Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE KANADANYŇ TÜRKMENISTANDA TÄZE BELLENEN ILÇISI YNANÇ HATYNY GOWŞURDY

 

2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kristofer Daggandan Ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

Duşuşygyň barşynda Ilçi Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýurdumyzda maksatnamalaýyn amala aşyrylýan işler hem-de milli Parlamentiň düzümi bilen tanyşdyryldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi hakyndaky özara pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi. 

21.01.2025

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda pagtanyň öndürilýän möçberini artdyrmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş we geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Önüm öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, ýazky ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň möhümdigini belledi we bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek işleri geçirilýär. Ekiş möwsüminde önüm öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek hem-de oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda ýeralmanyň we gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda bu ekinleriň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda degişli işler alnyp barylýar. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny, suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim gyş möwsüminde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, agyz suwy, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, ýazky ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew sebitdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak üçin alnyp barylýan işleriň çäklerinde topragy fosfor döküni bilen gurplandyrmak, sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Pagtaçy daýhanlary welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak hem-de möwsüme taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, bu ekinleriň tohumlaryny taýýarlamak işleri dowam etdirilýär. Ekin meýdanlarynyň daş-töweregini, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim häzirki günlerde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň we jemgyýetçilik binalarynyň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg hem-de ýazky ekişe taýýarlyk işleriniň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we häkime anyk tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Hususan-da, tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek, oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekişe taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem welaýatda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleriniň çäklerinde ekin meýdanlarynyň daş-töweregini, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri dowam etdirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň gowaça hasylynyň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, geriş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Welaýatlarda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we ministre häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizleýiş, çil, geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işleri geçirmegi, tehnikalary, gurallary ýaz ekişine talabalaýyk taýýarlamak babatda degişli işleri alyp barmagy, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmek, welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklar berildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş, şor suw akabalarynda arassalaýyş işleriniň yzygiderli geçirilmegini, welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň işledilişini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

20.01.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly kabul edilen maksatnamalaryň hukuk esaslaryny döretmek, raýatlaryň azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, ýurdumyzda hukuk tertibini we kanunylygy pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Mejlisiň deputatlary syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bilelikde şu ýylyň we onuň nyşanynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek, ýurdumyzyň kada-kanunçylygyny kämilleşdirmek babatda degişli işleri alyp barýarlar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň hem-de bu ugurda degişli çäreleri görmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmak we abraýyny ýokarlandyrmak, “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri çözmek üçin ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Ol Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Beýik Britaniýanyň “Fitch Ratings” agentligi bilen geçiren işleri barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, bu ugurda halkara agentlikler bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň wajypdygyny belledi we taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalarda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar we has oňaýly iş şertleri döredilýär. Munuň özi pudakda zähmet çekýän işgärleriň has netijeli işlemegini üpjün etmäge, zähmet öndürijiliginiň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, pudakda zähmet çekýänler üçin amatly iş şertleriniň döredilýändigini aýtdy hem-de bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalygy pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň gowaça ekiljek meýdanlarynda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Tekizleýiş, geriş, çil çekmek hem-de ýuwuş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem wise-premýer şu ýyl Diýarymyzda oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, degişli Kararyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny habar berdi we ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatlarda häzirki jogapkärli möwsümde alnyp barylýan işlere möhüm ähmiýet bermegiň, ýazky ekişe gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmaga, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmagyň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Welaýatlar boýunça 2025-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän pudaklaryna, hususan-da, elektroenergetika pudagyna degişli binalary we desgalary gurmak, durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, paýtagtymyzyň günorta bölegindäki asma ýoluň talabalaýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu işler türkmen gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde Aşgabat şäheriniň keşbiniň barha gözelleşýändigini, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş merkezleriniň, medeni-durmuş maksatly binalaryň yzygiderli gurulýandygyny aýtdy we paýtagtymyzda ýerleşýän asma ýolda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek hakynda resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Aşgabat şäherinde Owganystanyň önümleriniň sergisini we işewürlik maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 23 — 27-nji fewralynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu çärelere goňşy ýurduň haryt öndüriji kompaniýalarynyň hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän işewürleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Serginiň we işewürlik maslahatynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleri Owganystana eksport etmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Owganystanyň önümleriniň sergisiniň we işewürlik maslahatynyň geçirilmeginiň türkmen-owgan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Gazet-žurnallaryň redaksiýalary tarapyndan dürli döredijilik bäsleşikleriniň yglan edilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ýokary hem-de hünär-tehniki, orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly uniwersiadanyň we spartakiadanyň sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Fewral aýynyň esasy çäreleriniň hatarynda “Täze taryhy döwrüň dünýä nusgalyk ösüşleri — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş ýörelgesi” atly dabaraly maslahat, “Sungat — parahatçylygyň dili” atly şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi, “Milli ýörelgelerimiz nesil terbiýesinde”, “Türkmen Bitaraplygy — halkara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň kepili” atly maslahatlar, “Parahatlyk — geljege mukaddes miras” atly dabaraly çäre hem bar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, fewral aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige, kliniki ordinatura kabul etmegiň meseleleri barada hasabat berdi.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek, ylym ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan inženerleri, tehnologlary, lukmanlary we beýleki hünärmenleri taýýarlamak üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän 2025-nji ýylda ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň sany baradaky resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, berkarar Watanymyzda ylym ulgamyny kämilleşdirmäge, alymlary, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýändigini, bu ulgamy ösdürmek boýunça köp işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige, kliniki ordinatura kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtap, degişli resminama gol çekdi hem-de ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýewropa Bileleşigi hem-de oňa agza ýurtlar bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu gatnaşyklaryň çäklerinde anyk çäreler görülýär. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen 2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçiren duşuşygyny bellemek bolar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumanyň, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýneniň Aşgabada saparlarynyň bolandygy barada aýdyldy. 2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň Brýussele sapary boldy. Onuň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wezipeli wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi hem-de ÝB we oňa agza döwletler bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga Teswirnama gol çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, Aşgabatda we Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda parlamentara dialogyň, Bilelikdäki komitetiň mejlisleri yzygiderli geçirilýär, şeýle hem adam hukuklary boýunça dialog hereket edýär.

“Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda giň möçberli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar, şol sanda dürli derejede duşuşyklar, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça forumlar guralýar. Mälim bolşy ýaly, bu formatyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 2023-nji ýylyň oktýabrynda Lýuksemburgda geçirilen nobatdaky duşuşygynda sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki “Ýol kartasy” kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda 2025-nji ýylda Aşgabatda parlamentara dialogyň nobatdaky duşuşygyny, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji mejlisini geçirmek, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissarynyň Türkmenistana sapary bilen baglanyşykly teklipler hödürlenildi. Şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň hem-de Ýewropa Geňeşiniň we Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda guraljak duşuşyk bilen bagly teklip beýan edildi. Bu duşuşygy şu ýylyň aprelinde Samarkantda geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanda zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, gender syýasatyna aýratyn üns berilýär. Bu ugurda daşary ýurtlar hem-de halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň zenan ýolbaşçylarynyň forumyny geçirmek teklip edilýär. ÝB bilen bilelikde ikitaraplaýyn we sebit derejesinde dürli ulgamlarda birnäçe taslamalardyr maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna bilim, daşky gurşawy goramak, ekologiýa, ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýeti ösdürmek babatda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça maglumatlardyr teklipler hödürlenildi. Şunuň bilen birlikde, Ýewropa Komissiýasynyň “Horizon Europe”, “Marie Sklodowska-Curie Actions” maksatnamalary, Ýewropa Gözleg geňeşi bilen gatnaşyklar ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä, Türkmenistanyň Bilim ministrligine we Ylymlar akademiýasyna olardan netijeli peýdalanmak boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz döwletimiziň öz oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna pugta eýerip, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini, geljekde-de parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürip, «Açyk gapylar» syýasatynyň dowam etdiriljekdigini belledi. Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklarda gazanylan guwandyryjy netijeler munuň aýdyň güwäsidir. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beýan edilen teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli deňiz we derýa ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýerli we daşary ýurt deňiz gämileri abatlanylýar, milli flotumyz üçin täze deňiz gämileriniň gurluşygy alnyp barylýar. Gämilere hyzmat etmek işleriniň hilini has-da ýokarlandyrmak babatda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýük gämileriniň gurluşygynyň milli senagatyň täze ugry bolup durýandygyny we Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň işini kämilleşdirmäge ýardam berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

17.01.2025

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

 

2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Ermenistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň ýolbaşçysy Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky ýola goýlan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, türkmen Parlamentiniň işi bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Taraplar geljekde özara hormat goýmak, deňhuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryny Parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga taýýardyklaryny beýan etdiler. 

 

 

 

 

17.01.2025

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

 

2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we  Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem oňa iki  goňşy  ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy   mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, türkmen Parlamentiň düzümi                                      hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady  özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Ýurdumyzyň sebitde we dünýäde  parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň binýadyny berkitmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

 Şeýle hem taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklary halkara derejede — abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde mundan beýläk-de ösdürmek babatda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

 

17.01.2025

Ahal welaýatynda ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklaryň geçirilmegi dowam etdi

 

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen döredilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, gazet-žurnallaryň wekillerinden düzülen toparyň Ahal welaýatyna iş saparynyň çäklerinde şu ýylyň 16-njy ýanwarynda wagyz-nesihat duşuşyklarynyň geçirilmegi dowam etdi. 

