Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň arasynda duşuşyk boldy. Onda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň nobatdaky Parlamentara forumyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada pikir alşyldy. Bu duşuşygyň maksady özara bähbitli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar parlamentara gatnaşyklaryň üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

***

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary K.Kosaçýow bilen duşuşyk boldy. Taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşi barada pikir alyşdylar. Ýokary derejedäki gatnaşyklar bu hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady forumyna gatnaşmagynyň hem-de onda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak boýunça öňe süren möhüm başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny belläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň ikinji Parlamentara forumyny guramak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-rus gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini ýola goýmak boýunça bilelikdäki işe taýýarlyk beýan edildi.

13.06.2024

TÜRKMEN-RUS PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

 

2024-nji ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň Orunbasary K.Kosaçýow bilen duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun berilýändigini bellediler we geljekde bu ugurda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kanunçykaryjylyk we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy barada aýratyn durlup geçildi. 

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň nobatdaky parlamentara forumynyň geçirilmegi bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu forumyň Merkezi Aziýa döwletleri we Russiýa Federasiýasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, halkara gatnaşyklary netijeli  hem-de köptaraplaýyn ösdürmäge hyzmat edýändigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar netijeli parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

13.06.2024

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE PAKISTAN-TÜRKMEN HYZMATDAŞLYGY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

 

2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahsan Wagan bilen duşuşygy boldy.

Ilçi öz çykyşynda döwletara we halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli ösüşi, Türkmenistanda durmuşa geçirilen özgertmeler, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň ähmiýeti barada aýtdy.

Duşuşykda ikitaraplaýyn esasda ýola goýlan parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy. Halkara parlament guramalarynyň çäklerinde, şeýle hem ikitaraplaýyn we sebitleýin esasda ugurdaş komitetleriň, zenanlaryň, ýaş parlamentarileriň duşuşyklaryny we maslahatlaryny yzygiderli esasda guramagyň kanunçykaryjylyk işi babatynda tejribeleri paýlaşmakda amatly meýdança döredýändigi bellenildi. 

12.06.2024

AWSTRALIÝA ARKALAŞYGYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNY GOWŞURDY

 

2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Awstraliýa Arkalaşygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Jon Uilýam Giringden Ynanç hatyny kabul etdi. 

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Ilçi oňyn Bitaraplyk, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. 

Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şeýle hem parlament derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanylýan netijeleriň ähmiýetini bellediler.

12.06.2024

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Ylymlar güni, şeýle hem bu baýram mynasybetli geçirilýän “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ylymlar gününe bagyşlanan baý mazmunly çäreleriň alymlaryň tagallalaryny ylmyň möhüm we geljegi uly ugurlaryna gönükdirmekde, özara tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynanýaryn.

Beýik işler, depginli ösüşler ylmyň we bilimiň güýji, oýlap tapyşlaryň, ýokary tehnologiýalaryň üstünlikleri bilen amala aşyrylýar. Ylym adamzadyň röwşen geljeginiň ýoludyr. Döwrümiziň ylmy-tehniki gazananlary, bilim hem-de innowasiýalar ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak ýoly bilen ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmegiň, ähli ugurlar boýunça öňegidişlikleri gazanmagyň, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Bitarap Watanymyzyň ornuny pugtalandyrmagyň girewi bolup hyzmat edýär. Şu nukdaýnazardan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bähbitli we umumadamzat ähmiýetli strategik wezipelerimizi, maksatnamalarymyzy, iri taslamalarymyzy durmuşa geçirmekde düýpli ylmy esaslara daýanýarys, bu ugurda ylym ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürýäris we kämilleşdirýäris.

Ýurdumyzyň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-önümçilik, ylmy-tehniki merkezlerinde, taslama edaralarynda alymlarymyzyň düýpli ylmy-nazary we ylmy-amaly barlaglary alyp barmaklary, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan howpsuz, ykdysady taýdan netijeli ýokary tehnologiýalary döretmekleri hem-de innowasiýalary işläp taýýarlamaklary üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Zehinli ýaş alymlary taýýarlamak, olaryň ylmy işleriniň netijeleriniň goraglylygyny, ykrar edilmegini gazanmak ugrunda yzygiderli işleri alyp barýarys. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de beýleki strategiýalardyr konsepsiýalara laýyklykda, geljegi uly önümçilikler babatda bilimiň, ylmyň, önümçiligiň we täjirçiligiň özara baglanyşygyny üpjün edýäris. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk derejesiniň berilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Hormatly alymlar,
ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!

Alymlarymyzyň gazanýan üstünlikleri ykdysady we ylmy-medeni taýdan ösýän ýurt hökmünde Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny has-da pugtalandyrýar. Nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, lukmançylyk we derman senagaty tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar babatda ileri tutulýan ugurlar boýunça ösüşlerimiz üçin berk binýat döredilýär. Ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, importyň ornuny tutmaga gönükdirilen ylmy barlaglar, innowasion tehnologiýalar geljegi uly önümçilikleriň ýola goýulmagyna hem-de täze senagat toplumlarynyň döredilmegine ýardam berýär. Bu ugurda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ylmy işläp taýýarlamalara, häzirki zaman innowasiýalaryna, hususan-da, smart — «akylly» tehnologiýalara esaslanýan önümçilik toplumlarynyň bina edilýändigi aýratyn buýsançly ýagdaýdyr.

Eziz watandaşlar!

Gadyrly myhmanlar!

Türkmenistan halkara guramalar we daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika, innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge hem-de bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga hemişe taýýardyr. Iň täze ylmy usullaryň we innowasiýalaryň esasynda gaýtadan işleýän tehnologiýalary, nanotehnologiýalary, biotehnologiýalary, hemra-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmek we ýokary derejeli ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmeginiň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara ylmy giňişlikdäki abraýy barha ýokarlanýar. Munuň özi alymlarymyzyň ylmy-inženerçilik pikirlerini, öňdebaryjy gazananlaryny döwletimiziň we halkymyzyň, dünýä halklarynyň bähbidine, bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirýändigimize aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda ylmy ösdürmäge uly üns berýändigimizi görkezýär.

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, dünýäniň umumy ösüşine, bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen ylmy-döredijilik işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

12.06.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler hem-de işewürlik maslahatyna gatnaşdylar

Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleri üstünlikli geçirildi. Onuň gün tertibine däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Gazanylan möhüm ylalaşyklar hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen resminamalaryň toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

...Duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky “Arkadag” myhmanhanasyna gelip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoly hem-de sapar wagtynda ýanynda bolýan maşgalasy Kim Kon-Hini mähirli mübäreklediler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz we belent mertebeli myhman öz maşgalalary bilen ýadygärlik surata düşdüler.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň dostlukly döwletiň Baştutany bilen duşuşygy boldy.

Gahryman Arkadagymyz Prezident Ýun Sok Ýoly Aşgabatda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm wakadygyny belledi. Türkmenistan Koreýa Respublikasyna dost we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar hem-de bu ýurt bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. Hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatynyň doly derejede durmuşa geçirilmegi umumy bähbitlere laýyk gelýär. Ýurdumyz milli ykdysadyýeti düýpli döwrebaplaşdyrmak, senagatlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn özgertmeler strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, täzeçillikleriň we iň gowy daşary ýurt tejribesiniň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi netijeli türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ony häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin oňyn mümkinçilikleri açýar.

Prezident Ýun Sok Ýol bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga üýtgewsiz gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, 10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikleriň ýokary netijeliligi nygtaldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplaryň hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin esasda alyp barmagy maksat edinýändiklerini tassyklaýan resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Dostlukly ýurduň Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasynyň möhüm hyzmatdaşy bolup durýar we Aşgabatda gazanylan ylalaşyklar geljegi nazara almak bilen, bilelikdäki üstünlikli işiň esasy ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Soňra duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahaty görnüşinde dowam etdi. Onda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugry bolup durýan söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk meseleleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ençeme ýyllaryň dowamynda dünýä belli koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebitgaz hem-de ulag ulgamlarynda üstünlikli işleýändiklerini, giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklaryny belledi. Şolaryň hatarynda Gyýanlydaky polimer zawodynyň hem-de iri “Galkynyş” käninde gazy kükürtden arassalaýan zawodyň gurluşygyny görkezmek bolar.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan mawy ýangyjyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýelemek bilen, diňe bir onuň gazylyp alnyşyny artdyrmak hem-de eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy ugur edinmek bilen çäklenmän, bu çig maly gaýtadan işlemegiň möçberini köpeltmegi, ýokary tehnologiýaly önümçilik düzümini, şol sanda ösen gazhimiýa pudagyny kemala getirmegi hem ugur edinýär. Munuň özi koreý, umuman, daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary, ekologik taýdan arassa ýokary tehnologiýalary ulanmak arkaly bilelikdäki täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.

Ulag ulgamy barada aýdylanda, Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeltmek strategiýasyny öňe sürdi. Şunda Gündogar — Günbatar hem-de Günorta — Demirgazyk ugurlary boýunça Aziýany we Ýewropany birleşdirýän yklymara ulag geçelgelerini döretmek boýunça tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň ulag ulgamynda awtomobil tehnikalaryny ibermek babatda uly tejribe toplandyklaryny aýtdy. “Hyundai” kompaniýasy bu ugurda biziň ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşydyr.

Prezident Ýun Sok Ýol Gahryman Arkadagymyza ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine hemişe üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, biziň ýurtlarymyzyň bu babatda garaýyşlarynyň hem-de eýeleýän orunlarynyň meňzeşdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlaryny goldap, olaryň örän möhümdigini nygtady.

Koreýa Respublikasy Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge çalyşýar hem-de şu maksatlar üçin öz baý tejribesini, tehnologik mümkinçiliklerini hödürlemäge taýýardyr diýip, dostlukly döwletiň Baştutany aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ýokarda agzalyp geçilen pudaklar bilen bir hatarda, koreý işewür toparlary, beýleki ulgamlarda, şol sanda şäher gurluşygynda hyzmatdaşlyga hem uly gyzyklanma bildirýärler. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Türkmenistanda “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlandy. Ýakyn geljekde bolsa ýene-de bir ägirt uly taslamany — “Aşgabat-sitini” durmuşa geçirmäge girişmek meýilleşdirilýär. Bularyň ählisi özara bähbitli ýakyn işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin şertleri döredýär. Innowasiýalar, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, medeni-ynsanperwer ulgam, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol gadymdan gelýän dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak, hoşniýetli erk-isleg ýörelgelerine daýanýan döwletara gatnaşyklaryň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine hem-de ähli bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň sapar wagty ýanynda bolýan maşgalasy üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Myhman Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy bilen myhmanhananyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synlady. Sergi türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasy, nesilden-nesle geçirilip gelýän däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde ajaýyp el halylary, amaly-haşam we şekillendiriş sungaty eserleri, şaý-sepler, el işleriniň nusgalary, muzeý gymmatlyklary görkezildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa koreý Lideriniň maşgalasy Kim Kon-Hine gadymy taryhy bolan milli halyçylyk sungatynyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Myhman dünýä meşhur halylary döredýän türkmen zenanlarynyň ussatlygyna haýran galýandygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyzyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalalary zenan lybaslarynyň görkezilişini hem synladylar. Bu lybaslarda gadymy milli däpler häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Görkeziliş Modeller öýi tarapyndan taýýarlanyldy.

Ikitaraplaýyn duşuşyk tamamlanandan soňra, sergini synlamaga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol hem geldiler. Bu ýerde ajaýyp ahalteke bedewi we türkmen alabaýy şekillendirilen uly göwrümli surat eseri görkezildi. Gahryman Arkadagymyz suraty synlap, behişdi bedewleriň hem-de alabaýlaryň milli mirasymyz bolmak bilen, halkymyzyň buýsanjy, wepaly dostlary, hemrasydygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Koreýa Respublikasynyň Baştutanyna mizemez türkmen-koreý dostlugynyň nyşany hökmünde iki sany alabaýy sowgat berdi. Belent mertebeli myhman Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, bu sowgada däp bolan döwletara gatnaşyklaryň özboluşly nyşany hökmünde garaýandygyny belledi.

