Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

ISPANIÝA PATYŞALYGYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistana bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Markos Gomes Martinesden ynanç hatyny kabul etdi. 

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

 

Şeýle hem, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy ilçini türkmen parlamentiniň düzümi hem-de köpugurly işi bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, geljekde parlamentara gatnaşyklary halkara parlament düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. 

 

Duşuşygyň ahyrynda Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistana bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Markos Gomes Martines iki ýurduň bähbitlerine doly laýyk gelýän köpugurly we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

29.09.2023

Si Szinpin Serdar Berdimuhamedowy gutlady

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpinden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen gutlagynda HHR-iň Başlygy:

— Doglan günüňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Şu ýylyň ýanwarynda Siz Hytaýa üstünlikli sapary amala aşyrdyňyz. Maý aýynda Siz «Hytaý — Merkezi Aziýa» sammitine gatnaşmak üçin ýene bir gezek Hytaýa geldiňiz. Saparyň barşynda biz Siziň bilen dostlukly, netijeli pikir alyşmalary geçirdik hem-de esasy ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça möhüm ylalaşyklary gazandyk. Munuň özi hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy — diýip belleýär.

Şeýle-de Si Szinpin iberen gutlag hatynda hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýändigi we «Bir guşak, bir ýol» atly bilelikdäki başlangyjyň Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasy bilen utgaşdyrylmagyny yzygiderli ilerledip, Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga, energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýardygy barada ýazýar.

Gutlag hatynyň ahyrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk we işinde üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýär.

22.09.2023

Putin Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putinden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag haty gelip gowuşdy. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen gutlagynda rus Lideri türkmen kärdeşini doglan güni bilen gutlaýar.

— Russiýada Siziň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ähli ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlyga goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berilýär. Biziň dostlukly halklarymyzyň abadançylygynyň, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça netijeli gatnaşyklarymyzyň, bilelikdäki ysnyşykly işimiziň dowam etdirilmegine umyt edýärin — diýip, Wladimir Putin gutlag hatynda belleýär.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti gutlagynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, döwlet işinde üstünlikleri arzuw edýär.

22.09.2023

Adalatçynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Hindistan Respublikasyna iş sapary başlandy

Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ý.Gurbannazarowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň goldamagynda Hindistan Respublikasyna iş sapary başlandy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Adam hukuklary hakyndaky Ählumumy jarnamanyň 75 ýyllygyna we milli adam hukuklary edaralaryň we Pariž ýörelgeleriniň 30 ýyllygyna bagyşlanan Aziýa-Ýuwaş umman milli adam hukuklary edaralarynyň forumynyň 28-nji ýyllyk umumy ýygnagynyň we konferensiýanyň işine gatnaşmagyna garaşylýar. Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň ýurtda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda toplanan tejribe hakynda, şol sanda APF bilen bilelikde amala aşyrylan işler barada çykyş etmegi göz öňünde tutulýar.

Habarda bellenilişi ýaly, her ýylda geçirilýän Aziýa-Ýuwaş ummany forumy – bu APF-niň agzalarynyň we geňeşçileriniň duşuşygy bolmak bilen, ýyllyk edilen işlere, ýetilen sepgitlere seljerme geçirmäge mümkinçilik berýär. Forumyň maksatnamasy guramanyň saýlawly wezipelerine saýlawlary geçirmegi, guramanyň ol ýa-da beýleki ugurlar boýunça syýasatyny kabul etmegi, ýyllyk audit barlaglarynyň geçirilişini tassyklamagy öz içine alýar.

22.09.2023

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.

Bu waka eziz Watanymyzyň döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu konsepsiýada Milletler Bileleşigi bilen strategik gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde bu hyzmatdaşlyk täze many-mazmuna eýe boldy.

Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni BMG-niň ştab-kwartirasyna tarap ugrady.

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit hem-de halkara derejede 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň bähbidine özüniň baý döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanýar. BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň işine gatnaşmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, muňa Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde yzygiderli işiň dowamy hökmünde garalýandygyny bellemek gerek.

BMG-niň ştab-kwartirasyna gelende, döwlet Baştutanymyzy BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň Başlygy Dennis Frensis mähirli garşyladylar.

