Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

ÜNS MERKEZINDE — ULAG LOGISTIKASY

 

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan häzirki döwürde hem howa, awtomobil, demir we deňiz ýollary arkaly aragatnaşygy üpjün edýän iri merkezleriň biri hökmünde tanalýar. Onuň geostrategik ýerleşişi ulag-aragatnaşyk we logistika ulgamyny ösdürmäge giň ýollary açýar. Ýurdumyz ulag-aragatnaşyk we logistika ugry boýunça halkara çärelere işjeň gatnaşyp, netijeli teklipler bilen çykyş edýär. 

Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen «Hazar sebitiniň ulag logistikasy — 2024» atly III halkara forumy şeýle çärelere mysal hökmünde görkezmek bolar. Oňa Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň ugurdaş döwlet edaralarynyň, ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri hem-de Ýewraziýanyň beýleki ýurtlaryndan bank, ätiýaçlandyryş we maýa goýum düzümleriniň hünärmenleri gatnaşdylar. 

Halkara çäräniň dowamynda Wolga — Hazar ulag-logistika ulgamynyň we Ýewraziýanyň halkara ulag geçelgeleriniň esasy meseleleri barada pikir alşyldy. Bütin dünýäde ulag akymlarynyň üýtgemegi we Ýewraziýanyň köp gatnawly Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar, Demirgazyk — Gündogar, Günorta — Günbatar ugurlaryna öwrülmegi şertlerinde özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň ýollarynyň üstünde durlup geçildi. Mundan başga-da, Hazar deňzi sebitinde ulag logistikasyny ösdürmegiň mümkinçilikleri, ýükleri daşamagyň esasy ugurlary, deňiz portlarydyr gury ýer duralgalaryny döwrebaplaşdyrmak, Demirgazyk — Günorta ugry boýunça, şeýle-de Wolga derýasynyň üsti bilen ýükleri geçirmek, gämi gurluşygy we ýük daşamak bilen bagly meseleler dogrusynda, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, ulag-logistika infrastrukturasynyň, işewürligiň ösmegi, sebitde agrar önümleriň eksporty üçin taslamalara maýa goýmak ýaly meselelerede garaldy. 

Forumda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Hazarüsti halkara gatnaw ýollaryna işjeň goşulyşýar we bu ugurdaky kuwwatlyklary doly peýdalanmaga çalyşýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň netijeli ulanylmagy, öz gezeginde, milli deňiz flotuny has-da giňeltmäge, ýükleriň möçberini, üstaşyr geçirilmegini artdyrmaga we daşary ýurt gämileri üçin hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. 

Halkara forumyň çäginde şäheriň derýa duralgasyna gezelençler guralyp, medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy.

Eziz MATDYÝEW, «Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gämi gurluşyk toplumynyň başlygy.

 

30.04.2024 Giňişleýin

MILLI GYMMATLYKLARA SARPA

 

Be­ýik tu­tum­lar, şan­ly wa­ka­lar, şöh­rat­ly men­zil­ler mil­le­tiň buýsançly ta­ry­hy­ny ke­ma­la ge­tir­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri türk­men hal­kynyň müň­ýyl­lyk­la­ra uza­ýan şöh­rat­ly taryhy­nyň tä­ze al­tyn sa­hy­pa­la­ry­nyň ýa­zyl­ýan eý­ýa­my­dyr. Tür­ki medeniýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň — TÜRK­SOÝ-nyň He­mi­şe­lik ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan «Tür­ki dün­ýä­si­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly», Änew şä­he­ri­niň «Tür­ki dün­ýä­siniň me­de­ni paý­tag­ty» diýlip yg­lan edi­len hem-de ag­zy­bir hal­ky­my­zyň ýü­rek ar­zu­wy bi­len «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­guly Py­ra­gy» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän 2024-nji ýy­ly­my­zyň ta­ry­hy pur­sat­la­ry mu­ny jüm­le-ja­ha­na ýaý­ýar. Merda­na hal­ky­my­zyň gö­wün gu­şu­ny ga­nat­lan­dyr­ýan şeý­le şan­ly wakala­ryň maz­mun taý­dan bi­ri-bi­ri­niň üs­tü­ni ýe­tir­ýän gün­le­rin­de Arkadag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan gözbaş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly ki­ta­by­nyň çap­dan çyk­ma­gy kö­ňül buýsanjy­my­zy go­şa­lan­dyr­dy. 

