Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Mejlisinde Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň Konsullyk, parlament we eýranlylaryň işleri boýunça orunbasary Wahid Jalalzade bilen duşuşyk geçirildi

 

2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň Konsullyk, parlament we eýranlylaryň işleri boýunça orunbasary Wahid Jalalzade bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda  syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, söwda we beýleki ugurlar boýunça köp taraplaýyn häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak hem-de geljekde berkitmek barada pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem dünýä we sebit derejesinde parahatçylyk, durnukly ösüş, hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlaryna ýokary baha berildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary duşuşygyň dowamynda iki ýurduň Parlamentleriniň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň berkidilmeginiň we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alşylmagynyň, ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işjeňliginiň artdyrylmagynyň, ugurdaş komitetleriň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň tarapdarydygyny belledi.

28.02.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima bilen duşuşygy geçirildi

 

2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we köpýyllyk tejribäniň ähmiýetini nygtadylar.

D.Gulmanowa Türkmenistan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň BMG-niň düzüm birlikleri we beýleki abraýly halkara guramalar bilen parlament işini, milli kanunçylygy kämilleşdirmek we bilelikdäki maksatnamalaýyn taslamalary durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy hem-de parlamentara gatnaşyklaryň kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga, şeýle hem dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge bolan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmaga ýardam edýändigini nygtady. 

Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatyny hem-de onuň çäklerinde Parlament forumyny ýokary derejede geçirmek üçin alnyp barylýan guramaçylyk we taýýarlyk işleri barada pikir alşyldy. Şeýle hem bu Forumyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin hereketleriň Maksatnamasyny amala aşyrmakda we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmekde öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de bu ugurda tejribe alyşmaga möhüm ädim boljakdygy bellenildi. 

Taraplar ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini bellemek bilen, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilen 2025-nji ýylda bilelikde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. 

28.02.2025

Türkmenistanyň Prezidenti «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawidi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ähli ulgamlarda, şol sanda halkara giňişlikde gazanýan üstünlikleriniň ähmiýetini belledi. Şeýle hem ol ak mermerli Aşgabadyň gözel keşbiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistany dünýäde giňden tanatmak boýunça dürli ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we halkara media agentlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunda Ýewropanyň öňdebaryjy media düzümi bolan «Euronews» telekompaniýasy bilen ençeme ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň medeni we taryhy mirasyny dünýä tanatmak, syýahatçylygy ösdürmek ýaly ugurlarda «Euronews» bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada aýratyn belläp geçdi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň baý milli medeni mirasy we taryhy ýadygärlikleri bar. Türkmenistan dünýäniň iň gadymy medeni merkezleriniň biri bolup, häzirki wagtda syýahatçylyk üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyz diňe bir taryhy ýadygärliklere däl, eýsem, tebigy gözelliklere hem baýdyr. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, Köpetdagyň dag etekleri, Garagum sährasy syýahatçylyk babatda uly artykmaçlyklara eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Euronews» telekompaniýasynyň ýörite gepleşiklerinde Türkmenistan barada degişli wideofilmleriň görkezilýändigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şeýle hem şu ýyl biz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny giňden belläp geçeris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Pedro Wargas Dawidi 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çagyrdy hem-de onuň halkara foruma gatnaşmagynyň çäräniň üstünlikli geçmegine uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ozal ýerine ýetirilen we geljekde göz öňünde tutulýan taslamalar barada-da pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde-de «Euronews» telekompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, Pedro Wargas Dawide jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

27.02.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistana ilkinji gezek gelýändigini we munuň özi üçin buýsançly wakadygyny belledi.

Milli Liderimiz Pedro Wargas Dawidi myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Türkmenistanda «Euronews» telekompaniýasy ýaly abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda öňdebaryjy tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanyp, depginli ösýän habar beriş ulgamynyň giň köpçülige ýetirýän täsirini belläp, millionlarça tomaşaçysy bolan «Euronews» telekompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjiligi, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, ynanyşmagy ündeýän başlangyçlaryny dünýä ýaýmak ugrunda işleri mundan beýläk-de ilerletmäge ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi aýratyn nygtaldy. «Euronews»-iň habarçylarynyň 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyny, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, şol ýyl ýurdumyzda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisini, 2018-nji ýylda «Amul — Hazar» halkara awtorallisini, 2019-njy ýylda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyny beýan etmäge gatnaşmagy muňa aýdyň mysaldyr.