Şeýle duşuşyklar dürli pudaklarda zähmet çekýän watandaşlarymyzyň, Mejlisiň deputatlarynyň, ýaşuly nesliň, häkimlikleriň wekilleriniň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň,  ýaşlaryň gatnaşmagynda Tejen etrap häkimliginde, Babadaýhan etrabynyň Babadaýhan dokma toplumynda, Sarahs etrabynyň Bereket obasynda ýerleşýän 27-nji orta mekdepde geçirildi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili özüniň çykyşynda ýurdumyzyň hemişelik, oňyn bitaraplyk syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, howpsuzlygy berkitmekde uly orna eýedigini, şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny has-da berkitmek maksady bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny, bu işlerde raýatlarymyzyň teklipleriniň örän wajyp bolup durýandygyny belledi.

Welaýatyň il sylagly ýaşulusynyň hem-de halk maslahatynyň wekiliniň çykyşlarynda ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň raýatlarynyň jemgyýetdäki ornuna ýokary baha berilýändigini, ýaşlarymyzy watançylyk, halallyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde giň mümkinçilikleriň döredilýändigi aýdyldy.

Duşuşyklardaky çykyşlarda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň halkara gatnaşyklarda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrjakdygyna ynam bildirildi.  

Duşuşyklara gatnaşyjylar tutuş adamzadyň bähbitleri üçin parahatçylyk dörediji syýasaty alyp barýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman  Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan buýsançlaryny beýan etdiler. 

16.01.2025

Mary welaýatynda ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklaryň geçirilmegi dowam etdi

 

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen döredilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, gazet-žurnallaryň wekillerinden düzülen toparyň Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde şu ýylyň 16-njy ýanwarynda wagyz-nesihat duşuşyklarynyň geçirilmegi dowam etdi. 

Ýolöten şäher medeniýet öýünde, Murgap etrap medeniýet öýünde geçirilen wagyz-nesihat duşuşyklaryna ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän watandaşlarymyz, ýaşuly we ýaş nesilleriň wekilleri, bilim, saglyk, medeniýet, sport ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Duşuşyklarda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliniň hem-de beýleki çykyş eden raýatlarymyzyň çykyşlarynda ýurdumyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyla beýik maksatlar bilen gadam goýandygy, eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işlere badalga berlendigi bellenildi. Türkmenistan döwletimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän ynsanperwer döwlet syýasaty esasynda, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýandygy, ählumumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde uly tagallalary amala aşyrýandygy, 2025-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan çäreleriň türkmen Bitaraplygynyň dünýä ähmiýetini has-da artdyrjakdygy buýsanç bilen nygtaldy. Şeýle hem ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmekde raýatlaryň teklipleriniň möhüm ähmiýete eýe bolýandygy bellenildi.

Duşuşyklara gatnaşanlar ýurdumyzy parahatçylyk ýoly bilen depginli ösdürýän, döwletleriň we halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyny maksat edinýän döwletli işleri alyp barýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

16.01.2025

Lebap welaýatynda ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklaryň geçirilmegi dowam etdi

 

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen döredilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, gazet-žurnallaryň wekillerinden düzülen toparyň Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde şu ýylyň 16-njy ýanwarynda wagyz-nesihat duşuşyklarynyň geçirilmegi dowam etdi. 

Şeýle duşuşyklar Lebap welaýatynyň Kerki etrap medeniýet öýünde, Halaç etrabynyň 31-nji orta mekdebinde, Saýat etrabynyň Garabekewül şäher medeniýet öýünde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän watandaşlarymyzyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň, häkimlikleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili özüniň çykyşynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň alyp barýan hemişelik, oňyn bitaraplyk syýasatynyň, öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň döwletimiziň milli kanunçylygynda mynasyp orun alandygy we şonuň bilen birlikde, onuň iş ýüzünde amala aşyrylmagy üçin pugta hukuk esasynyň döredilendigi, geljekde hem bu işleriň dowam etdirilmeginiň ähmiýeti barada durup geçdi. 

Welaýatyň il sylagly ýaşulusynyň hem-de halk maslahatynyň wekiliniň çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň halkara derejede giňden ykrar edilendigi buýsanç bilen nygtaldy. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýurdumyzyň halkara at-abraýyny has-da ýokarlandyrjakdygy bellenildi.

