Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we dostlukly ýurduň ähli halkyna Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-belarus gatnaşyklarynyň biziň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Belarus Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

03.07.2024

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Gaaga iş saparyny amala aşyrdy

2024-nji ýylyň 3-4-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Gaagada geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklar boýunça Pudagara dördünji Tegelek stola gatnaşmak üçin iş saparynda boldy. 

Tegelek stolyň maksady goşulyşmak syýasatyny durmuşa geçirýän we azlyklaryň meselelerini çözýän degişli guramalaryň we edaralaryň ýokary derejeli wekilleriniň arasynda bilim we öňdebaryjy tejribe alyşmakdan, şeýle hem bu ugurda maslahat beriş mehanizmleri arkaly netijeli gatnaşygy ýola goýmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň dowamynda bu ugurda ýüze çykýan meseleleri çözmegiň, üstünlikleri we strategiýalary paýlaşmagyň ähmiýeti, şeýle hem hünär kämilligini ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşdy. 

03.07.2024

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi.

Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitde galla oragy dowam edýär. Orak möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumy taýýarlanylýar. Galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Ýygnalan hasylyň kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara wagtynda, ýitgisiz daşalmagy üçin tehnikalaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam edýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak bilen bir hatarda, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görmek işleri utgaşykly geçirilýär. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň ýitgisiz, gysga möhletde ýygnalyp alynmagynyň, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda ýygnap almak, hasyly kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek, ammarlara we elewatorlara daşamak, bugdaýdan boşan meýdanlary sürmek, geljek ýylyň hasyly üçin ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça işler ýola goýulýar. Şunuň bilen birlikde, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gallaçy daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak, gowaça ideg işlerini talabalaýyk, agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen, däne ýygýan kombaýnlar, bugdaý daşaýan awtoulaglar sazlaşykly işledilýär, gündelik ýygnalýan hasyl galla kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul edilýär hem-de elewatorlara, ammarlara daşalýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumyny taýýarlamak, orakdan boşan meýdanlary sürmek işlerine girişildi. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ýeralmanyň, azyklyk gök-bakja ekinleriniň ýurdumyzda öndürilýän möçberini has-da artdyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatda bu ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, şu ýylyň güýz möwsüminde olaryň ekilmeli ýerlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda taýýarlamak boýunça işler geçirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işlere ünsi çekdi hem-de galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, welaýatyň gowaça, şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, orakdan boşan meýdanlary sürmek, indiki ekiş möwsümine taýýarlamak işleri dowam edýär. Ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumyny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary bökdençsiz ulanylýar. Ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, olaryň güýzki ekişine taýýarlyk görmek işleri dowam edýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagyny, welaýatyň gowaça, şaly ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, bugdaý oragyndan boşan meýdanlary sürmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumyny taýýarlamak, ýygnalan hasyly elewatorlara, ammarlara bökdençsiz daşamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bugdaý hasylynyň gysga möhletde, ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryndaky degişli ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň hilini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary esasynda ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ony galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, ammarlara, elewatorlara daşamak, önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, galla oragyndan boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Diýarymyzyň gowaça meýdanlarynda pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek, şu ýylyň güýz paslynda azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki ähmiýetli ornuny belledi hem-de häzirki wagtda bu pudagyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz dowam edýän galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň, ýurdumyzyň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň wajyp ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

01.07.2024

NIKARAGUA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNY GOWŞURDY

 

2024-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Nikaragua Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Tatýana Daniela Garsia Silwadan Ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar geljekde parlamentara gatnaşyklary halkara parlament düzümleriniň çäklerinde işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. 

Ilçi Türkmenistan bilen Nikaragua Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, öz ýurdunyň ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

01.07.2024

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ÝHHG PA-nyň Ýaş parlamentariler torunyň mejlisine gatnaşdylar

 

2024-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Rumyniýanyň Buharest şäherinde ÝHHG Parlament Assambleýasynyň 31-nji ýyllyk mejlisiniň çäginde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Ýaş parlamentariler torunyň maslahatyna gatnaşdylar. 

Maslahat «Ýaş parlamentarilere ygtyýarlyk bermek: energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek, daşky gurşaw we sanlylaşdyrmak ygtybarly we durnukly gelejek üçin» atly temada geçdi.

