Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILLERI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ZENANLARYNYŇ DIALOGYNYŇ MASLAHATYNA GATNAŞDY

 

2024-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň birinji maslahatyna gatnaşdylar. «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetlerinde zenanlaryň orny: sanly, durmuş we ekologik innowasiýalary ösdürmek üçin liderlik» temasy boýunça geçirilen maslahatda milli parlamentiň wekilleri zenanlaryň milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gatnaşygy, zenanlaryň hukuk kepillikleri we durmuş ýeňillikleri barada çykyş etdiler. 

Maslahatyň dowamynda klimatyň üýtgemeginiň şertlerinde ykdysady, sanly we ekologik innowasiýalar babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde zenanlaryň orny barada çykyşlar diňlenildi we degişli ugurlar boýunça pikir alşylmalar boldy. 

Gender deňligini öňe sürmek üçin sebitleýin meýdança bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak maksady bilen sebitdäki ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin özboluşly gural bolup çykyş edýär.

23.05.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzda täze agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şunda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzda degişli çäreler geçirilýär, şäherleriň we ilatly ýerleriň suw üpjünçilik ulgamlary kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, anyk maksada gönükdirilen işler häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 8-nji maýynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan döwrebap suw arassalaýjy desganyň işe girizilendigini bellemek gerek.

Ýurdumyzda suw hojalygynyň ösdürilmegine, pudaga innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, suw serişdeleriniň rejeli we tygşytly peýdalanylmagy durmuş hem-de ekologik abadançylygy üpjün etmek, ykdysady ösüşi gazanmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede uýgunlaşdyrýan ilkinji döwletleriň biri hökmünde Türkmenistan BMG tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar we bu ugurdaky işleri ulgamlaýyn esasda alyp barýar.

Diýarymyzda suwy rejeli peýdalanmak babatda baý tejribe toplandy. Bu tejribe halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen däplerine daýanýar. Häzirki döwürde bu parasatly ýörelgeden ugur alnyp hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan usullardyr öňdebaryjy tejribeler arkaly suw serişdelerini dolandyrmak we gorap saklamak, suwuň goşmaça gorlaryny döretmek boýunça çemeleşmeler kämilleşdirilýär, bu ugurda degişli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçinem uly ähmiýeti bolan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň taslamasy munuň aýdyň mysalydyr.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Şunda Türkmenistan tarapyndan halkara giňişlikde işjeň ilerledilýän suw diplomatiýasy köptaraply hyzmatdaşlygyň wajyp mehanizmi hökmünde çykyş edýär. Mundan başga-da, ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň milli, sebit we ählumumy gurallarynyň utgaşdyrylmagyna, olaryň özara üstüniň ýetirilmegine ünsi çekýär. Şunda suw, ekologik, howa görkezijileri ilkinji nobatda ähmiýet berilmeli talaplaryň hatarynda kesgitlenilýär. Döwletimiz BMG-niň bu ugurlardaky degişli resminamalaryny tassyklap, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda we beýleki giň gerimli forumlarda anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär. Bu teklipleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy olaryň möhüm ähmiýetini tassyklaýar. Türkmenistan suw meselesine jogapkärçilikli we uzak möhletleýin esasda çemeleşip, häzirki döwrüň derwaýys wezipelerini çözmek boýunça halkara tagallalara uly goşant goşýar.

...Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda gurlan täze agyz suwuny arassalaýjy desganyň ýerleşýän ýerine geldi.

Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, giň halk köpçüligi ýygnandy. Açylyş dabarasyna gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mübärekleýärler. Ýurdumyzyň sungat ussatlary joşgunly aýdym-sazly, tansly kompozisiýa bilen çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz dabara üçin ýörite taýýarlanan mejlisler zalyna barýar.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulanmaga berilýän binalaryň we desgalaryň Garaşsyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine uly itergi berýändigini belledi. Şolaryň biri hem Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda bina edilen, kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgadyr. Şeýle-de şu gün Aşgabat şäheriniň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslary sowgat hökmünde gowşurylar.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary bu şatlykly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda suwa gymmatly hazyna hökmünde garandygyny, ýaşaýşyň we bolçulygyň gözbaşy bolan suwuň her bir damjasyny altyna deňändigini nygtady. Ata-babalarymyz suwy oýlanyşykly peýdalanmagyň dürli usullaryny ulanypdyrlar. Dag eteklerinde ýerasty kärizleri gazypdyrlar, suwy ýygnamak üçin ýörite howuzlary gurupdyrlar, suw çykarmak üçin jykyrlary döredipdirler. Pederlerimiziň bu asylly ýörelgeleri häzirki wagtda Garaşsyz ýurdumyzda döwrebap usulda dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, ata-babalarymyz suwa belent sarpa goýup, keramat derejesine ýetiripdirler.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmak boýunça tutumly işler amala aşyrylýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek babatda alyp barýan syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri-de ilaty arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Diýarymyzyň çäklerinde döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ýerasty we ýerüsti suw çeşmelerini rejeli peýdalanmak üçin uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zamanyň kämil enjamlary oturdylan suw arassalaýjy desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desga açylyp ulanmaga berildi. Şeýle hem şu ýylyň dowamynda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 20 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Gyzylarbat şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 20 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Türkmengala etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 25 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu döwrebap desgalar ilatymyzy ýokary hilli arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge ýardam eder. Arassa agyz suwy adamlaryň saglygyny goramaga, ömür dowamlylygyny artdyrmaga uly mümkinçilik döredýär.

Şu gün Aşgabat şäherinde açylyp ulanmaga berilýän häzirki zaman suw arassalaýjy desgasy hem ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde alyp barýan syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Täze desganyň gurluşygy Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Dost gurluşyk, söwda, önümçilik» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Bu desganyň suw howuzlarynda jemlenýän arassa agyz suwy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna iki ugur boýunça paýlanar. Desgada dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary ornaşdyrylan. Bu bolsa işleri ýokary derejede alyp barmaga, ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer. Döwrebap suw arassalaýjy desga birnäçe binalardan we suw saklaýjy howdanlardan ybarat bolup, halkara talaplara doly laýyk gelýär. Bu ýerde işlejek 150-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik we durmuş şertleri döredilen.

Biz geljekde-de ýurdumyzyň suw serişdelerini tygşytly ulanmak üçin döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly Garaşsyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde suw arassalaýjy desgalary, suw ulgamlaryny gurmak boýunça maksatnamalaýyn işleri üstünlikli dowam etdireris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ak mermere beslenen binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun alan paýtagtymyz Aşgabatda şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýakyn günlerde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda döwrebap edara we söwda maksatly binalar, ilatymyzyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, iki gatly 136 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde döwrebap suw arassalaýjy desganyň işe girizilmegi, şeýle hem paýtagtymyzyň ilatyna häzirki zaman ýolagçy awtobuslarynyň sowgat berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasy, bu ýerde agyz suwunyň arassalanylyşynyň tehnologik amallary we onuň sarp edijilere goýberiliş ulgamy barada maglumat berýän wideofilm görkezilýär.

Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda suw hojalygy pudagyna iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu pudagyň ösdürilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Aşgabat şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan we Germaniýanyň öňdebaryjy «PSE» kompaniýasynyň döwrebap tehnologiýalary, nou-haulary bilen enjamlaşdyrylan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Bu desganyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda amala aşyryldy.

Desganyň suw üpjünçiligi Garagum derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän, göwrümi 1 million kub metr bolan açyk görnüşli suw howdanyndan gözbaş alýar. Howdanda tebigy usulda durlanan suw birinji suw göteriji bekediň awankamerasyna öz akymyna akyp gelýär. Bu beketde dünýäniň öňdebaryjy «KSB» kompaniýasynyň enjamlary ornaşdyryldy. Soňra suw agyz suwuny arassalaýjy desga iberilýär, zyýansyzlandyrylýar we süzgüç howuzlaryna akdyrylýar. Birinji tapgyrda suwuň düzümi iri goşundylardan arassalanylýar. Soňra ol ergin garyjy howuzlara tarap gönükdirilip, elektroliz binasynda taýýarlanylýan alýuminiý sulfaty, polielektrolit we gipohlorid natriý erginleri bilen garylýar. Arassalamagyň ikinji tapgyrynda suw süzülmek üçin iki gat süzgüçli (antrasid hem-de kwars çägesi) howuzlara paýlanylýar, onuň düzümi hapa maddalardan doly arassalanylýar. Soňra gipohlorid natriý ergini arkaly zyýansyzlandyrylýar.

Suwy arassalamagyň netijesinde süzgüçlerde toplanan galyndylar ýörite ulgam arkaly läbik çökündi howuzlaryna akdyrylýar. Howuzlarda çöken läbik kömekçi binada gurnalan ýörite enjamlaryň kömegi bilen suwsuzlandyrylýar. Şunda emele gelen çökündisiz suw bolsa ýörite howuzda jemlenip, gaýtadan suw arassalaýjy bina gönükdirilýär. Bu usulyň esasy aýratynlygy suwy tygşytly ulanmakdan hem-de daşky gurşawa aýawly çemeleşmekden ybaratdyr. Süzgüçlerden geçen we zyýansyzlandyrylan arassa agyz suwy iki sany suw howzunda jemlenip, ikinji suw göteriji bekede iberilýär. Soňra ol iki ugur boýunça paýlaýjy-suw geçiriji ulgama akdyrylýar. Şeýlelikde, täze desganyň işe girizilmegi paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegine ýardam berer.

Wideofilm tamamlanandan soňra, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «PSE Engineering GmbH» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Markus Behrendte söz berildi. Myhman hormatly Prezidentimize we dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, suw hojalygy ulgamynda, nebitgaz pudagynda baý iş tejribesi bolan german kompaniýasynyň adyndan şu günki çärede çykyş etmek mümkinçiliginiň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Bu taslamanyň milli hem halkara ölçeglere laýyk gelýändigi nygtaldy. Inženerçilik, enjamlar bilen üpjün etmek hyzmatlaryndan başga-da, kompaniýa desganyň gurluşygynyň alnyp barylmagyna maslahatçy hökmünde gatnaşdy. Şunuň bilen baglylykda, jenap Markus Behrendt «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň ähli zerur ölçeglere laýyk gelýän suwy öndürýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurmaga şatdygyny belledi.

Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda jenap Markus Behrendt Aşgabat şäheriniň häkimine desgadaky önümçilik amallarynyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Standartlaşdyrma boýunça german institutynyň (DIN), GOST standartynyň ölçeglerine laýyk gelýändigini tassyklaýan «PSE Engineering GmbH» kompaniýasynyň güwänamasyny gowşurdy.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň Stambul tehniki uniwersitetiniň professory, doktor Hasan Jan Okutana söz berildi. Myhman hormatly Prezidentimizi we dabara gatnaşyjylary, Türkmenistanyň doganlyk halkyny, paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň işe girizilmegi bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, bu ýerde ulanylan tehnologiýalar Ýewropa Bileleşiginiň «Iň gowy tehnologiýalar» (BAT) we «Iň gowy ekologik tejribeler» (BEP) resminamalarynda kesgitlenen talaplara laýyk gelýär. Bu desgadan alnan, barlaghanalarda seljerilen suwuň düzümi Türkiýäniň standartlaryna (TSE EN), Halkara Standartlaşdyrma Guramasynyň (ISO), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) standartlaryna laýyk gelýär. Munuň özi bu suwuň daşky gurşaw hem adamyň saglygy üçin zyýansyzdygyny subut edýär. Bularyň ählisi degişli güwänamada öz beýanyny tapdy.

Professor Hasan Jan Okutan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynda hereket edýän tehnologiýalaryň ÝB-niň resminamalarynda kesgitlenen talaplara we ýokary halkara standartlara laýyk gelýändigini tassyklaýan Stambul tehniki uniwersitetiniň güwänamasyny dabaraly ýagdaýda Aşgabat şäheriniň häkimine gowşurdy.

Mejlisler zalyndan çykyp, döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň häkimine şäheriň ilaty üçin niýetlenen täze ýolagçy awtobuslarynyň açarlaryny gowşurdy.