Şu ýyl biz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny belleýäris. Geçen döwrüň içinde sebit we dünýä ähmiýetli örän köp işler edildi. Olar häzirki wagtda-da üstünlikli amala aşyrylýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletlerini, halkara guramalary parahatçylygy, dostlugy, özara hormat goýmagy, ynanyşmagy pugtalandyrmak ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýandygyny nygtady. Milli Liderimiz bu maksatlary giň köpçülige ýetirmek işiniň «Euronews» ýaly meşhur, ygtybarly we iri köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň goldawy bilen mümkin boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Pedro Wargas Dawid ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini, bilelikde köp işleri amala aşyryp boljakdygyny we häzirki wagtda bu ugurda netijeli başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugry, dürli ulgamlarda ýetýän belent sepgitleri, baý medeni mirasy, gözel tebigaty dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. Ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, ykdysadyýet, medeni-ynsanperwer, syýahatçylyk ugurlarynda bar bolan mümkinçiliklerini giňden ýaýmak boýunça meşhur köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda «Euronews» telekompaniýasyna möhüm orun degişlidir. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bu düzümiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk üstünlikli durmuşa geçirildi. Ýurdumyz barada ykdysady, medeni-ynsanperwer häsiýetli wideoşekiller ýylyň dowamynda «Euronews» teleýaýlymynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, bu işleri geljekde-de dowam etdirmegiň wajypdygy, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany hödürledi. Bu resminama 86 döwletiň goldamagynda biragyzdan kabul edildi. Gahryman Arkadagymyz munuň örän möhüm ädim bolandygyny aýtdy.

Pedro Wargas Dawid Ýer ýüzünde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýan Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygyny, munuň bolsa ýurduň döwlet Baştutanynyň alyp barýan çuňňur oýlanyşykly strategiýasynyň aýdyň netijesidigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda şu ýylyň şygaryna laýyklykda, milli we halkara derejede dürli syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunda dünýä Liderleriniň gatnaşmagynda guraljak halkara forum esasy çäreleriň biri bolar. Bu forumy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda ýokary derejede geçirmek göz öňünde tutulýar. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň bu ugurda meýilleşdirýän işleriniň Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda anyk beýan edilendigini, Konsepsiýa giň köpçülige elýeterli bolar ýaly, onuň metbugatda hem çap edilendigini aýtdy. Milli Liderimiz bu resminamada maglumat we habar beriş işine aýratyn üns çekilýändigini belledi we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan dürli çäreleri, dialog meýdançalaryny «Euronews» bilen hem guramagy teklip etdi.

Şunda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak has-da ýerlikli bolar. «Euronews» telekompaniýasynyň dürli torlarynda köp sanly ulanyjylary bolan sahypalary bar. Agzalan Konsepsiýada parahatçylygyň we ynanyşmagyň ynsanperwer däplerini wagyz etmek işine ýaşlaryň ählumumy çekilmegini gazanmakda jemgyýetçilik torlarynyň uly mümkinçilikleri göz öňünde tutulandyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we ýurdumyzda ýaş žurnalistleriň, bu ugurda okaýan talyplaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýändigini belledi. Şoňa görä, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň bu ugurda «Euronews» bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça tekliplere garamaga taýýardygyny tassyklady.

«Euronews» telekompaniýasynyň ýolbaşçysy BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy bolan Türkmenistanyň bu iri halkara gurama bilen dialogy yzygiderli ösdürýändigini, ýurdumyzyň başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygyny nygtady we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, Pedro Wargas Dawid «Euronews»-iň ýörite akademiýasynyň bardygyny belläp, bu ugurda türkmen žurnalistleri bilen özara tejribe alyşmaga, tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň baý medeniýeti, taryhy, syýahatçylyk üçin döredýän mümkinçilikleri baradaky maglumatlary giň köpçülige has täsirli ýetirmek ugrunda täze taslamalara we mümkinçiliklere seretmäge taýýardygyny tassyklady.

«Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy behişdi ahalteke bedewleriniň özünde uly täsir galdyrandygyny hem-de bu meşhur atlaryň hakyky muşdagy bolan Milli Liderimiziň şeýle özboluşly bedewleriň tohum arassalygyny gorap saklamaga, geljek nesillere ýetirmäge ägirt uly goşandynyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem ol Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görendigini, türkmen halkynyň döreden bu ajaýyp sungatyny, däp-dessurlaryny metbugatda giňden wagyz etmegiň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawide alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.

27.02.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Halkara Zähmet Guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, bu guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin Býurosynyň direktory hanym Beate Andres bilen duşuşygy

 

2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Halkara Zähmet Guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, bu guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin Býurosynyň direktory Beata Andres bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlaryň ähmiýeti barada pikir alşyldy. 

Taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň arasyndaky  köptaraplaýyn häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň, geljekde Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn gatnaşyklarda işjeňleşdirmegiň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen birlikde geçen ýylda tassyklanylan Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin ýol kartasynyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň ähmiýetine üns berildi. Şonda milli kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmekde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen, 2024-nji ýylda «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigi bellenildi.