Maslahatyň dowamynda ýaş parlamentarilere energiýa hyzmatdaşlygyny, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde mümkinçilikleri döretmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, ÝHHG PA-nyň Ýaş parlamentariler torunyň dünýäde ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, duşuşyklary geçirmäge, birek-birek bilen pikir alyşmaga, täsirli geljege gönükdirilen ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen döredilendigini kanagatlanma bilen bellediler.

01.07.2024

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirildi

 

2024-nji ýylyň 30-njy iýunynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 31-nji ýyllyk mejlisiniň çäginde ÝHHG PA-nyň Prezidenti Pia Kauma bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky uzak möhletleýin we netijeli hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýändigini bellediler. Şol bir wagtyň özünde, guramanyň işiniň syýasy, ykdysady we ynsanperwerlik ugurdaky maksatlary we wezipeleri, bu ugurda durmuşa geçirilýän taslamalaryň we maksatnamalaryň ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem, Türkmenistanda ÝHHG bilen bilelikde geçirilýän çäreleriň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

30.06.2024

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Rumyniýa iş sapary dowam edýär

2024-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 31-nji ýyllyk mejlisiniň çäginde geçirilen komitetara maslahatyna gatnaşdylar.

Maslahatda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de howanyň üýtgemegine garşy alnyp barylýan çäreleriň möhüm ähmiýetine üns berildi.

30.06.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkynyň Milli Lideriniň strategik häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak ugrunda edýän tagallalaryny aýratyn belledi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň bu şanly waka mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de W.Matwiýenkonyň iki dostlukly ýurduň arasynda özara düşünişmek, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine goşýan şahsy goşandyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýlup, ol ýylsaýyn täze ugurlary öz içine alýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň möhüm orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, sebitde parlamentara hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmeginde “Merkezi Aziýa — Russiýa” formatynyň ähmiýetine üns çekildi. Şunuň bilen birlikde, söwda-ykdysady gatnaşyklar hem yzygiderli ösdürilýär. Soňky ýyllarda özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň artmagy munuň aýdyň mysalydyr. Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.

Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň wajyp ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Şunda bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko döwletara gatnaşyklaryň iki dostlukly ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

29.06.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli gutlaglar, hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň ýakyn dost-doganlyk döwletleriň biridigini we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Söhbetdeşligiň barşynda ýurtlarymyzyň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Iki ýurduň Hökümet wekiliýetleri ýygy-ýygydan özara saparlary amala aşyrýarlar. Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda maslahatlaşmalar, gepleşikler yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň martynda Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Onuň çäklerinde gepleşikler geçirildi we ylalaşyklar gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik, döredilen mümkinçilikler üçin türk Liderine ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdiler.

29.06.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Özbegistanyň Baştutany Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly ýurduň Prezidenti Özbegistanda häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerine, iki döwletiň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna buýsanylýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda barha okgunly häsiýete eýe bolýandygyny, deňhukuklylyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini belledi. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk köp ugurlar boýunça hil taýdan täze derejä çykaryldy. Türkmenistan we Özbegistan halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Muňa abraýly guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylýandygy hem şaýatlyk edýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplaryň söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy ugur edinýändikleri tassyklanyldy. Syýasy partiýalaryň we kanun çykaryjy edaralaryň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, sebitleriň derejesinde göni gatnaşyklary, özara alyşmalary höweslendirmäge taraplaryň taýýardygy bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandyny, halklarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryny aýratyn belledi.

Gahryman Arkadagymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň goňşy ýurtda-da giňden bellenilýändigi hem-de özbek sungat ussatlary tarapyndan türkmen söz ussady barada düşürilen kinofilm üçin dostlukly ýurduň Baştutanyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň mizemezliginiň, taryhy kökleriniň umumylygynyň aýdyň beýanydyr.

Doganlyk döwletiň Lideri hoşniýetli sözler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Özbegistanda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berilýändigini aýtdy we geljekde-de ony pugtalandyrmak üçin zerur tagallalary etmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

29.06.2024

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Rumyniýa iş sapary başlady

 

2024-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 31-nji ýyllyk mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary başlady.