* * *

Şu gün Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň gatnaşmagynda Türkmen-koreý işewürlik maslahaty geçirildi. Yzygiderli esasda geçirilýän şeýle işewürlik duşuşyklary netijeli gatnaşyklary giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, hyzmatdaşlygyň bar bolan köpugurly kuwwatyny durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini işläp taýýarlamak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek üçin açyk meýdança bolup hyzmat edýär. Şunda hökümetara türkmen-koreý toparynyň hem-de “Türkmenistan — Koreýa Respublikasy” işewürlik geňeşiniň alyp barýan işlerine hem möhüm orun degişlidir.

Ýurtlarymyzyň arasynda işewürlik ugry boýunça özara gatnaşyklaryň köptaraplaýyn esasda, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatynyň çäklerinde hem ösdürilýändigini bellemek gerek. 2023-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda bu formatdaky hyzmatdaşlyk forumynyň ministrler derejesindäki 16-njy mejlisiniň çäklerinde işewürlik geňeşiniň 4-nji mejlisi hem-de “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ýaş telekeçileriň işewürlik forumy geçirilipdi. Bir söz bilen aýdylanda, däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli şertler we mümkinçilikler bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine saldamly goşant goşýar. Bitarap Türkmenistanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan döredijilikli daşary syýasaty häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu syýasatda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly üns berilýär.

...Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi. Bu ýerde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoly türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Forumyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Baştutany Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerini we türkmen halkynyň baý medeni mirasyny açyp görkezýän sergini synladylar. Toplumlaýyn ekspozisiýada milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň, şol sanda onuň hususy böleginiň önümçilik we eksport mümkinçilikleri görkezildi. Bu ýerde ýurdumyzda öndürilýän, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli harytlaryň dürli görnüşleri bar. Olar dokma senagaty, derman we himiýa senagatynyň önümleri, gurluşyk serişdeleri hem-de beýlekilerdir. Sergi bölümleriniň birinde ajaýyp türkmen halylary we haly önümleri görkezilýär. Onda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň baý taryhyna, medeniýetine bagyşlanan, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň häzirki zaman durmuşyny açyp görkezýän kitaplaryna uly orun berlipdir.

Soňra Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Türkmen-koreý işewürlik maslahaty öz işine başlady. Duşuşyga gatnaşyjylar — iki ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, maliýe-bank we işewürlik düzümleriniň wekilleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoly mähirli mübäreklediler.

Ýygnananlara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklar bilelikdäki işiň möhüm bölegi bolup durýar. Birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik, uzak möhletlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk döwletara dialogyň ýokary derejesiniň güwäsi bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär. Gahryman Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola hem-de maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, belent mertebeli myhmana şu gün geçirilýän bilelikdäki işewürlik maslahatyna gatnaşýandygy hem-de döwletara dialogyň giňeldilmegine aýratyn üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu gezekki duşuşyk iki ýurduň işewürlerini, iri kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemledi. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk has ýokary derejelere çykdy. Esasan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklarymyz ösüşiň belent sepgitlerine ýetdi hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda dürli ugurlar boýunça 105 sany resminama gol çekildi. Şolardan 26-sy döwletara we hökümetara resminamalar, 79-sy bolsa pudagara resminamalar bolup durýar. Iki ýurduň arasynda alnyp barylýan netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda has-da berkeýär. Türkmenistanda Günorta Koreýanyň maýasynyň gatnaşmagynda 13 sany kärhana hasaba alyndy diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy kanagatlanma bilen belledi.

Häzirki wagta çenli ýurdumyzda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 14 sany maýa goýum taslamasy bar. Şolaryň hatarynda «Galkynyş» gaz käninde gazy kükürtden arassalaýan zawodyň; Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşyklary; Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döwrebap ýagdaýa getirilmegi; «Hyundai» kysymly 1630 sany awtobusuň we 300 sany ýeňil taksi awtoulagynyň satyn alynmagy ýaly iri taslamalary görkezmek bolar. Häzirki wagtda «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» gämigurluşyk senagaty tehnologiýa kärhanasynyň gatnaşmagynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda iki sany gury ýük gämisiniň gurluşygy hem alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar özboluşly häsiýete eýe bolup, birnäçe netijeli düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlyk edilýär. Ýagny Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý topary, «Koreýa Respublikasy — Türkmenistan» parlamentara dostluk topary köp ýyllaryň dowamynda hereket edip gelýär. «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde hem dürli ulgamlar babatda wajyp çözgütler kabul edilip, bu ugurdaky gatnaşyklar diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem, halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de işjeň häsiýetde dowam etdirilýär.

Gahryman Arkadagymyz 2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň 9-njy mejlisiniň geçirilendigine ünsi çekdi. Mejlisiň dowamynda taraplaryň arasynda şu degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy alyp barmak möhüm hasaplandy:

— söwda we maýa goýum, himiýa, nebitgaz pudagy, gämi gurluşygy, ulag-logistika, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, bilim ulgamy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek;

— iki ýurduň telekeçileriniň we işewürleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak. Şu ýylyň 11-nji iýunynda Aşgabatda biziň häzirki gatnaşýan Türkmen-koreý işewürlik maslahatymyzy geçirmek meselelerine hem garaldy diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda we maýa goýumy höweslendirmek babatda binýady döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek teklip edildi. Bu resminama energetika, senagat, söwda, maýa goýumlar, “ýaşyl” we sanly ykdysadyýet ýaly ugurlary öz içine alýar.

Taraplar iki ýurduň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli dowam etdirilmeginiň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, «Galkynyş» gaz käniniň IV tapgyrynyň özleşdirilmeginiň Türkmenistanda gaz pudagynyň ösdürilmegine uly goşant boljakdygy barada nygtaldy. Bu ugurda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparynyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Hyundai Engineering Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşyk gol çekmek üçin taýýarlanyldy we şonuň esasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň we «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» gaz käniniň IV tapgyrynda öndürijiligi ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýjy desgalary we guýulary doly taýýar edip gurmak şerti bilen taslamalaşdyrmak, satyn almak we gurmak taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, duşuşygyň barşynda türkmen tarapynyň Gyýanlydaky polimer zawodynyň doly önümçilik kuwwatyna ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda Gyýanlydaky polimer zawodynda toplumlaýyn tehniki barlag-audit geçirmek barada baglaşylan şertnamanyň netijesi boýunça polimer zawodynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin taslamanyň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirildi. Bu işleriň ýerine ýetirilmegi barada «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň we «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda Gyýanlydaky polimer zawodynyň üstünlikli işe girizilmegi we durnukly işlemegi üçin zerur çäreleriň we işleriň ýerine ýetirilmegi barada hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ilerletmek maksady bilen, işewürlik maslahatlaryny, sergileri hem-de söwda ýarmarkalaryny guramak, Türkmenistanda we Koreýa Respublikasynda halkara maslahatlary geçirmek ýaly bilelikdäki çäreler göz öňünde tutuldy. Koreýanyň eksport-import bankynyň, Söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, şeýle-de koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda geljekki taslamalar üçin maliýe hyzmatdaşlygy boýunça işler dowam etdiriler diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi bilen Kýonpuk milli uniwersitetiniň ýanyndaky “Çilgok” hassahanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak babatda ylalaşyk gazanyldy. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň medeniýet, sungat işgärleriniň gatnaşmagynda Medeniýet günleri, festiwallar, konsertler, sergiler ýaly medeni çäreleri geçirmekde, bu babatda täze tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça tejribe alyşmakda gatnaşyklary ösdürmek hem netijeli ugur hökmünde kesgitlenildi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda koreý dilini öwrenmäge höwesiň barha artýandygyny bellemek isleýärin. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde koreý diliniň öwredilmegi, koreý dili boýunça ýörite kafedralaryň açylmagy, paýtagtymyzda Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň üstünlikli hereket etmegi aýdylanlara aýdyň mysal bolup durýar. Biz geljekde-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak arkaly halklarymyzy ýakynlaşdyrmak babatda ähli tagallalary ederis diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu gezekki forumyň netijeleriniň türkmen-koreý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine ynam bildirip, Prezident Ýun Sok Ýola hem-de dostlukly ýurduň wekiliýetine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Koreýa Respublikasynyň Baştutanyna söz berilýär.

Belent mertebeli myhman gadymy döwürlerde çäginden Beýik Ýüpek ýoly geçen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda guralýan bilelikdäki işewürlik maslahatyna gatnaşmaga örän şatdygyny, bu çäräniň köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga ýardam etjekdigini aýtdy. Şunda Koreýa Respublikasynyň biziň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Seula amala aşyran sapary bu ugurda möhüm ädim boldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Ýun Sok Ýol özüniň Merkezi Aziýa döwletleri boýunça saparyny ilki Türkmenistana gelip görmekden başlandygyny aýtdy.

Gaz ulgamy türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şu ýyl “Galkynyş” käninde tebigy gazy kükürtden arassalamak boýunça desgany gurmak barada ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekilmegine 15 ýyl dolýar. Belent mertebeli myhman şu barada aýtmak bilen, 2009-njy ýyldan bäri bu ulgamda hyzmatdaşlygyň hem-de özara tejribe alyşmak işleriniň yzygiderli ösdürilýändigine ünsi çekdi. Giň gerimli işleri alyp barýan hem-de iri taslamalary durmuşa geçirýän işewürler döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Ýun Sok Ýol iki ýurduň işewürler toparlarynyň wekillerine hoşallyk bildirdi.

Dostlukly döwletiň Baştutany uglewodorod serişdelerine örän baý bolan hem-de tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň senagat ulgamynda öňdebaryjy tehnologik işläp taýýarlamalara eýe bolan Koreýa Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belläp, ykdysady hyzmatdaşlygyň, ozaly bilen, energetika babatynda hyzmatdaşlygyň depginini çaltlandyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, koreý kompaniýalary Türkmenistanda öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda işleýän häzirki zaman kärhanalarynyň birnäçesini gurdular hem-de jogapkärli hyzmatdaşlar hökmünde abraýa eýe boldular. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň geljekde-de şeýle taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň senagat taýdan ösmegine uly goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Prezident Ýun Sok Ýol söwda we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky pikirini hem beýan etdi.

Dostlukly döwletiň Baştutany ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň ýagdaýy baradaky meselä geçmek bilen, iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy. Gämi gurluşyk pudagynda-da netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Bu ugurda Koreýa Respublikasy kuwwatly senagat mümkinçiligine eýedir. Häzirki wagtda “Balkan” gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynda koreý we türkmen hünärmenleri bilelikde köp maksatly deňiz gämilerini gurmagyň üstünde işleýärler.

Bellenilişi ýaly, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk ykdysady ösüşe täze itergi berer we onuň çäklerinde ugurdaş hünärmenler hem taýýarlanylar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň koreý dilini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.

Prezident Ýun Sok Ýol Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn oňyn hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny aýdyp, şu gün geçirilen işewürlik maslahatynyň däp bolan dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Soňra çykyş eden Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň wekilleri häzirki döwrüň talaplaryny hem-de özara mümkinçilikleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemekde häzirki duşuşygyň ähmiýetini nygtadylar. Şunda koreý işewür toparlarynyň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän we ykdysadyýeti innowasion taýdan ösdürmäge, senagatlaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli strategiýa özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola işewürlik maslahatyna gatnaşandyklary üçin çuňňur hoşallyk bildirildi. Munuň özi foruma aýratyn ýokary dereje berdi. Bu çäre ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge täze itergi berer.

Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň Baştutany ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalyndan ugradylar.

Işewürlik maslahatynyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ýakyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze derejä çykaryldy. Ýokary derejedäki özara saparlardyr gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklar hem-de gol çekilen möhüm resminamalar munuň şeýle bolmagyna ýardam berýär. Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli işläp gelmekleri hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine şaýatlyk edýär. Şunda daşary ýurtly işewür toparlaryň iş alyp barmaklary üçin amatly maýa goýum ýagdaýynyň we şertleriň döredilmegi möhüm bolup durýar.

Nebit we gazhimiýa, energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, gämi gurluşygy, senagat, gurluşyk we infrastruktura, oba hojalygy, ekologik taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hataryndadyr. Şeýle hem özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin giň mümkinçilikler bar. Şunuň bilen birlikde, bilim, ylym, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy möhümdir.

