Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi bilen duşuşygy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Ýaponiýada Türkmenistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Sigeru Isibanyň Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Milli Liderimiz myhmany mähirli mübärekläp, Imperator Naruhito hem-de Premýer-ministr Sigeru Isiba berk jan saglyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Akihisa Nagaşimanyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga goşant boljakdygyna ynam bildirip, saparyň dowamynda geçiriljek gepleşikleriň netijeli bolmagyny arzuw etdi.

Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edendigini belledi we ýurdumyzyň bu başlangyjyny goldandygy üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Diýarymyzda ýokary derejeli halkara forumyň geçiriljekdigini aýdyp, ýapon tarapyny bu iri çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Myhman döwletara gatnaşyklary ösdürmekde özara saparlaryň möhüm ähmiýetini nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň Ýaponiýa amala aşyran saparlaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda işjeň ösdürilýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, ol yzygiderli, durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetine uly orun degişlidir. Geçen ýylyň dekabrynda ýurdumyzda bu komitetiň 15-nji mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, mawy ýangyjyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ony gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Mälim bolşy ýaly, iri ýapon kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda netijeli iş alyp barýarlar. Ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurlan önümçilik desgalarynyň önümleri ýurdumyzyň eksportynda uly orun tutýar. Bu önümlere içerki bazarda, şeýle hem daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär. Gyýanlydaky polimer, Garabogazdaky karbamid, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän senagat toplumlary, “Maryazot” zawody bilelikde üstünlikli amala aşyrylan taslamalaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Akihisa Nagaşima ýapon kompaniýalaryna netijeli işlemek babatda döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda hem ýurdumyzda ýapon kompaniýalary bilen bilelikde iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň bu hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprelinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi geçiriler. Türkmenistan bu sergä gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýörite guramaçylyk topary döredilip, häzirki wagtda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Milli Liderimiz ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi we pursatdan peýdalanyp, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň hem-de “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýapon diliniň öwredilýändigini aýtdy we bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň, özara Medeniýet günlerini geçirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

05.02.2025

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň we Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek işleri dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, oba hojalyk işlerinde ulanyljak gurallary möwsüme taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek we ýerleri ekişe taýýarlamak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri tamamlanyp, häzirki wagtda pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri guramaçylykly dowam etdirilýär. Pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, häzirki wagtda olaryň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ýaz möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny hem-de olaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, çil, geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerleri taýýar edilip, häzirki wagtda olaryň tohumlaryny hem-de degişli tehnikalary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin zerur işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek we bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda degişli işler geçirilýär. Welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, gowaça ekişine taýýarlyk görmek işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek hem-de azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak, olary ekiş möwsümine çenli talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatlarda bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine aýratyn üns bermegiň, bu işlere gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmegiň, daýhan birleşikleridir hojalyklary bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň, daýhan birleşikleri bilen kärendeçileriň arasynda gowaça ösdürip ýetişdirmek boýunça şertnamalaryň wagtynda baglaşylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz gowaça ekişine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek üçin degişli işleri geçirmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we olar üçin ýerleri talabalaýyk taýýarlamagy, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, Mary welaýatynda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny zaýasyz ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

03.02.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda milli hem halkara tejribe öwrenilip, kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleri hukuk taýdan düzgünleşdirmek, hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça kanun taslamalary taýýarlanylýar. Mejlisiň deputatlary öňdebaryjy halkara tejribeleri öwrenmek, milli kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren maslahatlaryna we duşuşyklaryna gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz maglumaty diňläp, milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzda menzilara bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan bank işiniň täze usullaryny ornaşdyrmak, hususan-da, “Galkynyş” töleg ulgamyny işläp taýýarlamak babatda degişli işler geçirildi. Munuň özi edaralardyr şahsy taraplar üçin döwrebap hem-de ýokary hilli menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemäge, olaryň gerimini giňeltmäge, bank işiniň netijeliligini artdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bank hyzmatlarynyň hiliniň yzygiderli ýokarlanýandygyny, bu ugurda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Döwlet daşary ykdysady iş bankynda ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän “Galkynyş” töleg ulgamy bilen bagly teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow sarp edijileri nebit önümleri bilen üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde paýtagtymyzda we welaýatlarda täze ýaşaýyş toplumlaryny, senagat zolaklaryny, dürli önümçilikleri döretmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer nebit önümleri bilen sarp edijilere hyzmat edýän nokatlary has-da artdyrmak üçin netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda içerki sarp edijileri hem-de üstaşyr geçýän ulaglary ýangyç serişdeleri bilen üpjün etmek babatda döwrebap hyzmatlaryň ýola goýulýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz sarp edijilere edilýän hyzmatlary has-da gowulandyrmak maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda dowam edýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gowaça ekiljek meýdanlarda tekizlemek, geriş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek, gowaça çigidini, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ideg işleri, ilatymyzy ýeralma, gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär. Maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak we talabalaýyk idetmek, olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok hem ýyly gyşlatmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak babatda-da degişli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmegiň, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemegi hem-de tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamagy gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady. Şeýle-de bugdaý ekilen meýdanlarda talabalaýyk ideg işlerini alyp barmagyň, welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlarynda degişli agrotehniki çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça işleri netijeli ýola goýmagyň möhümdigini aýdyp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmek, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Tejenkarbamid”, “Marykarbamid”, “Garabogazkarbamid” zawodlary tarapyndan karbamid dökünleri öndürilip, ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijileri bu önüm bilen üpjün edilýär we olar daşary ýurtlara eksport edilýär. Häzirki wagtda zawodlaryň bökdençsiz, ygtybarly işledilmegini gazanmak üçin bu kärhanalary önümçilikde ulanylýan tehnologik enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanmaga aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky karbamid dökünini öndürýän zawodlara toplumlaýyn hyzmat etmek boýunça baglaşylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň 19-20-nji fewralynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň sekizinji mejlisini geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, hökümetara toparyň nobatdaky mejlisinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasy bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk edýändigini, şunda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hem netijeli ösdürilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň şöhratly taryhy we baý medeniýeti barada maglumatlary özünde jemleýän hem-de ýaş nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýeti bolan taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, düýpli öwrenmek, rejelemek, olaryň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hem-de halkara talaplara laýyk getirmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylyň ýazky möwsüminde taryhy-medeni ýadygärliklerde ylmy-barlag, rejeleýiş-dikeldiş işlerini dowam etdirmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda taryhy-medeni ýadygärlikleri giňden öwrenmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýüze çykarylýan arheologik tapyndylary halkara derejede giňden wagyz etmek işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde şu ýylyň fewral-mart aýlarynda sanly ulgam arkaly halkara okuw-usuly maslahaty we olimpiadalary geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli taýýarlanylan Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyndan ugur alnyp, 28-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli “Dil — hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi” atly halkara okuw-usuly maslahaty, 10 — 15-nji martda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasyny, 18-nji martda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Halkara okuw-usuly maslahata we olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, RF-niň, HHR-iň, ABŞ-nyň, Koreýa Respublikasynyň, BAE-niň, Awstriýa Respublikasynyň, GFR-iň, Rumyniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki onlarça döwletiň abraýly bilim ojaklarynyň zehinli ýaşlarynyň, alymlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Munuň özi ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagynda, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagynda möhüm ähmiýete eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň zehin-başarnygyny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara okuw-usuly maslahatyny hem-de halkara internet olimpiadalaryny geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasy barada hasabat berdi.

Abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şolaryň hatarynda ÝHHG hem bar. Bu gurama bilen gatnaşyklar dürli ugurlary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň dowamynda ÝHHG-niň esasy düzüm birlikleriniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny öňe sürmek boýunça degişli işleriň geçirilendigi bellenildi. Ýerine ýetirilen işleriň netijelerini jemlemek maksady bilen, 2024-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda Malta Respublikasynyň Walletta şäherinde gurama agza ýurtlaryň her ýylda geçirilýän geňeşiniň ministrler derejesindäki nobatdaky maslahaty boldy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň halkara we sebit derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary beýan edildi. Şunda halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk syýasatynyň mümkinçiliklerini ulanmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy. Şeýle-de ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny bilelikde dabaraly bellemek, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini bu guramanyň gün tertibine girizmek teklip edildi.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde 2025-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň meýilnamasynyň taýýarlanylandygyny habar berdi. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça anyk çäreleriň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Umuman, şu ýyl taslamalaryň 40-syny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, syýasy ulgamda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, kiberhowpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen taslamalar amala aşyrylar. Şeýle-de ykdysady we ekologiýa ugurlarynda birnäçe taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Olar ykdysadyýeti, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologik howpsuzlygy berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleriň çözülmegine gönükdirilendir. Mundan başga-da, ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly birnäçe taslamalar meýilleşdirildi. Olaryň çäklerinde ylym we bilim, adam hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, ýurdumyzyň demokratik institutlarynyň binýadyny kämilleşdirmek, gender deňligini üpjün etmek, raýatsyzlyk meselelerini çözmek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek ulgamlarynda degişli çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde gözegçilik edýän toplumynyň, hususan-da, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek hem-de awtomobil ulaglary arkaly ýük daşamak üçin ulag serişdelerini bökdençsiz we netijeli işletmek babatda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, ulag serişdelerini netijeli peýdalanmak üçin bu ugurda taýýarlanylan teklibi makullady we agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

31.01.2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna

Hormatly «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan uly üstünligiňiz, ýagny Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde sirk sungaty yzygiderli ösdürilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda sirk sungaty has-da kämilleşdirildi. Häzirki döwürde milli sirk sungatynyň gerimini giňeltmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Biz bu ugurdaky işlerimizi geljekde hem dowam ederis.

