Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde duşuşyk geçirildi

 

  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy T.Narbaýewanyň duşuşygy geçirildi. 

Duşuşykda iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň yzygiderli tagallalary netijesinde hil taýdan täze derejä çykarylýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň çäklerinde parlamentara hyzmatdaşlygynyň netijeli dowam etdirilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Munuň şeýledigine ýurtlaryň wekiliýetleriniň birek-biregiň ýurdunda geçirilýän halkara ähmiýetli çärelere işjeň gatnaşmaklary, köptaraplaýyn dialoglaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk edilmegi-de aýdyň şaýatlyk edýär. Taraplaryň nygtaýşy ýaly, şeýle çäreleriň we saparlaryň guralmagy parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge, özara tagallalary utgaşdyrmaga, syýasy- diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.

Hazaryň ajaýyp türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky halkara maslahat we onuň çäklerinde geçirilen Parlament forumynyň halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde ähmiýetiniň uly boljakdygy nygtaldy.

04.08.2025

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde duşuşyk geçirildi

 

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan Parlament forumynyň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Morokko Patyşalygynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň orunbasary Ghaýate Mohammadyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda myhman Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we alyp barýan işi hem-de döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän demokratik özgertmeleriniň hukuk binýadyny üpjün etmekde eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki derejesi, parahatçylygy ilerletmek, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek, hoşniýetli hyzmatdaşlygy giňeltmek işlerinde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.

 

04.08.2025

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde duşuşyk geçirildi

 

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy S.Gafarowanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda, myhman ýokary myhmansöýerlik we çäreleriň ýokary guramaçylygy üçin Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa sagbolsunlaryny aýtdy.

S.Gafarowa Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde guralýan çäreleriň ähmiýetine üns çekdi we Parlament forumyň gelejekde degişli ugurlarda parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge oňyn täsir etjekdigini aýtdy. 

Duşuşykda myhman ýakynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň uly ähmiýetini aýratyn nygtady.  Şeýle hem özara bähbitlilik, deňhukuklylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolan parlament dialogynyň yzygiderli ilerledilýändigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

04.08.2025

TÜRKMEN-RUS PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

 

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary K.Kosaçýowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda bu halkara maslahatyň hususan-da, onuň çäklerinde geçirilen parlament forumynyň ähmiýetine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň parlamentara gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda özara bähbitlilik, deňhukuklylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolan parlament dialogynyň yzygiderli ilerledilýändigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn orun berilýändigini bellediler we geljekde bu ugurda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar hem-de hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

04.08.2025

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde guralan Parlament forumynyň jemleýji mejlisi geçirildi

 

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde guralan «Ugry kesgitlemek: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmek» atly Parlament forumynyň jemleýji mejlisi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň alyp barmagynda geçirildi.

D.Gulmanowa jemleýji mejlise gatnaşyjylara Parlament forumynyň işine işjeň gatnaşandyklary üçin sagbolsun aýtdy hem-de bu Forumyň ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde parlament diplomatiýasynyň ornuny ýokarlandyrmakda, şeýle hem parlament hem-de kanunçykaryjylyk işinde özara tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi. 

Häzirki döwürde halklary dostlaşdyrýan, döwletleri ýakynlaşdyrýan we global meseleleriň oňyn çözgüdini tapmaga ýardam edýän toplumlaýyn çäreleriň, maslahatlaryň geçirilmegi uly ähmiýetli we nusga alarlyk işlerdir. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, munuň özi ykdysadyýetleriň we strategik bähbitleriň sazlaşygyna, şeýle hem ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugyň berkemegine, medeniýetleriň ýakynlaşmagyna ýardam edýän gatnaşyklardyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen berkarar bolan, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerine çykýan Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde ählumumy abadançylygyň bähbidine tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýar. Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň arasynda kämil ulag infrastrukturasynyň kemala gelmegine oňyn täsir edýär.

Hazar deňziniň kenaryndaky gözel «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bäş günläp dowam etjek çärelerde hem diňe bir Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin däl, eýsem, umumadamzat ösüşine dahylly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Parlament forumy hem Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň täze maksatnamasyny öňe sürmekde her bir tarapyň intellektual kuwwatyndan, oňyn tejribesinden has netijeli peýdalanmak üçin ähli şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.

Forumda dürli ugurlardan tejribeli ýolbaşçylaryň, alymlaryň, bilermenleriň, hünärmenleriň we raýat jemgyýetiniň wekilleriniň çykyşlarynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň arasynda gatnaşyklary ilerletmekde öňde durýan wezipeler, olary durmuşa geçirmegiň netijeli usullary barada hem-de ulag-logistik merkezleriniň, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri­ň syýasy we ykdysady ähmiýetini ylmy taýdan esaslandyrmak boýunça gymmatly teklipler we garaýyşlar beýan edildi. Parahatçylygy we özara ynanyşmagy üpjün etmekde, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde milli parlamentleriň tagallalaryny birleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wenadan Awaza: çözülmedik meseleler, toplanan tejribeler we geljege uzaýan ýollar; deňze çykalgasy bolmadyk ähli ösüp barýan ýurtlara ýaýraýan köptaraplaýyn söwda ulgamyny kemala getirmek we pugtalandyrmak; parahatçylygy, ynanyşmagy we hasabatly dolandyryşy döretmek: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda durnukly ösüşe ýardam edýän şertler ýaly temalarda täsirli çykyşlar edildi we giňişleýin maglumatlar berildi. 

Ýurdumyz üçin bu halkara Maslahatyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmegi hem-de onuň BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Giň gerimli wekilçilikli Forumy kabul etmek başlangyjy Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan durnukly ösüş, hemmeler üçin adalatly we abadan durmuşy döretmek üçin halkara hyzmatdaşlygy goldamaga gönükdirilen toplumlaýyn syýasatyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

D.Gulmanowa Parlament forumynyň dowamynda edilen çykyşlaryň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan  ýurtlaryň hyzmatdaşlygy üçin amatly şertleri döretmekde parlamentleriň öňünde durýan wezipeleri aýdyňlaşdyrmakda, Parlament diplomatiýasyny ösdürmekde möhüm ähmiýetini belledi.

Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Kamalowna Narbaýewa öz çykyşynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Global gün tertibindäki derwaýys meselelere bagyşlanan şeýle abraýly halkara Forumyň geçirilmeginiň Türkmenistanyň halkara gepleşikler üçin möhüm platforma öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi.

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň anyk netijeleri maksat edinýändigi, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barÿan ýurtlaryň daşary söwdadaky päsgelçiliklerden başlap, logistika we maýa goýumlary özüne çekmek meselelerine çenli birnäçe kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýtdy.

Özbegistanyň ummana çykmak üçin azyndan iki halkara serhedinden geçmelidigini nazara alyp, şu günki Forumyň mowzuklarynyň özleri üçin aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, söwda we üstaşyr amallary ýönekeýleşdirmekde, päsgelçilikleri aýyrmakda, sanly çözgütleri girizmekde we hukuk esaslaryny sazlaşdyrmakda parlament hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyny, ylmy we innowasiýa forumlaryny, maslahatlary guramak, şeýle hem bu ugurda bilim we tejribe alyşmak baradaky başlangyçlary goldaýandyklaryny aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen ýurtlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Fatima Rabab öz çykyşynda mejlise gatnaşyjylary Parlament forumynyň işiniň üstünlikli jemlenmegi bilen tüýs ýürekden gutlap,  onuň ýokary guramaçylykly derejede geçirilmegi boýunça döredilen mümkinçilikler we şertler üçin türkmen tarapyna köp sagbolsunlaryny aýtdy. 

