köp sanly aýdymlary döredendigini, her bir türkmeniň kalbynda aýdym aýtmaga, saz gurallaryny çalmaga bolan söýginiň ýatandygyny, ata-babalarymyzyň aýdym-saz sungatyny söýüp, oňa hormat goýandygyny parasatlylyk bilen belläp geçýär. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, türkmen halkynyň kalbynda aýdym-saz sungatyna sarpaly garaýyş we egsilmez söýgi bar. Türkmen ilinde tutulýan tomaşaly toýlaryň bezegine öwrülen aýdym-saz sungatymyz dutardyr gyjagyň, tüýdügiň sazlaşykly owazyndan döräp, halkyň ruhy ganatyna öwrülipdir. Häzirki döwürde ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän medeni çärelerde bagşylarymyzyň aýdýan joşgunly aýdymlary, sazandalarymyzyň çalýan şirin sazlary ynsan kalbyna ýagşy duýgulary eçilip, göwünlere ylham bolup ornaýar.

Mähriban bagşy-sazandalarymyz!

Biz milli bagşyçylyk we saz sungatymyzda öz kämil aýdym-sazlary bilen halkyň hakydasynda ýaşaýan halypa bagşy-sazandalarymyza buýsanmaga haklydyrys. Muhy bagşy, Oraz Saryýew, Geldi Ugurlyýew, Tugur Berdinyýazow, Kiçi Geldimyradow, Giçgeldi Amanow, Geldimämmet Orazgulyýew, Oraznepes Döwletnazarow, Döwletgeldi Ökdirow, Oraz Begnyýazow, Japar Hojanepesow, Baky Maşakow, Tüýli Otuzow, Sarman Hudaýberdiýew, Gurban Seýitmämmedow, Ryzaguly Ataýew, Myrat bagşy, Öwezmyrat bagşy, Durdy Myradow, Gaýgysyz Çaryýew we başga-da ençeme ussat bagşy-sazandalarymyz milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine uly goşant goşdular. Meşhur halypalaryň sungat älemindäki ýoluny häzirki wagtda ýaş bagşy-sazandalar mynasyp dowam etdirýärler. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen halkynyň dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty köp ýyllar bäri dünýä halklaryny haýran galdyryp gelýär.

Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen dutarynyň şabram şelpelerinden çykýan şirin mukamlar ajaýyp döwrümiziň, bagtyýar zamanamyzyň belent waspy bolup ýaňlanýar. Geljekde ýurdumyzyň ýaş bagşy-sazandalarynyň şirwan perdelerde ýaňlanýan aýdym-sazlary bilen bagşyçylyk sungatymyzyň has-da ösdürilmegine uly goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Gadyrly ýaş bagşy-sazandalar!

Sizi ýurdumyzda şatlyk-şowhunly geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, türkmen bagşyçylyk we saz sungatyny täze aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmakda döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

24.08.2024

«Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara

Hormatly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bagtyýar çagalygyň ýurdy, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalar döwlet tarapyndan aýratyn uly üns-alada bilen gurşalýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe, sagaldyş-dynç alyş toplumlary gurlup, bagtyýar çagalaryň düýpli bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi, olarda ýokary ahlak sypatlarynyň kemala getirilmegi üçin amatly durmuş şertleri döredilýär. Türkmenistan çagalygy adamyň ömrüniň möhüm tapgyry hökmünde ykrar edýär we ösüp gelýän ýaş nesilleri jemgyýetimizde doly derejeli durmuşa taýýarlamagy, olarda döredijilik işjeňligini, ukyp-başarnyklary ösdürmegi, ýokary ahlak häsiýetlerini, watançylyk, raýatlyk duýgularyny terbiýelemegi ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitleýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen «Türkmen Ekspo» kompaniýasynyň bilelikde guraýan bu sergi-ýarmarkasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň körpeler, mekdep okuwçylary, talyplar üçin niýetlenen ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, döwrebap önümleri, okuw esbaplary, elektron harytlary hödürleniler. Şeýle hem sergi-ýarmarkanyň çäklerinde bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalara özara tejribe alyşmaga mümkinçilik dörediler. Çagalar üçin dürli ugurlarda ussatlyk sapaklarynyň guralmagy, innowasion işläp taýýarlamalar, täzelikler bilen tanyşdyrylmagy bolsa bu giň möçberli çäräniň ähmiýetini has-da artdyrar.

Hormatly adamlar!

Gadyrly myhmanlar!