Gadyrly milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary!

Bilşiňiz ýaly, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde at üstünde oýnalýan milli oýunlary kämilleşdirmek üçin ähli şertler döredildi. Munuň özi ýurdumyzda sirk sungatynyň has-da ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary yzygiderli ýeňiş gazanyp, Watanymyzyň abraýyna abraý goşýar.

«Galkynyş» toparynyň türgenleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde geçirilýän halkara bäsleşiklerde baş baýraklara mynasyp bolup, türkmen tuguny belende galdyrdylar. Sirk dünýäsiniň iň meşhur bäsleşigi hasaplanýan Monte-Karlo sirk sungaty festiwalynda hem «Galkynyş» topary täsin çykyşlary bilen tomaşaçylary we emin agzalaryny haýran galdyrdy.

Hormatly «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary!

Siziň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagyňyz ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göteren şatlykly waka boldy. Sizi uly üstünligiňiz — beýik ýeňşiňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn, Size berk jan saglyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

 

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

31.01.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz şäherde gurluşyk işlerine gatnaşýan dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyp, olaryň alyp barýan işleri, öňde durýan wezipeler barada pikir alyşdy.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, yzygiderli tagallasy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryndaky işler döwrüň talabyna laýyk derejede dowam edýär. Bu ýerde gurulýan we durky täzelenýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna, gurluşyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.

Ir säher bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen milli binagärlik ýörelgelerini utgaşdyrmak arkaly bina edilen Arkadag şäherine geldi. Dünýä ähmiýetli forumlaryň we maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrülen, binagärlik, ekologik derejesi boýunça köp sanly halkara güwänamalara mynasyp bolan Arkadag şäheri belent ösüşleri nazarlaýar. Onuň keşbinde ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, Arkadag şäheriniň ýeten derejesi öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalarda oturdylmaly şekiller barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, seýilgähiň abadanlaşdyrylyşyna, bezeg aýratynlyklarynyň döwrebap talaplara laýyk gelmegine möhüm üns berilýär.

Milli Liderimiz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähler toplumynda oturdyljak şekilleriň görnüşlerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we şekillere degişli düzedişleriň girizilmelidigini tabşyrdy. Munuň özi dynç alýanlaryň wagtlaryny şatlykly geçirmeklerinde, seýilgähiň bezeg aýratynlyklarynyň häzirki döwrüň ruhuna we talabyna laýyk gelmeginde ähmiýetlidir. Şunda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmagy, ekologik talaplaryň berk berjaý edilmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, täze şäheriň çäginde alnyp barylýan işler häzirki zaman ylmynyň gazananlary we milli binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmalydyr.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi hem-de durky täzelenmegi meýilleşdirilýän durmuş we önümçilik maksatly binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar, durky täzelenýän desgalarda alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýy barada hasabat berdiler. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän sil suw akabasynyň üstünden geçýän köpriniň we onuň germewleriniň görnüşleri, seýilgähiň şekil taslamasy, Gökdepe şaýolunyň ugrundan üstaşyr geçýän, durky täzelenýän köp zolakly köpriniň şekil taslamalary, bu desganyň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri, awtobus duralgasynyň taslamasy bar.

Hormatly Arkadagymyz şekil taslamalary we desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň çägindäki gurluşyk işleriniň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeginiň, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmeginiň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigine ünsi çekdi. Köpriniň we beýleki desgalaryň sütünleri, germewleri, olaryň bezeg serişdeleri, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri şu günüň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Şäherde ilatyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, binalaryň berklik babatda bildirilýän talaplara, ýokary hil derejesine laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belläp, Milli Liderimiz bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň mynasyp bolan halkara baýraklaryna we güwänamalaryna laýyk derejede ösdürilmelidigini, şäheriň ähli düzümleriniň, gulluklarynyň sazlaşykly işini ýola goýmak bilen bagly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň depginini ýokarlandyrmak, onuň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli arassaçylyk, abadanlaşdyryş işlerini talabalaýyk ýerine ýetirmek meseleleri häzirki döwrüň möhüm talaby hökmünde kesgitlenendir.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde harby we hukuk goraýjy edaralaryň Arkadag şäherindäki bölümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Degişli bölümleriň ýolbaşçylary häzirki döwürde gözegçilik edýän gulluklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdiler. Hasabatlarda Arkadag şäherinde kanunçylygy berk berjaý etmek, tertip-düzgüni pugtalandyrmak, ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, düzgün bozulmalaryň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri barada maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, harby we hukuk goraýjy bölümleriň täze şäherdäki ýolbaşçylary degişli düzümleriň gulluklary bilen bilelikde iş alyp barýarlar.

Gahryman Arkadagymyz hasabatlary diňläp, Arkadag şäherinde tertip-düzgüni berjaý etmek babatda alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýola goýulmaýandygyny, harby we hukuk goraýjy bölümleriň işgärleriniň ýerine ýetirýän işlerine gözegçiligiň gowşadylandygyny belläp, olaryň guramaçylyk derejesine nägilelik bildirdi. Aýratyn-da, şäheriň çäklerinde düzgün-tertibiň berjaý edilişine gözegçilik etmeli gulluklaryň wekilleri bu işleri ünsden düşürdiler. Şeýle hem ýol-ulag düzümine degişli we beýleki gulluklaryň işi häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeýär. Bular barada aýtmak bilen, Milli Liderimiz degişli düzümleriň ýolbaşçylaryna gözegçilik edýän gulluklarynda ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi we işleri sazlaşykly ýola goýmagy tabşyrdy. Gahryman Arkadagymyz: “Watan öňündäki kasamyňyza wepaly bolup gulluk etmegiňizi hemmäňizden talap edýärin. Eger-de borjuňyzy ýerine ýetirmeseňiz, onda siziň özüňiz harby we hukuk goraýjy edaralar bolup düzgün-nyzamyňyzy ýerine ýetirmändigiňiz barada degişli temmiňizi alarsyňyz” diýip, olara berk tabşyryk berdi.

Soňra Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýan Koreýa Respublikasynyň “Korea Meditech Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny hem-de Ýaponiýanyň Koreýadaky “Sumitomo” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi.

Gahryman Arkadagymyz Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny belläp, Balkan welaýatynyň Gyýanly we Garabogaz şäherçelerinde amala aşyrylan taslamalaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn netijesidigini aýtdy. Ýurdumyzda işlenip taýýarlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterine degişli binalaryň gurulmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, lukman Arkadagymyz bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine döwlet derejesinde üns berilýändigini belledi.

Koreýa Respublikasynyň lukmançylyk edaralaryny enjamlaşdyrmak we gurmak boýunça oňyn tejribe toplan kompaniýasynyň ýolbaşçysy häzirki döwürde bu kompaniýanyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Ol Arkadag şäherinde meýilleşdirilen taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmagyň özleri üçin uly mertebedigini nygtady we ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylan taslamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

“Sumitomo” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşygyň dowamynda özlerine bildirilen ynam üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň ugurdaş kompaniýasynyň wekilleri bilen sazlaşykly işläp, kesgitlenen taslamanyň ýokary derejede amala aşyrylmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. Şeýle hem ol dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga örän şatdygyny nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini, türkmen tebigy gazynyň arassalyk babatda halkara ekologik talaplara laýyk gelýändigini belläp, lukmançylyk serişdelerini öndürmek üçin niýetlenen çig malyň hil derejesiniň örän ýokarydygyny nygtady. Türkmenistanda ekologik taýdan arassa, saglygy goraýyş babatda ähmiýetli ýod önümçiliginiň, buýan köküni taýýarlamagyň talabalaýyk alnyp barylýandygyna ünsi çekip, lukman Arkadagymyz bu önümlere halkara giňişlikde uly isleg bildirilýändigini aýtdy. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamynda öndürilýän serişdeleriň ekologiýa we hil babatda ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasterine degişli binalaryň enjamlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmelidigini belläp, Milli Liderimiz bu ugurdaky işleriň ylmyň ýokary gazananlary, täzeçil tehnologiýalar esasynda ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň iki tarap üçin hem ähmiýetli boljakdygyny we gatnaşyklaryň ykdysady taýdan bähbitlidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hyzmatdaş kompaniýalar bilen tutuş dünýä ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigine ünsi çekdi. Şeýle-de ýerine ýetirilýän gurluşyk we enjamlaşdyryş işleriniň ýokary hil derejesine eýe bolmagy, ornaşdyrylýan enjamlaryň häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna esaslanmalydygy aýdyldy. Şunda Arkadag şäheriniň ýolbaşçylary bilen bilelikde iş alnyp barylmalydygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz hyzmatdaş kompaniýalaryň ýolbaşçylaryna üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine geldi. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewleriň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galýandygyny aýratyn belledi. Şunda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna möhüm orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Hanbeg atly bedewe atlanyp, sirkiň manežinde öwrüm etdi. Bu görnüşler türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň berkarar bolmagy we dünýäde giňden ykrar edilmegi ugrunda tagalla edýän alym Arkadagymyzyň behişdi bedewlere goýýan hormatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Halk Maslahatynyň Başlygy dünýäde meşhurlyk gazanyp, türkmen tugunyň belende galmagyna, ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşýan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakoda geçirilen Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda uly üstünlikleri gazanandygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz täze şäherde ajaýyp ýeňşiň şanyna tutumly toýlaryň dabaralandyryljakdygyny belläp, toparyň agzalaryna mundan beýläk-de uly üstünlikleri, ajaýyp ýeňişleri arzuw etdi.