Duşuşyklara gatnaşanlar dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy dabaralandyrmak, halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda beýik işleri alyp barýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan buýsançlaryny beýan etdiler. 

16.01.2025

Daşoguz welaýatynda ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklaryň geçirilmegi dowam etdi

 

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen döredilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, gazet-žurnallaryň wekillerinden düzülen toparyň Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäklerinde şu ýylyň 16-njy ýanwarynda wagyz-nesihat duşuşyklarynyň geçirilmegi dowam etdi. 

 Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny dabaralandyrmak, hemişelik Bitaraplygymyz babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly teklipleri öwrenmek boýunça duşuşyklar Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Akdepe şäher medeniýet merkezinde, Görogly etrabynyň medeniýet merkezinde, Daşoguz şäher häkimliginde geçirilip, olara dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlarymyz, ýaşuly nesliň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalary, häkimlikleriň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. 

Duşuşyklarda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili özüniň çykyşynda ata Watanymyz Türkmenistanyň özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny Konstitusiýasynda berkidendigini, ýurdumyzyň hemişelik, oňyn bitaraplyk syýasatynyň döwletimiziň milli kanunçylygynda mynasyp orun alandygyny nygtady hem-de kada-kanunçylygy kämilleşdirmegiň möhüm ugurlaryň biri bolup durýandygyny, bu babatda raýatlarymyzyň teklipleriniň örän ähmiýetlidigini belledi.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşyklarda çykyş eden dili senaly ýaşulular, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň wekilleri, dürli kärde zähmet çekýän watandaşlarymyz berkarar döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda her ýyly döwrebap atlandyrmagyň halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyryp, agzybirligimizi, jebisligimizi has-da pugtalandyrmakda aýratyn orun eýeleýändigini buýsanç bilen mälim etdiler.

Duşuşyklara gatnaşanlar dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda beýik işleri alyp barýan Hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

16.01.2025

Balkan welaýatynda ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklaryň geçirilmegi dowam etdi

 

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen döredilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, gazet-žurnallaryň wekillerinden düzülen toparyň Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde şu ýylyň 16-njy ýanwarynda wagyz-nesihat duşuşyklarynyň geçirilmegi dowam etdi. 

Şeýle duşuşyklar Bereket we Gyzylarbat etrap häkimliklerinde dürli edaralarda zähmet çekýän raýatlarymyzyň, ýaşlaryň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili özüniň çykyşynda türkmen Bitaraplygynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň we bu babatda raýatlaryň teklipleriniň ähmiýetiniň uludygyny, 2025-nji ýylyň şygarynda Bitarap ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmak, döwletleriň arasynda özara ynanyşmagy berkitmek, dünýä ýurtlaryny we halklaryny parahatçylyga, dost-doganlyga çagyryş ýaly asylly maksatlaryň öz beýanyny tapýandygyny belledi. 

Welaýat halk maslahatynyň wekiliniň we il sylagly ýaşulynyň eden çykyşlarynda Türkmenistanyň ata-babalarymyzyň paýhas nury siňen dostluk, parahatçylyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly asylly ýörelgelerine daýanýan bitaraplyk syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde giňden ykrar edilendigi, bu ynsanperwer syýasy ugruň bagtyýarlygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň kepili bolup durýandygy aýratyn buýsanç bilen bellenildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň hoşniýetli ýörelgelere eýermek bilen, dost-doganlyk ýoluny dowam etdirip, dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň has-da berkemegine saldamly goşandyny goşjakdygy uly ynam bilen aýdyldy.  

Duşuşyklara gatnaşanlar sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen özara bähbitli hem-de dostlukly, parahatsöýüjilikli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.

16.01.2025

Arkadag şäherinde ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklaryň geçirilmegi dowam etdi

 

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen döredilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, gazet-žurnallaryň wekillerinden düzülen toparyň Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde şu ýylyň 16-njy ýanwarynda wagyz-nesihat duşuşyklarynyň geçirilmegi dowam etdi. 

Arkadag şäheriniň Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebinde şäheriň ýaşaýjylarynyň, edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda çykyş eden wekiller ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny ilatyň arasynda wagyz-nesihat etmek boýunça geçirilýän çäreleriň uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili özüniň çykyşynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň adamzadyň abadan geljegini üpjün etmekde uly gymmatlyk bolup durýandygyny, döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, durnukly ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýändigini, ýurdumyzyň milli kanunçylygynyň kämilleşdirilmeginde raýatlarymyzyň teklipleriniň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. 

Duşuşykda çykyş eden il sylagly ýaşuly nesliň, ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan bagtyýar ýaş nesliň wekilleri, sebitde deňi-taýy bolmadyk ilkinji «akylly» Arkadag şäheriniň zähmetsöýer ýaşaýjylary ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, dünýä ýaň salýan bedew batly beýik ösüşlerine guwanýandyklaryny aýtdylar. 