Hormatly Prezidentimiz bu kitaby ýazmak bilen, öňde goýýan baş maksadynyň türkmen we daşary ýurtly okyjylaryny ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalaryň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdygyny aýratyn belläp geçýär. Şunuň ýaly asylly hem-de beýik maksat bilen ýazylan bu eser ýene-de bir buýsançly hakykaty, ýagny peder ýoluny dowamata atarýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň beýik taryhyna, ýeten belent derejelerine, umumadamzat ösüşiniň bölünmez synasy bolup durýan ruhy-medeni, taryhy gymmatlyklaryna bolan nusgalyk söýgi-sarpasyny aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. Şol bir wagtda, munuň özi hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň we jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde, ýaş nesilleriň ruhy hem-de ahlak taýdan kämilligini gazanmakda oýlanyşykly durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelerde taryhy-medeni mirasymyzy mizemez binýada öwren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny has-da berkidip, mazmun taýdan yzygiderli baýlaşdyrýandygyny hem doly tassyklaýar. Şunlukda, şöhratly geçmişimiziň gymmatly mirasyny öz gymmaty bilen geljege ýetirmekde we jahana ýaýmakda paýhasly döwlet syýasatymyz täze belentliklere göterilýär. Sebäbi bu gymmatly miras irki adamzat medeniýetiniň esaslandyrylmagyna ummasyz goşant goşan halkymyzyň synmaz erkiniň, agzybirliginiň, watansöýüjiliginiň, ýaşaýşa bolan nusgalyk söýgüsiniň misilsiz güwäsidir. Şeýle beýik hakykaty özünde jemleýän Änew topragynyň her daban ýeri adamzat ösüşiniň gadymy subutnamalaryny özünde jemleýär. 

Änew ak bugdaýy dünýä beren mukaddes toprak hasap edilýär. Munuň özi türkmen topragynyň gadymy ekerançylygyň gözbaşydygyna, oturymly ilatyň diňe bir ekerançylyk bilen däl, eýsem, hünärmentçilik, söwda-satuw bilen meşgullanyp, adamzat medeniýetiniň kemala gelmegine önjeýli goşant goşandygyna güwä geçýär. Ylmy maglumatlaryň, arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri arkaly tassyklanylan bu taryhy hakykatlar Änew medeniýetiniň adamzat siwilizasiýasynyň häzirki ýeten derejesindäki mynasyp ornunyň kepilidir. Hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby öz okyjylaryny şeýle buýsançly hakykatlaryň jümmüşine gaýybana syýahata alyp gitmek arkaly, döwürler bilen döwürleriň, nesiller bilen nesilleriň sazlaşykly arabaglanyşygyny üpjün edýär. 

Täze eser hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň köptaraply ösüşinde taryhy-medeni gymmatlyklarymyza möhüm ähmiýet berýändigini ýene bir ýola görkezdi. Döwlet syýasatymyzyň häsiýetli aýratynlygy bolup durýan şeýle tagallalaryň oňyn netijeleri ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty hasaplanylýan ýaş nesillerde halkymyza, eziz Watanymyza, şöhratly geçmişimize çäksiz buýsanç duýgularyny terbiýelemekde ýetilýän belent sepgitlerde ähli aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Bu bolsa öz nobatynda, bagtyýar ýaşlarymyzy täze taryhy eýýamda berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmak, hoşniýetli we ynamdar hyzmatdaş hökmünde ýeten belent derejesini has-da berkitmek babatda üstünliklere beslenýän taryhy tutumlara mynasyp goşant goşmak hyjuwyny has-da artdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen hyjuwly ýaşlarymyz pederlerimiziň miras galdyran medeni gymmatlyklarynyň, mertebeli ýollarynyň mukaddesligine çuňdan düşünýärler. Şeýlelikde, milli taryhy-medeni gymmatlyklarymyz ýaşlaryň kalbynda halkymyzyň beýikligine bolan buýsanç duýgusyna öwrülýär. 

Hormatly Prezidentimiziň özboluşly terbiýe mekdebine öwrülip, okyjylarynyň kal­byn­da iň naý­ba­şy duý­gy­ny — mil­le­tiň beýikligine bolan çäksiz buýsanç duýgusyny kemala getirýän ajaýyp eserleriniň höwri köp bolsun! 

Guwanç ÇENDIROW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

30.04.2024 Giňişleýin

HEŇŇAMLARYŇ JÜMMÜŞINE SYÝAHAT

 

Taryhy şahsyýetlerimiziň tirsegine galdyrylyp, däp-dessurlarymyzyň, milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylýan zamanasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eziz halkymyza sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby her birimiziň ylham çeşmämize öwrüldi. 

Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda ata Watanymyza arşy-agladan nuruň ýagandygy, dünýäni ýagtyltjak pikir-taglymatlaryň beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýändigi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzda bolup geçýän wakalaryň dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýändigi bellenilýär. Şeýle hem müňýyllyklary öz içine alýan gadymy Änewiň birnäçe dünýä medeniýetleriniň emele gelmegine ýetiren täsiri baradaky taryhy maglumatlar getirilýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýol-ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän, Milli Liderimiziň pikir-taglymatlaryna eýerýän hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda «Dünýäniň iň uly genji-hazynalarynyň biri — pikir» diýip belleýşi ýaly, çuňňur oýlanyşykly pikir ýöretmeleriň esasynda ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän halkara başlangyçlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldanylýar. Täze taryhy döwrümizde bolup geçýän wakalar parahatçylyga we özara ynanyşmaklyga gönükdirilen taglymatdan gözbaş alýar. Aslynda, bu jaýdar jümleleriň özeninde geçmişiň wakalary hem-de şöhratly pederlerimiziň «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr!» diýen danalyga ýugrulan tejribe ýoly ýatyr. Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda Gahryman Arkadagymyzyň döwletiň, halkyň ykbalyna dahylly zatlarda ownuk mesele diýen zat bolmaýandygy, her bir işe juda jogapkärçilikli çemeleşilmelidigi, halkyň bähbidine gönükdirilen meseleleriň her biriniň möhümdigi bilen bagly öwüt-ündewlerine salgylanmagy Milli Liderimiziň watansöýüjiliginiň, milletimiziň döredijilik ýoluna hormat-sarpasynyň näderejede beýikdiginiň aýdyň şöhlelenmesidir. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny okanyňda, bu ajaýyp eseriň müň ýyllyklaryň taryhy gatlaryny açyp görkezýän, täsirliligi bilen okyjynyň kalbyna nagyş çekýän, ylmy düşünjeleri we ýiti zehinli pähim-paýhasy bilen hakydalarda müdimilik orun alýan parasada eýedigine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Şeýle hem Änew medeniýetiniň, ekerançylygynyň we binagärliginiň milli nusgasynyň gadymy kökleri, ata-babalarymyzyň şöhratly ýoly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özgertmelerinde aýdyň şöhlelenýär. Türkmen halkynyň, hususan-da, Änew topragynyň şöhratly geçmişi, şanly şu günümiz hem-de nurana geljegimiz barada söz açýan bu kitap ählimiziň ýan kitabymyza, ajaýyp gollanmamyza öwrüldi. 

Şan-şöhratly taryhymyzy, milli medeniýetimizi, sungatymyzy äleme ýaýýan, halkymyzyň at-abraýyny tutuş dünýäde dabaralandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehininden döreýän şeýle eserleriniň höwri köp bolsun! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

 

Amangeldi HEZZIÝEW,

 welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

25.04.2024 Giňişleýin

ŞÖHRATLY GEÇMIŞDEN ŞANLY GELJEGE

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Her bir halk özüniň taryhy bilen şöhratlanýar, türkmen halkynyň baý taryhy bolsa häzirki döwrümizde döwletimize şan-şöhrat, halkymyza uly abraý getirýär. Türkmeniň taryhyny anyk maglumatlar esasynda çeper dilde beýan edýän bu täze kitapda diňe bir Änew medeniýeti barada söz açylmak bilen çäklenilmän, halkymyzyň durmuşy, asyrlaryň dowamynda gazananlary, zähmetsöýerligi, paýhaslylygy, sungaty hem öz beýanyny tapýar. 

Täze kitap döwlet Baştutanymyzyň geçmişimize bolan sarpasynyň, söýgi-buýsanjynyň alamaty bolmak bilen, ol her bir okyjy üçin halkymyzyň, ýurdumyzyň taryhyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. Änew medeniýeti ylmy esasda öwrenilmäge juda mynasypdyr. Sebäbi orta asyrlarda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Änew galasy gülläp ösen şäherçä öwrülip, ol häzirki döwürde-de meşhur, täsinlige baý künjek hasaplanýar. Täze kitap hem Änew ýaly gadymy ojagy goýnunda jemleýän Türkmenistan döwletiniň müňýyllyklaryň dowamynda geçen menzillerinden, döwlet gurmagyň nusgasyny görkezen ata-babalarymyzyň agzybirlik taglymatyndan söz açýar. 

«Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndaky: «Eziz Watanyň, Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň, berkarar döwletiň gadyr-gymmatyna düşünýän halk beýik halkdyr. Biziň halkymyz başarnykly halkdyr. Biz halkymyz bilen bilelikde beýik işleri bitirmäge ukyplydyrys» diýen ganatly sözleri hormatly Prezidentimiziň öz halkyna bolan söýgi-buýsanjynyň, belent ynamynyň beýanydyr. Milli ýörelgelerimize esaslanýan halk demokratiýasynyň giňden dabaralanýan zamanasynda öz halkyna daýanyp, bedew batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzyň beýik geljegini gurýan hormatly Prezidentimiziň döwet-galamyndan çykan ajaýyp eserleri agzybirlige we watanperwerlige özboluşly çagyryşdyr. 