Forumda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary mundan beýläk ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada maslahatlaşmalaryň dowamynda gymmatly garaýyşlaryň, teklipleriň öňe sürlendigini, bar bolan mümkinçiliklere ünsüň çekilendigini nygtady. 

Hereketleriň Awaza maksatnamasynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň mümkinçiliklerinden oýlanyşykly, doly we dogry peýdalanmak boýunça käbir ugurlaryň beýan edilendigini, şu günki ara alyp maslahatlaşmalaryň bu meseleleri çözmekde parlamentleriň ägirt uly hyzmatlary ýerine ýetirýändigini açyp görkezendigini belledi. 

Dürli ýurtlaryň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga siziň ünsi çekmek bilen, parlamentleriň ählisi Hereketleriň Awaza maksatnamasyny amala aşyrmakda öz ukyplaryndan doly peýdalanmalydyklaryny, bu möhüm wezipäni ýerine ýetirmek üçin parlamentler institusional resurslar, tehniki we maliýe serişdeleri bilen üpjün edilmelidigi belledi. 

Parlament forumynyň aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolup, onuň üsti bilen Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçiriljekdigini, munuň bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykbalyna oňyn täsir etjekdigini belledi.

Parlament forumynyň jemleýji mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna Parlament Ýüzlenmesi oňa gatnaşyjylaryň biragyzdan goldamagy bilen kabul edildi. 

Parlament forumyna gatnaşyjylar Hazaryň kenarynda türkmen halkynyň myhmansöýüjilik däplerinde garşy alnandyklary we Forumyň ýokary guramaçylykly derejede geçirilmegi üçin döredilen mümkinçilikler we şertler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

 

04.08.2025

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde guralan Parlament forumynyň 3-nji mowzuklaýyn mejlisi geçirildi

 

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde guralan «Ugry kesgitlemek: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmek» atly Parlament forumynyň 3-nji mowzuklaýyn mejlisi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary Gahryman Rozyýewiň alyp barmagynda «Parahatçylygy, ynanyşmagy we hasabatly dolandyryşy döretmek: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda durnukly ösüşe ýardam edýän şertler»  atly mowzukda geçirildi.

Alyp baryjy Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak ideýasyny gönüden-göni ykdysady ösüş bilen baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, şu ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ykdysady hyzmatdaşlyga güýçli itergi bermelidir» diýip belländigini nygtamak bilen, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda dünýä giňişliginde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini dabaralandyrýan ýurdumyzyň gözel künjeginde – «Awaza»  milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň şu ýylyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň biri bolup, eziz Diýarymyzyň täze taryhyna şanly sahypalar bilen ýazyljakdygyny aýtdy. 

Türkmenistan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durnukly ösüşe ýardam edýän şertleri ilerletmek bilen, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy döwrebap şertlerde ösdürmek boýunça oňyn başlangyçlary öňe sürýär  we bu işlere toplumlaýyn esasda çemeleşýär:

Ýurdumyzyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny, maýa goýum işini hem-de ulag ulgamynyň işini döwrebap şertlerde guramagyň hukuk esaslaryny kesgitleýän milli kanunçylygy hem yzygiderli kämilleşdirýär.

Türkmenistan halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärçilikli çemeleşip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen umumy tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunda üstaşyr ulag geçelgeleriniň we energetika howpsuzlygynyň döwrebap ulgamynyň döredilmegi ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar.

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan Türkmenistanyň  çäginde häzirki wagtda ýük we ýolagçy gatnawlaryny öz içine alýan Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta döwrebap ulag aragatnaşyk tory kemala gelýär. Tehniki taýdan halkara ölçeglere doly kybap gelýän täze awtomobil ýolunyň ugrunda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli amatly şertler döredilip, söwda nokatlary, naharhanalar, myhmanhanalar, inženerçilik desgalary bina edildi, döwrebap elektron töleg terminallary, aragatnaşyk ulgamlary, wideogözegçilik enjamlary, tizlik ölçeýjiler we beýlekiler oturdyldy.

 Geljekde bu awtoban Türkmenistanyň çäginde gatnawlaryň möçberlerini artdyrmaga we çaltlandyrmaga amatly şertleri döreder. Şeýle hem bu ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna we şol ýerden Kawkaza, Ýewropa, Russiýa, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döredýär. 

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda howa, demir ýol, awtomobil menzilleriniň durkunyň täzelenip, olaryň kabul edijilik we geçiriş mümkinçiliginiň artdyrylmagy, täze döwrebap howa, demir ýol, awtomobil menzilleriniň gurulmagy hem-de ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň ýokary depginlerde alnyp barylmagy ýurdumyzyň ulag ulgamynyň netijeli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, BMG-niň syýasy meýdançasynda Durnukly ulagyň dostlary toparynyň döredilmegi hem-de bu topara goşulmaga isleg bildirýän döwletleriň sanynyň yzygiderli artmagy ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýändiginiň subutnamasydyr. 

Bu toplumlaýyn işler Türkmenistanyň öz önümleriniň halkara bazarlarynda elýeterli bolmagyny we dünýä döwletleri bilen deň derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meýillerini üstünlikli amala aşyrmagyna ýardam edýär. 

Mowzuklaýyn mejlisde Nepalyň Parlamentiniň agzasy Surýa Bahadur Tapa Kşetri, Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň agzasy Babken Tunýan, BMG-niň Baş sekretaryň kömekçisi we UNICEF-iň Ýerine ýetiriji müdiriniň hyzmatdaşlyk boýunça orunbasary Kitti wan der Heiýden, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG UNRCCA-nyň başlygy Kaha Imnadze, Zimbabweniň Parlamentiniň agzasy we Durnukly ösüş maksatlary baradaky Mowzuklaýyn Komitetiň başlygy Nkatazo Siatabwa öz çykyşlarynda Awazada geçirilýän halkara Maslahatyň we onuň çäginde guralýan ugurdaş çäreleriň, şol sanda Parlament forumynyň dünýä döwletleriniň we halklarynyň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hem-de dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegindäki ähmiýetini bellediler.

Mowzuklaýyn mejlise gatnaşyjylar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu Parlament forumynyň ýokary guramaçylykly derejede geçirilýändigi we şöhratly geçmişli, täze eýýamly türkmen topragynda myhmansöýerlik däplerinde garşy alnandyklary üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. 

 

04.08.2025

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde guralan Parlament forumynyň 2-nji mowzuklaýyn mejlisi geçirildi

 

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde guralan «Ugry kesgitlemek: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmek» atly Parlament forumynyň 2-nji mowzuklaýyn mejlisi Çadyň Milli Ýygnagynyň Ykdysady we maliýe meseleler baradaky komitetiniň başlygy Musa Muhammat Haggaryň alyp barmagynda «Deňze çykalgasy bolmadyk ähli ösüp barýan ýurtlara ýaýraýan köptaraplaýyn söwda ulgamyny kemala getirmek we pugtalandyrmak»  atly mowzukda geçirildi. 

Efiopiýanyň Parlamentiniň Halk Wekiller Palatasynyň Daşary aragatnaşyklar we parahatçylyk işleri baradaky Hemişelik komitetiniň başlygy Fathe Mahdi Wozir, Morokganyň Wekiller Palatasynyň başlygynyň orunbasary Mohamed Ghaýate, ITC Ýurt maksatnamalarynyň bölüm müdiri Eskipion Joakuin Oliweira Gomez öz çykyşlarynda Awazada geçýän halkara Maslahatyň we onuň çäginde guralýan ugurdaş çäreleriň, şol sanda Parlament forumynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna täze badalga berjekdigini bellediler.

