Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Ýurdumyzyň milli Parlamentiniň agzalary Arkadag şäheri bilen tanyşdylar

 

Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesidir. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri bilen tanyşmaga Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna hem mümkinçilik döredildi. Deputatlar şäheriň ýol-ulag düzüminde ekologik taýdan arassa jemgyýetçilik ulagy bolan elektrobusda şähere gezelenç edip,               «Arkadag Binasyna», Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna, Arkadag şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, «Akhan» binasyna, Ruhyýet köşgüne, Bagt köşgüne, seýilgählere baryp gördüler. Şeýle hem parlamentariler täze ýaşaýyş jaýlary, çagalar bakja-baglary, ýöriteleşdirilen mekdepler we okuw-terbiýeçilik toplumlary, saglygy goraýyş  edaralary  bilen tanyşdylar.

Ýurdumyzyň Parlamentiniň agzalary hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, kanunçykaryjylyk işiniň  iň oňat dünýä tejribesini milli kanunçylyga ornaşdyrmak, halkymyzy abadan durmuşda ýaşatmak, ýaş nesillerimiz barada edýän çäksiz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

 

02.10.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Kanunlaryna gol çekdi

 

Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny özara höweslendirmek we goramak hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny höweslendirmek we özara goramak hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda», «Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda», «Halkara korrupsiýa garşy Akademiýasyny Halkara guramasy hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda»«Ýewropa-Kawkaz-Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda»,«Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna gol çekdi.

 

 

02.10.2023

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi

 

     Şu gün Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlaryň taslamalaryna garaldy. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Maslahatyň dowamynda deputatlar “Türkmenistanyň “Arkadag” medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Kanunyň taslamasynda “Arkadag” medalynyň Türkmenistanyň döwlet sylagy bolup durýandygy, onuň durmuş, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, meýletinçilik işleriniň ösmegine,  lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş hyzmatlarynyň guralmagyna, şeýle hem hemaýata mätäç çagalara we ýaşlara maliýe we maddy kömegini, maslahatlary we usuly taýdan kömek bermekde uly goşant goşan Türkmenistanyň raýatlaryny we daşary ýurt raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredilýändigi görkezildi. 

Gün tertibine laýyklykda, deputatlar “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny höweslendirmek we özara goramak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda”,  “Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda”, "Halkara korrupsiýa garşy Akademiýasyny Halkara guramasy hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda" hem-de "Ýewropa - Kawkaz - Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda" Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Çykyş edenler bu kanunlaryň kabul edilmeginiň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda bu ugurlardaky kanunçylyk binýady mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin hukuk esasyny üpjün etmekde wajyp ähmiýetiniň bardygyny bellediler. 

Şeýle hem, deputatlar “Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, "Kazyýet hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda", "Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda", "Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda" hem-de "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryna garadylar. 

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilmeginiň ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek, şeýle hem sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hukuk esaslary üçin uly ähmiýete eýedir. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

30.09.2023

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna

Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!

Eziz watandaşlar!

Sizi umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrýan ajaýyp baýram — Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşuly nesillerimiziň mertebesiniň, hormat-sarpasynyň has-da belentdigini alamatlandyrýan bu halkara baýramyň il sylagly ýaşulularymyzyň, mähriban enelerimiziň, ähli watandaşlarymyzyň ruhuny has-da belende göterip, gülläp ösüşlere gönükdirilen belent maksatlarymyzyň töwereginde mäkäm jebisleşdirjekdigine berk ynanýaryn.

Biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyz belent maksada — mähriban halkymyzy we geljek nesillerimizi bagtyýar, parahat, asuda durmuşda ýaşatmaga, döwletimiziň mizemezligini hem-de kuwwatyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň watansöýüjilik, agzybirlik baradaky gymmatly taglymatlaryna, şeýle-de «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgesine, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarymyza laýyklykda, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny berkitmek ugrunda toplan tejribelerimizden ugur alyp, bu gün eziz Watanymyzy ösüşiň, abadançylygyň belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýarys. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy hem-de özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyryp, uly ösüşleri gazanýarys.

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adamyň abadançylygy barada hemmetaraplaýyn alada etmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy, ileri tutulýan ugrudyr. Bu ugurda her bir raýatyň, aýratyn-da, durmuş mekdebini geçen pähim-paýhasly ýaşuly nesillerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga uly orun berýäris. Şu maksat bilen, ýaşuly nesillerimiziň durmuş taýdan goraglylygynyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslaryny yzygiderli pugtalandyrýarys.

Geçmişi, şu güni we geljegi baglanyşdyrýan, her bir şahsyýeti adamkärçilige, päk ahlaklylyga ugrukdyrýan, maşgala agzybirligini pugtalandyrýan, manyly ömür menzilleri, öwüt-ündewleri bilen bizi belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýan ýaşuly nesilleriň mertebesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende göterilýär. Täze döwrümiziň her bir güni şanly wakalar bilen şöhratlandyrylýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanynda Ýaşulular geňeşini döretdik. Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlyk gününiň 32 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşulularymyzyň döwletli maslahatlarydyr teklipleri esasynda ýurdumyzy we jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm çözgütleri kabul etdik.

Agzybirligimizi pugtalandyrmakda, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemekde, olarda dostluk, birek-birege hormat goýmak, arassa ahlaklylyk, halallyk, mertlik, zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetleri kemala getirmekde aýratyn hyzmatlary bitirýän, durmuşda ýagşy görelde görkezýän ýaşuly nesliň wekillerine «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakdyk, «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan hormatly enelerimize sylaglary gowşurdyk. Bularyň ählisi ýaşuly nesillerimize ýokary derejede sylag-hormat goýýandygymyzyň hem-de döwürleriň arabaglanyşygyny, nesilleriň arasyndaky sazlaşygy üpjün edýän milli ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Merdana halkymyzyň döredijilikli we tutanýerli zähmeti, ýaşuly nesillerimiziň watansöýüjilik, ynsanperwerlik hakyndaky pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary gazanýan guwandyryjy üstünliklerimiziň, agzybirligimiziň we jebisligimiziň berk binýadydyr.

Eziz watandaşlar!