Işewürlik maslahaty tamamlanandan soňra, iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyklarda pudaklar boýunça türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň meseleleri has içgin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň hormatyna günortanlyk naharyny berdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de belent mertebeli myhman Aşgabadyň Halkara howa menziline ugradylar.

Howa menzilindäki söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol şu gezekki saparyň netijeleriniň döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler. Şunda iki ýurduň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasyndaky doly derejeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklary ýene-de bir gezek tassyklanyldy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we belent mertebeli myhman hem-de olaryň maşgalalary mähirli hoşlaşyp, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana döwlet saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Aşgabatdan ugrady.

11.06.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-koreý işewürlik maslahatyndaky ÇYKYŞY

Hormatly Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýol!

Gadyrly myhmanlar!

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Şu gün biz Türkmen-koreý işewürlik maslahatyna gatnaşýarys. Mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýola maslahata gatnaşýandygy we türkmen-koreý gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirýäris. Bu foruma türkmen hem-de koreý işewürleriniň, iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşýandygyny aýratyn bellemek gerek.

Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk has ýokary derejelere çykdy. Esasan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklarymyz ösüşiň belent sepgitlerine ýetdi hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda dürli ugurlar boýunça 105 sany resminama gol çekildi. Şolardan 26-sy döwletara we hökümetara resminamalar, 79-sy bolsa pudagara resminamalar bolup durýar.

Iki ýurduň arasynda alnyp barylýan netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda has-da berkeýär. Türkmenistanda Günorta Koreýanyň maýasynyň gatnaşmagynda 13 sany kärhana hasaba alyndy. Häzirki wagta çenli ýurdumyzda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 14 sany maýa goýum taslamasy bar.

Şolaryň hatarynda «Galkynyş» gaz käninde gazy kükürtden arassalaýan zawodyň; Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşyklary; Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döwrebap ýagdaýa getirilmegi; «Hyundai» kysymly 1630 sany awtobusuň we 300 sany ýeňil taksi awtoulagynyň satyn alynmagy ýaly iri taslamalary görkezmek bolar. Häzirki wagtda «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» gämi gurluşyk senagaty tehnologiýa kärhanasynyň gatnaşmagynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda iki sany gury ýük gämisiniň gurluşygy hem alnyp barylýar.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar özboluşly häsiýete eýe bolup, birnäçe netijeli düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlyk edilýär. Ýagny Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý topary, «Koreýa Respublikasy — Türkmenistan» parlamentara dostluk topary köp ýyllaryň dowamynda hereket edip gelýär. «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde hem dürli ulgamlar babatda wajyp çözgütler kabul edilip, bu ugurdaky gatnaşyklar diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem, halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de işjeň häsiýetde dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň 9-njy mejlisiniň geçirilendigini bellemek gerek. Mejlisiň dowamynda taraplaryň arasynda şu degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy alyp barmak möhüm hasaplandy:

— söwda we maýa goýum, himiýa, nebitgaz pudagy, gämi gurluşygy, ulag-logistika, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, bilim ulgamy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek;

— iki ýurduň telekeçileriniň we işewürleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak;

— şu ýylyň 11-nji iýunynda Aşgabatda Türkmen-koreý işewürlik maslahatyny geçirmek. Biz, ine, şu maslahaty geçirip otyrys.

Hormatly adamlar!

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda we maýa goýumy höweslendirmek babatda binýady döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek teklip edildi. Bu resminama energetika, senagat, söwda, maýa goýumlar, “ýaşyl” we sanly ykdysadyýet ýaly ugurlary öz içine alýar.

Taraplar iki ýurduň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli dowam etdirilmeginiň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, «Galkynyş» gaz käniniň IV tapgyrynyň özleşdirilmeginiň Türkmenistanda gaz pudagynyň ösdürilmegine uly goşant boljakdygy barada nygtaldy. Bu ugurda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparynyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Hyundai Engineering Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşyk gol çekmek üçin taýýarlanyldy we şonuň esasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň we «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» gaz käniniň IV tapgyrynda öndürijiligi ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýjy desgalary we guýulary doly taýýar edip gurmak şerti bilen taslamalaşdyrmak, satyn almak we gurmak taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Gyýanlydaky polimer zawodynyň doly önümçilik kuwwatyna ýetirilmeginiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda Gyýanlydaky polimer zawodynda toplumlaýyn tehniki barlag-audit geçirmek barada baglaşylan şertnamanyň netijesi boýunça polimer zawodynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin taslamanyň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirildi. Bu işleriň ýerine ýetirilmegi barada «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň we «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda Gyýanlydaky polimer zawodynyň üstünlikli işe girizilmegi we durnukly işlemegi üçin zerur çäreleriň we işleriň ýerine ýetirilmegi barada hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ilerletmek maksady bilen, işewürlik maslahatlaryny, sergileri hem-de söwda ýarmarkalaryny guramak, Türkmenistanda we Koreýa Respublikasynda halkara maslahatlary geçirmek ýaly bilelikdäki çäreler göz öňünde tutuldy. Koreýanyň eksport-import bankynyň, Söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, şeýle-de koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda geljekki taslamalar üçin maliýe hyzmatdaşlygy boýunça işler dowam etdiriler.

Hormatly adamlar!

Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi bilen Kýonpuk milli uniwersitetiniň ýanyndaky “Çilgok” hassahanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak babatda ylalaşyk gazanyldy. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň medeniýet, sungat işgärleriniň gatnaşmagynda Medeniýet günleri, festiwallar, konsertler, sergiler ýaly medeni çäreleri geçirmekde, bu babatda täze tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça tejribe alyşmakda gatnaşyklary ösdürmek hem netijeli ugur hökmünde kesgitlenildi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda koreý dilini öwrenmäge höwesiň barha artýandygyny bellemek isleýärin. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde koreý diliniň öwredilmegi, koreý dili boýunça ýörite kafedralaryň açylmagy, paýtagtymyzda Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň üstünlikli hereket etmegi aýdylanlara aýdyň mysal bolup durýar. Biz geljekde-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak arkaly halklarymyzy ýakynlaşdyrmak babatda ähli tagallalary ederis.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Men şu günki forumyň netijeleriniň türkmen-koreý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine berk ynanýaryn. Sözümiň ahyrynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýola hem-de ähli koreý wekiliýetine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin.

11.06.2024

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

Şu gün Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary we Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürlenildi hem-de gül desseleri gowşuryldy. Howa menzilinden Prezident Ýun Sok Ýol sapar wagty özi üçin niýetlenen, paýtagtymyzyň kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrady.

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Koreýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan açyk we netijeli dialog ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy şertini emele getirýär. Köp ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Koreýa Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni ulgamlarda, parlamentleriň ugry boýunça netijeli döwletara gatnaşyklary giňeltmekde giň gerimli işler amala aşyryldy.

Häzirki döwürde köp ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 100-den gowragyny özünde jemleýän türkmen-koreý gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýady, şeýle hem üstünlikli durmuşa geçirilen we amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän giň möçberli bilelikdäki taslamalar, iri koreý kompaniýalarynyň ýurdumyzda dürli ulgamlarda, ilkinji nobatda, nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda netijeli işlemegi munuň aýdyň güwäsidir. 2023-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen gepleşikler syýasy gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berdi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde parlamentara we hökümetara duşuşyklara, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” forumynyň çäklerindäki köptaraplaýyn gatnaşyklara möhüm orun degişlidir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk oňyn we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň işi muny aýdyňlyk bilen görkezýär. Bu toparyň 9-njy mejlisi şu ýylyň 3-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçirildi.

Türkmenistanda Prezident Ýun Sok Ýoluň häzirki döwlet saparyna döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde garalýar. Soňky ýyllarda hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Ýurdumyz milli ykdysadyýeti doly döwrebaplaşdyrmaga, kuwwatly senagat düzümini döretmäge, durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak bilen, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary, daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini işjeň ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. Taraplar şol mümkinçiliklerden has netijeli peýdalanmaga çalyşýarlar.

...Günüň ikinji ýarymynda belent mertebeli myhman motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna tarap ugrady. Koreýa Respublikasynyň Prezidentini S.Türkmenbaşy şaýolunyň we Galkynyş köçesiniň aýlawyna çenli atly hormat nyzamy ugratdy.

Toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde dostlukly döwletiň Baştutanyny hormatly Prezidentimiz mähirli garşylady. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ýun Sok Ýol dostlarça salamlaşyp, köşkler toplumyna barýarlar. Bu ýerde Koreýa Respublikasynyň Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy.

Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Koreýa Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ýun Sok Ýol hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler. Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Soňra Koreýa Respublikasynyň Baştutany hormatly Prezidentimizi dostlukly ýurduň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp bolan resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, iki ýurduň Baştutanlary “Rowaç” zalyna barýarlar. Bu ýerde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow koreýaly kärdeşini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Prezident Ýun Sok Ýola Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasynyň Baştutanynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda şahsy goşandyny belläp, bu ugurda edýän tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana ilkinji saparyna iki halkyň we döwletiň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we onuň netijeleriniň hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň köpasyrlyk taryhynyň bardygy bellenildi. Beýik Ýüpek ýoly biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara hereketleri ýola goýmakda uly ähmiýete eýe bolupdyr hem-de halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde özboluşly köpri hökmünde hyzmat edipdir.

Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berýär we onuň yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Dürli ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda wajyp orny eýeleýär. Häzirki wagtda Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde möhüm hyzmatdaşy bolup durýar, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek esasynda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini kanagatlanma bilen belledi we Prezident Ýun Sok Ýola Türkmenistanyň garaýyşlaryny we öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Öz nobatynda, biziň ýurdumyz hem Koreýa Respublikasynyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky tagallalaryny goldaýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň olary durmuşa geçirmekde netijeli iş alyp barmaga taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejededigini ýene-de bir gezek belläp, türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny aýtdy.

Soňra Prezident Ýun Sok Ýola söz berildi. Koreýa Respublikasynyň Baştutany mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistana gelmäge hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige şatdygyny belledi. Şu günki duşuşyk BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň çäklerinde geçen ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçirilen gepleşiklerden soňky ilkinji duşuşykdyr diýip, dostlukly ýurduň Lideri aýtdy we saparyň netijeleriniň iki döwletiň arasyndaky netijeli dialogy pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 30 ýyldan gowrak wagt mundan ozal ýola goýuldy, ýöne däp-dessurlaryň, medeniýetiň umumylygy bilen baglanyşan halklarymyz ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda üstünlikli gatnaşyk edýärler diýip, belent mertebeli myhman nygtady. Prezident Ýun Sok Ýol gürrüňi dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabrynda Seula amala aşyran saparynyň ähmiýetini belledi. Şol saparyň netijeleri däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm sahypany açdy. Şu günki gepleşikler döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam eder. Gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni ulgamlarda okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine garamak göz öňünde tutulýar diýip, Koreýa Respublikasynyň Baştutany aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyz sebit we ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny görkezýärler, birek-biregiň BMG-niň, beýleki halkara düzümleriň çäklerinde öňe sürýän tekliplerini goldaýarlar. Prezident Ýun Sok Ýol Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmäge degişli başlangyçlaryň ähmiýetine ünsi çekip, Türkmenistanyň bu başlangyçlary durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary döwletara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň giň möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, söwda-ykdysady, ulag, energetika ulgamlaryny, ýokary tehnologiýalary we beýleki ençeme pudaklary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdiler. Taraplar däp bolan ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýeti barada aýdyp, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk we sport boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar. Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit we halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler “Soltan Sanjar” zalynda iki ýurduň resmi wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoly we dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, belent mertebeli myhmana Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu döwlet saparyna ikitaraplaýyn gatnaşyklarda taryhy waka hökmünde garalýar.