Dünýäde uly abraýa mynasyp bolan toparyň agzalary ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagy, ýurdumyzda atçylyk sportunyň we sirk sungatynyň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän alada üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyş aýtdylar. Şeýle-de olar milli atçylyk sportunyň has belent derejelere göterilmegi babatda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerden Arkadag şäheriniň jemagat hojalygy gulluklarynyň işi üçin niýetlenen tehnikalaryň ýanyna geldi. Hormatly Prezidentimiziň Arkadag şäherinde arassaçylygy we abadanlaşdyryş işlerini ýerine ýetirmek üçin satyn alyp beren täze tehnikalary şäheriň çäklerinde arassaçylyk hyzmatlaryny doly üpjün etmäge ukyplydyr. Tehnikalarda oturdylan enjamlar arassaçylygy ýokary derejede saklamaga, köçeleri we desgalaryň daş-töweregini abadanlaşdyrmaga ýardam berer. Sanly ulgam arkaly enjamlaşdyrylan tehnikalar şäheriň köçelerini arassalamakda, degişli abadanlaşdyryş işlerini geçirmekde dünýäde öňdebaryjylar hasaplanýar. Milli Liderimiz bu tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagynyň şäherde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etjekdigini belläp, döwrebap tehnikalara aýawly çemeleşip, olary netijeli işletmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

31.01.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly we yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, soňky ýyllarda onuň köp ulgamlary öz içine alýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, gyrgyz Liderine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi. Prezident Sadyr Žaparow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berip, Gyrgyzystanyň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de, öz gezeginde, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Ýurtlarymyz halkara giňişlikde ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça, şol sanda dünýäde we sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ekologiýa, suw meselesi ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin gyrgyz tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Biz Gyrgyzystanyň şeýle garaýşyna, özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek barada kabul edilen Kararnamany Gyrgyzystanyň goldandygyny aýratyn belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan hem, öz gezeginde, dostlukly ýurduň BMG-niň çägindäki halkara başlangyçlaryny, hususan-da, ekologik meseleler boýunça başlangyçlaryny goldaýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hyzmatdaşlygyň bu ugruna aýratyn ähmiýet berýär hem-de döwletleriň we halkara guramalaryň bu babatdaky tagallalarynyň, şol sanda buzluklaryň eremegi, dag ösüşi ýaly meseleleriň giň toplumynda tagallalaryň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Biz bu meseleleri BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly gün tertibine girizmek babatda Gyrgyzystanyň çemeleşmelerini goldaýarys diýip, Milli Liderimiz aýtdy. Türkmenistan sebitde tebigaty we ekologik gurşawy goramaga gönükdirilen çäreleri goldaýar. Munuň özi suw serişdelerini ýurtlarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň bähbidine rejeli hem deňagramly peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Er-Riýadda geçirilen “Bitewi suw” sammitinde Türkmenistanyň suw meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan edendigini aýdyp, ýurdumyzyň Gyrgyzystan bilen bilelikde bu meseleleri çözmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Ekologik deňagramlylyk babatda aýdylanda, ýurdumyzyň ýakynda Gyrgyzystanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Dag barsynyň halkara gününi yglan etmek baradaky Kararnamasyny goldandygyna üns çekildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Munuň özi iri halkara guramanyň çäginde ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegiň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigi bellenildi. Hökümet, diplomatik, pudak edaralary derejesinde yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. 2021-nji ýylyň iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana amala aşyran sapary bilelikdäki hereketlere kuwwatly itergi berdi. Saparyň dowamynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek barada möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Taraplaryň tagallalary netijesinde bu ylalaşyklar durmuşa geçirilýär. Munuň özi iki ýurduň ykdysady ösüşine uly goşant goşýar, şeýle hem sebitdäki ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň energetika pudagyndaky özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlygyny belläp, türkmen tarapynyň ony mundan beýläk-de ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady. Söhbetdeşler türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň uly kuwwatynyň bardygyny aýdyp, bu kuwwaty iki ýurduň, tutuş sebitiň ösüşiniň bähbidine durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň Türkmenistan üçin möhüm wakalara beslenýändigine ünsi çekdi. 2025-nji ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýär, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça bu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýylyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy. Konsepsiýada Türkmenistanyň ählumumy we sebit ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarydyr çemeleşmeleri, ýurdumyzda, BMG-niň, beýleki halkara guramalaryň meýdançalarynda geçiriljek iri halkara çäreleriň meýilnamalary beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek foruma çagyryp, Sadyr Žaparowyň oňa gatnaşmagynyň bu çäräni üstünlikli geçirmäge möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Sadyr Žaparow, öz gezeginde, Milli Liderimizi islendik amatly wagtda Gyrgyz Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow iki ýurduň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiklerini belläp, doganlyk halklara parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

30.01.2025

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Meýdanlary gowaça ekişine taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş we geriş çekmek işleri geçirilýär. Pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin agrotehniki çäreleri, hususan-da, bugdaýa ideg we meýdanlary ekişe taýýarlamak işlerini ýokary hilli geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlaryny, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem suw serişdelerini tygşytly, netijeli peýdalanmak maksady bilen, welaýatyň çägindäki derýalarda, suwaryş akabalarynda suwuň kadaly akymyny üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatyň ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suwaryş akabalarynda suwuň kadaly akymyny üpjün etmek maksady bilen, suwaryş, şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň oba hojalyk işlerini netijeli alyp barmagyň esasy şerti bolup durýandygyny belledi we häkime anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Pagtaçy babadaýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ýazky oba hojalyk möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda degişli arassaçylyk işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýa ideg etmek, ekerançylyk meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýokary hilli gowaça tohumyny, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary ekiş möwsümine taýýarlamak işleri dowam edýär. Häzirki wagtda welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suwuň kadaly akymyny üpjün etmek maksady bilen, welaýatyň çägindäki derýalarda we suwaryş akabalarynda degişli arassaçylyk işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, oba hojalygyny durnukly ösdürmäge hem ýardam berýändigini belledi we bugdaýa ideg etmek, meýdanlary ekişe taýýarlamak işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de ilatymyzy galla önümleri bilen bolelin üpjün etmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine görülýän taýýarlygyň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, geriş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagtaçy babadaýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatlarda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dowam edýän oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýokary hilli geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere möwsümleýin işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizleýiş, çil, geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işleri geçirmegi, tehnikalardyr gurallary ýaz ekişine talabalaýyk taýýarlamak üçin degişli işleri alyp barmagy, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we ýerleri talabalaýyk taýýarlamak, welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň çägindäki derýalarda we suwaryş akabalarynda suwuň kadaly akymyny üpjün etmek üçin degişli işleri geçirip durmagy, şu ýyl sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

27.01.2025

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine

Hormatly Watan goragçylary!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýram eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine bildirilýän uly ynamy, belent sarpany, olar hakynda edilýän çuňňur aladany giňden dabaralandyrýar.

2025-nji ýylda halkymyz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny uludan toýlaýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine daýanýan daşary syýasat strategiýasynyň özenini düzýän Bitaraplygymyzyň many-mazmunyny, ähmiýetini giňden wagyz etmäge gönükdirilen tutumly işler durmuşa geçiriler, dünýä jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemlejek halkara derejeli iri çärelere giň gerim berler. Taryhy jähetden wajyp ähmiýete eýe bolan şanly senäni mynasyp dabaralandyrmak maksady bilen, biz 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrdyk. Bu buýsançly şygarda parasatly pederlerimiziň parahatçylyk söýüjilik, raýdaşlyk, ynanyşmak, ynsanperwerlik ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Bu ýylda biziň öňümizde dünýäde parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmak ugrundaky tagallalary işjeňleşdirmek ýaly möhüm wezipeler durýar.

Eziz Watanymyzyň edermen ogullary!

Watan — bu şöhratly pederlerimiziň iň gymmatly mirasydyr. Onuň goragynda sak durmak her bir türkmen perzendi üçin mukaddes borçdur, belent mertebedir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýzünde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi bu borja jany-teni bilen berlen, ýurt goragyna ykbalyny baglan harby hünärmenleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýe boldy. Harby mekdebiň bu döwrebap binalar toplumy Watanymyzyň asudalygyny, abadan durmuşyny pugta goramaga hemişe taýýar edermen gerçekleri ýetişdirmek, bilimli-sowatly, harby hünäre wepaly nesilleri taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer. Bu harby bilim ojagynyň kämil, ýokary taýýarlykly, watançy serkerdeleri ýetişdirmäge hem-de ýurt parahatçylygyny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşjakdygyna pugta ynanýaryn.

Merdana Watan goragçylary!

Siz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişden buýsançly gadamlar bilen geçip, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň goragynyň ygtybarly gollardadygyny, Oguz han, Baýram han, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Soltan Sanjar, Soltan Jelaleddin ýaly merdana gerçekleriň mynasyp nesilleridigiňizi dünýä äşgär etdiňiz. Siz geljekde-de Watany goramak borjuny ähli zatdan belentde tutup, harby ylmyň we sungatyň gazananlaryny birkemsiz özleşdirmelisiňiz, watansöýüjiligiňiz, harby kasama wepalylygyňyz bilen belent mertebä mynasyp bolmalysyňyz. Siziň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, döwletimiziň halkara derejede iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak ýaly belent borçlara wepaly boljakdygyňyza, gerek bolsa, bu mukaddeslikler üçin şirin janyňyzy hem gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn.