Bu ýerde ECOSOC zalynda BMG-niň Baş sekretarynyň adyndan resmi kabul edişlik boldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.

Şu sessiýanyň gün tertibi okgunly ykdysady ösüşe ýardam bermek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine, howplaryna garşy durmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, adam hukuklary ýaly möhüm ugurlara we beýlekilere degişli meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar.

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlaryny beýan etdi.

Çykyşynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň başlanmagy bilen gutlady we netijeli işlemegi arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz ilçi Dennis Frensisi Baş Assambleýanyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlady hem-de oňa şu jogapkärli döwürde alyp barjak işinde goldaw we ýardam beriji sözlerini beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy biziň guramamyzyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr. Köp sanly sebäplere görä, häzirki zaman dünýäsi örän düýpli wehimleriň birnäçesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýüze çykmagynyň aýratynlyklary bilen, olaryň ählisi döwletara gatnaşyklaryň barşyna azda-kände täsir edýär. Ählumumy gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ylalaşylan ösüş meýilnamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýygy-ýygydan ýaramaz täsirini ýetirýär. Bu bolsa, öz gezeginde, BMG-niň esasy işi hökmünde ählumumy howpsuzlygyň düýpli sütünleriniň weýran bolmagyna getirip biler. Muňa, elbetde, ýol bermek bolmaz diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Şundan ugur alyp, Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bir-birinden aýrylmazlygy ýörelgesini berk we durnukly goraýar. Biz harby we syýasy howpsuzlyga ykdysady, ekologik, tehnogen, energetika, ulag, azyk, biologik, maglumat howpsuzlygyndan aýrylykda seredip bolmajakdygyna ynanýarys. Sanalyp geçilen ugurlaryň hiç biri ikinji derejeli ýa-da möhüm däl bolup bilmez, olary çözmegi bolsa has giçki möhlete goýup bolmaz diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Men BMG-niň baş wezipesi howpsuzlyk meselesine hut şeýle, utgaşykly çemeleşmegi üpjün etmekden ybaratdyr diýip hasaplaýaryn. Agza döwletleriň tejribesini, ygtyýarlylygyny, ideýasyny we başlangyçlaryny döredijilikli ugra gönükdirmeli diýip pikir edýärin. Hakyky ykbal kesgitleýji maksatlara ýetmek üçin wagtlaýyn bähbitlerden we artykmaçlyklardan el çekmeli diýip hasap edýärin. Şol maksatlar pugta parahatçylygy we howpsuzlygy, uzak döwür üçin ösüşi üpjün edip biler diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Nygtalyşy ýaly, muny bolsa diňe bilelikde we Birleşen Milletler Guramasynyň aýgytly orny bolanda gazanyp bolar. Häzirki zaman dünýäsinde BMG-niň orny baradaky çekişmeler, ony özgertmek boýunça teklipler netijesinde, bu guramanyň ýerini tutjak edaranyň ýokdugy üýtgewsiz we äşgär bolup galýar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň bu meseledäki düýpli garaýyşlary barada aýdyp, esaslandyrylan gününden bäri geçen onýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, BMG-niň häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak, ählumumy hem-de hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýändigine ünsi çekdi. Munuň özi Türkmenistanyň düýpli garaýşydyr.