Dilleri senaly ýaşulularymyzyň makullamagynda we goldamagynda başy başlanýan ýurdumyzyň durmuş-ykdysady hem-de medeni özgertmelerine höwesli gatnaşýan bagtyýar ýaşlarymyz bilimdir ylym-hünär derejeleri, ukyp-başarnyklary, Watanyň, il-günüň, adamzadyň öňündäki jogapkärçilik duýgulary bilen özleriniň tutanýerliligini görkezýärler. Her bir işde ýaşululara — atalarymyzdyr enelerimize sala salýan, pederlerimiziň baý durmuş tejribesini, çuňňur mazmunly öwüt-ündewlerini goldanýan ýaşlarymyz bu gün durmuş-ykdysady, medeni-sport, jemgyýetçilik-syýasy we ynsanperwer-döredijilik ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri bilen ýurdumyzyň at-abraýynyň has-da ýokarlanmagyna goşant goşýarlar. Beýik taryhymyzdan we baý medeniýetimizden gözbaş alyp gaýdýan ýaşulularymyzyň göreldesi nesiller üçin ebedi ýörelgedir.

Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!

Eziz watandaşlar!

Sizi Ýaşulularyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş, berkarar Watanymyzda bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, uzak ýyllar ömür sürmegi arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

29.09.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn agşam Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurduň paýtagtyna bardy.

Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu gezekki sapar döwletara gatnaşyklary berkitmekde hem-de türkmen-german hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmakda nobatdaky möhüm ädim boldy. Saparyň maksatnamasyna ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň derejesinde möhüm duşuşyklaryň birnäçesi girizildi. Şunuň bilen birlikde, GFR-iň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wajyp ähmiýetli köptaraplaýyn çäräniň guralmagy Ýewropanyň bu döwletiniň halkara giňişlikde durnukly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly abraýa eýe bolan Türkmenistan, şeýle hem Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentiniň edarasyna bardy.

“Belwýu” köşgüniň esasy girelgesiniň öňünde Gahryman Arkadagymyzy GFR-iň Baştutany Frank-Walter Ştaýnmaýer mähirli garşylady.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Şondan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we GFR-iň Federal Prezidenti bilelikde surata düşdüler. “Merkezi Aziýa — Germaniýa” duşuşygyna gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň Baştutanlary “Langhanssaal” zalyna çagyryldy.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentiniň başlyklyk etmeginde işewürlik ertirlik nahary görnüşinde geçirilen duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

GFR-iň Baştutany Frank-Walter Ştaýnmaýer “Merkezi Aziýa — Germaniýa” görnüşindäki gatnaşyklaryň ähmiýetini belledi. Şeýle hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri sebit parahatçylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, Merkezi Aziýanyň häzirki döwrüň dünýä işlerine üstünlikli goşulyşmagy babatda netijeli ulanylyp bilner.

Soňra Federal Prezident duşuşyga gatnaşyjylara söz berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryny mähirli mübärekledi we GFR-iň Baştutany Frank-Walter Ştaýnmaýere şu günki duşuşygy gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleri bilen Germaniýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek işinde möhüm goşant bolar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan täze köptaraplaýyn formaty döretmek başlangyjyny goldaýar hem-de gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr.

Bu gün Merkezi Aziýa ýurtlary sebitiň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine gönükdirilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, howpsuzlygyň, durmuş-ykdysady ösüşiň, ekologiýa we halkara işleri ynsanperwerleşdirmegiň häzirki zamanyň iň esasy meseleleridigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz howpsuzlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň bu meselä onuň bitewüligi taýdan garaýandygyny belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy derejede howpsuzlygy üpjün etmekde gural bolup galmalydygyna berk ynanýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we şulardan ugur alyp, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BMG-niň ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn üns bermegiň zerurdygy nygtaldy. Munuň özi has irki döwürlerinde gapma-garşylykly ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almakda örän ähmiýetlidir. Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak howpsuzlygy üpjün etmegiň beýleki bir möhüm ugry bolup biler. Ol jogapkärli öňüni alyş çäreleriniň hem-de işjeň parahatçylyk döredijilikli işiň amala aşyrylmagynyň möhüm ugurlaryny özüne birleşdirýär.

Gahryman Arkadagymyz ykdysady ösüş meselesi barada aýtmak bilen, bu prosesiň ählumumy özara baglanyşyk häsiýetine eýedigini belledi. Häzirki wagtda dünýä ykdysady ulgamy diýlende, diňe bir dürli ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ýakynlaşmagy göz öňünde tutulman, eýsem, onuň köp sanly düzüm bölekleriniň sazlaşykly işini hem aňladýar. Şolaryň hatarynda energetika, ulag pudaklary hem-de maliýe ulgamy ýaly öňden bar bolan ugurlar bilen bir hatarda, sanlylaşdyrmak, emeli aň we “ýaşyl” tehnologiýalar ýaly ykdysadyýetiň täze ugurlarynyň bardygy bellenildi.

Türkmenistan halkara giňişlikde energetika we ulag ulgamlarynda energiýa serişdelerini ygtybarly üstaşyr geçirmek, täze ulag geçelgelerini döretmek bilen bagly başlangyçlary öňe sürýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, ýokarda bellenip geçilen ugurlarda türkmen tarapynyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalaryna awtordaşlyk edendigi üçin Germaniýa minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň we GFR-iň arasynda söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdyp, milli ykdysadyýetleriň uly kuwwatynyň bardygyny, şeýle hem tebigy we adam maýasyna baý bolan Merkezi Aziýa sebitinde Germaniýanyň önümçilik, tehnologik we maýa goýum mümkinçiliklerine uly gyzyklanma bildirilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Energetika, logistika, senagat, infrastruktura, oba we suw hojalygy, hususy pudak, “ýaşyl” ykdysadyýet we beýlekiler bilelikdäki işiň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Ählumumy energetika bazarynyň hem-de dünýä ulag ugurlarynyň barha özgerýän häzirki tapgyrynda biz Ýewropa — Aziýa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we bu çemeleşmäniň köp babatda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasyna, şeýle hem “Ýewropa toparynyň” başlangyjy bilen kabul edilen 2027-nji ýyla çenli döwür üçin “Ählumumy derweze” Ýewropa meýilnamasynyň maksatlaryna laýyk gelýändigini nygtady.

Energetika meselesiniň üstünde aýratyn durlup geçildi. Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, bu energiýa serişdesini halkara bazarlara ibermegiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda ekologik taýdan arassa, uglerod düzümi çäkli bu ýangyja dünýäde isleg örän uludyr. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa ugry boýunça gazy ibermek taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigi bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz ulag meselesi barada aýdyp, Merkezi Aziýa —Ýewropa ugry boýunça logistika ýoluny işjeň ösdürmäge taýýarlygy tassyklady we geljekde Dunaý derýasynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen “Hazar deňzi — Gara deňiz” üstaşyr ulag geçelgesiniň geljeginiň uludygyna ünsi çekdi.

