Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Prezidenti «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine gatnaşdy

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde geçirilýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli forumyň geçirilýän ýerine — «Kazan Ekspo» halkara sergiler merkezine ugrady.

Daşary ýurtlaryň 30-dan gowragynyň wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ŞHG-niň, GDA-nyň ýolbaşçylary, şeýle hem Täze ösüş bankynyň prezidenti bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň plenar mejlisine gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, BRICS 2006-njy ýylda Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäginde esaslandyryldy we şondan bäri geçen döwürde dünýäniň abraýly düzümleriniň birine öwrüldi. Guramanyň ady oňa gatnaşyjy ilkinji bäş ýurduň — Braziliýa Federatiw Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Hindistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de 2011-nji ýylda bu gurama goşulan Günorta Afrika Respublikasyň atlarynyň ilkinji harplaryny aňladýar. Soňra gurama doly hukukly agza hökmünde Müsür Arap Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Eýran Yslam Respublikasy, Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasy goşuldy. Bu döwletara birleşigiň çäklerindäki hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak, açyklyk we ylalaşyklylyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Bu bolsa dünýäniň beýleki ýurtlary üçin guramanyň özüne çekijiligini artdyrýar.

Geljekki hyzmatdaşlaryň barha artýan gyzyklanmalary göz öňünde tutulyp, «BRICS goşmak» formaty döredildi. Bu format häzirki döwrüň ählumumy meseleleri boýunça netijeli dialog üçin meýdança bolup durýar. Durnukly ösüşe, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Bu hyzmatdaşlygyň ugurlary her ýyl geçirilýän ýokary derejedäki sammitlerde we köptaraplaýyn duşuşyklarda kesgitlenilýär.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin «Adalatly ählumumy ösüşiň we howpsuzlygyň bähbidine köptaraplylygyň pugtalandyrylmagy» şygary astynda, guramada Russiýanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän XVI BRICS sammitine gatnaşyjylary hem-de hormatly myhmanlary mähirli mübärekläp, öz netijeliligini görkezen «BRICS goşmak»/«autriç» formatynyň gurama agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlara açyk dialog üçin mümkinçilik berýändigini nygtady. Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi. Şolaryň hatarynda GDA ýurtlarynyň, Aziýa, Afrika, Ýakyn Gündogar we Latyn Amerikasy döwletleriniň Liderleri, şeýle hem BRICS bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän halkara guramalaryň ýerine ýetiriji edaralarynyň ýolbaşçylary bar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitine ilkinji gezek gatnaşýandygyny belledi we şeýle wekilçilikli çärä çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, munuň ýurdumyza goýulýan hormatyň nyşany hökmünde kabul edilýändigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara jemgyýetçiligiň dünýäde hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerini berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny parahatçylyk döredijilik gün tertibini ilerletmek, ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda deňhukukly dialog, ynanyşmak, açyklyk medeniýetini pugtalandyrmak üçin ulanýar. Gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almak, olary döredýän sebäpleri aradan aýyrmak üçin Bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegidir hem-de häzirki ýagdaýlarda Bitaraplygyň esasy ýörelgeleri örän zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we dünýä jemgyýetçiliginiň goldamagynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işinde anyk peýda getirmäge ukyplydygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işiniň aýratyn ähmiýeti we netijeliligi bellenildi. Bu merkeziň ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýär.

Jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan halkara ýagdaýlary kadalaşdyrmaga we hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerine geçmäge gönükdirilen çäreleri teklip edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda ýurdumyzyň BMG-de birnäçe teklipler bilen çykyş edendigini, hususan-da, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň parahatçylyk döredijilik tagallalarynda bitarap ýurtlara guramanyň esasy hyzmatdaşy hukuk derejesini bermek başlangyçlaryny, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmek bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan goldanylmagy möhüm waka boldy. Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmäge ähli döwletleriň işjeň gatnaşmagyna bil baglaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halkara strategiýasy häzirki döwrüň geoykdysady gatnaşyklaryna, häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, ekologiýa, azyk howpsuzlygy babatda çylşyrymly ýagdaýlary aradan aýyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň energiýa çeşmelerine, arassa suwa, howa elýeterliliginiň deňhukukly, adalatly we ygtybarly ýollaryny döretmäge esaslanýar. Muňa döwletimiz işjeň, jogapkärçilikli çemeleşýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we Türkmenistanyň ykdysadyýet, energetika, durnukly ulag ulgamlaryndaky başlangyçlaryna ünsi çekdi. Gürrüň Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmegiň ählumumy Çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Durnukly ulag birikmesiniň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek barada barýar.

