Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tarman Şanmugaratnama Singapur Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz şu mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Tarman Şanmugaratnama tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, Singapur Respublikasynyň öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

15.09.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki ÇYKYŞY

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Hormatly wekiliýet agzalary!

Ozaly bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Şaripowiç Rahmona Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine gelmäge çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Myhmansöýer Täjigistanda geçirilýän şu gezekki duşuşyk biziň gatnaşyklarymyzyň hem-de sebit meselelerini bilelikde, raýdaşlyk ýagdaýynda çözmäge özara gyzyklanmanyň ýokary derejesiniň aýdyň subutnamasydyr. Şu günki waka Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjylar hökmünde biziň ýurtlarymyz üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi şu ýyl biz bu gaznanyň döredilmeginiň 30 ýyllygyny belleýäris. Hemmeleri bu şanly sene bilen gutlamaga rugsat ediň hem-de geçen ýyllaryň dowamynda hut AHHG-nyň Aral deňziniň guramagy zerarly emele gelen ekologik, durmuş-ykdysady meseleleri çözmek maksady bilen, dialog we hyzmatdaşlyk üçin möhüm sebit meýdançasyna öwrülendigini bellemek isleýärin.

Şu gün Täjigistan Respublikasynyň bu gazna üstünlikli başlyklyk edýändigini aýratyn bellemek gerek. Biziň kärdeşlerimiz tarapyndan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işine goldaw bermek hem-de onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmak boýunça uly işler bitirildi.

Gazna geljekde başlyklyk etjek Gazagystan Respublikasyna üstünlikleri arzuw edýärin. Şol döwürde gazagystanly kärdeşlerimiziň öňde goýlan wezipeleri çözmek, biziň tagallalarymyzy birleşdirmek, oňyn başlangyçlaryny goldamak we ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynanýaryn.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara forumlarda Aral meselesiniň biziň sebitimiziň çäklerinden çykandygyny we hakykatdan-da, ählumumy tagallalary talap edýän dünýä derejeli meselä öwrülendigini hemişe nygtaýar. Biziň ýurdumyz öz başlangyçlaryny milli derejede, şeýle hem dünýä giňişliginde geçirýän anyk işleri bilen berkidýär.

Baryp 2012-nji ýylda Türkmenistanda howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýa tassyklanyldy, onda Aral deňziniň meseleleri, hususan-da, Aralyň guramagy zerarly daşky gurşawa ýetýän oňaýsyz täsiri peseltmek, çölleşmä we ýeriň ýaramazlaşmagyna garşy göreşmek, Aral sebitinde arassaçylyk-epidemiologik ýagdaýy gowulandyrmak, durmuş we ynsanperwer häsiýetli birnäçe meseleleri çözmek boýunça geçirilýän çäreler öz beýanyny tapdy. 2019-njy ýylda, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hasaba almak bilen, bu strategiýany döwrebaplaşdyrdyk, şondan soňra bolsa Aral boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin Milli maksatnamany kabul etdik. Onda ykdysady, durmuş, ekologiýa, suw ulgamlarynda 86 taslamany durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şol bir wagtyň özünde, halkara giňişlikde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji we 2019-njy ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalary kabul edildi. Olarda, hususan-da, Aral ekologik çökgünliginiň ýetiren zyýanlarynyň azaldylmagyna hem-de aradan aýrylmagyna gönükdirilen köptaraplaýyn tagallalaryň möhümdigi, BMG-niň ulgamynyň we bu gaznanyň arasynda dialogy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hem-de olaryň tagallalarynyň özara utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti nygtalýar. Ýokarda agzalan anyk çäreler baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, 2023-nji ýylyň 19-njy maýynda BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy esasynda BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek bilen baglanyşykly Kararnamany kabul edendigini bellemek isleýärin.

Türkmenistan geljekde-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň sebit hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine hem-de daşky gurşawy goramaga, Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn gurallarynyň döredilmegine gönükdirilen anyk başlangyçlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş eder. Şunuň bilen baglylykda, biz gaznanyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de geljekki işleriň maksatlarynydyr wezipelerini kesgitlemek boýunça çäreleri işjeňleşdirmegi teklip edýäris. Bu işleri Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň ählisiniň bähbitlerini hasaba almak bilen, halkara hukugyň binýat goýujy ýörelgeleri we kadalary esasynda alyp barmagy zerur hasaplaýarys.

Aral meselesine gönüden-göni dahylly meseleleriň toplumynyň umumysebit ekologik gün tertibiniň möhüm bölegi hökmünde çözülmeginiň halkara hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny, oňyn başlangyçlaryň mundan beýläk-de ilerledilmegini, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň bu işlere işjeň çekilmegini talap edýändigine ynanýarys. Şunda bu gaznanyň halkara maliýe edaralary hem-de hemaýatkärler bilen Aral deňziniň sebitinde häzirki emele gelen meseleleriň giň toplumyny çözmek bilen baglanyşykly taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyny has okgunly ösdürmek üçin mümkinçilikleri döretmegimiz zerurdyr.

Aral meselesiniň, tutuş Merkezi Aziýanyň ekologiýa babatda ileri tutýan ugurlarynyň halkara derejede degişli orun eýelemelidigine ynanýaryn. Şunda biziň tagallalarymyz maksada okgunly hem-de millionlarça raýatymyzyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegine, geljek onýyllyklarda öňde durýan ykdysady-durmuş wezipeleriniň çözülmegine gönükdirilmelidir. Türkmenistan sebitiň ekologik meselelerine strategik çemeleşmäni kemala getirmekde möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmegi teklip edýär. Ol BMG bilen hyzmatdaşlykda sebitde ekologik gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça anyk we yzygiderli işleri geçirip bilerdi. Mundan başga-da, biziň ýurtlarymyza Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň goralmagyna hem-de rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen halkara resminamalary işläp taýýarlamak we kabul etmek çärelerini çaltlandyrmak meselesi möhüm bolup durýar. Bu ugurda bilelikdäki diplomatik tagallalarymyzy işjeňleşdirmegi teklip edýäris.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi bilen bilelikde sebitde suw diplomatiýasynyň ilerledilmegine aýratyn uly üns berýär. Şu maksat bilen, biziň ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň dowamynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi. Şunda biz bu resminamada suw meseleleri boýunça döwletlerimiziň özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk hem-de sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitleriniň hasaba alynmagyna esaslanýan syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgelerini we düzgünlerini berkitmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Merkezi Aziýa Suw strategiýasy geljekde BMG-niň Ählumumy suw strategiýasyny işläp taýýarlamak üçin esas bolup bilerdi.

Şeýle hem biz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça döwletara toparyň çäklerinde kabul edilen Merkezi Aziýanyň daşky gurşawyny goramak boýunça Hereketleriň sebit meýilnamasyny we onuň esasy kadalaryny ekologik meseläniň düzüm bölegi hökmünde Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň täze maksatnamasyna girizmek maksady bilen, ony döwrebaplaşdyrmak baradaky meselä garamagy teklip edýäris.

Beýan edilen teklipler bir bitewi maksada — biziň sebitimiziň ýurtlarynyň bähbitleriniň, bu ýurtlarda ýaşaýan halklaryň abadançylygynyň, olaryň saglygynyň, ösüşiniň, rowaçlygynyň üpjün edilmegine esaslanýan sazlaşykly, durnukly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ulgamyny döretmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň öňe süren tekliplerine düşüniljekdigine hem-de goldanyljakdygyna umyt edýäris.

Sözümiň ahyrynda hormatly Emomali Şaripowiçe Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini ýokary derejede guramaga we üstünlikli geçirmäge goşan uly şahsy goşandy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

Şu günki duşuşygyň biziň umumy bähbitlerimiziň ilerledilmegine oňyn depgin berjekdigine ynanýaryn. Türkmenistan munuň üçin ähli zerur işleri durmuşa geçirmäge taýýardyr.

15.09.2023

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY, GAHRYMAN ARKADAGYMYZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Milli Liderimiz!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk toýuna uly ösüşler bilen barýan eziz Diýarymyzyň halkara derejede abraý-mertebesiniň barha arşa galýandygynyň ýene bir subutnamasy bolan hoş habar — Siziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagyňyz mynasybetli Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlamaga rugsat ediň! Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkara abraýynyň barha belende galmagy, halkymyzyň röwşen geljegi ugrunda alyp barýan döwletli işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Gahryman Arkadagymyz!

Size bu abraýly sylagyň gowşurylmagy Siziň halkara giňişlikde, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebitiň ýurtlarynyň bilelikdäki bähbitleriniň we başlangyçlarynyň halkara jemgyýetçilikde goldanylmagyna, durnukly ösüşi üpjün etmäge goşan örän uly şahsy goşandyňyzyň ykrar edilmesidir. Siziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä esaslanýan ynsanperwer ýörelgäňiz esasynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-durmuş ugurlarynda uly üstünlikleri gazanýan Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi, parahatçylygy üpjün etmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda tutýan möhüm ornunyň we oňyn başlangyçlarynyň dabaralanmasydyr.

Hormatly Arkadagymyz!

Siz Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň dünýä ýurtlary we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlediňiz. Siz dünýä döwletleriniň we halklarynyň arasynda hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, ählumumy parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmekde umumadamzat bähbitlerini maksat edinýän başlangyçlar bilen çykyş edýärsiňiz. Siziň öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze filosofiýaňyz parahatçylygy, ynanyşmagy üpjün etmekde iň ygtybarly ýörelge hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Siziň taýsyz tagallalaryňyzyň netijesinde, Türkmenistan dünýäde şu gününe we ertirine uly ynam bilen garalýan, ykdysady taýdan kuwwatly, döwletara gatnaşyklarda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ýörelgelerini dabaralandyrýan ýurt hökmünde tanalýar.

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkara gatnaşyklarda özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan ýurdumyz häzirki döwürde öz ösüşinde täze derejelere çykýar. Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli, hoşniýetli diplomatik gatnaşyklary ileri tutýan syýasaty durmuşa geçirýär. Bu syýasy ugur öz gözbaşyny türkmen halkynyň şöhratly taryhyndan, milli däp-dessurlaryndan alyp gaýdýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy plenar mejlisiniň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem ýurdumyzyň sebitde parahatçylygy üpjün etmekde, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde durmuşa geçirýän ynsanperwer işleriniň ykrar edilmesidir.

Gahryman Arkadagymyz!