Bulardan başga-da, Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmak arkaly şertnama-hukuk binýady berkitmek, tejribe alyşmak, durmuş ulgamy boýunça hyzmatdaşlar bilen yzygiderli duşuşyklary, gepleşikleri guramak barada pikir alşyldy we gurama tarapyndan geçirilýän çärelere gatnaşmagyň, alnyp barylýan işleriň   has-da netijeli bolmagynda tagallalary birleşdirmegiň möhümdigi bellenildi. 

Taraplar her bir döwletde adam hukuklarynyň üpjün edilmeginde, şeýle hem adam hukuklary babatda borçnamalaryň we ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmeginde halkara guramalar bilen alnyp barylýan ýakyn hyzmatdaşlyga uly ornuň degişlidigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu ugurda «Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy», «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy» we «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy» esasynda işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi. 

Duşuşygyň çäklerinde Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri türkmen tarapynyň bu ugurdaky işleriniň netijelerine ýokary baha berip,  ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlyga bolan garaýyşlaryny mälim etdiler.

27.02.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

 

2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk toparynyň başlygy hanym Juzi Prinçiniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. 

Mejlisiň Başlygy myhmanlary Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzda gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy hem-de Türkmenistan bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda geçirilen sekizinji mejlisiň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belläp, onuň geljekde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy hem-de türkmen tarapy Ýewropa döwletleriniň bu teklibi goldandygy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.   

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl üçin meýilleşdirilen we geçirilýän çäreleri nazara almak bilen, Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran häzirki saparynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. 

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belläp, şertnama-hukuk binýadyny berkitmekde, özara tejribe alyşmagy giňeltmekde, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde, ony hil taýdan täze derejä çykarmakda ikitaraplaýyn parlamentara duşuşyklaryň, okuw maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdiler.

27.02.2025

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILLERI TÜRKMEN-KATAR PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDYLAR

 

Katar Döwletine iş saparyny amala aşyrýan türkmen wekiliýeti  saparyň dowamynda türkmen-katar parlamentara dostluk toparynyň birinji mejlisine gatnaşdylar. 

Duşuşykda türkmen tarapy Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Parlamentiň düzümi hem-de ýurdumyzda gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-katar parlamentara dostluk toparynyň köpugurly türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolýandygy nygtaldy.

Şeýle hem parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen, parlamentara dostluk toparynyň işiniň ilerledilmeginiň geljekde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň ýol açmaga itergi berjekdigi bellenildi. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak işini dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. 

 

 

26.02.2025

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILLERINIŇ KATAR DÖWLETINIŇ ŞURA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

 

2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Katar döwletiniň Şura Geňeşiniň Başlygy Hasan bin Abdullah Al Ganim bilen duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlary, şeýle hem Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdylar. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri bilen Şura Geňeşiniň ýolbaşçysy, onuň orunbasary, şeýle hem Katar-Aziýa ýurtlary boýunça parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy we onuň agzalarynyň arasynda geçirilen söhbetdeşlikde iki dostlukly ýurtlaryň arasynda ýola goýlan parlament diplomatiýasyny mundan beýläk-de ilerletmek meselelerine garaldy. 

Duşuşygyň dowamynda Katar döwletiniň Şura Geňeşiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň we Katar döwletleriniň sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmek ugrunda ýokary tagallalaryň edilýändigini, bu babatda iki döwletleriň syýasy, diplomatik garaýyşlarynyň örän ýakyndygyny belläp geçdi. Şeýle-de parahatçylyga ygrarly başlangyçlar babatda bilelikdäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Şeýle hem Türkmen tarapy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine Şura Geňeşiniň ýolbaşçylaryny we agzalaryny gatnaşmaga çagyrdy.

 

26.02.2025

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILLERINIŇ KATAR DÖWLETINIŇ DOHA ŞÄHERINE IŞ SAPARY

 

2025-nji ýylyň 25-26-njy fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri türkmen-katar parlamentara dostluk toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin bu ýurduň paýtagty Doha şäherine iş saparyny amala aşyrýarlar.     

Iş saparynyň birinji gününde türkmen wekiliýetiniň hem-de Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisiniň gatnaşmagynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň merkezinde «Al Shark» gazetiniň baş redaktory Jaber Salem Al-Harmi bilen duşuşyk geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde, iki ýurdyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi, şol sanda parlament ugry boýunça netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleriň döredilýändigi bellenildi. 

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli  Parlamentiň düzümi  hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady  özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. 

Duşuşykda gatnaşyjylar Türkmenistanyň sebitde we dünýäde  parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň binýadyny berkitmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetini, Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň  başlangyçlaryny goldaýandyklaryny hem nygtadylar. 