Häzirki döwürde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli we üstünlikli amala aşyrýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek, zenanlaryň, çagalaryň saglygyny, bähbitlerini hem-de hukuklaryny goramak ýaly örän möhüm ugurlar boýunça dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

«Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda çagalar hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalara innowasion önümlerini we hyzmatlaryny görkezmäge mümkinçilik dörediler. Sergi-ýarmarkanyň dürli öwüşginli ekspozisiýalarynyň dünýäniň ýurtlaryndan halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň, çagalar üçin önümler pudagynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekjekdigine berk ynanýaryn.

Bu halkara çäre Türkmenistanyň medeni we işewürlik durmuşynda möhüm waka öwrüler. Çünki ol diňe bir işewürleriň mümkinçiliklerini görkezmekleri üçin ajaýyp meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ene-atalar we çagalar üçin hem özboluşly baýramçylyk çäresi bolar.

Hormatly sergi-ýarmarka gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar!

Sizi «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

19.08.2024

Adam hakynda alada — durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş maksady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşdy we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy. Lukman Arkadagymyz gür baglyga bürenen, ekologik taýdan amatly howa gurşawy bolan şypahananyň çäginde agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni Watanymyz üçin taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Şunda demokratik ýörelgeleriň pugtalandyrylmagyna, adam hukuklarynyň goralmagyna, raýat jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmak bagtynyň miýesser etmeginiň özi üçin belent mertebedigini aýtdy we häzirki döwürde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle-de oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy boýunça geçiriljek halkara foruma, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli dabaralaryň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýän “Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy — häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahata, Garaşsyzlyk baýramynyň çäklerinde geçiriljek Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatyna, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk işleri hakynda aýdyldy.

Milli Liderimiz türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhyň dowamynda döwleti dolandyrmak babatda toplan tejribesine we häzirki zamanyň oňyn ýörelgelerine esaslanýan Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetine ünsi çekdi. Şunda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, nobatdaky umumymilli forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, onda kabul ediljek çözgütleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi wajyp wezipeler hökmünde kesgitlenildi.

Gahryman Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyzyň obasenagat toplumyna degişli düzümleriň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bilen bilelikde, şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahatyň guramaçylygyna möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Munuň özi obasenagat pudagynda dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmeginde, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary boýunça tejribe alyşmakda ähmiýetlidir.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly seneleriniň biri hökmünde ykrar edilen akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň çäklerinde geçiriljek “Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy — häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň ýokary derejede geçirilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belläp, Milli Liderimiz türkmen halkynyň meşhur şahsyýetiniň hormatyna guralýan çärelerde halkymyzyň milli sungatynyň, döredijilik mümkinçilikleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary ýörelge edinýän döwlet syýasatynda adam saglygy, onuň bagtyýar durmuşy baradaky aladanyň möhüm orun eýeleýändigini aýdyp, lukman Arkadagymyz Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk işleriniň ýokary derejede alnyp barylmagy barada tabşyryklary berdi.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty hakynda aýdylanda, ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu forumyň guramaçylyk derejesine zerur üns berilmelidigini belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow onuň dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilmegine ýardam etmelidigini aýtdy.

Şeýle ynsanperwer işleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän asylly ýörelgeleriň durandygyny belläp, R.Bazarow ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýeti bolan şanly seneleriň dabaralandyrylmagy bilen baglanyşykly gymmatly maslahatlary berendigi üçin Milli Liderimize hoşallyk bildirdi we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň wekilleri bilen bilelikde tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik taýdan ähmiýetlidigini belläp, bu işler bilen bir hatarda, beýleki çäreleriň hem guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi we köp sanly ildeşlerimiz Hazaryň kenaryndaky, welaýatlardaky şypahanalarda, dynç alyş merkezlerinde zähmet rugsadyny ýokary derejede geçirýärler. Bu barada aýtmak bilen, R.Bazarow amatly dynç almak ugrunda ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi, olaryň döwrebap bilim-terbiýeli bolup ýetişmekleri, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri ugrunda döredilýän mümkinçilikler öz oňyn netijesini berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

* * *

Çeper döredijilige, şol sanda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä nusgalyk eserlerine aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndysyndan ybarat täze kitapdan goşgulary okady. Dana Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan döredijiliginiň her bir adamda ruhubelentlik döredýändigini belläp, alym Arkadagymyz şahyryň goşgularynyň ähli ýaşdaky adamlar üçin gymmatlydygyny, onuň eserleriniň hemmetaraplaýyn öwrenilmeginiň wajypdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz şypahananyň çägi boýunça agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi. Gahryman Arkadagymyz olaryň bilimi, daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesi bilen gyzyklandy. Munuň özi peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