Häkim Arkadagly Gahryman Serdarymyza paýtagtymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň rowaçlygy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Dabaraly pursat ýetip gelýär: dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär we täze agyz suwuny arassalaýjy desgany açýar. Şol pursatda dürli reňkli şarlar asmana uçurylýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz desganyň esasy suw arassalaýjy binasyna ugrady we ýol ugruna ýurdumyzda öndürilýän alkogolsyz içgileriň sergisi bilen tanyşdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda bu önümleriň dürli görnüşleriniň öndürilýändigini we olara sarp edijileriň uly isleg bildirýändiklerini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda dürli görnüşli gazlandyrylan, witaminli içgiler, sitrus we beýleki miweleriň, ir-iýmişleriň tagamlary bolan sowuk çaýlar, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlar, miweleriň, gök önümleriň şireleri, minerallaşdyrylan, gaplanan arassa agyz suwlary bar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agza kärhanalarynyň azyk senagatynyň bu pudagynda guwandyryjy işleri alyp barýandyklaryny, importyň ornuny tutýan harytlary öndürmäge, Watanymyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga uly goşant goşýandyklaryny nygtamaly. Olaryň öndürýän önümleri azyk harytlarynyň hil we howpsuzlyk boýunça ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýär. Bu bolsa olaryň diňe bir içerki däl, eýsem, daşarky bazarlarda-da bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün edýär.

Ýurdumyzyň önüm öndürijileri harytlaryň gaplanyşyna hem uly üns berýärler. Şunda gorag aýratynlyklaryndan we ekologik taýdan arassalyk görkezijisinden başga-da, olaryň göze gelüwliligi hem möhümdir. Alkogolsyz içgiler plastik we aýna çüýşelere, dürli göwrümli «Tetra Pak» görnüşli karton gaplara gaplanýar. Olaryň hemmesi özüne çekiji daşky keşbi, özboluşly dizaýny bilen tapawutlanýar. Ilatyň arasynda uly islegden peýdalanýan bu önümleriň görnüşleri yzygiderli artýar. Tomus möwsüminiň başlamagy bilen, olara bildirilýän isleg ep-esli ýokarlanýar.

Esasy binada hormatly Prezidentimizi hünärmen mähirli garşylady we döwlet Baştutanymyzdan agyz suwuny arassalaýjy desganyň işe girizilmegine ak pata bermegini haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düwmä basyp, täze desgany ulanyşa girizdi. Monitoryň ekranynda agyz suwuny arassalamagyň tapgyrlary we desgada ornaşdyrylan ýöriteleşdirilen enjamlar görkezilýär.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz toplumyň edara binasynda ýerleşýän dolandyryş merkezine barýar. Bu ýerde hünärmen döwlet Baştutanymyzy merkeziň işi bilen tanyşdyrýar. Onuň işi toplumyň beýleki bölümleriniňki ýaly, doly awtomatlaşdyrylandyr.

Tehnologik amallar we gurnalan enjamlaryň işleýşine gözegçilik bu ugurda uly tejribä eýe bolan Germaniýanyň «PSE» kompaniýasynyň nou-haulary esasynda amala aşyrylýar. Dolandyryş merkezinde arassalanan agyz suwuny sarp edijilere bellenen möçberde ibermek, zerurlyga görä, iberilişi kadalaşdyrmak ýaly çözgütler kabul edilýär. Şunuň bilen birlikde, barlaghana bölüminiň görkezmeleri esasynda suwy arassalamak üçin ulanylýan himiki koagulýantlaryň — alýuminiý sulfaty we gipohlorid natriý erginleriniň bellenen tehnologik kadalara laýyklykda garylmagyna gözegçilik edilýär.

Hormatly Prezidentimiz täze suw hojalyk desgasy bilen tanyşmagyny dowam edip, himiki-bakteriologik barlaghana bardy hem-de onuň işiniň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Hünärmeniň gürrüň bermegine görä, barlaghana dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň häzirki zaman enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. Onuň esasy wezipesi arassalanan suwuň hiline, suw arassalaýyş tehnologiýalarynyň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmekden ybarat. Ýörite enjamlar — turbidimetr, kolorimetr hem-de beýleki kömekçi enjamlar arkaly gije-gündiziň dowamynda her sagatda suwuň durulygyna, düzümindäki galyndyly hlor erginine, her iki sagatdan bulançaklygyna we aýda bir gezek arassalanan suwuň himiki düzümine doly seljerme geçirilýär. Alnan netijeler kompýuter tory arkaly dolandyryş merkezine iberilýär.

Hormatly Prezidentimiz desganyň edara binasyndan çykyp, «Aşgabatagyzsuw» birleşiginiň ýolbaşçysyna pudak üçin niýetlenen täze awtoulaglaryň hem-de ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, çäräniň geçirilýän ýerinden ugrady.

Şeýlelikde, Aşgabat şäherinde döwrebap «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň ulanyşa girizilmegi “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Watanymyzyň täze taryhynda ýene bir möhüm waka öwrülip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

22.05.2024

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Myhman GDA-nyň çäklerinde umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde berýän goldawy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda Türkmenistanyň häzirki döwrüň talaplaryny nazara alyp, Arkalaşygyň giňişliginde ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna işjeň, başlangyçly çemeleşýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz myhmany möhüm çäräniň — GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, mejlisi ýokary derejede guramak üçin ýurdumyzyň GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde uly taýýarlyk işini geçirendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz geçiriljek duşuşygyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga oňat mümkinçilik döretjekdigine, onuň netijeleriniň bolsa köptaraplaýyn özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny nazara alyp hem-de GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişligindäki hyzmatdaşlyk meselelerinde başlangyçly orny eýeleýär, ykdysady, medeni-ynsanperwer maksatnamalara işjeň gatnaşýar, ýurdumyzda GDA-nyň çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar ulgamlaryndaky bar bolan mümkinçilikleriň peýdalanylmagynyň, ylym-bilim, medeniýet, sport ugurlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň bilelikdäki işiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäherini “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan etmek baradaky Çözgüdiň taslamasyna seredilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, şu resminamanyň kabul edilmeginiň dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

GDA-nyň Baş sekretary, öz gezeginde, Aşgabatda halkara sport çärelerini ýokary derejede guramak üçin ähli zerur infrastrukturanyň bardygyny hem-de ýurdumyzyň dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigini belledi. Duşuşygyň dowamynda howanyň üýtgeýän şertlerinde daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde, şol sanda “ýaşyl” tehnologiýalary ösdürmekde tagallalary işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň arasynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant boljak oňyn netijeleri gazanmak üçin Türkmenistanyň bu oňyn dialogy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmegi maksat edinýändigini belläp, GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe, Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ähli agzalaryna bilelikde alnyp barlan işler, guramanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeli utgaşdyrylýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, GDA-nyň formatyndaky oňyn hyzmatdaşlygyň toplanan köpýyllyk tejribä esaslanyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

22.05.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Bagtyýarlyk” agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy

Hormatly adamlar!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulanmaga berilýän binalar we desgalar Garaşsyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine uly itergi berýär. Şu gün biz Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda bina edilen, kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys.

Şeýle-de şu gün Aşgabat şäheriniň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslaryny sowgat hökmünde gowşurarys.

Hormatly adamlar!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Men siziň ähliňizi bu şatlykly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly adamlar!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Türkmen halky köpasyrlyk taryhynyň dowamynda suwa gymmatly hazyna hökmünde garapdyr. Ýaşaýşyň we bolçulygyň gözbaşy bolan suwuň her bir damjasyny altyna deňäpdir. Ata-babalarymyz suwy oýlanyşykly peýdalanmagyň dürli usullaryny ulanypdyrlar. Dag eteklerinde ýerasty kärizleri gazypdyrlar, suwy ýygnamak üçin ýörite howuzlary gurupdyrlar, suw çykarmak üçin jykyrlary döredipdirler. Pederlerimiziň bu asylly ýörelgeleri häzirki wagtda Garaşsyz ýurdumyzda döwrebap usulda dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, ata-babalarymyz suwa belent sarpa goýup, keramat derejesine ýetiripdirler.

Hormatly adamlar!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmak boýunça tutumly işler amala aşyrylýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek babatda alyp barýan syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri-de ilaty arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar.

Diýarymyzyň çäklerinde döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ýerasty we ýerüsti suw çeşmelerini rejeli peýdalanmak üçin uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zamanyň kämil enjamlary oturdylan suw arassalaýjy desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desga açylyp ulanmaga berildi.

Şeýle hem şu ýylyň dowamynda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 20 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Gyzylarbat şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 20 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Türkmengala etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 25 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu döwrebap desgalar ilatymyzy ýokary hilli arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge ýardam eder. Arassa agyz suwy adamlaryň saglygyny goramaga, ömür dowamlylygyny artdyrmaga uly mümkinçilik döredýär.

Hormatly adamlar!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Şu gün Aşgabat şäherinde açylyp ulanmaga berilýän häzirki zaman suw arassalaýjy desgasy hem ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde alyp barýan syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Täze desganyň gurluşygy Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Dost gurluşyk, söwda, önümçilik» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Bu desganyň suw howuzlarynda jemlenýän arassa agyz suwy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna iki ugur boýunça paýlanar. Desgada dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary ornaşdyrylan. Bu bolsa işleri ýokary derejede alyp barmaga, ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer. Döwrebap suw arassalaýjy desga birnäçe binalardan we suw saklaýjy howdanlardan ybarat bolup, halkara talaplara doly laýyk gelýär. Bu ýerde işlejek 150-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik we durmuş şertleri döredilen.

Hormatly adamlar!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Biz geljekde-de ýurdumyzyň suw serişdelerini tygşytly ulanmak üçin döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly Garaşsyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde suw arassalaýjy desgalary, suw ulgamlaryny gurmak boýunça maksatnamalaýyn işleri üstünlikli dowam etdireris.

Hormatly adamlar!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Ak mermere beslenen binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun alan paýtagtymyz Aşgabatda şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýakyn günlerde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda döwrebap edara we söwda maksatly binalar, ilatymyzyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, iki gatly, 136 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler.

Hormatly adamlar!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde döwrebap suw arassalaýjy desganyň işe girizilmegi, şeýle hem paýtagtymyzyň ilatyna häzirki zaman ýolagçy awtobuslarynyň sowgat berilmegi bilen sizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

22.05.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin Milli Liderimize hoşallygyny beýan edip, Arkalaşygyň çäklerinde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde Türkmenistanyň möhüm ornuny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Bu mejlis Arkalaşykda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolar. Mejlisde ykdysady hyzmatdaşlyk, energetika, infrastruktura hem-de ýurtlarymyzyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleri ýaly wajyp meseleler boýunça pikir alyşmak üçin mümkinçiligiň boljakdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň netijeleriniň GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatda öňde goýlan wezipeleri çözmäge mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.

Duşuşygyň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy.

Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp hem-de GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň GDA-nyň çäklerinde geçirilýän sammitlere, mejlislere we beýleki çärelere işjeň gatnaşýandygyny, ykdysadyýet, söwda, medeniýet, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giň gerimde alyp barýandygyny, ulag, energetika pudaklarynda tagallalaryň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini belledi. Medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini aýdyp, Arkalaşygyň çäklerindäki özara hereketleri üstünlikli utgaşdyrýandygy we GDA-nyň abraýynyň berkidilmegine uly goşant goşýandygy üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz we myhman birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

22.05.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasyna bardy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy hem-de goňşy ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.

Milli Liderimiz Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtymyzdaky ilçihanasyna gelip, bu ýerde goňşy ýurduň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen gürrüňdeş boldy.

Hajy Arkadagymyz doganlyk Eýranda agyr betbagtçylygyň bolandygyny aýtdy. Şehit bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan hem-de hut öz adyndan, türkmen halkynyň adyndan gynanç sözlerini beýan etdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz türkmen-eýran dost-doganlygynyň mizemez nyşany hökmünde Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy.

Hajy Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi baradaky habaryň çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul edilendigini aýdyp, bu pajygaly heläkçilikde goňşy ýurduň Baştutany Seýed Ebrahim Raisiniň aradan çykandygyny belledi. “Seýed Ebrahim Raisi görnükli syýasatçy we parasatly döwlet işgäri bolmak bilen, öz halkynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän köp işleri bitirdi. Ol türkmen-eýran gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ägirt uly şahsy goşandyny goşdy. Onuň biwagt aradan çykmagy bilen, siziň ýurduňyz Watanyna hyzmat eden wepaly ogluny, Türkmenistan bolsa hakyky dostuny ýitirdi” diýip bellemek bilen, hormatly Arkadagymyz şol dikuçarda Seýed Ebrahim Raisiniň ýanynda bolan ýokary wezipeli wekiliýet agzalarynyň hem wepat bolmagynyň örän gynandyryjydygyny aýtdy. Türkmenlerde «Kyýamat güni goňşudan» diýilýär. Şoňa görä-de, şeýle agyr pursatda Türkmenistan iň ýakyn goňşy hökmünde doganlyk eýran halkynyň gynanjyny paýlaşýar.