Umuman, häzirki ählumumy geoykdysady meýiller barada aýdylanda, ösüp barýan ýurtlaryň barha artýan ähmiýetini Türkmenistan şolaryň hatarynda aýratyn belleýär. Bu ýurtlar dünýä gurluşynyň ozal ýola goýlan, ýöne özgerdilmegi talap edilýän gatnaşyklaryna täze güýç we many-mazmun bermäge ukyplydyrlar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ekologiýa hyzmatdaşlygy meselelerinde Merkezi Aziýada tebigy landşaftlary, Hazar deňzinde bioköpdürlüligi gorap saklamaga, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda bu sebitlerde suw, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Biz ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge uly ähmiýet berýäris. Şeýle hem ýurdumyz medeniýet, ylym, bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga täze itergi berilmegini möhüm hasaplaýar. Birek-biregi has gowy tanamak, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, milli sungatlaryň özara baýlaşmagy halklary döredijilikli esaslarda birleşdirýän gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz şu gezekki mejlise gatnaşmaga çakylyk hem-de çykyş etmäge we garaýyşlarydyr teklipleri beýan etmäge döredilen mümkinçilik, netijeli işlemäge döredilen şertler üçin guramaçylara ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Wladimir Putin çuň mazmunly çykyşy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň durup geçen köp sanly meseleleriniň, Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň örän wajypdygyny belledi.

Soňra sammitiň dowamynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş çykyş edip, halkara meseleleri çözmekde köptaraplylygy goldaýandygyny aýtdy hem-de häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak üçin tagallalary birleşdirmäge çagyrdy. BRICS-iň çäklerinde möhüm ugurlar hem-de köptaraplaýyn dialogy çuňlaşdyrmagyň meseleleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar deňhukuklylyga, ynanyşmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin bar bolan mümkinçilikleri doly açmak babatda täze gurallary işläp taýýarlamaga umumy gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Iki günlük iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Üç sagatlyk uçuşy amala aşyryp, döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar. Ýygnananlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzy saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutladylar.

***

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar.

Duşuşygyň hormatyna ýaş ildeşlerimize Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ýygyndysy sowgat berildi. Bu kitap beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli neşir edildi. Ýygnananlar gymmatly sowgat üçin hoşallyk bildirip, hemişe parahatçylyga, dostluga we ylalaşyga çagyran dana Pyragynyň döredijilik hem filosofik mirasynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde bu ýörelgeler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugrunyň hem esasyny düzýär.

Talyplar Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize türkmen ýaşlary barada edýän ýadawsyz aladalary, olaryň sazlaşykly ösmegi babatda döredýän ajaýyp şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, eziz Watanymyza hem-de mähriban halkymyza peýda getirmek üçin ýokary bilimli hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine ynandyrdylar.

24.10.2024

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Şu gün Kazan şäherinde geçýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz hem-de iri halkara guramanyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, umumy maksatlary we häzirki döwrüň wezipelerini nazara almak bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ikiçäk duşuşykda ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, Antoniu Guterrişi Birleşen Milletler Guramasynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we şu duşuşygyň netijeleriniň däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

BMG-niň Baş sekretary gutlaglardyr hoşniýetli sözler, şu ýylyň iýulynda Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Hut Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen açyklyk, parahatçylyk söýüjilik, işjeň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly bolan Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasy ugry kesgitlenildi.

Bellenilişi ýaly, halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen we ýurdumyzyň Konstitusiýasynda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, Türkmenistan dünýä döwletleridir abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Şunda hut ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edendigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, geljek ýyl birnäçe şanly wakalara, şol sanda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna beslener.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň syýasaty alyp barýar hem-de bu gurama, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň depginli ösýän strategik merkezleriniň birinde — Merkezi Aziýada BMG-niň ygtybarly we uzak möhletli hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyz dünýä ösüşiniň ählumumy meselelerini çözmegiň möhümdigini belläp, türkmen tarapynyň netijeli dialogy hemmetaraplaýyn giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny ýene bir gezek tassyklady.

Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy döwrüň wajyp meselelerini çözmäge başlangyçly çykyş edýändigi hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýandygy üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde BMG-niň möhüm hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny nygtady.