Mowzuklaýyn mejlisiň dowamynda Halkara söwdanyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda ykdysady abadançylygy, ählitaraplaýyn ösüşi höweslendirmekdäki ornuny bellemek bilen, köptaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygynyň artdyrylmagynda parlamentleriň orny barada nygtaldy.

Sanly söwda jemgyýetini özgertmek we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin serhetüsti söwdada öň görülmedik mümkinçilikleri we meseleleri döretmekde gazanylan ösüşler barada aýdyldy. Parlamentleriň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri ählumumy üpjünçilik zynjyryna kanunçykaryjylyk işi arkaly nähili ýollar bilen has giň gerimde çekip biljekdikleri barada pikir alşyldy. 

 Bütindünýä söwda guramasy bilen has pugta hyzmatdaşlygyň, açyk howpsuz we adalatly söwdany goldamagyň ähmiýeti nygtaldy.   Hereketleriň Awaza maksatnamasyna geçmekde esasy toplanan tejribelere, milli we sebitleýin tejribelere hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin täze mümkinçiliklere daýanmak bilen, geljegi nazarlaýan ugurlara seljerme berildi. 

Parlament wekillerine kanun çykaryjylyk, wekilçilik, gözegçilik we býujet wezipeleri arkaly Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde mümkinçilikleri artdyrmak barada pikir alşyldy.

  

 

04.08.2025

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde guralan Parlament forumynyň 1-nji mowzuklaýyn mejlisi geçirildi

 

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde guralan «Ugry kesgitlemek: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmek» atly Parlament forumynyň 1-nji mowzuklaýyn mejlisi Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň alyp barmagynda «Wenadan Awaza: çözülmedik meseleler, toplanan tejribeler we geljege uzaýan ýollar»  atly mowzukda geçirildi.

Mowzuklaýyn mejlisde Lesoto döwletiniň Parlamentiniň agzasy Itumeleng Rantşo, Zambiýanyň Parlamentiniň agzasy Mubika Mubika, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň agzasy Haluk Ipek, UNIDO-nyň Afrika sebitleýin Býurosynyň başlygy Wiktor Djemba çykyş etdiler. 

Çykyşlarda Hereketleriň Wena maksatnamasyndan Hereketleriň Awaza maksatnamasyna geçmekde esasy toplanan tejribelere, milli we sebitleýin tejribelere hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin täze mümkinçiliklere daýanmak bilen, geljegi nazarlaýan ugurlara seljerme berildi. 

Parlament wekillerine kanun çykaryjylyk, wekilçilik, gözegçilik we býujet wezipeleri arkaly Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde mümkinçilikleri artdyrmak barada pikir alşyldy.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň çäkli serişdeler, howanyň üýtgemegi, parlamentleriň mümkinçilikleri hem-de raýat jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyň ýollary, hasabatlylyk, syýasatyň ylalaşykly bolmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam bermek ýaly ugurlara seredildi.  

Çykyş edenler Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde parlamentara hyzmatdaşlygyň we Parlament diplomatiýasynyň möhüm ähmiýetini bellediler. Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň durnukly ösüşini ilerletmek üçin haýsy ýollar bilen täze mümkinçilikleri döredip biljekdigi hem-de şunda parlament wekilleriniň orny barada pikir alyşdylar.

Mowzuklaýyn mejlise gatnaşyjylar türkmen myhmansöýerlik däplerinde garşy alnandyklary we Parlament forumynyň ýokary guramaçylykly derejede geçirilýändigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler. 

 

04.08.2025

Parlamentara Bileleşigiň Ýerine ýetiriji komitetiniň wise-prezidenti Sewil Mikaýilowa

 

Parlamentara Bileleşigiň Ýerine ýetiriji komitetiniň wise-prezidenti Sewil Mikaýilowa öz çykyşynda  häzirki wagtda dünýä döwletleriniň parlamentara hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändiklerini belledi. Parlament diplomatiýasy döwletleriň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge oňyn täsir edýär. 

Awazada geçirilýän şu günki Parlament forumynyň bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmäge ýardam berjekdigini nygtamak bilen, Parlamentara Bileleşigiň geljekde Hereketleriň Awaza maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri guramaçylykly we netijeli durmuşa geçirmekde ýakyndan işleşmäge taýýardygyny beýan etdi.

04.08.2025

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Prezidenti Filemon Ýang

 

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Prezidenti Filemon Ýang öz çykyşynda  Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Parlament forumynyň ýokary guramaçylykly derejede geçirilýändigini nygtady. Şeýle hem ol parlamentleriň ählumumy borçnamalaryň ýerine ýetirilmeginde işjeňligini artdyrmaklarynyň ähmiýetini hem-de 2024 – 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde parlamentleriň ornuny belledi. Bu ugurda öňde durýan wezipeleri amala aşyrmakda Parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

04.08.2025

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary we Birleşen Milletler Guramasynyň az ösen ýurtlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima

 

Parlament forumynyň umumy maslahatynyň işiniň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary we Birleşen Milletler Guramasynyň az ösen ýurtlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima öz çykyşynda Parlament forumynyň  birek-birek bilen tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we parlamentleriň ösüşi bilen bagly meseleleri öňe sürmekde möhüm meýdança bolup hyzmat edýändigini belledi. 

Şunuň bilen birlikde, parlamentleriň wezipeleriniň kanun çykaryjylyk, gözegçilik we býujet serişdelerini bölüp bermek, halkara borçnamalary ýerine ýetirmek işleriniň Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine oňyn täsir etjekdigini belledi. 

Parlament forumynyň ýokary guramaçylykly derejede geçirilmegi üçin döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa sagbolsunlaryny aýtdy.

 

04.08.2025

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde guralýan «Ugry kesgitlemek: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmek» atly Parlament forumynyň umumy maslahaty geçirildi

 

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde guralýan «Ugry kesgitlemek: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmek» atly Parlament forumynyň  umumy maslahaty geçirildi.

Dünýä ýurtlarynyň we iri halkara guramalaryň giň wekilçiliginde geçirilýän bilelikdäki maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary we Birleşen Milletler Guramasynyň az ösen ýurtlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Prezidenti Filemon Ýang we Parlamentara Bileleşigiň Ýerine ýetiriji komitetiniň wise-prezidenti Sewil Mikaýilowa çykyş etdiler. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň  79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilip, bu Maslahatyň güneşli Türkmenistanda geçirilmeginiň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Milletler Bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen ýurdumyza bildirilen uly ynam we hormatdygyny belledi.

Dünýä giňişliginde parahatçylyk söýüjilik, bitaraplyk ýörelgelerini dabaralandyrýan Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigi parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň hem-de bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýeti, energiýa serişdeleriniň we ulag üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi babatda ençeme kararnamalary kabul etdi. Bu kararnamalar degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň hukuk resminamalar binýadyny pugtalandyrdy. 

Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzyň umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. 

Dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara hyzmatdaşlygy berkitmek babatda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen, tutumly işler amala aşyrylýar.

Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär hem-de dünýä ýurtlary bilen bu ugurda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Paýtagtymyz Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň geçirilen senesiniň – 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi hem döwletleriň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda Türkmenistanyň alyp barýan tutumly işlerine dünýä jemgyýetçiliginde uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Maslahata gatnaşýanlaryň giň wekilçiligi, ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň wajyplygy parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine durnukly ulag ulgamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen çemeleşmeleriň hem-de maksatlaryň umumadamzat ähmiýetlidigini aýdyňlygy bilen görkezýär.

