Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordenini döretmek hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordenini

 döretmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994 ý., № 3, 19- madda)

 

(Türkmenistanyň 17.06.1998 ý.  № 292-1, 27.07.1998 ý., № 300-1, 16.10.2001 ý. 

№ 89-II, 13.07.2007 ý. № 131-III  we 02.10.2009 г. № 68-IV Kanunlary esasynda 

girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen )

 

 Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

1. Türkmenistanyň  «Türkmenbaşy» ordenini döretmeli.

2. Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeniniň statutyny we ýazgysyny tassyklamaly.

 

         Türkmenistanyň                                           Saparmyrat

          Prezidenti                                                     Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri 

1994-nji ýylyň 23-nji sentýabry 

№ 963-XII

 

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeniniň

STATUTY

(rejelenen görnüşi)

 

1. Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeni Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

2. Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeni Watany goramakda görkezilen aýratyn batyrlyk, gaýduwsyzlyk we mertlik üçin, ýurduň goranmak ukybyny berkitmekde bitirilen aýratyn hyzmatlar üçin sylaglamak maksady bilen döredildi.

3. Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeni bilen harby gullukçylar, Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri we Türkmenistanyň beýleki raýatlary, harby bölümler, gämiler, harby birleşmeler we birikmeler sylaglanylýar.

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeni bilen Türkmenistanyň raýaty däl adamlar hem sylaglanylyp bilner.

4. Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeni bilen:

Watany goramakda görkezen aýratyn edermenligi üçin;

ýurduň goranmak ukybyny berkitmekde bitiren uly hyzmatlary üçin;

harby bölümlere göreldeli ýolbaşçylyk edendigi üçin;

ýurduň döwlet howpsuzlygyny, Türkmenistanyň döwlet serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmekde, hukuk tertibini öz jany üçin hatarly şertlerde töwekgellik bilen goramakda görkezen aýratyn batyrlygy we edermenligi üçin;

aýratyn gaýduwsyzlygy we mertligi hem-de parahatçylykly döwürde ýörite tabşyryklary göreldeli ýerine ýetirendigi we beýleki edermenlikleri üçin;

goşunlaryň ýokary söweşjeň taýýarlygyny saklamakdaky uly hyzmatlary üçin;

harby ylmy we tehnikany ösdürmekdäki, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri üçin kadrlary taýýarlamakdaky hyzmatlary üçin sylaglanylýar.

5. Sylaga mynasyp bolan adamlara Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeni we şahadatnama gowşurylýar.

6. Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeni bilen sylaglanan raýatlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň otuz essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak we iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp hakyna iň pes aýlyk zähmet hakynyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilýär.

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeni bilen sylaglanan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ýagdaýlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

 

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeniniň plankasynyň

ÝAZGYSY

 

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeniniň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, onuň merkezinde sekizburçluk ýerleşýär.

Plankanyň iki tarapyndan egri görnüşli sary zolakly çyzyk geçýär. Plankanyň daşky gyrasy mämişi reňk bilen örtülendir.

 

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeniniň 

ÝAZGYSY

(täze redaksiýasy)

 

«Türkmenbaşy» ordeni sekizburçly galkan görnüşinde bolup, umumy diametri 45 mm, onuň her burçunyň arasy aýlaw bilen birikdirilendir.

Ordeniň merkezinde ak reňkli emal bilen syrçalanan, diametri 20 mm bolan tegelegiň içinde Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň çep tarapa bakyp duran altyndan güberçek görnüşili şekili ýerleşdirilen. Ordeniň merkezindäki tegelegiň daşyndan ini 3,5 mm ölçegdäki gyzyl reňkde syrçalanan tegelek halkanyň içinde onuň ýokary böleginde «TÜRKMENBAŞY» diýen ýazgy, aşaky böleginde 15 sany göwher daşjagazlary ýerleşdirilen. Daşky tegelekde ordeniň her burçuna sekiz sany bäş burçly ak reňk bilen syrçalanan zolak uzap gidýär we olaryň hersinde üç sany göwher daşy goýlan.

Orden halkajyk arkaly beýikligi 20 mm we ini 31 mm bolan açyk kitap görnüşinde şekillendirilen kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň ortasynda gyzyl reňk bilen syrçalanan sütünde türkmen halysynyň bäş sany göli goýlan. Onuň iki tarapy, açylan kitap sahypasy görnüşinde bolup, ýaşyl reňkli syrça bilen reňklenendir.

«Türkmenbaşy» ordeni 750-nji mähekli altyndan ýasalýar.