Duşuşyga gatnaşyjylar dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy berkarar etmek, döwletleriň we halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny, hoşniýetli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýurdumyzyň halkara at-abraýyny has-da belende galdyrmak, halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda ynsanperwer döwlet syýasatyny we tutumly beýik işleri alyp barýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman  Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan buýsançlaryny beýan etdiler. 

16.01.2025

Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklaryň geçirilmegi dowam etdi

 

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen döredilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, gazet-žurnallaryň wekillerinden düzülen toparyň Aşgabat şäherine iş saparynyň çäklerinde şu ýylyň 16-njy ýanwarynda wagyz-nesihat duşuşyklarynyň geçirilmegi dowam etdi. 

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginde, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde, şeýle hem Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdepde we 11-nji saglyk öýünde guralan wagyz-nesihat duşuşyklaryna dürli pudaklarda zähmet çekýän bagtyýar raýatlar, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň hem-de häkimlikleriň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyklarda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili özüniň çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygy we 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ýurdumyzda göz öňünde tutulýan çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça işlere badalga berlendigini, şeýle hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň gazananlaryny gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek, şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmak, bu ýörelgeleri kanunçylykda berkitmek we kämilleşdirmek maksady bilen, halk köpçüliginden gelýän teklipleriň öwrenilýändigini belledi.

Ýaşuly nesliň wekilleriniň, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň hem-de ýaşlaryň täsirli çykyşlarynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän 2025-nji ýylyň ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açjakdygy bellenildi. 

Duşuşyklara gatnaşanlar ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarýan, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen umumadamzat ähmiýetli oňyn başlangyçlary dabaralandyrýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

16.01.2025

Ahal welaýatynda ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklar geçirildi

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 9-njy ýanwarda geçirilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy Maksatberdi Gurbanow, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň başlygy Maral Açilowa, «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory Ogulmaýsa Allaberdiýewa Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdylar. 

Iş saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny ilatyň arasynda wagyz-nesihat etmek, Ahal welaýatynyň ýaşaýjylaryndan parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmak, bu ýörelgeleri kanunçylykda berkitmek we  kämilleşdirmek maksady bilen, teklipleri öwrenmek boýunça Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşginde duşuşyk geçirildi. 

Täsirli geçen duşuşyga dürli ugurlarda zähmet çekýän bagtyýar raýatlar, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalary, arçynlar, bilim işgärleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. 

Bu maslahatda çykyş edenler 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde öňde goýlan wezipeler, Diýarymyzyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde öňe sürýän başlangyçlarynyň goldanylmagy hem-de Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň kanunçylykda berkidilmeginiň möhüm ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler. 

Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy Maksatberdi Gurbanow özüniň çykyşynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, köp sanly raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipler esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi» diýip, belläp geçdi. Şeýle hem parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmak, bu ýörelgeleri kanunçylykda berkitmek we kämilleşdirmek maksady bilen, raýatlarymyzyň tekliplerine, erk-islegine döwletimiz tarapyndan uly hormat goýulýandygyny nygtady. 

Maslahatda çykyş eden il sylagly ýaşulynyň hem-de halk maslahatynyň agzasynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olardan Ahal welaýat halk maslahatynyň agzasy Musamuhammet Berdiýew özüniň çykyşynda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletleriň arasynda özara ynanyşmagy berkitmek, dünýä ýurtlaryny we halklaryny parahatçylyga, dost-doganlyga çagyrmak boýunça Bitarap Watanymyzyň edýän asylly tagallalarynyň, maksatlarynyň ýurdumyz üçin bähbitleri, tutuş adamzat üçin ähmiýeti barada  durup geçdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda döredilen ýaşulular Geňeşiniň agzasy Gurbangeldi Aýlyýew bolsa maslahata gatnaşyjylaryň adyndan çykyş edip, her bir millet baradaky aladanyň biziň aňyrdan gelýän milli däp-dessurlarymyzdan gözbaş alýandygy, döwletimiz tarapyndan geçirilýän her bir işi tüýs ýürekden goldaýandyklary hakynda beýan etdi.

 Şeýle mazmundaky çäreleriň dowamy Ahal welaýatynyň dürli künjeklerinde, Ak bugdaý etrabynyň Änew şäher medeniýet öýünde, Bäherden  etrabynyň Akdepe obasynda ýerleşýän 31-nji orta mekdepde, Kaka etrabynyň Gowşut obasynda ýerleşýän 28-nji orta mekdepde geçirildi. 