Türkmenistan BMG-niň az ösen ýurtlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýetiniň ýokarda bellenip geçilen wezipeleri ýerine ýetirmek babatda alyp barýan işlerine işjeň gatnaşýar. Şu günki Parlament forumy hem BMG-niň bu düzümi bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guraldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy ýakyn hyzmatdaşlyk üçin, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, bu Guramanyň Az derejede ösen ýurtlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili hanym Fatima Rababa köp sagbolsun aýtdy.

 

 

04.08.2025

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde guralýan «Ugry kesgitlemek: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmek» atly Parlament forumy öz işine başlady

 

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde guralýan «Ugry kesgitlemek: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmek» atly Parlament forumy öz işine başlady.

Parlament forumynyň esasy maksady Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin 2024 – 2034-nji ýyllar aralygynda Hereketiň maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary, has takygy, parlament agzalaryna we işgärlerine Hereketleriň Wena maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi babatda esasy syýasy düşünjeleri bermekden, parlamentleriň Hereketleriň täze Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine netijeli goşant goşmaklary üçin esasy mümkinçilikleri  döretmekden ybaratdyr. 

Şeýle hem bu Parlament forumy ýerli, milli we sebit derejesindäki syýasy işler we wezipeler arkaly Hereketiň täze maksatnamasynyň gazanylmagyny çaltlandyrmak üçin, parlamentarileriň arasynda pikir we tejribe alyşmaga goldaw bermekde, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň parlamentleriniň ileri tutulýan ugurlaryny öz esasy wezipelerine giňişleýin ornaşdyrmakda, durmuşa geçirmek boýunça teklipleri kesgitlemekde we tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Bilelikdäki maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň Orunbasary we Birleşen Milletler Guramasynyň az ösen ýurtlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň Baş Sekretarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Prezidentiniň, Parlamentara Bileleşigiň Ýerine ýetiriji komitetiniň wise-prezidentiniň, şeýle hem dünýä döwletleriniň onlarçasynyň parlamentleriniň wekilleriniň gatnaşýandygy bu halkara çäräniň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Bilelikdäki Parlament forumynyň işi umumy maslahatdan başlanmak bilen, soňra üç bölümde dowam etdiriler. 

04.08.2025

Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyr

Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza geldi. Möhüm halkara forum Türkmenistanyň tutuş adamzat ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Belent mertebeli myhman Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde mähirli garşylanyldy. Asylly däbe görä, oňa gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary bilen mähirli salamlaşyp, ony mukaddes türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany howa menzilinde mähirli garşylap, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde “BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galýandygyny görkezýän çözgüde öwrülendigini aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda geçirilýän tutuş adamzat ähmiýetli halkara foruma gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Häzirki döwrüň möhüm meselelerini öz içine alýan maslahatyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň jemleri boýunça gazanyljak ylalaşyklaryň dünýä döwletleriniň ykdysadyýetiniň ösüşine oňyn täsir etjekdigine ynam bildirildi.

Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň geljekki ösüşi boýunça oňyn meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň we degişli çözgütleri kabul etmegiň ähmiýeti barada aýdyp, Milli Liderimiz BMG-niň howandarlygyndaky ýokary derejeli forumy guramagyň Türkmenistana bildirilýän ählumumy ynam hökmünde kabul edilýändigini belledi. Bu forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, söwda-ykdysady ulgamda sebitara we halkara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berer. Şeýle hem onuň çäklerinde ugurdaş çäreleriň, degişli düzümleriň arasynda duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigi aýdyldy. Aýratyn-da, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagyň 30 ýyllygynyň, BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmeginde çuňňur manynyň bardygyna üns çekildi. Bu forum Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurtlaryň hyzmatdaşlyk strategiýasynyň işjeňleşdirilmegini üpjün eder.

Hazaryň kenarynda geçiriljek halkara forumyň dowamynda dünýä ykdysadyýeti üçin ähmiýetli bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşylar we bu ugurda bar bolan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary kesgitleniler. Munuň özi halkara hyzmatdaşlykda ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň ýol açar. Bu bolsa sebitara we halkara derejeli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini, ýurtlaryň arasynda eksport-import amallarynyň artdyrylmagyny, halklaryň durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyny üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň gün tertibine girizilen meseleler deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň sazlaşykly ösüş ýoluna düşmeginiň esasy şerti hökmünde kesgitlenilýär. Olaryň üstünlikli çözülmegi degişli ugurlarda yklym derejesindäki möhüm taslamalary amala aşyrmaga oňyn täsirini ýetirer.

Duşuşykda ulag-logistika ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek, umuman, ulag diplomatiýasy ýaly wajyp meseleleri öz içine alýan forumyň dowamynda ýurtlaryň sazlaşykly ösüşini kesgitleýän çözgütleriň kabul ediljekdigine ynam bildirilip, onuň işinde üstünlik arzuw edildi.

Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belläp, oňa dünýä ähmiýetli forumyň Türkmenistanda geçirilmegi babatda edilen tagallalar üçin minnetdarlyk bildirdi.

03.08.2025

Hazaryň türkmen kenary — giň möçberli halkara forumyň geçirilýän merkezi

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.

Baýdak galdyrmak dabarasy möhüm çäräniň başlanýandygyny aňlatmak bilen, adatça, çäräni kabul edýän ýurduň hem-de BMG-niň baýdaklarynyň galdyrylmagyny öz içine alýar. Şu gezekki dabara Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň ählumumy abadançylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen maksatlaryna ygrarlydygyny hem-de bu ugurda tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek görkezdi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna, Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna beslenýän şu ýylda şeýle wekilçilikli forumyň ýurdumyzda geçirilmegi wajyp ähmiýete eýedir. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy abadançylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, durnukly energetika, ulag, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Giň gerimli foruma ençeme döwletleriň Baştutanlarynyň, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejeli çäreleriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülendigini alamatlandyrýar.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahat Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açar. Onuň giň gerimli maksatnamasy ösüş üçin zerur bolan wezipeleri çözmäge, uzak möhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir. Bu bolsa Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nobatdaky gezek subut eder.

Dabarada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Türkmenistanda geçirilmeginiň diňe bir uly hormat bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna hem-de ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň beýanydygyny belledi. Bu maslahata döwlet we hökümet Baştutanlary, ýokary wezipeli adamlar, bilermenler, ýaşlar, dürli ulgamlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Möhüm ähmiýetli forum ösüp barýan ýurtlarda ýakyn onýyllyk üçin ileri tutulýan täze ugurlary kesgitlär.

Nygtalyşy ýaly, maslahat ösüşe baha bermäge, ýurtlaryň has-da ýakynlaşmagyna, durnuklylygyna ýardam etjek strategiýalary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer. “Biz bu forumyň öz işini Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlaýandygyna örän şatdyrys” diýip, wise-premýer, daşary işler ministri sözüni dowam etdi. Ýakyn günlerde Awaza dostlaryň we hyzmatdaşlaryň duşuşýan, gatnaşyklaryň pugtalandyrylýan, hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň ýola goýulýan ýerine öwrüler.