Siz Türkmenistan bilen dünýä ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk, parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýärsiňiz. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň özara baglanyşykly baý medeni-taryhy mirasyny, mukaddes däp-dessurlaryny, ruhy gymmatlyklaryny öwrenmekde we wagyz etmekde bilelikdäki tagallalaryň wajypdygyny nygtaýarsyňyz. Sebitiň ýurtlarynyň arasynda medeni-ynsanperwer ulgam boýunça hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek boýunça möhüm ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýärsiňiz. Siziň bu başlangyçlaryňyz dünýä ýurtlarynyň arasynda, aýratyn-da, sebitde ata-babalarymyzdan miras galan hoşniýetli goňşuçylyk däplerini dabaralandyrmakda, parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Eziz Diýarymyzyň merjen paýtagty Aşgabat şäherinde taryhda ilkinji gezek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi hem ýurdumyzyň halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolandygyna şaýatlyk edýär.

 

 

Hormatly türkmen halkynyň Milli Lideri!

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagyňyz mynasybetli Sizi hem-de hormatly Prezidentimizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys. Size we Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli döwletli işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmenistanyň Mejlisiniň

deputatlarynyň adyndan

D.GULMANOWA.

15.09.2023

Hormatly Prezidentimiz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşdy

Şu gün Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Ol köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berer, sebitiň durnukly ösüşi, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagy üçin zerur şertleri döretmäge ýardam eder.

Goňşy döwletler bilen netijeli we dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň deňhukukly, özara ynanyşmak dialogynyň giňeldilmegine gönükdirilen daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Sebitiň ýurtlarynyň Merkezi Aziýanyň möhüm meselelerini çözmegiň has netijeli ýollaryny gözlemekde tagallalaryň birleşdirilmegine umumy gyzyklanmalary döwletleriň özara düşünişmek, hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerýändikleriniň subutnamasydyr. Aral meselesiniň çözgüdi öňde durýan wezipeleriň iň möhümleriniň biridir.

Hut şu maksat bilen, 1993-nji ýylyň ýanwarynda Araly halas etmegiň halkara gaznasy döredildi. Şondan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda ol Aral heläkçiliginiň ýetiren ekologik, durmuş-ykdysady hem-de ynsanperwer meselelerini çözmek boýunça oňyn döwletara hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly meýdança öwrüldi. Şol döwrüň içinde iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek hem-de ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirildi. Sebäbi bu mesele toplumlaýyn çemeleşmeleri talap edýär. 2008-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna synçy derejesini bermek barada Kararnamany kabul etmegi Aralyň dünýä derejeli häsiýete eýedigini hem-de ony tizden-tiz ýeňip geçmek üçin halkara tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny tassyklan taryhy ähmiýetli waka boldy.

Gaznanyň ähli agzalary ýaly, Türkmenistan hem diňe bir giň gerimli milli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen çäklenmän, Aral sebitinde durmuş-ykdysady, ekologiýa ýagdaýy gowulandyrmak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine-de işjeň ýardam berýär. Munuň özi diňe sebit derejesinde däl-de, ählumumy derejede-de uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistan öz toplan baý tejribesini hem-de döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmegi ugur edinip, hemişe Merkezi Aziýada ýüze çykýan suw we ekologik meselelere halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini hasaba almak bilen, halkara guramalaryň işjeň gatnaşmagynda garalmagy ugrunda çykyş edýär. Diňe sebit tagallalarynyň birleşdirilmegi bu meseläni çözmekde netijeli döwletara hyzmatdaşlyk üçin ýeke-täk kabul ederlikli şert bolup durýar. Türkmen tarapynyň öňe sürýän anyk başlangyçlary, şol sanda suw meseleleri boýunça köptaraplaýyn diplomatik geňeşmeleriň täze görnüşi hökmünde suw diplomatiýasyny ilerletmek babatda beýan eden teklipleri Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylyň iýun aýynda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Durnukly ösüş boýunça maslahatda (Rio+20) Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň ýörite ugruny işläp taýýarlamagy teklip etdi hem-de ony “Aral üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasy” diýip atlandyrdy. Bu maksatnamada Aral deňziniň sebitinde ýagdaýy durnuklylaşdyrmak hem-de gowulandyrmak boýunça anyk meýilnamalar göz öňünde tutulýar. Bu ugurda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän yzygiderli işleri barha dünýä bileleşiginiň uly goldawyna eýe bolýar. 2018-nji we 2019-njy ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamalary biragyzdan kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Emma wagt bir ýerde durmaýar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalary esasynda dünýäde ägirt uly gyzyklanma eýe bolan Aral meselesi häzirki zaman ýagdaýlaryny hasaba almak bilen, onuň çözgüdine täze, has netijeli we ylalaşykly çemeleşmeleriň zerurdygyny görkezýär. Bu bolsa Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çagyrylmagynyň baş maksadydyr. Bu sammit Aralyň ýetiren täsirlerini ýeňip geçmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegine kuwwatly itergi berer.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Duşenbe şäheriniň merkezinde ýerleşýän «Kasri Millat» köşgüne tarap ugrady. Köşgüň eýwanynda hormatly Prezidentimizi Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon mähirli garşylaýar.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda geçýän ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew geldiler, şeýle hem duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birinji orunbasary Adylbek Kasymaliýew synçy hökmünde gatnaşýar.

Däp bolan bilelikde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, belent mertebeli myhmanlar «Dabaralar» zalyna bardylar. Bu ýerde Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon ýokary derejeli duşuşygy açyp, mejlise gatnaşyjylary ýene bir gezek mübärekledi we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisine gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin hoşallyk bildirdi. Bu mejlis gaznanyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýär. Täjigistanyň Prezidenti hemmeleri bu sene bilen gutlap, şu geçen ýyllaryň dowamynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň suw hojalyk we ekologik meseleleri çözmekde, hyzmatdaş döwletleriň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekde möhüm orun eýeländigini kanagatlanma bilen belledi.

Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Şaripowiç Rahmona Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine gelmäge çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, myhmansöýer Täjigistanda geçirilýän şu gezekki duşuşygyň biziň gatnaşyklarymyzyň hem-de sebit meselelerini bilelikde, raýdaşlyk ýagdaýynda çözmäge özara gyzyklanmanyň ýokary derejesiniň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Şu günki waka Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjylar hökmünde biziň ýurtlarymyz üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi şu ýyl biz bu gaznanyň döredilmeginiň 30 ýyllygyny belleýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we hemmeleri bu şanly sene bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda hut Araly halas etmegiň halkara gaznasy Aral deňziniň guramagy zerarly emele gelen ekologik. durmuş-ykdysady meseleleri çözmek maksady bilen, dialog we hyzmatdaşlyk üçin möhüm sebit meýdançasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň bu gazna üstünlikli başlyklyk edýändigini, täjik kärdeşleri tarapyndan AHHG-nyň işine goldaw bermek hem-de onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmak boýunça uly işleriň bitirilendigini aýratyn belläp, gazna geljekde başlyklyk etjek Gazagystan Respublikasyna üstünlikleri arzuw etdi.

Şol döwürde gazagystanly kärdeşlerimiziň öňde goýlan wezipeleri çözmek, biziň tagallalarymyzy birleşdirmek, oňyn başlangyçlaryny goldamak we ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň halkara forumlarda Aral meselesiniň biziň sebitimiziň çäklerinden çykandygyny we hakykatdan-da, ählumumy tagallalary talap edýän dünýä derejeli meselä öwrülendigini hemişe nygtaýandygyny belledi. Biziň ýurdumyz öz başlangyçlaryny milli derejede, şeýle hem dünýä giňişliginde geçirýän anyk işleri bilen berkidýär.

Baryp 2012-nji ýylda Türkmenistanda howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýa tassyklanyldy. Onda Aral deňziniň meseleleri, hususan-da, Aralyň guramagy zerarly daşky gurşawa ýetýän oňaýsyz täsiri peseltmek, çölleşmä we ýeriň ýaramazlaşmagyna garşy göreşmek, Aral sebitinde arassaçylyk-epidemiologik ýagdaýy gowulandyrmak, durmuş, ynsanperwer häsiýetli birnäçe meseleleri çözmek boýunça geçirilýän çäreler öz beýanyny tapdy. 2019-njy ýylda biz, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hasaba almak bilen, bu strategiýany döwrebaplaşdyrdyk, şondan soňra bolsa Aral boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin Milli maksatnamany kabul etdik. Onda ykdysady, durmuş, ekologiýa, suw ulgamlarynda 86 taslamany durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şol bir wagtyň özünde, halkara giňişlikde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji we 2019-njy ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalary kabul edildi. Olarda, hususan-da, Aralyň ekologiýa ýetiren zyýanlarynyň azaldylmagyna hem-de aradan aýrylmagyna gönükdirilen köptaraplaýyn tagallalaryň möhümdigi, BMG-niň ulgamynyň we bu gaznanyň arasynda dialogy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, olaryň tagallalarynyň özara utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti nygtalýar. 2023-nji ýylyň 19-njy maýynda BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy esasynda BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek bilen baglanyşykly Kararnamany kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan geljekde-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň sebit hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine hem-de daşky gurşawy goramak we Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn gurallarynyň döredilmegine gönükdirilen anyk başlangyçlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş eder.

Şunuň bilen baglylykda, biz gaznanyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de geljekki işleriň maksatlarynydyr wezipelerini kesgitlemek boýunça çäreleri işjeňleşdirmegi teklip edýäris. Bu işleri Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň ählisiniň bähbitlerini hasaba almak bilen, halkara hukugyň binýat goýujy ýörelgeleri we kadalary esasynda alyp barmagy zerur hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Aral meselesine gönüden-göni dahylly meseleleriň toplumynyň umumysebit ekologik gün tertibiniň möhüm bölegi hökmünde çözülmeginiň halkara hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny, oňyn başlangyçlaryň mundan beýläk-de ilerledilmegini, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň bu işlere işjeň çekilmegini talap edýändigine ynam bildirildi.