“Men ýene-de bir gezek Eýranyň ähli halkyna we wepat bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan, öz adymdan hem-de bütin halkymyzyň adyndan gynanç bildirýärin. Merhumlara iman baýlygyny dileýäris. Olaryň ýatan ýerleri ýagty, jaýlary jennet bolsun!” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Soňra Türkmenistanyň müftüsi öten-geçenleri ýatlap, aýat-doga okady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani wagt tapyp ilçihana gelendigi hem-de eýran halky üçin şu agyr pursatda medet beriji, ruhlandyryjy sözlerini aýdandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa eýran halkynyň we Hökümetiniň adyndan, hut öz adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz ýene bir gezek kyn pursatda eýran halkyna ruhy durnuklylyk arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

21.05.2024

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI

 

2024-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň Şençžen şäheriniň Halk Wekilleriniň ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň başlygynyň orunbasary Çen Guanjunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. 

Milli parlamentiň wekilleri myhmanlary türkmen parlamentiniň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdylar.

Söhbetdeşler şähergurluşyk işi, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň işini netijeli guramak baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

21.05.2024

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILI 10-NJY BÜTINDÜNÝÄ SUW FORUMYNYŇ ÇÄKLERINDE PARLAMENT DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

 

2024-nji ýylyň 19-21-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Indoneziýa Respublikasynyň Bali şäherinde 10-njy Bütindünýä Suw Forumynyň çäklerinde geçirilýän Parlament duşuşygyna gatnaşdy. Indoneziýa Respublikasynyň Wekiller Palatasynyň we Parlamentara Bileleşiginiň bilelikde guramagynda geçirilän duşuşyk suw ýetmezçiligine garşy hereket etmegiň kanunçylyk esaslaryny berkitmek, ygtybarly suw üpjünçiligini ýola goýmakda parlament hyzmatdaşlygyny berkitmek, suw babatda ählumumy howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmekde tagallalary birleşdirmegi maksat edinýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili duşuşygyň «Parahatçylyk we suw üpjünçiligi üçin serhetüsti we pudagara dialog» atly bölümçesine gatnaşdy we çykyş etdi.

21.05.2024

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda pagtanyň öndürilýän möçberini artdyrmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri alnyp barylýar. Gowaça ideg etmekde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň bugdaý meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar. Tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnap almak, daşamak hem-de talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýetişdirilen piläni ýygnamak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler dowam edýär. Şeýle hem häkim welaýatda “Soňky jaň” dabaralaryny geçirmäge taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragy möwsümini ýokary guramaçylykly geçirmek üçin talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Bu işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanmak üçin zerur çäreler görülýär.

Welaýatyň bugdaý meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär. Galla oragy möwsümini ýokary hilli geçirmek, ýetişdirilen tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnap almak, talabalaýyk saklamak üçin üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk görlüşi , «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky hem-de binalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň — galla oragynyň ýakynlaşyp gelýändigine ünsi çekdi we oňa talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belläp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda hatarara bejergi, otag we ýekelemek işleri alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bökdençsiz daşamak, kabul etmek maksady bilen, däne ýygýan kombaýnlar, bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglar, galla kabul ediş kärhanalary möwsüme taýýar edildi. Tohumlyk bugdaý hasylyny talabalaýyk ýygnamak we saklamak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirildi. Şeýle hem welaýatda pile öndürmek möwsümi dowam edýär, pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim sebitde “Soňky jaň” dabaralaryna taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragy möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri bilen bir hatarda, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerine girişildi. Welaýatyň ähli etraplarynda galla oragyna taýýarlyk görülýär. Bu işleriň çäklerinde möwsümde işlediljek däne ýygýan kombaýnlary, ýygnalan hasyly daşamakda ulanyljak ýük awtoulaglaryny taýýarlamak we gözden geçirmek işleri alnyp barylýar. Tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak, kada laýyk saklamak üçin ýöriteleşdirilen galla kabul ediş kärhanalary möwsüme doly taýýar edildi.

Hasabatyň dowamynda häkim welaýatyň pileçi kärendeçileriniň döwlet harmanyna pile tabşyrmak boýunça meýilnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini habar berdi. Şeýle-de ol 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän “Soňky jaň” dabarasyna taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragyna ýokary derejede taýýarlyk görülmeginiň, ekerançylyk meýdanlarynda, hususan-da, gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şeýle-de tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnap almak, daşamak we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler geçirilýär. Ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak, döwlet harmanyna tabşyrmak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmelidigini belledi we gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Bu işleriň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar, bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglar möwsüme doly taýýar edildi. Şeýle hem tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnamak, daşamak, galla kabul ediş kärhanalarynda bellenen tertipde kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça taýýarlyk işleri geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler guramaçylykly dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi we galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, gowaça meýdanlaryndaky ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, talabalaýyk alyp barmak üçin zerur çäreleriň görülmegini wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynlaşyp gelýän galla oragy möwsüminiň wajyp ähmiýetine ünsi çekdi hem-de oňa gatnaşjak ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin ýokary derejede taýýarlyk görülmegini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

20.05.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz Tatarystanyň Baştutanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de ýakynda dostlukly Tatarystana amala aşyrylan saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de Milli Liderimiz “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini belledi. Hormatly Arkadagymyz Kazan forumynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, şeýle çäreleriň guralmagynyň Tatarystanyň ösmegine hem-de Russiýa bilen yslam dünýäsini baglanyşdyrýan halka hökmünde ýurduň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň türkmen-tatar gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandyny belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzyň halklary asyrlaryň dowamynda medeniýetiniň, diliniň, dininiň umumylygyna, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklap gelýärler. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar we gepleşikler halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň aýdyň güwäsidir. Häzirki wagtda Türkmenistan we Tatarystan dürli ugurlar boýunça, hususan-da, nebitgaz, gämigurluşyk, himiýa senagaty pudaklarynda, awiasiýa tehnikalaryny, ýük awtoulaglaryny ibermek ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Bellenilişi ýaly, türkmen-tatar hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady gatnaşyklara möhüm orun degişlidir. Tatarystanyň iri kompaniýalary türkmen bazarynda üstünlikli iş alyp barýarlar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ynsanperwer ulgama, şol sanda ylym we bilim, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.

Biz türkmen-rus döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegini emele getirýän Tatarystan Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri, Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

20.05.2024

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — paýhas we ylham çeşmesi

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Mejlisiň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ylym, medeniýet işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Çykyşlarda türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen ýygyndynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigi bellenildi. Şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary ynsan kalbynda baky orun aldy. Türkmen nusgawy edebiýatynda ýazuwly edebiýatyň dilini halkyň gepleşik diline ýakynlaşdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şol döwrüň durmuşynyň ähli meselelerini öz içine alýar. Akyldar şahyryň bu ýygyndysynda edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik babatda pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatyny wasp edýän şygyrlary saýlanyp alyndy.

17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtady. Bu kitabyň ilkinji sany Gahryman Arkadagymyza iberildi. Döwlet Baştutanymyz bu eseriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny belledi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, halkara abraýyny artdyrmak, Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, ýaş nesli beýik söz ussadynyň nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň Magtymguly Pyragy hakyndaky goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýär.

Bütin ömrüni halka hyzmat etmäge bagyşlan Magtymgulynyň döredijilik dünýäsi baý we köpugurlydyr. XVIII asyryň türkmen durmuşy, taryhy, syýasy wakalar, türkmen topragyna çäksiz söýgi, ýaşaýşyň ebedi sowallary, tebigatyň gözelligi, ahlak päkligi — bularyň ählisi ussadyň şygyrlarynda öz beýanyny tapypdyr. Dana Pyragynyň döredijiliginde esasy temalaryň biri hem watançylyk temasydyr. Onuň dogduk mekanynda berkarar döwlet gurmak baradaky taglymlary halky agzybirlige çagyrypdyr. Şahyryň döredijiliginde önüp-ösen ýeriniň tebigy gözelligini wasp edýän «Soňudagy», «Hasar dagynda», «Gürgeniň» ýaly goşgular hem bar. Magtymgulynyň şygyrlary diňe bir topragymyzyň tebigy gözelligini wasp etmek bilen çäklenmän, eýsem, arzuw-umytlar bilen bagly ylham beriji duýgulara-da ýugrulandyr. Muny şahyryň «Türkmeniň», «Türkmen binasy» şygyrlarynda aýdyň görmek bolýar.

Magtymgulynyň watançylyk temasynda ýazan şygyrlary XVIII asyr türkmen we türki dilli edebiýatyň ösmegine uly täsir edip, geljekki şahyrlar üçin özboluşly edebi mekdebe öwrülipdir. Muny Gahryman Arkadagymyzyň: «Öz döwründe geljegi öňünden gören nusgawy şahyrymyzyň mirasyny öwrenmekde häzirki zaman ylmynyň nukdaýnazaryndan seredeniňde, heniz doly düşünilmeýän zatlar bar... Geljekde Pyragynyň uçursyz zehinine täzeden baha beriljekdigine, onuň şygryýetiniň hakyky ruhy gymmatlyklarynyň dabaralanýandygy baradaky hoş habary älem-jahana ýaýradyp, dürli dillerde öňküsinden has-da güýçli ýaňlanjakdygyna men pugta ynanýaryn» diýen ganatly sözleri-de tassyklaýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen, beýik akyldaryň özbaşdak döwlet gurmak, halkymyzyň asuda we abadan durmuşy baradaky arzuwlary hasyl boldy. Soňky ýyllarda şahyryň döredijilik mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we halkara derejede giňden bellenilip geçilýär. Bu şanly sene mynasybetli dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde alnyp barylýan işler Magtymgulynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren gymmatly şahyrana we filosofik mirasyny öwrenmäge täze itergi berer.

Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt heýkeliniň gurulmagy beýik şahyra uly sarpa goýulýandygyny, onuň ömrüniň, döredijilik mirasynyň häzirki we geljek nesiller üçin görelde bolup durýandygyny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Şeýlelikde, «Magtymguly» atly kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenip, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edildi. Onuň bezeginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň gaznasyndan suratlar ulanyldy.

20.05.2024

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE GYRGYZ - TÜRKMEN HYZMATDAŞLYGY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2024-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azizbek Madmarow bilen duşuşygy boldy. 

Duşuşykda ikitaraplaýyn esasda ýola goýlan parlamentara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda döwletara hyzmatdaşlygyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldanylmagynyň, iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň iki tarap üçin hem bähbitli boljakdygy nygtaldy.

20.05.2024

Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly çärelere gatnaşdy

Şu gün goşa baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi.

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda umumymilli baýramlar aýratyn giň gerimi bilen tapawutlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Magtymguly Pyragy Watanymyzyň häzirki döwrüni gören bolsady, onda ol ýurdumyzyň ösüp-özgerendigine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyna guwanardy. Çünki türkmen halky beýik akyldaryň wasp eden dogruçyllyk, asyllylyk, watansöýüjilik, goňşulara hormat goýmak, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, parahatçylyk söýüjilik taglymlaryna ygrarlylyk ýaly adamzadyň iň gowy häsiýetlerini asyrlaryň dowamynda aýawly saklap, has-da ösdürmegi başardy. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň giňden bellenilýän günlerinde onuň Ýer ýüzüniň ähli ýaşaýjylaryny parahat ýaşaýşa we dost-doganlyga çagyrýan şahyrana şygyrlarynyň dünýäniň onlarça diline terjime edilip, çapdan çykarylandygyny bellemek gerek.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysyna ýene bir şanly sahypa ýazyldy — şu ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň täzeçil başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän iri halkara çäreler geçirilýär. Munuň özi Garaşsyz Watanymyza, Konstitusiýamyza we Döwlet baýdagymyza buýsanmak üçin ýene-de bir esasdyr. Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl tugumyz täze taryhy eýýamda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özbaşdaklygynyň mizemez esaslaryny özünde jemläp, halkymyzyň bitewüligini, jebisligini, parahatçylyk döredijilik, ynsanperwerlik, ýagşylyk taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň şanly sene mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň hem-de berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar. Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy baradaky konstitusion ýörelgäni amala aşyrýan syýasatymyzyň, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarymyzyň esasyny düzüp, mähriban halkymyza Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde egsilmez güýç-kuwwat berýär, jebisligimizi, agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar.