Ol bu möhüm duşuşygy taýýarlamaga gatnaşanlaryň ählisine, Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletlere, halkara guramalara, gyzyklanma bildirýän taraplara, bilermenlere, maslahata gatnaşyjylaryň hemmesine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, forumyň netijeleriniň örän ähmiýetli boljakdygyna, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima çykyş edip, baýdak galdyrmak dabarasyna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Bu dabara Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň resmi taýdan başlanýandygyny alamatlandyrýar. Bu günki dabara diňe bir ajaýyp däp bolmak bilen çäklenmän, eýsem, raýdaşlygyň, şu maslahatyň, tutuş BMG-niň işiniň many-mazmunyny kesgitleýän hyzmatdaşlyk ruhunyň baýramydyr.

“Forumyň «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» diýen mowzugy bilelikde baýdaklary galdyrmak çäresinde öz aýdyň beýanyny tapýar. Munuň özi bize deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň hem-de olaryň 600 milliona golaý ilatynyň öňündäki jogapkärçiligimizi ýatladýar” diýip, hanym Rabab Fatima aýtdy we Birleşen Milletler Guramasynyň adyndan Türkmenistanyň Hökümetine hem-de halkyna mähirli kabul edendigi, myhmansöýerlik, giň gerimli çäreleriň ýokary derejede guralýandygy hem-de Awazany pikir alyşmalar üçin ajaýyp meýdança öwürmek babatda ähli tagallalaryň edilendigi üçin hoşallyk bildirdi.

“Baý medeni mirasa eýe bolan, halkara abraýy barha artýan Awaza, hakykatdan-da, her on ýyldan bir gezek geçirilýän bu taryhy maslahat üçin mynasyp ýerdir. Türkmenistanyň we BMG-niň baýdaklaryny galdyrmak bilen, biz deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler babatdaky maksatlarymyza hem-de wezipelerimize gowy düşünýäris. Dünýä bileleşigini birleşdirýän möhüm ýörelgeleriň ähmiýetini tassyklaýarys” diýip, hanym Rabab Fatima sözüni dowam etdi. Şu hepdede tutuş dünýäden Liderler, hyzmatdaşlar we gyzyklanma bildirýän taraplar özleriniň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler bilen raýdaşlygyny tassyklamak hem-de özgertmeler üçin täze ugurlary bellemek üçin Awazada jemlenerler. Maslahat Hereketleriň Awaza maksatnamasyny doly durmuşa geçirmek üçin halkara goldawy gönükdirýär. Bu geljege gönükdirilen täze, wajyp ähmiýetli resminama düzümleýin özgertmeleri çaltlandyrmak, sebitleýin arabaglanyşygy gowulandyrmak, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin anyk “Ýol kartasyny” kesgitleýär. Ol adalatlylyk, durnuklylyk, ilkinji nobatda, hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar.

“Biz bu ýere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň her birini dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrmak, ösüşe päsgel berýän ulag we söwda bökdençliklerini aradan aýyrmak, biziň geljegimiz üçin zerur bolan howa babatda maliýeleşdirmek, maýa goýumlary üpjün etmek üçin ýygnandyk. BMG-niň baýdagy Türkmenistanyň Döwlet tugy bilen bilelikde galdyrylar. Olar biziň umumy maksatlarymyzyň nyşany hökmünde bilelikde parlar. Goý, bu maslahat raýdaşlyga, möhüm ähmiýetli çözgütlere hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň öňündäki ählumumy borçnamalara beslenjek taryhy waka öwrülsin!” diýip, hanym Rabab Fatima aýtdy we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilýän ýerini resmi taýdan açyk diýip yglan etdi.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň we BMG-niň wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryna, degişlilikde, ýurdumyzyň we Milletler Bileleşiginiň baýdaklary gowşurylýar. Şol wagt harby orkestr dabara sazyny çalýar. Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdaklary galdyryldy. Bu waka ählumumy parahatçylyga, rowaçlyga ymtylmany alamatlandyrdy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolandan soňra, Birleşen Milletler Guramasynyň resmi nyşanlarynda orun alan zeýtun şahalarynyň şekilini Döwlet tugunda şöhlelendirmegi ýurdumyzyň we bu guramanyň alyp barýan işleriniň aýrylmaz baglanyşyklydygyny aňladýar. Döwletimiz BMG-ä agza bolan wagtyndan bäri onuň ýakyn hyzmatdaşy hökmünde halklaryň arasynda dost-doganlygyň, ynanyşmaga we özara hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. Garaşsyz Türkmenistan bildirilýän ynamy ödäp, ähli syýasy-diplomatik, ykdysady mümkinçiliklerinden, öz ägirt uly parahatçylyk döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanýar.

Şeýlelikde, bu günki dabara ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, abadançylygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşýan goşandynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

03.08.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzdan Türkmenbaşy şäherine tarap ugur alan uçarynyň sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň asman giňişliginden geçip barýan pursatlarynyň Milli Liderimizň ak patasy bilen açylyp ulanmaga berilýän täze şaýoluň we döwrebap köpriniň açylyş dabarasy mynasybetli guralýan toý-dabaralara gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýe boldy.

Dabara ýygnanan hormatly ýaşulular arassa asmana ýaraşyk berip barýan laçyn keşpli uçary ýüzlerine sylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolunyň ak, döwletli işleriniň rowaç bolmagyny dileg etdiler. Durmuşyň gül-gunçalary hasaplanýan şadyýan körpeleriň joşgunly ýürek sözlerinde bolsa bagtyýar günleriň göwünleri göterýän belent owazy öz beýanyny tapdy. Bu pursatlar tutumly toýuň şatlyk-şowhunyny has-da artdyryp, halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşendigini alamatlandyrdy. Juwan şäher, nurana säher, ak ýol, ak uçar ýeneki rowaçlyklaryň nyşany bolup, ajaýyp sazlaşygy döretdi.

...Birnäçe wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelip gondy. Howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar hem-de döwrebaplaşdyrylan howa menziliniň döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen işe girizilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag-kommunikasiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça başlangyçlary täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ulag ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa Ýewropanyň we Aziýanyň söwda-ulag ýollarynyň wajyp çatrygynda ýerleşýän Türkmenistana üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi bu ulgamda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň aýrylmaz bölegidir. Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň täzeçil tehnologiýalaryň esasynda döwrebaplaşdyrylmagy-da munuň aýdyň nyşanydyr. Şunuň bilen bir hatarda, howa menziliniň halkara gatnawlaryň ýolagçy terminalynyň hem-de pasportlary resmileşdirmek we gözegçilik nokatlarynyň innowasion enjamlar bilen üpjün edilendigini bellemek gerek.

Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşen Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen özara gatnaşyklary ýola goýup, halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamak babatda oňyn tejribe toplady. Ýurdumyzyň ulag-logistika ýaly geljegi uly ugurda BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi dünýä ykdysadyýetine ählumumy goşulyşmak ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz maslahatyň geçiriljek ýerine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow toplumyň çäginde abadanlaşdyryş hem-de foruma gatnaşyjylar üçin ähli amatlyklary döretmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, maslahata gatnaşyjylaryň oňaýly dynç almaklary, toplumyň çägindäki seýilgähde gezelenç etmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi. Mundan başga-da, bu ýerde hyzmatlar ulgamynyň işi talabalaýyk ýola goýuldy.