Şunda bu gaznanyň halkara maliýe edaralary hem-de hemaýatkärler bilen Aral deňziniň sebitinde häzirki emele gelen meseleleriň giň toplumyny çözmek bilen baglanyşykly taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyny has okgunly ösdürmek üçin mümkinçilikleri döretmegimiz zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we Aral meselesiniň, tutuş Merkezi Aziýanyň ekologiýa babatda ileri tutýan ugurlarynyň halkara derejede degişli orun eýelemelidigini belledi. Şunda biziň tagallalarymyz maksada okgunly hem-de millionlarça raýatlarymyzyň hukuklarynyň, kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegine, geljekki onýyllyklarda öňde durýan ykdysady-durmuş wezipeleriniň çözülmegine gönükdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitiň ekologik meselelerine strategik çemeleşmäni kemala getirmekde möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmegi teklip edýär. Ol BMG bilen hyzmatdaşlykda sebitde ekologik gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça anyk we yzygiderli işleri geçirip bilerdi. Mundan başga-da, biziň ýurtlarymyza Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň goralmagyna hem-de rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen halkara resminamalary işläp taýýarlamak we kabul etmek çärelerini çaltlandyrmak meselesi möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de bu ugurda bilelikdäki diplomatik tagallalary işjeňleşdirmegi teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi bilen bilelikde sebitde suw diplomatiýasynyň ilerledilmegine aýratyn uly üns berýändigini belledi. Mälim bolşy ýaly, şu maksatlar bilen, biziň ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň dowamynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi. Bu resminamada suw meseleleri boýunça biziň döwletlerimiziň özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitleriniň hasaba alynmagyna esaslanýan syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleriniň we düzgünleriniň berkidilmegi maksadalaýyk bolardy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa Suw strategiýasy geljekde BMG-niň Ählumumy suw strategiýasyny işläp taýýarlamak üçin esas bolup bilerdi.

Şeýle hem biz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça döwletara toparyň çäklerinde kabul edilen Merkezi Aziýanyň daşky gurşawyny goramak boýunça Hereketleriň sebit meýilnamasyny we onuň esasy kadalaryny ekologik meseläniň düzüm bölegi hökmünde Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň täze maksatnamasyna girizmek maksady bilen, ony döwrebaplaşdyrmak baradaky meselä garamagy teklip edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Beýan edilen başlangyçlar bir bitewi maksada — biziň sebitimiziň ýurtlarynyň bähbitleriniň, bu ýurtlarda ýaşaýan halklaryň abadançylygynyň, olaryň saglygynyň, ösüşiniň, rowaçlygynyň üpjün edilmegine esaslanýan sazlaşykly, durnukly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ulgamyny döretmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we Türkmenistanyň öňe süren tekliplerine düşüniljekdigine hem-de goldanyljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmona Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini ýokary derejede guramaga hem-de üstünlikli geçirmäge goşan uly şahsy goşandy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu günki duşuşygyň biziň umumy bähbitlerimiziň ilerledilmegine oňyn depgin berjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň munuň üçin ähli zerur işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny belledi.

Mejlisiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar soňky ýyllarda ýerine ýetirilen bilelikdäki işiň netijelerini jemlediler, bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň halkara düzümleri, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň täze, anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Sammite gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, suw serişdeleri Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşinde esasy orun eýeleýär, serhetüsti suw hyzmatdaşlygy bolsa Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli we sebit strategiýalarynda suw meselelerine ileri tutulýan orun bermäge, bu wajyp ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga umumy taýýarlyk beýan edildi. Şeýle-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň guramaçylyk düzümini we şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, onuň kuwwatyny pugtalandyrmak, halkara abraýyny ýokarlandyrmak meselelerine üns berildi.

Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň kabul eden Duşenbe Beýannamasynda Aral deňziniň meselelerini çözmek boýunça ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri öz beýanyny tapdy. Şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Täjigistan Respublikasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklygynyň netijeleri hakynda Çözgüdine, AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň guramaçylyk gurluşyny we şertnama-hukuk binýadyny gowulandyrmak boýunça işleri hakynda Çözgüdine, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň AHHG-nyň Prezidentiniň saýlanylmagy hakynda Çözgüdine gol çekildi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon şu günki netijeli pikir alyşmanyň geljekde sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin esas boljakdygyna ynam bildirip, duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikleri arzuw etdi.

Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar, şeýle hem Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda garşylady.

Diplomat hormatly Prezidentimizi Duşenbe şäherindäki iri halkara çäreleriň çäklerinde bolan gepleşikleriň netijeli geçmegi bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekiline hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, geçirilen köptaraplaýyn duşuşyklaryň netijelerine kanagatlanma bildirdi.

15.09.2023

Hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde iş saparynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanlary dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde özara gatnaşyklary giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherine iş saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.

Döwlet Baştutanymyzyň Duşenbe şäherine şu gezekki iş sapary ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, umumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksadynda tagallalary birleşdirmäge mundan beýläk-de ýardam bermäge meýillidigini tassyklaýar.

14.09.2023

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyçlaryny beýan etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda dünýä bileleşiginiň garamagyna birnäçe başlangyçlary, şol sanda Merkezi Aziýany ösdürmek bilen gönüden-göni bagly başlangyçlary teklip etmegi göz öňünde tutýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, birinjiden, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça dialog maslahatyny döretmegi teklip eder. Onuň maksady sebitimizde durnukly, gapma-garşylyksyz ösüşi üpjün etmek işinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalarynyň ýakynlaşmagyna we utgaşdyrylmagyna gönükdirilen çemeleşmeleri hem-de çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz bu maslahatyň birinji mejlisini 2024-nji ýylda ýurdumyzyda geçirmäge taýýardygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ikinjiden, BMG-niň degişli edaralary bilen BMG-niň Aral deňzi sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň (UN SPAS) oňaýly formatyny we düzümini kesgitlemek boýunça maslahatlaşmalary geçirmek teklip ediler.

« Üçünjiden, ýöriteleşdirilen düzümi – Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmegi teklip edýäris. Bu merkezi Aşgabatda ýerleşdirmek üçin ähli zerur bolan düzümi hödürlemäge taýýardyrys» – diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

14.09.2023

Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogyna gatnaşýan türkmen wekiliýetiniň agzalary Täjigistanyň Milli muzeýine baryp gördüler

Ozal habar berşimiz ýaly, Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň gepleşikleriniň sebitleýin duşuşygy geçirilýär. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.

«Howar» täjik neşiriniň habar bermegine görä, şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň gepleşikleriniň sebitleýin duşuşygyna gatnaşyjylar, şol sanda türkmen wekiliýetiniň agzalary hem Täjigistanyň Milli muzeýinde halk senetleriniň sergisi bilen tanyşdylar. Muzeýde bolmagyň çäginde sebitiň ýokary wezipeli zenanlarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler Täjigistanyň baý taryhy, täjik halkynyň maddy we medeni mirasy, olaryň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy, ýurduň ajaýyp tebigaty bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Myhmanlar sergi bilen tanyşlykdan soňra Täjigistanyň Milli muzeýiniň «Hormatly myhmanlar» kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdylar.

14.09.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy

Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly wekiliýetleriň agzalary! 

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Şarifowiç Rahmona myhmansöýerlik we bilelikde netijeli işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etmäge rugsat ediň.

Şeýle hem hormatly Ilham Geýdarowiçi Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň hormatly myhmany hökmünde mübäreklemäge rugsat beriň.

Türkmenistan halklarymyzyň bähbitlerine dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny saklamagyň we netijeli sebit hyzmatdaşlygynyň kepili boljak döwletara guraly hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň formatyna örän möhüm ähmiýet berýär.

Şu günki duşuşygyň barşynda biz syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak hem-de sebit howpsuzlygynyň wehimlerine we howplaryna garşy bilelikde durmak maksady bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmalydyrys.

Gürrüňsiz, biz öz öňümizde anyk maksatlary goýmak bilen, olara ýetmegiň esasy şertiniň sebitimizde özara hormat goýmaga, bähbitleri nazara almaga, halkara hukugynyň ykrar edilen kadalaryna we Birleşen Milletler Guramasynyň tertipnamasyna eýermäge esaslanýan berk we uzakmöhletli parahatçylykdan, howpsuzlykdan we durnuklylykdan ybaratdygyndan ugur alýarys.

Şu babatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 28-nji iýulyndaky Kararnamasynyň aýratyn ähmiýetini bellemek isleýärin. Bu Kararnama Merkezi Aziýany parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde yglan edýär.

Biz bu resminamanyň kabul edilmegine sebitimizde özara düşünişmek ýagdaýyny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, Merkezi Aziýanyň ykdysady, ekologik, ynsanperwer wezipelerini çözmek we Durnukly ösüşiň maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin berk parahatçylygyň we howpsuzlygyň giňişligine öwürmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýarys.

Türkmenistan Baş Assambleýanyň öňümizdäki 78-nji sessiýasynyň barşynda hem bu ugurdaky işleri işjeň dowam eder. Biz dünýä bileleşiginiň garamagyna birnäçe başlangyçlary, şol sanda sebitimizi ösdürmek bilen gönüden-göni bagly başlangyçlary teklip etmegi göz öňünde tutýarys.

Hususan-da, birinjiden, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça dialog maslahatyny döretmegi teklip edýäris. Onuň maksady sebitimizde durnukly, gapma-garşylyksyz ösüşi üpjün etmek işinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalarynyň ýakynlaşmagyna we utgaşdyrylmagyna gönükdirilen çemeleşmeleri hem-de çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şeýle Dialogyň birinji mejlisini 2024-nji ýylda özümizde geçirmäge taýýardyrys.

Ikinjiden, BMG-niň degişli edaralary bilen BMG-niň Aral deňzi sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň oňaýly formatyny we düzümini kesgitlemek boýunça maslahatlaşmalary geçirip başlamagy teklip edýäris.

Üçünjiden, ýöriteleşdirilen düzümi – Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmegi teklip edýäris. Merkezi Aşgabatda ýerleşdirmek üçin ähli zerur bolan düzümi hödürlemäge taýýardyrys.

Hormatly döwlet Baştutanlary! 

Ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak örän möhüm wezipe bolup durýar.

Bu babatda örän anyklyk we täsirli çäreler zerur bolup durýar diýip hasaplaýaryn. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmek meselesine garamagy teklip edýäris. Onuň işiniň many-mazmuny we maksady söwdany ösdürmekde bilelikdäki ädimlerimizi utgaşdyrmakdan; Merkezi Aziýa bazarynyň geljekki ykdysady subýektleriniň ählisiniň täjirçilik bähbitlerini üpjün etmekden; iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr.

Merkezi Aziýada döwletleriň bähbitleriniň we maksatlarynyň ygtybarly üpjün edilmegi we durmuşa geçirilmegi zerur bolup durýan ýene-de bir ulgam innowasiýalar we täze tehnologiýalar bilen baglanyşyklydyr. Biz bu ulgamda yzagalaklyga ýol berip bilmeris.