Türkmen-katar döwletara we parlamentara gatnaşyklary barada şol ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde degişli maglumatlaryň berilmegi hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine oňyn täsir  edýär. 

 

25.02.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy boldy

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy boldy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy duşuşygyň barşynda Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň dostlukly salamlaryny we Türk halkyna  iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi şeýle hem Aşgabat şäherinde ýokary derejede Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäresine – halkara forumyna gatnaşmak üçin iberen çakylygyny gowşurdy. 

Türkmen tarapy türkmen we türk halklarynyň gadymyýetden gelýän  taryhy kökler, medeni we ruhy umumylyklar baglanyşdyryp, häzirki wagtda özara hormat goýmaga, ynanyşmaga we deňhukuklylyga esaslanýan bu gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. 

Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly orun degişlidigi bellenildi. Bu gatnaşyklar bolsa halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaga, döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga ýardam berýändigi barada nygtaldy. 

25.02.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuşyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşygy

 

Türkiýe Respublikasyna iş saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa we Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşdy.   

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde toplanan oňyn tejribä hem-de iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly orun degişlidigini beýan etdiler.  

Duşuşygyň dowamynda taraplar geçirilen duşuşyklaryň netijelerine ýokary baha bermek bilen, ähli ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga taýýardyklaryny bellediler. 

Şeýle hem iki döwletiň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini hem-de parlamentler derejesinde  yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň we maslahatlaryň ähmiýetini nygtadylar.

25.02.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş bilen duşuşygy geçirildi

 

Türkiýe Respublikasyna iş saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş bilen ikiçäk we giňişleýin düzümdäki duşuşyklary geçirildi.

Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy hem-de Türkiýe Respublikasynyň bu teklibi goldandygy üçin türkmen tarapy hoşallyk sözlerini aýtdy.  

D.Gulmanowa saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Türkiýe bilen parlamentara gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ýardam berjek Parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň hem-de parlamentler derejesinde duşuşyklaryň we maslahatlaryň geçirilmegine gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň ähmiýeti bellenilip geçildi. 

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.

25.02.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň aramgähine gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar

 

2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti meýilnama laýyklykda guralan medeni çäreleriň çäginde Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň ilkinji binasyna we muzeýine, Ankara galasyna, Ankara şäherindäki «Hamamönü» atly gadymy şäherçä aýlanyp gördüler.  Şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň hormatyna «Anytkabyr» aramgähine gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar. 

 

25.02.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Parlamentara Dialogynyň 8-nji mejlisi geçirildi

 

2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Parlamentara Dialogynyň 8-nji mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Ýewropa Parlamentiniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň  «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» we «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen birlikde myhmanlar Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzda adam hukuklaryny üpjün etmek, gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň başlygy Juzi Prinçi we wekiliýet agzalary öz gezeginde Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna daýanyp hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen ýola goýan hyzmatdaşlygyna, adam hukuklaryna hormat goýmak, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ekologiýa, daşky gurşawyň goralmagyny üpjün etmek, energetika howpsuzlyny, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berýändiklerini beýan etdiler. 

Taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmekde, şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmakda, özara tejribe alyşmagy giňeltmekde, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde we hil taýdan täze derejä çykarmakda ikitaraplaýyn parlamentara duşuşyklaryň, geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýetli boljakdygyny bellediler.

Duşuşykda demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň, şol sanda belent ynsanperwerlik taglymlaryny hem-de gymmatlyklaryny berkarar etmek meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş edýändigi aýratyn nygtaldy. 

Türkmen tarapy «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşiginiň» bilelikdäki komitetiniň we «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşiginiň» Parlamentara Dialogynyň alyp barýan işiniň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýändigini belledi. Şeýle hem ýurtda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasyny» we «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasyny» durmuşa geçirmegiň möhüm ähmiýetini belläp geçdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda soňky wagtda gazanylan ylalaşyklaryň, dürli ulgamlarynda durmuşa geçirilýän işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin döwrebap binýady kemala getirmäge ýardam edýän parlament wekilleriniň duşuşyklaryny hem-de okuw maslahatlaryny yzygiderli geçirmegiň ähmiýetini bellediler.

