Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Mejlisinde dabaraly çäre geçirildi

 

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde giňden dabaralandyrylýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak  ýylynyň bahar paslynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli köpöwüşginli baýramçylyk çäreleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde zähmet çekýän zenanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak çäresi geçirildi.

Dabara gatnaşyjylar eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, türkmen halkynyň we her bir maşgala ojagynyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik işleri hem-de zenanlar barada döwlet derejesinde edilýän bimöçber aladalar, döredilýän mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

06.03.2025

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümlerine sanly ulgamy, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, serkerdeleriň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda amala aşyrylan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Harby doktrinasynyň ýurdumyzda parahat we abadan durmuşyň ygtybarly kepilidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçlerimizi mundan beýläk-de döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmegiň, Goranmak ministrliginiň, onuň garamagyndaky düzümleriň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, serkerdeleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet bermegiň, Ýaragly Güýçlerimizi kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.

Baş prokuror B.Muhamedow kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine prokuror gözegçiligini amala aşyrmak, sanly ulgamy işjeň ulanmak, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen şu ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunda sanly ulgamy has giňden ornaşdyrmaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, prokuratura edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga zerur ähmiýet berilýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada-da aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimizde kanunlaryň ýerine ýetirilişine, hukuk namalarynyň kanunylygyna yzygiderli prokuror gözegçiligini amala aşyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek, hukuk tertibini üpjün etmek boýunça şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde degişli düzümleri döwrebap enjamlardyr tehnikalar bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar, sanly ulgam işjeň ulanylýar. Şeýle hem hasabat döwründe Watan goragçylarynyň güni mynasybetli birnäçe desgalaryň açylyp ulanmaga berlendigi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini ýokary derejede üpjün etmek, jenaýatçylygyň, beýleki hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň, ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin içeri işler edaralaryna sanly ulgamy we işiň täze usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekip, degişli görkezmeleri berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, degişli düzümlere sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, kazyýet işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekip, kanunylygyň we hukuk tertibiniň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik etmegiň wajypdygyny aýtdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy düzgün bozulmalary ýüze çykarmaga, olary döredýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmaga, kazyýet edaralarynyň işiniň hilini, kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, Watanymyzda parahatçylygy üpjün etmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady we birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew Watanymyzyň serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaş serhetçileri watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça geçen iki aýda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň serhetleriniň goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň binýady bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli düzümleri täze tehnikalar bilen üpjün etmek, serhet goşunlaryny ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirmek bilen bagly meselelere hemişe üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna serhetlerimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hususan-da, milli kanunçylyk işini kämilleşdirmek, ýolbaşçylyk edýän düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak üçin degişli teklipleriň taýýarlanylyşy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň öňde durýan esasy wezipeleriň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň bu ulgamdaky öňdebaryjy tejribesini öwrenmek zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we kanun taslamalaryny taýýarlamak, taslamalara hukuk taýdan netijenama bermek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek, edara-kärhanalarda, raýatlaryň arasynda kanunçylygy düşündirmek bilen bagly çäreleri yzygiderli geçirmek barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerini täze tehnikalar bilen üpjün etmek, olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, gullugy ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Döwlet gümrük gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny nazara almak bilen, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýörite okuwlary yzygiderli guramagyň wajypdygyny nygtady. Ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň ulanmak döwletimiziň serhedinden geçirilýän harytlaryň we ýükleriň talabalaýyk gözden geçirilmegini üpjün edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we gümrük nokatlarynda ygtybarly gümrük gözegçiligini alyp barmagy, bu düzümiň maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek işini dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýylyň iki aýynda görlen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda işgärleriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde döwrebap desgalaryň ulanmaga berlendigi aýdyldy. Şeýle hem migrasiýa hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu düzümiň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramagyň işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny talap edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda migrasiýa ýagdaýlaryna ygtybarly gözegçilik etmek, raýatlara migrasiýa babatda ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini belledi. Şunda bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

05.03.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň gurluşyklary bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Häzirki wagtda Diýarymyzda döwrebap lukmançylyk edaralaryny gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi lukman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Paýtagtymyzyň günorta künjeginde halkara görkezijilere we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede bina edilýän, täzeçil tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylýan lukmançylyk edaralarynyň toplumy kemala geldi. Şolaryň hatarynda Halkara pediatriýa merkezi hem möhüm orny eýelär. Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiz 2023-nji ýylyň martynda bu lukmançylyk desgasynyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşypdy.