Watanymyzyň wepaly ogullary!

Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda hereket edýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri Garaşsyz Watanymyzyň sarsmaz galasydyr, polat galkanydyr. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürdäki harby özgertmeleriň netijesinde, milli Ýaragly Güýçlerimiz kämil söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen yzygiderli üpjün edilip, kuwwatly goşuna öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertleriniň gowulandyrylmagy hemişe üns merkezinde saklanylýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi, dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň, amala aşyrýan harby özgertmeleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galar.

Garaşsyz Türkmenistanyň merdana gerçekleri!

Sizi Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar Berdimuhamedow.

27.01.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ykdysadyýetiň pudaklarynyň, durmuş syýasatynyň dürli ulgamlarynyň, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň goralmagyny, saýlawlaryň kämilleşdirilmegini kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda degişli işler geçirilýär. Şeýle-de Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatynyň kabul edilendigi, Özbegistanyň we Ermenistanyň doly ygtyýarly wekilleri bilen duşuşyklaryň geçirilendigi, olaryň dowamynda dostlukly ýurtlaryň arasynda deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz döwrebap kanunlary işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan”, 2025-nji ýylyň Döwlet býujetinden ugur alnyp taýýarlanylan “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy barada hasabat berdi. Maksatnama laýyklykda, 2025-nji ýylyň dowamynda makroykdysady görkezijileri we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamaga, milli ykdysadyýetiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli we toplumlaýyn ösdürmek, senagat-innowasion ösüşiň derejesini ýokarlandyrmak, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär.

Eksport ugurly we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmegiň hasabyna ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we netijede, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk, beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri dowam etdirmek, daşky gurşawy goramak çärelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, mundan beýläk-de döwrebap sanly tehnologiýalary, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmak, dürli ulgamlarda ilata edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, amatly işewürlik gurşawyny döretmek arkaly kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, ýurdumyza maýa goýumlary çekmegiň hem-de maýadarlary goldamagyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda işler geçiriler. Şunuň bilen birlikde, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem wise-premýer Maksatnamanyň taslamasynda 2025-nji ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijileriň, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalarynyň, ýerine ýetirilmeli işleriň, welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijileriniň bellenilendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, özleşdirilmegi meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberleri barada anyk sanlar we maglumatlar getirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, ähli pudaklarda döwrebap önümçilikleri döretmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu özgertmeleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem üstünlikli dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen taýýarlanan “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasyny makullady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň nebiti gaýtadan işlemek, içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, bu önümleriň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, degişli kärhanalaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak barada berýän tabşyryklary esasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebithimiýa senagatyny döwrebap derejede ösdürmäge, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz içerki sarp edijileri we daşarky bazarlary nebit önümleriniň zerur möçberi bilen üpjün etmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldady hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, gowaça ekiljek ýerleri tekizlemek, geriş we çil çekmek, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri geçirilýär. Azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlarda ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak hem-de olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak babatda hem netijeli işler geçirilýär.

Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, döwlet tebigy goraghanalarynda ösümlikleriň seýrek duşýan we gymmatly görnüşlerini köpeltmek, olary tebigy ösýän ýerlerinde ýaýratmak boýunça ylmy-synag meýdançalarynda ylmy-tejribe işleri alnyp barylýar. Ýabany haýwanlary, göçüp geçýän, ýurdumyzda gyşlaýan guşlary gorap saklamak hem-de olaryň seýrek duş gelýän görnüşleriniň sanyny hasaba almak we köpeltmek boýunça ylmy-barlag işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň, maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmegiň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny, gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki işleri, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda ýerleşýän biokärhanalarda abatlaýyş işlerini geçirmek hem-de işi döwrebap guramak, ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, olary ylmy taýdan öwrenmek boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy barada hasabat berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda şähergurluşyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýäniň ösen tehnologiýalaryny ulanmak arkaly dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň gurluşygyna uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilip, gurluşyk pudagyny ösdürmek üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan beýleki ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy” işlenip taýýarlanyldy. Şoňa laýyklykda, şu ýylda maýa goýumlar döwlet we sebit ähmiýetli taslamalar bolan “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrlaryna, “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasyna, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegine, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna, Balkan welaýatyndaky kuwwatlylygy 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyna, Jebel şäherçesindäki täze Halkara howa menziline, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluna, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köprä gönükdiriler. Sebitde iri taslamalaryň biri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna aýratyn üns berler.

Şeýle hem ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, maýa goýum serişdeleri ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, dürli maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyna uly möçberde maýa goýumlaryň gönükdirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasynda göz öňünde tutulan binalaryň we desgalaryň ýokary hilli gurulmagyna gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew dokma senagaty kärhanalarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda edara-kärhanalaryň onlarçasy hereket edip, olaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak babatda zerur işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, dokma senagatynyň hem milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, önümçilik kuwwatyny artdyrmak maksady bilen taýýarlanylýan teklibi makullady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa “Medeniýet hakynda”, “Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda taýýarlanan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi kitaphana işiniň dünýä ylmynyň gazananlaryna, ylmy-tehniki ösüşe, milli ýörelgelerimize laýyklykda kämilleşdirilmeginde uly ähmiýete eýe bolar. Hususan-da, kitaphanalaryň gaznasynda saklanylýan neşir önümleriniň hasabyna dürli neşir önümleri, şol sanda has köp okalýan kitaplar, okuw-usulyýet, ylmy edebiýatlar, çeper eserler, ensiklopediýalar, sözlükler neşir ediler hem-de kitaphanalara ýaýradylar. Maksatnamada bellenilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi kitaphana hyzmatyny guramak işiniň hilini ýokarlandyrmaga we many-mazmunyny baýlaşdyrmaga, ilatyň ylym öwrenmek, bilim almak mümkinçiliklerini artdyrmaga, Türkmenistanyň halkara derejede kitaphana işi babatdaky maksatlaryny ösdürmäge, Garaşsyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerinde medeniýet ulgamynyň ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli kitaphana ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, kitaphana işine innowasion ösüşleri ornaşdyrmagyň möhümdigini, merkezi kitaphanalarda döredilen bitewi elektron kitaphana ulgamyna hem aýratyn orun degişlidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýaş nesliň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri babatda toplumlaýyn işler geçirilýär. Konsepsiýa üç tapgyrda amala aşyrylyp, bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamy döredildi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen esasy dillerde we türkmen dilinde elektron sözlükler taýýarlanyldy, ykjam programmalar işlenilip düzüldi, okuw kitaplary neşir edildi. Ýurdumyzyň okuw merkezlerinde daşary ýurt dilleri boýunça bilimi bahalandyrýan halkara derejeli şahadatnamalary almak üçin ýörite taýýarlaýyş okuwlary ýola goýuldy. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, halkara derejeli bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara ölçeglere laýyk gelýän innowasion usulyýeti ulanmak arkaly 2024-nji ýylda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini özleşdiriş derejesini bahalandyrmak boýunça monitoring geçirildi. Onuň netijeleri bilen bagly jemleýji halkara ylmy maslahat guraldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Diýarymyzda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň innowasion usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy hem-de bu işi kämilleşdirmegi dowam etdirmek, täze okuw kitaplary bilen yzygiderli üpjün etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 19-20-nji ýanwarda Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 10 ýyl dolýar. Munuň özi saparyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Monakonyň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldap gelýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 20-nji ýanwarda Monakonyň Şazadasy Alber II bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda taraplaryň özara hyzmatdaşlygy, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlydygy tassyklanyldy. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda kabul eden Kararnamasyna üns çekildi. Onuň çäklerinde birnäçe iri çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma gatnaşmak üçin Şazada Alber II-ni Aşgabada çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

Gepleşikleriň dowamynda özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri, şol sanda daşky gurşawy goramak ugry gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda Türkmenistan we Monako möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýärler. Şeýle hem ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklara uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Şazada zenan Greýsiň gaznasy bilen hyzmatdaşlyk etmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Kosmos ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Monako halkara giňişlikde sporty we Olimpiýa hereketini ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri şertlendirýär.

Medeniýet we sungat ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolandygy aýratyn nygtaldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň dünýä derejesine çykan atly sportuny we sirk sungatyny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriniň aýdyň netijesi bolup durýar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň saparynyň Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň, hususan-da, Monako Knýazlygynyň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berjekdigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şol sanda Monako Knýazlygy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, ony has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu döwlet bilen özara bähbitli gatnaşyklary ilerletmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň zerurdygy nygtaldy.