25.02.2025

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak hem-de şu ýyl gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, tekizleýiş, geriş çekmek işleri alnyp barylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak, talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, gowaça ekişine taýýarlyk görmek işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belläp, häkime bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri geçirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary, pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak, olaryň ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Gowaça ekişine taýýarlyk işleri, hususan-da, meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, sebitde bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bugdaýa ideg işleriniň, ýazky ekişe taýýarlyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny toplumlaýyn esasda ösdürmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirmäge toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, welaýatda bu babatda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk işleriniň çäklerinde ekerançylyk meýdanlarynda tekizleýiş, geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki kadalaryň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagyň esasy şertidigini belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly ideg işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş, geriş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamak, olary ekiş möwsümine çenli talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, sebitlerde ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini geçirmek boýunça degişli işler dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmagyň ekinlerden ýokary hasyl almak bilen birlikde, ýer, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga hem ýardam berýändigini belledi we wise-premýere bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekişine taýýarlyk işlerine ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş, çil, geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmek, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we ýerleri talabalaýyk taýýarlap, ekişiň depginini has-da güýçlendirmek, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek babatda degişli görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýylda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

24.02.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy

 

2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleri, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary halkara jemgyýetçiligine ýetirmek, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherine iş sapary başlandy. 

24.02.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen we milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylan künjegi bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we şäheriň aragatnaşyk düzüminiň döwrebap derejede kämilleşdirilmegine ak patasyny berdi.

Milli Liderimiziň başlangyjyndan we yzygiderli tagallasyndan binýat bolan täze şäher ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşyk senagatynda amala aşyrylýan işler hem häzirki döwrüň talabyna doly laýyk gelýär.

Gahryman Arkadagymyz ir bilen täze şähere geldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işler we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, seýilgäh zolaklarynda oturdyljak oturgyçlaryň we beýleki serişdeleriň görnüşleri barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähde oturdyljak oturgyçlaryň görnüşlerini synlap, olaryň oňaýlylyk babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi hem-de seýilgäh merkeziniň çäginde ýerleşdiriljek desgalaryň, ekiljek baglaryň, suw çüwdürimleriniň bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini, seýilgähiň çagalar üçin ýakymly ýatlamalary bagyşlajak keşbe eýe bolmalydygyny aýtdy. Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary, olaryň bezeg işlerine degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz görkezilýän şekil taslamalaryny, aýratyn-da, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň daşky germewinde oturdyljak mermerleriň görnüşlerini synlady hem-de olaryň bezeg babatda bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşmalydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz “Ak han” şaýolundan “Taýçanak” aýlawly çatrygyna çenli aralykda ýol ýakalaryna ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Şunda bu künjekde ekiljek baglaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň, ýol ugrunda ýerleşdiriljek duralgalaryň täzeçil tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigi bellenildi.

Täze şäheriň çäginde dörediljek medeni-dynç alyş merkeziniň ähli çäklerinde desgalaryň bina edilmegine milli ýörelgelere laýyklykda çemeleşilmelidir. Şunda merkeziň daşky we içki bezeg işlerine, onuň çägindäki baglaryň görnüşlerine, merkeziň suw akabasynyň gurluşyna degişli işleriň döwrüň talaplaryna laýyk ýola goýulmagyna zerur üns berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde merkeziň çäginde türkmen milli oýunlaryny guramak üçin ýörite ýerleriň bölünip berilmelidigi, ol ýerlerde aşyk, çilik, düzzüm, aýterek-günterek ýaly milli oýunlary guramak üçin zerur şertleriň döredilmelidigi nygtaldy. Halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden bu oýunlary ýaş nesilleriň aňyny, olaryň agzybirlik baradaky düşünjelerini ösdürmekde terbiýeçilik ähmiýetine eýedir. Şunuň bilen baglylykda, binalaryň we desgalaryň uzak möhletleýinlik talaplaryna, ýokary hil derejesine laýyk gelmegi, olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegi, häzirki zaman talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagy wajypdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

D.Orazow häzirki döwürde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemek, gurluşyk işlerine guramaçylykly girişmek boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde lukmançylyk klasterine degişli önümçilik toplumlarynyň gurluşyklarynyň ýagdaýy hakynda giňişleýin maglumat berildi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz önümçilik maksatly binalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda ýerli çig mal serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna, gurluşyklarda häzirki zamanyň ösen tejribesine esaslanylmagyna zerur ähmiýet berilmelidir. Gurluşyga degişli hiç bir ugur ünsden düşürilmeli däldir. Şoňa görä, Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşygy, olaryň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, bu ýerde milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän şanly seneleri mynasyp garşylamak we olaryň hormatyna medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada-da hasabat berdi. Häkim Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna baýramçylyk sowgady hökmünde pul sowgatlaryny gowşurmak hakynda degişli resminama gol çekendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza täze şäheriň ähli gelin-gyzlarynyň adyndan hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol bu şanly sene mynasybetli köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşuryljakdygyny aýtdy. G.Mämmedowa hasabatyň çäklerinde şäheriň ýaşaýjylaryndan we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden gelip gowşan köp sanly haýyşlary nazara alyp, “Polatly” binasyndan “Taýçanak” halkalaýyn aýlawly çatrygyna çenli aralyga uzaýan ýoly ussat seýis Aba Annaýew şaýoly diýip atlandyrmak baradaky teklibi beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz “akylly” şäherde baýramçylyk dabaralarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ýaýbaňlandyrylmalydygyny belledi. Guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ýeten sepgitleri öz beýanyny tapmalydyr. Milli Liderimiz şäheriň “Polatly” binasyndan “Taýçanak” binasyna çenli bolan aralykdaky ýoluň hem-de “Taýçanak” binasynyň açylyş dabaralaryna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini, bu ýola Aba Annaýewiň adyny dakmak baradaky teklibiň Halk Maslahatynyň garamagyna hödürlenmelidigini aýtdy.