Döwlet Baştutanymyz wekilçilikli forumyň ýurdumyzda geçirilmeginiň Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýdyp, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygyň döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde bu ýokary derejeli forumyň geçirilmegi bilen baglanyşykly Kararnama kabul edildi. 57 döwlet bolsa onuň awtordaşy bolup çykyş etdi. Bu halkara maslahata deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlardan, şeýle hem Milletler Bileleşigine agza beýleki döwletlerden ýokary derejeli wekiliýetleriň, halkara we sebit guramalarynyň, parlamentleriň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 4-nji iýulynda gol çeken degişli Karary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda bu maslahaty guramagyň tertibi hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatynda forumy ýokary derejede geçirmek üçin degişli meseleleriň we wezipeleriň tutuş toplumyna garalandygyny bellemek gerek. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi öňde boljak maslahatyň esasy aýratynlygydyr. Şunuň bilen baglylykda, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertler döredildi.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň nobatdaky forumynyň ýurdumyzda geçirilmegi Türkmenistanyň BMG tarapyndan taýýarlanylan maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýändigini we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça tagallalary utgaşdyrmaga işjeň gatnaşýandygyny görkezýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Döwlet Baştutanymyz öňde boljak halkara forumyň ähmiýetine ünsi çekip, onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän medeni çäreleriň geçirilýän ýerine geldi.

Bu ýerde wekilçilikli forumyň dowamynda dürli medeni çäreleriň guralmagy meýilleşdirilýär. Soňky ýyllarda Awaza halkara derejeli duşuşyklardyr forumlaryň, konsertleriň we festiwallaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde guraljak dabaralar ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dostlukly halklaryň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berer. Dabaraly çäreler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni diplomatiýanyň özeninde durýan parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň we ynsanperwer ýörelgeleriň halklary ýakynlaşdyrýandygyny aýdyp, bu ýerde guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz hemmelere işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda myhmanlary kabul etmek, olary halkymyzyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylamak bilen bagly geçirilen işler bilen hem tanyşdy. Häzirki wagtda dynç alşyň naýbaşy mümkinçiliklerini özünde jemleýän döwrebap myhmanhanalar Hazaryň ajaýyp kenaryna bezeg berýär. Bu ýerde göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler bar. Ýakymly howa gurşawy, deňiz tolkunlary göwünleri galkyndyrýar. Halkara foruma geljek myhmanlar bu täsinlikleriň ählisiniň şaýady bolarlar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz myhmanlary garşylamak meselesine aýratyn ähmiýet berip, oňa hemmetaraplaýyn jogapkärçilikli çemeleşmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza ugramak üçin Türkmenbaşy Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna amala aşyran iş sapary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

30.07.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen maslahatda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny türkmen halkynyň milli ýörelgelerine we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmegiň, ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini giňden ýola goýmagyň möhümdigi hem-de ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak   ýylynyň ýanwar-iýul aýlarynda degişli işleriň alnyp barlandygy bellenilip geçildi.

Maslahatda 2025-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli Türkmenistanyň kanunlarynyň 14-siniň, Mejlisiň kararlarynyň 11-siniň kabul edilendigi barada bellenildi. Ýurdumyzyň milli kanunçylygyny dünýä tejribesiniň esasynda mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatlar diňlenildi hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Hasabat döwründe «Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda», «Kazyýet hakynda», «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda», Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli Teswirnama goşulmak hakynda Türkmenistanyň kanunlary kabul edildi. Şeýle hem jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, ýubileý medaly, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän käbir  kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. 

Maslahatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärelere, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylykly derejede geçirmäge taýýarlyk görmäge Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynyň wajyplygyna aýratyn üns çekildi. Çykyşlarda halkara guramalar, daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, parlamentara  hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça  durmuşa geçirilýän  işleriň ähmiýeti nygtaldy. 

Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň, şeýle hem onuň çäklerinde guraljak dürli ugurly çäreleriň, şol sanda Parlament forumynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer syýasatyny dünýä ýaýmakda we halkara abraýyny belende galdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygy bellenildi. Dünýä döwletleriniň giň wekilçiligindäki Parlament forumyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek  boýunça Mejlis tarapyndan alnyp barylýan işler barada durlup geçildi. 

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek, içeri we daşary syýasatyny, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň,  Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň taryhy syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, ýurdumyzyň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlaryny wagyz etmek boýunça ilatyň arasynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda Mejlisiň deputatlarynyň öňünde durýan wezipelere ähmiýet berildi. 

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň hukuk-kanunçylyk binýadyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy ynandyrdylar.

28.07.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede amala aşyrylýandygynyň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalaryň, aýratyn-da, döwrebaplaşdyrylan şaýoluň, köprüleriň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde tutuş ýurdumyzda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini özünde jemleýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyz ir bilen Gökdepe şaýolunyň ugrunda gurlan döwrebap köpriniň ýanyna geldi. Ýurdumyzda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna, olaryň oňaýlylyk we uzak möhletleýinlik derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde desgalaryň bezeg işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.

Milli Liderimiz, ilki bilen, köpzolakly köpriniň aşaky gatynyň diwarlarynda ýerleşdirilen şekilleri synlap, şekillerde geçmiş bilen geljegiň özara baglanyşygynyň bardygyna ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň öz geçmişine aýratyn sarpa goýýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzyň nurana geljege tarap ynamly öňe barýandygyny aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ata-babalarymyzyň bina galdyrmak, ýol çekmek, köpri gurmak ýaly asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändigini nygtap, ýagşy dessurlary özünde jemleýän işleriň ýokary hil derejesinde amala aşyrylmalydygyna ünsi çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy desganyň germewlerinde ýerleşdirilen şekilleri synlady. “Bu künjegiň ahalteke bedewleriniň asyl mekanydygyny nazara alyp, desgalaryň bezeginde ahalteke bedewleriniň şekilleriniň ýerleşdirilmegi ähmiýetli çözgütdir” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Bu ýerde ýerine ýetirilen işler häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär. Köpzolakly awtomobil köprüsiniň gurluşygy kesgitlenen meýilnama laýyklykda amala aşyryldy. Şeýle-de binalaryň üçeklerine goýulýan serişdeleriň, ýol ýakalarynda oturdylýan beton raýyşlaryň görnüşleri görkezildi. Bu serişdeleri ýaşaýyş jaýlaryna we beýleki binalaryň üçeklerine goýmak bellenildi. Ýurdumyzda öndürilen bu önümleriň importyň ornuny doly tutýandygy barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň intellektual eýeçiligiň esasynda bu ýerleriň seýsmiki ýagdaýyny ylmy esasda öwrenendiklerini aýtdy. Şunda ýeriň dykyzlygyna, topragyň özboluşly aýratynlyklaryna, howa şertlerine möhüm ähmiýet berildi. Arkadag şäheriniň çäklerinde dürli maksatly desgalar hut şol çözgüdiň esasynda bina edilýär. Ýurdumyzyň telekeçileriniň bina eden desgalarynyň gurluşygynda häzirki zamanyň täzeçil usullary bilen gurluşyk babatda toplanan köpýyllyk tejribe sazlaşykly beýanyny tapýar.

Hormatly Arkadagymyz üçekleriň we ýol ýakalaryna niýetlenen betonlaryň hil babatda ýokary halkara görkezijilere, reňkiniňdir berkliginiň bolsa ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelmelidigini nygtady. Şol bir wagtyň özünde olaryň bezeg babatdaky derejesi ýokary bolmalydyr. Köpriniň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, onuň çäklerinde ýaşyl zolaklaryň döredilmegi özboluşly binagärlik sazlaşygyny emele getirip, ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirer.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan şekil taslamalary we olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada maglumat berdiler.

Bu ýerde durmuş we önümçilik maksatly binalaryň şekil taslamalary, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işler, Gökdepe şaýolundaky döwrebap köpriniň, beýleki desgalaryň görnüşleri görkezildi.