Döwlet baýdagy Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, şöhratly geçmişimiziň, bagtyýar döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, gadymy haly gölleri, ýarymaý bilen bäş ýyldyz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny aňladýan zeýtun şahalary şekillendirilen ýaşyl tugumyz mukaddes Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar.

...Irden Köpetdagyň ajaýyp dag eteginiň gözelligi bilen sazlaşykly utgaşýan Konstitusiýa binasynyň ýanynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar, medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandylar. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilen halkara maslahata, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň wekiliýetiniň agzalary bar.

Konstitusiýa binasynyň ýanynda merdana Watan goragçylary hatara düzüldiler. Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy binanyň öňündäki baýramçylyk öwüşgininde bezelen ýere gelýär. Hemmeler uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mübärekleýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow haly düşelen ýoda boýunça ýörite ýere geçýär. Ýodanyň iki tarapynda Watanymyzyň geljegi we daýanjy bolan talyp ýaşlar hatara durlar. Ýaş nesliň wekilleriniň ellerinde ýurdumyzyň Döwlet baýdagy buýsançly parlaýar. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, döwlet esaslarynyň hem-de demokratik ýörelgeleriniň bitewüligini, halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk däplerini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna ajaýyp gül çemenini goýdy.

Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dabara gatnaşyjylaryň ählisi gül desselerini we çemenlerini goýýarlar.

Ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň hormatyna gurlan bu bina demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň berkararlygynyň mizemez esaslaryny özünde jemleýän, kuwwatlylygy, gülläp ösüşi alamatlandyrýan özboluşly nyşana öwrüldi. Eziz Watanymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli maksatnamalarydyr taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän merdana halkymyz öz bagtyýar durmuşyny hem-de ýagty geljegini ynamly gurýar. Pederlerimiziň ruhy mirasymyz baradaky pikirleri, nesillerine wesýet eden Watany söýmek, oňa wepaly gulluk etmek, hoşniýetlilik, adalatlylyk ýaly asylly ýörelgeleri ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň özenini düzýär. Şonuň üçin-de bu gün halkymyz gadymy taryhynyň belentligine oňat düşünip, Garaşsyz döwletimiziň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününi bellemek bilen, paýhasly pederlerimiziň ýörelgelerine uly hormat-sarpa goýýar. Konstitusiýa esasy ýörelgeleri beýan etmek bilen, ol döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeler, durmuşyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşi nazara alnyp baýlaşdyrylýar we kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde ol düýpli mazmuny, ykdysady, durmuş, medeni hukuklar baradaky esasy ýörelgeleridir ugurlary özünde jemleýän üsti ýetirilen resminamadyr.

Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dabaralar Baş baýdak meýdançasynda dowam etdi. Bu ýerde dünýäde iň belent baýdak sütünleriniň biri ýerleşýär. 133 metr belentlikde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy buýsançly parlaýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy Baş baýdak meýdançasyna gelýär. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekleýärler. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz baýdak sütüniniň öňünde ajaýyp gül çemenini goýýar. Soňra döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýýarlar.

Halkymyz öz tuguna hemişe aýawly garapdyr. Mukaddes tugumyz halkymyzyň özbaşdak ösüşe, syýasy ugra, durmuş-ykdysady nusgasyna bolan hukugyny alamatlandyrýar. Türkmen topragy okgunly özgerip, gül açýan mekana öwrülýär, obalarymyz, şäherlerimiz täze keşbe eýe bolup, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty pugtalanýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Durmuşyň we döredijiligiň joş urýandygyny alamatlandyrýan ýaşyl baýdagymyzyň astynda halkymyz agzybir, ruhubelent zähmet çekip, geljege ynamly garaýar.

Dabara tamamlanandan soňra, Döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

...Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dabaralar geçirildi. Olara belli artistler, aýdym-saz, tans we folklor toparlary gatnaşdylar. Dabaralarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy, halkymyzyň jebisligini, mähriban topragymyzyň gözelligini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwatyny wasp edýän aýdymlar belentden ýaňlandy.

18.05.2024

TÜRKMEN-HYTAÝ PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

 

2024-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň arasynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. 

Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmanlary türkmen parlamentiniň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. 

Söhbetdeşlikde parlamentara gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky  hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigi bellenildi. Ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kanunçykaryjylyk we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellendi. Şeýle hem taraplar gender deňligini üpjün etmegiň kanunçylyk binýady, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda zenanlaryň orny, olar üçin döredilýän giň mümkinçilikler, milli-medeni mirasy öwrenmek, goramak we olary geljek nesillere ýetirmekde zenanlaryň bitirýän bimöçber işleri barada pikir alyşdylar. 

Söhbetdeşler türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy,  ony ösdürmegiň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda          syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

18.05.2024

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, sanitariýa işi, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, tohumçylyk işi bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, täze kanunlaryň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny gorap saklamak baradaky kanunyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, abraýly halkara guramalar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy. Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Wekiller Palatasynyň agzasynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Mejlisiniň we BAE-niň Federal Milli Geňeşiniň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň sanly ulgam arkaly duşuşygy geçirildi.

Mejlisiň wekilleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we kanunçylyk işini kämilleşdirmek boýunça geçiren maslahatlaryna gatnaşdylar, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek, milli kanunçylygyň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän çärelere, söhbetdeşliklere, duşuşyklara, maslahatlara gatnaşýarlar.

Döwlet Baştutanymyz täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegi hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirip durmagy dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, abraýly halkara guramalar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, milli ykdysadyýetimiziň innowasion taýdan ösüşini üpjün etmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ugurdaş düzümler tarapyndan integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin alynýan ýygymlary düzgünleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak ulgamyny halkara tejribä laýyklykda kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna nebitiň, tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan Lebap we Mary welaýatlarynyň çäginde ýerleşýän meýdançalarda buraw işleri geçirilýär. Munuň özi tebigy gaza baý bolan meýdançalary ýüze çykarmaga, onuň çykarylýan möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberiniň çykarylmagyna uly üns berilýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, Döwlet ýer kadastrynyň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görülýär, gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Ýurdumyzda ýer serişdeleriniň rejeli we netijeli peýdalanylyşyna, oba hojalyk ekinleriniň ekilýän meýdanlaryna gözegçilik etmek maksady bilen, häzirki wagtda Döwlet ýer kadastryny sanly ulgamyň kömegi bilen alyp barmak boýunça degişli çäreler görülýär.

Bu işleriň çäklerinde Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlar binýadyny alyp barmak boýunça ýörite programma üpjünçiligi taýýarlanyldy. Ýurdumyzda bugdaý ekilen meýdanlaryň möçberi, olaryň ýerleşýän ýerleri hem-de kärendeçiler we peýdalanyjylar baradaky maglumatlar bu programma üpjünçiligine doly girizildi. Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ekilýän gowaça, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleri baradaky degişli maglumatlary bu programma girizmek, şeýle hem ony has-da kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi we galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak boýunça zerur işleriň ýola goýulmagyny, gowaça ekilen meýdanlara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak maksady bilen, Döwlet ýer kadastryny sanly ulgamyň kömegi bilen alyp barmak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çärelere, hususan-da, bu şanly senä bagyşlanan “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIII köpugurly halkara sergä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçiriljek halkara sergä 160-dan gowrak ýerli we daşary ýurtly kompaniýalaryň, kärhanalaryň, hususy telekeçileriň, işewürleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Aşgabat şäheriniň häkimliginiň bilelikde guramagynda her ýyl geçirilýän bu serginiň maksady ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini, gaýtalanmajak gözelligini, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent sepgitlerini giňden açyp görkezmekden ybaratdyr. Däp bolan bu sergi halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we özara tejribe alyşmakda, türkmen paýtagtynyň şäher gurluşygy babatda gazananlaryny dünýä ýaýmakda, Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmekde, maýa goýumlary we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmekde, türkmen telekeçileriniň dünýäniň işewür toparlary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly ähmiýete eýedir.

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli täze desgalaryň we binalaryň, şol sanda Bagtyýarlyk etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň, “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda iki gatly, 136 sany ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХIII köpugurly halkara sergini guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak medeni çärelere, açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guraljak çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, «Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmegi hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan belli halyşynaslaryň, türkmen halysynyň muşdaklarynyň, alymlaryň hem-de ussat hünärmenleriň, halyçylyk bilen meşgullanýan kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde bitiren hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, ýurdumyzyň halyçylaryna “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly at dakylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine uly üns berilýändigini belledi we wise-premýere Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri, haly önümleriniň sergisini, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa her ýylyň iýun aýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 1-nji iýunynda bu baýram mynasybetli birnäçe çäreleri, hususan-da, aýdym-sazly medeni çäreleri, bäsleşikleri, usuly-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Döwlet sirkinde, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde sirk tomaşalaryny, Türkmen döwlet gurjak teatrynda bolsa sahna oýunlaryny, kinokonsert merkezlerinde, “Aşgabat” kinoteatrynda kinofilmleriň we multfilmleriň görkezilişini guramak, Mukamlar köşgünde ýaşlar simfoniki orkestriniň, birleşen çagalar horunyň baýramçylyk konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň giňden bellenilýändigini aýtdy we bu sene mynasybetli dabaralary, medeni çäreleri guramaçylykly geçirmäge talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça garamagynda çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri bar bolan ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bu merkezlerde zerur abatlaýyş işleri geçirildi. 20-nji maýda Bilim ministrliginde çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alşyny guramak baradaky toparyň mejlisini geçirmek, onda çagalaryň tomusky dynç alşynyň talabalaýyk guralmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk guramak üçin zerur şertler döredilýär. Olarda dynç alýan çagalar üçin milli oýunlar, sport çäreleri, döredijilik bäsleşikleri, tanymal medeniýet we sungat işgärleri, türgenler, ýaşuly nesliň wekilleri bilen duşuşyklar, sirk artistleriniň, teatrlaryň döredijilik toparlarynyň çykyşlary, muzeýlere gezelençler guralar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, gowy dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini belläp, Gökderede we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlarda hereket edýän çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde çagalaryň we ýetginjekleriň mynasyp dynç almagy, wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin tomusky dynç alyş möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegini, ol ýerde dynç alyş-sagaldyş, sport çärelerini, zehin we döredijilik bäsleşiklerini guramagy wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, şol sanda atom energiýasynyň ulanylyşyna gözegçiligi üpjün etmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegi möhüm ugur bolup çykyş edýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, ýagny 1994-nji ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk hakynda Ylalaşygyna goşulmagyndan bäri bu agentlik bilen ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirilip gelinýär. 2005-nji ýylyň 17-nji maýynda ýurdumyz bilen bu agentligiň arasynda kepillikleri ulanmak hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Munuň özi bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam berdi.

Türkmenistan 2016-njy ýyldan bäri Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň doly hukukly agzasy bolup durýar. BMG-niň bu düzümi bilen hyzmatdaşlyk birnäçe ugurlar boýunça alnyp barylýar. Özara gatnaşyklaryň halkara hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylda ýurdumyz agentligiň ýadro howpsuzlygy boýunça iki sany Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda tehniki hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanda agentligiň 4 taslamasy durmuşa geçirilýär.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, birnäçe teklipler, şol sanda milli kanunçylygy agentligiň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek, şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň gatnaşmagynda geňeşmeleri yzygiderli geçirmek boýunça teklipler taýýarlanyldy. Şeýle-de Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň arasynda 5 ýyllyk Çarçuwaly hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly teklip beýan edildi. Saglygy goraýyş, hususan-da, atom lukmançylygy, suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, oba hojalygy ýaly ugurlary gurşap alýan bu resminama Türkmenistanyň we agentligiň tehniki hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ileri tutulýan ugurlarda täze milli taslamalary işläp taýýarlamak üçin berk binýat bolup hyzmat eder. Bu resminamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin şu ýylyň iýunynda ýörite döredilen toparyň nobatdaky mejlisini geçirmek, agentligiň çäklerinde dünýä ýurtlary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýadyny pugtalandyrmak hem-de Türkmenistanyň onuň hereket edýän düzümleriniň 8-siniň birine saýlanylmagy boýunça çäreleri görmek teklip edilýär.