BMG-niň Baş sekretary ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini berkarar etmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berip, döwlet Baştutanymyzyň XVI BRICS sammitiniň mejlisinde beýan eden teklipleriniň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

24.10.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy

Kazan şäherinde iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Tatarystanyň Baştutany belent mertebeli myhmany mübärekläp hem-de XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin Kazana gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny bildirip, taryhyň dowamynda kemala gelen dostlukly gatnaşyklara esaslanýan we ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýän tatar-türkmen hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, şu gezekki saparyň netijeleriniň Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Bu gatnaşyklarda ýurdumyz Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Tatarystanyň Baştutanyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz XVI BRICS sammitiniň ýokary derejesini belläp, bu wekilçilikli forumyň üstünlikli geçirilmegini we onuň çäklerinde meýilleşdirilen maksatlara ýetilmegini arzuw etdi.

RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirdi hem-de Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideriniň saldamly goşandyny nygtady. Pursatdan peýdalanyp, ol golaýda Aşgabatda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen, beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň netijeli hyzmatdaşlygyň esasy şertleriniň biridigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň çäklerinde köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyzy Tatarystan Respublikasynyň «Duslyk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz bu ýokary döwlet sylagyna Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş-medeni gatnaşyklary ösdürmäge goşan uly goşandy üçin mynasyp boldy.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany hormatly Prezidentimize «Duslyk» ordenini dabaraly ýagdaýda gowşurdy we tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz bildirilen hormat-sarpa üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu sylagyň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň tassyklanmagy bolup durýandygyny belledi. Häzirki döwürde bu gatnaşyklar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. “Goý, bu ýokary sylag biziň dostlukly halklarymyzyň we döwletlerimiziň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň synmazlygynyň ýene-de bir nyşanyna öwrülsin!” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowa «Duslyk» ordeniniň gowşurylandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Tatarystanyň doganlyk halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

24.10.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitindäki çykyşy

Hormatly döwlet Baştutanlary,

Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti hormatly Wladimir Wladimirowiç Putine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin. Türkmenistan «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitine ilkinji gezek gatnaşýar. Biz şeýle wekilçilikli çärä çakylyk üçin minnetdarlyk bildirýäris we muny Türkmenistana goýulýan hormatyň nyşany hökmünde kabul edýäris.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara jemgyýetçiligiň dünýäde hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerini berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny parahatçylyk döredijilik gün tertibini ilerletmek, ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda deňhukukly dialog, ynanyşmak, açyklyk medeniýetini pugtalandyrmak üçin ulanýar. Gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almak, olary döredýän sebäpleri aradan aýyrmak üçin Bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegidir. Häzirki ýagdaýlarda Bitaraplygyň esasy ýörelgeleriniň örän zerurdygyna hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň goldamagynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işinde anyk peýda getirmäge ukyplydygyna ynanýarys. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işiniň aýratyn ähmiýetini we netijeliligini bellemek gerek. Bu merkeziň ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýär.

Jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan halkara ýagdaýlary kadalaşdyrmaga we hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerine geçmäge gönükdirilen çäreleri teklip edýär. Bu babatda ýurdumyz BMG-de birnäçe teklipler bilen çykyş etdi, hususan-da, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň parahatçylyk döredijilik tagallalarynda bitarap ýurtlara guramanyň esasy hyzmatdaşy hukuk derejesini bermek başlangyçlaryny, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmek bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan goldanylmagy möhüm waka boldy. Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmäge ähli döwletleriň işjeň gatnaşmagyna bil baglaýarys.

Türkmenistanyň halkara strategiýasy häzirki döwrüň geoykdysady gatnaşyklaryna, häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, ekologiýa, azyk howpsuzlygy babatda çylşyrymly ýagdaýlary aradan aýyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň energiýa çeşmelerine, arassa suwa, howa elýeterliliginiň deňhukukly, adalatly we ygtybarly ýollaryny döretmäge esaslanýar. Muňa döwletimiz işjeň, jogapkärçilikli çemeleşýär. Türkmenistanyň ykdysadyýet, energetika, durnukly ulag ulgamlaryndaky başlangyçlaryna siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Gürrüň Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmegiň ählumumy Çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada barýar. Ýurdumyzyň beýleki başlangyçlary Durnukly ulag birikmesiniň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmekden ybaratdyr.