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hasabatyny dowam edip, diplomatik gullugyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek we Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek üçin yzygiderli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary hakynda we Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanasynyň ýanyndaky metbugat attaşesi hakynda Düzgünnamalary, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet protokolynyň tejribesiniň Dessuryny işläp taýýarlamak baradaky teklipler hödürlenildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan köptaraplaýyn halkara şertnamalaryň 189-synyň agzasy bolup durýar. Şolaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar tarapyndan kabul edilen konwensiýalar, şertnamalar, ylalaşyklar, teswirnamalar bar. Şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň halkara resminamalara goşulmagy we olaryň çäklerinde hereketleri amala aşyrmagy bilen bagly degişli işleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda BMG-niň 2019-njy ýyldaky ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda ählumumy Konwensiýasyny hem-de 1952-nji ýyldaky ösümlikleriň karantini we goragy hakynda halkara Konwensiýasyny görkezmek bolar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan bilen dünýä ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn şertnamalaryň müňlerçesine gol çekildi. Häzirki wagtda ýurdumyz dünýäniň 156 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt döwletlerine we daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýurdumyza ýokary derejedäki saparlarynyň çäklerinde gol çekiljek resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleri alyp barmak teklip edilýär. Şeýle-de dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn döwletara, hökümetara, pudagara resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagy işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, parlamentara gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek baradaky teklip beýan edildi. Şundan ugur alyp, şu ýylyň fewralynda degişli meseleler boýunça pudagara iş duşuşygyny geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň esasy wezipesiniň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdygyny, şoňa görä, onuň hukuk esaslaryny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtap, bu ugurda taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew aragatnaşyk pudagyna ýöriteleşen halkara guramalar bilen sanly ulgamlary ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri Bütindünýä poçta birleşiginiň agzasy bolup durýar. Bu gurama tarapyndan halkara poçta alyş-çalyş amallaryny ýeňilleşdirmek üçin ähli poçta operatorlary tarapyndan “International Postal System” (IPS) atly sanly ulgamyň ulanylmagy göz öňünde tutulan. Ulgam poçtany dessin dolandyrmaga we elektron maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýän programma üpjünçiliklerini özünde jemleýär. Ýurdumyzyň bellenen poçta operatorlarynyň ulgama birikdirilmegi onuň halkara derejede bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we elektron söwdany ösdürmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynda sanly ulgamy ösdürmäge uly üns berilýändigini, bu ugurda halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä poçta birleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Poçta hyzmatlaryny halkara talaplara laýyk getirmek, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasyny Bütindünýä poçta birleşiginiň halkara sanly ulgamyna birikdirmek baradaky teklibi makullady hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

24.01.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktoryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory, Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça bütindünýä guramasynyň prezidenti Huseýn Al-Musallamy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Türkmenistanyň sporty ösdürmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berýändigini belledi. Şeýle hem ol Olimpiýa hereketini ösdürmäge, halkara derejeli türgenleri ýetişdirmäge berýän goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktoryny mähirli mübärekläp, onuň saparynyň Türkmenistan bilen bu düzümiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigini belledi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, bu ugurda giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, sport ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edip, bu babatda anyk çäreleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyz Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, ýöriteleşdirilen federasiýalar we beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu bolsa Türkmenistanda sport diplomatiýasynyň giňden goldanylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilendigi muňa mysal hökmünde görkezildi.

Şeýle hem 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 3-nji iýunyny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek barada kabul eden Kararnamasynyň ähmiýeti nygtaldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara sport ýaryşlary arkaly milli medeni hem-de ruhy gymmatlyklarymyz, ajaýyp däp-dessurlarymyz, ykdysady kuwwatymyz, ylym, bilim, sungat ulgamlaryndaky ösüşlerimiz dünýä ýaýylýar.

Söhbetdeşler Türkmenistanda sportuň suwdaky görnüşlerini ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sportuň bu görnüşleri dünýäde giňden ýaýrandyr we jemgyýetde berk bedenli, sagdyn şahsyýetleri ýetişdirmäge ýardam berýär.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy hem-de bu ugurda ýurdumyzyň başlangyçlaryna hemişe goldaw berýändigi üçin Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory, Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça bütindünýä guramasynyň prezidenti Huseýn Al-Musallama minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

23.01.2025

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, geçen ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça alnyp barlan işler hem-de Watan goragçylarynyň gününe taýýarlyk görlüşi barada bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen dürli çäreler toplumynyň yzygiderli geçirilendigini aýtdy. Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de ýurdumyzyň goranmak ukybyny ýokarlandyrmak ugrunda degişli işler alnyp baryldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de 2025-nji ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Ýaragly Güýçleri döwrebap harby tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda harby ulgamda innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan harby hünärmenleri taýýarlamak işleri ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça meseleleri gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Soňra Baş prokuror B.Muhamedow prokuratura edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwrebap tejribäniň we sanly ulgamyň peýdalanylmagy arkaly bu edaralaryň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler, şeýle hem prokuratura edaralarynyň işgärleriniň netijeli gulluk etmekleri we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak üçin döredilýän şertler barada hasabat berdi. 

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunlaryň ýerine ýetirilişine, hukuk namalarynyň kanunylygyna, hukuk bozulmalarynyň öňüniň alynmagyna prokuror gözegçiliginiň amala aşyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 -- 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny aýdyp, bu babatda Baş prokurora anyk tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow 2024-nji ýylda ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, ministrligiň garamagyndaky düzümleriň iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyşy, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, ýangyn howpsuzlygynyň we ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmegi üçin görülýän çäreler barada aýdyldy. Şeýle hem geçen ýyl we 2025-nji ýylyň başynda ýurdumyzyň welaýatlarynda ulanylmaga berlen döwrebap ugurdaş desgalar barada maglumat berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içeri işler edaralarynyň, şol sanda ýol gözegçilik we ýangyn howpsuzlygy gulluklarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ministrligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, onuň garamagyndaky ähli bölümlere sanly ulgamyň we öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekip, ministre işgärleriň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen işleri mundan beýläk-de dowam etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, kazyýet işine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler, şeýle hem degişli ösüş Maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi we kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýokary derejeli hünärmenleri saýlap almaga aýratyn üns berilmelidigini belledi hem-de kazyýet işgärleriniň hünär we bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini aýtdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy milli kanunçylygyň many-mazmunyny düşündirmek, hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak işlerini, şeýle hem Türkmenistanyň Kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kazyýet ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň ähmiýetine ünsi çekdi we Ýokary kazyýetiň başlygyna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilen işleriň we görlen çäreleriň netijeleri, düzümiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin döwrebap usullaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, öňde goýlan wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny belläp, ministre anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň geçen ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, serhet bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet serhediniň goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk serhedidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mukaddes serhedimiziň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň, serhet goşunlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, Gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagynyň möhümdigi barada aýtdy.

Şunuň bilen hatarda, döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen işleri gözegçilikde saklamagy Gullugyň başlygyna tabşyrdy.

Soňra adalat ministri M.Taganow milli kanunçylyk binýadyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem raýatlaryň hukuklary we borçlary barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ilata degişli hukuk kömegini bermek boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli kanunçylyk ulgamyny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet düzümleri tarapyndan işlenip taýýarlanylýan hukuk namalarynyň taslamalary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we hereket edýän kanunlara laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew geçen ýylda alnyp barlan işler, Gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem onuň işini ösdürmegiň Maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmek babatda görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artmagynyň, ulag-logistika mümkinçilikleriniň giňelmeginiň gümrük işiniň ýokary derejede guralmagyny, şol sanda ygtybarly gümrük gözegçiliginiň üpjün edilmegini talap edýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gullugyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, gümrük terminallarynyň häzirki zaman barlag-gözegçilik enjamlary bilen üpjün edilmegini, olaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, ugurdaş düzümler bilen halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmek işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda gullugy ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu düzümiň işgärleriniň gulluk etmegi, olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin zerur şertleriň döredilýändigi, 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahatyň geçirilendigi barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Gullugyň işini, şol sanda migrasiýa hyzmatlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, işgärleri taýýarlamak meselelerini Gullugyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, bu babatda tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle hem Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu işleriň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini belledi.

Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Bu baýram ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ata Watanymyza wepaly gulluk edip, onuň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny ygtybarly goramak, kanunçylygy üpjün etmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini, şeýle hem jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak Watan goragçylarynyň mukaddes borjudyr.

Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli harby gullukçylaryny we işgärlerini ýetip gelýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow giňişleýin göçme mejlisi tamamlap, hemmelere berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

22.01.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna saparynyň çäklerinde «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy.

Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary, ilkinji nobatda, ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbini özgertmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Milli Liderimiziň Monako saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Marten Buige salamyny ýetirdi we iri daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. “Buig” kompaniýasy Türkmenistanyň öňden gelýän hem-de ygtybarly işewür hyzmatdaşy bolup durýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýyl ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýändigini, bu şanly sene mynasybetli möhüm çäreleriň geçiriljekdigini nygtady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň makullamagynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetine üns çekildi.

Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda Marten Buig ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylan dünýä ähmiýetli taslamalarda hemişe türkmen halkynyň Milli Lideriniň gymmatly maslahatlaryndan, tekliplerinden ugur alynýandygyny belledi we kompaniýanyň geljegi uly türkmen bazarynda mundan beýläk-de öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz fransuz kompaniýasynyň ýurdumyzda durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berip, Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Aşgabat okgunly ösmek hem-de häzirki zaman megapolisine öwrülmek bilen, sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ornuny ynamly pugtalandyrýar. Halk Maslahatynyň Başlygy öňdebaryjy binagärlik, inženerçilik-tehniki pikiriň, milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleriniň sazlaşdyrylmagynyň, bu işlere döredijilikli çemeleşilmeginiň, innowasion tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagynyň, ekologik howpsuzlyk kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugrudygyny, şunda bina edilýän desgalaryň ýokary hil derejesiniň, olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagynyň üýtgewsiz talap bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, Milli Liderimiz Türkmenistanyň sanly ulgam boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini hem-de “Buig” kompaniýasynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda işewür kompaniýa bildirilýän uly ynam üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, “Buig” kompaniýasynyň geljekde hem öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna jogapkärli çemeleşjekdigine, taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

21.01.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna sapary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako saparynyň dowamynda 20-nji ýanwarda Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşyk geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyrýan bu sapary döwletara dialogy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy, Türkmenistan bilen Monakonyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 2015-nji ýylda ýola goýuldy. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän şu ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklara 10 ýyl dolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlaryny Monakonyň yzygiderli goldap gelýändigini bellemek gerek.