Şoňa görä-de, bolup geçýän wakalara hem-de meýillere oýlanyşykly, ideologiýalaşdyrylmadyk bahany bermek, dünýä syýasatynda ynamsyzlygy, gapma-garşylykly dartgynlylygy ýeňip geçmek, ylalaşyk, bähbitleri özara hasaba almak boýunça geljegi anyklamaga çalyşmak üçin bütindünýä guramasynyň mümkinçiligini, syýasy-diplomatik guralyny, at-abraýyny yzygiderli we doly peýdalanmalydyrys. Muny diňe Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda aç-açan, dogruçyl gatnaşyklarda amala aşyryp bolar. Şeýle gatnaşyklary gazanmagyň ýönekeý bolmajakdygy äşgärdir. Şeýle-de bolsa, ol zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň birnäçe başlangyçlary beýan edildi. Hususan-da, dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamak teklip edildi. Biziň pikirimizçe, şeýle strategiýa adaty töwekgelçilikler bilen bilelikde, soňky döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleriň hem bardygyny beýan etmelidir. Şeýle hem biz strategiýa BMG-niň işiniň birnäçe ugurlaryny, hususan-da, gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olary ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny; jedelleri we dawalary parahatçylykly, syýasy-diplomatik taýdan düzgünleşdirmek üçin bitaraplygyň mümkinçiliklerini peýdalanmagy; BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamalary esasynda ynanyşmak dialogynyň medeniýetini girizmegi zerur hasap edýäris. Wagt häzirki pursatda bu Kararnamalaryň zerurdygyny tassyklady diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ählumumy we hemmetaraplaýyn howpsuzlygy gazanmak maksady bilen, Türkmenistan BMG-niň işine sebit meselesi beýan edilen garaýyşlary ornaşdyrmagyň zerurdygyndan ugur alýar. Şeýle çemeleşme bilelikdäki işe gerek bolan takyklygy girizmek, onuň wezipesini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur diýip hasaplaýarys. Hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — BMG» ugry boýunça inklýuziw, doly görnüşli we ulgamlaýyn dialogy ýola goýmagyň wagtynyň gelendigine ynam bildirip, Türkmenistanyň oňa girişmäge hyzmatdaşlary hormat bilen çagyrýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky başlangyç beýan edildi. Maslahatyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlaryny we dünýä bileleşigini, halkara guramalary, maliýe we ykdysady institutlary ýakynlaşdyrmaga, bu sebiti durnukly, gapma-garşylyksyz ösdürmegi üpjün etmek işinde olaryň tagallalaryny utgaşdyrmaga gönükdirilen çemeleşmeleri we çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň birinji maslahaty 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge taýýardygy beýan edildi.

Türkmenistan BMG-niň geljek ýyllar üçin işiniň esasy ugurlarynyň arasynda howa we ekologiýa meselelerini çözmegi möhüm hasaplaýar. Şolaryň hatarynda metan boýunça ählumumy borçnamalar bilen bagly meseleleri aýratyn belleýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyzyň howa boýunça Pariž Ylalaşygyna goşulmagy bilen, 2017-nji ýylda birnäçe degişli milli maksatnamalar kabul edildi. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we ýok etmek maksady bilen, umumydöwlet çäreleri ileri tutulyp amala aşyrylýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalary, aýratyn-da, energetika, senagat we ulag pudaklarynda ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek hem-de peýdalanmak hakynda barýar.

Şol bir wagtda, biz dünýä bileleşiginiň Ählumumy metan borçnamasyny amala aşyrmak boýunça tagallalaryny goldaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Şunda türkmen tarapynyň bu işde BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, agza ýurtlar, beýleki gyzyklanýan hyzmatdaşlar tarapyndan anyk kooperasiýa we salgyly ýardama bil baglaýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýaňy-ýakynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy baradaky meseläni öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatdaky “Ýol kartasy” tassyklanyldy. Bu resminama ýakyn wagtda guramanyň Sekretariatyna iberiler.

Umuman, BMG-de Merkezi Aziýadaky ekologik meselelere has düýpli we täsirli üns bermek üçin wagt ýetdi diýip hasaplaýaryn. Bu meselelere seredilende, belli bir hereketsizligi ýeňip geçmeli we örän uly giňişlikleri eýeleýän, özboluşly tebigy serişdeleri hem-de biologik köpdürlüligi bolan, şol bir wagtda düýpli ekologik töwekgelçilikleriň zolagynda ýerleşýän 80 milliona golaý ilatly sebit babatda BMG-niň maksatly ekologik strategiýasyny taýýarlamak boýunça belli bir salgyly we anyk çärelere başlamaly diýip pikir edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Merkezi Aziýanyň ekologik meselelerine strategik çemeleşme kabul edilende, Türkmenistan möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş edýär. Bu merkez howa meselesi boýunça anyk we ulgamlaýyn işleri alyp barar. Şunuň bilen baglylykda, merkeziň işlemegi üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmäge ýurdumyzyň taýýardygy beýan edildi.