Ekologik mesele hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda “Ýaşyl” Merkezi Aziýa” başlangyjy netijeli hyzmatdaşlyk üçin ýolgörkezijidir. Bu başlangyç howanyň üýtgemelerine uýgunlaşmaga german çemeleşmesine esaslanýar.

Bilim we medeniýet ulgamy şu duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň hyzmatdaşlygynda wajyp orun eýeleýär. Şunda Gýote merkezi, “DAAD”, “PAD”, “PASCH” ýaly german maksatnamalarynyň sebitde netijeli iş alyp barýandygy bilen baglylykda, bilelikdäki işiň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Türkmenistanda nemes dilini öwrenmäge uly gyzyklanmanyň bardygyny hasaba almak bilen, Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýanyň we Germaniýanyň halklarynyň arasynda medeni alyşmalaryň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigine aýratyn ünsi çekip, şunuň bilen baglylykda, Germaniýanyň şäherlerinde dünýä siwilizasiýasynyň ojaklarynyň biri bolan gadymy Marguşyň arheologiýa sergisiniň geçirilmeginiň üstünlikli tejribesini kanagatlanma bilen belledi. Bu sergä 430 müňe golaý adam baryp gördi. Şunuň bilen baglylykda, serginiň ikinji tapgyryny geçirmegiň, şeýle hem Parfiýa şalygynyň gadymy tapyndylarynyň görkezilişini guramagyň mümkinçiligine garamak teklip edildi.

Sözüniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu sapary gurandygy üçin german tarapyna ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň we Germaniýanyň ýolbaşçylary köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, ynsanperwer ulgamda dialogy giňeltmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Ýygnananlaryň umumy pikirine görä, biziň ýurtlarymyzyň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleri bar. Ýokary derejedäki çäräniň netijeleri we “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenilmegi anyk netijelere gönükdirilen oňyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berer.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy “Adlon Kempinski Berlin” myhmanhanasyna tarap ugrady.

Bu myhmanhananyň merkezi girelgesiniň öňünde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy “СLAAS KgaA GmbH” kompaniýasynyň gözegçilik geňeşiniň we paýdarlar komitetiniň başlygy hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzer mähirli garşylady we “Palaissaal” zalyna geçmäge çagyrdy. Şol ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň «Geljegi strategik taýdan bilelikde emele getirmek — Merkezi Aziýa bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek» mowzugy boýunça duşuşygy geçirildi.

Hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzeriň başlyklyk etmeginde geçirilen işewürlik çäresine Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Liderleri hem gatnaşdylar. German tarapyna ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministriniň stats-sekretary Udo Filipp, aýratyn tabşyryklar boýunça federal ministri, GFR-iň Kansleriniň edarasynyň ýolbaşçysy Wolfgang Şmidt, «Linde GmbH», «GP Günter Papenburg AG», «Knauf», «Ernst Klett AG», «DB Engineering and Consulting», «BayWa AG» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler.

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy, “Сlaas KgaA GmbH” kompaniýasynyň gözegçilik geňeşiniň we paýdarlar komitetiniň başlygy duşuşygy açyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň Baştutanlaryna şu günki çärä gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin hoşallyk bildirdi.

GFR-iň paýtagtynda geçirilýän şeýle ilkinji wekilçilikli duşuşygyň taryhy ähmiýetini belläp, hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzer gün tertibi boýunça, hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň maýa goýum babatda özüne çekijiligi hem-de german kompaniýalarynyň sebitde ykdysady taýdan netijeli işlemegi üçin şertleri döretmek meseleleri boýunça pikir alşylmagynyň netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň anyk gurallaryny kesgitlemäge, “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyna gatnaşýan ýurtlaryň milli ykdysadyýetleriniň strategik taýdan ähmiýetli pudaklarynda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berjekdigini nygtady.

Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministriniň stats-sekretary Udo Filipp belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, Germaniýada iki yklymyň strategik taýdan möhüm çatrygynda ýerleşýän Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Bu ýurtlar ählumumy ösüş işlerine saldamly goşantlaryny goşýarlar. Nygtalyşy ýaly, energetika, maýa goýumlar, söwda, bilelikdäki kärhanalary we täze iş orunlaryny döretmek ýaly ugurlarda giň mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen birlikde, germaniýaly hyzmatdaşlaryň ulag-logistika ulgamynda, oba hojalygynda, öňdebaryjy tehnologiýalar we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmäge çalyşýandygy aýdyldy.

Bilim, hususan-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynda nemes dilini çuňlaşdyryp öwrenmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi geljekde däp bolan medeni-ynsanperwer we işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder diýip, Udo Filipp nygtady we altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň Baştutanlaryna söz berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlary mübärekläp, ozaly bilen, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçylaryna bu duşuşygy geçirmek başlangyjy üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de oňa gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşi Merkezi Aziýa sebiti bilen Germaniýanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň täze derejesiniň kemala getirilmegine kuwwatly itergi berer diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we häzirki wagtda biziň sebitimiziň tutuş dünýäniň belli kompaniýalarynyň ünsüni barha köp özüne çekýändigini aýtdy. Munuň özi sebitimizde tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlarynyň bardygy hem-de uly adam mümkinçilikleri bilen şertlendirilendir. 4 million inedördül kilometre golaý meýdany eýeleýän Merkezi Aziýanyň geografik taýdan örän amatly ýerleşýändigi, sebitde yklym ähmiýetli ulag-logistika merkezini döretmegiň geljegi, ählumumy azyk howpsuzlygynyň çözülmegine uly goşant goşmak mümkinçiligi bu barada şeýle diýmäge esas berýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty barada aýdyp, käbir makroykdysady görkezijileri mysal getirdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda umumy bahasy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna golaý bolan 200-e golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar. 2023-nji ýylyň 8 aýynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy. Biziň ykdysadyýetimize gönükdirilýän her ýylky maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 18-19 göterimine deňdir. Şunda daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy olaryň jemi möçberiniň 12 göterimine golaýyny düzýär.