...Milli Liderimiziň awtoulag kerweni Monakonyň Şazadasynyň köşgüne bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi garşylamak dabarasy boldy. Köşgüň “Hormat garawuly” otagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň hem-de Şagyzy Stefaniýanyň bilelikde ýadygärlik surata düşmek dabarasy boldy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bilen Şazada Alber II-niň ikiçäk duşuşygy geçirildi.

Alber II türkmen halkynyň Milli Liderini mübärekläp, Monako gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň meselelerini çözmekde başlangyçly orny eýeleýändigini, munuň bolsa iki ýurduň arasyndaky dialogy özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik esasynda işjeňleşdirmek üçin möhüm şert bolup durýandygyny belledi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, halkara syýasatyň gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alşyp, iki ýurduň özara hyzmatdaşlygyny, şol sanda ony abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giňeltmäge ygrarlydygyny tassykladylar. Şeýle hem taraplar ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň, iki ýurduň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, sirk sungaty babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, dünýä syýahatçylygynyň Türkmenistana barha artýan gyzyklanmasy nazara alnanda, Monakonyň syýahatçylyk ulgamynda ýeten sepgitleri bu ugurda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hem-de özara bähbitli tejribe alyşmaga itergi berip biler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Şazada Alber II iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, döwrüň talabyna hem-de dostlukly halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmalydygyny nygtadylar.

Soňra duşuşyk iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II belent mertebeli myhmany hem-de ýurdumyzyň wekiliýetini mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, sapar bilen gelendigi üçin Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi hem-de Monakonyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu saparyň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýändigi nygtaldy. Alber II Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtap, ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň Monakoda goldanylýandygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Şazada Alber II-ä Monako Knýazlygyna gelmäge çakylygy hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik we hormat üçin minnetdarlygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň salamyny, hormat goýýandygy baradaky sözlerini ýetirdi. Gahryman Arkadagymyz 2015-nji ýylyň aprelinde Koreýa Respublikasynda Bütindünýä suw forumynyň çäklerinde Şazada Alber II bilen geçiren duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, onuň örän peýdaly bolup, netijeli pikir alyşmaga mümkinçilik berendigini belledi. Nygtalyşy ýaly, şol duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we ony ösdürmek üçin mümkinçilikler kesgitlenildi. Halk Maslahatynyň Başlygy 2015-nji ýylyň awgustynda Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak baradaky karara gelinmeginiň şol gepleşikleriň möhüm netijeleriniň biri bolandygyny aýtdy.

Şeýlelikde, şu ýyl bu möhüm kararyň kabul edilmegine 10 ýyl dolýar we meniň pikirimçe, bu ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek, iki halkyň bähbidine anyk işler bilen onuň üstüni ýetirmek üçin gowy sebäp bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, täze howplara garşy göreşmek ugrunda bilelikde işlemek babatda mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň dürli ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynda öňe süren halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin Monako Knýazlygyna minnetdarlyk bildirip, munuň ählumumy ösüşiň möhüm meselelerine iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşdigini görkezýändigini, özara düşünişmäge, hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyna ünsi çekip, ýurdumyz tarapyndan bu döwürde dünýä syýasatynda parahatçylyk ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna, dartgynlylygy peseltmek üçin şertleri döretmäge, möhüm meseleleri çözmekde jogapkärli hem-de netijeli çemeleşmelere geçmäge gönükdirilen birnäçe wekilçilikli halkara forumlaryň geçiriljekdigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Şazada Alber II-ni Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmak üçin Aşgabada çagyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu forumyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljekdigine ünsi çekip, türkmen halkynyň gadyrly we hormatly myhmanlarynyň hatarynda Şazada Alber II-ni görmäge şat boljakdygyny aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu duşuşygyň birnäçe möhüm ugurlardaky özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda amatly pursat hasaplanýandygyny, şolaryň hatarynda daşky gurşawy goramak meselesini aýratyn belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Monakonyň “ýaşyl başlangyjy” durmuşa geçirip, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň ýolbaşçylygyndaky gaznanyň suw gurşawynda ummanlary we biodürlüligi goramak ugrunda köp işleri durmuşa geçirýändigini nygtady hem-de Türkmenistanyň bütin dünýäde howanyň ýagdaýy boýunça gün tertibiniň şu we beýleki ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardygyny tassyklady.

Hyzmatdaşlygyň ýene bir ugry medeni-ynsanperwer ulgam bolup biler diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi hem-de Şazada zenan Greýsiň gaznasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň uly geljeginiň bardygyny belledi. Milli Liderimiz söwda-ykdysady ulgam barada aýdyp, hususy telekeçilikde, syýahatçylyk, maliýe babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy hem-de hyzmatdaşlyk we iş gatnaşyklary üçin usullary döretmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.

Hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi älem giňişligidir. 10 ýyl mundan ozal Monako Knýazlygy «TürkmenÄlem52oE» türkmen emeli hemrasynyň kosmosa çykmagy üçin uçjak ugruny beripdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn şertnamanyň möhletiniň 2030-njy ýylda dolýandygyny aýdyp, oňyn tejribä esaslanyp, ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda Türkmenistanyň ikinji emeli hemrany döretmegiň üstünde işleýändigini aýtdy we ony älem giňişligine çykarmaga taýýarlamakda bilelikde işlemek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Medeni hyzmatdaşlygyň wajypdygyna we ony ösdürmäge uly üns berýäris. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary şu günler Monte-Karloda dowam edýän halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşýar. Munuň özi Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we ýurdumyzyň bu gatnaşyklary has-da ösdürmäge, täze ugurlar bilen giňeltmäge taýýardygyny nygtap, başga-da özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň bardygyna ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sporty geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda sporta uly üns berilýär. Ýurdumyzda iri sport çäreleri yzygiderli geçirilýär we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ençeme döwrebap toplumlar, desgalar guruldy. Aşgabat “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edildi. Gahryman Arkadagymyz Şazada Alber II-niň sport hereketiniň we giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň tarapdarydygyny, onuň tagallalary bilen Monako Knýazlygynyň 2025-nji ýylda “Dünýäniň sport paýtagty” diýen hormatly ada eýe bolandygyny nygtady hem-de bu möhüm ugurdaky tagallalary birleşdirmek üçin ýurtlarymyzda bar bolan mümkinçilikleri we tejribäni sporty ösdürmek babatda ulanmagy teklip etdi.

Sözüniň ahyrynda Milli Liderimiz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Monakonyň taryhyna, medeniýetine uly hormat goýýandygyny we halkara syýasat boýunça döredijilikli garaýyşlaryna ýokary baha berýändigini belledi hem-de ýurdumyzyň ýakyn gatnaşyklara, özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Şazada Alber II çuň manyly çykyşy hem-de öňe süren teklipleri üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Ol ýurtlarymyzyň arasynda gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi hem-de öz ýurdunyň ony täze ugurlar boýunça ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra, sowgatlary alyşmak dabarasy boldy. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň täze tapgyryna özboluşly badalga bermek bilen, birek-biregiň medeni mirasyna, däp-dessurlaryna gyzyklanma bildirmegiň hem-de özara hormat goýmagyň nyşanyna öwrüldi. Bu dabara beýleki ugurlar bilen bir hatarda, medeni gatnaşyklaryň hem giňeldilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini görkezdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we Şazada Alber II resmi wekiliýetleriň agzalary bilen tanyşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasynyň köşgüniň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Günüň ikinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyz Monakonyň Okeanografiýa muzeýine baryp gördi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli garşylanyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, Okeanografiýa muzeýiniň taryhy, Monako Knýazlygynyň ozalky Şazadasy Alber I-niň okeanografiýa boýunça geçiren taryhy we ylmy işleri bilen tanyşdyryldy.

Monakonyň Okeanografiýa muzeýi 1910-njy ýylda Şazada Alber I tarapyndan döredildi we ol dünýäniň öňdebaryjy okeanografiýa hem biologiýa ugurly muzeýleriniň biri bolup durýar. Muzeý Ortaýer deňziniň kenaryndaky kert gaýada, 85 metr belentlikde ýerleşýär. Onuň içinde dürli ýöriteleşdirilen bölümler bar. Ummanlaryň ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek hem-de goramak bu muzeýiň esasy maksadydyr.

Şazada Alber I öz döwrüniň görnükli alymy bolupdyr. Onuň ylmy-barlag işleri köp ulgamlary, şol sanda okeanografiýany, geografiýany, tebigy ylymlary öz içine alýar. Ol 1889-njy ýylda Monakoda Okeanografiýa stansiýasyny esaslandyrýar. Soňra bu stansiýa deňiz biologiýasyny we okeanografiýany ylmy taýdan öwrenmek üçin merkez bolýar. Şazada Alber deňiz çuňluklaryny öwrenmäge gönükdirilen ekspedisiýalary işjeň goldapdyr we olaryň birnäçesine özi hem gatnaşypdyr.