Biziň ýurtlarymyzda innowasion ösüşiň uly kuwwaty, oňat ylmy mekdepler we tehnologik tejribeler bar. Bu artykmaçlyklary birleşdirmek, tejribe, bilimleri alyşmagy ýola goýmak, bilelikde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak, innowasion bilimleri ösdürmek üçin has oňaýly şertleri üpjün etmek, ýaşlaryň döredijilik başlangyjyny höweslendirmek zerur bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň ykdysadyýetlerine aýdyň innowasion häsiýet bermek hem-de sanly ulgamy ösdürmek örän möhüm wezipe bolup durýar diýip hasaplaýaryn. Bu işleri bilelikde ýerine ýetirmek zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmek teklip edilýär. Şol geňeş bu ugurdaky bilelikdäki tagallalary utgaşdyrar.

Şeýle geňeş biziň döwletlerimiziň täze tehnologiýalar boýunça birleşen strategiýasyny döretmek boýunça esasy merkeziň wezipelerini öz üstüne alyp bilerdi, degişli maslahatlar bilen çykyş edip, anyk teklipleri taýýarlap bilerdi.

Energetika Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň beýleki bir esasy ugry bolup durýar.

Häzirki wagtda sebitiň içindäki islegleri kanagatlandyrmaga, şeýle hem halkara üstaşyr geçelgeler arkaly dünýä bazarlaryna çykmaga gönükdirilen durnukly energetika hyzmatdaşlyk üçin syýasy-hukuk we ykdysady şertleri döretmek prosesiniň bolup geçýändigi äşgärdir.

Türkmenistan özüniň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Merkezi Aziýa ýurtlaryna we olaryň çäginiň üsti bilen daşarky bazarlara özara bähbitli şertlerde ibermäge taýýardyr. Bu teklibe biziň döwletlerimiziň arasynda uzakmöhletli gatnaşyklary ýola goýmak nukdaýnazaryndan garamak mümkin diýip hasaplaýarys.

Şunuň bilen baglylykda, bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşini – Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek maksadalaýyk hasaplanylýar.

Ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.

Biziň umumy tagallalarymyz bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda, şeýle hem Ýewraziýa kontinentiniň beýleki sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleriň döredilýändigini bellemek gerek.

Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmek mümkinçiligine garamak teklip edilýär. Onuň esasy wezipesi sebitde ulag merkezlerini döretmek, täze üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek we häzir bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, biziň döwletlerimiziň çäginden geçýän halkara ulag ýollarynyň ugrunda gümrük, migrasiýa we beýleki işleri kadalaşdyrmak we sazlaşdyrmak meselelerine garamak bilen bagly bolup bilerdi.

Ýokarda agzalan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berjekdigine, giň sebitiçi we halkara derejesinde ýakynlaşmak üçin Merkezi Aziýada şertleri kemala getirmek üçin oňaýly mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýaryn.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Medeni-ynsanperwer meselelerinde netijeli gatnaşyklar sebitiň sazlaşykly ösmeginiň we onuň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň girewi bolup durýar.

Bu gün biz döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň bilelikdäki duşuşyklaryny, ylmy maslahatlary, sergileri we beýleki çäreleri üstünlikli geçirmegiň okgunly ösüşi we oňyn tejribesi barada kanagatlanma bilen aýdyp bileris.

Bu ugurda mundan beýläk-de öňe gitmek, gatnaşyklaryň täze usullaryny we görnüşlerini gözlemek gerek.

Hut şu maksatlar bilen, bäşinji Sammitiň çäklerinde zenanlar, ýaşlar, medeni we ylym-bilim forumlary geçirilýär.

Olaryň netijeleriniň döwletlerimiziň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň kuwwatyny artdyrmak üçin ygtybarly esasa öwrüljekdigine ynanýaryn.

Hormatly döwlet Baştutanlary! 

Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar! 

Şu gün gyzyklanma bildirilýän, netijeli we düýpli pikir alyşmalar geçirilýär, peýdaly hem-de çuň manyly teklipler we başlangyçlar öňe sürülýär. Munuň özi biziň döwletlerimiziň bilelikde guwandyryjy netijeleri gazanmak babatdaky syýasy erk-islegini, meýillerini we aýgytlylygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Bu bolsa, biziň halklarymyzyň jana-jan bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklamak isleýärin.

Döwlet Baştutanlaryna we wekiliýetleriň agzalaryna netijeli işleri üçin minnetdarlyk bildirýärin.

14.09.2023

Gahryman Arkadagymyz «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormatly nyşany» bilen sylaglanandygy

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça Täjigistanda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormatly nyşany» bilen sylaglanandygy.

Sylagy gowşurmak dabarasy “Kasri Millat” köşgünde geçirildi. Bu ýerde dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen, Prezident Emomali Rahmon Gahryman Arkadagymyza dabaraly ýagdaýda Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň Hormat nyşanyny gowşurdy. 

Dostlukly ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna ýüzlenip, Gahryman Arkadagymyz Täjigistanyň paýtagtynda geçirilýän halkara çäreleriniň çäklerinde ýokary sylag – «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormatly nyşany» bilen sylaglanandygy üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu sylaga türkmen halkyna goýulýan uly hormatyň nyşanydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge Türkmenistanyň goşýan goşandynyň ykrar edilmegi hökmünde baha berýändigini aýtdy we bu hormata ýurdumyzyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen Bitaraplyk syýasatynyň goldanylmagy diýip düşünýändigine ünsi çekdi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Duşenbede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça kabul edilen çözgütleriň doganlyk ýurtlaryň we olaryň halklarynyň dostlugyny hem-de hyzmatdaşlygyny berkitmekde, şeýle hem agzybirligi saklamakda möhüm ädim boljakdygyna berk ynanýandygyny nygtady.

14.09.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasyndaky çykyşy

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Gadyrly dostlar!

Sizi doganlyk Täjigistanyň topragynda, ýurduň paýtagty Duşenbe şäherinde mübäreklemäge şatdyryn. Şu gün men Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandym.

Taryhyň sahypalaryna nazar aýlasak, bu duşuşygyň binýadynyň ilkibaşda Aşgabatda goýlandygyny anyk aýdyp bilerin. Biz ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly umumy ýörelgelerimizden ugur alyp, bu teklibi ilkinji gezek Daşkentde beýan etdik. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ilkinji konsultatiw duşuşygy Gazagystanda geçdi. Soňra bu duşuşygy biz Özbegistanda geçirdik. Duşuşyklaryň gün tertibi barha giňedi, biz olara köp meseleleri girizdik. Üçünji duşuşygymyz bolsa Türkmenistanda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçdi. Bu duşuşyklardan umumy bähbitlerimiz bolar ýaly, geljekde ony nähili geçirmelidigini ara alyp maslahatlaşdyk. Soňra biz duşuşygy doganlyk Gyrgyzystanda geçirdik we bu gün bäşinji ýubileý duşuşyk doganlyk Täjigistanda geçirilýär.

Häzirki günde ýönekeý bolmadyk dünýäde ýaşaýarys, syýasat, ykdysadyýet babatda köp meseleleriň bardygyny görýäris, ýöne esasy zat — islendik mesele ara alnyp maslahatlaşylanda, umumy ynsanperwer bähbitler göz öňünde tutulýar. Biziň ýurtlarymyzyň rowaçlygy hut ykdysadyýete baglydyr, şoňa görä-de, her gezek duşuşanymyzda, biz umumy bähbitlerimiz barada gürrüň edýäris. Sebäbi biziň sebitimiz energiýa we nebitgaz serişdelerine, beýleki tebigy serişdelere örän baýdyr. Olaryň ählisi halklarymyzyň umumy abadançylygyna hyzmat edýär.

Biz hemişe ykdysady girdeji, önümçilikleriň düşewüntliligi, senagat taýdan kooperirleşmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk. Gadyrly dostlar, biz asyrlaryň dowamynda kooperasiýa we ýakynlaşmak boýunça umumy bähbitlerimizi öňe sürýäris. Biziň sebitimiziň üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçdi we sebitimiz dünýä medeniýetiniň çatrygy bolup durýar. Häzirki günde biz bilelikde Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýäris. Ykdysadyýet barada-da köp mysallary getirmek bolar. Ýöne biz häzirki günde daşary syýasatda-da öňegidişlikleri gazandyk. Biz parahatçylyk söýüjilikli “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýarys.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ençeme Kararnamalar kabul edildi. Munuň özi diňe bir sebitde däl, eýsem, halkara giňişlikde-de biziň abraýymyzyň barha artýandygyna, sebitimize uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär.

Islendik meseläni — syýasy babatda, ykdysady babatda ýa-da başga meseleleri ara alyp maslahatlaşanymyzda, ozal hem belleýşim ýaly, bizi ynsanperwer taglymlar birleşdirýär. Pederlerimiz halklarymyzyň bähbidine bize dogry ýoly salgy berdiler. Elbetde, biziň halklarymyzyň beýik akyldar ogullary sanardan köpdür. Şu ýerde Abaý Kunanbaýewi, Çingiz Aýtmatowy, Alyşir Nowaýyny, Nyzamy Genjewini, Abu Abdulla Rudakyny hem-de biziň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragyny belläp geçesim gelýär.

Pursatdan peýdalanyp, hemmeleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan 2024-nji ýylda belleniljek akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýubileý baýramyna çagyrmak isleýärin. Biz siziň bilen bilelikde bu baýramy halkara derejede geçireris.

Şu gün hormatly döwlet Baştutanlarynyň ynsanperwer meseleler barada ençeme gezek durup geçendiklerine şübhelenmeýärin. Men Magtymguly Pyragynyň şu şahyrana setirlerini mysal getirmek isleýärin:

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Gadyrly dostlar, bu setirleriň terjimesi düşnüklidir. Biziň hemmämiziň doganlar hökmünde bir saçagyň başyna ýygnanyşmagymyz halklarymyzyň agzybirliginiň alamatydyr. Şeýle mysallar bizde örän köpdür. Men beýik akyldarlarymyzyň pähimlerini ýatlatmak isleýärin.

Kasym-Žomart Kemelewiç, gazak doganlarymyzyň aýdyşy ýaly, “Halkyň güýji agzybirlikdedir”, Sadyr Nurgožoýewiç, gyrgyz doganlarymyzyň aýtmagyna görä, “Bagtyň binýady agzybirlikdir”, Şawkat Miromonowiç, biziň özbek doganlarymyzyň aýdyşy ýaly, “Bedeni — lybas, ruhy dostluk bezeýär” Ilham Geýdarowiç, azerbaýjan doganlarymyzyň hem pähimli sözleri bar — “Guşa ganat, halka agzybirlik”, täjik doganlarymyz bolsa, Emomali Şaripowiç, “Ýüz dostuň bolsa-da azdyr” diýýärler.