Maslahatyň işine ÝHHG-niň sebitiniň howpsuzlyk, hyzmatdaşlyk we demokratiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin parlament agzalary we ÝHHG agza döwletleriň we birnäçe halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda demokratiýany ösdürmek, adam hukuklary, durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, ÝHHG sebitine täsir edýän daşky gurşaw meselelerine aýratyn üns berildi we howanyň üýtgemeginiň öňüni almak üçin bilelikde hereket etmegiň zerurlygy nygtaldy. 

Türkmen tarapy çykyşynda ýurduň parahatçylyk diplomatiýa, ykdysady hyzmatdaşlyga, medeni dialoga, ekologiýa durnuklylyga garşy göreş alyp barmaga ygrarlydygyny belledi. Hususan-da, ol ÝHHG ýurtlaryndaky möhüm meseleleri çözmek we sebitiň howpsuzlygy we gülläp ösmegi üçin agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň ornuna ünsi çekdi. 

Wekiliýetiň Rumyniýa iş sapary dowam edýär.

 

29.06.2024

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hususan-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk işi bilen baglanyşykly, şeýle-de başga birnäçe kanunlary döwrebaplaşdyrmak babatda işler dowam etdirilýär. Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine şu ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça merkezi saýlaw topary bilen bilelikde amala aşyrylýan işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky işler halkara kadalara, milli kanunçylyga laýyklykda alnyp barylýar.

Şeýle hem parlamentara gatnaşyklary, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda habar berildi. Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy we Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça Ýörite wekiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyklar geçirildi. Parlamentiň ýolbaşçysy Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly geçirilen “Halklary birleşdirýän taryhy we medeni gymmatlyklar” atly maslahat barada hem habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň talap edýän täze kanunlaryny taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty bu kanunlarda öz beýanyny tapmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini, ähli pudaklarda oňyn görkezijileri üpjün etmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça görülýän çäreler hakynda aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda zähmet haklaryny, raýatlaryň pensiýalaryny, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe-hojalyk işleriniň deslapky hasaplamalaryna seljermeleriň geçirilendigi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda maksatnamalaýyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklaryny, raýatlaryň pensiýalaryny, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak barada teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konsernini zerur bolan önümler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, nebit we gaz guýularynda burawlamak işlerini ýerine ýetirmek, pudaga öňdebaryjy halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý oragyny geçirmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryna tabşyrmak, gallaçylar bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak işleri dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg etmek, hatarara bejergi işleri, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, oňa ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýetişdirmek, bu önümler bilen ilaty üpjün etmek boýunça işler amala aşyrylýar. Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça tagallalar edilýär. Suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda degişli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki talaplara laýyklykda alyp barmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz galla oragynyň barşyny, sürüm işlerini, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek işlerini hem talabalaýyk ýola goýmak barada görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik we şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ony ýaşamak, işlemek, dynç almak üçin amatly şähere öwürmek ugrunda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň şaýollarynda, köçelerinde, seýilgählerinde oturdylan daşky yşyklandyryş ulgamlaryna tehniki taýdan hyzmat edýän gullugyň işini kämilleşdirmek, hususan-da, döwrebap awtotehnikalar bilen üpjün etmek boýunça işleriň geçirilýändigi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek üçin ýöriteleşdirilen döwrebap awtotehnikalary satyn almak baradaky teklibi goldady we degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edilen 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (“Ýol kartasy”) laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň, işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlislerini, “Türkmenistanda öndürilen” atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisini geçirmegiň teklip edilýändigi aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Özbegistan Respublikasynyň biziň ýakyn hyzmatdaşymyz bolup durýandygyny belledi hem-de Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 18-nji mejlisine, Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisini hem guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi.