Strategik senagat-innowasion ösüş depgini maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 60 göterimden gowrak böleginiň önümçilik ulgamyna gönükdirilmeginiň hasabyna üpjün edilýär. Munuň özi senagatymyzyň tutuş düzümini üýtgetmäge, importyň ýerini tutýan hem-de eksport ugurly önümçilikleri ösdürmegi çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen birlikde, soňky ýyllarda ykdysadyýetimiziň gazhimiýa pudagynda birnäçe maýa goýum taslamalary amala aşyryldy. Olar ammiak, karbamid, polipropilen, polietilen, sintetiki benzin önümçiligi boýunça gurlan täze zawodlardyr.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň dowamynda Türkmenistan bilen Germaniýanyň hyzmatdaşlygynyň käbir ileri tutulýan ugurlary barada gysgaça durup geçdi.

Energetika hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Onuň düzüminde gaz we elektroenergetika pudaklary wajyp orun eýeleýär. Şunda gaz çykarmak boýunça kuwwatlyklaryň artdyrylmagyna, köpugurly gaz ulag düzüminiň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini üpjün etmäge ýardam berýär.

Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orun eýeländigini we şeýle bolmagynda galýandygyny aýratyn bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, Hazarüsti gaz geçirijisini gurmak arkaly Ýewropa ýurtlaryna gaz ibermek boýunça Türkmenistanyň eýeleýän üýtgewsiz garaýşy tassyklanyldy. Mälim bolşy ýaly, munuň üçin soňky 15 ýylyň dowamynda köp işleri ýerine ýetirdik. Ýewropa Bileleşigi bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ýewropa Komissiýasynyň degişli düzümleri, Ýewropanyň aýry-aýry döwletleri hem-de kompaniýalary bilen iri halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde işjeň gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyrys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow germaniýaly işewürlere elektroenergetika pudagynda işlemek mümkinçiligine garamagy hem teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, elektrik stansiýalaryny gurmak we döwrebaplaşdyrmak, elektrik geçiriji ulgamlary ösdürmek we beýleki taslamalar bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Şol bir wagtda, Türkmenistan energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly möhüm ugruň ösdürilmegine uly üns berýär. Ýurdumyz “ýaşyl” energetika “geljegiň energiýasy” hökmünde düşünmek bilen, häzirki wagtda milli derejede Gün we ýel energiýasy ulgamynda taslamalaryň ilerledilmegine gönükdirilen çäreleriň birnäçesini durmuşa geçirýär.

Bellenilişi ýaly, wodorod energetikasy babatda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Metanyň atmosfera goýberilýän zyňyndylaryny azaltmak, uglewodorod serişdeleriniň ýataklarynda ugurdaş gazy gaýtadan işlemek meselelerinde daşary ýurt kompaniýalary we halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk aýratyn möhüm ugurdyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady we Germaniýanyň kompaniýalarynyň toplan bilimleriniň hem-de iň gowy iş tejribeleriniň ýokarda görkezilen ugurlarda Türkmenistanda uly islege eýedigini aýtdy.

Ulag we kommunikasiýalar hyzmatdaşlygyň ýene bir möhüm ugrudyr. Ençeme ýyllaryň dowamynda biz Germaniýanyň kompaniýalary bilen üstünlikli işledik. Olar ykjam aragatnaşyk, hemra ulgamlarynyň torunyň hyzmatlaryny giňeltmek, deňiz ulagyny ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşdylar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we german kompaniýalary bilen demir ýol ulagyny ösdürmek, gämigurluşyk enjamlary, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulag-logistika mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, telekommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmak meselelerini anyk ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan etdi. Şunuň bilen birlikde, Germaniýanyň işewür toparlaryna Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak boýunça taslamalara gatnaşmak baradaky çakylyk hem beýan edildi.

Maliýe-bank ulgamy türkmen-german hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolmalydyr. Türkmenistanyň barha ösýän bank ulgamy ýurdumyzyň maliýe ulgamynyň möhüm bölegidir. Çünki ol tutuş Merkezi Aziýa sebitinde wajyp ähmiýete eýedir. Şunda daşary ýurt banklary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de täze gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz Germaniýanyň banklaryny, eksport-karz edaralaryny, ätiýaçlandyryş guramalaryny ýurdumyzyň döwlet we täjirçilik banklary bilen göni gatnaşyklary işjeň ösdürmäge çagyrdy.

Mälim bolşy ýaly, suw serişdeleriniň ýetmezçiligi häzirki wagtda dünýäniň köp sebitlerinde möhüm mesele bolup durýar. Munuň özi, ozaly bilen, howanyň ählumumy üýtgemegi, aýry-aýry döwletleriň ykdysady düzümleriniň giň gerimli hem-de kähalatlarda gözegçiliksiz hojalyk işleri bilen şertlendirilendir. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna, Pariž ylalaşygyna we daşky gurşawy goramak ulgamynda beýleki köptaraplaýyn resminamalara gatnaşyjy bolmak bilen, özüniň halkara ekologiýa borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarlydyr.

Hususan-da, biziň ýurdumyzda suw serişdeleriniň goralyp saklanmagyna hem-de rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu çäreleri halkara guramalar hem-de daşary ýurtlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda durmuşa geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we german kompaniýalaryna Türkmenistanyň suw hojalyk ulgamynda dürli taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garamagy teklip etdi. Şolaryň hatarynda, ilkinji nobatda, Garagum derýasynyň ulanyş düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak ýaly ägirt uly taslama bar. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny ýurdumyza ibermekde german kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ykdysadyýetiniň durmuş ugurlydygy barada aýdyp, lukmançylyga hem-de saglygy goraýyş ulgamyna ägirt uly üns berilýändigini nygtady. Soňky 25 ýylyň dowamynda Türkmenistanda iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary hem-de saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bejeriş edaralarynyň onlarçasy guruldy, ýokary derejeli hünärmenleriň müňlerçesi ýetişdirildi. Biz bu asylly işde german hyzmatdaşlarymyzyň baý tejribesini peýdalanýarys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy kanagatlanma bilen belledi we pursatdan peýdalanyp, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk üçin german tarapyna minnetdarlygyny beýan etdi.

Şunuň bilen birlikde, türkmen tarapynyň geljekde-de german kompaniýalary bilen lukmançylyk enjamlarynyň önümçiligi, derman senagaty, telelukmançylyk usullaryny işläp taýýarlamak we ulanmak, öňüni alyş, anyklaýyş hem-de dürli keselleri bejermek ulgamynda german hünärmenleriniň tejribesini peýdalanmak ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Şu ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanda täze Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy boldy. Häzirki wagtda bu şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy başlandy. Senagat toplumyny döretmek bu gurluşygyň möhüm ugurlarynyň biri bolmalydyr. Bu şäheriň “ýaşyl” ugurlydygyny hasaba almak bilen, onuň senagat zolagynda lukmançylyk senagatynyň, dermanlaryň, çagalar iýmitiniň aýry-aýry görnüşleriniň öndürilmegine gönükdirilen birnäçe kärhanalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, gyzyklanma bildirýän german kompaniýalaryna bu toplumy döretmäge gatnaşmak teklip edildi.