Maslahatlara gatnaşyjylar halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, milletimiziň howandary Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler. 

 

 

15.01.2025

Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklar geçirildi

 

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen döredilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy Guwançmyrat Agaýew, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Maýsa Saryýewa, «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejepow, «Aşgabat» gazetiniň baş redaktory Annamyrat Mämmedow Aşgabat şäherine iş saparyny amala aşyrdylar. 

Saparyň dowamynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny ilatyň arasynda wagyz-nesihat etmek, döwletleriň arasynda özara ynanyşmagy berkitmek, dünýä ýurtlaryny we halklaryny parahatçylyga, dost-doganlyga çagyrmak, bu ýörelgeleri kanunçylykda berkitmek babatda raýatlaryň tekliplerini öwrenmek boýunça Aşgabat şäher häkimliginiň binasynda maslahat duşuşygy geçirildi.

Maslahata ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda zähmet çekýän bagtyýar raýatlar, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, bilim, saglyk, sport ulgamlarynyň işgärleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli öňde durýan wezipeler, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ýurdumyzda göz öňünde tutulýan çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça işlere badalga berilmegi, şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatsöýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň bu günki gün dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigi, bu işleriň sakasynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň durandygy barada nygtadylar. 

Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy Guwançmyrat Agaýew Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 9-njy ýanwarynda geçirilen mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek barada möhüm wezipeleri öňde goýandygyny belledi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini giňden ýola goýmagyň möhümdigi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatynyň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak meselelerine bellenilen tertipde seretmek barada aýdanlarynyň belent wezipeler bolup durýandygyny nygtady.

Aşgabat şäher halk maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbannazar Ataýew özüniň çykyşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň ählihalk bähbitli möhüm wezipeleri çözmekde örän ýokary ähmiýete eýedigine ünsi çekdi, şeýle hem welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň we syýasy partiýalaryň agzalarynyň hem-de bagtyýar raýatlarymyzyň öňde durýan wezipeleri üstünli durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.

Şeýle mazmundaky maslahatlar Aşgabat şäheriniň Berkararlyk we Köpetdag etrap häkimliklerinde hem geçirildi. 

Maslahatlara gatnaşanlar Türkmenistan döwletimiziň halkara at-abraýyny has-da belende galdyrmak, halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda beýik işleri alyp barýan, umumadamzat ähmiýetli parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary öňe sürýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

15.01.2025

Balkan welaýatynda ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklar geçirildi

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 2025-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda geçirilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Batyr Baýlyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýew, «Adalat» gazetiniň baş redaktory Maksat Nuryýew Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdylar. 

Iş saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň  hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny halkyň arasynda wagyz etmek, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden dabaralandyryljak ýylynda  geçiriljek giň gerimli çäreler, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri milli kanunçylykda has-da berkitmek maksady bilen, raýatlaryň tekliplerini öwrenmek boýunça Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni sport toplumynda duşuşyk maslahaty geçirildi. 

Maslahata ýaşuly nesliň wekilleri,  Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap, we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalary, arçynlar,  döwlet edaralarynyň işgärleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. 

Maslahatda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda Permanyna we Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna laýyklykda durmuşa geçirilmeli çäreler, dünýäde parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän, ählumumy ösüşiň, abadançylygyň hem­de rowaçlygyň bähbitlerine oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň halkara derejede eýeleýän orny barada giňişleýin çykyşlar edildi. 

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Batyr Baýlyýew özüniň çykyşynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek babatda durmuşa geçirilýän işleriň döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny gazanmaga, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge ýardam edýändigini belledi. 

Maslahatda Balkan welaýat halk maslahatynyň başlygy Begmyrat Garryýew özüniň çykyşynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenilip taýýarlanylan daşary syýasy strategiýasynyň – parahatçylyk söýüjilik, açyklyk, hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, 2025­nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň esasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygrynyň belent ruhunyň bardygyny belledi.

Şeýle hem edilen çykyşlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäreleriniň taryhy hem-de syýasy taýdan möhüm ähmiýete eýedigi we olaryň dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda edilýän ählumumy tagallalara uly goşant bolup durýandygy bellenildi.

Şeýle maslahatlar Balkan welaýat häkimliginde, Türkmenbaşy etrap medeniýet öýünde hem geçirildi. 

Maslahatlara gatnaşanlar ata Watanymyzy we halkymyzy agzybirlikde rowana ak ýollar bilen ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. 

 

15.01.2025

Lebap welaýatynda ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklar geçirildi

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny ilatyň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Bahar Seýidowanyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Oguljennet Berdiliýewanyň, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory Rahmet Gylyjowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.

Türkmenabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen duşuşyga il sylagly ýaşulular, mährem eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalary, Lebap welaýat, etrap we şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, welaýatyň edaralarynyň we kärhanalarynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary we arçynlar gatnaşdylar. Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatynyň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen alnyp barylýan işler, Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli öňde durýan wezipeler barada çykyşlar diňlenildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Bahar Seýidowa öz çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň milli kanunçylykda berkidilmeginiň möhüm ähmiýetini nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular Geňeşiniň agzasy Ereş Talybow öz çykyşynda döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgelerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynyň ilatymyz tarapyndan doly goldawa eýe bolýandygyny belledi.

Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy, «Zenan Kalby» ordeniniň eýesi, kümüş saçly ene Ogulboldy Çopanowa öz çykyşynda bu şanly ýylymyzyň şygary – türkmen halkymyzyň ýürek sesidir, kalbynyň owazydyr. Parahatçylyk-bütin dünýäniň arzuwy, ynsanyýet kowmunyň arzuwy, biz eneleriň arzuwydyr. Bu günki gün türkmeniň ykbal sallançagynda eneleriň hüwdileri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly pähimleri, paýhaslar ummany bilen nesilleri nurana ertelere, milleti baky bagtyýarlyga atarýar, diýip belläp geçdi.

Şeýle duşuşyklar Dänew etrabynyň medeniýet öýünde, Darganata etrabynyň Gazojak şäherindäki çagalar sungat mekdebinde hem geçirildi. 

Duşuşyklara gatnaşyjylar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek dabaralaryň eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşýandygyna aýratyn ünsi çekip, munuň 2025-nji ýylyň ähmiýetini has-da artdyrjakdygyny, onuň şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljakdygyny nygtadylar.

Maslahatlara gatnaşyjylar halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler. 

 

 

 

15.01.2025

Daşoguz welaýatynda ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklar geçirildi

 

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy Serdar Gaýypow, Türkmenistanyň  Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Saparmyrat Owganow, «Nesil» gazetiniň baş redaktory Artykguly Hojaberdiýew Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrýarlar. 

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň kanunçylyk işini kämilleşdirmek barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylmagynyň ähmiýetini, ýylyň nyşanynyň mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, ýaşaýjylaryň tekliplerini öwrenmek maksady bilen, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň medeniýet merkezinde duşuşyk geçirildi. 

Geçirilen maslahat duşuşygyna dürli pudaklarda zähmet çekýän watandaşlarymyz, ýaşuly nesliň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalary, geňeş agzalary hem-de ýaşlar gatnaşdylar. 

    Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze eýýamynda döwletimiziň dünýädäki ornunyň has-da berkemegi, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak maksady bilen, şeýle hem Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, halk köpçüliginden gelen teklipler göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini nygtadylar. 

Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy Serdar Gaýypow özüniň çykyşynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, soňra 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhy ähmiýeti, ýurdumyzyň dünýäde iki gezek ykrar edilen ýeke-täk Bitarap döwletdigi barada belläp geçdi. 

Maslahatda mährem ene Bibisoltan Amanowanyň  öz çykyşynda belläp geçişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly  Gahryman Serdarymyz  Watanymyzyň abraýyny dünýä ýaýdy. Biziň Bitarap döwletimiz dünýä nusga, görelde. Parahat hem asuda ýurdumyz, bagtyýar döwrümiz bar. Dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda, ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmagy berkitmekde bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyz,  Arkadagly  Gahryman Serdarymyz bar.

Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrap halk maslahatynyň agzasy Selbi Begmyradowa özüniň çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne eserlerinde halkymyzyň taryhynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň iň sarpaly gymmatlyklar hökmünde hemişe uly ähmiýete eýe bolandygynyň nygtalýandygyny belledi. Şol gymmatlyklara esaslanýan milli däplerimiziň ata-babalarymyzyň parahatçylyk dörediji baý mirasynyň özenini düzýändigi baradaky pikirlerini beýan etdi. 

Şeýle mazmundaky duşuşyklar Daşoguz welaýatynyň beýleki etraplarynda, has takygy Köneürgenç etrabynyň 58-nji orta mekdebinde, Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher medeniýet merkezinde, Şabat etrabynyň medeniýet merkezinde hem geçirildi. 

Maslahatlara gatnaşyjylar dünýäde parahatçylygy berkarar etmek, halklaryň arasynda dost-doganlyk köprüsini berkitmek, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek babatda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman  Serdarymyza ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. 

 

15.01.2025

Mary welaýatynda ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklar geçirildi

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralandyryljak, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda geçiriljek çäreler bilen bagly ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini giňden ýola goýmak barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek hem-de raýatlaryň tekliplerini öwrenmek maksady bilen, şu ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy Ýusupguly Eşşäýew, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Akmämmet Akmämmedow, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory Batyr Myradow Mary welaýatynda iş saparynda boldular.