Soňra wise-premýer daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 7-8-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde “Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly forumy geçirmäge taýýarlyk görülýär. Forumyň 4 — 7-nji noýabrda BAE-niň paýtagtynda nebitgaz, energetika pudaklaryna, täze tehnologiýalara, öňdebaryjy işläp taýýarlamalara bagyşlanyp geçiriljek (ADIPEС) Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýär. Dünýäniň ýurtlarynyň iri kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini göz öňünde tutup, giň gerimli halkara gözden geçirilişiň meýdançasynda maliýe-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat, söwda, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, ulag-aragatnaşyk we beýleki pudaklaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryş çärelerini guramak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara çäreleriň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçiriljek forum hem ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini, ýeten belent sepgitlerini açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe bolar. Şoňa görä-de, Bütindünýä sergisiniň meýdançasynda guralmagy meýilleşdirilýän «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forumyň ýokary derejede geçirilmegini gazanmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere bu ugurda degişli guramaçylyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýda dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň, ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik we zehin bäsleşiklerini, sport ýaryşlaryny guramak göz öňünde tutulýar. Iýul aýynda ýurdumyzyň kitaphanalarynda çagalar edebiýatlarynyň tanyşdyrylyş dabaralary, çagalaryň arasynda çeper okaýyşlardyr beýleki çäreler geçiriler. Mundan başga-da, amaly-haşam, keşdeçilik, senetçilik sungatynyň dürli görnüşlerini, zenanlaryň el işlerini wagyz etmek maksady bilen, “Milli mirasymyz dowamat-dowam” atly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de “Çalsana, bagşy!”, “Ýaňlan, Diýarym!”, “Gülüň owadan!” atly bäsleşikleri, Hytaý Halk Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ata Watanymyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilýändigini, beýik ösüşlerimizi beýan edýän dabaraly çäreleriň guralýandygyny belläp, wise-premýere şu ýylyň iýul aýyndaky çäreleri hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow “Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibiniň” taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar, strategiýalar, konsepsiýalar we meýilnamalar kabul edilýär, döwletimiziň, jemgyýetimiziň ösüşiniň esasy ugurlary nazara alnyp, ygtybarly kanunçylyk-hukuk binýady döredilýär. “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan “Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibiniň” taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminama ylmy, ylmy-tehniki we innowasiýa işiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça döwlet ylmy-tehniki syýasatynyň amala aşyrylyşynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň maliýe, maddy, işgärler mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, ylmy hem-de tehnikany ösdürmäge we beýleki wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ylym ulgamyna aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Nygtalyşy ýaly, ylym ulgamyny dolandyrmak we maliýeleşdirmek işini has-da kämilleşdirmek, hukuk esaslaryny düzgünleşdirmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow howanyň üýtgemegi babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwletimiz ählumumy gün tertibiniň strategik taýdan möhüm meselelerine, hususan-da, howanyň üýtgemegi bilen bagly meselä aýratyn üns berýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) hormatly Prezidentimiz bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Häzirki wagtda olary amala aşyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň maýynda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandy (NDC) tassyklanylyp, ony durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Şol bir wagtda, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň esasynda Türkmenistanyň 4-nji milli hasabatyny taýýarlamak işleri jemlenilýär we şu ýylyň ahyryna çenli bu hasabaty agzalan Konwensiýanyň Sekretariatyna ibermek göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11 — 22-nji noýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahaty (COP29) geçiriler. Onuň dowamynda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň giň toplumyna serediler we degişli hasabatlar diňleniler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň möhüm başlangyçlaryna esaslanyp, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

“COP29-a” ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça indiki aýdan ulgamlaýyn esasda taýýarlyk işlerine başlamak hem-de 22-nji iýulda Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça pudagara komissiýanyň çäginde döredilen iş toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär. Bu mejlisiň netijeleri boýunça Türkmenistanda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça täze taslamalary işläp taýýarlamak maksadalaýyk hasaplanýar.

Şu ýylyň noýabrynda Bakuwda geçiriljek Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň 19-njy maslahatynyň (COY19) öňüsyrasynda sentýabrda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatlaryny guramak teklip edilýär. Mundan başga-da, şu ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda BMG-niň howandarlygynda bu guramanyň Azyk we oba hojalyk guramasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Bütindünýä azyk maksatnamasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahaty guramak baradaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara tagallalara ýurdumyzyň goşandynyň möhüm bolup durýandygyny belledi. Türkmenistan bu ugurda halkara we milli derejede maksada okgunly işleri alyp barýar. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, hödürlenen teklipleri goldady we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Sanly çözgüt — 2024” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgama geçmek, programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp, ýokarda agzalan bäsleşigi geçirmek we onuň jemlerini “Türkmentel — 2024” atly halkara serginiň çäklerinde jemlemek göz öňünde tutulýar. Nobatdaky bäsleşigi emeli aň, robototehnika we awtomatlaşdyrmak, “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary, “akylly” öý, “akylly” şäher, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlar boýunça geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Her ýyl geçirilýän innowasion taslamalaryň bäsleşigine programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlaryň giňden gatnaşmagy bu ugurdaky özgertmeleriň rowaçlanýandygyny görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz agentligiň ýolbaşçysynyň «Sanly çözgüt — 2024» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek baradaky teklibini goldap, degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde ýurdumyzda halkymyzyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. 29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylmagyna bir ýyl bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny görkezýär. Döwrebap şäherde ýaşamak, işlemek we medeniýetli dynç almak üçin ähli amatly şertler döredildi.