Ir bilen Gahryman Arkadagymyz gurluşygy batly depginde dowam edýän 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň bina edilýän ýerine geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz şäher ýollarynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny, Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzda ýöriteleşdirilen “Tiz kömek” awtoulaglarynyň bellenen aralygy bökdençsiz geçip bilmekleri üçin degişli işleriň amala aşyrylmalydygyny belledi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysadyýet ylymlarynyň doktory, professor, düýpli ylmy işleriň awtory lukman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, onuň hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen yzygiderli durmuşa geçirilmegi milli saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini we hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde häzirki zaman lukmançylyk edarasynyň binalarynyň özboluşly aýratynlyklaryny, onuň bölümleriniň enjamlaşdyrylyşyny, merkeziň içki we daşky bezeg işlerini, ulanylýan dürli serişdeleriň görnüşlerini şekillendirýän taslamalar bilen tanyşdy. Olarda paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän lukmançylyk edaralarynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, daşky germewleriniň görnüşleri öz beýanyny tapýar.

Paýtagtymyzda täze gurulýan Halkara pediatriýa merkeziniň binalary, onda ýerleşdiriljek bölümler, merkezde oturdylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň görnüşleri, gurluşykda ulanylýan bezeg serişdeleri barada Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri S.Annanyýazowa hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, täze saglyk merkeziniň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylýar. Merkeziň bölümlerinde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylar. Şunda birnäçe enjamlaryň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde-de ilkinji gezek ornaşdyrylýandygyny nygtamak gerek. Şeýle-de bu ýerde emeli aňyň mümkinçilikleriniň ulanylmagy lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün eder. Şol bir wagtyň özünde, lukmanlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek meselelerine zerur üns berilýär.

Lukman Arkadagymyz taslamalar, merkezde oturdylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň görnüşleri, olaryň aýratynlyklary, binalaryň içki we daşky bezeg işleriniň ýagdaýy bilen tanşyp, öz maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz täze merkeziň täze garaýyşly we uzak geljegi nazarlaýan hassahanadygyny, sebitde ilkinji gezek ornaşdyrylýan enjamlarda işlejek lukmanlaryň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň ähli düzümleriniň, lukmançylyk edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, adamlaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, gurluşykda ulanylýan serişdeleriň berkligine, döwrebaplygyna, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna toplumlaýyn esasda çemeleşilýär. Şol bir wagtyň özünde, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, oňa adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň giňden çekilmegini üpjün etmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Munuň özi ynsan saglygynyň goralmagynda, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde wajypdyr. Şu barada aýtmak bilen, Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigine ünsi çekdi.

Halkara pediatriýa merkezinde newrologiýa, endokrinologiýa, ortopediýa, allergologiýa, çaga kesellerini döwrebap anyklamagyň we bejermegiň beýleki möhüm ugurlary boýunça işlejek lukmanlaryň hünär derejesine zerur üns berilýär. Endoskopiýa, funksional we şöhle bilen anyklaýyş, mikrobiologiýa we bakteriologiýa, psihiatriýa, audiologiýa, endokrinologiýa, gematologiýa, patogistologiýa barlaghanalary, operasiýa bölümleri ýokary derejede enjamlaşdyrylar. Merkeziň barlaghana bölümlerinde ornaşdyrylan enjamlar çagalarda duş gelýän islendik keseli gysga wagtyň içinde anyklamaga hem-de gerekli netijäni bermäge ukyplylygy bilen tapawutlanýar.

Lukman Arkadagymyz täze merkeziň bölümlerinde, otaglarynda reňkleriň sazlaşygyna aýratyn ähmiýet bermelidigini belledi. Onuň çagalar üçin niýetlenendigini nazara alyp, binanyň bezeg aýratynlyklarynyň, reňkleriniň çagalaryň ünsüni özüne çekmelidigini, olarda ýakymly täsirleri galdyrmalydygyny aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda häzirki zaman tejribesiniň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekdi hem-de öz maslahatlaryny berdi.

Soňra Milli Liderimiz bu ýerde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň, Halkara kardiologiýa merkeziniň intensiw bejeriş bölüminiň müdiriniň, birnäçe ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda işleýän «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň sebit müdiriniň orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda täze merkeziň gurluşygyny ýokary derejede tamamlamak we ony döwrebap ýagdaýda enjamlaşdyrmak, binanyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň dowamynda Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleriniň depginleri, onda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri, ugurdaş desgalaryň üpjünçilik meseleleri barada giňişleýin hasabatlar berildi. Şeýle hem hasabatlarda bu ýerde işlejek lukmanlaryň dünýäniň öňdebaryjy klinikalarynda bolup, tejribe toplandyklary, degişli ugurlar boýunça hünär derejeleriniň kämilleşdirilendigi hakynda aýdyldy. Gahryman Arkadagymyz täze enjamlar bilen işlemek, olary dolandyrmagy başarýan hünärmenleri taýýarlamak meselelerine ünsi çekdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda geljegimiz bolan çagalarymyzyň berk bedenli bolmagy, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilmelidir diýip, Milli Liderimiz belledi.

Gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeler, binanyň içki we daşky bezeg aýratynlyklary, merkeziň awtoduralgalarynyň ýerleşjek ýerleri, bölümlerde oturdyljak häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň görnüşleri hakynda-da hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde sanly tehnologiýalar, emeli aňyň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylar. Munuň özi ýola goýulýan lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün eder hem-de keselleri anyklamagyň, onuň bejeriş ugurlaryny kesgitlemegiň möhletini gysgaltmaga ýardam berer. Lukman Arkadagymyz ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyzda bina edilýän saglygy goraýyş edaralarynyň enjamlaşdyrylyşyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini belledi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň we onuň halkymyzyň, şol sanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda oňyn netijeleri berýändiginiň aýdyň beýanydyr. Innowasion tehnologiýalaryň, dünýä belli kompaniýalaryň öňdebaryjy enjamlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy, häzirki zaman saglyk edaralarynyň giň ulgamy we olaryň hünärmenleriniň dünýäniň iri merkezlerinde hünär taýýarlyklaryny geçmekleri gysga wagtyň içinde hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, ilatyň ortaça ömür dowamlylygyny ýokarlandyrmaga, şol bir wagtyň özünde çagalaryň sazlaşykly ösüşini pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halkyň saglygynyň diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, häzirki we geljek nesilleriň röwşen geljeginiň hem berk binýadydygyny belläp, döwrebap merkeziň halkymyza uzak ýyllaryň dowamynda ýokary derejede hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, paýtagtymyzyň gözel künjeginde bina edilýän saglyk merkezleriniň hojalyk işlerini şäher häkimligi bilen ylalaşykda ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde täze merkeziň gurluşygynda, onuň hojalyk düzüminde alnyp barylýan işler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow şäheriň häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň toplumynyň kemala gelen ýerinde alnyp barylýan işler, ýerine ýetirilýän arassaçylyk hem-de abadanlaşdyryş işleriniň ýagdaýy we paýtagtymyzda degişli ekologik derejäni saklamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz hasabaty diňläp, Aşgabadyň bu gözel künjeginiň özbaşdak şäherçä öwrülendigine ünsi çekdi. Bu saglyk şäherçesi öz ýollary, bagy-bossanlygy bilen şäheriň görküne görk goşýar. Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygynyň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi näsag çagalara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesini hem-de hilini has-da ýokarlandyrar. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendigini nobatdaky gezek subut edýär. Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň aňrysynda geljegimiz bolan çagalaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň Watana wepaly, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri ugrundaky aladanyň ýatandygyny belledi we bu babatda ýaýbaňlandyrylan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak ugrunda alyp barýan asylly işlerinde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

04.03.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde Ispaniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy

 

2025-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rikardo Martines WaskesdenYnanç hatyny kabul etdi. 

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda Mejlisiň Başlygy hormatly Ilçini Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösmegine, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli milli maksatnamalar we toplumlaýyn özgertmeler bilen tanyşdyrdy.

Soňra Diplomat Mejlisiň düzümi we ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm guralydygy bellenildi.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny bildirip, dünýä giňişliginde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen giňden tanalýan Türkmenistanda öz ýurdunyň adyndan wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Ispaniýa Patyşalygynyň arasyndaky dostlukly, netijeli gatnaşyklaryň täze, anyk mazmun bilen mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

04.03.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşyk geçirildi

 

2025-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda myhmanlar Türkmenistanyň alyp barýan içeri hem-de parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we milli Parlamentiň düzümi, alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.  Halkara guramalar, Ýewropa Bileleşigi bilen köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigi hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlar boýunça giňeldilýändigi bellenildi. 

Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda soňky ýyllarda gazanylan ylalaşyklaryň, kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmagyň, şeýle hem ýurdumyzyň ÝB-niň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklarynyň döwrebap binýadyny kemala getirmäge ýardam edýän parlament wekilleriniň duşuşyklarynyň hem-de bilelikde geçirilýän okuw maslahatlarynyň ähmiýetini bellediler.

Hususan-da «Ýewropa Bileleşigi – Тürkmenistan» Parlamentara dialogynyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat edaralarynyň arasynda we hyzmatdaşlygyň aýry-aýry meseleleri boýunça Konsultatiw duşuşyklaryň, şol sanda «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» formatyndaky özara hereketleriň netijeliligi barada aýdyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar geljekde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga taýýardyklaryny beýan etdiler. 

04.03.2025

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, sebitde möwsümleýin işler dowam etdirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek, ony talabalaýyk geçirmek maksady bilen, meýdanlary hem-de ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde guramaçylykly geçirilmeginiň ekinlerden ýokary hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow sebitde dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, hususan-da, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişini bellenen wagtda tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň berjaý edilmeginiň ýokary hilli önüm almaga ýardam berýändigini belledi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işler dowam etdirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta öndürijiler üçin sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik mukdary taýýarlanyldy. Welaýatda soganyň ekişine hem girişildi. Şeýle-de häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini nygtady we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitdäki möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda şu ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil, geriş çekmek işleri geçirilip, ýuwuş suwuny tutmak çäresi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şeýle hem pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak babatda degişli işler geçirilýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde şu ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ekerançylyk meýdanlarynda tekizleýiş, geriş çekmek, tagt suwuny tutmak, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini bellenen möhletlerde geçirmek, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny we tohumyny ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda meýilleşdirilen dabaraly çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň talabalaýyk we guramaçylykly geçirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtap, bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýyl Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek barada öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary, önüm öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Halkymyzy ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini geçirmek işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek, ekinlerden bol hasyl almak arkaly ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, taýýarlyk we ýuwuş suwuny tutmak işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, pagta öndürijileri ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişiniň depginini güýçlendirmek, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini gazanmak, Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara ünsi çekip, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

03.03.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iş toparlarynda degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän kanunlara üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek işleri dowam etdirilýär.