“Arçmanyň” çägi boýunça gezelenjiň adamlar, aýratyn-da, çagalar üçin oňyn täsiriniň bardygyny belläp, lukman Arkadagymyz döwrebap seýilgähde gezelenç etmegiň saglygyň möhüm şertidigine ünsi çekdi. Bu künjekde gök zolaklaryň, döwrebap seýilgähleriň döredilmegi bu ýerleriň tebigy aýratynlyklary hem-de dag howasy bilen utgaşyp, jana ýakymly howa gurşawyny emele getirýär. Munuň özi şypahanada saglygyny dikeldýänler we bejergi alýanlar üçin esasy şertleriň biri bolup durýar.

18.08.2024

Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi

Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, adamlaryň saglygyny goramak, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek, raýatlaryň zähmet rugsady döwründe rahat dynç almaklary üçin şertleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatda ileri tutulýan wezipelerdir. Bu syýasatyň özeninde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi durýar.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz deňiz kenaryna geldi. Tomsuna günüň bu çagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýakymly howa gurşawy emele gelýär. Munuň özi deňizden we «Awaza» emeli derýasyndan öwüsýän sergin şemalyň, ýaşyl seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredýän salkyn howasynyň esasynda mümkin bolýar. Soňky ýyllarda şeýle zolaklaryň çägi ep-esli giňeldildi. Bu çäreler kenarýaka sebitiň ekologik ýagdaýynyň has-da gowulanmagyny hem şertlendirdi.

Günüň dogýan çaglarynda deňziň kenarynda welosipedli gezelenç etmek fiziki işjeňligiň netijesinde saglyga oňyn täsir edýär, bedeni berkidýär we oňa güýç berýär. Welosiped ekologik taýdan arassa ulag hökmünde ykrar edilendir. Gahryman Arkadagymyzyň ilaty welosiped sporty bilen meşgullanmaga höweslendirmek, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistanda möhüm seneler mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler yzygiderli guralýar.

Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etdi. Bu baýram her ýyl giňden bellenilýär. Munuň özi ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi üçin möhüm ähmiýete eýedigini aýdyň görkezýär. Şeýle-de 2022-nji ýylyň martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň teklibi boýunça “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamany kabul edendigini nygtamak gerek. Bularyň ählisi dünýä bileleşigi tarapyndan ýurdumyzyň bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketiniň ösdürilmegine, jemgyýetde ekologik medeniýetiň kämilleşdirilmegine, milli, sebitleýin hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge uly goşandynyň ykrar edilýändiginiň anyk mysallarydyr. Mundan başga-da, 2018-nji hem-de 2019-njy ýyllarda Aşgabatda geçirilen “Iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň”, “Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişiň” Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini bellemek gerek.

Welosport bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmekde we sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Amatly howa şertleri, ýurdumyzda bar bolan degişli infrastruktura welosport boýunça ýaryşlary hem-de türgenleşikleri tutuş ýylyň dowamynda diýen ýaly geçirmäge mümkinçilik berýär. Welosipedli ýörişler dünýäniň köp ýurtlarynda dürli durmuş, sport, ekologik taslamalary goldamak üçin geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň iň meşhur görnüşleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi esasynda ýurdumyzda sportuň bu görnüşi işjeň ösdürilýär, ilat arasynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň tarapdarlaryny artdyrmak üçin tagallalar edilýär.

...Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenjiň dowamynda Hazaryň kenarynda ýerleşýän dünýä derejeli syýahatçylyk zolagynyň gözelliklerini synlady. Ýakymly howa gurşawynyň we ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýän döwrebap şypahana-dynç alyş ulgamynyň bolmagy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň meşhurlygyny has-da artdyrdy.

Bedenterbiýe, sport, işjeň dynç alyş, şol sanda welosipedli gezelençler adamlary uly üstünliklere höweslendirip, täze başlangyçlar üçin güýç-kuwwat berýär. Şeýle gezelençler dynç alşy işjeň fiziki hereket bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Ylmy barlaglaryň tassyklaýşy ýaly, welosiped sürlende bedene kadaly agram salynmagy esasynda adamyň çydamlylygy, işe ukyplylygy ýokarlanýar, beden bogunlary we myşsalar, nerw ulgamy berkeýär. Welosport, welosipedli gezelençler gan basyşynyň kadalaşmagyna, ýürek-damar we beýleki keselleriň töwekgelçiliginiň peselmegine ýardam berýär. Welosiped sürmek bedeniň madda çalşygyny gowulandyrýar, onuň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar, uzak wagtlyk şähdaçyklyk eçilýär. Aýaklaryň yzygiderli hereketleri ganyň damarlarda doňup galmagynyň öňüni alýar. Munuň özi hereketleriň sazlaşygy üçin netijeli türgenleşik bolup, ünsüňi bir ýere jemlemäge mümkinçilik berýär.