Men döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň diňe käbir ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdim diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we türkmen tarapynyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň hem-de onuň agzalarynyň bu işleri berk goldajakdygyna, olary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşjakdygyna umyt edýändigini nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda türkmen wekiliýetiniň adyndan Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda “Merkezi Aziýa — Germaniýa” görnüşinde söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek meselelerine bildirilen uly gyzyklanma üçin duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy, “СLAAS KgaA GmbH” kompaniýasynyň gözegçilik geňeşiniň we paýdarlar komitetiniň başlygy hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzere şeýle wekilçilikli işewürlik çäresini gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň çäklerinde altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri we olary hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrmagyň gurallary, şol sanda dürli ulgamlarda möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek arkaly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Germaniýanyň esasy maýadarlarynyň Merkezi Aziýa döwletlerine strategik gyzyklanmasynyň uly möçberdäki tebigy serişdeler, olaryň eksport we üstaşyr mümkinçilikleri, işjeň ösýän bazary bilen şertlendirilendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda bu sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin ähli mümkinçilikler bar. «Linde GmbH», «GP Günter Papenburg AG», «Knauf», «Ernst Klett AG», «DB Engineering and Consulting», «BayWa AG» nemes holdingleriniň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda hem şu meseleler öz beýanyny tapdy.

Kompaniýalaryň ýolbaşçylary wekilçilik edýän düzümleriniň işi bilen gysgaça tanyşdyrdylar. Geografik taýdan amatly ýerleşýän we ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň geljegi uly bazarlarynda eýeleýän orunlaryny giňeltmäge taýýardyklaryny bellediler. Hususan-da, german kompaniýalarynyň wekilleri dürli döwletleriň ykdysadyýetlerine maýa goýumlary goýmak babatda toplan tejribesini paýlaşdylar we himiýa senagatynda, ulag, gurluşyk ulgamlarynda, gurluşyk serişdeleri önümçiliginde, neşirýat işi we bilim ugry boýunça, oba hojalygynda, energetikada hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny hödürlediler.

Aýratyn tabşyryklar boýunça federal ministr, GFR-iň Kansleriniň edarasynyň ýolbaşçysy Wolfgang Şmidt öz çykyşynda Germaniýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylyp, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Şu günki ýokary derejedäki duşuşyk altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça pikir alyşmak, geljekki bilelikdäki işiň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin oňat mümkinçilikdir.

Wolfgang Şmidt Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň Baştutanlary tarapyndan aýdylan oňyn teklipleriň maýa goýum, söwda, önümçilik, oba hojalygy, energetika ulgamlarynda, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi. Ekologiýa, döwrebap üstaşyr ulag düzümini kemala getirmek, innowasiýalary ornaşdyrmak, zerur bolan hünärler boýunça işgärleri taýýarlamak ýaly wajyp ugurlarda we beýleki ulgamlarda tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi.

Ýygnananlar duşuşygyň netijelerini jemläp, döwletleriň bähbitlerine hem-de dostlukly ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýän täze “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky netijeli dialogyň ösdüriljekdigine berk ynam bildirdiler.

Soňra duşuşyga gatnaşyjylar bilelikde surata düşdüler.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň GFR-iň Hökümetiniň Başlygy Olaf Şols bilen duşuşygyna gatnaşmak üçin Germaniýanyň Federal Kansleriniň edarasyna bardy.

Işewürlik günortanlyk nahary görnüşinde geçirilen çärä Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Germaniýanyň Federal Kansleri belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, şeýle derejedäki ilkinji duşuşygyň uzak möhletli geljegi nazara almak bilen hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we GFR-iň bähbitlerine altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňaýly mümkinçilik bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Olaf Şols uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, öz ýurdunyň Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen ähli ugurlar boýunça strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Şu günki duşuşygyň esasy maksady gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady taýdan durnukly ösüşine we döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary, ilkinji nobatda, olaryň umumy meselelerini hem-de milli aýratynlyklaryny we talaplaryny nazara almak bilen, maýa goýum işini amala aşyrmagyň hasabyna hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmäge gönükdirilen çäreleri anyklaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Federal Kansler bilelikdäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada durup geçip, birnäçe anyk teklipleri beýan etdi.

Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň Baştutanlaryna söz berildi.

Öz nobatynda, türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýa gelmäge çakylyk we netijeli işlemek üçin döredilen şertler üçin Federal Kansler Olaf Şolsa minnetdarlyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, şu gezekki duşuşyklaryň geçirilmegi Merkezi Aziýa döwletleri bilen GFR-iň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýetli sepgit bolar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki günde dünýä syýasy, ykdysady we ynsanperwer taýdan durnuksyz ýagdaýdadyr diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Howanyň üýtgemegi, azyk howpsuzlygy we beýleki wehimler aýratyn ynjalyksyzlyk döredýär. Häzirki döwrüň şu we beýleki meseleleriniň çözülmegi her bir döwletiň ählumumy dialoga jogapkärçilikli çemeleşmegini hem-de işjeň gatnaşmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary wekilçilikli derejedäki “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatynyň döredilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gün tertibiniň anyk meselelerine geçip, esasy ugurlaryň birnäçesine ünsi çekdi.

Howpsuzlyk bilen bagly mesele ilkinjileriň hatarynda görkezildi. Bu mesele islendik jemgyýetiň durmuşynyň esasy zerurlygy bolmak bilen, ol toplumlaýyn çemeleşmäni talap edýär. Howpsuzlygyň bitewüligi hem-de gepleşikler arkaly deňhukukly hyzmatdaşlyk etmek bu çemeleşmäniň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şunda howpsuzlygy üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasyna esasy orun degişli bolmalydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde Türkmenistanyň BMG-niň kadalarynyň we ýörelgeleriniň esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny taýýarlamak baradaky teklibi hem şuňa gönükdirilendir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy sebitdäki ýagdaý barada durup geçip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady. Şular barada Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynda kabul edilen Bilelikdäki Beýannamalarda hem aýdylýar.