Şeýle hem Mejlisiň Başlygy ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada habar berdi. Nygtalyşy ýaly, saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň adyndan şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma çakylyk haty gowşuryldy. Dostlukly ýurduň Baştutany çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Türkiýe bilen Türkmenistanyň ählumumy we sebitleýin howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde garaýyşlarynyň gabat gelýändigini aýtdy. Şeýle hem Rejep Taýyp Ärdogan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen bagly kabul eden Kararnamasyny Türkiýäniň goldandygyny buýsanç bilen belledi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň martynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşynyň taryhy waka bolandygyna hem ünsi çekdi.

Saparyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda iki doganlyk ýurduň parlamentara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berjek parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň ähmiýeti bellenildi. Pursatdan peýdalanyp, D.Gulmanowa ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny halkara derejede giňden wagyz etmek, türkmen wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasynda iş saparynda bolmagy üçin döreden mümkinçiligi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

“Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneleri sarpalamak we olara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada-da aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna halkara standartlar esasynda audit barlaglaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmegi kämilleşdirmegiň, bu işi bellenen halkara standartlar esasynda guramagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda zerur çäreler görülýär. Hususan-da, nebit guýularyndan uglewodorod serişdelerini çykarmak, nebithimiýa senagatyny ösdürmek babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlygyň esasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny çig malyň goşmaça möçberleri bilen üpjün etmek, onuň kuwwatyny netijeli peýdalanmak babatda alnyp barylýan işler munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitleriň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda 2025-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda Kararyna laýyklykda, gowaça ekiljek meýdanlarda tekizlemek, geriş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, gowaça tohumyny taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýurdumyzyň ilatyny ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, welaýatlarda ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny möwsüme taýýarlamak işleri dowam etdirilýär.

Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy. Häzirki wagtda Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky tokaý hojalyklarynda saýaly, pürli we çöl ösümlikleriniň nahallaryny ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işlerini yzygiderli alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Bugdaý ekilen meýdanlara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki işleri öz wagtynda geçirmek, ekiş möwsümi üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamaga möhüm ähmiýet bermek, ýazlyk gök-bakja ekinleriniň tohumlaryny ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamak, ýazky bag ekmek möwsümine gowy taýýarlyk görmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnologik enjamlary bilen üpjün edilen hem-de senagat önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge niýetlenen täze senagat kärhanalary gurulýar. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümleriniň 120 müňüsini öndürýän zawodyň gurluşyk-gurnama işleriniň üstünlikli tamamlanmagy hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu täze kärhananyň işe girizilmegi ýerli gurluşyk önümlerine bolan islegleri kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda senagat önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulýandygyny, senagat kärhanalarynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlarynyň giňden ornaşdyrylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere täze “Bäherden” keramiki önümler kärhanasyny işe girizmek boýunça taýýarlyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, telekeçilik ulgamyny ösdürmek, hususan-da, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini döretmek boýunça hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu ýylyň 17 — 19-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergini hem-de “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forumy guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň ösdürilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň tutýan ornunyň yzygiderli artýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulan sergini, «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem wise-premýer Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň bökdençsiz işini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär. Bu önümleriň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar, daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda ýokary hilli, ekologik taýdan arassa dokma önümleriniň öndürilýändigini, häzirki wagtda bu önümleriň içerki we daşarky bazarlarda giň orun alýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz dokma kärhanalarynyň önümçilik enjamlaryny netijeli işletmek bilen bagly taýýarlanylan teklipleri goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, mart aýynyň başynda bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk konsertlerini, dürli maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, aýdym-sazly dabaralary, sport ýaryşlaryny, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek, yglan edilen bäsleşikleriň jemini jemlemek meýilleşdirilýär. 7-nji martda Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna eýe bolan zenanlara hormatly adyň nyşanynyň we şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasyny, bu hormatly ady alan, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren zenanlara, köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasyny hem-de şol gün Mukamlar köşgünde baýramçylyk konsertini guramak göz öňünde tutulýar. 8-nji martda bolsa Söwda-senagat edarasynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa şu ýylyň 7-8-nji aprelinde saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, forumy ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly geçirmek hem-de onda pediatriýanyň, onkologiýanyň, amaly lukmançylyga sanly tehnologiýalary we intellektual-seljeriş ulgamlaryny ornaşdyrmagyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Saglygy goraýyş ministrliginiň we öňdebaryjy klinikalarynyň professorlarynyň, ýurdumyzyň hassahanalarynyň lukmanlarynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglyk merkezleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, saglygy goraýyş boýunça nobatdaky Türkmen-german forumyny geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow kiberhowpsuzlyk ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri ýurdumyzyň sanly ulgamynyň maglumat we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekden hem-de kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu babatda daşary döwletler, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Şundan ugur alnyp, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň dünýäniň tehnologik taýdan ösen ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, ýurdumyzyň sanlylaşdyrmak boýunça kabul edilen konwensiýalara goşulmagy bilen bagly zerur çäreleri görmek, milli kanunçylygy halkara resminamalara laýyklykda kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem halkara guramalar bilen degişli okuwlary, maslahatlary yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar.