Soňra Gahryman Arkadagymyza muzeýiň akwarium bölüminde dünýäniň dürli ýerlerinden getirilen balyklar, suwda ýaşaýan beýleki jandarlar we deňiz ösümlikleri barada gürrüň berilýär. Bu ýerde olaryň 6 müňden gowrak görnüşi bar. Deňiz ekoulgamlary bölüminde dürli ekoulgamlar, olaryň birek-birek hem-de daşky gurşaw bilen özara baglanyşygy barada gürrüň berýän eksponatlar ýerleşdirilipdir. Şeýle-de muzeýde birnäçe sergi zallary, şol sanda deňiz ekoulgamlarynyň köpdürlüligi barada maglumat berýän, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi ýaly meselelere bagyşlanan sergi zallary bar. Muzeý ylmy-barlag işlerine işjeň gatnaşyp, deňiz biologiýasyny öwrenmek, deňiz gurşawyny goramak meselelerine aýratyn üns berýär. Bu ýerde ýaş alymlar üçin ummanlaryň haýwanat we ösümlik dünýäsini içgin öwrenmäge gönükdirilen açyk umumy sapaklar, okuw maslahatlary, ussatlyk sapaklary yzygiderli geçirilýär.

...Daşky gurşawy goramak hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasda ösdürilmegi ugrunda tagalla edýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan häzirki we geljek nesilleriň bähbidine ählumumy ekologiýa meselelerini, şol sanda Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleleri netijeli çözmek başlangyçlary bilen çykyş edýär. Ýurdumyz bu ugurda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, milli we umumy bähbitleri nazara almak, sebitde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek, Hazarýaka döwletleriň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen baglanyşan halklarynyň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanýan syýasaty amala aşyrýar.

Tebigatyň täsinligi bolan Hazar deňzi dünýäde umman gelip çykyşy bolan iň iri içerki suw howdanydyr. Ol biziň günlerimize çenli öz ajaýyp gözelligini, tebigy künjekleriniň köpdürlüligini, baý ösümlik we haýwanat dünýäsini saklap gelen genji-hazynadyr. Hazar deňziniň ösümlik hem haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemik, ýagny diňe şol ýere degişli bolup, sebitiň biologik dürlüliginiň gymmatly genofondyny düzýär. Hazar deňziniň sebitinde ýaşaýan halklaryň, tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine tebigatyň beren bu peşgeşini gorap saklamak, ýurdumyzda amala aşyrylýan ekologiýa maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň esasyny düzýär.

Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenarýaka zolagynyň tebigatyny goramak boýunça çäreleri düzgünleşdirýän birnäçe resminamalara, şol sanda BMG-niň suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýerleri hökmünde halkara ähmiýeti bolan suw-batgalyk ýerler hakynda Konwensiýasyna (Ramsar Konwensiýasy), Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa (Tähran Konwensiýasy) goşulandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki iri forumlaryň münberinden beýan eden hem-de daşky gurşawy, şol sanda Hazar deňziniň ekologiýasyny goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurda öňe süren teklipleriniň hatarynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioserişdelerini gorap saklamak, birnäçe ekologiýa meselelerini çözmek bilen baglanyşykly wezipeleriň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlyk etmäge halkara meýdança boljak «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek baradaky teklibiň bardygyny nygtamak gerek. Şeýle hem ýurdumyz deňiz gurşawynyň ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek, Hazar deňziniň bioserişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak baradaky garaýyşlarynyň, bu ugurda bilelikde işlemegiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, Hazarda ylmy barlaglary geçirmek hakynda ylalaşygy işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi.

Hazaryň kenarynda dünýä derejesindäki şypahana toplumynyň — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi sebitiň mineral-çig mal, biologiýa, şypahana-dynç alyş, syýahatçylyk mümkinçilikleri peýdalanmaga toplumlaýyn hem-de oýlanyşykly çemeleşmegiň nusgasy bolup hyzmat edýär. Halkara ekologik talaplara laýyk gelmegi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky şypahanalaryň we myhmanhanalaryň, senagat kärhanalarynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Bu ýerde täze seýilgähleriň, ýaşyl zolaklaryň döredilmegi netijesinde has amatly howa gurşawy emele gelýär.

...Gahryman Arkadagymyz muzeýiň ýolbaşçylaryna işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Nissa şäheriniň Halkara howa menziline ugrady. Bu ýerde Milli Liderimiz Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş eden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy.

Hormatly Arkadagymyzyň Monakoda saparda bolýan günlerinde at üstündäki oýunlar topary halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi ýurdumyzda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen täzeden dikeldilen türkmen sirk sungatynyň dünýä derejesine çykýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» toparynyň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň dünýä ýurtlary, şol sanda Monako Knýazlygy bilen medeni hyzmatdaşlygy giň gerim bilen ösdürýändigini, milli atçylyk sportuny ösdürmek ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Milli Liderimiz Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalyna «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynyň türkmen halkyny diýseň buýsandyrýandygyny, behişdi bedewlerimiziň ençeme asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ýakyn syrdaşy bolmak bilen, ýurdumyzyň ösüşleriniň beýanyna öwrülendigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ata-babalarymyzyň «At — myrat», «Atym bar — ganatym bar» diýen parasatly sözleri halkymyzyň bedewlere goýýan hormatyndan nyşandyr. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, olaryň baş sanyny artdyrmak ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary 2007-nji ýylda döredildi. Toparyň işi bu günki günde has-da kämilleşdi. «Galkynyş» toparynyň agzalary ahalteke bedewlerinde çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýärler. At üstünde täsin oýunlary görkezýärler.

Milli Liderimiz bu toparyň ençeme halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara mynasyp bolandygyny, dünýäniň çar künjünde türkmen tuguny belende göterendigini, dürli ýurtlarda geçirilen halkara sirk festiwallarynda 5 gezek baş baýraga mynasyp bolup, dünýä çempiony diýen belent derejä eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ynha, bu gün hem Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda türkmen tuguny belentde parladyp, baş baýraga mynasyp bolduňyz. Ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýdyňyz. Siziň geljekde hem halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, milli atçylyk sungatymyzyň şan-şöhratyny beýgeltjekdigiňize berk ynanýaryn diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» toparynyň agzalaryny täze ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda gazanan uly üstünligi, beýik ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz tarapyndan 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy bolup işlän, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň halk atşynasy, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew toparyň dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, ýeňişleri gazanandygyny hem-de bu ýeňişleriň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň aýdyň netijesidigini buýsanç bilen belledi.

Nygtalyşy ýaly, “Galkynyş” topary birnäçe ýyllap Monte-Karloda geçirilýän halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşyp, onda ýeňiş gazanmagyň arzuwynda bolupdy. Bu gün bolsa yzygiderli yhlasyň, irginsiz türgenleşigiň netijesinde şol arzuw hasyl boldy hem-de Türkmenistanyň ýaşyl tugy belentde parladyldy. Gahryman Arkadagymyzyň toparyň agzalary bilen duşuşyp, olary gazanan ýeňşi bilen gutlamagy toparyň türgenlerini uly üstünliklere ganatlandyryp, çäksiz buýsanç döretdi.

P.Baýramdurdyýew pursatdan peýdalanyp, toparyň ähli agzalarynyň adyndan Milli Liderimizi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gazanylan ýeňiş bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hoşallyklaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny gazanan ajaýyp ýeňşi bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de olara üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinden Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagatdan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş bolup, Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň hem-de onuň dowamynda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini belledi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bu sapar Ýewropa ýurtlary, şol sanda Monako Knýazlygy bilen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam eder hem-de Türkmenistanyň we Monakonyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny açar. Gahryman Arkadagymyz şular barada aýtmak bilen, bu saparyň hem-de onuň dowamynda geçirilen gepleşikleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmelidigini aýdyp, bu babatda metbugat wekilleriniň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny aýratyn nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

21.01.2025

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE KANADANYŇ TÜRKMENISTANDA TÄZE BELLENEN ILÇISI YNANÇ HATYNY GOWŞURDY

 

2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kristofer Daggandan Ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

Duşuşygyň barşynda Ilçi Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýurdumyzda maksatnamalaýyn amala aşyrylýan işler hem-de milli Parlamentiň düzümi bilen tanyşdyryldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi hakyndaky özara pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi. 