Ikinji ugur ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek bilen baglydyr. Şunda energiýa serişdeleri bilen üpjün etmek, ulag özara baglanyşygyny döretmek, suw hem-de azyk meselelerini çözmek, ylmy-tehniki ösüşi senagatyň pudaklary bilen utgaşdyrmak we netijeli maliýe-maýa goýum mehanizmlerini döretmek has möhüm meseleler bolup durýar.

Häzirki günde biz energiýa serişdelerimizi, nebitgaz, himiýa we dokma senagatynyň, oba hojalygynyň önümlerini we beýleki harytlary eksport etmek babatda ýewropaly hyzmatdaşlar bilen anyk taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýäris. Öz nobatymyzda, Germaniýada ýokary tehnologiýaly önümleriň importyna, maýa goýum işine ýardam bermäge, şeýle hem senagat, ylym we hünär bilimi babatda tehnologik we sanly çözgütleri almaga taýýardyrys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. Şu we beýleki wezipeleri çözmek üçin transkontinental, üstaşyr ulag merkezi hökmünde Merkezi Aziýanyň uly mümkinçiliklerini peýdalanmagyň zerurdygy, şeýle hem TRACECA, Hazar deňzi — Gara deňiz geçelgesi ýaly sebitara taslamalaryň möhümdigi bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow energiýa akymlary bilen bagly meselelere degip geçip, Türkmenistanyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýelemek bilen, ýewropaly hyzmatdaşlar bilen Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça işleri täzeden başlamagy teklip edýändigini nygtady.

Ekologiýa we “ýaşyl” geçiş üçünji ugur bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, howanyň üýtgemegi we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ählumumy gün tertibindäki meseleleriň ilkinjileriniň hatarynda durýar. Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky tagallalaryny doly goldaýar. Ýurdumyzda zerur kanunçylyk binýady döredilýär, az uglerodly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça degişli çäreler görülýär, Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak boýunça işler alnyp barylýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Ýurdumyzda tebigy gazdan wodorod öndürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegine “ýaşyl” ykdysadyýetiň çäklerindäki geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde garalýar. Häzirki wagtda bu energiýa serişdesiniň dünýädäki önümçiliginiň 70 göterimine golaýy tebigy gaza degişlidir we munuň özi maliýe hem-de serişde çykdajylary nukdaýnazaryndan wodorody almagyň iň netijeli usulydyr.

Ekologik wehimler boýunça geçirilýän işler bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Berlinde kabul edilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň howanyň üýtgemegi we howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi hakynda Bilelikdäki Jarnamanyň kadalaryna ygrarly bolmagymyzda galýarys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy. Gahryman Arkadagymyz täze sebit başlangyçlaryny hasaba almak bilen, Berlin prosesiniň çäklerinde ylalaşylan taslamalara mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýarlygy tassyklap, Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, şeýle hem “Hazar ekologik başlangyjyny” işläp taýýarlamak baradaky Türkmenistanyň tekliplerine ünsi çekdi.

Dördünji ugur medeni-durmuş we ynsanperwer ulgamlar bilen baglanyşyklydyr. Wehimleriň artýan, ynanyşmagyň we dialog medeniýetiniň ýetmezçilik edýän häzirki döwründe bu ugurlar örän möhüm hasaplanýar. Birek-biregiň dilini öwrenmek, halklarymyzyň özboluşly medeniýeti we taryhy bilen tanyşmak, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklara ýardam bermek, bilimleri alyşmak — bularyň hemmesi ägirt uly peýda getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň medeniýet hem-de arheologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça orta möhletli meýilnamany işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip edip, Türkmenistanyň bu ugurda german guramalary, şol sanda Medeni mirasyň Prussiýa gaznasy, Gýote adyndaky institut hem-de Berlin Täze taryh muzeýi bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Sözüniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Federal Kanslere mähirli kabul edendigi we şu saparyň netijeli, ýokary derejede guralandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde ykdysady gatnaşyklaryň ilerledilmegine täze itergi berjek giň gerimli, geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi nygtaldy. Ähli ugurlarda, ilkinji nobatda, söwda, üstaşyr ulag, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny giňeltmek, täze kommunikasiýalary çekmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň kesgitlenilmegi altytaraplaýyn gatnaşyklara kuwwatly itergi berer we döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň binýadyny berkider.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, onuň resmi banneriniň we “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyna gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.

***

Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen-german işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň Federal Kansleri Olaf Şols we GFR-iň Federal Kansleriniň orunbasary, ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministri Robert Habek bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny tamamlap, “Berlin — Brandenburg” Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

29.09.2023

Türkmen-german işewürlik maslahaty: ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary anyklaşdyryldy

Şu gün GFR-iň paýtagtynda Türkmen-german işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Ýurdumyzda we onuň çäkleriniň daşynda geçirilýän işewürlik duşuşyklarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini, Türkmenistanyň maýa goýum kuwwatyny açyp görkezmek üçin meýdança bolup hyzmat edýändigini bellemek gerek. Daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin bolsa şeýle duşuşyklar özleriniň geljegi uly taslamalaryny tanyşdyrmagy babatda oňat mümkinçilikdir. Däbe öwrülen şeýle forumlar dürli pudaklara maýa goýumlaryň gelýän möçberini artdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, ykdysady ösüşi çaltlandyrmaga we milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Bu forumlarda döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ýollarydyr gurallary kesgitlenilýär.

Berlindäki “Marriott” myhmanhanasynyň mejlisler zalyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Türkmenistanyň esasy pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýygnandylar. Kabul edýän tarapdan bu çärä GFR-iň esasy ministrlikleriniň, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň, Kiçi we orta kärhanalaryň federal birleşiginiň wekilleri, iri banklaryň hem-de dürli ulgamlarda işleýän onlarça kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Germaniýaly hyzmatdaşlar üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sergisi guraldy. Sergide özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary we geljegi beýan edilip, dokma we haly önümleriniň köp görnüşleri, milli amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.

Maslahaty alyp baryjylar duşuşygy açyp, nobatdaky Türkmen-german işewürlik maslahatynyň esasy maksadynyň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmakdan we geljekki netijeli gatnaşyklary meýilleşdirmek üçin möhüm teklipleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygyny bellediler. Çykyş edenler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada aýdyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösmeginiň döwletara dialogyň ýokary derejesiniň görkezijisi bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunda bilelikdäki Türkmen-german iş toparynyň işine we şeýle çärelere wajyp orun degişlidir.