Yzygiderli geçirilýän duşuşyklar türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny berkitmäge kuwwatly itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň möhüm waka bolandygy nygtaldy. Parlamentara gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi. Şunda parlament diplomatiýasynyň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. 2023-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň Seulda geçirilen birinji maslahatyna gatnaşandygy muňa mysal hökmünde görkezildi. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, maslahatyň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnamanyň kabul edilendigini, şoňa laýyklykda, ýurtlarymyzyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ikinji maslahatyny 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek barada ylalaşygyň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady ulgamda ygtybarly hyzmatdaşlardyr. Biz Koreýa Respublikasynyň mümkinçiliklerini, ykdysady, tehnologik derejesini oňat bilýäris. Türkmenistan hem uly mümkinçiliklere, tebigy baýlyklara, geoykdysady artykmaçlyklara eýe bolan kuwwatly döwletdir. Biziň maksadymyz bu mümkinçilikleri iki döwletiň ösmeginiň, halklarymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine utgaşdyrmak bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we koreýaly hyzmatdaşlary bu ugurda bilelikde işlemäge çagyrdy.

2008-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý topary döredildi we häzirki wagtda-da hereket edýär. Şeýle hem 2019-njy ýylyň oktýabrynda «Türkmenistan — Koreýa» işewürler geňeşi döredildi. Maýa goýum hyzmatdaşlygy ösdürilýär. Bilelikde iri taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy. Şolaryň hatarynda «Galkynyş» gaz käninde kükürt arassalaýan zawod hem bar. Bu zawod konsorsiumyň düzüminde koreý korporasiýalarynyň gatnaşmagynda guruldy. Biz iri koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan işini goldaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň iki tarap üçin hem bähbitli bolmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesine degip geçip, gürrüňiň häzirki döwürde Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýewropa, Ýakyn we Orta Gündogara yklymüsti üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek barada barýandygyny belledi. Türkmenistanda ol “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasy” diýlip atlandyrylýar.

Türkmenistanda şäherleriň täze keşbini döretmekde Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, geçen ýyl ýurdumyzda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlandy. Ol tehniki we tehnologik häsiýetnamalary boýunça özboluşly, täze ölçeglere esaslanýan «akylly» şäheriň nusgasy bolup durýar. Ýakyn geljekde ýene-de bir örän iri taslamany — «Aşgabat-sitini» durmuşa geçirmäge girişmegi meýilleşdirýäris. Bu taslamada müňlerçe adam üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, ulag ulgamlaryny, ekologik zolaklary, häzirki zaman dynç alyş we dürli ugurly merkezleri gurmak göz öňünde tutulýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we koreý kompaniýalarynyň bu taslama gatnaşmaga gyzyklanmasyna kanagatlanma bildirdi.

Howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak bilen bagly meseleleri çözmek boýunça hyzmatdaşlykda uly mümkinçilikleri görýäris. Biziň ýurdumyz howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamynda halkara başlangyçlary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, koreý tarapy bilen metanyň howa zyňylmagyny azaltmak babatda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlyk beýan edildi. Maglumat tehnologiýalary we emeli aň, telekommunikasiýa, kosmos ulgamlarynda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Türkmenistan we Koreýa Respublikasy bir bitewi medeni giňişlige degişlidir. Ýurtlarymyzyň halklary dünýägaraýşy, medeniýeti, edebi ýörelgeleri boýunça biri-birine ýakyndyr. Bu bolsa medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge oňat esaslary döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Ylym we bilim hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berýändigini hem-de Koreýa Respublikasynyň bilim merkezlerinde türkmen dilini öwrenmegi guramakda goldaw bermäge taýýardygyny, munuň örän oňat başlangyç boljakdygyny nygtady.

Saglygy goraýyş we lukmançylyk hyzmatdaşlygy hem uly orna eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we iki ýurduň iri lukmançylyk merkezleriniň, uniwersitetleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz sport ulgamynda-da hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekip, koreý türgenlerini geljekki döwürde ýurdumyzda geçiriljek iri halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Gepleşikleriň dowamynda daşary syýasatda hyzmatdaşlyk meselesine aýratyn üns berildi. Biz bu ulgamda Koreýa Respublikasynyň ileri tutýan ugurlaryny bilýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde dostlukly ýurt bilen bilelikde halkara we sebit ösüşiniň maksatlaryny üpjün etmekde netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara guramalarda özara hyzmatdaşlyk etmek boýunça koreý tarapynyň tekliplerini ünsli diňlemäge we olara seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak barada öňe süren başlangyjyna we türkmen tarapynyň teklibi esasynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edýän Kararnamanyň Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilendigine ünsi çekdi. Bu mowzuklar esasynda Baş Assambleýanyň Aziýa toparynda geňeşmelere başlamagy maksadalaýyk hasap edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň başlangyç bilen çykyş etmek wezipesini öz üstüne alyp biljekdiklerini nygtady.

Durnukly ösüş, ulag, energetika, ekologiýa we beýleki ugurlarda koreý tarapy bilen giň gerimli gepleşikleri geçirmäge taýýarlyk beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan tarapyndan Dubaý şäherinde geçirilen Hökümet sammitinde öňe sürlen täze tekliplere üns bermek zerur diýip hasap edýäris diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi. Bu başlangyçlar geljekki netijeli gatnaşyklar üçin aýdyň ýörelge bolup biler. Türkmenistan ony dürli halkara meýdançalarda we forumlarda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürmek üçin öz tagallalaryny işjeňleşdirer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Koreýa Respublikasyna bu işe goşulmagy teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Koreýa Respublikasy tarapyndan ýurdumyzyň Bitaraplygyna, halkara başlangyçlaryna goldaw berilýändigine ýokary baha berip, Türkmenistanyň hem, öz nobatynda, Koreýa Respublikasynyň dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça çemeleşmelerine hormat bilen garaýandygyny, onuň netijeli ornuna ýokary baha berýändigini belledi. Mundan başga-da, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatynda özara hyzmatdaşlygyň möhümdigi bellenildi. 2023-nji ýylda Aşgabatda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Bu forum hyzmatdaşlygyň ykdysady kuwwatyny giňeltmegiň, logistik mümkinçilikleri artdyrmagyň möhümdigini görkezdi. Ylymda, bilimde, lukmançylykda, daşky gurşawy goramak işinde netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamynda taslamalary bilelikde işläp taýýarlamagyň ýurtlarymyzyň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigi aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, biz «Koreýa-Ýüpek ýoly» (K-Silk Road) hyzmatdaşlyk başlangyjynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda gatnaşyklaryň giňeldilmegini goldaýarys. Bu başlangyç Merkezi Aziýa boýunça ilkinji strategiýa bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Siziň Türkmenistana döwlet saparyňyz möhüm ähmiýetli waka bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we onuň netijeleriniň döwletara gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam etjekdigine hem-de netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasynyň dostlukly halkyna parahatçylyk, gülläp ösüş, abadançylyk arzuw etdi.

Koreýa Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär. Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny mübärekläp, Koreýa Respublikasynyň ýakyn dosty bolan Türkmenistana gelip görmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Prezident Ýun Sok Ýol ösüşiň ägirt uly kuwwatyna eýe bolan we okgunly ösýän Merkezi Aziýa sebitine tutuş dünýäde uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň bu sebitde möhüm hyzmatdaşlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Energetika ulgamynda gazanylan üstünliklere, ynanyşmagyň derejesine daýanyp, hyzmatdaşlygy, şol sanda saglygy goraýyş, telekommunikasiýa, gämi gurluşygy ulgamlarynda gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmek zerurdyr.

Belent mertebeli myhman syýasy ulgamdaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, 2022-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň, 2023-nji ýylda bolsa “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň döredilmeginiň 15 ýyllygynyň bellenilendigini nygtady. Parlamentara hyzmatdaşlyk hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Koreý Lideri şu ýyl Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, bu forumyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Prezident Ýun Sok Ýol söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada durup geçip, şu saparyň netijeleri boýunça söwdany hem-de maýa goýumlary höweslendirmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýändigini belledi. Onuň durmuşa geçirilmegi bu ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam eder. Şunuň bilen birlikde, maýa goýum kepillikleri hem-de gümrük işlerinde özara kömek bermek hakynda Ylalaşyklary baglaşmak babatdaky gepleşikleriň çaltlaşdyryljakdygy aýdyldy. Munuň özi koreý kompaniýalarynyň Türkmenistandaky maýa goýum we işewürlik işjeňligini ýokarlandyrmagyň girewidir diýip, dostlukly ýurduň Lideri nygtady.

Maliýe edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama hem zawodlary gurmak boýunça gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder diýip, dostlukly döwletiň Baştutany belledi. Koreý kompaniýalary infrastruktura we ulag ulgamyndaky tehnologiýalar babatda uly tejribä eýedir. Şoňa görä-de, bu ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar.

Koreýa Respublikasynyň Hökümeti Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly üns berýär diýip, Prezident Ýun Sok Ýol aýtdy we öz ýurdunyň Türkmenistan üçin gyzyklanma bildirilýän ulgamlara aýratyn üns bermek bilen, hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge meýillidigini tassyklady.

Prezident Ýun Sok Ýol medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny belledi. Türkmenistanyň Hökümeti ýaşlaryň sagdyn durmuşyny üpjün etmek üçin sporty ilerletmek babatda işjeň syýasaty alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman iki ýurduň arasynda sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldiljekdigine ynam bildirdi. Soňky döwürde koreýaly ýaşlar Merkezi Aziýa sebitine gelip görmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Şunuň bilen baglylykda, syýahatçylyk ugry boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň maksadalaýyk boljakdygyna üns çekildi. Koreýa Respublikasynyň Hökümeti geçen hepdede Merkezi Aziýa babatda ilkinji diplomatik strategiýany — «Koreýa-Ýüpek ýoly» (K-Silk Road) hyzmatdaşlyk başlangyjyny hödürledi. Onuň çäklerinde energetika, serişdeler, infrastruktura we döwlet dolandyryşy ulgamynda, senagatlaşdyrmak, azyk howpsuzlygy babatda, medeni-ynsanperwer alyşmalar ugry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak göz öňünde tutulýar.

Dostlukly döwletiň Baştutany biziň ýurtlarymyzyň ýakyn dostlar hökmünde halkara giňişlikde, hususan-da, BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Ýun Sok Ýol Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Koreýa Respublikasynyň tagallalaryny goldajakdygyna ynam bildirdi. Sözüniň ahyrynda belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça netijeli dialogy geçirýändigine şatdygyny aýtdy hem-de Bilelikdäki Beýannamanyň düzgünlerini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň (Türkmenistan) we «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda Gyýanlydaky polimer zawodynyň üstünlikli işe girizilmegi we durnukly işlemegi üçin zerur çäreleriň we işleriň ýerine ýetirilmegi barada hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga; «Türkmengaz» döwlet konserniniň (Türkmenistan) we «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda «Galkynyş» gaz käniniň IV tapgyrynda öndürijiligi ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýjy desgalary we guýulary doly taýýar edip gurmak şerti bilen taslamalaşdyrmak, satyn almak we gurmak taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Kýonpuk milli uniwersitetiniň ýanyndaky «Çilgok» hassahanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Kýonpuk milli uniwersitetiniň ýanyndaky «Çilgok» hassahanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Aşgabat şäher häkimligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň arasynda energiýa infrastrukturasy we täze şäherleri ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Koreýanyň eksport-import bankynyň we Koreýanyň Söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda bilelikdäki hyzmatdaşlyk toparynyň işine ýardam bermek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda we maýa goýumy höweslendirmek babatda binýady döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ýun Sok Ýol Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler. Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary “Magtymguly” zalyna barýarlar we şol ýerde metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, geçirilen gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşylandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz seredilen ähli meseleler boýunça Prezident Ýun Sok Ýol bilen özara düşünişmegiň gazanylandygyny kanagatlanma bilen aýtdy. Şunuň bilen birlikde, iki tarapyň hem deňhukuklylyk, özara hormat goýmak esasynda türkmen-koreý gatnaşyklaryny berkitmäge çalyşýandygy tassyklanyldy.