Saparyň çäklerinde Baýramaly şäheriniň medeniýet merkezinde geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda ýurdumyzyň hemişelik, oňyn bitaraplyk syýasatynyň döwletimiziň milli kanunçylygynda mynasyp orun alandygy we şonuň bilen birlikde onuň iş ýüzünde amala aşyrylmagy üçin pugta hukuk esasynyň döredilendigi hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti barada täsirli çykyşlar edildi. 

Duşuşyk maslahatyna ýurdumyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän bagtyýar raýatlar, ýaşulular we eneler, Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, bilim, saglyk, sport, ulgamlarynyň işgärleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

Duşuşykda çykyş edenler 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli şu ýyly beýik üstünliklere beslemäge bagyşlanan çäreleriň taryhy ähmiýetli wakalara baý boljakdygyny bellediler. Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy Ýusupguly Eşşäýew öz çykyşynda Adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny, ynsan saglygyny, jemgyýetçilik ahlagyny, döwlet häkimiýetini amala aşyrmagyň bellenilen tertibini, jemgyýetçilik tertibini we howpsuzlygyny, eýeçiligi gorap saklamak, adamyň, jemgyýetiň we döwletiň kanuny bähbitleriniň goragynyň kepilliklerini üpjün etmek maksady bilen, kada-kanunçylyk işiniň kämilleşdirilýändigini, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny ilatyň arasynda wagyz-nesihat etmek işleriniň giňden ýola goýlandygyny aýdyp, raýatlaryň tekliplerini öwrenmek bilen bagly degişli işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny belledi.

Duşuşykda welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň we beýleki wekilleriň çykyşlary has-da täsirli bolup, olar Watanymyzyň ösüşleri barada ýerine ýetirilýän döwlet ähmiýetli wakalara buýsançlarynyň çäksizdigini beýan etdiler hem-de bu geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynyň halk demokratiýasynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtadylar.

Olardan Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň ýaşaýjysy, kümüş saçly ene Akjagül Babakulyýewa çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlara goýulýan sarpa, olara kanunçylyk taýdan döredilýän ýeňillikler barada durup geçip, döredilýän mümkinçilikler  barada Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza maslahata gatnaşyjylaryň adyndan tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Şeýle netijeli çäreler Mary welaýatynyň beýleki etraplarynda, ýagny Ýolöten şäher medeniýet öýünde, Murgap etrap medeniýet öýünde hem geçirildi.

Maslahatlara gatnaşanlar halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlary aýtdylar. 

15.01.2025

Arkadag şäherinde ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklar geçirildi

 

Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden belleniljek ýyly bolan 2025-nji ýylyň şygarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi çuňňur many-mazmuna eýe bolup, Döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça ­guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda gol çeken Permanyna laýyklykda, şu ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Annamuhammet Sarjaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Maýýa Alimowa Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdylar. 

Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Diýarymyzyň kanunçylyk işini kämilleşdirmek barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny ilata düşündirmek, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri hakyndaky kanunçylygy kämilleşdirmek babatda raýatlarymyzyň tekliplerini öwrenmek boýunça Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda duşuşyk geçirildi.

Geçirilen täsirli duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Annamuhammet Sarjaýew öz çykyşynda täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigi barada uly buýsanç bilen nygtap geçdi. 

Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy, kümüş saçly ene Ogulbagt Hudaýnazarowanyň Döwrümiziň şanyna şan goşjak täze 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»  diýlip atlandyrylmagy, ähli türkmen halkymyzy, ylaýta-da, bagtyýar türkmen ýaşlaryny täze ýylda has-da tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar diýip, bellemegi, ýaşlar üçin watansöýüjiligiň beýik ruhuna ýugrulan bagtly enäniň ýürek kelamy boldy. 

Maslahatyň dowamynda, bagtyýar halkymyzyň ýürek sesini duýup, arzuwlaryny hasyl edýän, döretmäge, gurmaga, halal zähmet çekmäge ählitaraplaýyn mümkinçilikleri döredýän, ata Watanymyzy söýmekde, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň görelde mekdebine eýermelidigi dogrusynda täsirli çykyşlar diňlenildi.

Wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlar döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlar bilen alyp barýan, ýurdumyzyň halkara at-abraýynyň has-da belende galmagy we halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşynyň dowamat dowam bolmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän, umumadamzat ähmiýetli oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýan Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny we alkyşlaryny aýtdylar.

 

 

 

 

15.01.2025
1 ... 35 36 37 38 39 ... 82