Görşüňiz ýaly, biziň pederlerimiz, şygryýete sarpa goýan akyldar ata-babalarymyz hemişe jebislige çagyrypdyrlar. Şoňa görä-de, häzirki günde biz syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer meselelerde doganlarça pederlerimiziň ýoluny dowam etdirýäris.

Men hormatly Emomali Şaripowiç Rahmona ýüzlenmek isleýärin.

Ýakynda Sizde uly baýram — Garaşsyzlyk güni bellenilip geçildi. Her gezek ajaýyp Täjigistana, aýratyn-da, ýurduň paýtagty Duşenbe şäherine gelenimde, onuň ýylsaýyn gözelleşýändigini we rowaçlanýandygyny bellemek isleýärin. Esasysy bolsa, adamlaryň şadyýandygyny göreniňde, kalbyň şatlyk duýgularyna beslenýär.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, parahatçylygy we milli bitewüligi esaslandyryjy, täjik halkynyň Milli Lideri Emomali Rahmonyň parahatçylygy pugtalandyrmaga goşan saldamly goşandyny bellemek isleýärin. Ol döwlet Baştutany bolmak bilen, köp ýyllaryň dowamynda ägirt uly işleri amala aşyrdy. Häzirki günde hem özüniň syýasy-guramaçylyk tejribesine daýanyp, Täjigistanyň Prezidenti sebitde giň möçberli işleri durmuşa geçirýär, mähriban halkynyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine zähmet çekýär. Onuň tagallalary netijesinde, Täjigistan dünýäniň abraýly ýurtlarynyň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Doganlyk halklar bolmak bilen, biz Prezident Emomali Rahmonyň döwlet ähmiýetli işine buýsanýarys.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany meni halklarymyzyň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň bähbidine ähli güýç-gaýratymy we durmuş tejribämi gaýgyrman mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekmäge borçly edýär.

Hormatly Emomali Rahmon, Barodari Aziz Taşakkur!

14.09.2023

Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar ugratdylar.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly, ynanyşmak häsiýeti nygtaldy. Şol gatnaşyklar ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu saparynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de AHHG-niň sammitine gatnaşmagynyň netijeli türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigine, sebitde netijeli we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.

Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline gelende, hormatly Prezidentimizi Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzada we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Howa menzilinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Premýer-ministr Kohir Rasulzada bilen bolan duşuşygynyň barşynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi. Şol gatnaşyklar okgunly ösdürilip, ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz we Täjigistanyň Hökümetiniň Başlygy ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belläp, Duşenbe şäherinde geçiriljek şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Şol duşuşyklaryň gün tertibine özara gatnaşyklaryň giň meseleleri giriziler.

Şunuň bilen baglylykda, sebit boýunça goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Türkmen halkyny şol ýurtlaryň halklary bilen berk dostluk, medeni umumylyk, taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän bu döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli strategiýa halkara bileleşigiň ählumumy goldawyna we ykrarnamasyna eýe boldy.

Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerine ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak arkaly, özara hormat goýmak we hoşmeýilli erk-isleg esasynda yzygiderli, sazlaşykly çemeleşmek ugrunda çykyş etmek bilen, bu babatda anyk teklipleri öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ençeme gezek ýokary derejedäki sebit duşuşyklarynyň geçirilýän ýerine öwrülendigini bellemek gerek.

2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda AHHG-niň sammiti geçirildi. 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy üstünlikli guraldy. Bäştaraplaýyn forumyň sebitiň ýurtlarynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilendigi bellärliklidir. Munuň özi forumyň gün tertibine ençeme meseleleriň girizilendigi we gazanylan möhüm ylalaşyklar bilen birlikde, onuň taryhy ähmiýetini şertlendirdi. Şonda konsultatiw duşuşyklaryň bitewi nyşanyny ulanmak weMerkezi Aziýa döwletleriniň BaştutanlarynyňHormat nyşanyny döretmek barada çözgüt kabul edildi. Forumyň çäklerinde iri halkara çäreleriň birnäçesi, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, ykdysady forum we beýlekiler guraldy. Olar forumyň resmi maksatnamasynyň üstüni ýetirip, dostlukly halklaryň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna goşant boldy.

Sebitiň diňe bir yklym däl, eýsem, ählumumy işlerde-de ornunyň barha artýandygyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, onuň uzak möhletli meýilnamalaryny utgaşykly işläp taýýarlamak boýunça wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmesi aýratyn derwaýyslyga we ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Duşenbe şäherine şu gezekki iş sapary ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, umumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksadynda tagallalary birleşdirmäge mundan beýläk-de ýardam bermäge meýillidigini tassyklaýar.

Döwlet Baştutanymyz Halkara howa menzilinden Hökümet kabulhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Prezident Emomali Rahmon belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Täjigistanda ýene-de kabul edýändigine örän şatdygyny aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň bu saparynyň däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz täjik kärdeşine ýokary derejeli halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen, Duşenbe şäherine gelmäge çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de bilelikde işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň netijeleriniň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Şunda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp, gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýandygy bellenildi. Biziň ýurtlarymyz halkara giňişlikde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde öz hereketlerini üstünlikli utgaşdyrýarlar.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz «Kasri Millat» köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Şol ýerde belent mertebeli myhmany Prezident Emomali Rahmon mähirli garşylady. Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Baştutanlary sammite gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşýärler.

Foruma gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle-de hormatly myhman hökmünde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem geldiler.

Gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soňra, giňişleýin görnüşde ýokary derejedäki duşuşyk geçirildi.

Prezident Emomali Rahmon belent mertebeli myhmanlary we wekiliýetleriň agzalaryny täjik topragynda tüýs ýürekden mübärekläp, häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara gatnaşyklaryň durnukly ösüşini görkezýändiklerini aýtdy. Ýurtlarymyz köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde ýakyn ýa-da meňzeş garaýyşlar bilen çykyş edýärler, halkara we sebit guramalarynda birek-biregi goldaýarlar.

Täjik Lideri taryhyň dowamynda kemala gelen gatnaşyklaryň esasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegi umumy wajyp wezipeleriň hatarynda görkezip hem-de duşuşygyň gün tertibini yglan edip, şu günki sammite türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrylandygyny, oňa sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ägirt uly şahsy goşandy üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanynyň gowşuryljakdygyny belledi.

Soňra Täjigistanyň Prezidenti dostlukly döwletleriň Baştutanlaryna söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda konsultatiw duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona myhmansöýerlik we bilelikde netijeli işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz sammite hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi mübärekledi.

Türkmenistan halklarymyzyň bähbitlerine dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny saklamagyň we netijeli sebit hyzmatdaşlygynyň kepili boljak döwletara gural hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň formatyna örän möhüm ähmiýet berýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şu günki duşuşygyň barşynda syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, sebit howpsuzlygynyň wehimlerine we howplaryna garşy bilelikde garşy durmak maksady bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Gürrüňsiz, biz öz öňümizde anyk maksatlary goýup, olara ýetmegiň esasy şertiniň sebitimizde özara hormat goýmaga, bähbitleri nazara almaga, halkara hukugyň ykrar edilen kadalaryna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna eýermäge esaslanýan pugta we uzak möhletli parahatçylykdan, howpsuzlykdan, durnuklylykdan ybaratdygyndan ugur alýarys.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şular barada aýtmak bilen, bu babatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 28-nji iýulyndaky Kararnamasynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Bu Kararnama Merkezi Aziýany parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde yglan edýär. Biz bu resminamanyň kabul edilmegine sebitimizde özara düşünişmek ýagdaýyny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, Merkezi Aziýanyň ykdysady, ekologik, ynsanperwer wezipelerini çözmek, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin ony pugta parahatçylygyň, howpsuzlygyň giňişligine öwürmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki 78-nji sessiýasynyň barşynda-da bu ugurdaky işleri işjeň dowam etdirer. Biz dünýä bileleşiginiň garamagyna birnäçe başlangyçlary, şol sanda sebitimizi ösdürmek bilen gönüden-göni bagly başlangyçlary teklip etmegi göz öňünde tutýarys. Hususan-da, birinjiden, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça dialog maslahatyny döretmek teklip edilýär. Onuň maksady sebitimizde durnukly, gapma-garşylyksyz ösüşi üpjün etmek işinde sebitiň ýurtlarynyň tagallalarynyň ýakynlaşmagyna we utgaşdyrylmagyna gönükdirilen çemeleşmeleridir çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Türkmen tarapy şeýle dialogyň ilkinji mejlisini 2024-nji ýylda geçirmäge taýýardyr.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň beýleki başlangyçlarynyň hatarynda BMG-niň degişli edaralary bilen BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň oňaýly formatyny we düzümini kesgitlemek boýunça maslahatlaşmalary geçirip başlamak, ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklipleri görkezdi. Türkmenistan bu merkezi Aşgabatda ýerleşdirmek üçin ähli zerur bolan düzümi hödürlemäge taýýardyr.

Ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak örän möhüm wezipe bolup durýar. Bu babatda örän anyklyk we täsirli çäreler zerur diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa Söwda edarasyny döretmek meselesine garamagy teklip edýär. Onuň işiniň many-mazmuny we maksady söwdany ösdürmekde bilelikdäki ädimleri utgaşdyrmakdan, Merkezi Aziýa bazarynyň geljekki ykdysady subýektleriniň ählisiniň täjirçilik bähbitlerini üpjün etmekden, iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmekden ybaratdyr.

Merkezi Aziýada döwletleriň bähbitleriniňdir maksatlarynyň ygtybarly üpjün edilmegi we durmuşa geçirilmegi zerur bolup durýan ýene bir ulgam innowasiýalar hem-de täze tehnologiýalar bilen baglanyşyklydyr. Biz bu ulgamda yzagalaklyga ýol berip bilmeris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Biziň ýurtlarymyzda innowasion ösüşiň uly kuwwaty, oňat ylmy mekdepler we tehnologik tejribeler bar. Bu artykmaçlyklary birleşdirmek, tejribe, bilimleri alyşmagy ýola goýmak, bilelikde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak, innowasion bilimleri ösdürmek üçin has oňaýly şertleri üpjün etmek, ýaşlaryň döredijilik başlangyjyny höweslendirmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda sebitiň döwletleriniň ykdysadyýetlerine aýdyň innowasion häsiýet bermegiň hem-de sanly ulgamy ösdürmegiň örän möhüm wezipedigini belledi. Bu işleri bilelikde ýerine ýetirmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmek teklip edilýär. Şol geňeş bu ugurdaky bilelikdäki tagallalary utgaşdyrar. Şeýle geňeş biziň döwletlerimiziň täze tehnologiýalar boýunça birleşen strategiýasyny döretmek babatda esasy merkeziň wezipelerini öz üstüne alyp bilerdi, degişli maslahatlar bilen çykyş edip, anyk teklipleri taýýarlap bilerdi.