Merkezi Aziýa Hazar deňzine galtaşýan sebitdir. Özboluşly tebigy toplum bolan bu deňziň Ýer togalagynyň ekologiýasy babatda nähili ähmiýetiniň bardygy hemmelere mälimdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Kenarýaka ýurtlar tarapyndan köpýyllyk tutanýerlilik we hormat goýmak arkaly alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijesinde, Hazar syýasatynyň umumy esasy düzgünleri işlenip taýýarlandy. Şol sanda esasy resminama — Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa kabul edildi. Türkmenistanda geçen ýylyň tomsunda geçirilen altynjy Hazar sammitine ähli gatnaşyjylaryň ekologik mesele boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy. Bu bolsa kenarýaka döwletleriň BMG bilen giňden we ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk etmäge başlamagy üçin gowy mümkinçilik açýar diýip hasap edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek barada teklip girizildi. Ol Hazar deňziniň gurşawyny we biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platforma bolmaga niýetlenendir. Biz bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasy, onuň agentlikleri, edaralary we institutlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda amala aşyrylmalydyr diýip hasap edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

BMG-niň jogapkärçilikli agza döwleti hökmünde Türkmenistan ileri tutýan ugurlaryny belläp, öz çemeleşmelerini we hereketlerini anyk beýan edýär hem-de durmuşa geçirýär. Bu ugurlar boýunça ýurdumyzyň goşandy netijeli bolar we umumydünýä maksatlarynyň bähbidine hyzmat eder, olaryň çalt gazanylmagyna ýardam berer.

Ileri tutulýan şol meseleleriň arasynda ulag babatda Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagy aýratyn belleýäris.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şu möhüm ugur boýunça dialog üçin netijeli halkara platformany döretmegiň başyny başlaýjy boldy. Aşgabatda 2016-njy ýylda üstünlikli geçirilen durnukly ulag boýunça BMG-niň birinji ählumumy maslahatyny, şeýle hem geçen ýylyň tomsunda BMG bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda guralan deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny ýatlap geçeliň diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Biz Türkmenistanyň maksada gönükdirilen işiniň netijesinde, diňe soňky ýyllarda ulag babatda öňe süren başlangyçlarymyz boýunça Baş Assambleýanyň alty Kararnamany kabul edendigine buýsanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şolaryň soňkularynyň hatarynda şu ýylyň maý aýynda kabul edilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamany görkezmek bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we bu resminamany biragyzdan goldandyklary üçin ähli agza döwletlere minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, şol Kararnamanyň düzgünlerine esaslanyp, Türkmenistan bu mejlisiniň çäklerinde «Bütindünýä durnukly ulag güni» mynasybetli ýokary derejeli maslahaty çagyrmagy teklip edýär. BMG-niň degişli düzümleriniň bu çäräni Nýu-Ýorkda guramakda ýardam berjekdigine umyt edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Azyk meselesini çözmekde BMG-ä doly ýardam bermek Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işiniň örän möhüm ugrudyr. СOVID-19 pandemiýasy beýleki amatsyz şertler bilen bir hatarda, hut azyk meselesiniň çözülmedik meseledigini, ilaty doly bahaly iýmit almaýan döwletleriň gowşaklygyny ýüze çykardy. Şoňa görä-de, döwletleriň we sebitleriň azyk serişdelerine elýeterli bolmagy bilen bagly meselelere seredilende, agzybirlik, tutanýerlilik, aýgytlylyk zerurdyr. Islendik adamyň aýrylmaz hukugy, ozaly bilen, çagalaryň sagdyn we kadaly ösüşiniň esasy şerti hökmünde doly bahaly iýmite kepillendirmeler möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Bu işde syýasat, ideologiýa we ýagdaý bilen bagly päsgelçilikleri ýeňip geçýän aýgytly çözgütler, täze çemeleşmeler zerurdyr. Şundan ugur alyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda, Bütindünýä azyk maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumy çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we bu çäräni ylalaşylan möhletlerde türkmen paýtagtynda geçirmek üçin şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady.