Biziň ýurtlarymyz daşary syýasatda ählumumy we sebit parahatçylygyny, durnuklylygyny berkitmek maksady bilen bilelikdäki işi dowam etdirerler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam etjekdikleri hem-de ekologiýa, azyk, energetika, ulag, sanly ulgam ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etjekdikleri bellenildi. Çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Prezident Ýun Sok Ýola dostlukly ýurduň Türkmenistanyň Bitaraplygyny, ählumumy howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hem, öz nobatynda, Koreýa Respublikasynyň dünýä giňişligindäki ornuna ýokary baha berýär. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň özara hyzmatdaşlygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň berjaý edilmegine we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ýerine ýetirilmegine oňyn täsir etmäge ukyplydygyna ynam bildirdi. Şeýle hem ählumumy howplara we wehimlere garşy göreşmek boýunça tagallalary mundan beýläk-de utgaşdyrmak barada ylalaşylandygy aýdyldy.

“Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ugry boýunça hyzmatdaşlygyň möhümdigi bellenildi. 2023-nji ýylda Aşgabatda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Koreýa-Ýüpek ýoly» (K-Silk Road) hyzmatdaşlyk başlangyjynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň goldanylýandygyny belledi. Bu başlangyç Merkezi Aziýa boýunça ilkinji strategiýa bolup durýar. Koreýa Respublikasynyň Hökümeti bu strategiýany ýakynda, 7-nji iýunda yglan etdi. Biz ony durmuşa geçirmekde iki ýurduň Hökümetlerini ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyna möhüm ähmiýet berildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň alyp barýan işine aýratyn üns çekildi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda iri koreý kompaniýalarynyň energetika, ulag, kommunikasiýalar ýaly ulgamlarda netijeli işleýändigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligiň ornuny güýçlendirmek meseleleri boýunça hyzmatdaşlyga özara gyzyklanma bildirildi. Türkmenistan we Koreýa Respublikasy Gündogar — Günbatar we Günorta — Demirgazyk ugurlary boýunça Aziýadan Ýewropa yklymüsti ulag geçelgelerini döretmekde bilelikdäki işiň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny ykrar edýär. Energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge-de özara gyzyklanmanyň bardygy bellenildi.

Gepleşikleriň dowamynda parlamentleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seredildi. Bu hyzmatdaşlyk häzirki döwürde döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Medeni-ynsanperwer, ylym, bilim, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşyklar gazanyldy. Türkmenistanyň wekiliýeti geçirilen gepleşikleriň netijelerine doly kanagatlanma bildirýär. Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli esasda ýola goýmagy berk maksat edinýändigini tassyklap, Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň iki dostlukly halkyň we döwletiň gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka öwrüljekdigine ynam bildirdi. Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Ýun Sok Ýola we onuň wekiliýetiniň ähli agzalaryna netijeli gepleşikleri geçirendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Koreýa Respublikasynyň dostlukly halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Öz nobatynda, Prezident Ýun Sok Ýol köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, Koreýa Respublikasynyň Baştutany wezipesine girişenden bäri Türkmenistana ilkinji gezek döwlet sapary bilen gelmek mümkinçiligine şatdygyny belledi. Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimize we Türkmenistanyň halkyna mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan döwründen bäri köp ulgamlarda uly üstünliklere eýe bolandygyny kanagatlanma bilen nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bilen geçirilen duşuşygyň barşynda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak, türkmen-koreý gatnaşyklaryny giňeltmek barada ylalaşyklar gazanyldy. Nygtalyşy ýaly, koreý tarapy söwdany we maýa goýumlary höweslendirmek boýunça özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamany goldaýar. Bu resminamanyň çäklerinde şu ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak üçin zerur tagallalary etmek meýilleşdirilýär.

Bellenilişi ýaly, maýa goýum kepillikleri we gümrük işlerinde özara kömek baradaky Ylalaşygy baglaşmak işini işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Täze şäherleri ösdürmek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň tassyklanylmagy bilen baglylykda, Prezident Ýun Sok Ýol bu resminamanyň durmuşa geçirilmeginiň şähergurluşyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Dostlukly döwletiň Baştutany gämigurluşyk, ulag ulgamlaryndaky gatnaşyklary geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezip, taraplaryň bu ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça täze taslamalary işläp taýýarlamak barada ylalaşandyklaryny aýtdy. Belent mertebeli myhman parlamentleriň derejesinde, şol sanda “Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa” formatynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Prezident Ýun Sok Ýol Merkezi Aziýa boýunça saparynyň ilkinji ýurdunda — Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa “K-Silk Road” hyzmatdaşlyk başlangyjyny hödürledi we “Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa” birinji sammitini geçirmegi teklip etdi. Türkmenistanyň Prezidenti bu pikirleri doly goldady we şu başlangyjy ilerletmek hem-de özara gatnaşyklary ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy diýip, belent mertebeli myhman aýtdy. Dostlukly ýurduň Baştutany çykyşyny jemläp, gepleşikleriň dowamynda taraplaryň Koreýa Respublikasynyň we Türkmenistanyň iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklandyklaryny nygtady.

Metbugat maslahaty tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary “Magtymguly” zalyndan ugradylar.

***

Şu gün belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Asylly däbe görä, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bu ýerde ýerleşýän Hormatly myhmanlar seýilbagynda iki döwletiň we halklaryň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.

Agşam hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.

Ertir — Koreýa Respublikasynyň Baştutanynyň ýurdumyza döwlet saparynyň jemleýji gününde Prezident Ýun Sok Ýoluň türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde Türkmen-koreý işewürlik maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Forum Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Belent mertebeli myhmanyň ýurdumyzda bolmagynyň maksatnamasynda onuň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen ikitaraplaýyn duşuşygy göz öňünde tutulýar. Onda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem dostlukly günortanlyk nahary berler.

10.06.2024

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Baştutanlarynyň arasyndaky gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Şu gün Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň arasynda gepleşikler geçirildi. 

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. 

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda gol çekilen resminamalar:

– «Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň (Türkmenistan) we «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda Gyýanlydaky polimer zawodynyň üstünlikli işe girizilmegi we durnukly işlemegi üçin zerur çäreleriň we işleriň ýerine ýetirilmegi barada hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; 

– «Türkmengaz» Döwlet konserniniň (Türkmenistan) we «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda «Galkynyş» gaz käniniň IV tapgyrynda öndürijiligi ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýjy desgalary we guýulary «doly taýýar edip gurmak şerti bilen» taslamalaşdyrmak, satyn almak we gurmak taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly Ylalaşyk; 

– Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Kýonpuk uniwersitetiniň ýanyndaky «Çilgok» hassahanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 

– Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Kýonpuk uniwersitetiniň ýanyndaky «Çilgok» hassahanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

– Aşgabat şäher häkimligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň arasynda energiýa infrastrukturasy we täze şäherleri ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 

– Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Koreýanyň Eksport-Import bankynyň we Koreýanyň Söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 

– Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda bilelikdäki hyzmatdaşlyk toparynyň işine ýardam bermek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama,

– Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda we maýa goýumy höweslendirmek babatda binýady döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama. 

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ýun Sok Ýol Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana döwlet saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler. 

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edýärler. 

Hormatly Prezidentimiz ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, Koreýa Respublikasynyň Prezidentine we wekiliýetiň agzalaryna açyklyk, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

10.06.2024

Aşgabatda türkmen-koreý ýokary derejedäki gepleşikler başlandy

Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iki günlük döwlet sapary amala aşyrýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti  Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler başlandy.

Resmi garşylanyş dabarasy tamamlanandan soňra, taraplar ikiçäk duşuşygy geçirýärler. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň giňeldilen düzüminde dowam eder.

Gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary döwletara gatnaşyklaryň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrarlar.  

Prezident Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana ilkinji saparyna iki halkyň we döwletiň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýar.

Türkmen-koreý ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi meýilleşdirilýär. 

10.06.2024

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol Türkmenistana geldi.

Aşgabada iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler. 

Türkmen paýtagtynyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanlaryny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary we Hormat garawuly nyzama düzüldi. 

Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürlenildi we gül desseleri gowşuryldy. Howa menzilinden Prezident Ýun Sok Ýol sapar wagty özi üçin niýetlenen, paýtagtymyzyň kaşaň “Oguzkent”  myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrady. 

Aziýa-Ýuwaş Umman sebitiň ýurtlary, şol sanda dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Koreýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Watanymyzyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan açyk we netijeli dialog Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Köp ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Koreýa Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni ulgamlarda we parlamentleriň ugry boýunça netijeli döwletara gatnaşyklary giňeltmek boýunça giň gerimli işler amala aşyryldy. 

10.06.2024

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Täjigistan Respublikasyna iş sapary başlandy

 

2024-nji ýylyň 10-njy iýunynda Ilat we Ösüş boýunça Parlamentarileriň Aziýa Forumynyň Täjigistan Respublikasynyň Parlamenti bilen bilelikde Duşanbe şäherinde geçirýän «Ýaşlaryň bähbitlerine suw gorlary we demografik durnuklylyk» atly duşuşygyna Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri gatnaşdylar we çykyş etdiler.

Halkara parlament forumyna Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy we Ilat we Ösüş boýunça Halkara Konferensiýasy (ICPD 30) guramaçy bolup gatnaşdylar. Halkara parlament forumy «Durnukly ösüş üçin suw, 2018–2028 ý.» hereketleriň halkara onýyllygy boýunça ýokary derejeli Üçünji Halkara konferensiýasynyň çäklerinde guraldy.

Demografik üýtgemeler, ýaşlaryň ösüşi, bilim we iş üpjünçiligi Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň, şol sanda Merkezi Aziýa sebitiniň syýasy pikir alyşmalarynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Nobatdaky Halkara parlament forumy bu ugurda pikir alyşmaga meýdança bolup çykyş edýär.

Iş saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde guralýan «Zenanlar we suw» atly Zenanlaryň halkara suw Forumyna Merkezi Aziýanyň Zenanlarynyň dialogynyň agzalary, halkara we milli bilermenler, ylmy işgärler we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili «Zenanlar we suw» atly Zenanlaryň halkara suw Forumyna gatnaşdy.

10.06.2024

Onuň Alyhezreti, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana döwlet sapary

10-11-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýol Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrar. Bu sapar Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň 2019-njy ýyldan soňky bäş ýylyň dowamynda ýurdumyza ilkinji döwlet saparydyr.

2022-nji ýylyň noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge ýardam berýän ýokary derejedäki gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Koreýa Respublikasy Gündogar Aziýa ýurtlarynyň arasynda okgunly ykdysady ösüşi bilen tapawutlanýar. Ol taryh üçin gysga döwrüň içinde dünýäniň iri söwda ýurtlarynyň onlugyna girýän ykdysady taýdan ösen döwletleriň birine öwrüldi. Bu ýurtda ýarym geçirijileriň we akkumulýatorlaryň önümçiligi, gämi gurluşygy, maşyn gurluşygy boýunça, senagatyň beýleki ugurlarynda iş alyp barýan dünýäniň öňdebaryjy kärhanalary ýerleşýär. Häzirki wagtda koreý medeniýeti hem giň halkara ykrarnama eýe bolýar.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky aýratyn gatnaşyklaryň kökleri gadymyýete uzaýar we özara taryhy alyşmalar bilen häsiýetlendirilýär. Türkmenistan Ýewraziýa yklymynda ulag-logistika merkezi hökmünde Günorta Koreýa bilen maýa goýumlar, tehnologiýalar we infrastruktura ýaly geljekki ösüş üçin möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk etmekde ähli mümkinçiliklere eýedir.

Häzirki wagtda koreý kompaniýalarynyň birnäçesi Türkmenistanda infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine, şol sanda gaz känlerini özleşdirmek, senagat kärhanalaryny gurmak işlerine gatnaşýarlar. Ýurduň beýleki kompaniýalary hem şeýle taslamalara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Türkmen tarapy şu gezekki saparyň iki ýurduň arasyndaky işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda goşmaça mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirýär.

Halkara ýagdaýlaryň häzirki şertlerinde türkmen we koreý taraplarynyň öňünde-de köp sanly mümkinçilikler, şol sanda “ýaşyl” ösüş we sanly özgertmeler bilen baglanyşykly mümkinçilikler açylýar. Häzirki wagtda döwrüň wehimlerini täze mümkinçiliklere öwürmek üçin, ilkinji nobatda, raýdaşlygyň hem-de hyzmatdaşlygyň zerurdygy ähli döwürlerdäkiden has ýiti duýulýar. Şoňa görä, jenap Prezident Ýun Sok Ýoluň saparynyň çäklerinde Türkmenistany we Koreýa Respublikasyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Hususan-da, energetika, “akylly” şäherler ýaly möhüm hem-de geljegi uly ugurlara garamak göz öňünde tutulýar.