Şeýle hem onkologik kesellere garşy göreşmek maksady bilen, lukmançylyk ugry boýunça özara gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Ýurdumyzda bu ugurda maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar, ugurdaş infrastruktura döwrebaplaşdyrylýar. Agentligiň bu ulgamda öňdebaryjy halkara gurama bolup durýandygyny hem-de bar bolan oňyn tejribäni nazara almak bilen, Türkmenistanda bilelikdäki hereketlere syn geçirmek boýunça ImPACT maksatnamasyny durmuşa geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli hem-de köpugurly häsiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga ünsi çekip, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň pudak edaralarynda elektron maglumat alyşmak ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda taslama resminamasyny baglaşdy. Resminama laýyklykda, pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny döretmek we işe girizmek hem-de ýurdumyzyň pudak edaralaryny bu ulgama birikdirmek, bu ugurda işlejek hünärmenleri taýýarlamak, halkara tejribäni öwrenmek boýunça degişli işler geçirilýär. Bellenilişi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzda elektron hökümet ulgamyny giňden ornaşdyrmaga, işe girizmäge we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmaga, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmäge, e.gov.tm döwlet hyzmatlary portalynda hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga giň mümkinçilikler berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we elektron hökümet ulgamyny ornaşdyrmak, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň pudak edaralarynda pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny ornaşdyrmak baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda dabaraly çäreleriň üstünlikli geçirilýändigini aýtdy. Şu gün biz Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz kitabyň ilkinji sanyny Gahryman Arkadagymyza ibermegi makul bilendigini aýdyp, bu eseriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny belledi.

Biz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň gününi dabaraly belläp geçeris. Bu baýramçylyk Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde bize egsilmez güýç-kuwwat berýär, jebisligimizi we agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy we ýygnananlary hem-de ähli halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi hem-de Milli Liderimizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, beýik şahyryň ýubileýi mynasybetli “Magtymguly” atly kitabyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli asylly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

17.05.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy

Eziz watandaşlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Bu gün türkmen halky uly toý toýlaýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede geçirilýän bu dabara bilen siziň ähliňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Eziz watandaşlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlary öňe sürdi. Bu ugurda örän köp işler ýerine ýetirildi.

Hormatly Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldar şahyryň baý döredijiligini wasp etmek bilen, onuň hormat-sarpasyny, abraý-mertebesini has-da belende göterdi. Bu goşgynyň her bir sözünde, her bir setirinde örän çuňňur many bar.

Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,
Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne.
Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna,
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy —

diýip belläp geçmegi Gahryman Arkadagymyzyň söz ussadynyň edebi mirasyna goýýan aýratyn hormatyndan nyşandyr.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy türkmen halkynyň Milli Lideriniň parasatly pikirleri bilen berk baglydyr. Akyldar şahyryň döwletlilik, berkararlyk, agzybirlik hakyndaky arzuwlary bu günki bagtyýar döwrümizde hasyl boldy. Munuň özi Magtymgulynyň «Türkmeniň» atly goşgusynda öz aýdyň beýanyny tapýar:

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Hormatly adamlar!

Beýik akyldaryň eserleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň mähriban halkymyza, eziz Diýarymyza, berkarar döwletimize bolan söýgüsini joşdurýar. Nesillerimizde ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt üçin, bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp ýaşlar bolup ýetişmegine ýardam edýär. Türkmenistanly hem-de daşary ýurtly meşhur ýazyjy-şahyrlar, alymlar, edebiýatçylar, suratkeşler, amaly-haşam sungatynyň ussatlary, bagşy-sazandalar beýik şahyra bagyşlap kämil eserleri döretdiler. Bu eserler akyldaryň baý edebi mirasyny öwrenmekde, halka giňden ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Biz beýik söz ussadynyň baý, gymmatly edebi mirasyny toplamakda, aýawly saklamakda, öwrenmekde we wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretdik. Bu medal, şeýle hem Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen köp sanly watandaşlarymyz, daşary ýurtly raýatlar sylaglanar.

Eziz watandaşlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Türkmen halky müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda adamzadyň umumy ösüşine uly täsir eden ruhy we medeni gymmatlyklary döreden halkdyr.

Magtymgulynyň eserleri dünýä edebiýatynyň, adamzat medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Söz ussadynyň dürdäne şygyrlaryny halk ýatdan öwrenipdir. Bagşy-sazandalarymyz onuň çuň many-mazmunly goşgularyny aýdyma öwrüp, şu günlerimize ýetiripdirler. Hut şoňa görä-de, nusgawy türkmen şahyrynyň ýubileý toýy bu gün Ýer ýüzünde giňden toýlanýar.

Hormatly adamlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş-ykdysady ösüşleri gazanmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda, ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki zaman binalarynyň we desgalaryň, döwrebap ýollaryň gurluşyklary giň gerimde dowam etdirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen gözel paýtagtymyzyň täsin tebigatly künjeginde gurlan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy taryhy wakadyr. Bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagy Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň ýene bir aýdyň nyşanydyr. Ol ýurdumyzyň raýatlarynyň we daşary ýurtly myhmanlaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüler. Bu ýerde türkmenistanly hem-de daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň, döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda şygryýet agşamlary, döredijilik duşuşyklary, aýdym-sazly çykyşlar yzygiderli geçiriler. Bu seýilgäh toplumy Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny täze belentliklere götermekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Hormatly adamlar!

Siziň bilşiňiz ýaly, häzirki döwre çenli daşary ýurtlaryň birnäçesinde Magtymguly Pyragynyň heýkelleri oturdyldy we oturdylýar. Şeýle sahawatly işler halklaryň arasynda dost-doganlyk köprülerini has-da pugtalandyrýar. Akyldar şahyryň ömrüni we döredijiligini çuňňur öwrenmek bilen bagly ýurdumyzda alnyp barlan işler bolsa abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna girizildi. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramy bolsa ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bularyň ählisi türkmen halkynyň beýik söz ussadyna bolan belent sarpany aýdyň ýüze çykarýar.

Eziz watandaşlar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi türkmen halkynyň beýik ogly, ähli döwürleriň şahyry Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we onuň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar durmuş, uly üstünlikleri arzuw edýärin.

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 17-nji maýy)

17.05.2024

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilip, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär. Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň we halkara guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Sebitde hem-de dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen iri möçberli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Dünýä ýurtlary we halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli berkitmek Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropa Bileleşigi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türki medeniýetiň halkara guramasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýe bolýar.

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!

Nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeniýet ministrleri derejesinde halkara maslahatyň geçirilmegi örän ähmiýetlidir. Bu maslahat medeni ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge, geljekde bu ugurda alnyp baryljak işleri has-da ösdürmäge, Magtymgulynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge uly itergi berer. Çünki beýik akyldar Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynyň üsti bilen dünýä halklaryny agzybirlige, dost-doganlyga, ynsanperwerlige çagyran, Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagyny arzuwlan şahyrdyr.

2024-nji ýyl Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Bu ýylyň beýik söz ussady bilen baglanyşykly atlandyrylmagynyň çuňňur manysy bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldar şahyryň döredijiligini pähim-paýhas ummanyna meňzetmek bilen, onuň çuň manyly eserleriniň ynsan kalbynda baky orun alandygyny, paýhasly pikirleriniň umumadamzat ähmiýetine eýedigini beýan edýär.

Mälim bolşy ýaly, TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», ýurdumyzyň Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bu taryhy wakalar beýik şahyryň arzuwlan ajaýyp zamanasynda berkarar türkmen döwletiniň halkara abraýynyň barha artýandygynyň, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige, dost-doganlyga esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginde giň goldawa mynasyp bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Bu halkara maslahatyň Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de beýik şahyrymyzyň heýkeliniň açylyş dabarasy bilen utgaşykly gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Magtymgulynyň şygyrlary dünýäniň onlarça diline terjime edilip, kitap görnüşinde çapdan çykaryldy, daşary ýurtlarda heýkelleri oturdyldy. Bu bolsa onuň hormat-sarpasyny Ýer ýüzünde has-da belende göterýär. Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda dünýä halklarynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň, akyldarlarynyň heýkelleriniň oturdylmagy bolsa dana şahyryň dost-doganlyk, agzybirlik baradaky arzuwlarynyň mukaddes türkmen topragynda hasyl bolandygyny alamatlandyrýar.

Beýik akyldaryň şanly ýubileýine bagyşlanan halkara forumyň çäklerinde siz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän çärelere hem gatnaşarsyňyz. Aşgabatdaky medeni ojaklara, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine we ol ýerdäki medeni maksatly edaralara baryp görersiňiz. Bu bolsa size türkmen halkynyň baý medeni mirasy, häzirki döwürde ýeten sepgitleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer. Şeýle baý mazmunly maslahatyň medeni ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge, dost-doganlyk ruhunda özara tejribe alyşmaga ýardam etjekdigine pugta ynanýaryn.

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

17.05.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumyna gatnaşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy, şeýle hem birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş-medeni ugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem Russiýa Federasiýasynda yslam maliýe ulgamy düzümleriniň ösdürilmegine ýardam bermek forumyň esasy maksadydyr. Şu ýyl “KazanForuma” 80-den gowrak döwletiň, şol sanda YHG-na agza ýurtlaryň 40-synyň, Russiýanyň sebitleriniň 83-siniň wekilleri gatnaşýarlar. Ol “Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk” şygary astynda geçýär.

Irden RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň kabulhanasynda bolan gezelenjiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri we Rustam Minnihanow özara bähbitlilik, uzak möhletlilik ýörelgeleri, bilelikdäki işiň baý oňyn tejribesi esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Soňra Gahryman Arkadagymyzyň we Tatarystanyň Baştutanynyň bilelikdäki awtoulag kerweni Başir Rameýew adyndaky Maglumat tehnologiýalary parkyna bardy. Bu ýerde “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň “Russiýa — Yslam dünýäsi: adalatly, köppolýarly dünýä gurluşy we howpsuz ösüş” atly mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin açyk halkara meýdança hökmünde özüni görkezen bu çärä nobatdaky gezek gatnaşmagy Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-durmuş ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyny berkitmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany duşuşygy açyp, häzirki wagtda bu toparyň ornunyň barha artýandygyny belledi. Ol Russiýanyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklarda baglanyşdyryjy köprä, dostlugy, özara düşünişmegi, ynanyşmagy pugtalandyrmagyň guralyna öwrüldi. Mundan başga-da, bu topar adaty ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň goragyna gönükdirilen ählumumy derejedäki dinara dialogyň netijeli meýdançasydyr.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi. Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylary mübärekläp, Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyna foruma gatnaşmaga hem-de onda çykyş etmäge çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Rustam Minnihanowyň Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ornuny hem-de ykdysady, medeni, ylym, bilim, sport ulgamlaryndaky gatnaşyklary giňeltmekde köp ýyllaryň dowamynda bitiren şahsy hyzmatlaryny belläp, onuň ähli türkmen halkynyň arasynda uly hormata we abraýa eýediginiň kanunalaýyk ýagdaýdygyny aýtdy.

Biz oňa diňe bir ýurdumyz bilen köp ýyllaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýän Russiýanyň iň ösen sebitleriniň biriniň ýolbaşçysy hökmünde garaman, eýsem, ony wepaly dost, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmeginiň möhüm şerti hökmünde türkmen-tatar doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagynyň tarapdary hökmünde görýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we munuň üçin Tatarystanyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.

Şunuň bilen birlikde, Tatarystanyň Baştutanynyň Russiýanyň yslam dünýäsi bilen gatnaşyklaryny berkitmekde, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, uzak möhletleýin bähbitleri hem-de maksatlary utgaşdyrmakda uly goşandy aýratyn bellenildi. Nygtalyşy ýaly, onuň syýasatçy we diplomat hökmünde başarnyklary köp döwletleriň Baştutanlary bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak, açyklyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam etdi. Bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylandygyny görýäris. Şu gezekki geçirilýän foruma gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi hem munuň aýdyň netijesidir.

Häzirki wagtda Russiýa bilen yslam dünýäsiniň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejä çykýandygy äşgärdir. Ol okgunly, yzygiderli ösdürilýär, täze ulgamlary öz içine alýar, has anyk häsiýete we ösüş kuwwatyna eýe bolýar diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi hem-de munuň kanunalaýykdygyny belledi. Bu gatnaşyklaryň esasyny taryhyň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan geografik taýdan goňşuçylygyň, medeni hem ruhy taýdan özara ýakynlaşmagyň we baýlaşmagyň köpasyrlyk tejribesi, Russiýanyňdyr yslam döwletleriniň halklaryna mahsus ruhy-ahlak gymmatlyklaryna birmeňzeş garaýyşlar emele getirýär.