Umuman, häzirki ählumumy geoykdysady meýiller barada aýdylanda, ösüp barýan ýurtlaryň barha artýan ähmiýetini Türkmenistan şolaryň hatarynda aýratyn belleýär. Bu ýurtlar dünýä gurluşynyň ozal ýola goýlan, ýöne özgerdilmegi talap edilýän gatnaşyklaryna täze güýç we many-mazmun bermäge ukyplydyrlar.

Türkmenistan ekologiýa hyzmatdaşlygy meselelerinde Merkezi Aziýada tebigy landşaftlary, Hazar deňzinde bioköpdürlüligi gorap saklamaga, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda bu sebitlerde suw, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Biz ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge uly ähmiýet berýäris.

Şeýle hem ýurdumyz medeniýet, ylym, bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga täze itergi berilmegini möhüm hasaplaýar. Birek-biregi has gowy tanamak, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, milli sungatlaryň özara baýlaşmagy halklary döredijilikli esaslarda birleşdirýän gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär.

Hormatly sammite gatnaşyjylar!

Şu gezekki mejlise gatnaşmaga çakylyk hem-de çykyş etmäge we garaýyşlarymyzdyr tekliplerimizi beýan etmäge döredilen mümkinçilik üçin guramaçylara ýene-de bir gezek hoşallyk bildirmek isleýärin.

Sözümiň ahyrynda netijeli işlemäge döredilen şertler üçin guramaçylara minnetdarlygymy beýan etmäge rugsat ediň!

24.10.2024

Aşgabat halkara hyzmatdaşlykda öňüni alyş diplomatiýa gurallaryny işjeň ulanmagy goldaýar

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda BRIKS agza ýurtlaryň nobatdaky sammiti geçirilýär, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz sammitdäki çykyşynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine bildirilen myhmansöýerligi üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Şeýle wekilçilikli çärä çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip we muny Türkmenistana goýulýan hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan  halkara jemgyýetçiliginiň dünýäde hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini  nazara almak ýörelgelerini berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny parahatçylyk döredijilik gün tertibini ilerletmek ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarynda deňhukukly dialog, ynanyşmak we açyklyk medeniýetini pugtalandyrmak üçin ulanýar.

«Gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almak, olary döredýän sebäpleri aradan aýyrmak üçin Bitaraplygyň öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegidir. Häzirki ýagdaýlarda Bitaraplygyň esasy ýörelgeleriniň örän zerurdygyna we dünýä jemgyýetçiliginiň goldamagynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işinde anyk peýda getirmäge ukyplydyklaryna ynanýarys» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň alyp barýan işiniň aýratyn ähmiýetini we netijeliligini bellemek gerek. Bu merkeziň ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýär. 

«Jogapkärçilikli döwlet hökmünde Türkmenistan  halkara ýagdaýyny kadalaşdyrmaga we hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerine geçmäge gönükdirilen birnäçe çäreleri teklip edýär. Bu babatda ýurdumyz BMG-da birnäçe teklipler bilen çykyş etdi, hususan-da, Ählumumy  howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň parahatçylyk döredijilik tagallalarynda bitarap ýurtlara Guramanyň esasy hyzmatdaşlary hukuk derejesini bermek başlangyçlaryny, şeýle hem sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmek bilen baglanyşykly birnäçe teklipleri öňe sürdi» diýip, döwlet Baştutanymyz ünsi çekdi. 

24.10.2024

Türkmenistanyň Prezidenti XVI BRIKS Sammitine gatnaşýar

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde ilkinji gezek giňişleýin düzümde geçirilýän XVI BRIKS Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. 

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary derejeli forumyň geçirilýän ýerine – “Kazan EKSPO” halkara sergi merkezine ugrady. 

30-dan gowrak daşary ýurt döwletleriniň wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ŞHG-niň we GDA-nyň ýolbaşçylary, şeýle hem Täze ösüş bankynyň prezidenti bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, XVI BRIKS Sammitiniň “BRIKS+” görnüşindäki plenar mejlisine gatnaşdylar. 

Ozal habar berlişi ýaly, BRIKS 2006-njy ýylda Peterburg halkara ykdysady forumynyň dowamynda esaslandyryldy we şondan bäri geçen döwürde dünýäniň abraýly düzümleriniň birine öwrüldi. 

Bu döwletara birleşigiň çäklerindäki hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak, açyklyk we ylalaşyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Bu bolsa dünýäniň beýleki ýurtlary üçin guramanyň özüneçekijiligini artdyrýar. 