Jenap Ýun Sok Ýol Koreýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişen pursadyndan başlap Günorta Koreýany “esasy ählumumy döwlete” öwürmek maksady bilen, Ýer ýüzünde parahatçylyga hem-de gülläp ösüşe ýardam bermekde işjeň orny eýeleýär. Jenap Ýun Sok Ýoluň başlyklyk etmeginde şu ýylyň maýynda Seulda emeli aň boýunça ikinji bütindünýä sammiti, geçen hepdede bolsa “Koreýa Respublikasy — Afrika” sammiti geçirildi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň 21-nji martynda kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň ählumumy meseleleriň parahatçylykly, diplomatik ýollar arkaly çözülmelidigini ykrar etmek bilen, halkara bileleşigiň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki tagallalara ygrarlydyklaryny bellemek gerek.

Türkmenistan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýoluň döwlet saparyny mähirli mübärekleýär. Şunda türkmen tarapy bu saparyň iki ýurduň, şeýle hem Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa sebitiniň arasynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam berjekdigine çuňňur ynam bildirýär.

09.06.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň özi, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde hem öz beýanyny tapýar.

Täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynda öndürilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň görnüşleri, olary taýýarlamakda ulanylmagy göz öňünde tutulýan ýerli çig mal serişdeleri barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi. Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda lukmançylyk serişdeleriniň görnüşleri, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklar, saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýan dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplar, halatlar, ýorgan-düşek daşlyklary, aýakgap örtükleri, hassahanalar üçin zerur bolan dürli enjamlaryň görnüşleri bar. Şeýle hem ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk edaralaryna zerur bolan saglygy goraýyş enjamlarynyň we serişdeleriň her ýylda zerur hasaplanýan möçberleri baradaky maglumatlar diňlenildi.

Milli Liderimiz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen önümçilik toplumlarynda öndüriljek serişdeleriň ýokary halkara ülňülere we häzirki zamanyň ekologik talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi. Munuň üçin döwrebap usullaryň, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagy, dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmegi wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy işleriň netijeli bolmagynda ähmiýetlidir.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň agzalary Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda, Türkiýe Respublikasynda, Hytaý Halk Respublikasynda iş saparlarynda bolup, Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik desgalarynyň, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli kärhanalaryň gurluşygy boýunça tejribe alyşdylar hem-de bu ugurda iň kämil tejribeleri içgin öwrendiler.

Lukman Arkadagymyz ähli ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda-da daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geňeşmeleriň geçirilmeginiň, olaryň dowamynda ýurdumyzyň çäginde bar bolan çig mallaryň ekologik we ýaramlylyk derejesi, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän suw çeşmelerini önümçilik maksady bilen ulanmagyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalaryň guralmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi Arkadag şäherinde döredilýän lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň önümçilik düzümlerinde taýýarlanyljak serişdeleriň we enjamlaryň hil derejesine, ekologik ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilmelidigini, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy usullarynyň netijeli ulanylmalydygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýewiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiziň başlangyjy hem-de yzygiderli tagallalary netijesinde binýat bolan Arkadag şäheri «akylly» şäher bolmak bilen, döwrebap ýaşaýyş toplumyny, durmuş maksatly desgalary özünde jemleýär. Täze şäherde ilatyň bagtyýar ýaşaýşynyň, sagdynlygynyň we döredijilikli zähmetiniň üpjün edilmegi babatda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!», “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgeleriň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabatynda ýurdumyzda “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň döredilip, onda saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleriniň, agyz-burun örtükleriniň we beýlekileriň öndürilýändigi hakynda habar berdi. Munuň özi lukmançylyk edaralarynda zerur bolan serişdeleriň ýerli çig mallardan öndürilýän möçberiniň artmagynda we saglygy goraýyş edaralarynyň degişli serişdelere bolan isleginiň kanagatlandyrylmagynda ähmiýetlidir.

Lukman Arkadagymyz başy başlanan işiň üstünlikli dowam etdirilmelidigini, şunda degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde bu önümleri ulanmak, sarp etmek boýunça gollanmalary, düzgünnamalary taýýarlamak hem-de degişli usulyýet işini ýola goýmak babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de ýurdumyz boýunça sarp ediljek bu önümleriň zerur bolan mukdary barada maglumatlar taýýarlanylmalydyr.

Häzirki döwürde Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda işlenip taýýarlanylýan polipropilenleriň hil we ekologik derejesiniň dünýäde ýokary baha mynasyp bolýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew polipropilen we polietilen önümlerinden taýýarlanylýan hem-de lukmançylyk edaralarynda gündelik ulanylýan sanjym enjamlaryny peýdalanmak babatda örän uly geljegiň bardygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz lukmançylyk serişdelerini öndürmekde zerur bolan çig mallaryň üpjünçiliginiň, ýerli polipropilen çig malyndan halkara talaplara laýyk gelýän lukmançylyk polipropilenini öndürmek boýunça degişli işleriň geçirilmeginiň, önümçiligi meýilleşdirilýän çig mallar we önümler babatda standartlaryň kabul edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda ISO halkara güwänamalarynyň alynmagy boýunça işler amala aşyrylmalydyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň edara-kärhanalarynda we duz ýataklarynda ýerine ýetirilýän ylmy işler, olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak babatda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Gyýanlydaky polimer zawodynda abatlaýyş işleri geçirilende, halkara talaplara laýyk gelýän lukmançylyk polipropileniniň önümçiligini ýola goýmak, ýurdumyzyň duz ýataklarynda, konserne degişli kärhanalarda halkara görkezijilere laýyk gelýän lukmançylyk duzuny almak boýunça netijeli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şunda ulanylýan çig mallara degişli standartlaryň kabul edilmegi we olara halkara güwänamalaryň alynmagy boýunça zerur tagallalar edilmelidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow häzirki döwürde degişli düzümler bilen bilelikde lukmançylyk önümlerini satyn almak üçin maliýe meselelerini işjeň öwrenmek, olaryň zerur bolan möçberini kesgitlemek ugrunda işleriň amala aşyrylýandygy barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz öndürilýän önümlere degişli standartlaryň berilmegini we güwänamalaşdyrylmagyny üpjün etmek, önümçiligi meýilleşdirilýän çig mallara we önümlere degişli standartlaryň, olara güwänamalaryň, şol sanda ISO halkara güwänamalarynyň alynmagy boýunça işleri düzgünleşdirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň önümlerine Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde “satyş markasyny” resmileşdirmek we degişli patentleri bermek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, beýleki ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ýylyň dowamynda zerur bolan önümleri satyn almak babatda maliýeleşdirmegiň çeşmeleri kesgitlenilmelidir.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen önümçilik desgalarynyň bina edilmegi, oňa gatnaşýan ýerli gurluşyk kärhanalarynyň sanawyny kesgitlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Lukman Arkadagymyz hasabaty diňläp, ýerli çig mal serişdelerini ýokary derejede gaýtadan işläp, olardan ekologik taýdan arassa, ýokary hil görkezijilerine laýyk gelýän önümleriň öndürilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Munuň özi ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, halkymyzyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, şol bir wagtyň özünde gündelik durmuşda zerur bolan önümleriň önümçiligini, hyzmatlar ulgamyny ýola goýmak boýunça maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylmagyny üpjün eder.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşygynyň ähmiýeti barada aýdyp, bu çäreleriň ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän gaznanyň işiniň ilerlemegine oňyn täsirini ýetirjekdigini belledi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, senagat we önümçilik desgalarynyň ýokary ekologik talaplara laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak bilen bir hatarda, önümçilik kuwwatlyklaryny ýokary ekologik derejä laýyk getirmek meseleleriniň hem ünsden düşürilmeýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde bar bolan dermanlyk ösümlikleriň ekologik derejesi, olaryň dermanlyk häsiýetleri ylmy esasda öwrenilýär. Bu bolsa ýerli çig mallardan saglygy goraýyş ulgamynda zerur bolan derman serişdelerini öndürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Täze şäherde dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagyna zerur üns berilýändigini belläp, hormatly Arkadagymyz bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň yzygiderli we üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň esasynda iň döwrebap “akylly” şäheriň kemala gelendigini aýtdy. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek önümçilik kuwwatlyklarynyň, lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşygy, olarda ýola goýulmagy meýilleşdirilýän önümçilikler bilen bir hatarda, olaryň enjamlaşdyrylyş we üpjünçilik derejesi baradaky maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmelidir. Munuň özi dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzda ynsan saglygynyň berkidilmegine, ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatynyň artmagyna gönükdirilen giň möçberli işler bilen tanyşdyrmakda ähmiýetlidir. Bu işde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri işjeňlik görkezmelidir.

Türkmen topragynyň çig mal we ekologik taýdan arassa çeşme suwlaryndan taýýarlanylýan derman serişdeleriniň möçberini artdyrmak üçin ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu önümleriň içerki sarp edijileri doly üpjün etmek bilen bir hatarda, olaryň eksport mümkinçilikleriniň hem artjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek babatda degişli düzümler bilen bilelikde sazlaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belläp, hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

08.06.2024

Türkmenistanyň Mejlisinde şu ýylyň bäş aýynyň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi

 

Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen maslahatda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň baş aýynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmegi dowam etdirmek, täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak babatda kesgitlän wezipelerine laýyklykda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Maslahatda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Mejlisine berýän goldawlary, döredýän mümkinçilikleri netijesinde geçen döwürde döwletimiziň kanunçykaryjylyk işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi bellenilip geçildi.

Geçirilen işleriň netijesinde 2024-nji ýylyň bäş aýynda Türkmenistanyň kanunlarynyň 9-sy, Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi.

Mejlisde döredilen iş toparlarynda raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, oba hojalyk, ylym, saglyk, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda hem-de daşary syýasat işi babatynda hereket edýän birnäçe kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada çykyşlar diňlenildi hem-de kanunçylygy kämilleşdirmek barada öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda edilen çykyşlarda halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek we parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hem durlup geçildi. Ýakynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň Başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanandygy baradaky hoş habaryň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan ýörelgelerini has-da dabaralandyryp, ata Watanymyzyň daşary syýasy abraýynyň beýgeldýändigi bellenildi.

Maslahatyň dowamynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek hem-de wagyz etmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Maslahata gatnaşyjylar milli kanunçylygy döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak ugrunda  ähli tagallalary etjekdiklerine Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy ynandyrdylar.

 

08.06.2024

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlament tarapyndan ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, oba hojalyk, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda, daşary syýasy iş babatynda hereket edýän birnäçe kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullarydyr ýörelgeleri barada okuw sapaklary guraldy. Ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mejlisde daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 6-syndan ynanç hatlary kabul edildi. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin duşuşyklaryň 20-si geçirildi. Deputatlar kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek hem-de döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň, duşuşyklaryň 49-syna gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 15-si amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň Kanunlarynyň 9-synyň kabul edilendigini, birnäçe kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini aýtdy hem-de milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň bäş aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berip, jemi içerki önümiň ösüşiniň durnukly saklanýandygyny belledi.

2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda jemi öndürilen önümiň möçberi artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim artdy.

Wise-premýer Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada-da hasabat berdi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň bäş aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17,8 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Hususan-da, hasabat döwründe ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 52-siniň, suw, lagym arassalaýjy desgalaryň 32-siniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 480,8 müň inedördül metriniň, inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň gurluşyk işleriniň alnyp barlandygy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,2 göterime, çykdajy bölegi 97,6 göterime deň boldy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň öz wagtynda maliýeleşdirilendigini aýdyp, wise-premýere mundan beýläk-de milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijilerini durnukly saklamak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan meýilnamanyň 102,6 göterim ýerine ýetirilendigi bellenildi. Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 120,9 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle-de suwuklandyrylan gazy, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň tehniki-ykdysady görkezijileri, mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazy we nebiti çykarmakda öňde goýlan meýilnamalary 100 göterim ýerine ýetirmek, nebitgaz senagatyna degişli kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak üçin toplumyň işini yzygiderli kämilleşdirip durmagyň wajypdygyna ünsi çekdi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini 124,1 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 129,2 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 133,3 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 224,2 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 109,4 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 107,3 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 114 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,8 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 387,8 göterim ýerine ýetirildi.