Soňra Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirligine geldi. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew müdirligiň işine häzirki zamanyň sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Ilki bilen, Arkadag şäheriniň demir ýol we awtomobil menzilleriniň şekil taslamalary görkezildi. Bellenilişi ýaly, demir ýol menzili häzirki zamanyň talaplaryna, dünýäniň ösen tejribelerine esaslanyp bina ediler. Şunda toplumyň ähli ulgamyny dolandyrmak, onuň işine gözegçilik etmek täzeçil tehnologiýalar esasynda amala aşyrylar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň täze awtomobil menziliniň binalarynyň gurluşygy, onuň daşky we içki bezeg işleri häzirki zaman binagärlik talaplaryna laýyklykda alnyp barlar. Şol bir wagtyň özünde toplumyň merkezi binasynyň özboluşly görnüşe eýe bolmagyna, onuň bezeg aýratynlyklaryna, ýolagçylar üçin amatly şertleriň döredilmegine zerur üns berler.

Hasabatyň çäklerinde Arkadag şäheriniň demir ýol we awtomobil menzillerinde oturdyljak Gün panelleri barada aýdyldy. Gün panelleri Aziýanyň ösüş bankynyň grant serişdeleriniň hasabyna gurlar. Täze tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hünärmenleri bilen bilelikde alnyp barlar. Bellenilişi ýaly, Gün panelleri menzilleriň dolandyryş düzümlerini we yşyklandyryş ulgamyny zerur bolan elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün eder.

Hormatly Arkadagymyz binalaryň gurluşygynda, olaryň bezeg işlerinde häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmalydygyny nygtady. Şunda gurluşygyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine, gurluşyk serişdeleriniň berkligine, uzak möhletleýinligine möhüm ähmiýet berilmelidir. Binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, olarda ekologik talaplaryň berk berjaý edilmegi wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendir. Milli Liderimiz binalarda oturdyljak Gün panelleriniň derejesine, olaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegine we ýokary kuwwatlylyga eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigine, şunda ylmyň gazananlarynyň, dünýäniň ösen tejribesiniň esasy ugur edinilmelidigine ünsi çekdi. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, ulag-aragatnaşyk pudagynda-da döwür bilen aýakdaş bolmak häzirki zamanyň derwaýys talabydyr.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Gahryman Arkadagymyzdan Arkadag şäherinde synag görnüşinde gurnalan 4G+ ýokary tizlikli internet ulgamyny işe goýbermäge ak pata bermegini haýyş etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 4G+ internet tehnologiýasynyň işine ak pata berdi. Şeýle hem bu ýerde Gahryman Arkadagymyza ilkinji gezek Arkadag şäherinde ornaşdyryljak 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklary, onuň gurşap alýan çägi we bu tehnologiýanyň degişli düzümlerdir pudaklar üçin ähmiýeti barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwrebap 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrenip, ony “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň düzümleriniň işine ornaşdyrmak boýunça beren tabşyrygyna laýyklykda, bu tehnologiýany Arkadag şäherinde işe goýbermäge taýýarlyk görlendigi aýdyldy.

Häzirki wagtda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan degişli işler geçirildi. Şunda 5G tehnologiýasyny bu ýerde synag görnüşinde goýbermek üçin Hytaý Halk Respublikasynyň “Huawei” kompaniýasyndan birnäçe binýatly aragatnaşyk bekediniň gelip gowşandygy habar berildi. 5G tehnologiýasynyň maglumat geçirijiligi ýokary bolup, ol ygtybarly we durnukly birikmeleri üpjün edýär. Bu innowasion tehnologiýada bir inedördül kilometr meýdançada ýüz müňlerçe enjamy birikdirip, sazlaşykly işletmek mümkinçiligi bar. Şeýle-de hasabatyň dowamynda täze şäheriň “akylly” şäher we “akylly” öý ulgamlarynyň, önümçilik toplumlarynyň, saglygy goraýyş, bilim, senagat we oba hojalyk pudaklarynyň işini sanly ulgam arkaly dolandyrmakda 5G tehnologiýasynyň mümkinçilikleriniň artykmaçlyklaryna üns çekildi. Arkadag şäherinde degişli ýokary tizlikli internet ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen, onuň ähli künjegini 5G tehnologiýasy gurşap alar. Bu bolsa dürli ugurlar boýunça amala aşyrylýan işleriň sazlaşykly we dürs ýerine ýetirilmegini şertlendirer.