 

Annabagt Ma­ýewa, 

welaýat Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

25.04.2024 Giňişleýin

TELEKEÇILIK ÖSÜŞ ÝOLUNDA

 

Güneşli Diýarymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagyny ösdürmek we goldamak döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan özgertmekde telekeçilige uly orun degişlidir. Telekeçiler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen badalga berilýän maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bu gün döwletiň ylmy-tehnologik özgertmeler babatdaky syýasatyny durmuşa geçirmekde, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri nusgalykdyr» diýen sözleri munuň subutnamasydyr. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin örän amatly hukuk, ykdysady, maliýe hem-de durmuş şertleri döredilýär. Döwlet derejesinde edilýän aladalar telekeçilerimizi netijeli işlemäge ruhlandyrýar. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň içerki bazary üpjün etmek bilen bir hatarda, daşary ýurt bazarlarynda-da barha giň orun almagy juda guwandyryjydyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ata Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmek, telekeçilik işi bilen meşgullanýanlary goldamak üçin has amatly şertleri üpjün edýän resminamalaryň kabul edilmegi, her ýylda işewür telekeçileriň gazananlarynyň gözden geçirilişiniň, öndürýän önümleriniň sergisiniň guralmagy, olara ýeňillikli karz serişdeleriniň yzygiderli berilmegi telekeçileriň has öndürijilikli işlemeklerine ýardam edýär. 

Ýurdumyzyň telekeçileriniň medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalary gurmakda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýär. Döwlet tarapyndan berilýän hemaýat-goldawlardan, döredilýän giň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan telekeçileriň gazanýan zähmet üstünlikleri abadan we bagtyýar durmuşymyza gönükdirilýär. Türkmen telekeçileri bolsa özleri hakynda edilýän uly aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarlar. 

 

Tuwakgylyç Weliýew, 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

25.04.2024 Giňişleýin

ILGÜN BÄHBITLI TAGALLALAR

 

Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimizde belent sepgitlere eýe bolunýar. Durmuşa geçirilýän özgertmeleriň bady artyp, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýy ýyl saýyn ýokarlanýar. Şeýle ösüş-özgerişli depginiň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda has-da rowaçlanýandygy guwandyrýar. 

Golaýda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welaýatymyzda iş sapary bilen bolmagy üstümizdäki ýylyň möhüm wakasy boldy. Hormatly Prezidentimiz iş saparynyň barşynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyşyna ak pata berdi. Munuň özi ulag ulgamynda iri taslamanyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem şu dabarada döwlet Baştutanymyzyň welaýatymyzyň ýolagçylaryna täze awtobuslaryň 200-e golaýyny sowgat etmegi il-günümizi begendirdi. Dogrusy, hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş sapary güni şatlykly wakalara baý boldy. Şol gün Mary şäherinde durky täzelenen welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gözel binasy hem ulanmaga berildi. Merkezde eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda döredilen şertler olara edilýän lukmançylyk hyzmatyny hil taýdan ýokary derejelere çykarmaga mümkinçilik berer. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gadymy Mary topragynda iş sapary bilen bolan güni ýene bir şatlykly waka il-günümiziň kalbyna nur çaýdy. Has takygy, şol gün welaýat merkezimiziň günbatarynda iki gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 59-synyň ulanmaga berilmeginiň dabarasy alyslara aşdy. 

Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş sapary il-gün bähbitli tagallalar bilen dabaralandy. Munuň özi güneşli Diýarymyzyň ýeňişli menzilleriniň rowaçlanýandygyny äşgär edip, täze sepgitlere ruhlandyrdy. 

 

Çary GURBANMYRADOW. 

Mary etrap hassahanasynyň 2-nji çagalar bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

25.04.2024 Giňişleýin

TUTANÝERLI ZÄHMET ÝEŇŞE ÝETIRÝÄR

 

Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň ygtybarly ösdürilmegine itergi berýär. Üstünlikli amala aşyrylýan beýik özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ösüşleriň belent basgançaklaryna çykmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Önümçilik kuwwatlyklaryna öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýokary görkezijileriň gazanylmagyna mümkinçilik berýär. 