«Sanly ulgamyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekde daşary ýurt döwletleri hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2025 — 2027-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanylýar. Bu resminamalar şu ugurda bilelikdäki işleri amala aşyrmaga, özara tejribe alyşmaga, hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda çözmäge ýardam berer. Agzalan Maksatnamada we Meýilnamada daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen degişli şertnamalary baglaşmak, döwletara gatnaşyklarda milli bähbitleri goramak, kiberhüjümler barada maglumat alyşmagyň ýollaryny kesgitlemek, halkara derejede kiberhowpsuzlyk we kiberdiplomatiýa boýunça kabul edilýän çözgütleri ýurdumyzda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny berkitmegiň hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde daşary ýurt döwletleri hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew aragatnaşyk pudagyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzdan üstaşyr ýokary hilli we tizlikli maglumat akymlaryny geçirmäge amatly şertleriň bardygyny göz öňünde tutup, Türkmenistan bilen goňşy döwletleriň arasynda maglumat geçirijilik birikmeleriniň sanyny we maglumat geçirijilik tizligini artdyrmagyň, aragatnaşyk geçirijiligi goşmaça ätiýaçlandyrmagyň mümkinçilikleri öwrenildi. Bu babatda degişli işleriň geçirilmegi Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm üstaşyr maglumat geçiriji ýurt hökmünde ornuny has-da berkitmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän maglumat geçiriş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de goşmaça maglumat geçiriş beketlerini gurnamak barada taýýarlanylan teklipleri makullap, agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, perzentlerine mynasyp edep-terbiýe bermekde, jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmekde eziz enelerimize, zenanlarymyza uly ornuň degişlidigini belledi. Yhlasly zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýyny belende göterýän mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy örän ýokarydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini aýdyp, baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak we bu ada mynasyp bolan zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak çärelerini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

28.02.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Bütindünýä bankynyň we Halkara maliýe korporasiýasynyň wekilleri bilen duşuşygy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassani, bankyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory hanym Tatýana Proskurýakowa, Halkara maliýe korporasiýasynyň Merkezi Aziýa we Türkiýe boýunça sebitleýin direktory hanym Wibke Şlýomer bilen duşuşdy.

Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, ykdysady özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerini aýratyn bellediler. Hanym Antonella Bassani pursatdan peýdalanyp, Bütindünýä bankynyň ýolbaşçysynyň Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de halkara maliýe guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna ýokary baha berip, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky möhüm ornuny, Milli Liderimiziň bu ugurda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtadylar hem-de hormatly Arkadagymyzy, ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iri halkara maliýe düzümleriniň wekillerini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Bütindünýä bankynyň ýolbaşçysyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmanlaryň saparynyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary barada pikir alyşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirip, gepleşikleriň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek möhüm orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyz bu ugurda Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, geçen ýyllaryň dowamynda bu bankyň saglygy goraýyş, bilim, ulag, aragatnaşyk, energetika ýaly pudaklarda ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe bolan birnäçe taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşandygyny nygtady. Ulag ulgamy hem Türkmenistan üçin möhüm strategik ugurlaryň biridir. Ulagyň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygynyň üpjün edilmegi uly ähmiýete eýe bolup, şu maksat bilen, köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazarüsti halkara gatnawlary işjeňleşdirmegiň, bu ugurdaky kuwwatlyklary doly peýdalanmagyň möhümdigi bellenildi.

Milli Liderimiz Ýewropa we Aziýa sebitlerini birleşdirýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstaşyr geçirijiligini artdyrmak boýunça uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak babatda Bütindünýä bankynyň anyk tekliplerine seretmäge, şeýle hem bu bank bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz we iri halkara maliýe düzümleriniň wekilleri netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

28.02.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň Konsullyk, parlament we eýranlylaryň işleri boýunça orunbasary Wahid Jalalzade bilen duşuşyk geçirildi

 

2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň Konsullyk, parlament we eýranlylaryň işleri boýunça orunbasary Wahid Jalalzade bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda  syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, söwda we beýleki ugurlar boýunça köp taraplaýyn häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak hem-de geljekde berkitmek barada pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem dünýä we sebit derejesinde parahatçylyk, durnukly ösüş, hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlaryna ýokary baha berildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary duşuşygyň dowamynda iki ýurduň Parlamentleriniň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň berkidilmeginiň we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alşylmagynyň, ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işjeňliginiň artdyrylmagynyň, ugurdaş komitetleriň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň tarapdarydygyny belledi.