Hormatly Prezidentimiz bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna degişli binalary we desgalary gurmak hakynda Karara gol çekip, Gahryman Arkadagymyzy we mähriban halkymyzy, mejlise gatnaşyjylary Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy we türkmen halkynyň Milli Liderini bu şanly waka bilen gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

28.06.2024

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILI SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATYNA GATNAŞDY

 

2024-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçirilen «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk boýunça milli meýilnamalar» boýunça sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdy. 

Maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 1325 belgili «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly Kararnama bilen bagly hereketleriň milli meýilnamalaryny işläp taýýarlamak, durmuşa geçirmek we täzelemek bilen bagly soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Maslahatyň dowamynda zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmek we mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de olaryň parahatçylygyny, howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ornuny ýokarlandyrmak boýunça maslahatlaşmalar geçirildi.

28.06.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň sebitlerinde dürli maksatly binalaryň, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli häzirki zaman desgalarynyň gurluşygy hem-de gurluşyklarda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Şunda saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň enjamlaşdyrylyşyna hem möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi. Bu ýerde lukman Arkadagymyzyň hut öz ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmagyň çäklerinde degişli işler ýerine ýetirilýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanda dürli maksatly binalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýan “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen gürrüňdeş boldy. Iri kompaniýanyň ýolbaşçysy ýerine ýetirilýän işler barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik we ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işiniň ýola goýulmagy ugrunda ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol ata Watanynda iri desgalaryň gurluşygyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

E.Ylyjak häzirki döwürde ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylan gurluşyk taslamalarynyň ýerine ýetirilişi we binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli çyzgylar barada hasabat berdi.

Lukman Arkadagymyz taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Binalaryň gurluşygynda milli ýörelgeler bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekip, durmuş maksatly binalaryň ýokary hil derejesinde gurulmagynyň, desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň, saglygy goraýyş edaralarynyň häzirki zaman görkezijilerine laýyk ýagdaýda enjamlaşdyrylmagynyň şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm talaby bolup durýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz kompaniýanyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda Milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Paýtagtymyzda ynsan saglygynyň berkidilmegi bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Şunda ak mermerli Aşgabadyň çäklerinde halkara ülňülere doly laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň gurulmagyna, olaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagyna hem uly üns berilýär.

Soňra lukman Arkadagymyz saglygy goraýyş maksatly desgalaryň gurluşygy, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, binalaryň bezeg aýratynlyklary we enjamlaşdyrylyşy babatda maglumat berýän taslamalardyr çyzgylar bilen tanyşdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle-de Stomatologiýa merkeziniň, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklary, saglygy goraýyş edaralarynyň baş meýilnamasy, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, sagaldyş ulgamyna degişli merkezleriň bölümleriniň enjamlaşdyrylyşy, otaglaryň bezeg aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Munuň özi lukman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň oňyn netije berýändigini tassyklaýar.

Bu ýerde görkezilen taslamalaryň hatarynda Mary welaýatynda 200 orunlyk, Balkan we Lebap welaýatlarynda her biri 150 orunlyk halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň, Daşoguz welaýatynda 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 600 orunlyk S.A.Nyýazow adyndaky bejeriş-maslahat beriş merkeziniň, şu uniwersitetiň 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Aşgabat şäherindäki Indira Gandi adyndaky 1000 orunlyk lukmançylyk orta hünär mekdebiniň şekil taslamalary bar.