Garagum pagta arassalaýjy kärhanamyzda-da işler şu günüň ýokary talabyna laýyklykda guralýar. Kärhanamyzda zähmetsöýer daýhanlarymyzyň päk zähmetinden kemala gelýän “ak altyny” gaýtadan işlemekde uly işler bitirilip, şu işleriň sazlaşykly guralmagynda ýetişdirilýän pagta hasylyndan gymmatly çig mal bolan süýüm almakda, onuň hiliniň ýokary bolmagyna gowy görkezijiler gazanylýar. Ýokary hilli pagta süýümi bolsa ýurdumyzyň dokma senagatynyň kärhanalarynyň öndürijilikli işini üpjün edýär. Has takygy, pagta arassalaýjy kärhanalarda öndürilýän süýümden alynýan ýüplükler öňdebaryjy tehnologiýaly egirme-dokma fabriklerimizde ýokary hilli we bäsleşige ukyply taýýar önümleriň öndürilişini kepillendirýär. 

Kärhanamyzyň bölümlerinde önümçiligiň tehnologiki düzgün-nyzamynyň talaplary berk berjaý edilýär. Önümiň hiliniň ýokary talaplara laýyklygy üpjün edilýär. Kärhanamyzda üstümizdäki — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ýaz ekişine tohumçylyk gowaça çigidini taýýarlamakda uly işleri bitirildi. 

Pagta arassalaýjy kärhanamyzyň zähmetsöýer işçileri beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy belleniljek ýyly zähmet ýeňişlerine beslemek maksady bilen döredijilikli zähmet çekýärler. Tutanýerli zähmet bolsa, ýeňşe ýetirýär. 

 

Kerwen ZYRRYÝEW. 

Garagum pagta arassalaýjy kärhanasynyň tehniki

 howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça baş hünärmeni, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

25.04.2024 Giňişleýin

ZYÝANLY ENDIK— JANA ZULUM

 

Hakykatdanam, alymlaryň we lukmanlaryň seljermeleri çilimkeşligiň jana zulumdygyny, onuň ynsanyň saglygyna uly zyýan ýetirýändigini subut edýär. Şonuň üçinem temmäki önümleriniň ulanylmagyna, çilimkeşlige garşy göreşmek hemişe derwaýyslygyna galýar. Çilim çekilende ol adamyny ýuwaş-ýuwaşdan zäherleýär. Iň ýaman ýerem, çilim çekýäniň ýanyndakylar ýa-da maşgala agzalary hem temmäkidäki nikotinden dem alyp zäherlenýärler. 

Temmäki tüssesi ynsan saglygyna köp taraplaýyn zyýan ýetirýär. Aýratynam, dem alyş ýollaryna, öýkene ýetirýän zyýany has-da uludyr. Sebäbi, çilimiň tüssesiniň düzümi juda maýdajyk bölejiklerden ybarat bolup, ol bronhit, dem gysma, öýkende çiş döremelere getirip bilýär. Çilim çekmegiň ýene bir zyýanly tarapy, çilim tüssesi arteriýa damarlaryny gatadýar, damarlary daraldyp, gan akymynyň bedene barýan mukdary azalýar. Gan akymynyň ýetmezçiligi bolsa, ýürek gan-damar ulgamynda dürli keselleriň döremegine getirýär. Şeýle hem dowamly çilim çekilende ateroskleroz keseli emele gelýär. Temmäki tüssesiniň düzümindäki nikotin aýak we el damarlaryndaky gan aýlanyşygyny bozup, ynsan saglygyna uly zeper ýetirýär. Bulardan başga-da, çilimiň tüssesi çilimkeşiň dişlerini saraldýar, iýmit siňdirişi peseldýär, bu bolsa, aşgazanyň kadaly işini bozýar. 

Ýokarda biz temmäki tüssesiniň adamyň saglygyna ýetirýän zyýanynyň käbirlerini ýatlap geçdik. Şeýle etmek bilen biz ýaramaz endikleriň biri bolan çilimkeşlikden daşda bolunmagyny nygtamakçy bolýarys. Biz düşündiriş işine-de uly üns berýäris. Şu işiň maksady keselleriň döremeginiň öňüni almakdan ybarat bolup, çilimkeşlikden, naskeşlikden daşda bolunmagyny wagyz-nesihat etmekdir. Anyk mysallar arkaly berýän gürrüňimiz adamlarda uly täsir galdyrýar. Şeýle çärelerimiz keseli bejereniňden öňüni almagyň bähbitlidigine gönükdirilendir. 

 

Atamyrat AMANDURDYÝEW. 