Ýüzýyllyklaryň dowamynda Russiýa we musulman ýurtlary Ýuwaş ummanyndan Atlantik ummana çenli Gündogary hem-de Günbatary birleşdirýän siwilizasion gurşawy döredipdirler. Özara hormat goýmak, birek-biregiň garaýyşlaryny, bähbitlerini ykrar etmek esasynda guralýan gatnaşyklaryň aýratyn görnüşleri kemala geldi diýip, Milli Liderimiz aýtdy we bu taryhy tejribäniň häzirki zaman şertlerinde has-da aýratyn ähmiýete hem-de zerurlyga eýe bolýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa we yslam ýurtlary döwletleriňdir halklaryň arasynda hormat goýmak, deňhukuklylyk gatnaşyklaryny nähili gurmagyň nusgasyny görkezýärler, birek-birege wehim salmazdan, bir pursatlyk bähbitleri peýdalanmazdan, hyzmatdaşyň zerurlyklaryna düşünmek bilen garaýarlar. Biziň güýç-kuwwatymyzyň, artykmaçlyklarymyzyň hem-de mümkinçiliklerimiziň hut şunda jemlenendigine ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz bu çemeleşmäniň dünýäde tarapdarlarynyň barha artýandygyny belledi.

Milli Liderimiz bu agzalan ýörelgelerden başga-da, Russiýa we yslam dünýäsi hyzmatdaşlygyň netijeli, özüne çekiji ykdysady hem-de tehnologik nusgasyny görkezmelidirler diýip hasap edýärin. Biziň üçin ahlak sütünleri bolan ozaldan gelýän gymmatlyklara, parahatçylyga, durmuş adalatlylygyna ygrarlylyk häzirki zaman meýillerine goşulyşmak, ykdysadyýete, gündelik durmuşa innowasion usullaryň ornaşdyrylmagy bilen utgaşdyrylmalydyr diýip nygtady we bilelikdäki iş üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.

Russiýanyň kuwwatly tehnologik, ylym-bilim mümkinçilikleri yslam dünýäsiniň aglaba döwletleriniň ösen infrastrukturasy, baý tebigy serişdeleri, ýaş we işjeň ilaty hem-de ösüş üçin beýleki jedelsiz artykmaçlyklary bilen birlikde, giň gerimli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, senagat-energetika, ulag hyzmatdaşlygy, ylmy we bilim alyşmalary, intellektual kuwwaty, öňdebaryjy çözgütleri birleşdirmek babatda durnukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn şertleri döredýär.

Umuman, Russiýanyň we musulman ýurtlarynyň tutuş dünýä üçin hyzmatdaşlyga açyk bolmak bilen, öz ägirt uly mümkinçiliklerini birleşdirip, syýasatda, ykdysadyýetde, ahlak-aňyýet babatynda milli özboluşlylygyny, mertebesini hem-de taryhy tejribesini peseltmezden, hoşniýetli erk-islegi, parahatçylyk söýüjiligi, ösüşe ygrarlylygy görkezmek bilen, ählumumy meýillere oňyn täsir etmäge, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup galmaga ukyplydyklaryna ynanýaryn diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Ýeke-täk dogry ýörelgäniň şundadygyna üns çekildi. 

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy hem-de yslam dünýäsiniň bir bölegi hökmünde anyk çäreleridir hereketleri teklip etmek bilen, şeýle çemeleşmä ýardam bermegi öz wezipesi hasaplaýar. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň ulanylmagy bu strategiýanyň aýrylmaz bölegi bolup biler. Türkmenistanyň BMG-ä agza döwletleriň 86-synyň awtordaşlygynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda teklip eden Kararnamasynyň şu ýylyň 21-nji martynda Baş Assambleýa tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi ýene-de bir möhüm waka boldy. Bu örän uly we ähmiýetli wakadyr. Pursatdan peýdalanyp, ähli ýurtlara, aýratyn-da, awtordaş döwletlere bu resminamany işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşandyklary hem-de goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Bu ýurtlaryň köp sanly wekilleri Kazandaky şu foruma gatnaşýarlar. Parahatçylygy we ynanyşmagy ilerletmek işinde musulman ýurtlary wajyp orny eýeläp bilerler diýip hasaplaýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Olar dünýädäki gapma-garşylyklary gepleşikler arkaly çözmäge, özara hormat goýmaga esaslanýan dialog üçin şertleri döretmäge, halkara işlerde diňe bir gatnaşyk medeniýetini däl, eýsem, ylalaşyk medeniýetini hem berkarar etmäge berk we ynamly çagyrmalydyrlar.

Şunuň bilen birlikde, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu forumda Parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň hatyrasyna yslam başlangyjyny işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Türkmenistan bu başlangyjy çemeleşmeleriňdir teklipleriň ylalaşykly toplumy, parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, adalatlylygyň dini bolan yslam dininiň ýörelgeleri esasynda dünýä halklaryna ýüzlenýän özboluşly “Ýol kartasy” hökmünde görýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz bu teklibi Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, gyzyklanma bildirýän beýleki halkara düzümler bilen ara alyp maslahatlaşmagyň, onuň üstünde bilelikde işlemegiň hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň biriniň resminamasy hökmünde öňe sürmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz çykyşynda Yslam başlangyjynyň ähli döwletleriň oňa goşulyşmagy üçin açyk bolmalydygyna ünsi çekdi. Şunda bu başlangyjyň dünýä jemgyýetçiliginiň ähli jogapkär taraplarynyň, diňe bir syýasatçylaryň däl, eýsem, beýleki adamlaryň hem goldawyna eýe boljakdygyna, musulman ymmatynyň çetde durman, jebisleşendigini we beýleki döwletleriňdir halklaryň goldaw bermeginde dünýädäki işleriň ýagdaýyna işjeň we netijeli täsir etmäge, ylalaşygy gazanmak üçin ýardam bermäge taýýardygyny habar berjekdigine berk ynam bildirildi.

Bellenilişi ýaly, yslam dini Russiýanyň köpmilletli halkyny we musulman döwletleriniň halklaryny asyrlaryň dowamynda baglanyşdyryp gelýän berk hem durnukly ruhy sütünleriň biridir. Russiýanyň we yslam ýurtlarynyň şahyrlarynyň, filosoflarynyň, akyldarlarynyň, aň-bilim ýaýradyjylarynyň öçmejek eserlerinde öz beýanyny tapan ýokary medeniýetlilik, ahlak güýji, çuňňur ruhy mazmun biziň umumy baýlygymyzdyr. Biz özümizi beýik rus medeniýetinden, edebiýatyndan, sazyndan, kinematografiýasyndan üzňe tutmaýarys, çünki olaryň hem yslamyň paýhas çeşmesinden, biliminden we dünýägaraýşyndan gözbaş alandygyny bilýäris. Şoňa görä-de, olar Russiýa hem musulman ýurtlaryna deň derejede degişlidir diýip, Milli Liderimiz aýtdy.

Şu ýyl Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda beýik türkmen nusgawy şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Russiýada, hususan-da, Moskwada, Tatarystan Respublikasynda, Sankt-Peterburgda, Astrahan oblastynda, yslam dünýäsiniň köp ýurtlarynda bu şanly senä bagyşlanan çäreler geçirilýär. Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda şeýle goldawa ýokary baha berilýär we oňa diňe bir biziň milli akyldarymyza däl, eýsem, tutuş türkmen halkyna hormat goýmagyň, Türkmenistan bilen ruhy-medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem taýýarlygyň nyşany hökmünde garalýar. Şunuň bilen baglylykda, ýene-de bir möhüm pikiri aýtmagy zerur hasaplaýaryn. Magtymgulynyň ýubileýiniň diňe bir dabaralar bilen çäklenmezligini isleýärin diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Goý, bu ýubileý Türkmenistanyň we Russiýanyň, yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasynda medeni-ynsanperwer, ruhy, ylmy hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny kemala getirmek üçin başlangyç bolup hyzmat etsin! Biziň edebiýatçylarymyzy, neşirýatçylarymyzy, alymlarymyzy taryhy-edebi, filosofik temalaryň giň gerimi boýunça bilelikdäki täze taslamalara ruhlandyrsyn! Ýaş zehinleriň bilelikdäki döredijiligine, bilim edaralarynyň ugry boýunça mowzuklaýyn maksatnamalary işläp taýýarlamaga ýardam bersin diýip, Milli Liderimiz nygtady.

Bellenilişi ýaly, munuň özi geljege goşant bolup, biziň ýurtlarymyza hyzmatdaşlygyň, ösüşiň, özara düşünişmegiň möhüm strategik mümkinçilikleriň birini üpjün eder, Russiýanyň we yslam dünýäsiniň asylly maksatlarynyň umumylygyny has-da pugtalandyrar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň ahyrynda üns berendikleri üçin mejlise gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdi we hemmelere berk jan saglyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi. Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Baştutan Rustam Minnihanowyň Russiýa Federasiýasynyň we yslam dünýäsi ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşandyny ýene bir gezek belläp, bu ugurdaky tagallalar üçin oňa minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Mejlise gatnaşyjylaryň çykyşlarynda “KazanForumyň” indi köp ýyllaryň dowamynda “Russiýa — Yslam dünýäsi” formatynda hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň dialogy hökmünde netijeli meýdança bolup hyzmat edýändigi bellenildi. 15-nji gezek üstünlikli geçirilýän bu forum geçen ýyllaryň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmekde uly sepgitlere ýetilendigini, şunuň bilen birlikde, özara hormat goýmagyň, ynanyşmagyň, bilelikde rowaçlyklara ýetmäge ygrarlylygyň aýdyň mysalyny görkezdi.

Tatarystanyň Baştutany öz esasy çykyşynda häzirki zaman dünýäsiniň ählumumy meseleleriniň birnäçesi barada aýdyp, “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň öz derejesinde bu meseleleriň jogabyny gözlemäge ýardam etmelidigini belledi. Syýasy ulgamyň durnuklylygyny, ykdysady kuwwatyň ýokarlandyrylmagyny, medeni hem-de ruhy-ahlak gymmatlyklaryň saklanylmagyny we ösdürilmegini üpjün etmek maksady bilen, bu formata gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi.

Mejlis tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen duşuşygy boldy.

Ol Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýokary wekilçilikli çäräniň çäklerinde görüşmek mümkinçiligine kanagatlanma bildirdi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň “KazanForum — 2024-e” gatnaşmagy soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolan rus-türkmen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin ägirt uly ähmiýete eýedir.

Konstantin Kosaçýow hormatly Arkadagymyzyň şu gün öňe süren başlangyçlarynyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Şunda oňyn başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň “Russiýa — Yslam dünýäsi” formatynyň çäklerindäki köpýyllyk döwletara gatnaşyklara täze itergi berjekdigi nygtaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, biziň ýurdumyz tarapyndan şu formata gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň netijeli meýdançasy hökmünde garalýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, özara gatnaşyklaryň döwrüň talap edýän netijeli görnüşlerini bilelikde işläp taýýarlamaga mundan beýläk-de ýardam bermäge Türkmenistanyň taýýardygy tassyklanyldy.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meýilnamalary barada pikir alyşmagyň barşynda Gahryman Arkadagymyz we RF-niň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary şu gezekki forumyň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň, gazanylan ylalaşyklaryň Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň, yslam dünýäsi ýurtlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdiler.

“Russiýa — Yslam dünýäsi” XV halkara ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy RF-niň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Grigoriý Karasin bilen hem duşuşdy.

Ol türkmen halkynyň Milli Lideri bilen şunuň ýaly möhüm çärede duşuşmaga mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Russiýada Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha hem-de köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berilýändigini belledi.