Germaniýa ýurdumyzyň esasy işewür hyzmatdaşlarynyň hatarynda çykyş edýär. Iri german işewür düzümleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar, şeýle hem çärä gatnaşyjylaryň giň düzümi GFR tarapyndan ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen birlikde, german kompaniýalarynyň türkmen bazaryna ilkinjileriň hatarynda gelendigi bellenildi. Olar indi ençeme ýyllardan bäri dürli ulgamlarda üstünlikli işleýärler. Häzirki güne çenli ýurdumyzda german maýasynyň gatnaşmagynda umumy möçberi ABŞ-nyň 1,6 milliard dollaryna golaý bolan maýa goýum taslamalarynyň we şertnamalarynyň 196-synyň bellige alnandygy muňa aýdyň mysaldyr. GFR-iň işewür toparlarynyň wekilleri, şol sanda “Siemens”, “Daimler”, “СLAAS”, “Rohde & Schwarz”, “Dresser-Rand” we beýleki kompaniýalar uzak möhletli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga saldamly goşant goşýarlar.

Ýöne, nygtalyşy ýaly, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň giňden ornaşdyrylmagyny, işjeň sanlylaşdyrmagy, infrastrukturanyň okgunly ösdürilmegini nazara almak bilen, iki ýurduň mümkinçiliklerini has netijeli ulanyp bolar. Türkmenistanyň wekilleriniň çykyşlarynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna, dürli pudaklarda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere hemmetaraplaýyn baha berildi, bu ulgamlaryň has ähmiýetli görkezijileri we olary ösdürmegiň geljegi barada aýdyldy. Ykdysady özgertmeleriň innowasion ugruna, daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi üçin amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de oňaýly şertleriň bardygyna aýratyn üns berildi.

Taraplar ykdysady gatnaşyklaryň täze hili barada aýdyp, hyzmatdaşlygyň ýokary tehnologik we innowasion häsiýete eýe bolmalydygyny biragyzdan bellediler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda german kompaniýalarynyň netijeli işlemegi üçin oňaýly şertleri hödürlemäge taýýardyr. Türkmen ykdysadyýeti oňyn pikirler we teklipler, jogapkärli, ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Şu gezekki foruma hem uzak möhletli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim hökmünde garalýar.

GFR-iň iri holdingleriniň ýolbaşçylary we wekilleri dünýä ykdysadyýetiniň ählumumylaşmagy şertlerinde döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlary babatda öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Hususan-da, çykyş edenler türkmen hyzmatdaşlaryna gurluşykda, ulag-kommunikasiýalarda we energetika ulgamlarynda, maliýe-bank ulgamynda özleriniň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny, innowasion tehnologiýalaryny hödürlemäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Bilim, ylym we medeniýet, saglygy goraýyş, syýahatçylyk baradaky meseleler hem içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda hem bilelikde üstünlikli işlemegiň baý tejribesini topladylar, şol sanda türkmen we german alymlarynyň golýazma mirasyny aýawly saklamak, arheologik gözlegleri geçirmek ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary ýola goýuldy.

Arakesmeden soňra, işewürlik maslahaty türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. Ýygnananlar Gahryman Arkadagymyzy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylaryň öňünde giňişleýin çykyş etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetine şu duşuşygy gurandygy üçin minnetdarlyk bildirip, şeýle görnüşdäki forumyň indi ençeme gezek geçirilýändigini belledi.

Geçen ýyllaryň dowamynda iri german işewür toparlarynyň wekilleri ençeme gezek türkmen kärdeşleri bilen duşuşdylar, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri şu gün hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermegiň, bilelikdäki işleri meýilleşdirmek üçin iki tarapyň hem anyk isleglerini öwrenmegi maksat edinýän netijeli dialogyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, bu ýere ýygnanan dostlarymyzy, ozaldan gelýän hyzmatdaşlarymyzy — german kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny tüýs ýürekden mübärekledi.

Duşuşygyň şeýle wekilçilikli düzümde geçmegine ýurduň işewür toparlarynyň Türkmenistana bolan uly gyzyklanmasy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ymtylmasy hökmünde garalýar.

Umuman, türkmen-german gatnaşyklarynyň häzirki günde ähli esasy ugurlary öz içine alyp, işjeň ösdürilýändigini bellemek gerek. Dürli ýyllarda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara formatlaryň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklar bar bolan hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Bu duşuşyklar syýasy hyzmatdaşlygyň esasy binýadyny goýdy, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly şertleri döretdi.

Men Germaniýa amala aşyran öňki saparlarymyň dowamynda Germaniýanyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarymyzda gatnaşyklarymyzy ösdürmäge we pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmany duýýardym diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de iki tarapyň tagallalarynyň anyk netijeleri berendigini, onuň häzirki günde hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek üçin binýat bolup hyzmat edýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Ykdysadyýet GFR bilen gatnaşyklarymyzyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. German kompaniýalaryna ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlar hökmünde garaýarys. Olar ýokary hünär derejesi, hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli çemeleşýändikleri bilen tapawutlanýarlar hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň özara bähbitlidigine düşünýärler. Biz şeýle çemeleşmäni goldaýarys we german işewürleriniň türkmen bazaryndaky alyp barýan işlerini mundan beýläk-de höweslendireris. “Siemens”, “Daimler”, “СLAAS”, “MANN”, “Rohde & Sсhwarz” nemes kompaniýalarynyň Türkmenistandaky köpýyllyk we netijeli işini şeýle hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly hökmünde getirmek bolar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Umuman, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk yzygiderli we depginli ösdürilýär. Şunuň bilen birlikde, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri giňden ornaşdyrmagy, infrastrukturany depginli ösdürmegi nazara almak bilen, bilelikdäki mümkinçilikleri has netijeli ulanyp boljakdygy äşgärdir. Täze maýa goýumlary çekmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek, döwrebap hyzmatlary ýola goýmak üçin mümkinçilikleri açýan hem-de hakykatdan-da, ykdysady hyzmatdaşlygymyza itergi berjek giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň gerek bolan tapgyryndadygymyza berk ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, GFR-iň işewür düzümleriniň wekillerine hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegiň birnäçe mümkinçiliklerine garamak teklip edildi.

Energetika ulgamy möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin Germaniýanyň kompaniýalarynyň tehnikalaryny we enjamlaryny getirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmaga, Gün batareýalaryny peýdalanmak boýunça german tehnologiýalaryny Türkmenistanda ornaşdyrmagyň mümkinçiligini öwrenmäge taýýardygyny beýan etdi. Şeýle hem ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek maksady bilen, Germaniýanyň wodorod energetikasy boýunça tejribesini öwrenmäge isleg bildirildi.