Tanyşlygyň barşynda Gahryman Arkadagymyza dünýäniň abraýly maliýe düzümleri bolan Yslam ösüş bankynyň Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň gurluşygyny, Saud ösüş gaznasynyň bolsa Mary welaýatyndaky onkologiýa merkeziniň gurluşygyny maliýeleşdirýändigi barada habar berildi. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä derejesindäki belent abraýyna, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde ykrar edilýändigine, kuwwatly ykdysady mümkinçilige eýe bolan döwletdigine aýdyň şaýatlyk edýär. Bellenilişi ýaly, bu ugurda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutuldy. Olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bolsa möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Milli Liderimiz lukmançylyk edaralarynyň şekil taslamalary we çyzgylary bilen içgin tanşyp, gurluşyklarda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagyna, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň döwrebap derejede abadanlaşdyrylmalydygyna, desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Lukman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwür giň gerimli özgertmeleriň, sanly tehnologiýalaryň eýýamy bolup durýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli düzümlerinde bolşy ýaly, stomatologiýa ugry boýunça hem kämil usullar, diş bejermegiň häzirki zaman tehnologiýalary ýüze çykdy. Indi sanly tehnologiýalar, şol sanda ýörite maglumatlary özünde jemleýän enjam arkaly adamlaryň agyz boşlugynyň, dişleriniň sagdynlygyny görkezýän we onuň bejerilişini kesgitlemäge mümkinçilik berýän innowasion tehnologiýalar ulanylýar. Bu barada aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri saglygy goraýyş edaralarynyň guramaçylyk we hojalyk işlerini talabalaýyk guramaga jogapkärçilikli çemeleşmek, täze merkezlerde işleýän lukmanlaryň sanyna gaýtadan seretmek, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Wise-premýer ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işler barada aýdyp, ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara giňişlikde-de belent abraýa eýe bolýandygyny nygtady. Gazna döredilen döwründen bäri näsag çagalaryň 400-den gowragynyň saglygynyň dikeldilmegine ýardam etdi, daşary ýurtlaryň betbagtçylyk zerarly ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik ýüklerini ugratdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary tejribeli lukman hökmünde öz ähmiýetli maslahatlaryny berendigi üçin, şeýle hem Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde saglygy goraýyş edaralarynyň lukmanlarynyň we işgärleriniň adyndan Gahryman Arkadagymyza “Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy” atly halyny sowgat gowşurdy. Nepis halynyň merkezinde gaznanyň nyşany ýerleşdirildi. Onuň reňkleriniň sazlaşygy, göze gelüwli ak seçekleri nurana arzuwlaryň, agzybirligiň, bagtyýarlygyň we ynsanperwerligiň alamatyny özünde jemleýär.

Lukman Arkadagymyz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, paýtagtymyzyň çäginde bina edilýän saglygy goraýyş ulgamyna degişli merkezleriň gurluşyk we enjamlaşdyrylyş işlerine, bu düzümleriň guramaçylyk ýagdaýyna maslahatçy hökmünde tejribeli ýaşuly lukmanlaryň bilelikdäki tagallalarynyň zerurdygyna ünsi çekdi we olaryň täze gurulýan saglyk merkezlerinde işleriň ýola goýluşyna, desgalaryň enjamlaşdyrylyşyna maslahatçy hökmünde gatnaşmaklarynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

28.06.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy. 

Işewürler duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň rowaçlygynyň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Milli Liderimiz myhmanlary mübärekläp we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, şu saparyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary, hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Ýaponiýa Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Türkmenistanyň uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşy bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtlarymyz diňe ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde-de işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini belledi we özara işewürlik gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykyp, dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini nygtady. “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasy bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi. Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Mary welaýatyndaky karbamid zawodyny we Keletedäki sement zawodyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Gurlan desgalary doly güýjünde işletmek bilen bir hatarda, Türkmenistanyň tebigy gazy çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça meýilnamalaryny göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda taslamalar amala aşyrylanda, öňdebaryjy tejribäniňdir tehnologiýalaryň ulanylmagy, desgalaryň ýokary hil ölçeglerine, ekologik talaplara laýyk gelmegi möhüm şert bolup durýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin siziň bu ugurdaky anyk teklipleriňize seretmäge taýýardyrys diýip, Milli Liderimiz aýtdy we “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Öz nobatynda, işewürler wekilçilik edýän kompaniýasynyň ýurdumyz bilen uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlyk edýändigini nygtap, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändigini hem-de türkmen hyzmatdaşlaryna öz tejribesini, iň täze tehnologik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardygyny bellediler. Işewürligi ilerletmek üçin türkmen bazarynda has oňaýly şertler döredildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow işewürlere türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşýan şahsy goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

27.06.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wan bilen duşuşdy.

Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, şanly wakanyň — okgunly ösýän Türkmenistanyň özboluşly nyşanyna öwrülen “akylly” şäheriň açylmagynyň bir ýyllygynyň baýram edilmeginiň öňüsyrasynda ýurdumyza gelip görmäge örän şatdygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, bu saparyň hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda dünýäniň ösen döwletleriniň biri bolan Koreýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Köp ýyllardan bäri iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni, parlamentara we beýleki wajyp ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Umumy pikire görä, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň golaýda Türkmenistana amala aşyran döwlet sapary döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy. Şol saparyň çäklerinde möhüm ylalaşyklar gazanyldy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen resminamalaryň ençemesine gol çekildi.

Türkmenistan milli ykdysadyýeti düýpli döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler strategiýasyny durmuşa geçirip, öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalary hem-de daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini ornaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Koreý Lideriniň saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen Türkmen-koreý işewürlik maslahatynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşylandygy hem tötänden däldir.

Foruma gatnaşanlar köpýyllyk gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirip, bilelikdäki işiň geljegi uly ugurlarynyň birnäçesini kesgitlediler. Şolaryň hatarynda nebit we gazhimiýa, energetika ulgamlary, ulag-kommunikasiýa toplumy, logistika, gämigurluşyk, senagat, gurluşyk we infrastruktura, oba hojalygy, innowasion, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlar bar. Bu pudaklar bilen bir hatarda, koreý kompaniýalary Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň gurluşygyna, giň gerimli “Aşgabat-siti” taslamasyny durmuşa geçirmäge, milli we sebit ähmiýetli beýleki möhüm taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga aýratyn gyzyklanma bildirýärler.

Mälim bolşy ýaly, ikitaraplaýyn ykdysady mümkinçilikleri ulanmakda Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň uly goşandy bar. Iki ýurduň durmuşa geçiren we meýilleşdirýän bilelikdäki taslamalary, iri koreý kompaniýalarynyň ýurdumyzyň dürli ulgamlaryndaky, ilkinji nobatda, nebitgaz hem-de himiýa senagatyndaky netijeli işleri munuň aýdyň mysalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ösüş maksatnamalaryny, senagat özgertmelerini, işewürlik üçin döredilýän oňyn şertleri göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Şunda ýurdumyzda täze gurulýan desgalaryň netijeliligine, ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýändigi nygtaldy. Şeýle-de ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga, daşary ýurt maýasynyň çekilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

27.06.2024

Türkmenistanyň Prezidenti “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wany kabul etdi.

Işewür myhmansöýerlik hem-de möhüm meseleleri we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň mähirli salamyny ýetirdi. Myhman Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän duşuşyga örän şatdygyny aýtdy. Bu şäher Garaşsyz Türkmenistanyň rowaçlygynyň hem-de kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Günorta Koreýanyň meşhur kompaniýasynyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary özara hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürmegiň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň şu aýda Türkmenistana bolan döwlet saparynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Saparyň netijeleri boýunça geljekki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Gazhimiýa senagaty, ulag, ýokary tehnologiýalar, maýa goýum ulgamlary we beýlekiler möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunda bar bolan kuwwaty hem-de mümkinçilikleri nazara almak bilen, tagallalary birleşdirmek zerur hasaplanýar. Türkmen şäherleriniň täze keşbini kemala getirmek, Günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna we “Aşgabat-siti” taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy babatda uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Parlamentara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi hem guwandyryjydyr. Däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Munuň özi iki dostlukly halkyň has-da ýakynlaşmagyna, özara düşünişmegine ýardam edýär.

Koreý kompaniýalary türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly goşant goşýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we olaryň ýurdumyzyň gaz, himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyryp, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, iri önümçilik taslamalaryny amala aşyrmak boýunça döwlet maksatnamalary hereket edýär. Şolarda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda anyk wezipeler kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, türkmen tarapynyň Türkmenistanda himiýa senagatyny ösdürmekde, hususan-da, fosfor, ammiak, karbamid dökünlerini öndürmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça koreýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny belledi.

