Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMEN-PALESTINA PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY


2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Palestina döwletiniň Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad Al-Malki bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda Bitarap ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky daşary syýasatyna laýyklykda iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy myhmany Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we onuň alyp barýan işleri, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirýän işler bilen tanyşdyrdy. 

Duşuşygyň soňunda taraplar geljekde ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlaryny döretmek,  şeýle hem döwletara hyzmatdaşlygyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak babatda hyzmatdaşlyk etmeklige taýýardyklaryny bellediler. 

25.08.2023

Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonuň arasynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň ýolbaşçysy myhmanlary mähirli garşylap, dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony oňa ýokary sylagyň — “Bitaraplyk” ordeniniň gowşurylmagy bilen gutlady hem-de alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy koreýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklaryny belläp, iki döwletiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda parlamentara dialogyň ähmiýetli ornuna ünsi çekdi.

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy mähirli kabul edilendigi hem-de gutlaglar üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, türkmen-koreý gatnaşyklarynyň oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Netijeli parlamentara hyzmatdaşlyk bu gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine ýardam berýär.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara dialogyň soňky ýyllarda ýetilen ýokary derejesine oňyn baha berip, iki ýurduň däp bolan hem-de ilkibaşdan deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyga täze depgin bermäge gyzyklanmalaryny bellediler.

Duşuşygyň çäklerinde Mejlisiň Başlygy myhmanlary milli parlamentiň düzümi hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly özgertmelerini amala aşyrmaga gönükdirilen kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyrdy. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän özgertmelere durnukly ösüş häsiýetini berýän birnäçe kanunlar, kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.

Bellenilişi ýaly, Koreýa Respublikasy Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Muňa iki dostlukly döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyldan gowrak döwrüniň dowamynda emele gelen netijeli hyzmatdaşlyk hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek, parlament diplomatiýasynyň hem-de parlamentara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak baradaky pikiri beýan etdiler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, netijeli hyzmatdaşlyk, şol sanda parlamentleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, koreý parlamentarileriniň Aşgabada saparynyň hem-de onuň çäklerinde geçirilen şu günki duşuşygyň bu hyzmatdaşlyga oňyn häsiýet berjekdigine ynam bildirildi.

Soňra Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş edip, koreý tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenildi. Şu döwrüň dowamynda syýasy, ykdysady, ynsanperwer we beýleki ugurlarda uly tejribe toplandy. Milli Assambleýanyň Başlygy döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändiklerini nygtap, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini kanunçylyk taýdan üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegiň möhümdigi baradaky pikiri aýtdy. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabrynda Seula amala aşyran saparynyň barşynda geçirilen duşuşygyň iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryna täze depgin berendigi nygtaldy.

Kim Çžin Pýo çykyşynyň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň çäklerinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, bilelikdäki taslamalaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem dürli köptaraplaýyn meýdançalarda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo sözüniň ahyrynda parlamentara dialog arkaly ýurtlarymyzyň has-da ýakynlaşmagy, olaryň ösmegi, halklarymyzyň abadançylygy üçin täze mümkinçilikleri açmagyň parlamentarileriň öňünde durýan möhüm wezipedigini nygtady.

20.07.2023

Türkmenistan — Ýaponiýa: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Masuşita Şinpeý bilen duşuşyk boldy.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa myhmany mähirli mübärekläp, döwlet durmuşynda parlamentarileriň ornunyň barha artýandygyny aýtdy. Bu gün parlamentara hyzmatdaşlyk ýurtlaryň arasynda netijeli gatnaşyklary üpjün etmegiň, halkara hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar.

Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny bildirip, ýapon-türkmen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Parlamentara gatnaşyklar bu hyzmatdaşlygyň depginli ösdürilmegine ýardam berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň güýzünde Ýaponiýa saparynyň dowamynda parlament diplomatiýasyny ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlary bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde aýratyn orun eýeledi.

Türkmenistanyň berk kanunçylyk binýadynyň bu ugurdaky iň gowy dünýä tejribesini özünde jemleýändigi bellenildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilen özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine ýardam berýän kanunlar, kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip taýýarlanylýar hem-de kabul edilýär.

Duşuşykda kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, parlamentara gatnaşyklaryň bar bolan kuwwatyny giňden ulanmagyň meselelerine garaldy.

Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşmak hormatynyň özüne miýesser edendigini belledi. Myhman bu şanly wakanyň ýurduň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny nygtady we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyna bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda şu gezekki duşuşygyň iki ýurduň we olaryň halklarynyň dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirildi.

29.06.2023

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ILAT GAZNASYNYŇ (UNFPA) TÜRKMENISTANDAKY ÝURT BOÝUNÇA DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI


2025-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň ýolbaşçysy myhmany bu wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de alyp barjak işlerinde we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Myhman Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, türkmen Parlamentiniň işi bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda Ilat gaznasy (UNFPA) bilen bilelikde enäniň we çaganyň saglygyny goramak, maşgalany we ýaşlary goldamak, gender deňligini üpjün etmek babatda toplumlaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi kanagatlanma bilen bellenip geçildi we geljekde bilelikde geçirilmeli çäreler ara maslahatlaşyldy.

Şeýle hem ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk esaslarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň ähmiýeti nygtaldy. 

26.03.2023
1 ... 7 8 9 10 11 12 13