Federasiýa Geňeşiniň komitetiniň başlygy Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran saparynyň ähmiýetini belläp, onuň jemleri boýunça Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara topary döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekilendigini, munuň iki dostlukly ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolandygyny aýtdy. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň rus-türkmen parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegindäki uly goşandyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideriniň häzirki wagtda özara bähbitli hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolýan yslam dünýäsiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde möhüm orny bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky netijeli dialogyň ösdürilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň çakylygy boýunça biziň ýurdumyzyň hem wekiliýetiniň gatnaşýan “KazanForum — 2024-iň” ähmiýeti barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz onuň dürli halklaryň, dinleriň we medeniýetleriň wekilleriniň arasynda dialogy ýola goýmak boýunça abraýly meýdança bolup çykyş edýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, her ýyl geçirilýän wekilçilikli foruma gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygyň adalatly, köppolýarly dünýä gurluşy şertlerinde howpsuz ösüşiň üpjün edilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Soňra Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň Myhmanlar öýünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşygy boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, “Russiýa — Yslam dünýäsi” XV halkara ykdysady forumynyň çäklerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Tatarystan Respublikasy dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösýär we halkara derejedäki möhüm maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Munuň özi onuň dünýädäki abraýynyň yzygiderli artýandygynyň güwäsidir. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz bu forumyň hem-de onuň çäklerindäki ähli çäreleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Bu çäreler Russiýanyň yslam dünýäsiniň döwletleri bilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-durmuş ulgamlardaky özara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilendir. 

M.Şaýmiýew Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “KazanForum” halkara ykdysady forumyna gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, Milli Liderimiziň öňe süren teklipleriniň, şol sanda Parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň hatyrasyna yslam başlangyjyny işläp taýýarlamak baradaky teklibiniň möhümdigine, onuň döwrüň talabydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ol Türkmenistanyň bu teklibiniň goldanylýandygyny hem-de onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň birinde resminama hökmünde öňe sürülmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy. Russiýanyň geljekde-de ýurdumyzyň sebit we halkara derejede ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny goldamaga taýýardygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler halklarymyzyň asyrlaryň dowamynda medeniýetiniň umumylygyna, diliniň meňzeşligine, dininiň birligine, birek-birege hormat goýmaga we deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklap gelýändiklerini bellediler. Türkmen-tatar gatnaşyklaryna mahsus ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň ýokary derejesi netijeli ikitaraplaýyn dialogy ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda we Tatarystanda geçirilýän milli baýramlara, iri halkara çärelere bilelikde gatnaşylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halklarymyzyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda, hususan-da, nebitgaz pudagynda, gämi gurluşygynda, himiýa senagatynda, awiasiýa tehnikasyny, ýük awtoulaglaryny ibermek ulgamynda netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, bar bolan ägirt uly kuwwaty açmak üçin ähli mümkinçilikleriň doly derejede ulanylmalydygyny aýtdylar. Medeni-ynsanperwer ulgamda ýola goýlan hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, köp sanly türkmen talyplarynyň Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandyklary, bilim ojaklarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulýandygy bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda Tatarystanyň dürli ugurlarda ýeten sepgitleriniň Mintimer Şaýmiýewiň kabul eden öňdengörüjilikli çözgütleriniň we garaýyşlarynyň netijesidigini belledi. Ol häzirki günde-de Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi wezipesinde öz halkyna hyzmat etmegini ýadawsyz dowam etdirýär. Gahryman Arkadagymyz mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup çykyş edýän özara bähbitli türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan saldamly goşandy üçin Mintimer Şaýmiýewe minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler gadymdan gelýän dostluk däplerine esaslanýan medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna ýardam berjekdigine we mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek üçin berk binýat boljakdygyna ynam bildirip, birek-birege hem-de iki doganlyk halka iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň bilelikdäki awtoulag kerweni “Kazan EKSPO” halkara sergi merkezine ugrady.

Bu ýerde “Russiýa — Yslam dünýäsi” XV halkara ykdysady forumynyň çäklerinde 30 müň inedördül metr meýdanda “Russia Halal EXPO” maýa goýum we infrastruktura taslamalarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ol geljegi nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek we onuň netijeli gurallaryny kemala getirmek, dürli ulgamlarda tejribe alyşmak, işewürlik duşuşyklaryny hem-de gepleşikleri geçirmek üçin möhüm meýdança bolup durýar.

Sergä Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitleriniň, daşary ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň köp pudaklarynyň wekilleri, şol sanda azyk önümçiligi, saglygy goraýyş, senagat, moda senagaty, syýahatçylyk, maglumat tehnologiýalary, maliýe we maýa goýumlar ulgamlarynda ýöriteleşen kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

...Merkezi girelgäniň öňünde Gahryman Arkadagymyzy we Tatarystanyň Baştutanyny “Kazan EKSPO” halkara sergi merkeziniň baş direktory garşylaýar.

Ýurdumyzyň bu wekilçilikli sergä gatnaşmagy Russiýa bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, dünýäniň halal önümler bazarynda Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmaga, milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary çekmäge ýardam berer.

Bu ýerde görkezilýän wideofilmde RF-niň Tatarystan Respublikasynyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň ýeten derejeleri, türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, bar bolan söwda-ykdysady, maýa goýum mümkinçilikleri, şol sanda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy barada gürrüň berilýär. “KamAZ”, “Tatneft”, “KER-Holding” ýaly öňdebaryjy kompaniýalar, maşyngurluşyk kärhanalary bilen bilelikde durmuşa geçirilen taslamalar baradaky şekiller netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarydyr.

Russiýa Federasiýasy we onuň iri sebitleri, öňdebaryjy senagat, ylym, bilim, medeni merkezleri bilen netijeli dialogyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Tatarystan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklar munuň anyk mysalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany iri rus kompaniýalarynyň bu ýerde görkezilen özboluşly taslamalary, döwrebap tehnologiýalary, senagat, raýat, ýol, ýaşaýyş jaý gurluşygy üçin enjamlar, gurluşyk serişdeleri, ýolgurluşyk tehnikalary bilen tanyşdylar.

Halkara kompaniýalar, döwlet korporasiýalary, iri banklar we maliýe edaralary hem bu ýerde öz diwarlyklaryny ýerleşdiripdirler. Munuň özi sergini diňe bir tehnologiýanyň gazananlaryny görkezmek üçin däl-de, eýsem, maýa goýum mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak, halkara işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin hem netijeli meýdança öwürýär.

Gahryman Arkadagymyz we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň milli pawilýonyna ugradylar.

Pawilýon ýurdumyzyň ähli pudaklarda, şol sanda hususy pudakda gazanýan üstünlikleri, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy alyp barmak, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin bar bolan kuwwaty hem-de mümkinçilikleri barada düşünje berýär. Bularyň ählisi monitorlarda görkezilýän wideoşekillerde-de öz beýanyny tapýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýa, toplumlaýyn özgertmeler Watanymyzy innowasion taýdan ösdürmäge, senagatlaşdyrmaga, pudaklaryň infrastrukturasyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, olara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Şunda hususy bölegi höweslendirmäge we goldamaga uly ähmiýet berilýär. Döwrebap bazar gatnaşykly, ýokary netijeli ykdysadyýetiň tapgyrlaýyn kemala getirilmegi, importyň ornuny tutýan harytlaryň önümçilikleriniň giňeldilmegi, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagy, durnukly ösüş depginini gazanmagyň şertleriniň biri hökmünde sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar.

Türkmenistanyň pawilýonynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň hem-de nebitgaz, himiýa senagatynyň, ýeňil senagatyň dürli görnüşli önümleri, aýna önümleri, gurluşyk serişdeleri görkezilýär. Sergi dokma we gön önümçiliginde, halk senetçiliginde gazanylan üstünlikler bilen tanyşmaga hem mümkinçilik berýär.

Milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagy ýurdumyzyň elektron senagatyny ösdürmäge ýardam berýär. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilýän kompýuter tehnikalary, Wi-Fi routerleri, LED çyralar, plastik kartlar we beýleki önümler ýerleşdirilipdir.

Ýurdumyzyň pawilýonynda meşhur türkmen el halylary aýratyn orun eýeleýär. Halylar halkymyzyň ruhy özboluşlylygynyň çeper beýany, baý medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, tutuş dünýäde kämil gözelligi we ýokary hili bilen meşhurdyr. Sergide görkezilýän türkmen halylarynyň hatarynda ýüpekden dokalanlary-da bar. Bu ýerde ajaýyp halylaryň dokalyşyny görmek bolýar. Halyçy zenanlar halynyň kesiliş usulyny görkezdiler. Soňra bu haly Tatarystanyň Baştutanyna sowgat berildi. Şeýle hem hormatly myhmanlara haly torbalary sowgat hökmünde gowşuryldy.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň işewürleri haly we haly önümleriniň önümçiligini giňeldýärler, bu ugurda täze pikirlerdir çözgütleri hödürleýärler. Häzirki wagtda Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işleriň netijesinde, öndürilýän önümleriň hili barha ýokarlanýar. Içerki bazarlarymyz harytlar bilen üpjün edilip, daşary söwdanyň çäkleri giňeldilýär. “Türkmenistanda öndürilen” nyşanly harytlar dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar hem-de Watanymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga giň ýol açýar.

Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurdumyzyň ulag-logistika pudagyna aýratyn bölüm bagyşlanypdyr. Bu ýerde ulag serişdeleriniň ähli görnüşleriniň, paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň şekil taslamalary görkezilýär. Howa menziliniň öňdebaryjy infrastrukturasy sebit hem yklym derejesinde howa we multimodal ýük daşamalary üçin mümkinçilikleriň dürli görnüşlerini hödürleýär. Häzirki günde Türkmenistan sebitiň möhüm üstaşyr ulag hem-de iri halkara logistika merkezine öwrüldi.

Milli pawilýonymyzyň uly bölegi döwrebap söwda toplumyny ýada salýar. Bu ýerde ter gök önümler, miweler, şöhlat önümleri we ýurdumyzyň azyk senagatynyň beýleki harytlary ýerleşdirilipdir. Ýurdumyzyň bazarlarynyň azyk bolçulygyny alamatlandyrýan bu görnüşler türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda başyny başlan hem-de halkymyzyň rowaçlygyny üpjün etmäge, saglygyny goramaga gönükdirilen ykdysady özgertmeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň açyp görkezýär. Bu önümleriň kabul edilen halkara ekologik we estetik kadalara laýyklykda gaplanandygyny hem-de bezelendigini bellemek möhümdir.

Şeýle hem sergide Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eserlerine aýratyn orun berlipdir. Bu düýpli ylmy işleriň sahypalarynda ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň bejeriş häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär. Bu ýerde gurnalan fitobarda türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýdan dadyp görmek bolýar.

“Russia Halal EXPO” maýa goýum we infrastruktura taslamalary sergisiniň çäklerinde duşuşyklar guraldy. Olaryň dowamynda türkmen hünärmenleri milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlarynyň wekillerine ol ýa-da beýleki pudak baradaky zerur maglumaty almaga, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga, gatnaşyklaryň täze görnüşleri babatda pikir alyşmaga mümkinçilik döredildi.

Gahryman Arkadagymyz we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň milli pawilýony bilen tanşyp, onuň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler hem-de Russiýa we yslam dünýäsiniň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny bellediler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Tatarystanyň Baştutany bilelikde Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline geldiler.

Gahryman Arkadagymyz we Rustam Minnihanow Türkmenistan bilen RF-niň Tatarystan Respublikasynyň dostlukly gatnaşyklara ygrarlydyklaryny we iki tarapyň hem özara bähbitlilige, deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini tassykladylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin Tatarystanyň Baştutanyna ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň bilen hoşlaşyp, Watanymyza ugrady. Birnäçe wagtdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalarynyň geçiren duşuşyklarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ulag-kommunikasiýalar ulgamynda gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyp, Russiýanyň bu ugurda ýöriteleşen iri kompaniýalary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.

Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde iki ýurduň Ýewropa bilen Aziýanyň söwda ýollarynyň ugrunda geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň netijeli peýdalanylmagy örän wajypdyr. Türkmenistan we Russiýa demir ýol, awtomobil, howa ýollary pudagynyň ösdürilmegine, bar bolan düzümleýin desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurdaky çäreler üstaşyr ulag ugurlarynyň, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberiniň artdyrylmagy üçin uly mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň dürli forumlaryň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýär hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary, şol sanda Russiýanyň we onuň iri sebitleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir. Şolaryň biri-de Tatarystan Respublikasydyr.

Kazan şäheriniň häkimliginde ýerine ýetiriji komitetiň ýolbaşçysy bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda şäher hojalygynyň dolandyrylyşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary tehnologiýalar ulgamyna degişli tehnologiýalar parkynda sanly ulgamy ösdürmegiň mümkinçilikleri duşuşygyň esasy meselesi boldy. Türkmen tarapynyň wekili bu ugurda Türkmenistanda döwlet derejesinde durmuşa geçirilen taslamalar, alnyp barylýan giň gerimli işler, şol sanda Arkadag şäherinde ornaşdyrylan sanly ulgamlar barada gürrüň berdi.

Şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň Musulmanlaryň ruhyýet müdirliginiň müftüsi bilen duşuşyk geçirildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklaryny taryhy taýdan emele gelen medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Bu köpasyrlyk däpler häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň agzalary Innopolis şäheriniň häkimi bilen duşuşdylar. Duşuşygyň dowamynda şähergurluşyk ulgamynda tejribe alyşmagyň möhümdigi bellenildi, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Kazan milli barlaglar tehnologik uniwersitetinde geçirilen duşuşygyň barşynda bilim-ylym ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugry bolup çykyş edýändigi nygtaldy. Tatarystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde köp sanly türkmen talyplary okaýar. Munuň özi olara döwrebap bilimleri almaga hem-de Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Bu ýokary okuw mekdepde okaýan türkmen talyplary daşary ýurtlaryň öňdebaryjy bilim ojaklarynda döwrebap bilim almaga döredilen mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

16.05.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumyndaky çykyşy

(Kazan şäheri, 2024-nji ýylyň 16-njy maýy)

Hormatly Rustam Nurgaliýewiç!

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, şu ýere ýygnananlary mähirli mübäreklemäge hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutany hormatly Rustam Nurgaliýewiç Minnihanowa foruma gatnaşmaga we onda çykyş etmäge çakylygy üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!

Mümkinçilikden peýdalanyp, Rustam Nurgaliýewiçiň Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekdäki möhüm ornuny hem-de ykdysady, medeni, ylym, bilim, sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde köp ýyllaryň dowamynda bitiren şahsy hyzmatlaryny bellemek isleýärin. Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň ähli türkmen halkynyň arasynda uly hormatdan we abraýdan peýdalanýandygy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Biz oňa diňe bir ýurdumyz bilen köp ýyllaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýän Russiýanyň iň ösen sebitleriniň biriniň ýolbaşçysy hökmünde garaman, eýsem, ony wepaly dost, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmeginiň möhüm şerti hökmünde türkmen-tatar doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagynyň tarapdary hökmünde görýäris. Munuň üçin, hormatly Rustam Nurgaliýewiç, Size ägirt uly minnetdarlygymy bildirmäge rugsat ediň!

Elbetde, Tatarystanyň Baştutanynyň Russiýanyň yslam dünýäsi bilen gatnaşyklaryny berkitmekde, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, uzak möhletleýin bähbitleri hem-de maksatlary utgaşdyrmakda uly goşandyny aýratyn nygtamak gerek. Rustam Minnihanowyň syýasatçy we diplomat hökmünde başarnyklary köp döwletleriň Baştutanlary bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak, açyklyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam etdi. Bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylandygyny görýäris. Şu gezekki geçirilýän foruma gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi hem munuň aýdyň netijesidir.

Gadyrly dostlar!

Häzirki wagtda Russiýa bilen yslam dünýäsiniň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejä çykýandygy äşgärdir. Ol okgunly, yzygiderli ösdürilýär, täze ulgamlary öz içine alýar, has anyk häsiýete we ösüş kuwwatyna eýe bolýar. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr diýip hasaplaýaryn. Bu gatnaşyklaryň esasyny taryhyň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan geografik taýdan goňşuçylygyň, medeni hem ruhy taýdan özara ýakynlaşmagyň we baýlaşmagyň köpasyrlyk tejribesi, Russiýanyňdyr yslam döwletleriniň halklaryna mahsus ruhy-ahlak gymmatlyklaryna birmeňzeş garaýyşlar emele getirýär.

Ýüzýyllyklaryň dowamynda Russiýa we musulman ýurtlary Ýuwaş ummanyndan Atlantik ummana çenli Gündogary hem-de Günbatary birleşdirýän siwilizasion gurşawy döredipdirler. Özara hormat goýmak, birek-biregiň garaýyşlaryny, bähbitlerini ykrar etmek esasynda guralýan gatnaşyklaryň aýratyn görnüşleri kemala geldi. Bu taryhy tejribe häzirki zaman şertlerinde has-da aýratyn ähmiýete we zerurlyga eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa we yslam ýurtlary döwletleriňdir halklaryň arasynda hormat goýmak, deňhukuklylyk gatnaşyklaryny nähili gurmagyň nusgasyny görkezýärler, birek-birege wehim salmazdan, bir pursatlyk bähbitleri peýdalanmazdan, hyzmatdaşyň zerurlyklaryna düşünmek bilen garaýarlar. Biziň güýç-kuwwatymyzyň, artykmaçlyklarymyzyň hem-de mümkinçiliklerimiziň hut şunda jemlenendigine ynanýaryn. Bu çemeleşmäniň dünýäde tarapdarlarynyň barha artýandygy äşgärdir. Bu agzalan ýörelgelerden başga-da, Russiýa we yslam dünýäsi hyzmatdaşlygyň netijeli, özüne çekiji ykdysady hem-de tehnologik nusgasyny görkezmelidirler diýip hasap edýärin. Biziň üçin ahlak sütünleri bolan ozaldan gelýän gymmatlyklara, parahatçylyga, durmuş adalatlylygyna ygrarlylyk häzirki zaman meýillerine goşulyşmak, ykdysadyýete, gündelik durmuşa innowasion usullaryň ornaşdyrylmagy bilen utgaşdyrylmalydyr. Şunda bilelikdäki iş üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ynanýaryn.

Russiýanyň kuwwatly tehnologik, ylym-bilim mümkinçilikleri yslam dünýäsiniň aglaba döwletleriniň ösen infrastrukturasy, baý tebigy serişdeleri, ýaş we işjeň ilaty hem-de ösüş üçin beýleki jedelsiz artykmaçlyklary bilen birlikde, giň gerimli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, senagat-energetika, ulag hyzmatdaşlygy, ylmy we bilim alyşmalary, intellektual kuwwaty, öňdebaryjy çözgütleri birleşdirmek babatda durnukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn şertleri döredýär.

Umuman, Russiýanyň we musulman ýurtlarynyň tutuş dünýä üçin hyzmatdaşlyga açyk bolmak bilen, öz ägirt uly mümkinçiliklerini birleşdirip, syýasatda, ykdysadyýetde, ahlak-aňyýet babatynda milli özboluşlylygyny, mertebesini hem-de taryhy tejribesini peseltmezden, hoşniýetli erk-islegi, parahatçylyk söýüjiligi, ösüşe ygrarlylygy görkezmek bilen, ählumumy meýillere oňyn täsir etmäge, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup galmaga ukyplydyklaryna ynanýaryn. Bu ýeke-täk dogry ýörelgedir. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy hem-de yslam dünýäsiniň bir bölegi hökmünde anyk çäreleridir hereketleri teklip etmek bilen, şeýle çemeleşmä ýardam bermegi öz wezipesi hasaplaýar.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň ulanylmagy bu strategiýanyň aýrylmaz bölegi bolup biler. Türkmenistanyň BMG-ä agza döwletleriň 86-synyň awtordaşlygynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda teklip eden Kararnamasynyň şu ýylyň 21-nji martynda Baş Assambleýa tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi ýene-de bir möhüm waka boldy. Bu örän uly we ähmiýetli wakadyr. Pursatdan peýdalanyp, ähli ýurtlara, aýratyn-da, awtordaş döwletlere bu resminamany işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşandyklary hem-de goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Bu ýurtlaryň köp sanly wekilleri Kazandaky şu foruma gatnaşýarlar.

Parahatçylygy we ynanyşmagy ilerletmek işinde musulman ýurtlary wajyp orny eýeläp bilerler diýip hasaplaýaryn. Olar dünýädäki gapma-garşylyklary gepleşikler arkaly çözmäge, özara hormat goýmaga esaslanýan dialog üçin şertleri döretmäge, halkara işlerde diňe bir gatnaşyk medeniýetini däl, eýsem, ylalaşyk medeniýetini hem berkarar etmäge berk we ynamly çagyrmalydyrlar. Şu forumda Parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň hatyrasyna yslam başlangyjyny işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip edýärin. Biz bu başlangyjy çemeleşmeleriňdir teklipleriň ylalaşykly toplumy, parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, adalatlylygyň dini bolan yslam dininiň ýörelgeleri esasynda dünýä halklaryna ýüzlenýän özboluşly “Ýol kartasy” hökmünde görýäris. Bu teklibi Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, gyzyklanma bildirýän beýleki halkara düzümler bilen ara alyp maslahatlaşmagy, onuň üstünde bilelikde işlemegi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň biriniň resminamasy hökmünde öňe sürmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn.

Yslam başlangyjynyň ähli döwletleriň oňa goşulyşmagy üçin açyk bolmagy möhümdir. Bu başlangyjyň dünýä jemgyýetçiliginiň ähli jogapkär taraplarynyň, diňe bir syýasatçylaryň däl, eýsem, beýleki adamlaryň hem goldawyna eýe boljakdygyna, musulman ymmatynyň çetde durman, jebisleşendigini we beýleki döwletleriňdir halklaryň goldaw bermeginde dünýädäki işleriň ýagdaýyna işjeň hem-de netijeli täsir etmäge, ylalaşygy gazanmak üçin ýardam bermäge taýýardygyny habar berjekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Yslam dini Russiýanyň köpmilletli halkyny we musulman döwletleriniň halklaryny asyrlaryň dowamynda baglanyşdyryp gelýän berk hem durnukly ruhy sütünleriň biridir. Russiýanyň we yslam ýurtlarynyň şahyrlarynyň, filosoflarynyň, akyldarlarynyň, aň-bilim ýaýradyjylarynyň öçmejek eserlerinde öz beýanyny tapan ýokary medeniýetlilik, ahlak güýji, çuňňur ruhy mazmun biziň umumy baýlygymyzdyr. Biz özümizi beýik rus medeniýetinden, edebiýatyndan, sazyndan, kinematografiýasyndan üzňe tutmaýarys, çünki olaryň hem yslamyň paýhas çeşmesinden, biliminden we dünýägaraýşyndan gözbaş alandygyny bilýäris. Şoňa görä-de, olar Russiýa hem musulman ýurtlaryna deň derejede degişlidir.

Şu ýyl Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda beýik türkmen nusgawy şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Russiýada, hususan-da, Moskwada, Tatarystan Respublikasynda, Sankt-Peterburgda, Astrahan oblastynda, yslam dünýäsiniň köp ýurtlarynda bu şanly senä bagyşlanan çäreler geçirilýär. Munuň üçin ähli dostlarymyza çuňňur minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Türkmenistanda şeýle goldawa ýokary baha berilýär we oňa diňe bir biziň milli akyldarymyza däl, eýsem, tutuş türkmen halkyna hormat goýmagyň, Türkmenistan bilen ruhy-medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem taýýarlygyň nyşany hökmünde garalýar. Şunuň bilen baglylykda, ýene-de bir möhüm pikiri aýtmagy zerur hasaplaýaryn. Magtymgulynyň ýubileýiniň diňe bir dabaralar bilen çäklenmezligini isleýärin.

Hormatly dostlar!

Goý, bu ýubileý Türkmenistanyň we Russiýanyň, yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasynda medeni-ynsanperwer, ruhy, ylmy hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny kemala getirmek üçin başlangyç bolup hyzmat etsin! Biziň edebiýatçylarymyzy, neşirýatçylarymyzy, alymlarymyzy taryhy-edebi, filosofik temalaryň giň gerimi boýunça bilelikdäki täze taslamalara ruhlandyrsyn! Ýaş zehinleriň bilelikdäki döredijiligine, bilim edaralarynyň ugry boýunça mowzuklaýyn maksatnamalary işläp taýýarlamaga ýardam bersin! Munuň özi geljege goşant bolup, biziň ýurtlarymyza hyzmatdaşlygyň, ösüşiň, özara düşünişmegiň möhüm strategik mümkinçilikleriniň birini üpjün eder, Russiýanyň we yslam dünýäsiniň asylly maksatlarynyň umumylygyny has-da pugtalandyrar.

Üns bereniňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin hem-de mejlise gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw edýärin. Pursatdan peýdalanyp, Tatarystanyň doganlyk halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin. Sözümiň ahyrynda hormatly Rustam Nurgaliýewiç Minnihanowyň Russiýa Federasiýasynyň we yslam dünýäsi ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan uly goşandyny ýene-de bir gezek bellemek bilen, bu ugurda edilýän tagallalar üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

16.05.2024
1 ... 15 16 17 18 19 ... 40