28.02.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima bilen duşuşygy geçirildi

 

2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we köpýyllyk tejribäniň ähmiýetini nygtadylar.

D.Gulmanowa Türkmenistan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň BMG-niň düzüm birlikleri we beýleki abraýly halkara guramalar bilen parlament işini, milli kanunçylygy kämilleşdirmek we bilelikdäki maksatnamalaýyn taslamalary durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy hem-de parlamentara gatnaşyklaryň kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga, şeýle hem dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge bolan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmaga ýardam edýändigini nygtady. 

Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatyny hem-de onuň çäklerinde Parlament forumyny ýokary derejede geçirmek üçin alnyp barylýan guramaçylyk we taýýarlyk işleri barada pikir alşyldy. Şeýle hem bu Forumyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin hereketleriň Maksatnamasyny amala aşyrmakda we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmekde öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de bu ugurda tejribe alyşmaga möhüm ädim boljakdygy bellenildi. 

Taraplar ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini bellemek bilen, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilen 2025-nji ýylda bilelikde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. 

28.02.2025

Türkmenistanyň Prezidenti «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawidi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ähli ulgamlarda, şol sanda halkara giňişlikde gazanýan üstünlikleriniň ähmiýetini belledi. Şeýle hem ol ak mermerli Aşgabadyň gözel keşbiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistany dünýäde giňden tanatmak boýunça dürli ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we halkara media agentlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunda Ýewropanyň öňdebaryjy media düzümi bolan «Euronews» telekompaniýasy bilen ençeme ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň medeni we taryhy mirasyny dünýä tanatmak, syýahatçylygy ösdürmek ýaly ugurlarda «Euronews» bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada aýratyn belläp geçdi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň baý milli medeni mirasy we taryhy ýadygärlikleri bar. Türkmenistan dünýäniň iň gadymy medeni merkezleriniň biri bolup, häzirki wagtda syýahatçylyk üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyz diňe bir taryhy ýadygärliklere däl, eýsem, tebigy gözelliklere hem baýdyr. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, Köpetdagyň dag etekleri, Garagum sährasy syýahatçylyk babatda uly artykmaçlyklara eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Euronews» telekompaniýasynyň ýörite gepleşiklerinde Türkmenistan barada degişli wideofilmleriň görkezilýändigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şeýle hem şu ýyl biz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny giňden belläp geçeris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Pedro Wargas Dawidi 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çagyrdy hem-de onuň halkara foruma gatnaşmagynyň çäräniň üstünlikli geçmegine uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ozal ýerine ýetirilen we geljekde göz öňünde tutulýan taslamalar barada-da pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde-de «Euronews» telekompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, Pedro Wargas Dawide jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

27.02.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistana ilkinji gezek gelýändigini we munuň özi üçin buýsançly wakadygyny belledi.

Milli Liderimiz Pedro Wargas Dawidi myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Türkmenistanda «Euronews» telekompaniýasy ýaly abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda öňdebaryjy tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanyp, depginli ösýän habar beriş ulgamynyň giň köpçülige ýetirýän täsirini belläp, millionlarça tomaşaçysy bolan «Euronews» telekompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjiligi, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, ynanyşmagy ündeýän başlangyçlaryny dünýä ýaýmak ugrunda işleri mundan beýläk-de ilerletmäge ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi aýratyn nygtaldy. «Euronews»-iň habarçylarynyň 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyny, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, şol ýyl ýurdumyzda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisini, 2018-nji ýylda «Amul — Hazar» halkara awtorallisini, 2019-njy ýylda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyny beýan etmäge gatnaşmagy muňa aýdyň mysaldyr.

Şu ýyl biz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny belleýäris. Geçen döwrüň içinde sebit we dünýä ähmiýetli örän köp işler edildi. Olar häzirki wagtda-da üstünlikli amala aşyrylýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletlerini, halkara guramalary parahatçylygy, dostlugy, özara hormat goýmagy, ynanyşmagy pugtalandyrmak ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýandygyny nygtady. Milli Liderimiz bu maksatlary giň köpçülige ýetirmek işiniň «Euronews» ýaly meşhur, ygtybarly we iri köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň goldawy bilen mümkin boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Pedro Wargas Dawid ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini, bilelikde köp işleri amala aşyryp boljakdygyny we häzirki wagtda bu ugurda netijeli başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugry, dürli ulgamlarda ýetýän belent sepgitleri, baý medeni mirasy, gözel tebigaty dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. Ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, ykdysadyýet, medeni-ynsanperwer, syýahatçylyk ugurlarynda bar bolan mümkinçiliklerini giňden ýaýmak boýunça meşhur köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda «Euronews» telekompaniýasyna möhüm orun degişlidir. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bu düzümiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk üstünlikli durmuşa geçirildi. Ýurdumyz barada ykdysady, medeni-ynsanperwer häsiýetli wideoşekiller ýylyň dowamynda «Euronews» teleýaýlymynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, bu işleri geljekde-de dowam etdirmegiň wajypdygy, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany hödürledi. Bu resminama 86 döwletiň goldamagynda biragyzdan kabul edildi. Gahryman Arkadagymyz munuň örän möhüm ädim bolandygyny aýtdy.