Milli Liderimiz şekil taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Şeýle-de ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygy, şol sanda Gökdepe şaýolundaky köpzolakly köpriniň, oňa barýan ýoluň ugrundaky ýol belgileriniň talabalaýyk bolmagyna, bu ýoldan geçýän ýük ulaglarynyň kada laýyk derejede kesgitlenmegine möhüm üns berilmegi babatda birnäçe maslahatlaryny berdi. Bu ýoluň rysgal-bereketli, rowaç ýol bolmalydygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

Täze şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygy ýokary hil derejesinde alnyp barylmalydyr. Halk Maslahatynyň Başlygy köpzolakly köpriniň gurluşygyny ýerli telekeçileriň amala aşyrandyklaryny belläp, ýurdumyzyň telekeçileriniň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawyndan netijeli peýdalanyp, giň möçberli taslamalary durmuşa geçirýändiklerini we olaryň bu babatda baý tejribe toplaýandyklaryny aýratyn nygtady.

D.Orazow şu ýylyň 12-nji martynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümlerini öndürmäge niýetlenen kärhananyň açylandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyza Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň önümlerini ilkinji gezek Arkadag şäheriniň gurluşygynda ulanmak baradaky teklibi beýan etdi.

Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň gurluşyklarynda ýurdumyzyň kärhanalarynyň önümleriniň we serişdeleriniň ulanylýandygyna hem-de daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli döredilýändigine ünsi çekip, şunda Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň önümlerini yzygiderli ulanmak barada karara gelendigini aýtdy. Şäher gurluşygynda ulanyljak üçek örtükleri, ýol betonlary, keramika önümleri we beýleki gurluşyk serişdeleri ýokary hilli, göze gelüwli bolmalydyr. Olaryň howa şertlerine çydamlylygy, berkligi aýratyn üns merkezinde saklanylmalydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu künjekdäki Gökdepe we Keýmir kör şaýollarynyň Arkadag şäherinde gurluşygy alnyp barylýan häzirki zaman demir ýol we awtomobil menzillerini baglanyşdyryp, döwrebap ýol-ulag düzümlerini emele getirjekdigini belledi. Munuň özi ýol-ulag düzüminiň bir bitewi ulgamynyň döredilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Gahryman Arkadagymyz köpriniň açylyş dabarasyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek babatda degişli maslahatlaryny berip, bu ýerden Keýmir kör şaýoly bilen Arkadag şäherine tarap ugrady.

“Akylly” şähere barýan ýoluň gurluşygynda häzirki zamanyň ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanylyp, sanly tehnologiýalar işjeň utgaşdyryldy. Munuň özi ýurdumyzdaky gurluşyklaryň, gurulýan ýollaryň, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, hil we uzak möhletleýinlik babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegi ugrunda zerur tagalla edilýändigini görkezýär. Ulag-kommunikasiýa toplumy islendik döwletiň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegini emele getirýär. Ähli görkezijiler babatda ýokary hilli gurulýan awtomobil ýollary ýük we ýolagçy gatnatmak hyzmatyny amala aşyrmakda wajyp orny eýeleýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň döwrebap üstaşyr ulag, logistika düzümini tiz wagtda kemala getirmek nukdaýnazaryndan, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, tutuş sebit ösüşine-de kuwwatly itergi berýär. Çäk taýdan amatly ýerleşen Türkmenistan ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklere eýedir. Häzirki döwürde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» möhüm orun degişlidir.

...Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine gelip, bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda D.Orazow döwlet derejesinde berilýän goldawlar we degerli maslahatlar üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdi. Şeýle-de ol häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşyklary boýunça taýýarlanylan maksatnama, olaryň dowamynda ýerine ýetirilýän işleriň gidişi, gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary, olaryň hil derejesi barada maglumat berdi.

Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň abadanlaşdyrylyşyna, olaryň bezeg aýratynlyklarynyň döwrebap talaplara laýyk gelmegine möhüm üns berilmelidigini belledi. Şunda gurluşyk serişdeleriniň hili, berkligi, uzak möhletleýinligi bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Gökdepe şaýolunyň ugrunda bina edilen köpzolakly awtomobil köprüsiniň sähetli gün açylmagyna ak pata berendigi üçin täze şäheriň ähli ilatynyň adyndan Milli Liderimize hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde Arkadag şäherinde ýol-ulag düzümine degişli desganyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk we beýleki ugurlar boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Häkim Arkadag şäheriniň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň guramaçylyk derejesi, açylyş dabarasynyň maksatnamasy hakynda aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzda tutumly toýlaryň dabarasynyň belentden tutulýandygyny belläp, ýol-ulag düzüminiň möhüm desgasynyň açylyşy mynasybetli guraljak dabaralarda türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden dünýä nusgalyk däpleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. Çünki türkmen halky bina galdyrmak, ýol çekmek we köpri gurmak ýaly sogap işlere aýratyn gadyr goýýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalar edilmelidir we bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berilmelidir diýip, Milli Liderimiz nygtady we bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäginde gurluşygy batly depginde dowam edýän desgalary, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň metjidini synlap, bu işleriň uzak geljegi nazarlaýandygyny, olaryň halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny görkezýändigini belledi. Häzirki döwürde metjidiň gurluşygyna ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan köp sanly adamlar haýyr-sahawat serişdelerini gönükdirip, sogap işe goşant goşýarlar. Bu bolsa ýagşy dessurlaryň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Hajy Arkadagymyz ynsanperwer ýörelgeleri ugur edinip, metjidiň gurluşygyna goşant goşýan adamlara öz minnetdarlygyny bildirdi we olaryň ýollarynyň açyk boljakdygyny, haýyr-sahawat serişdeleriniň öwezine Beýik Biribaryň rysgal-bereket eçilýändigini belledi we asylly işleriň hormatyna täze metjitde ediljek doga-dilegleriň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdi.

Metjitler musulman dünýäsiniň özboluşly ylym we bilim merkezleridir, jemgyýetiň ruhy durmuşynyň aýdyň ýüze çykýan ýeridir. Metjidiň binasy Zeminde ýerleşse-de, senasy asmanda eşidilýändir. Ol biziň halkymyzda “Allanyň öýi” hasaplanýar. Şoňa görä-de, metjidiň gurluşygyna öz serişdeleriňden gatanç etmek örän sogaply işe dahylly bolmakdyr. Şeýle ynsanperwer, ýagşy işleriň berekedi başga bolýar.