Lukman hökmünde sagdyn durmuş ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berýän Milli Liderimiz şeýle gezelençleriň ägirt uly peýdasynyň bardygyny şahsy göreldesi bilen subut etdi. Şunlukda, ýurdumyzda welosipedli ýörişleriň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan welosipedli ýörişleriň geçirilmegi häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda has giň gerime eýe bolýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsini, Hazar deňziniň biodürlüligini gorap saklamak, öwrenmek üçin giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu ugurda öňde durýan meseleleri çözmekde welosiped sporty, welosipediň ulag serişdesi hökmünde ulanylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi daşky gurşawa uzak möhletleýin esasda oňyn täsirini ýetirip, ekologik ýörelgeleriň jemgyýetçilik durmuşyna içgin aralaşmagyna ýardam edýär.

14.08.2024

Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň we döredijilikli ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde onuň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşmagyny dowam etdirip gelýär. Parahatçylykly ýaşamagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň, deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýän Türkmenistan halkara giňişlikde hemişe netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. 2025-nji ýylda Bitaraplygyň 30 ýyllygyny dabaraly bellemäge, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň geljek ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görüp, Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklaryny dowam etdirer. Döwletiň anyk ädimleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň köpçülige ýetirjek ileri tutýan garaýyşlarynda-da öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna işjeň taýýarlyk görýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini resmi taýdan kabul eden we olary durmuş-ykdysady ösüşiň milli meýilnamalaryna, strategiýalaryna uýgunlaşdyran ýurt hökmünde Türkmenistan jemgyýetçilik durmuşynyň ähli möhüm ugurlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmäge çagyrýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýunynda ýurdumyz öňde boljak 79-njy sessiýanyň wise-başlyklygyna saýlanyldy. Şunda Türkmenistan bitaraplyk, goşulyşmazlyk, öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerine eýermegini dowam etdirer. Sebit derejesinde parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmek, hususan-da, ony BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň çäklerindäki hyzmatdaşlyk arkaly pugtalandyrmak ýakyn geljek üçin bellenilen ileri tutulýan wezipelerdir.

Türkmenistan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça guramaçylyk işlerini dowam etdirer. Bu ugurda ýurdumyz ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri, halkara düzümleri, institutlary we BMG-niň edaralaryny hyzmatdaşlyga çagyrýar. Şunda Bitaraplygyň dostlary toparynyň mümkinçilikleriniň parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna mundan beýläk-de ulanyljakdygyny bellemek wajypdyr.

Halkara resminamalaryň, şol sanda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek baradaky Şertnamanyň 15 ýyllygyna bagyşlanan resminamalaryň işlenip düzülmegi dowam etdiriler. Mundan başga-da, Türkmenistan Goşulyşmazlyk Hereketiniň halkara giňişlikdäki ähmiýetiniň güýçlendirilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmen tarapynyň pikiriçe, Goşulyşmazlyk Hereketiniň işini güýçlendirmek ugrundaky ýörelgeleriň biri bitaraplyk bolmalydyr. Ýurdumyz bu gurama agza ýurtlary Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasy baradaky başlangyjyna ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmegiň, gapma-garşylyklary öňünden duýdurmagyň we bitaraplaşdyrmagyň şertleriniň biri hökmünde bitaraplyk ýörelgesini goldamak baradaky düzgüni goşmak boýunça utgaşdyrylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga girişmäge çagyrýar.

Bitaraplygy we parahatçylyk başlangyçlaryny üpjün etmekde baý tejribä eýe bolan Türkmenistan BMG-niň ählumumy araçylarynyň ýöriteleşdirilen taýýarlyk we iş maksatnamasyny döretmegi teklip edýär. Bu häzirki döwrüň halkara ýagdaýlarynda hünär taýýarlykly araçylaryň işlerine ýüze çykýan zerurlyk bilen şertlendirilendir.

Terrorçylyga garşy göreş hem ileri tutulýan ugur bolmagynda galýar. Ýurdumyz bu ugurda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirer.