Geljek ýyl Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda türkmen halkynyň görnükli ogly, akyldar şahyr, filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden belleniler. Ähli medeniýetli adamzat diňe bir dünýä edebiýatyna däl-de, eýsem, tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän uly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry ýatlaýar we oňa hormat goýýar. Men öz çykyşymy Magtymgulynyň «Adamzat» atly goşgusynyň şu sözleri bilen tamamlamak isleýärin. Bu goşguda şahyr döwürdeşlerine we geljek nesillere örän täsirli şeýle setirler bilen ýüzlenýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz,
Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz: “Goý, döredijilikli oý-pikirlere, parahatçylyk, adalatlylyk, ösüş ideallaryna wepalylyk biziň bilelikdäki işimizde esasy we aýdyň ýörelge bolup hyzmat etsin!” diýip arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns we gyzyklanma bildirilip diňlenildi hem-de el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary dowam edýär.

19.09.2023

Döwlet Baştutanymyz “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birinji duşuşygyna gatnaşdy

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün, günüň ikinji ýarymynda “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji taryhy duşuşygyna gatnaşdy. 

Bu birinji Prezident sammiti meseleleriň giň toplumyny, şol sanda sebit howpsuzlygy, söwda we özara baglanyşyk, howanyň üýtgemegi hem-de dolandyrmagy gowulandyrmak we kanunyň ileri tutulýandygyny üpjün etmek maksady bilen, dowam edýän özgertmeler bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik boldy. 

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýär.  Ýurdumyz ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň we başlangyçly orun eýeläp, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine, ählumumy rowaçlygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar. 

Döwletimiz halkara gatnaşyklaryny ýola goýmakda hoşmeýilli erk, deňhukuklylyk, öňdebaryjy tejribäni we oňyn pikirleri paýlaşmak esasynda ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almagyň möhümdiginden ugur alýar. Şeýle çemeleşme BMG-niň maksatlaryna  we Tertipnamasyna doly laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, berk döwletara gatnaşyklarynyň, şol sanda sebit boýunça goňşy ýurtlar we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýola goýulmagyna ýardam berýär. 

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistan bilen iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň ugry bilen bolşy ýaly, “C5+1” diplomatik meýdançanyň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. 2015-nji ýylda döredilen pursadyndan bäri bu mehanizm özüni ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak üçin netijeli sebit meýdançasy hökmünde görkezdi. Şunuň bilen birlikde, şol geçen ýyllaryň dowamynda “ABŞ-Merkezi Aziýa ýurtlary” dialogy ministrler derejesindäki hyzmatdaşlyk, bilermenleriň duşuşyklary we  ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak we howpsuzlyk boýunça iş toparlaryň alyp barýan işleri arkaly giňeldildi. 

2022-nji ýylda resmi amallary ýola goýmak, umumy ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek we ilerletmek, gatnaşyjy hökümetleriň arasynda gatnaşyklary utgaşdyrmak hem-de ýokary derejedäki ministrler duşuşyklaryny we beýleki çäreleri meýilleşdirmek üçin “C5+1”-iň Sekretariaty döredildi. Häzirki wagtda “C5+1” Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy we abadançylygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki işi dowam etdirýär. 

Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçýän şu gezekki iri diplomatik çäre Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda ähmiýetli wakadyr. 

Sammitiň gün tertibine ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi, şeýle hem häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Mundan başga-da, özara gyzyklanma bildirilýän esasy halkara we sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

19.09.2023

Arkadagly Serdarymyz Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda belleýşi ýaly, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen   düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip edýär.

Arkadagly Serdarymyzyň aýtmagyna görä, şeýle strategiýa adaty  töwekgelçilikler bilen bilelikde soňky döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleriň hem bardygyny beýan etmelidir.

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, şeýle hem, biz strategiýa Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň birnäçe ugurlaryny,   hususan-da:

– gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olary ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş  diplomatiýasyny;

– jedelleri we dawalary parahatçylykly,   syýasy-diplomatik taýdan düzgünleşdirmek üçin, bitaraplygyň mümkinçiliklerini peýdalanmagy;

– Birleşen Milletler Guramasynyň Baş     Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara    parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de  «2023-nji ýyl Dialog – parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky kararnamalary esasynda ynanyşmak dialogynyň medeniýetini girizmegi zerur hasap edýäris.