S.Türkmenbaşy şäherçesindäki saglyk merkeziniň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

25.04.2024 Giňişleýin

ELEKTRIK ENERGIÝASY: HUKUK BINÝADYNY PUGTALANDYRYP

Döwletiň ösüşini, halkyň abadan durmuşyny üpjün etmekde elektrik energiýasyna wajyp orun degişli. Şoňa görä-de, milli ykdysadyýetiň möhüm ugry bolan energetika pudagy depginli ösdürilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda jemi kuwwaty 7000 megawata deň 12 sany elektrik bekedi hereket edýär. Halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça işler güýçli depginde alnyp barylýar. Şunda 2021-nji ýylda Ahal-Balkan, 2023-nji ýylda Mary-Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijileriniň birikdirilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Häzirki wagtda Balkan — Daşoguz ugry boýunça geçirijiniň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle iri taslamalaryň amala aşyrylmagy içerki elektrik üpjünçiligini ýokarlandyrmakda, türkmen elektrik energiýasyny dünýä bazarlaryna çykarmakda giň mümkinçilikleri açýar. 

Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­my­zyň­ «Türk­me­nis­ta­nyň­ elekt­roe­nerge­ti­ka­ kuw­wa­ty»­ at­ly­ ki­ta­by­ puda­gyň­ geç­mi­şin­den,­ şu­ gü­nünden­ we­ geljeginden­ söz­ aç­mak bi­len,­ on­da­ şeý­le­ bel­le­nil­ýär:­ «Ener­ge­ti­ka­ pudagy­nyň­ ösü­şi yl­my­ esas­la­ra,­ berk­ hu­kuk­ binýa­dy­na,­ ta­kyk­ iş­le­nip­ düzü­len mak­sat­na­ma­la­ra­ da­ýan­ýar.­ Ýurdu­myz­da­ «Ener­gi­ýa­ny­ tygşytlama­gyň­ 2018­-2024-­nji­ ýyl­lar üçin­ Döw­let­ mak­sat­na­ma­sy»,­ «Türk­me­nis­ta­nyň ­ener­ge­ti­ka­ diplo­ma­ti­ýa­sy­ny­ ös­dür­me­giň­ 2021­ —­2025­nji­ ýyl­lar­ üçin­ Mak­sat­nama­sy»,­ «Ener­gi­ýa­nyň­ di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri­ni­ ös­dür­mek­ bo­ýun­ça 2030­-njy­ ýy­la­ çen­li­ Türk­me­nis­tanyň ­Mil­li­ strategiýasy»,­ «Ener­giýa­nyň­ di­kel­dil­ýän­ çeş­me­le­ri­ hakyn­da» Türkmenista­nyň­ Ka­nu­ny ka­bul ­edil­di». 

Tä­ze­ ta­ry­hy­ dö­wür­de­ döw­let ener­ge­ti­ka­ sy­ýa­sa­ty­ny­ üs­tün­likli­ durmu­şa­ ge­çir­mek,­ bu­ ugur­da al­nyp­ ba­ryl­ýan­ iş­le­riň­ ka­nun­çylyk­ binýady­ny­ has-­da­ kä­mil­leşdir­mek­ mak­sa­dy­ bi­len,­ Türk­menis­ta­nyň­ Mejli­sin­de­ «Ener­gi­ýa­ny tyg­şyt­la­mak­ we­ ener­gi­ýa­dan ne­ti­je­li­ peýdalanmak­ ha­kyn­da»­ Ka­nu­nyň­ tas­la­ma­sy­ iş­le­nip­ taýýar­la­ny­lyp,­ nobat­da­ky,­ 5­-nji­ masla­hat­da­ ka­bul­ edil­di.­ Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň­ gol­ çe­kme­gi­ bilen, ­tä­ze ­Ka­nun ­he­re­ke­te­ gi­ri­zil­di.­ «Ener­gi­ýa­ny­ tyg­şyt­la­mak­ we ener­gi­ýa­dan­ ne­ti­je­li­ peý­da­lanmak­ ha­kyn­da»­ Türk­me­nis­ta­nyň Kanuny­ 8­ bap­dan,­ 44­ mad­dadan ­yba­rat­ bo­lup,­ ol­ ener­gi­ýa­nyň tygşytlanyl­ma­gy­ny hö­wes­lendir­me­giň­ hem­-de­ ener­gi­ýa­dan peýdalanylma­gy­nyň­ ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň­ hu­kuk,­ yk­dysa­dy­ we­ gu­ra­ma­çy­lyk­ esas­la­ryny­ bel­le­ýär.­ Ka­nun­da­ ula­nyl­ýan esa­sy­ düşünjele­re­ dü­şün­di­riş­ler be­ril­di­ hem­-de­ bu­ ugur­da­ döwlet­ sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­ma­gyň döw­re­bap ­ýö­rel­ge­le­ri ­we ­ka­da­lary­ kes­git­le­nil­di.­ Energi­ýa­ny­ tygşyt­la­mak ­we ­ener­gi­ýa­dan ­ne­ti­je­li peý­da­lan­mak­ ha­kyn­da­ Türk­menis­ta­nyň­ ka­nun­çy­ly­gy­ Türk­menis­ta­nyň­ Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na­ esaslan­mak­ bi­len,­ ol­ şu­ Ka­nun­dan hem­-de­ gaý­ry­ ka­da­laş­dy­ry­jy­ hukuk na­ma­la­ryn­dan ­yba­rat­dyr. 