Energetika Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň beýleki bir esasy ugry bolup durýar. Häzirki wagtda sebitiň içindäki islegleri kanagatlandyrmaga, halkara üstaşyr geçelgeler arkaly dünýä bazarlaryna çykmaga gönükdirilen durnukly energetika hyzmatdaşlygy üçin syýasy-hukuk we ykdysady şertleri döretmek prosesiniň bolup geçýändigi äşgärdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Türkmenistan özüniň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Merkezi Aziýa ýurtlaryna, olaryň çäginiň üsti bilen daşarky bazarlara özara bähbitli şertlerde ibermäge taýýardyr. Bu teklibe biziň döwletlerimiziň arasynda uzak möhletli gatnaşyklary ýola goýmak nukdaýnazaryndan garamak mümkin diýip hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda, bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşini — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek maksadalaýyk hasaplanýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz umumy tagallalar arkaly Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda, şeýle-de Ýewraziýa kontinentiniň beýleki sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleriň döredilýändigini nygtady. Şoňa görä-de, Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmek mümkinçiligine garamak teklip edilýär. Onuň esasy wezipesi sebitde ulag merkezlerini döretmek, täze üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek we häzir bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, biziň döwletlerimiziň çäginden geçýän halkara ulag ýollarynyň ugrunda gümrük, migrasiýa we beýleki işleri kadalaşdyrmak, sazlaşdyrmak meselelerine garamak bilen bagly bolup bilerdi.

Ýokarda agzalan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berjekdigine, giň sebitiçi we halkara derejede ýakynlaşmak üçin Merkezi Aziýada şertleri kemala getirmäge oňaýly mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Medeni-ynsanperwer meselelerde netijeli gatnaşyklar sebitiň sazlaşykly ösmeginiň we onuň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň girewi bolup durýar. Bu gün döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň bilelikdäki duşuşyklaryny, ylmy maslahatlary, sergileri we beýleki çäreleri üstünlikli geçirmegiň okgunly ösüşi, oňyn tejribesi barada kanagatlanma bilen aýtmak bolar. Bu ugurda mundan beýläk-de öňe gitmek, gatnaşyklaryň täze usullarynydyr görnüşlerini gözlemek gerek. Hut şu maksatlar bilen, bäşinji sammitiň çäklerinde zenanlar, ýaşlar, medeni we ylym-bilim forumlary geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de olaryň netijeleriniň döwletlerimiziň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň kuwwatyny artdyrmak üçin ygtybarly esasa öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Şu gün gyzyklanma bildirilýän, netijeli we düýpli pikir alyşmalar geçirilýär, peýdaly, çuň manyly tekliplerdir başlangyçlar öňe sürülýär. Munuň özi biziň döwletlerimiziň bilelikde guwandyryjy netijeleri gazanmak babatdaky syýasy erk-islegini, meýillerini, aýgytlylygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Bu bolsa biziň halklarymyzyň jana-jan bähbitlerine doly laýyk gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda ýurdumyzyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklap, daşary ýurtly kärdeşlerine we wekiliýetleriň agzalaryna netijeli işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň çykyşlarynda konsultatiw duşuşyklaryň görnüşiniň özüniň netijeliligini tassyklandygy bellenildi. Munuň özi ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa sebitiň okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Bellenilişi ýaly, sebit hyzmatdaşlygynyň uly tejribesi toplandy. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe oňyn teklipler beýan edildi. Şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň çuňňur taryhy däpleriniň bardygyna aýratyn üns çekildi. Munuň özi gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin oňat esas bolup hyzmat edýär.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Onda taraplaryň giň gerimli hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanylýar. Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde Merkezi Aziýada ýerüsti ulaglaryň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak hakynda Ylalaşyga, Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň birinji duşuşygynyň Duşenbe Beýannamasyna, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýaşlar syýasatynyň umumy ugurlary hakynda Ylalaşyga gol çekildi, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň işleri boýunça milli utgaşdyryjy geňeşi hakynda Düzgünnama kabul edildi.

Konsultatiw duşuşyk tamamlanandan soňra, täjik Lideriniň çakylygy boýunça Duşenbe şäherinde iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Gahryman Arkadagymyz bu ýokary sylaga Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetliligi, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde, ýurtlarymyzyň bilelikdäki bähbitlerinidir başlangyçlaryny halkara giňişlikde ösdürmekde bitiren ajaýyp hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary «Kohi Borbad» döwlet toplumyna tarap ugradylar. Bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň «Dostluk agşamy» atly konserti boldy. Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine dost-doganlyk, ylalaşyklylyk mowzugy uly aýdym-saz baýramçylygynyň esasyny düzdi. Konsertiň maksatnamasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň halk we häzirki zaman sungatynyň baýlygy, özboluşlylygy hem-de köpöwüşginliligi, täze döwrüň ýörelgeleri bilen sazlaşykda däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy.

Sazandalar, aýdymçylar, tansçylar, döredijilik toparlary öz çykyşlarynda ussatlyklaryny hem-de zehinini görkezdiler. Konsertiň köpöwüşginliligi sungatyň birleşdiriji, döredijilikli güýjüniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Çünki hut medeni gatnaşyklar halklara birek-biregi ýakyndan tanamaga, düşünişmäge, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Tomaşaçylar türkmen artistleriniň ussatlygyna we zehinine mynasyp baha berip, olaryň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Konsertde Gahryman Arkadagymyzyň döreden ajaýyp aýdymlarynyň biri hem ýaňlandy. Bu aýdym ýakymly owazy we çuň manyly sözleri bilen ýatdan çykmajak täsir galdyryp, hemmeler tarapyndan ruhubelentlik bilen garşylanyldy. «Küştdepdi» tansy ildeşlerimiziň çykyşynyň özboluşly bezegine öwrüldi. Türkmenistanda bu tans her bir baýramçylykda ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda milletiň medeni baýlygy bolup durýan hem-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen bu gadymy aýdym we tans dessury häzirki döwrüň ruhuna laýyklykda täze many-mazmuna eýe bolýar.

Konsert tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary Halkara sergi merkezine tarap ugradylar. Bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň önüm öndürijileriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Giň gerimli sergi esasy pudaklaryň ykdysady ösüşini we kuwwatyny, işewür toparlaryň netijeli işini, sebitdäki giň gerimli özgertmeleri aýdyňlyk bilen görkezýär. Şunuň bilen birlikde, sergi döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek we geljegi nazara almak arkaly, onuň netijeli gurallaryny döretmek, dürli ulgamlarda özara tejribe alyşmak, işewürleriň duşuşyklarynydyr gepleşiklerini geçirmek üçin açyk meýdança öwrülmelidir.

Türkmenistanyň hödürlän sergisi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda, şol sanda hususy ulgamda gazanylan üstünlikler, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin bar bolan mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşmaga şert döredýär. Bularyň ählisi sergide ornaşdyrylan monitorlaryň ekranlarynda görkezilýän wideoşekillerde aýdyň beýanyny tapýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýa, amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler ýurdumyzyň innowasion ösüşine, senagatlaşdyrmaga, pudaklaýyn düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Şunda hususy ulgamy höweslendirmäge hem-de goldamaga uly ähmiýet berilýär. Döwrebap bazar gatnaşykly ýokary netijeli ykdysadyýeti tapgyrlaýyn döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, durnukly ösüş depginlerini üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde sanly ulgamy ornaşdyrmak wezipeleri ileri tutulýar.

Türkmenistanyň sergi bölüminde halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika pudagynyň, ýokary hilli nebit önümlerini, polietilen, polipropilen we beýleki önümleri öndürýän nebitgazhimiýa senagatynyň önümleri görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde dokma we ýeňil senagatyň dürli önümleri, aýna önümleri, gurluşyk serişdeleriniň köp görnüşleri bar. Milli ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy ýurdumyzyň elektron senagatynyň ösmegine ýardam edýär. Onuň önümleriniň nusgalary — kompýuter tehnikasy, Wi-Fi routerleri, LED lampalar we beýleki önümler hem Türkmenistanyň pawilýonynda görkezilýär.

Ýurdumyzyň sergi bölüminde meşhur türkmen halylary aýratyn orun eýeleýär. Halkymyzyň ruhy özboluşlylygynyň çeper beýany, onuň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, zehinli türkmen halyçylary tarapyndan döredilen önümler gözelligi we ýokary hilliligi bilen tutuş dünýäde uly baha mynasyp bolýar hem-de şan-şöhrat gazanýar. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan halyçylygyň täsin milli däpleri aýawly saklanylýar we nesilden-nesle geçirilýär. Sergide görkezilýän el halylarynyň hatarynda ajaýyp ýüpek halylar hem bar.

Türkmenistanyň pawilýonynyň aýratyn bölümi ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatyna bagyşlanýar. Bu ýerde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň şekili görkezilýär. Portuň öňdebaryjy düzümi sebit we yklym derejesinde deňiz, multimodal ýük daşamalary üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasaty netijesinde, Türkmenistan sebitiň möhüm üstaşyr ulag, iri logistika merkezine öwrülýär.

Döwlet Baştutanlary sergi bilen tanşyp, onuň guralyşyna ýokary baha berdiler we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň, mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary Halkara sergi merkezinden çykyp, açyk meýdançada goýlan, sebitiň ýurtlarynda çykarylýan oba hojalyk, awtoulag we beýleki ýöriteleşdirilen tehnikalaryň nusgalaryny synladylar.

Belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň adyndan «Kohi Istiklol» köşgünde resmi kabul edişlik guraldy.

Hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

***

Şu günler Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda birnäçe ugurdaş çäreler geçirilýär.

13-nji sentýabrda — sammitleriň öňüsyrasynda täjik paýtagtynda Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirilip, Duşenbedäki ýokary derejeli duşuşyklaryň gün tertibiniň esasy meselelerine aýratyn üns berildi. Sebitiň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sammitleriň jemleýji resminamalarynyň taslamalaryna garadylar, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, şol sanda möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Mejlisiň barşynda Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesi bolandygy nygtaldy.