«Wagt häzirki pursatda bu kararnamalaryň zerurdygyny tassyklady» – diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

19.09.2023

Türkmenistanyň Prezidenti dünýäde BMG-niň ýerini tutjak edaranyň ýokdugyny aýtdy


Hormatly Prezidentimiz Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, dünýäde BMG-niň ýerini tutjak edaranyň ýokdugyny aýtdy.

«Häzirki zaman dünýäsinde Birleşen Milletler Guramasynyň orny baradaky çekişmeler, ony özgertmek boýunça teklipler netijesinde, bu Guramanyň ýerini tutjak edaranyň ýokdugy üýtgewsiz we äşgär bolup galýar» – diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, esaslandyrylan gününden bäri geçen onýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy, häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak we ählumumy hem-de hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklarynyň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýär. Munuň özi Türkmenistanyň düýpli garaýşydyr – diýip, Arkadagly Serdarymyz aýratyn üns çekdi. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şoňa görä-de, bolup geçýän wakalara hem-de meýillere oýlanyşykly, ideologiýalaşdyrylmadyk bahany bermek, dünýä syýasatynda ynamsyzlygy we gapma-garşylykly dartgynlygy ýeňip geçmek, ylalaşyk hem-de bähbitleri özara hasaba almak boýunça geljegi anyklamaga çalyşmak üçin, Bütindünýä Guramasynyň mümkinçiligini, syýasy-diplomatik guralyny, at-abraýyny yzygiderli we doly peýdalanmalydyrys.

«Muny diňe Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda aç-açan we dogruçyl gatnaşyklarda amala aşyryp bolar. Şeýle gatnaşyklary gazanmagyň ýönekeý bolmajakdygy äşgärdir. Şeýle-de bolsa, ol zerur bolup durýar» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

19.09.2023

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-ni howpsuzlygyň bölünmezlik ýörelgelerini üpjün etmeklige çagyrdy


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, BMG-ni howpsuzlygyň bölünmezlik ýörelgelerini üpjün etmeklige çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz köp sanly sebäplere görä, häzirki zaman dünýäsiniň ençeme örän düýpli wehimleriň birnäçesi bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ýüze çykmagynyň aýratynlyklary bilen olaryň ählisi döwletara gatnaşyklarynyň barşyna azda-kände täsir edýär. Ählumumy gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ylalaşylan ösüş meýilnamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýygy-ýygydan ýaramaz täsirini ýetirýär. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bu bolsa, öz gezeginde, Birleşen Milletler Guramasynyň esasy işi hökmünde ählumumy howpsuzlygyň düýpli sütünleriniň weýran bolmagyna getirip biler. Muňa, elbetde, ýol bermek bolmaz.

«Şundan ugur alyp, Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bir-birinden aýrylmazlygy ýörelgesini berk we durnukly goraýar» – diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, biz harby we syýasy howpsuzlyga ykdysady, ekologiýa, tehnogen, energetika, ulag, azyk, biologiýa, maglumat howpsuzlygyndan aýrylykda seredip bolmajakdygyna ynanýarys. Döwlet Baştutanymyzyň aýtmagyna görä, sanalyp geçilen ugurlaryň hiç biri ikinji derejeli ýa-da möhüm däl bolup bilmez, olary çözmegi bolsa, has giçki möhlete goýup bolmaz.

«Men Birleşen Milletler Guramasynyň baş wezipesi howpsuzlyk meselesine hut şeýle, utgaşykly çemeleşmegi üpjün etmekden ybaratdyr diýip hasaplaýaryn. Agza döwletleriň tejribesini, ygtyýarlygyny, ideýasyny we başlangyçlaryny döredijilikli ugra gönükdirmeli diýip pikir edýärin. Hakyky ykbal kesgitleýji maksatlara ýetmek üçin wagtlaýyn bähbitlerden we artykmaçlyklardan el çekmeli diýip hasap edýärin. Şol maksatlar pugta parahatçylygy we howpsuzlygy hem-de uzak döwür üçin ösüşi üpjün edip biler» – diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda aýtdy.

19.09.2023
1 ... 7 8 9 10 11 12 13