Geljekki hyzmatdaşlaryň barha artýan gyzyklanmalary göz öňünde tutulyp, “BRIKS+” formaty döredildi. Bu format häzirki döwrüň ählumumy meseleleri boýunça netijeli dialog üçin meýdança bolup durýar. Durnukly ösüşe hem-de özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Bu hyzmatdaşlygyň ugurlary her ýyl geçirilýän ýokary derejedäki Sammitlerde we köptaraplaýyn duşuşyklarda kesgitlenilýär. 

24.10.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna ugrady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Abraýly halkara we sebit guramalary bilen netijeli dialogy ösdürmek Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz öz parahatçylyk döredijilik kuwwatyny umumy bähbitlere gönükdirmäge çalşyp, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän anyk başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistan halkara jemgyýetçiligiň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Umumy bähbitlere laýyk gelýän deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlykdan ugur almak bilen, ýurdumyz onuň gerimini giňeltmäge açykdygyny tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kazan şäherine şu iş sapary hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu ýerde nobatdaky BRICS sammiti geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýokary derejedäki şu duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy Watanymyzyň halkara abraýynyň belentdiginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlyk meselelerinde onuň işjeň ornunyň ykrar edilmeginiň nyşanydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BRICS sammitine ilkinji gezek gatnaşýandygyny bellemek gerek.

Mälim bolşy ýaly, bu döwletara birleşik 2006-njy ýylda Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde esaslandyryldy. Ilki onuň düzümine Braziliýa Federatiw Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Hindistan Respublikasy we Hytaý Halk Respublikasy girdi. BRICS-iň işiniň esasy maksady işjeň, deňhukukly dialogy, netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň hem Russiýa Federasiýasynyň strategik häsiýetli gatnaşyklarynda bu ýurduň iri sebitleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Tatarystan Respublikasy bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk muňa aýdyň mysal bolup biler. Şol hyzmatdaşlyk uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik we bilelikdäki işiň ägirt uly oňyn tejribesi esasynda guralýar. Dürli derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklardyr gepleşikler türkmen-tatar dialogynyň ygtybarly binýadyny emele getirýär. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklara täze kuwwatly itergi berildi. Bar bolan köpugurly mümkinçilikler özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryna çykmaga, işewürlik hereketlerini diwersifikasiýalaşdyrmaga amatly şertleri döredýär.

Halklarymyz asyrlaryň dowamynda medeniýetleriň umumylygyna, dilleriň meňzeşligine, bitewi dine, deňhukuklylyga we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklap gelýärler. Türkmen-tatar dialogyna mahsus bolan özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň ýokary derejesi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin berk esas bolup durýar.

Türkmenistanyň we Tatarystanyň wekiliýetleriniň iri halkara çärelere, baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagy asylly däbe öwrüldi. Geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklardyr saparlar köpugurly hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegine ýardam edýär. Şu ýylyň maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan şäherine iş saparyny amala aşyrdy we hormatly myhman hökmünde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” atly XV halkara ykdysady foruma gatnaşdy.

Şu aýda Aşgabada Prezident Wladimir Putin tarapyndan ýolbaşçylyk edilen wekiliýetiň düzüminde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň hem gelendigi bellärliklidir. Ol beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň çärelerine gatnaşdy.

...Hormatly Prezidentimiziň uçary Kazan şäherine çenli uçuşy amala aşyryp, Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz myhmansöýerligiň asylly däbine görä garşylanyldy. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar mübäreklediler.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz “Kazan Ekspo” halkara sergi merkezine ugrady. Bu ýerde XVI BRICS sammitine gatnaşýan wekiliýetleriň we halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.

Belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna Russiýa Federasiýasynyň Baştutanynyň adyndan kabul edişlik guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

23.10.2024

Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Içeri işler boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşygy

 

23-nji oktýabrda Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Içeri işler boýunça komitetiniň başlygy jenap Süleýman Soýlu bilen duşuşygy boldy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlary, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berjek parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi barada pikir alyşdylar, şeýle hem parlamentler derejesinde duşuşyklaryň we maslahatlaryň yzygiderli geçirilmeginiň maksadalaýyklygyny bellediler. 