5G tehnologiýasynyň «TürkmenÄlem 52oE» emeli aragatnaşyk hemrasynyň mümkinçilikleri esasynda işlemegi ýygylyk zolagynyň işiniň degişli derejede alnyp barylmagyny üpjün eder. Bellenilişi ýaly, bu ýerde ýakyn wagtda 5G tehnologiýasynyň işi ýola goýlar. Şoňa görä, Gahryman Arkadagymyz bu babatda öz maslahatlaryny we degişli tabşyryklary berdi.

Soňra “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň 5G tehnologiýasynyň işini dolulygyna beýan edýän wideofilm görkezildi. Onda täze tehnologiýanyň aýratynlyklary, onuň gözegçilik, gorag we dolandyryş ulgamlarynyň işi, bu tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän pudaklaryň mümkinçilikleri degişli görnüşler arkaly beýan edildi.

Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginiň düzümlerinde ornaşdyrylýan täze tehnologiýalaryň ähli ugurlar boýunça ähmiýetli bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, bu işleri häzirki zamanyň talabyna laýyk derejede ýola goýmak, degişli hünärmenleri taýýarlamak meseleleriniň üstünlikli çözülmeginiň zerurdygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

22.02.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirdi we BAE-de doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany mähirli mübärekläp, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de dostlukly döwletiň ýokary derejeli wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyrýan saparlaryna hemişe ýokary baha berilýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylda ýola goýuldy. Şondan bäri ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ugurlarda yzygiderli ösdürilýär. Ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlar we gepleşikler arkaly syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk has-da pugtalandyrylýar.

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem ilerledilýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda dürli ugurlarda özara söwda dolanyşygynyň möçberiniň artýandygy aýdyldy. Hususan-da, ýurtlarymyz energetika, nebitgaz, ulag, oba hojalyk pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz, energetika, gurluşyk pudaklarynda iri taslamalary durmuşa geçirýär.

Köptaraply hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy we Birleşen Arap Emirlikleriniň halkara giňişlikdäki strategik maksatlary iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjу esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. “Elbetde, munuň özi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çakylyk hatyny gowşurdy hem-de onuň bu foruma gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