Şol gün Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň birinji duşuşygyna hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda ulag-logistika ulgamynda sebitiň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmagyň we ondan netijeli peýdalanmagyň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu strategik ugurda döwletara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýändigi nygtaldy. Foruma gatnaşyjylar sebitiň döwletleriniň ulag-kommunikasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhümdigini aýtdylar. Munuň üçin uly mümkinçilikler bar. Bäştaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça Duşenbe Beýannamasy kabul edildi, şeýle hem Merkezi Aziýada ýerüsti ulaglaryň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak hakynda Ylalaşygyň taslamasy makullanyldy.

Ugurdaş çäreleriň maksatnamasy ýokary bilim, ylym, ýaşlar syýasaty, meýletinçiler hereketi, sport ugurlary boýunça birnäçe çäreleri hem öz içine aldy. Türkmenistan bu ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda çykyş edip, anyk teklipleri öňe sürýär.

Sebitiň ýurtlarynyň türgenleriniň arasynda suwda ýüzmek boýunça Duşenbe şäherinde geçirilýän halkara ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalarynyň üstünlikli çykyş edendigini bellemek gerek. Olar ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp boldular. Türgenlerimiz ýaryşlaryň iki gününiň dowamynda dürli aralyga suwda ýüzmekde 1 altyn, 4 kümüş we 3 bürünç medal gazanmagy başardylar.

Ýurdumyzyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň duşuşygyna hem gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, sebitiň taryhynda ilkinji şeýle düzüm 2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň goldaw bermeginde döredildi.

Duşuşygyň esasy meselesi döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde zenanlaryň orny bilen baglanyşykly boldy. Gün tertibine zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işine gatnaşmaklary, özgertmeleriň amala aşyrylmagy, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak boýunça özgertmeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler hem girizildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň gender syýasaty ulgamynda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşip, bu ulgamda BMG we beýleki halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyk edýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzda zenanlara hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça netijeli çäreler görüldi. Türkmen zenanlary döwlet häkimiýetiniň düzümlerinde, milli parlamentde giňden wekilçilik edýärler, daşary syýasy işe işjeň gatnaşýarlar, dürli ulgamlarda we pudaklarda üstünlikli işleýärler, telekeçilik bilen meşgullanýarlar. Duşuşyga gatnaşýan zenanlar sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň döredijilik we parahatçylyk döredijilik kuwwatyndan has doly peýdalanmak üçin tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini belläp, olaryň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mundan beýläk-de ýardam bermäge çalyşýandyklaryny nygtadylar.

Täjik paýtagtynda «Sanly ykdysadyýet, elektron söwda we innowasiýalar» mowzugy boýunça guralan ykdysady forumda Merkezi Aziýa döwletleriniň dürli pudaklarda özara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Foruma Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Geçirilen pikir alyşmalar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giň meselelerini öz içine aldy. Dürli derejede ugurdaş gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary anyklaşdyryldy, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri gatnaşyklaryň uly we köpugurly kuwwatyna eýedir, onuň şertnama-hukuk binýady yzygiderli berkidilýär hem-de üsti ýetirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde we geljek üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň wajyp wezipelerini beýan edýän şu forumyň ähmiýeti nygtaldy. Maýa goýum işini höweslendirmek, sebitiň ýurtlarynyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna goşulyşmagy möhüm meseleleriň hatarynda görkezildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda haryt dolanyşygyny artdyrmaga, munuň üçin amatly şertleri döretmäge, şol sanda ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berildi. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary tejribe alyşmak we sanly ykdysadyýet ulgamynda, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek, elektron hökümet ulgamyny, innowasiýalary ornaşdyrmak meseleleri boýunça pikir alyşmalara gatnaşdylar.

Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge saldamly goşant goşup, biziň döwletlerimiziň bäsdeşlik artykmaçlyklaryndan — çäk taýdan amatly ýerleşmeginden, baý serişde, çig mal, önümçilik we intellektual kuwwatyndan, toplumlaýyn düzümden has netijeli peýdalanmak ugrunda çykyş edýär. Bularyň ählisi uzak möhletli daşarky maýa goýumlar üçin Merkezi Aziýanyň özüne çekijiligini artdyrýar, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleri açýar. Ykdysady forumyň çäklerinde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Sammitlere gabatlanan çäreleriň maksatnamasynda Duşenbäniň Halkara sergi merkezinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň önüm öndürijileriniň giň gerimli sergisi, Täjigistanyň Milli muzeýinde guralan sebitiň ýurtlarynyň suratkeşleriniň sergisi hem bar.

Täjigistanyň paýtagty Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň festiwalynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Gündogaryň halklary hemişe myhmansöýerligi bilen meşhur bolupdyr. Islendik halkyň medeniýeti bilen tanyşlyk milli özboluşlylygyň aýdyň ýüze çykmasy hökmünde onuň aşhanasy bilen tanyşlyk arkaly amala aşyrylýar. Şoňa görä-de, festiwal sebitiň halklarynyň tagamlary taýýarlamak sungatyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletara medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etmäge-de hem gönükdirilendir.

Türkmen halky tagamlary taýýarlamagyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän baý däplerine eýedir. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitap köp asyrlaryň dowamynda kemala gelen bu ajaýyp sungata bagyşlanýar. Tagamlary taýýarlamagyň ýüzlerçe usulyny öz içine alýan bu milli sungat türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň möhüm bölegi bolup durýar. Onda halkymyzyň däpleri we baýramçylyk dessurlary, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde tagamlary taýýarlamagyň aýratynlyklary öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary täjik kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirdiler. Olarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

14.09.2023

Arkadagly Serdarymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.

«Merkezi Aziýada döwletleriň bähbitleriniň we maksatlarynyň ygtybarly üpjün edilmegi we durmuşa geçirilmegi zerur bolup durýan ýene-de bir ulgam innowasiýalar we täze tehnologiýalar bilen baglanyşyklydyr» – diýip, döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzda innowasion ösüşiň uly kuwwaty, oňat ylmy mekdepler we tehnologik tejribeler bar. Döwlet Baştutanymyz bu artykmaçlyklary birleşdirmegiň, tejribe, bilimleri alyşmagy ýola goýmagyň, bilelikde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň, innowasion bilimleri ösdürmek üçin has oňaýly şertleri üpjün etmegiň, ýaşlaryň döredijilik başlangyjyny höweslendirmegiň zerur bolup durýandygyny nygtady.

Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurtlarymyzyň ykdysadyýetlerine aýdyň innowasion häsiýet bermek hem-de sanly ulgamy ösdürmek örän möhüm wezipe bolup durýar we bu işleri bilelikde ýerine ýetirmek zerurdyr.

«Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmek teklip edilýär. Şol geňeş bu ugurdaky bilelikdäki tagallalary utgaşdyrar» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, şeýle geňeş biziň döwletlerimiziň täze tehnologiýalar boýunça birleşen strategiýasyny döretmek boýunça esasy merkeziň wezipelerini öz üstüne alyp we degişli maslahatlar bilen çykyş edip, anyk teklipleri taýýarlap bilerdi.

14.09.2023

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana sapary amala aşyrylar

2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar.

Ýokary derejedäki duşuşyklaryň çäklerinde Duşenbede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda birnäçe çäreler geçiriler, olaryň arasynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maslahaty, ulag ministrleriniň duşuşygy, Zenanlaryň dialogy, Ykdysady forum, alymlaryň, ýokary okuw mekdepleriň rektorlarynyň, şeýle hem ýaşlar guramalarynyň forumlary, önüm öndürijileriniň sergisi, sungat eserleriniň görkezilişi we beýleki medeni çäreler geçiriler. Bu çärelere we duşuşyklara Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.

13.09.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edilendigi hem-de ýüzbe-ýüz duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Newa boýundaky şäheriň biziň ýurdumyz bilen türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini nygtady hem-de soňky ýyllarda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň geljekde-de köpugurly strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň beýanydygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Şunda biziň ýurdumyz bilen Russiýanyň sebitleriniň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Newa boýundaky şäheriň arasynda ýakyn we dostlukly gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellenildi. Sankt-Peterburgyň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, azyk senagaty ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz sankt-peterburgly hyzmatdaşlaryň täze ugurlar, şol sanda sanlylaşdyrmak, “akylly” şäherleri gurmak, şeýle hem beýleki möhüm ulgamlar boýunça tekliplerine garamaga taýýardyr. Şol bir wagtda, ylym-bilim hyzmatdaşlygyna uly üns berilýär.

Sankt-Peterburgyň gubernatory hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça düýpli we anyk söhbetdeşlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletara gatnaşyklaryň hem-de Türkmenistanyň Newa boýundaky şäher bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goşan uly goşandyny aýratyn nygtady.

Aleksandr Beglow Aşgabada şu gezekki saparynyň özünde galdyran täsirleri barada aýtmak bilen, ajaýyp, häzirki zaman we okgunly ösýän şäher bolan ak mermerli türkmen paýtagtynyň hemişe haýran galdyrýandygyny, onuň täsin binagärlik keşbini synlap, lezzet alýandygyny, şäherde ýylyň-ýylyna täze ajaýyp desgalaryň peýda bolýandygyny hem-de onuň gök begrese bürenýändigini belledi. Şonuň bilen birlikde, myhman ýurdumyzyň ähli ulgamlarda, ykdysadyýetde we önümçilik pudagynda, durmuş we bilim ulgamlarynda ýeten belent sepgitleriniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýratyn nygtap, ýakynda açylan täze mekdepleriň, ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň binalar toplumlarynyň muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow Türkmenistanyň we Newa boýundaky şäheriň däp bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklara ygrarlydyklaryny tassyklap, onuň türkmen-rus döwletara dialogynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýändigini hem-de many-mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyna ýardam edýändigini bellediler.

***

Şu gün Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Onda özara gyzyklanma bildirilýän geljegi uly ugurlaryň birnäçesi boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyz bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň, şol sanda Newa boýundaky şäheriň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin köpugurly kuwwatyň bardygy bellenildi.

Ynsanperwer ulgam hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistanyň we Russiýanyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak hem-de wagyz etmek bilen baglylykda, beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçiligine garaldy. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyz bilen Sankt-Peterburg şäheriniň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine deglip geçildi.

Sankt-Peterburgyň gubernatory paýtagtymyzdaky milli gahrymanlaryň — Watanymyzyň goragçylarynyň hem-de 1948-nji ýylyň weýrançylykly Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň ýadygärligini ebedileşdiren “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýdy.