23.10.2024

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Her ýyl geçirilýän bu forum ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, önümçiligi döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmaga ýardam berýär. Halkara maslahat bilen ugurdaşlykda geçirilýän sergi ony synlamaga gelýänleriň ählisini innowasiýalar, häzirki zaman işläp taýýarlamalary we täze taslamalar bilen içgin tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Eziz watandaşlar!

Gadyrly myhmanlar!

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl-de, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem gönükdirmäge çalyşýar. Bu ugurda tagallalary birleşdirmek bolsa öňde goýlan maksatlara ýetmäge möhüm şert döredýär. Biz ýangyç-energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýäris. Eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käni türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen halkara bazarlara çykarmagyň çig mal çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bu gaz käniniň daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna tapgyrlaýyn hem-de maksatlaýyn esasda özleşdirilmegi, bir tarapdan, iri maýa goýum taslamasyna gatnaşmagyň maliýe-ykdysady we hukuk taýdan berk binýatlydygyny, beýleki tarapdan bolsa, goýuljak maýa goýumlary gaýtarmakda tebigy gazyň gorlarynyň ygtybarlydygyny kepillendirýär. Türkmen tarapy bu ugurda özara bähbitli tekliplere seretmäge hemişe taýýardyr.

Ýakynda biz Mary welaýatynda möhüm ähmiýetli taslamalaryň — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, şeýle hem «Şatlyk-l» gaz gysyjy desgasynyň gurluşygyna badalga berdik. Bu taslamalar sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, goňşy we sebitiň döwletleriniň halklarynyň abadançylygyna, olaryň gülläp ösmegine, ykdysady taýdan durnukly gurşawy emele getirmäge gönükdirilendir. Biz şeýle taslamalary geljekde hem durmuşa geçirmegi dowam etdireris.

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!

Ýurdumyzda nebitiň, gaz kondensatynyň täze ýataklaryny tapmak, olaryň senagat derejeli gorlaryny artdyrmak, geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitgazly ýataklary daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly çalt depginler bilen özleşdirmek babatda öňde goýan wezipelerimiz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ylmyň we tejribäniň ösüşine daýanyp, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlerde daşary ýurt kompaniýalarynyň hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini bellemek gerek.

Biz uglewodorod serişdeleriniň diňe bir çykarylyşyny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olary gaýtadan işläp, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleriň öndürilmegine hem aýratyn üns berýäris. Bu işlerde daşky gurşawy aýawly saklamak, zyýanly gazlaryň zyňyndysyndan goramak babatda halkara hyzmatdaşlyk giň gerimde alnyp barylýar.

Hormatly adamlar!

Gadyrly dostlar!

Häzirki wagtda Türkmenistan deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýän taraplaryň ählisine giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň durnukly ykdysadyýetine bolan ynam daşary ýurt işewürlerinde geljegi uly taslamalara maýa goýumlary gönükdirmek islegini döredýär. Şu halkara maslahatyň we serginiň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe we pikir alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

23.10.2024

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekin şäherinde geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdylar

 

2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýuwaş ummanynyň ada döwletleriniň Parlamentleriniň deputatlarynyň maslahatynyň çäginde geçirilen «Ylalaşygy çuňlaşdyrmak we ösüş üçin bilelikdäki tagallalar» atly okuw maslahatyna gatnaşdy. 

Okuw maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Hytaý Halk Respublikasynyň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ähmiýeti, daşary ýurt maýa goýumlaryny artdyrmak, Hytaý Halk Respublikasynyň başlangyjy esasynda «Bir guşak bir ýol» taslamasyny durmuşa geçirmekde Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmek babatda pikir alyşdylar.  

 

23.10.2024

Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Daşary işler komitetiniň başlygy bilen duşuşygy

 

22-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Daşary işler komitetiniň başlygy jenap Fuat Oktaý bilen duşuşygy boldy. 

Duşuşykda ikitaraplaýyn parlament gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, kanunçykarjylyk işinde tejribe alyşmak barada pikir alşyldy. Şeýle hem şu ýylyň maý aýynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda Türkiýäniň görnükli şahsyýeti, tanymal şahyry Ýunus Emräniň heýkeliniň dikeldilmegi bilen bagly türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirildi.

Wekiliýetiň Türkiýe Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

22.10.2024

Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary

 

2024-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäginde Türkiýe-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň başlygy jenap Haluk Ipek hem-de  toparyň agzalary bilen ikitaraplaýyn duşuşygy boldy.