21.01.2025

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda pagtanyň öndürilýän möçberini artdyrmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş we geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Önüm öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, ýazky ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň möhümdigini belledi we bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek işleri geçirilýär. Ekiş möwsüminde önüm öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek hem-de oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda ýeralmanyň we gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda bu ekinleriň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda degişli işler alnyp barylýar. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny, suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim gyş möwsüminde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, agyz suwy, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, ýazky ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew sebitdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak üçin alnyp barylýan işleriň çäklerinde topragy fosfor döküni bilen gurplandyrmak, sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Pagtaçy daýhanlary welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak hem-de möwsüme taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, bu ekinleriň tohumlaryny taýýarlamak işleri dowam etdirilýär. Ekin meýdanlarynyň daş-töweregini, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim häzirki günlerde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň we jemgyýetçilik binalarynyň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg hem-de ýazky ekişe taýýarlyk işleriniň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we häkime anyk tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Hususan-da, tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek, oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekişe taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem welaýatda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleriniň çäklerinde ekin meýdanlarynyň daş-töweregini, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri dowam etdirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň gowaça hasylynyň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, geriş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Welaýatlarda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we ministre häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizleýiş, çil, geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işleri geçirmegi, tehnikalary, gurallary ýaz ekişine talabalaýyk taýýarlamak babatda degişli işleri alyp barmagy, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmek, welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklar berildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş, şor suw akabalarynda arassalaýyş işleriniň yzygiderli geçirilmegini, welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň işledilişini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

20.01.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly kabul edilen maksatnamalaryň hukuk esaslaryny döretmek, raýatlaryň azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, ýurdumyzda hukuk tertibini we kanunylygy pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Mejlisiň deputatlary syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bilelikde şu ýylyň we onuň nyşanynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek, ýurdumyzyň kada-kanunçylygyny kämilleşdirmek babatda degişli işleri alyp barýarlar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň hem-de bu ugurda degişli çäreleri görmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmak we abraýyny ýokarlandyrmak, “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri çözmek üçin ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Ol Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Beýik Britaniýanyň “Fitch Ratings” agentligi bilen geçiren işleri barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, bu ugurda halkara agentlikler bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň wajypdygyny belledi we taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalarda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar we has oňaýly iş şertleri döredilýär. Munuň özi pudakda zähmet çekýän işgärleriň has netijeli işlemegini üpjün etmäge, zähmet öndürijiliginiň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, pudakda zähmet çekýänler üçin amatly iş şertleriniň döredilýändigini aýtdy hem-de bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalygy pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň gowaça ekiljek meýdanlarynda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Tekizleýiş, geriş, çil çekmek hem-de ýuwuş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem wise-premýer şu ýyl Diýarymyzda oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, degişli Kararyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny habar berdi we ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatlarda häzirki jogapkärli möwsümde alnyp barylýan işlere möhüm ähmiýet bermegiň, ýazky ekişe gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmaga, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmagyň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Welaýatlar boýunça 2025-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän pudaklaryna, hususan-da, elektroenergetika pudagyna degişli binalary we desgalary gurmak, durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, paýtagtymyzyň günorta bölegindäki asma ýoluň talabalaýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu işler türkmen gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde Aşgabat şäheriniň keşbiniň barha gözelleşýändigini, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş merkezleriniň, medeni-durmuş maksatly binalaryň yzygiderli gurulýandygyny aýtdy we paýtagtymyzda ýerleşýän asma ýolda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek hakynda resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Aşgabat şäherinde Owganystanyň önümleriniň sergisini we işewürlik maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 23 — 27-nji fewralynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu çärelere goňşy ýurduň haryt öndüriji kompaniýalarynyň hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän işewürleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Serginiň we işewürlik maslahatynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleri Owganystana eksport etmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Owganystanyň önümleriniň sergisiniň we işewürlik maslahatynyň geçirilmeginiň türkmen-owgan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Gazet-žurnallaryň redaksiýalary tarapyndan dürli döredijilik bäsleşikleriniň yglan edilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ýokary hem-de hünär-tehniki, orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly uniwersiadanyň we spartakiadanyň sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Fewral aýynyň esasy çäreleriniň hatarynda “Täze taryhy döwrüň dünýä nusgalyk ösüşleri — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş ýörelgesi” atly dabaraly maslahat, “Sungat — parahatçylygyň dili” atly şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi, “Milli ýörelgelerimiz nesil terbiýesinde”, “Türkmen Bitaraplygy — halkara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň kepili” atly maslahatlar, “Parahatlyk — geljege mukaddes miras” atly dabaraly çäre hem bar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, fewral aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige, kliniki ordinatura kabul etmegiň meseleleri barada hasabat berdi.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek, ylym ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan inženerleri, tehnologlary, lukmanlary we beýleki hünärmenleri taýýarlamak üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän 2025-nji ýylda ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň sany baradaky resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, berkarar Watanymyzda ylym ulgamyny kämilleşdirmäge, alymlary, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýändigini, bu ulgamy ösdürmek boýunça köp işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige, kliniki ordinatura kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtap, degişli resminama gol çekdi hem-de ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýewropa Bileleşigi hem-de oňa agza ýurtlar bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu gatnaşyklaryň çäklerinde anyk çäreler görülýär. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen 2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçiren duşuşygyny bellemek bolar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumanyň, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýneniň Aşgabada saparlarynyň bolandygy barada aýdyldy. 2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň Brýussele sapary boldy. Onuň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wezipeli wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi hem-de ÝB we oňa agza döwletler bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga Teswirnama gol çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, Aşgabatda we Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda parlamentara dialogyň, Bilelikdäki komitetiň mejlisleri yzygiderli geçirilýär, şeýle hem adam hukuklary boýunça dialog hereket edýär.

“Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda giň möçberli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar, şol sanda dürli derejede duşuşyklar, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça forumlar guralýar. Mälim bolşy ýaly, bu formatyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 2023-nji ýylyň oktýabrynda Lýuksemburgda geçirilen nobatdaky duşuşygynda sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki “Ýol kartasy” kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda 2025-nji ýylda Aşgabatda parlamentara dialogyň nobatdaky duşuşygyny, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji mejlisini geçirmek, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissarynyň Türkmenistana sapary bilen baglanyşykly teklipler hödürlenildi. Şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň hem-de Ýewropa Geňeşiniň we Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda guraljak duşuşyk bilen bagly teklip beýan edildi. Bu duşuşygy şu ýylyň aprelinde Samarkantda geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanda zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, gender syýasatyna aýratyn üns berilýär. Bu ugurda daşary ýurtlar hem-de halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň zenan ýolbaşçylarynyň forumyny geçirmek teklip edilýär. ÝB bilen bilelikde ikitaraplaýyn we sebit derejesinde dürli ulgamlarda birnäçe taslamalardyr maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna bilim, daşky gurşawy goramak, ekologiýa, ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýeti ösdürmek babatda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça maglumatlardyr teklipler hödürlenildi. Şunuň bilen birlikde, Ýewropa Komissiýasynyň “Horizon Europe”, “Marie Sklodowska-Curie Actions” maksatnamalary, Ýewropa Gözleg geňeşi bilen gatnaşyklar ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä, Türkmenistanyň Bilim ministrligine we Ylymlar akademiýasyna olardan netijeli peýdalanmak boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz döwletimiziň öz oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna pugta eýerip, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini, geljekde-de parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürip, «Açyk gapylar» syýasatynyň dowam etdiriljekdigini belledi. Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklarda gazanylan guwandyryjy netijeler munuň aýdyň güwäsidir. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beýan edilen teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli deňiz we derýa ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýerli we daşary ýurt deňiz gämileri abatlanylýar, milli flotumyz üçin täze deňiz gämileriniň gurluşygy alnyp barylýar. Gämilere hyzmat etmek işleriniň hilini has-da ýokarlandyrmak babatda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýük gämileriniň gurluşygynyň milli senagatyň täze ugry bolup durýandygyny we Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň işini kämilleşdirmäge ýardam berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

17.01.2025

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

 

2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Ermenistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň ýolbaşçysy Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky ýola goýlan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, türkmen Parlamentiniň işi bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Taraplar geljekde özara hormat goýmak, deňhuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryny Parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga taýýardyklaryny beýan etdiler. 

 

 

 

 

17.01.2025

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

 

2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we  Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem oňa iki  goňşy  ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy   mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, türkmen Parlamentiň düzümi                                      hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady  özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Ýurdumyzyň sebitde we dünýäde  parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň binýadyny berkitmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

 Şeýle hem taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklary halkara derejede — abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde mundan beýläk-de ösdürmek babatda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

 

17.01.2025

Ahal welaýatynda ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklaryň geçirilmegi dowam etdi

 

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen döredilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, gazet-žurnallaryň wekillerinden düzülen toparyň Ahal welaýatyna iş saparynyň çäklerinde şu ýylyň 16-njy ýanwarynda wagyz-nesihat duşuşyklarynyň geçirilmegi dowam etdi. 

Şeýle duşuşyklar dürli pudaklarda zähmet çekýän watandaşlarymyzyň, Mejlisiň deputatlarynyň, ýaşuly nesliň, häkimlikleriň wekilleriniň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň,  ýaşlaryň gatnaşmagynda Tejen etrap häkimliginde, Babadaýhan etrabynyň Babadaýhan dokma toplumynda, Sarahs etrabynyň Bereket obasynda ýerleşýän 27-nji orta mekdepde geçirildi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili özüniň çykyşynda ýurdumyzyň hemişelik, oňyn bitaraplyk syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, howpsuzlygy berkitmekde uly orna eýedigini, şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny has-da berkitmek maksady bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny, bu işlerde raýatlarymyzyň teklipleriniň örän wajyp bolup durýandygyny belledi.

Welaýatyň il sylagly ýaşulusynyň hem-de halk maslahatynyň wekiliniň çykyşlarynda ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň raýatlarynyň jemgyýetdäki ornuna ýokary baha berilýändigini, ýaşlarymyzy watançylyk, halallyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde giň mümkinçilikleriň döredilýändigi aýdyldy.

Duşuşyklardaky çykyşlarda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň halkara gatnaşyklarda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrjakdygyna ynam bildirildi.  

Duşuşyklara gatnaşyjylar tutuş adamzadyň bähbitleri üçin parahatçylyk dörediji syýasaty alyp barýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman  Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan buýsançlaryny beýan etdiler. 

16.01.2025
1 ... 10 11 12 13 14 ... 57