Myhman ygtybarly işewür hyzmatdaş hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi, bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagy üçin berk binýadyň döredilendigine ünsi çekip, durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan, ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge gowy mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna berk jan saglyk, abadançylyk, işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

27.06.2024

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar!
Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban Watanymyzda dabaraly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan tanalmaz derejede özgerýär. Eziz Diýarymyz beýik özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr. Medeniýet ulgamynyň ösüşleri jemgyýetiň bitewüligini, milletiň ruhy galkynyşyny üpjün edýär. Şoňa görä-de, berkarar döwletimizde milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmek, medeniýet we sungat işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, sanly ulgamy ornaşdyrmaga, täze medeni maksatly desgalary gurmaga döwletimiz tarapyndan iri möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär.

Welaýatlarymyzda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde gurlup ulanmaga berilýän medeni aň-bilim edaralary, kitaphanalar, muzeýler, teatrlar, sirkler, medeniýet öýleri bagtyýar raýatlarymyzyň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün etmekde, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.

Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

Häzirki döwürde türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, raýatlary il-ýurt bähbitli işlere ruhlandyrmak maksady bilen, dürli festiwallar, konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanda we dünýä döwletlerinde üstünlikli geçirilýän Medeniýet günleri dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ýardam berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen guralmagy asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň beýik ösüşlerini, medeni-ruhy kuwwatyny açyp görkezýän, medeniýetiň we sungatyň has-da rowaçlanýan şäheridir.

Garaşsyz ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly toý-dabaralara beslenýär. Baýramçylygyň şanyna geçirilýän köpöwüşginli çäreler watandaşlarymyzyň kalbynda egsilmez şatlyk we buýsanç duýgularyny döredýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny hem bagtyýar halkymyz agzybirlikde, abadançylykda, bir supranyň başynda jem bolup, giňden belleýär. Dana Pyragynyň döwlet berkararlygy, il agzybirligi baradaky nurana arzuwlary täze taryhy döwürde, hormatly Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi, pähim-paýhasy netijesinde hasyl boldy. Bu gün biz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajaýyp zamanasynda ýaşaýarys, ýurdumyzyň dünýädäki belent at-abraýyna, şan-şöhratyna guwanýarys.

Eziz watandaşlar!
Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynda şeýle belleýär:

Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,
Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne.
Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna,
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, bu gün Magtymguly Pyragy Köpetdagyň etegindäki belentlikde örboýuna galyp, berkarar döwletimize, bagtyýar halkymyza buýsançly nazary bilen seredýär. Akyldar şahyryň belent başly ýadygärliginde şekillendirilen nurana keşbindäki buýsanç türkmen döwletiniň baky berkararlygyna bolan beýik ynamdyr.

Mähriban türkmen halkym!
Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Sizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan döredijilikli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

27.06.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi. 

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Türkiýede ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gatnaşyklar bilelikdäki tagallalar arkaly ýyldan-ýyla anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, doganlyk döwletiň Liderine mähirli salamyny beýan etdi hem-de Türkiýe Respublikasy bilen strategik, uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň gün tertibinde hemişe ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň milli goranmak ministriniň Aşgabada iş saparynyň ähmiýetine ünsi çekip, geçiriljek gepleşikleriň we duşuşyklaryň bu ulgamda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hem-de Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan köpasyrlyk dost-doganlygyň häzirki döwürde döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin berk binýat bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, Hökümet wekiliýetleriniň ýygy-ýygydan amala aşyrýan özara saparlary, ýurtlarymyzyň pudaklaýyn edaralarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän maslahatlaşmalardyr gepleşikler türkmen-türk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.

Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy biziň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar hem-de daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, özara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Goranmak we harby ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi aýratyn bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtady. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin ähli şertler döredilýär.

Türkmen Watan goragçylary hünärlerini kämilleşdirmek we harby işiň öňdebaryjy usullaryny öwrenmek boýunça Türkiýe Respublikasynda geçirilýän okuwlara gatnaşýarlar. Şeýle hem milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamynda yzygiderli ýagdaýda tejribe alşylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz we myhman bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri iki doganlyk ýurduň we sebitiň abadançylygynyň, parahatçylygynyň bähbidine däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

***

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki doganlyk ýurduň arasynda goranmak ulgamynda alnyp barylýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, hususan-da, sanly tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň ýörelgelerine üýtgewsiz eýerýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasy bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

26.06.2024
1 ... 11 12 13 14 15 ... 40