Türkmenistan durmuş-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň üstünde işlemegi dowam etdirýän Türkmenistan garyplygy ýok etmäge, ösüp barýan ýurtlary goldamak üçin halkara maliýe arhitekturasyny kämilleşdirmäge, ählumumy energiýa, ulag baglanyşygyny berkitmäge, bütindünýä aragatnaşyk-tehniki serişdeleriniň, emeli aň ulgamlarynyň deňagramly ösüşine gönükdirilen anyk ädimleri amal etmegi maksat edinýär. Bu ugurda Türkmenistan Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany işläp düzmäge, şeýle hem BMG-niň Ykdysady we Durmuş meseleleri boýunça departamentiniň, sebitleýin ykdysady komissiýalarynyň bäşisi bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň 2026 — 2035-nji ýyllar döwründe «Durnukly ulagyň onýyllygyny» durmuşa geçirmek üçin Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasynyň işlenip düzülmegini hödürlemäge taýýarlyk görýär. Mundan başga-da, ýurdumyz Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanan halkara çäräni we BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamasyna laýyklykda, Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygyny geçirmegi teklip edýär. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek başlangyçlary hem bar.

Howa meselesi-de Türkmenistan üçin üns merkezinde bolmagynda galýar. Merkezi Aziýada daşky gurşaw meselelerine strategik taýdan çemeleşmekde möhüm ädim hökmünde ýurdumyz ýöriteleşdirilen düzümi — BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek babatdaky işini dowam etdirer. Merkeziň işi howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga, gowşak ekoulgamlary dikeltmäge, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga we beýlekilere gönükdiriler.

BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komitetiniň 2023-nji ýylyň 19-njy maýyndaky «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny (UNSPAS) döretmek ugrunda taslama resminamalaryny taýýarlamak boýunça guramanyň degişli edaralary bilen geňeşmeleri dowam etdirer. Hazar deňziniň gaýtalanmajak tebigy baýlyklaryny gorap saklamak hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu meselede halkara tagallalara anyk mazmun bermek üçin Türkmenistan 2025-nji ýylda ikinji Hazar daşky gurşaw forumyny guramagy teklip edýär.

Baş Assambleýanyň öňde boljak sessiýasynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda ynsanperwer ulgam hem bar. Türkmenistan BMG-niň edaralary bolan BMG-niň Parahatçylygy gurmak boýunça komissiýasynyň, «BMG — Zenanlar» düzüminiň we beýleki halkara, sebit guramalarynyň gatnaşmagynda «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça zenanlar dialogynyň yzygiderli esasdaky geňeşmeleriniň mehanizmini döretmek meselesine seretmegi möhüm hasaplaýar. Şeýle mehanizmiň işi Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň maksatlaryna laýyk gelýär. Şeýle-de ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» halkara gün tertibini durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilen Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogynyň işini goldamagy dowam etdirmegi maksat edinýär.

Türkmenistan raýatsyzlygy azaltmak we onuň öňüni almak boýunça halkara tagallalaryň birleşdirilmegini goldap, bu mesele boýunça sebit maslahatyny geçirmegi göz öňünde tutýar.

«Sport parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna» atly ählumumy gün tertibini öňe sürmekde esasy gatnaşyjylaryň biri hökmünde ýurdumyz sport diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunda 2024-nji ýylyň aprelinde Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş hepdeliginiň çäginde geçirilen BMG-niň ilkinji Diplomatik dostluk oýunlarynyň tejribesine esaslanyp, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda şeýle oýunlary her ýylda geçirmegiň tejribesini berkitmäge gönükdirilen Kararnamanyň taslamasyny Baş Assambleýanyň garamagyna hödürlemäge taýýarlyk görýär. Resminamanyň esasy maksady halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy, döwletara dialogy we ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin gural hökmünde sportuň mümkinçiliklerini amala aşyrmakdan ybaratdyr.

Medeniýetara dialogy güýçlendirmek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köpdilliligi goldamak hakynda Kararnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Bütindünýä türki dilleriň güni» atly Kararnamasynyň taslamasyny ilerletmegi dowam etdirmegi teklip edýär.

Hemmetaraplaýyn kanunylyga we ygtyýarlyga eýe bolan ýeke-täk halkara gurama hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny tutup bolmajak düzümdigine berk ygrarlydygyny tassyklamak bilen, Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek we berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin, milli derejede, şeýle-de halkara giňişlikde netijeli işleri alyp barmagy maksat edinýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.

14.08.2024

Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna bardy

Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün irden Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda ýerleşýän, tebigatyň täsin “merjeni” hasaplanýan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna ugrady.

Ir säher bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine ugrady. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Ol ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

13.08.2024
1 ... 43 44 45 46 47 ... 76