Pedro Wargas Dawid Ýer ýüzünde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýan Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygyny, munuň bolsa ýurduň döwlet Baştutanynyň alyp barýan çuňňur oýlanyşykly strategiýasynyň aýdyň netijesidigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda şu ýylyň şygaryna laýyklykda, milli we halkara derejede dürli syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunda dünýä Liderleriniň gatnaşmagynda guraljak halkara forum esasy çäreleriň biri bolar. Bu forumy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda ýokary derejede geçirmek göz öňünde tutulýar. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň bu ugurda meýilleşdirýän işleriniň Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda anyk beýan edilendigini, Konsepsiýa giň köpçülige elýeterli bolar ýaly, onuň metbugatda hem çap edilendigini aýtdy. Milli Liderimiz bu resminamada maglumat we habar beriş işine aýratyn üns çekilýändigini belledi we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan dürli çäreleri, dialog meýdançalaryny «Euronews» bilen hem guramagy teklip etdi.

Şunda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak has-da ýerlikli bolar. «Euronews» telekompaniýasynyň dürli torlarynda köp sanly ulanyjylary bolan sahypalary bar. Agzalan Konsepsiýada parahatçylygyň we ynanyşmagyň ynsanperwer däplerini wagyz etmek işine ýaşlaryň ählumumy çekilmegini gazanmakda jemgyýetçilik torlarynyň uly mümkinçilikleri göz öňünde tutulandyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we ýurdumyzda ýaş žurnalistleriň, bu ugurda okaýan talyplaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýändigini belledi. Şoňa görä, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň bu ugurda «Euronews» bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça tekliplere garamaga taýýardygyny tassyklady.

«Euronews» telekompaniýasynyň ýolbaşçysy BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy bolan Türkmenistanyň bu iri halkara gurama bilen dialogy yzygiderli ösdürýändigini, ýurdumyzyň başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygyny nygtady we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, Pedro Wargas Dawid «Euronews»-iň ýörite akademiýasynyň bardygyny belläp, bu ugurda türkmen žurnalistleri bilen özara tejribe alyşmaga, tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň baý medeniýeti, taryhy, syýahatçylyk üçin döredýän mümkinçilikleri baradaky maglumatlary giň köpçülige has täsirli ýetirmek ugrunda täze taslamalara we mümkinçiliklere seretmäge taýýardygyny tassyklady.

«Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy behişdi ahalteke bedewleriniň özünde uly täsir galdyrandygyny hem-de bu meşhur atlaryň hakyky muşdagy bolan Milli Liderimiziň şeýle özboluşly bedewleriň tohum arassalygyny gorap saklamaga, geljek nesillere ýetirmäge ägirt uly goşandynyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem ol Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görendigini, türkmen halkynyň döreden bu ajaýyp sungatyny, däp-dessurlaryny metbugatda giňden wagyz etmegiň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawide alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.

27.02.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Halkara Zähmet Guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, bu guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin Býurosynyň direktory hanym Beate Andres bilen duşuşygy

 

2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Halkara Zähmet Guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, bu guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin Býurosynyň direktory Beata Andres bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlaryň ähmiýeti barada pikir alşyldy. 

Taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň arasyndaky  köptaraplaýyn häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň, geljekde Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn gatnaşyklarda işjeňleşdirmegiň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen birlikde geçen ýylda tassyklanylan Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin ýol kartasynyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň ähmiýetine üns berildi. Şonda milli kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmekde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen, 2024-nji ýylda «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigi bellenildi.

Bulardan başga-da, Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmak arkaly şertnama-hukuk binýady berkitmek, tejribe alyşmak, durmuş ulgamy boýunça hyzmatdaşlar bilen yzygiderli duşuşyklary, gepleşikleri guramak barada pikir alşyldy we gurama tarapyndan geçirilýän çärelere gatnaşmagyň, alnyp barylýan işleriň   has-da netijeli bolmagynda tagallalary birleşdirmegiň möhümdigi bellenildi. 

Taraplar her bir döwletde adam hukuklarynyň üpjün edilmeginde, şeýle hem adam hukuklary babatda borçnamalaryň we ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmeginde halkara guramalar bilen alnyp barylýan ýakyn hyzmatdaşlyga uly ornuň degişlidigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu ugurda «Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy», «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy» we «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy» esasynda işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi. 

Duşuşygyň çäklerinde Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri türkmen tarapynyň bu ugurdaky işleriniň netijelerine ýokary baha berip,  ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlyga bolan garaýyşlaryny mälim etdiler.

27.02.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

 

2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk toparynyň başlygy hanym Juzi Prinçiniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. 