Duşuşykda türkmen tarapy ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Parlamentiň düzümi hem-de dürli ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Permany bilen, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagy bilen gutladylar. Türk tarapy döwlet sylagynyň gowşurylmagynyň iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň netijesi bolup durýandygyny bellediler we hoşallygyny beýan etdiler. 

Şeýle hem duşuşykda parlament diplomatiýasynyň ornuny berkitmegiň, parlamentara dostluk toparlarynyň işlerini mundan beýläk hem kämilleşdirmegiň ugurlary barada pikir alşyldy. 

 

 

 

 

 

 

22.10.2024

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Pekin şäherine iş sapary

 

2024-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýuwaş ummanynyň ada döwletleriniň Parlamentleriniň deputatlarynyň maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

Açylyş dabarasy Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda geçirildi.  Açylyş dabarasynda türkmen tarapy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan, parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna, dünýä döwletleriniň we halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen ynsanperwer döwlet syýasaty bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem bu maslahatyň geljekki ygtybarly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we demokratik ösüş ýolunda tejribe alyşmakda, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde parlament diplomatiýasy arkaly birek-birege goldaw bermekde möhüm meýdançadygyny belläp geçdi. 

22.10.2024

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary

 

2024-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary Türkiýe Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň aramgähine hem-de «Türkmenistan» seýilgähinde bina edilen türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýdylar. 

Wekiliýetiň Türkiýe Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

 

21.10.2024

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.

Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde pagta ýygymy guramaçylykly dowam edip, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Bugdaý ekişini ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Häzirki wagtda welaýatyň çägindäki edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlary işe girizilip, olaryň kadaly işlemegini üpjün etmek babatda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim welaýatda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek bilen baglanyşykly işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde ýerine ýetirilmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda pagta ýygymy möwsüminiň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, pagta arassalaýjy kärhanada we kabul ediş harmanhanalarynda hasyly kabul etmek, pagtany daşamakda ulanylýan tehnikalaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça degişli edara-kärhanalar bilen bilelikde geçirilýän çäreler barada habar berildi. Welaýatda dowam edýän bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek maksady bilen, bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilip, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin gögeriş suwy öz wagtynda tutulýar. Häzirki wagtda sebitdäki edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary möwsümleýin işe girizilip, olar elektrik energiýasy, tebigy gaz we suw bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Häkim öňde boljak şanly seneler, hususan-da, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetini belledi hem-de pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek barada häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň güýjünden netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bugdaý ekilmeli meýdanlarda tagt suwuny tutmak işi doly geçirilip, ekiş geçirilen ýerlerde endigan gögeriş alynýar. Sebitde ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Howanyň sowamagy bilen baglylykda, welaýatdaky medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary işe girizilip, olaryň bökdençsiz işledilmegi üpjün edilýär. Mundan başga-da, häkim Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatda guraljak medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýygym möwsümine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalaryna tabşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli işledilýär. Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, gögeriş suwuny tutmak işleri öz wagtynda alnyp barylýar. Ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak üçin zerur işler geçirilýär. Welaýatyň çägindäki bilim we medeniýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary işe girizilip, olaryň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, hasyly ýitgisiz ýygnap almak, ony kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatda bugdaý ekişini talabalaýyk geçirmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak hem-de kadaly gögeriş almak üçin zerur çäreler ýola goýulýar. Sebitde gant şugundyrynyň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak işlerine-de taýýarlyk görülýär. Welaýatda ýyladyş möwsümine girişilip, medeni-durmuş we jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda Türkmen alabaýynyň baýramyny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygy pudagynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler Diýarymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň, awtoulaglaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek boýunça işler dowam edýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamaga taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bu işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň — pagta ýygymynyň dowam edýändigine ünsi çekdi hem-de ýygymyň depginini güýçlendirmegiň, hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmegiň, ýygymda kombaýnlaryň, tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagyň möhümdigini belledi. Bu işleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegi köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almagy, pudakda özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagy üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişiniň hem dowam edýändigine ünsi çekip, ekiş möwsüminiň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmeginiň bugdaýyň bol hasylyny almaga, azyk howpsuzlygyny berkitmäge ýardam etjekdigini belledi we geljek ýylyň hasyly üçin welaýatlarda bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlere laýyklykda alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmek, ekişde ulanylýan tehnikalaryň netijeli işledilmegini üpjün etmek, bugdaýa gögeriş suwuny tutmak işlerini öz wagtynda geçirmek hem-de kadaly gögeriş alynmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda we talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnamak işlerine berk gözegçilik etmegi, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýygymyny başlamaga gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz gyş paslynyň golaýlap gelýändigine ünsi çekip, welaýatlardaky bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görmegi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýylda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

20.10.2024

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe ugurdaş kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.