Ka­nun­da ­Ener­gi­ýa­ny ­tyg­şyt­lamak­ we­ on­dan­ ne­ti­je­li­ peý­da­lanmak­ ba­ba­tyn­da­ky­ gat­na­şyk­la­ryň sub­ýekt­le­ri­ we­ ob­ýekt­le­ri,­ ýangyç­ ener­gi­ýa­ se­riş­de­le­ri­ni­ sarp edi­ji­le­riň­ hu­kuk­la­ry­ we­ borç­la­ry kes­git­le­nil­di. 

Hu­kuk res­mi­na­ma­syn­da döw­let ta­ra­pyn­dan şu ýö­rel­geler­ bellenilýär:­ ýag­ny ­ener­gi­ýa­ny tyg­şyt­la­mak­ ba­bat­da­ky­ çä­re­le­ri yl­my tehni­ki ­we ­yk­dy­sa­dy ­taý­dan esas­lan­dyr­mak, do­lan­dy­ry­şyň we­ gözegçiligiň­ ul­gam­la­ýyn­ly­gy,­ ener­gi­ýa­dan peý­da­lan­ma­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni­ ýo­kar­lan­dyr­ýan­ enjam­la­ryň,­ teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň­ we ma­te­ri­al­la­ryň­ ornaşdyryl­ma­gy­ny ile­ri­ tut­mak,­ ýan­gyç ­ener­gi­ýa­ seriş­de­le­ri­niň­ öndürilme­gi­ we­ sarp edil­me­gi­ ba­bat­da­ de­ňag­ramlaş­dy­ry­lan­ ba­ha­ syýasaty­ny­ we nyrh­ eme­le ­ge­ti­ri­şi­ alyp ­bar­mak.­ Ka­nun­da­ döw­let­ maksat­na­masy­ny, ­gys­ga ­we ­uzak ­möh­let­le­ýin mak­sat­na­ma­la­ry­ taýýarlamak,­ ola­ryň ­aý­ra­tyn­lyk­la­ry,­ ga­ra­şyl­ýan ne­ti­je­le­ri,­ şeý­le­-de­ Türkme­nis­tanyň­ Döw­let­ býu­je­ti­niň­ se­riş­de­leri­niň,­ mak­sat­na­ma­la­ry ýerine ­ýeti­ri­ji­le­riň­ öz­ se­riş­de­le­ri­niň,­ bank karz­la­ry­nyň, ­ka­nun­çy­lyk­da­ gadagan ­edil­me­dik ­gaý­ry­ se­riş­de­le­riň ener­gi­ýa­ny­ tyg­şyt­la­ma­gyň­ we ondan­ ne­ti­je­li­ peý­da­lan­ma­gyň mak­sat­na­ma­la­ry­ny­ ma­li­ýe­leş­dirme­giň­ çeş­me­le­ri­ bo­lup­ dur­ýandy­gy­ bi­len­ bag­ly­ ka­da­lar­ be­ýan edil­di.­ Şeý­le ­hem ­ener­ge­ti­ki­ barlag ­we­ ener­goau­dit,­ bu ­bar­la­gyň gör­nüş­le­ri­ we­ we­zi­pe­le­ri,­ energoau­di­tor­ eda­ra­la­ry­nyň­ hu­kuk­lary­ we­ borç­la­ry,­ bar­la­gyň­ ge­çi­rilme­gi­ üçin­ şert­na­ma­ bag­laş­mak,­ sel­jer­mek,­ umu­man,­ bar­lag­ geçir­me­giň­ hu­kuk­ esas­la­ry­ anyk be­ýan ­edil­di.­ 