Oba hojalyk pudagynda Türkmenistan bilen “СLAAS” kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köpýyllyk oňyn tejribesini nazara almak bilen, innowasion çemeleşmeli, öňdebaryjy “ýaşyl” tehnologiýalary we sanly ulgamy işjeň ulanmak arkaly hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine geçmek teklip edildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi hem-de “СLAAS” kompaniýasy bilen bilelikde ýurdumyza oba hojalyk tehnikalarynyň, enjamlaryň we ätiýaçlyk şaýlaryň nobatdaky tapgyryny getirmek üçin önüm öndürijileriň birleşigi döredildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen hünärmenleriniň bu kompaniýanyň täjirçilik teklibini amala aşyrmak meselelerine girişmäge taýýardyklary aýdyldy.

Çykyşynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýanyň işewür toparlaryny Türkmenistanda döwrebap ulag infrastrukturalaryny we kommunikasiýalaryny gurmak boýunça taslamalara özleriniň gatnaşmak mümkinçiliklerini içgin öwrenmäge çagyrdy. Häzirki günde ýurdumyzda täze awtomobil we demir ýol ulag halkalarynyň, geçelgeleriň gurluşygy, howa we deňiz portlarynyň infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy giň gerimde alnyp barylýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiasiýalarynyň hem-de kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli esasdaky iş duşuşyklaryny ýola goýmagy teklip etdi. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň gün tertibine german kompaniýalarynyň Türkmenistanda ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, hyzmat ediş merkezlerini döretmäge, ulag ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamaga gatnaşmagy ýaly meseleleri girizmek bolar.

Şeýle hem “Deutsche Bahn Holding” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga, şeýle hem üstaşyr ulag ulgamynda bar bolan kuwwaty we logistikanyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmagyň hasabyna awtoulag, deňiz gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma beýan edildi. Raýat awiasiýasy ulgamynda, hususan-da, iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny ösdürmek babatda, Türkmenistanyň howa menzillerini bilelikde dolandyrmak mümkinçiliklerini artdyrmakda, şol sanda bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin degişli hukuk binýadyny taýýarlamakda hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Himiýa senagatynda german kompaniýalarynyň Türkmenistandaky “Tejenkarbamid” zawodynda abatlaýyş-dikeldiş hem-de bölekleýin döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmek boýunça taslama gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi. Meselem, “ThyssenKrupp” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk maksadalaýyk hasaplanýar. Şol bir wagtyň özünde, german hyzmatdaşlarymyz bilen Türkmenistanda Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny taslama kuwwatlyklaryna çykarmak we ösdürmek boýunça täze toplumlaýyn taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiligi baradaky gepleşikleri dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, bu ugurda eýýäm “Erсosplan”, “Ka-Utek”, “Sсhaсhtbau” german kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar.

Ykdysadyýetimizi ösdürmek we ýurdumyza maýa goýumlary çekmek boýunça konsalting ulgamynda german kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygymyzyň tejribesini hasaba almak bilen, gyzyklanma bildirýän kompaniýalar, hususan-da, “Goetz & Partners” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek boýunça işleri dowam etdirmek teklip edilýär. Bellenilişi ýaly, suw hojalyk ulgamynda häzirki wagtda türkmen tarapy Türkmenistanda suw üpjünçilik we suw paýlaýyş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak meselesi boýunça german kompaniýalarynyň tekliplerine garaýar. Hususan-da, akabalary we gapdal kanallary betonlamak, suw sorujy stansiýalary döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek, zeýkeş ulgamlaryny gurmak arkaly Garagum derýasynyň renowasiýa taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak teklip edilýär.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen GFR-iň Ykdysadyýet we energetika ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine esaslanyp, Türkmenistanyň dolandyryş işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek baradaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek teklip edildi.

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ugry boýunça hem hyzmatdaşlyk etmegiň oňat mümkinçilikleri bar. Şunda “ýaşyl” geçişi, şol sanda az uglerodly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, energetika we lukmançylyk geljegi uly ugurlar hasaplanýar. Gündogar komiteti bilen geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça 2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Berlin şäherinde wekilçilikli Türkmen-german işewürlik forumyny guramak teklip edilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň beýan eden möhüm teklipleriniň hatarynda Arkadag şäherinde lukmançylyk we derman senagaty ulgamyny hem-de german tarapynyň gatnaşmagynda tehniki-hünär bilim edarasyny özünde jemleýän “Ýaşyl” bilim merkezini döretmek mümkinçiligini öwrenmek teklibi bar. Bu teklipler boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak üçin Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň işini işjeňleşdirmegi we indiki ýylyň başynda Berlin şäherinde bu toparyň nobatdaky mejlisini geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Häzirki günde Germaniýanyň we Türkmenistanyň özara Ykdysadyýet günlerini geçirmek tejribesini täzeden dikeltmek üçin mümkinçilikler açylýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we şeýle duşuşyklaryň anyk möhletlerini, gün tertibini bilelikde pikirlenmegi teklip etdi.

Beýan edilen teklipleriň aglabasy ýakyn geljek üçindir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi we Türkmenistanyň döwletara, hökümetara ylalaşyklara esaslanýan yzygiderli, uzak möhletli bilelikdäki işi maksat edinýändigini tassyklady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu meselä aýratyn üns bermegi, türkmen-german işewürlik hyzmatdaşlygynyň halkara hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine, şol sanda ýurdumyzda iş alyp barmak üçin amatly şertleri döretmek arkaly ýardam bermegi maksat edinýärin diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Türkmen tarapy netijeli pikirler we teklipler üçin açykdyr. Bu gün biz ykdysady gatnaşyklarymyzyň täze hili barada esaslanyp aýtmak bilen, bu gatnaşyklaryň ýokary tehnologiýaly, innowasion häsiýetli bolmalydygyna, ösüşiň häzirki zaman meýilleri bilen ugurdaş gitmelidigine we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigine ynanýarys hem-de biz muňa hemişe ýardam ederis diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, şu gün ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesiniň geçiriljekdigini belledi. Olaryň barşynda türkmen-german hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň meseleleri, bilelikdäki işiň geljekki meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşylar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow günüň birinji ýarymynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň agzalary, şeýle hem GFR-iň Federal Kansleri Olaf Şols bilen geçirilen duşuşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, şol çäreleriň barşynda öňe sürlen tekl