Gahryman Arkadagymyz hemmelere alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

26.07.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň agzalaryna ýüzlenip, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günäsiniň geçilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, iş kesilen 247 raýatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz toparyň başlygyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzy ykdysady, syýasy, medeni taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, döwletimiziň halkara başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak boýunça kanun taslamalaryny taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunlara döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle-de Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň meseleleri boýunça okuw sapaklarynyň geçirilendigi aýdyldy. Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň arasynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşyklary barada habar berildi. Mundan başga-da, Mejlisiň deputaty Hytaý Halk Respublikasynda guralan “Türkmenistan üçin Bütindünýä Söwda Guramasy barada esasy düşünjeler” atly okuw maslahatyna gatnaşdy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk senesine, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna, onuň çäklerinde guraljak parlament forumyna taýýarlyk görlüşi barada-da aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň täze işlenip taýýarlanylýan kanunlarda öz beýanyny tapmalydygyna, şoňa görä-de, döwrüň talap edýän täze kanun taslamalaryny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 2025-nji ýylda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde göz öňünde tutulan halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, degişli meýilnama laýyklykda, noýabr-dekabr aýlarynda Aşgabat şäherinde SPECA-nyň Ykdysady forumyny, Dolandyryjy geňeşiniň 20-nji mejlisini hem-de ugurlar boýunça iş toparlarynyň duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikde “SPECA günlerini” guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Oňa maksatnama agza ýurtlaryň ýokary derejeli wekilleriniň, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de bu guramanyň beýleki ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, halkara bilermenleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň möhüm bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda başlyklyk etmegiň çäklerinde göz öňünde tutulan halkara çäreleri guramaga gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlary, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda “Galkynyş” gaz känini mundan beýläk-de netijeli özleşdirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Aýratyn-da, bu ýerdäki önüm berýän gaz guýularynyň uzak wagtlap bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz gaz guýularyndaky işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan teklibi makullady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem pagta ýygýan kombaýnlary, beýleki oba hojalyk tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, ýetişdirilen hasyly daşamakda ulanyljak awtoulaglary ýygym möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizlemek, bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri utgaşykly dowam edýär. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyk geçirmegi, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta hasylyny daşaýan awtoulaglary möwsüme taýýarlamagy, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak we ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, döwletimiziň elektroenergetika kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarly we bökdençsiz bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, Energetika ministrligi tarapyndan elektrik stansiýalarynda, dürli güýjenmeli asma elektrik geçiriji ulgamlarda, beketlerde meýilnamalaýyn esasda abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi. Şunuň bilen bir hatarda, pudagyň kärhanalarynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylýar hem-de önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar. Munuň özi energetika desgalarynyň bökdençsiz işlemegine ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere ýurdumyzyň bar bolan elektroenergetika kuwwatyndan netijeli peýdalanmagy hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibini tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli taryhy-medeni mirasyň gymmatlyklarynyň aýawly saklanylmagy, döwlet tarapyndan goralmagy ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli taryhy-medeni gymmatlyga eýe bolan serişdeleri döwlet tarapyndan hasaba almak we olaryň Döwlet sanawyny ýöretmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan Karara gol çekdi we ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2025-2026-njy täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şu ýylyň 23-nji awgustynda ýurdumyzyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň maslahatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, bilimiň ýokary hilini üpjün etmäge gönükdirilen wezipeleriniň geçen okuw ýylynda ýerine ýetirilişini seljerip, täze okuw ýylynda ýetilmeli sepgitleri, öňde durýan wezipeleri kesgitlemek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem milli tejribä, halkara bilim standartlaryna görä, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, okuw-usuly toplumlaryny taýýarlamak, mugallymlaryň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak, halypa-şägirt gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň nusgalyk kitaplary esasynda ýaş nesillerde watançylyk, milli buýsanç duýgularyny terbiýelemek, sanly bilimi ösdürmek, ýaşlaryň bilim bäsleşiklerinde, olimpiadalarda üstünlikli çykyş etmegini gazanmak, olary ylmy döredijilige, hünäre ugrukdyrmak bilen bagly täze okuw ýylynda meýilleşdirilýän işlere üns çekiler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ýaş nesle berilýän bilimiň ýokary hilini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere 2025-2026-njy täze okuw ýylynda öňde durýan wezipelere bagyşlanan bilim işgärleriniň maslahatyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen köpugurly hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli bu gurama bilen özara gatnaşyklaryň halkara hukuk binýadyny berkitmegiň çäklerinde Türkmenistan ÝUNESKO-nyň jemi 15 sany halkara hukuk resminamasyna goşuldy. Bu resminamalardan gelip çykýan milli borçnamalara laýyklykda, milli we köptaraplaýyn hödürnamalaryň çäklerinde maddy däl hem-de taryhy-medeni, tebigy obýektleriň ençemesi ÝUNESKO-nyň abraýly sanawlaryna girizildi. Guramanyň ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ulgamlaýyn esasda alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Hökümetara okeanografiýa komissiýasy, Halkara gidrologiýa, «Adam we biosfera», «Dünýä hakydasy» maksatnamalary, Uniwersitetler kafedralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we torlaýyn özara gatnaşygy ýola goýmak boýunça maksatnama (UNITWIN) hem-de beýleki halkara torlardyr institutlar bar. Hususan-da, “UNITWIN” maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň 2 ýokary okuw mekdebinde ÝUNESKO kafedralary açyldy hem-de degişli bilim ojaklarynda 6 sany ÝUNESKO kluby döredildi. Şunuň bilen birlikde, Diýarymyzyň orta mekdepleriniň 6-sy bu guramanyň Assosirlenen mekdepler toruna, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Bütindünýä ýaşlar jemgyýetine, Aşgabat şäheri bolsa «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşuldy.

Sanly bilim hem-de bu ugra degişli öňdebaryjy halkara tejribeleri milli derejede ornaşdyrmak bilen bagly netijeli taslamalar Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça institutynyň arasynda gol çekilen “Ýol kartasynyň” çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň BMG-niň çäginde öňe sürýän ynsanperwer başlangyçlaryny mundan beýläk-de iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, birnäçe teklipleriň taýýarlanylandygy bellenildi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň güýzünde Samarkant şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji mejlisine ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky teklip hödürlenildi.

Ýokarda agzalan “Ýol kartasynyň” çäklerinde Türkmenistanda şu ýylyň awgustynda 5 ugur boýunça utgaşykly görnüşde halkara maslahaty geçirmek teklip edilýär. Şolaryň hatarynda sanly bilim we emeli aň; Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde emeli aňyň ähmiýeti; emeli aňy milli bilim we ylym ulgamyna ornaşdyrmakda halkara tejribeler; sanlylaşdyrmak we emeli aň tehnologiýalary arkaly bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak; milli hünärmenleriň hünär ukyplaryny ýokarlandyrmakda emeli aň tehnologiýalarynyň ähmiýeti ýaly ugurlar bar. Şunuň bilen baglylykda, maslahaty guramak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň jogapkär edip kesgitlenilmegi teklip edilýär.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda baglaşylan Çarçuwaly ylalaşyk boýunça döredilen maksatlaýyn gaznanyň çäklerinde birnäçe taslamalary bu gaznanyň hasabyna maliýeleşdirmek teklip edilýär. Şolaryň arasynda «Biziň mirasymyz»; «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk»; Türkmenistanda geoseýilgähi döretmek; gadymy Amul galasynyň goragyny berkitmek ýaly taslamalar bar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek maksady bilen taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we olara döwrebap çözgütlere esaslanýan innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet edaralarynyň özara işiniň elektron maglumat ulgamy arkaly utgaşdyrylmagyny, sanly hyzmatlary düzgünleşdirmek, bu ugurda zerur kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek maksady bilen, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda zerur işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, döwlet edaralarynyň işini döwrebap guramak, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda «Elektron hökümet» ulgamy babatda taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu gün Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly şu aýdaky soňky mejlisiniň geçirilýändigini, 1-nji awgustdan başlap oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylaryň zähmet rugsadynyň başlanýandygyny aýtdy. Şeýle-de ýolbaşçylaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda saglygyny berkidip, dynç alyp biljekdikleri bellenildi. “Halkara çäreleriň geçýändigi bilen baglylykda, käbir ýolbaşçylar zähmet rugsady döwründe guramaçylyk işine hem gatnaşarlar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýolbaşçylaryň ählisine zähmet rugsady döwründe gowy dynç almagy arzuw etdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

25.07.2025
1 ... 8 9 10 11 12 ... 70