Şeýle hem şol gün Sankt-Peterburgyň gubernatory we onuň ýanynda bolýan wekiliýetiň agzalary Arkadag şäherine baryp gördüler. Şäher häkimliginde russiýaly hyzmatdaşlaryň täze şäheriň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. Iki şäheriň arasynda dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Duşuşygyň jemleri boýunça Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Sankt-Peterburgyň hökümetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga we Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Sankt-Peterburgyň hökümetiniň arasynda 2023 — 2027-nji ýyllarda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek barada çäreleriň Meýilnamasyna — “Ýol kartasyna” gol çekildi.

Russiýaly myhmanlara Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän “akylly” şäher bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Mälim bolşy ýaly, bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasyny amala aşyrmak başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Kanunçylyk esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň keşbinde binagärligiň we dizaýnyň häzirki zaman meýilleri milli binagärlik ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu şäher “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlandyr, onda şäher durmuşynyň ähli ulgamlaryna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa, ekologik taýdan arassa “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyryldy. Halkara guramalaryň we iri daşary ýurt kompaniýalarynyň şahadatnamalarynyňdyr diplomlarynyň birnäçesiniň gowşurylmagy täze şäheriň täsin aýratynlyklarynyň ykrarnamasydyr.

Sankt-Peterburgyň gubernatory we onuň ýanynda bolýan wekiliýet agzalary Arkadag şäheriniň ajaýyp ýerleri hem-de durmuş maksatly iri toplumlary, şol sanda bilim, lukmançylyk, medeni, sport we beýleki ugurly iri desgalar toplumyny öz içine alýan şäher düzümi bilen tanşyp, ilatyň amatly ýaşamagy üçin döredilen şertlere ýokary baha berdiler.

11.09.2023

WÝETNAM SOSIALISTIK RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistana bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Dang Min Khoýdan ynanç hatyny kabul etdi. 

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

 

Şeýle hem, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Ilçini türkmen parlamentiniň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alyp barýan köpugurly işi bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, geljekde parlamentara gatnaşyklary halkara parlament düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. 

 

Duşuşygyň ahyrynda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistana bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Dang Min Khoý iki ýurduň bähbitlerine doly laýyk gelýän köpugurly we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

11.09.2023

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi guramaçylykly dowam edýär, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar, bugdaý öndürijiler ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilýär. Pagta ýygymy möwsümini talabalaýyk geçirmek boýunça zerur tagallalar edilýär, welaýatdaky pagta arassalaýjy kärhanalar, harmanhanalar we pagta ýygyjy kombaýnlar, pagta daşaýan tehnikalar doly güýjünde işledilýär. Mundan başga-da, güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görlüşi, şu ýylda welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda örän möhüm möwsümiň dowam edýändigini aýtdy we bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işlerini talabalaýyk ýerine ýetirmek, bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek, pagta ýygymyny guramaçylykly alyp barmak boýunça işleri gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda bugdaý ekişi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary we ekiş gurallary doly güýjünde işledilýär. Gallaçy daýhanlar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler bilen üpjün edilýär. Welaýatda pagta ýygymyna girişilip, şunda pagta arassalaýjy kärhanalaryň, harmanhanalaryň, pagta ýygyjy kombaýnlaryň we pagta hasylyny daşaýan tehnikalaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär.

Güýzlük ýeralma, beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmegi, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi, galla öndürijileriň ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmegi, pagta ýygymynyň ýokary hilli alnyp barylmagy, bu işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda bugdaý ekişine dabaraly girişilip, ekiş agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Bugdaý ekiljek meýdanlarda ýerleri suwa taýýarlamak we tagt suwuny tutmak işleri dowam edýär. Bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohum, mineral dökünler bilen üpjün etmek babatda zerur işler geçirilýär. Bugdaý ekişinde degişli tehnikalardan, gurallardan netijeli peýdalanylýar.

Welaýatda 15-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamak boýunça dabaraly çärelere taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen baglylykda, pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalaryny, pagta ýygýan kombaýnlary we beýleki tehnikalary ýygym möwsümine taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleri, şaly ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi. Bugdaý ekişiniň talabalaýyk geçirilmegini, gallaçy daýhanlaryň ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilmegini, pagta ýygymy möwsümine doly taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri berk gözegçilikde saklamak babatda-da häkime birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň ekerançylyk ýerlerinde bugdaý ekişine köpçülikleýin girişilip, ekişi öz wagtynda geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, gallaçy daýhanlary bugdaý tohumy, mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Sebitiň pagta ekilen meýdanlarynda ýygym möwsümi bellenen tertipde dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, pagta arassalaýjy kärhanalar, kabul ediş harmanhanalary, pagta ýygýan kombaýnlar, pagta hasylyny daşaýan tehnikalar netijeli işledilýär.

Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleri alnyp barylýar. Şaly ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär. Mundan başga-da, häkim şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly binalardaky gurluşyk işleriniň barşy, Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmegini, ekiş geçirilen ýerde ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow häzirki wagtda welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň ekin meýdanlarynda bugdaý ekişi bellenen talaplara laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Bugdaý ekişi bilen birlikde, bugdaý ekiljek meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär. Bugdaý öndürijiler tohumlar, mineral dökünler bilen üpjün edilýär. Häzirki wagtda pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, welaýatdaky pagta arassalaýjy kärhanalar, kabul ediş harmanhanalary, pagta ýygyjy kombaýnlar we tehnikalar netijeli işledilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ilatyny oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri, gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy, Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň guramaçylykly hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyny, gallaçy daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmegini, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň talabalaýyk dowam etdirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda birnäçe görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý ekişi dowam edýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ekiş möwsümini bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary doly güýjünde işletmek boýunça zerur tagallalar edilýär. Bu işler bilen bir hatarda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymyna guramaçylykly girişildi. Daşoguz welaýatynda-da ýygyma başlamak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatlarda güýzlük ýeralma we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Mundan başga-da, wise-premýer Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleriniň dowam edýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki möhüm ornuna ünsi çekdi we häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini, daýhanlaryň ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilmegini, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalygyndaky bu möhüm möwsümi üstünlikli geçirmek üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen ýeterlik derejede üpjün edilmelidigini, güýzlük ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

11.09.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI ýurtda bolup geçen hem-de köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, uly weýrançylyklara getiren güýçli ýertitremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda, Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

09.09.2023

Türkmenistanyň Mejlisinde “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam bermek” maksatnamasynyň çäklerinde GIZ-iň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň raýat kodeksiniň rejelenen görnüşini taýýarlamak boýunça iş toparynyň duşuşygy geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli, oňyn özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Milli kanunçylygymyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirilmeginde halkara hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda indi birnäçe ýyldan bäri «Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam» atly sebitleýin meýilnamanyň çäklerinde Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) bilen milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek babatda işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. 

Türkmenistanyň Mejlisinde bu gurama bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň dolandyryş edaralary tarapyndan administratiw namalaryň  kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan işiň hukuk esaslaryny, ýörelgelerini we önümçilik düzgünlerini belleýän hem-de adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmeginiň, kanunyň hökmürowanlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, bu Kanunyň kabul edilmegi bilen baglylykda, kazyýetlerde administratiw işlere seretmek boýunça işiň hukuk esaslaryny kesgitleýän Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksi,  şonuň ýaly-da «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda eden çuň manyly, maksatnamalaýyn çykyşynda Raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadyny häzirki döwrüň talaplaryndan we oňyn halkara tejribesinden ugur alyp kämilleşdirmek barada beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisinde Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler hem bu gurama bilen işjeň hyzmatdaşlykda alnyp barylýar. 

 2023-nji ýylyň 7-nji awgustynda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda Mejlisde deputatlardan, bilermenlerden we hünärmenlerden ybarat düzümde döredilen iş toparynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan bu Kodeksi kämilleşdirmek boýunça berlen tekliplere we belliklere, halkara tejribesine seljerme geçirildi. Şunda halkara tejribesine laýyklykda, bu Kodeksde halkara hususy hukugyň düzgünlerini beýan  etmäge, bazar gatnaşyklarynyň ösmegi, sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy bilen baglylykda gymmatly kagyzlar, şertnamalaryň täze görnüşleri babatda ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň emele getirilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Şonuň ýaly-da Raýat-hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek çygrynda milli we halkara tejribesi barada iş toparynyň agzalary halkara bilermenleri bilen özara pikir alyşdylar. Milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça döredip berýän mümkinçilikleri we hemaýat-goldawlary üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

07.09.2023

«Gahryman Arkadagymyzyň Döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen, Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly maslahat geçirildi.

Ýurdumyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Bilimler we talyp ýaşlar güni uly dabaralara beslendi. 

Güýz paslynyň baýramçylyk dabaralaryna beslenen ilkinji gününde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagy Mähriban Arkadagymyzyň täze taryhy döwürde ynsanperwer pikirleri, ýaşlara eden pent-sargytlary bilen ruhlanan ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynda täze eýýamyň gazananlaryna hem-de ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Watanymyzyň nurana geljegine bolan buýsanç duýgusyny joşdurdy.

Çuňňur hormatlanylýan Milli Liderimiziň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisinde 2023-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda  «Gahryman Arkadagymyzyň Döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen, Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýeti, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň döwlet berkararlygynyň binýadyny has-da berkitmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak we parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer döwlet syýasatyny dabaralandyrmak ugrunda alnyp barylýan tutumly işler barada çykyşlar diňlenildi. Maslahatda çykyş edenler döwleti dolandyrmakda, adalatly jemgyýeti gurmakda baý tejribesi bolan türkmen halkynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky uly ornuny, Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik sungatyndan bina edilen, sebitiň göwher gaşyna öwrülen Arkadag şäheriniň hem-de onda bina edilen bilim ojaklarynyň ähmiýetini, ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri nygtadylar. 

Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň öz çykyşynda kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň, käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň biziň nusgalyk ýörelgämize öwrülen maşgala terbiýesi, öwüt-ündewleri, durmuş sapaklary, her bir ynsanyň döwlete hem-de bagtyýar geljege mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin örän ähmiýetli bolan terbiýäniň on iki görnüşi barada aýdanlarynyň durmuş şamçyragy bolup ýalkym saçandygy bellenildi. 

Maslahata gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini kesgitleýän milli gymmatlyklarymyzyň, halkymyzyň özboluşly ruhy ýörelgeleriniň ösdürilmegi, ýaşlaryň ruhy­ahlak, medeni aň­bilim, beden taýdan sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim­terbiýe almagy hem­de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin döredýän şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Türkmenistanyň Mejlisi

06.09.2023