Äh­li­ ugur­lar­da­ bol­şy­ ýa­ly,­ ener­gi­ýa­ny­ tyg­şyt­la­mak,­ on­dan ne­ti­je­li­ peý­da­lan­mak­ ba­ba­tynda­ döw­let­ gol­daw­la­ry­nyň­ ber­li­şi Ka­nun­da­ göz­ öňü­ne­ tu­tu­lyp,­ bu ba­bat­da­ ne­ti­je­li­li­gi­ ýo­kar­lan­dyrma­gyň­ hu­kuk,­ ykdysady­ we­ gura­ma­çy­lyk­ esas­la­ry­ öz­ be­ýa­ny­ny tap­dy.­ Ka­nun­da­ energiýa­ny­ tygşyt­la­mak­ hem­-de­ ener­gi­ýa­dan ne­ti­je­li­ peý­da­lan­mak­ babatyn­da döw­let­ sy­ýa­sa­ty­ny­ dur­mu­şa­ geçir­mek­ mak­sa­dy­ bi­len,­ energiýa taý­dan­ ne­ti­je­li­ teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak­ we­ ener­ge­ti­ki­ menejmen­ti­ ama­la­ aşyr­mak ­ba­ba­tyn­da hü­när­men­le­riň­ taý­ýar­la­nyl­ma­gy,­ ola­ryň­ hü­när­ de­re­je­si­niň­ ýo­karlan­dy­ryl­ma­gy­ ba­ra­da­ky­ ka­da­lara­ hem­ orun­ be­ril­di.­ Bu­ ugur­da döw­let­ gol­da­wy­nyň­ ugur­la­ry,­ ener­gi­ýa­nyň­ tygşyt­la­nyl­ma­gy­ny we ­on­dan­ ne­ti­je­li­ peý­da­la­nyl­magy­ny­ höweslendirme­giň­ çä­re­le­ri,­ döw­let­ mag­lu­mat­ üp­jün­çi­li­gi,­ bu ugur­da­ köp­çü­lik­le­ýin ha­bar­ be­riş se­riş­de­le­rin­de­ mak­sat­na­ma­la­ryň çap­ edil­me­gi,­ ila­tyň­ ha­bar­ly­ly­gynyň­ ga­za­nyl­ma­gy,­ wa­gyz­ edil­megi­ bi­len­ bag­ly­ ka­da­lar­ Ka­nu­nyň äh­mi­ýe­ti­ni­ has-­da­ art­dyr­ýar.­ 

Ka­nun­da ­bel­le­ni­li­şi ­ýa­ly,­ energi­ýa­ny­ tyg­şyt­la­mak­ we­ ener­giýa­dan­ ne­ti­je­li­ peý­da­lan­mak­ baba­tyn­da­ hal­ka­ra­ hyz­mat­daş­lyk Türk­me­nis­ta­nyň­ ka­nun­çy­ly­gy­na,­ hal­ka­ra­ hu­ku­gyň­ umu­my­ yk­rar edi­len­ ýö­rel­ge­le­ri­ne­ hem­-de­ kada­la­ry­na,­ döw­le­ti­mi­ziň­ hal­ka­ra şert­na­ma­la­ry­nyň­ düz­gün­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ­ama­la­ aşy­ryl­ýar.­ 

Ka­nun­ dür­li­ mak­sat­ly­ bi­na­lardyr­ des­ga­lar­ gur­lan­da, ­gur­lu­şykla­ryň­ teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny­ kä­mil­leşdir­mä­ge,­ gur­lu­şyk­da­ eko­lo­gi­ýa taý­dan­ aras­sa,­ ýy­ly­ly­gy­ we­ sowuk­ly­gy­ ge­çir­me­ýän­ gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry­ny­ ön­dür­mä­ge­ hem-de­ ulan­ma­ga,­ olar­da ­ener­gi­ýa­ny tyg­şyt­laý­jy­ döw­re­bap­ tehnologiýala­ry­ or­naş­dyr­ma­ga,­ «ýa­şyl»­ ener­ge­ti­ka­nyň­ ta­lap­la­ry­ny­ durmu­şa­ ge­çir­mä­ge­ müm­kin­çi­lik ber­mek­ bi­len,­ bu­ ugur­da­ al­nyp barylýan ­iş­le­riň ­hu­kuk ­bin­ýa­dy­ny düz­ýär.­ 

Tä­ze­ hu­kuk­ res­mi­na­ma­sy­ di­ňe bir­ ul­ga­myň ­däl,­ eý­sem,­ ykdysadyýe­tiň ­äh­li­ ugur­la­ryn­da ­ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň­ tygşytlanylmagyny ­we ­ne­ti­je­li­ peý­da­la­nyl­ma­gy­ny hem­ üp­jün­ eder.­ Türkme­nis­tanyň­ ener­gi­ýa­ny­ da­şa­ry­ ýurt­la­ra eks­port­ ed­ýän,­ bu­ ugur­da­ ägirt uly ­müm­kin­çi­lik­le­re ­eýe­ ýurt­ hökmün­de­ dün­ýä­dä­ki­ or­nu­ny­ has­-da pug­ta­lan­dyr­mak­da ­tä­ze ­Ka­nu­nyň mö­hüm­ or­nu­nyň­ bol­jak­dy­gy­na berk ynan­ýa­rys.­ 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet 

we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.

24.04.2024 Giňişleýin
1 ... 72 73 74 75 76 ... 109