Şu gün Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda galla oragyna guramaçylykly başlanylýandygy, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa bu işe 14-nji iýunda girişmek boýunça taýýarlyk görülýändigi barada aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlaryň ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen gök ekinleriň hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzyň suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak boýunça çäreler görülýär.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy. Bellenilişi ýaly, döwletimiziň ýakyndan goldaw bermegi esasynda ýurdumyzyň zähmetsöýer pileçileri Watan harmanyna bol pile hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

Wise-premýer oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza netijeli işlemek babatda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmagyň, ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmegiň, azyk bolçulygyny döretmegiň, gaýtadan işleýän senagaty çig mal bilen üpjün etmegiň oba hojalyk pudagynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň işini yzygiderli kämilleşdirip durmagyň wajypdygy aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda esasy möwsümleriň biri bolan galla oragynyň ýetip gelendigini nygtap, wise-premýere bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin guramaçylyk işlerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, ýurdumyzyň zähmetsöýer pileçilerini Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän gurluşyk we senagat toplumynda 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 117,2 göterime, Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 107,2 göterime barabar boldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 735 million manada deň boldy. Hasabat döwründe Energetika ministrligi boýunça önüm öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 108,5 göterim, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 146,2 göterim berjaý edildi. Geçen bäş aýda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 107,6 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça 121 göterim boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanyp, netijeli işlemegini gazanmagyň zerurdygyny nygtady. Hereket edýän kärhanalarda çykarylýan önümleriň görnüşlerini artdyrmak, täze kärhanalary ýola goýmak boýunça işleri dowam etdirmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi. Elektrik energetika pudagynda içerki we halkara taslamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns bermek zerurdyr. Awtomobil ýolgurluşyk pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleri dowam etmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň bellenen wagtynda ulanmaga berilmelidigini belläp, wise-premýere gurluşyk işleriniň hiline-de berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik ulgamynyň 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,5 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini bolsa 104,1 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary boýunça nah ýüplügiň önümçiligi 126,2 göterime, nah matalaryňky 117 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 108,5 göterime, gön önümleriniňki 121,2 göterime barabar boldy. Şu ýylyň başyndan bäri “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 100,9 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar — maý aýlarynda birža söwdalarynyň 125-si geçirilip, 11 müň 833 sany şertnama hasaba alyndy. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105,8 göterime deň boldy. 11 sany sergi, 54 sany maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň bäş aýynda oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüşi 112 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüşi 109,1 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagyň wajypdygyny aýdyp, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine daşary ýurt biržalarynda giňden ulanylýan tejribäni ornaşdyrmagyň, onuň işini kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Dokma önümleriniň hilini gowulandyrmak we möçberini artdyrmak boýunça çäreleri görmek, daşarky bazarda dokma önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň hususy pudagyna döwlet goldawyny bermek babatda işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe milli baýramçylyklar, şol sanda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dürli dabaralar, medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli medeni çäreler guraldy. Gündogaryň beýik akyldary we türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna maý aýynda medeniýet ministrleri derejesinde halkara maslahat geçirildi, “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň, beýik söz ussadynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy, onuň goşgulary ýerleşdirilen täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy guraldy. Şahyryň doglan güni mynasybetli daşary ýurtlarda dürli çäreler geçirildi.

Şeýle hem teatrlaryň, sirkleriň, kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, medeni mirasymyzy öwrenmek, giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillerimize ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullary ornaşdyryldy, okuw kitaplarydyr gollanmalar neşir edildi. Okuwçylardyr talyplar halkara ders, internet bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, üstünlik gazandylar. Ýylyň başyndan bäri halkara olimpiadalaryň 8-si, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň 2-si, halkara bäsleşik geçirildi. Orta mekdeplerde “Soňky jaň” dabaralary guraldy. Şu döwürde uniwersitetleriň 3-si, institutlaryň 7-si “Times Higher Eduсation” reýting agentliginiň degişli reýtinginiň agzalygyna saýlanyldy. Çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek bilen bagly işler alnyp baryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy hem-de “Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi döredildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, beýleki dabaraly çäreler, şol sanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. “Gadymy Änew medeniýeti”, “Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy”, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahatlar dünýäniň ylmy giňişliginde uly seslenme döretdi.

Hasabat döwründe keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň durky täzelenen binalary ulanmaga berildi. Aşgabat şäherinde 5 sany täze merkeziň, “Arçman” şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň, glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşyk işleri dowam etdirilýär.

Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça işler has-da işjeňleşdirildi. Türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynyň 80-sine gatnaşyp, 79 altyn, 64 kümüş, 95 bürünç medal gazandylar. Hokkeý boýunça halkara ýaryş Türkmenistanyň halkara sport abraýyny täze derejä göterdi. Halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, geçirilýän işleriň wajypdygyna ünsi çekdi we olary döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri barada hasabat berdi we hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň berýän hemaýat-goldawlary netijesinde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle hem «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň belent maksatlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan dünýäniň abraýly ylmy merkezleri, şol sanda Halkara ylmy parklaryň assosiasiýasy (IASP) bilen hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär. Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek baradaky çözgüt “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda merkeziň binýadynda amaly ylmy işleriň geçirilmegine, ylym bilen önümçiligi utgaşdyrýan, önümçilik pudaklarynyň ylmy esasda ösdürilmegine we usuly kadalaryň kämilleşdirilmegine içgin gatnaşýan ylmy-önümçilik binýadyny döretmek maksady bilen kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow zehinli ýaşlarymyzy ylma, bilime, täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, Ylymlar güni mynasybetli «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda» Karara gol çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek, innowasion önümleriň önümçiligini guramak maksady bilen, «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hakynda» Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz resminamalary wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylandygy barada habar berildi.

Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz bu habary kanagatlanma bilen kabul edip hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, şu ýylyň 6-njy iýunynda ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanylandygyny belledi. Munuň özi Watanymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň ykrarnamasydyr. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýdyp, hemmeleri bu hoş habar bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny hem-de öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyryldy. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine, üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna, Täjigistan Respublikasyna, “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparlaryny amala aşyrdy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynda saparda boldy.

Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz 9-njy maýda Moskwada 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz birnäçe ýurtlaryň Liderleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Hasabat döwründe Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanda saparda boldy.

24-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşmak üçin Aşgabada gelen wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Hasabat döwründe daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň Türkmenistana amala aşyran saparlary, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara bolan saparlary dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary, abraýly halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda Koreýa Respublikasy hem bar. Bu ýurt bilen hyzmatdaşlyk okgunly, özara bähbitli häsiýete eýedir. Döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýär. Söwda-ykdysady ulgam bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem türkmen-koreý gatnaşyklarynyň aýratyn bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň amala aşyrjak döwlet sapary iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň köp ýyllaryň dowamynda dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi. Soňky ýyllarda nebitgaz, himiýa we ulag ulgamlarynda durmuşa geçirilen ençeme bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň güwäsidir. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, ýokary derejede geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini nygtady. Şol gepleşikleriň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, gatnaşyklaryň köpugurly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer, daşary işler ministrine hem-de Ministrler Kabinetiniň beýleki agzalaryna ýüzlenip, bu saparyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bu toplumda ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça gazanylan ösüş 117,5 göterime deň boldy. Şu ýylyň bäş aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 105,9 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 102,9 göterime deň boldy. Ýanwar — maý aýlarynda hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda ösüş “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça 104,8 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 111,4 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 153 göterime barabar boldy.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 115,8 göterim, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 112,2 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hem aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumy üçin önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ulag-kommunikasiýalar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmek üçin toplumyň işini döwre görä yzygiderli kämilleşdirip durmagyň möhümdigini nygtady we agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,1 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda 7,8 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 5,4 göterime deň boldy. Şeýle hem hasabat döwründe ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.

Döwlet Baştutanymyz 12-nji iýunda ýurdumyzda Ylymlar gününiň giňden bellenilip geçiljekdigine ünsi çekdi. Garaşsyz ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Raýatlarymyzyň ylym-bilim bilen meşgullanmagy we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we mejlise gatnaşyjylary hem-de mähriban halkymyzy Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

07.06.2024

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe harby özgertmeleriň çäklerinde kesgitlenen wezipeleri, şol sanda Milli goşunyň goranyş ukybyny berkitmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň, raýatlaryň nobatdaky harby gulluga çagyrylyşynyň barşy, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Mundan başga-da, ýakynda geçirilen harby okuw meýdan türgenleşiginiň netijeleri hakynda aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagynyň ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda çykyş edýändigini belledi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň tehniki taýdan kämilleşdirilmegi harby gullukçylaryň aýratyn taýýarlygyny talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de harby okuw edaralarynda bilim bermegiň, okatmagyň innowasion usullaryny ulanmagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýakynda geçirilen harby okuw meýdan türgenleşiginiň netijelerine kanagatlanma bildirip, meýilnama laýyklykda, türgenleşigi mundan beýläk-de ýokary hilli geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Okuw türgenleşigi Ýaragly Güýçlerimiziň has-da kämilleşýändigini görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, onuň söweşjeň taýýarlygyny has-da ýokarlandyrmak barada görkezme berildi.

Harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň harby gulluga çagyrylyşyny bellenen tertibe laýyklykda geçirmek bilen baglanyşykly görkezmeler berildi. Şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berk we talabalaýyk berjaý edilmegine gözegçilik etmek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy esasynda kanunçylyk-hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada-da aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kanunylygy üpjün etmekde möhüm döwlet edarasy hökmünde prokuraturanyň ähmiýetli ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, düzümiň işgärleriniň öz üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşmelidikleri bellenildi.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow gözegçilik edýän düzümleriniň şu ýylyň geçen bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek, ýol gözegçilik gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramak, durmuş häsiýetli meseleleri çözmek babatda görlen anyk çäreler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ministrligiň ähli düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda döwrebap tehniki serişdeleri, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamlaryny işjeň ornaşdyrmagyň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz tomus paslynyň gelmegi bilen howanyň gyzmagy sebäpli, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy ministre tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, içeri işler ministri M.Hydyrowa käýinç yglan etdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklary boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, bu ulgama sanly ulgamy we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak ugrunda görlen çäreler, işgärleriň netijeli zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin döredilýän şertler hakynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin innowasion tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagynyň, kazyýet işini kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi.

Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, içerki jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy üpjün etmek işinde Milli howpsuzlyk ministrliginiň möhüm ornuna ünsi çekdi we bu ugurda sazlaşykly işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, şahsy düzümiň netijeli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, harby gullukçylaryň söweşjeň we beden taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň dost-doganlyk serhedi bolan döwlet serhedimiziň eldegrilmesizligini üpjün etmekde esasy talaplaryň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz gullugyň ýolbaşçysyna döwlet serhedimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmek üçin, serhet goşunlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça göz öňünde tutulan işlere berk gözegçilik etmegi, olaryň doly hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy Ý.Nuryýewe berk käýinç yglan etdi.

Adalat ministri M.Taganow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, milli kanunçylyk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek, raýatlaryň hukuk taýdan habarlylygyny ýokarlandyrmak, olara hukuk kömegini bermek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hukuk ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli seljermek we milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyk getirmek zerurdyr. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ministrligiň ýolbaşçysyna ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen, halkara hukugyň kadalaryna laýyk gelýän kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamagy dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň geçen bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Türkmenistanyň serhedinden geçýän, şol sanda üstaşyr geçýän ýüklere has takyk gözegçilik etmek maksady bilen, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda üstaşyr ulag geçelgeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmak bilen baglylykda, döwletimiziň eksport kuwwatyny ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Ýurdumyzda gümrük gözegçiligini ygtybarly ýerine ýetirmek hem-de gümrük kadalarynyň bozulmagynyň öňüni almak bilen bagly işleri has-da güýçlendirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gözegçilik edýän düzüminiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, işgärler düzümini pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginiň, halkara hukugyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň, şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň bähbitleriniň sazlaşygyny üpjün etmegiň bu ulgamdaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň hataryndadygyny belläp, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, döwletimiziň goranmak ukybyny berkitmäge, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns berilýär diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam etdi we bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

06.06.2024

TÜRKMEN-YRAK PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

 

2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Mejlisinde Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Mejlisiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlaryň ähmiýeti boýunça pikir alşyldy. 