21.02.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek, kabul edilýän maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda raýatlaryň hukuklaryny goramak, kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, awtomobil ulagy, ykdysadyýetiň käbir pudaklarynyň işiniň hukuk esaslaryny berkitmek bilen baglanyşykly hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde Gwatemala Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi, şeýle hem Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi hem-de BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň we Şertnamalaýyn edaralaryň işini üpjün etmek boýunça departamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyklar geçirildi. Mejlisiň deputatlary döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda gazanan üstünlikleriniň, tutuş adamzadyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek bilen bagly geçirilýän çärelere gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek işlerini döwrebap alyp barmagyň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, asyrlaryň dowamynda halkymyzyň maşgala gymmatlyklaryny, jemgyýetiň ahlak esaslaryny berkitmekde zenanlara uly orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň zenanlarynyň abadan durmuşda ýaşamaklary, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli zähmet çekmekleri, döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda zenan mertebesi belent tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgadyny bermek boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Diýarymyzda mähriban enelerimize we zenanlarymyza uly hormat goýulýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgadyny bermek hakynda Buýruga gol çekdi hem-de resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz baýramçylygyň şanyna gelin-gyzlarymyza pul sowgadyny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, oňa döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň işini döwrebap guramakda ýokary bilimli, halkara tejribesi bolan hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi we bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizlemek, geriş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak, owlak-guzy, köşek almak möwsümine taýýarlyk görmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, suw howdanlaryna suw toplamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmegi, gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki işleri geçirmegi dowam etdirmegiň, pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak işini talabalaýyk alyp barmagyň möhümdigini belledi. Bugdaý ekilen meýdanlarda hem ideg işlerini dowam etdirmek, maldarçylyk hojalyklarynda ýetip gelýän owlak-guzy almak möwsümine gowy taýýarlyk görmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Wise-premýer oba hojalyk pudagynda täze ylmy-barlag institutlaryny döretmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny, mallaryň, guşlaryň önümliligini ýokarlandyrmak hem-de olaryň tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada-da habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda maldarçylyk we guşçulyk pudagyny ylmy esasda ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz maldarçylyk önümlerini öndürmek, olary gaýtadan işlemek tehnologiýalaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny döretmek hakynda Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak, “Guwlyduz” kärhanasynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konsern tarapyndan dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek üçin häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan önümçilikleri ýola goýmak babatda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak bilen, ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap önümçilikleriň ýola goýulýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kärhanasynyň çig mal binýadynda dürli görnüşli ýokary hilli duzlary öndürýän önümhanalary gurmak boýunça taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew dokma senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, bu kärhanalaryň işini has-da ilerletmek, netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň pagta egirme hem-de nah ýüplük egriji fabrikleriniň käbiriniň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek boýunça degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma senagaty pudagynyň önümçiliginiň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy we dokma kärhanalarynyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, mart aýynyň dowamynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Halkara zenanlar güni we Milli bahar baýramy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş jaý toplumynda, Büzmeýin etrabynda köp gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, mümkinçiligi çäkli we durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de dürli maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar guralar. Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna eýe bolan enelere hormatly adyň nyşanynyň we şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasyny, bu ada mynasyp bolan, sekiz hem-de şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasyny, Mukamlar köşgünde baýramçylyk konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar. 21-22-nji martda ýurdumyzda Milli bahar baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar guralar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere Diýarymyzda bellenilýän baýramçylyklar bilen bagly şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleri giňden beýan etmek üçin zerur işleri alyp barmagy, ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli maksatnamalara laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, ylmy usullary peýdalanyp, amaly taýdan ähmiýetli wezipeleri çözmäge ukyply, döredijilik başlangyçly hünärmenleri taýýarlamak babatda ulgamlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň innowasion-pedagogik tehnologiýalary peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny özleşdirmek, bilim işine ornaşdyrmak, möhüm ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak arkaly okuw işini guramak ýaly başarnyklaryny ösdürmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, bilim işgärleriniň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň hünär synagyny geçirmegiň möhüm wezipeleriň biridigini aýdyp, bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldady hem-de wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça taýýarlanylan teklipler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşary döwletler, halkara ykdysady we maliýe guramalarydyr edaralary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýändigi bellenildi. Bu ugurdaky çäreler bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, hyzmatdaşlygyň maýa goýum, tehnologik, maliýe meselelerine ünsi güýçlendirmäge gönükdirilendir.

Öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, 38 ýurt bilen ikitaraplaýyn esasda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlar döredildi. 2023-2024-nji ýyllarda bu toparlaryň mejlisleriniň 35-si geçirildi. Iş geňeşleriniň mejlisleri, işewürlik we maýa goýum maslahatlary, sergilerdir ýarmarkalar yzygiderli guralýar. Ýurdumyzyň daşary ykdysady işi köptaraplaýyn görnüşde hem yzygiderli alnyp barylýar. Hususan-da, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPECA), Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, Bütindünýä Söwda Guramasy ýaly halkara düzümler bilen bilelikdäki işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem Türkmenistan halkara we sebitleýin maliýe edaralary — Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky hem-de beýlekiler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, gatnaşyklary pugtalandyrýar.

Türkmenistan ösen döwletleriň birnäçesiniň iri banklary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy saklaýar. Bu babatda giň gerimli ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işler amala aşyrylýar. Şoňa görä, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly esaslaryň we mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şundan ugur alyp, Daşary işler ministrligi birnäçe resminamalary işläp taýýarlamagy teklip edýär. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasynyň” taslamasy; “Türkmenistanyň ykdysady ugurdaky halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň” taslamasy, “Türkmenistanyň halkara maliýe institutlary bilen bilelikdäki işi hakynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy bar. Beýan edilenleri nazara almak bilen, bu resminamalary taýýarlamak boýunça pudagara topary döretmek hem-de onuň birinji mejlisini şu ýylyň mart aýynyň ikinji ýarymynda geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatynyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň gerimini yzygiderli giňeltmek boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň”, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” hem-de bu Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu resminamalarda bellenen wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, tapgyrlaýyn işler dowam etdirilýär. Hususan-da, edaralarda, kärhanalarda, guramalarda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we işiň täze usullaryny ornaşdyrmak, onuň işjeňligini artdyrmak, bu ugurda işleýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda zerur işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça kabul edilen degişli Konsepsiýanyň hem-de Maksatnamanyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny göz öňünde tutup, halkara tejribeden ugur alyp hem-de dünýäde sanly tehnologiýalaryň soňky gazananlaryny nazara almak bilen, ýakyn geljek üçin täze resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi we ýurdumyzda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

21.02.2025
1 ... 9 10 11 12 13 ... 58