Mejlisiň Başlygy myhmanlary Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzda gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy hem-de Türkmenistan bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda geçirilen sekizinji mejlisiň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belläp, onuň geljekde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy hem-de türkmen tarapy Ýewropa döwletleriniň bu teklibi goldandygy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.   

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl üçin meýilleşdirilen we geçirilýän çäreleri nazara almak bilen, Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran häzirki saparynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. 

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belläp, şertnama-hukuk binýadyny berkitmekde, özara tejribe alyşmagy giňeltmekde, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde, ony hil taýdan täze derejä çykarmakda ikitaraplaýyn parlamentara duşuşyklaryň, okuw maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdiler.

27.02.2025

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILLERI TÜRKMEN-KATAR PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDYLAR

 

Katar Döwletine iş saparyny amala aşyrýan türkmen wekiliýeti  saparyň dowamynda türkmen-katar parlamentara dostluk toparynyň birinji mejlisine gatnaşdylar. 

Duşuşykda türkmen tarapy Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Parlamentiň düzümi hem-de ýurdumyzda gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-katar parlamentara dostluk toparynyň köpugurly türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolýandygy nygtaldy.

Şeýle hem parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen, parlamentara dostluk toparynyň işiniň ilerledilmeginiň geljekde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň ýol açmaga itergi berjekdigi bellenildi. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak işini dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. 

 

 

26.02.2025

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILLERINIŇ KATAR DÖWLETINIŇ ŞURA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

 

2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Katar döwletiniň Şura Geňeşiniň Başlygy Hasan bin Abdullah Al Ganim bilen duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlary, şeýle hem Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdylar. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri bilen Şura Geňeşiniň ýolbaşçysy, onuň orunbasary, şeýle hem Katar-Aziýa ýurtlary boýunça parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy we onuň agzalarynyň arasynda geçirilen söhbetdeşlikde iki dostlukly ýurtlaryň arasynda ýola goýlan parlament diplomatiýasyny mundan beýläk-de ilerletmek meselelerine garaldy. 

Duşuşygyň dowamynda Katar döwletiniň Şura Geňeşiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň we Katar döwletleriniň sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmek ugrunda ýokary tagallalaryň edilýändigini, bu babatda iki döwletleriň syýasy, diplomatik garaýyşlarynyň örän ýakyndygyny belläp geçdi. Şeýle-de parahatçylyga ygrarly başlangyçlar babatda bilelikdäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Şeýle hem Türkmen tarapy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine Şura Geňeşiniň ýolbaşçylaryny we agzalaryny gatnaşmaga çagyrdy.

 

26.02.2025

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILLERINIŇ KATAR DÖWLETINIŇ DOHA ŞÄHERINE IŞ SAPARY

 

2025-nji ýylyň 25-26-njy fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri türkmen-katar parlamentara dostluk toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin bu ýurduň paýtagty Doha şäherine iş saparyny amala aşyrýarlar.     

Iş saparynyň birinji gününde türkmen wekiliýetiniň hem-de Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisiniň gatnaşmagynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň merkezinde «Al Shark» gazetiniň baş redaktory Jaber Salem Al-Harmi bilen duşuşyk geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde, iki ýurdyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi, şol sanda parlament ugry boýunça netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleriň döredilýändigi bellenildi. 

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli  Parlamentiň düzümi  hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady  özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. 

Duşuşykda gatnaşyjylar Türkmenistanyň sebitde we dünýäde  parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň binýadyny berkitmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetini, Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň  başlangyçlaryny goldaýandyklaryny hem nygtadylar. 

Türkmen-katar döwletara we parlamentara gatnaşyklary barada şol ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde degişli maglumatlaryň berilmegi hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine oňyn täsir  edýär. 

 

25.02.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy boldy

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy boldy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy duşuşygyň barşynda Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň dostlukly salamlaryny we Türk halkyna  iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi şeýle hem Aşgabat şäherinde ýokary derejede Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäresine – halkara forumyna gatnaşmak üçin iberen çakylygyny gowşurdy. 

Türkmen tarapy türkmen we türk halklarynyň gadymyýetden gelýän  taryhy kökler, medeni we ruhy umumylyklar baglanyşdyryp, häzirki wagtda özara hormat goýmaga, ynanyşmaga we deňhukuklylyga esaslanýan bu gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. 

Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly orun degişlidigi bellenildi. Bu gatnaşyklar bolsa halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaga, döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga ýardam berýändigi barada nygtaldy. 

25.02.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuşyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşygy

 

Türkiýe Respublikasyna iş saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa we Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşdy.   

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde toplanan oňyn tejribä hem-de iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly orun degişlidigini beýan etdiler.  

Duşuşygyň dowamynda taraplar geçirilen duşuşyklaryň netijelerine ýokary baha bermek bilen, ähli ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga taýýardyklaryny bellediler. 

Şeýle hem iki döwletiň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini hem-de parlamentler derejesinde  yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň we maslahatlaryň ähmiýetini nygtadylar.

25.02.2025
1 ... 24 25 26 27 28 ... 74