Duşuşygyň dowamynda myhman iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň möhüm ornuna ünsi çekdi. 

Taraplar döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga hemişe taýýardyklaryny beýan etdiler.

06.06.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze elektroenergetika desgalarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bu möhüm wakasy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde wajyp ähmiýete eýe bolan ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ösüş taryhynda nobatdaky sahypany açdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda elektroenergetika pudagynyň maddy-tehniki binýadyny düýpgöter döwrebaplaşdyrmak we berkitmek, diňe bir içerki sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini hem yzygiderli artdyrmaga, ugurlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýän ygtybarly energetika ulgamyny döretmäge gönükdirilen işler alnyp barylýar. Watanymyzyň ähli künjeklerinde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlary, paýlaýjy elektrik beketleri bina edilýär we işe girizilýär. Paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň, ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamlary täzelenýär.

Ýurdumyzyň elektrik ulgamlarynyň talabalaýyk işlemegini we zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, elektrik energiýasynyň gerek ugra gaýtadan paýlanmagyny üpjün etmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyz bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça giň gerimli taslamanyň başyny başlady. Energiýa halkasy welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň energiýa ulgamlarynyň arasynda özara baglanyşyk arkaly ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny üpjün etmelidir. Şonuň netijesinde, energetika pudagynyň işgärleri energiýa bloklaryny, elektrik beketlerini, elektrik geçiriji ulgamlary sarp edijilere päsgel bermezden bejerip hem-de döwrebaplaşdyryp bilerler. Energiýa kuwwatynyň ätiýaçlygynyň artmagy içerki sarp edijileri elektrik stansiýalarynda öndürilýän elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün etmäge, artykmaç bölegini daşary ýurtlara, ilkinji nobatda, goňşy döwletlere ibermäge mümkinçilik berer.

Milli we halkara ähmiýetli bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmegiň ilkinji tapgyry 2021-nji ýylyň oktýabrynda üstünlikli işe girizilen Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň gurluşygydyr. Mary — Ahal ugry boýunça elektrik geçirijisiniň gurluşygy hem gysga wagtda tamamlanyp, 2023-nji ýylyň noýabrynda ulanmaga berildi. Şu gün bolsa ýurdumyzyň energetika halkasynyň üçünji bölegi Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze elektrik geçirijisi işe girizilýär.

...Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uçary Daşoguz Halkara howa menziline gondy. Döwlet Baştutanymyz awtoulagda dabaranyň geçirilýän ýerine ugrady. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Daşoguz welaýatynyň häkimi, köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Hemmeler uly ruhubelentlik bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mübärekleýärler. Medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly kompozisiýasy baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrýar.

Döwlet Baştutanymyz dabara üçin ýörite taýýarlanan zala barýar. Hormatly Prezidentimiz täze elektroenergetika desgalarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, şu gün Daşoguz welaýatynda ýurdumyzda hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek maksady bilen, Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we elektrik beketleriniň açylyp ulanmaga berilýändigini belledi. Şeýle hem şu gün Daşoguz şäherinde bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler. Welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze 200 sany ýolagçy awtobusyny hem sowgat hökmünde gowşurarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we hemmeleri bu şatlykly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ýurdumyzyň energetika syýasatyna laýyklykda, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasyny diwersifikasiýa ýoly bilen daşary ýurtlaryň sarp edijilerine ibermek, täze energiýa kuwwatlyklaryny döretmek, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak, hereket edýän bitewi milli energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi. Hormatly Arkadagymyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmek babatda başyny başlan tutumly işleri häzirki döwürde giň gerimde dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda energetika pudagyny ösdürmek boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek, utgaşykly dolanyşykda işleýän täze elektrik stansiýalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Türkmen energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberini we ugurlaryny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasy hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna görä pugtalandyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň işe girizilmegi hem elektrik stansiýalarynyň bökdençsiz işledilmegine uly mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini öndürmäge-de uly üns berilýär. Häzirki wagtda Balkan welaýatynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu bolsa sebitde gurulýan täze, döwrebap obalary ekologik taýdan arassa elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi we Garaşsyz Diýarymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini döretmek boýunça işleriň geljekde-de giň gerimde dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynda ýurdumyzyň energiýa kuwwatlyklaryny sebitleriň arasynda paýlamak, elektrik geçirijileriň kadaly işlemegini gazanmak maksady bilen, halkalaýyn ulgamy döretmek wezipesiniň öňde goýlandygyna we bu ugurda netijeli işleriň alnyp barlandygyna ünsi çekdi.

Türkmen energiýa gurluşykçylarynyň ýadawsyz zähmeti netijesinde, bu taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan bölegi 2021-nji ýylda amala aşyryldy. Taslamanyň ikinji tapgyry, ýagny Mary — Ahal bölegi 2023-nji ýylda işe girizildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu taslamanyň üçünji tapgyry bolan Balkan — Daşoguz böleginiň gurluşygy hem tamamlanyp, ulanmaga berilýär. Bu tapgyrda her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan «Balkan» we «Daşoguz» elektrik beketleri hem guruldy. Ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň energetika pudagynyň taryhynda uly wakadyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýratyn nygtady.

Bu taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, Diýarymyzda bir bitewi halkalaýyn energiýa ulgamy emele geldi. Bu bolsa içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we zähmetsöýer türkmen energiýa gurluşykçylaryna bu möhüm taslamany üstünlikli amala aşyrandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyna ünsi çekdi. Bu ugurda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary we durmuş maksatly desgalar açylyp ulanmaga berilýär. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynda raýatlarymyzyň oňaýly ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilen. Geljekde-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler üstünlikli dowam etdiriler.

Döwlet Baştutanymyz Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň işe girizilmegi, şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda hereket edýän bitewi energiýa ulgamynyň halkalaýyn birleşdirilmegi, täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň sowgat berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra uly monitorda elektrik energiýasyny öwürmek we paýlamak üçin hyzmat edýän elektrik beketleri, şeýle hem Daşoguz we Balkan welaýatlaryny özara birikdirjek täze howa elektrik geçirijisi bilen tanyşdyrýan ýörite wideofilm görkezildi.

Jemi uzynlygy 572 kilometr bolan Balkan — Daşoguz elektrik geçirijisini çekmek boýunça ähli işleriň Garaşsyzlyk ýyllarynda uly tejribe toplan türkmen gurluşykçylary tarapyndan amala aşyrylandygyny bellemek gerek. Garagumuň üstünden geçýän bu ugur alnyp barylýan işleriň hiline aýratyn talaplary bildirdi. Döwletimiziň goldaw bermegi, pudagyň işgärleriniň işleriniň dogry guralmagy netijesinde, gurluşyk-gurnama amallary gysga möhletlerde durmuşa geçirildi. Her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan «Balkan» we «Daşoguz» elektrik beketleri, olary birikdirýän ýokary woltly asma elektrik geçirijisi ýurdumyzyň bitewi halkalaýyn energoulgamynyň ahyrky tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny alamatlandyrdy.

Wideofilm tamamlanandan soňra, daşary ýurtly myhmanlara söz berildi. Olar Türkmenistanyň energetika ministrine enjamlaryň we bitewi halkalaýyn energoulgamyň gurluşygynda alnyp barlan işleriň ýokary hilini tassyklaýan halkara güwänamalaryny gowşurdylar.

Ilki bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Fraunhofer adyndaky Energetika ykdysadyýeti we energiýa ulgamlary tehnologiýasy institutynyň baş geňeşçisi, doktor Harald Apel çykyş etdi.

Myhman şu günki şanly waka gatnaşmaga çakylyk üçin çuňňur hoşallygyny bildirip, Garagum sährasynyň kyn şertlerinde türkmen energogurluşykçylarynyň şeýle ýokary woltly asma elektrik geçirijisini we beketlerini gurup, ulanyşa taýýar etmekleriniň bu pudagyň işgärleriniň jogapkärli işleriň hötdesinden gelip bilýändiklerine, olaryň baý tejribesiniň bardygyna şaýatlyk edýändigini belledi. Harald Apel halkalaýyn energoulgamy gurmakda ulanylan enjamlaryň ýokary hilini tassyklaýan güwänamany gowşuryp, hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde alyp barýan işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.

Soňra GFR-iň «Duisburg-Essen» döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy Bernd Reinhold Rosine çykyş etmek üçin söz berildi.

Ol şu günki dabara gatnaşmak mümkinçiliginiň döredilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, şeýle iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän Garaşsyz Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine haýran galýandygyny aýtdy we halkalaýyn energoulgamyň inženerçilik işleriniň durnuklylygyny, ýokary netijeliligini tassyklaýan güwänamany buýsanç bilen gowşurdy.

Soňra söz nobaty GFR-iň «DEKRA» institutynyň sebitleýin direktory hanym Ýulia Otta berildi.

Myhman Türkmenistana gelip görmek we şu günki dabara gatnaşmak baradaky çakylyga çuňňur hoşallygyny bildirdi we Garaşsyz Türkmenistanda halkalaýyn energoulgamyň döredilendigi baradaky ýakymly habaryň Germaniýanyň bu ylmy-barlag institutynda uly gyzyklanma döredendigini aýtdy. «DEKRA» Energetika hartiýasynyň agzasy bolmak bilen, dünýäde gurulýan energetika desgalarynda ulanylýan tehnologiýalaryň hiline aýratyn üns berýär. Ýulia Otto halkalaýyn energoulgamda gurlan beketleriň ýokary tehnologiýalylygyny we howpsuzlygyny tassyklaýan güwänamany gowşuryp, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdi.

Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz mejlisler zalyndan çykyp, bu möhüm waka mynasybetli demirgazyk sebitiň ýaşaýjylaryna sowgat berlen täze awtobuslaryň açarlaryny Daşoguz welaýatynyň häkimine gowşurdy.

Häkim sowgat berlen döwrebap awtobuslar üçin welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň, mähriban Watanymyzyň bähbidine alyp barýan ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesýär. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz güýjenmesi 500 kilowolt bolan täze asma elektrik geçirijisiniň we beketleriň işine badalga beriljek nokada tarap ugraýar.

Döwlet Baştutanymyz ýolugruna «Daşoguz» elektrik bekedinde gurnalan döwrebap enjamlary synlady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy.

Bu ýerde ýaş hünärmen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mübärekläp, ýurdumyzda döredilen bitewi halkalaýyn energoulgamyň işi barada gürrüň berdi. Elektroenergetika pudagyny ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi we pudagyň işgärleri baradaky aladalary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Liderine ýurdumyzyň energetikleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

Şol bir wagtyň özünde, baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Balkan welaýatyndan ýaş hünärmen sanly ulgam arkaly döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, Balkan — Daşoguz täze elektrik geçirijisini we bu ugurda gurlan elektrik beketlerini işe girizmäge ak pata bermegini haýyş edýär.

Ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurlup ulanmaga berlendigi we bu möhüm taslamany durmuşa geçirmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin pudagyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirildi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistana Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinjileriň hatarynda sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrjak bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmäge mümkinçilik berdi.

Tolgundyryjy pursat ýetip gelýär: hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düwmä basyp, täze elektrik geçirijisiniň we elektrik beketleriniň ikisiniň işine badalga berýär. Ekranda olaryň Türkmenistanyň bitewi energoulgamyna birikdirilýändigi görkezilýär.

Şeýlelikde, elektroenergetika pudagynyň täze, möhüm desgalarynyň — Balkan — Daşoguz ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan iki sany elektrik bekediniň işe girizilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň hem-de mümkinçilikleriniň nyşanyna öwrülen bitewi energetika halkasyny döretmek boýunça ägirt uly taslamanyň üstünlikli tamamlanandygyny alamatlandyrdy.

Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

05.06.2024
1 ... 13 14 15 16 17 ... 40