14-nji oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň geçirilendigi, onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnamanyň kabul edilendigi barada aýdyldy. Bu çäräniň çäklerinde türkmen-koreý geňeşme maslahatynyň ikinji mejlisi geçirilip, onda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, parlament diplomatiýasyny ulanmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Mälim bolşy ýaly, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” parlamentara forumyny döretmek we türkmen-koreý geňeşme maslahatyny geçirmek başlangyjyny Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öňe sürüpdi. Mundan başga-da, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşyklarynyň geçirilendigi habar berildi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň üstünlikli geçirilmegi babatda beren goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Mejlisiň deputatlary giň jemgyýetçilige döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny düşündirmek, milli mirasymyzy wagyz etmek, hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň ähmiýetini düşündirmek boýunça çärelere gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hem-de parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň Döwlet etalon merkeziniň hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň barlaghanalarynyň işini halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmek hem-de akkreditasiýadan geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky çäreler standartlaşdyrmak ulgamyndaky işleri döwrüň talabyna laýyklykda alyp barmaga, ugurdaş maddy-enjamlaýyn binýady mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, bu düzümleriň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän barlaghanalary talabalaýyk işletmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz degişli synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow şu ýylyň 23 — 25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” atly XXIX halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu çärä gatnaşmak üçin köp sanly daşary ýurtly kompaniýalary, ýurdumyzyň kärhanalarydyr telekeçileri hasaba alyndy. Halkara sergiň işine Türkmenistanyň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Ýyl-ýyldan bu çäräniň geriminiň giňemegi dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalarynyň artýandygyny görkezýär. Halkara maslahat “Ählumumy energetika bazarynda täze depginler we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi” atly plenar mejlisden we alty sany bölümçeden ybarat bolar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň we serginiň her ýyl geçirilýändigini, bu çäräniň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ugurlary barada pikir alyşmaga ýardam berýändigini belledi we forumy ýokary derejede guramagy wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň barşy hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Dowam edýän pagta ýygymy möwsüminiň çäklerinde ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek, pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň hasylyny ýygnap almak, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek hem-de bu önümler bilen bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnamaga, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ýygymyna başlamaga taýýarlyk görülýär. Şeýle hem wise-premýer Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekip, bugdaý ekiş möwsümini talabalaýyk alyp barmak, bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýygnalýan hasyly kabul etmek, gaýtadan işlemek boýunça degişli işleri alyp barmagy wise-premýere tabşyrdy. Şeýle-de oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda tabşyryk berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek möhüm çärelere, hususan-da, “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergä hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geçiriljek halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda, senagat önümçiliginde, energetika, himiýa pudagynda, ýol gurluşygynda gazananlary bilen tanyşmaga ýardam berer. Bu möhüm çäreleriň çäklerinde gurluşyk-senagat toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň duşuşyklary meýilleşdirilýär. Munuň özi täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, özara tejribe alyşmaga ýardam berer. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Bäherden” keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görülýändigi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek halkara sergä we maslahata, Gyzylarbat etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň, Bäherden etrabynda «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň dokma senagaty pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda nah ýüplük, nah we tüýjümek matalary, taýýar tikin önümlerini öndürýän dokma toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu täze toplumyň gurulmagy importyň ornuny tutýan ýokary hilli, ekologik taýdan arassa dokma önümlerini öndürmäge, olary eksport etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna toplumyň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma senagatyny ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalaryň yzygiderli işe girizilýändigini, olarda öndürilýän ýokary hilli dokma önümleriniň içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda dokma toplumyny gurmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşik türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga we olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmäge ýardam berýär. Bäsleşigiň çäklerinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini, “Çalsana, bagşy!”, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiklerini yglan etmek meýilleşdirilýär. “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigini ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, 2025-nji ýylyň sentýabrynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň milli medeniýetimizi ösdürmekde, medeni mirasymyzy öwrenmekde, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, kämil eserleriň döremeginde möhüm ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu möhüm bäsleşigi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ylmy-amaly maslahatlar barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň dünýäniň ylym-bilim giňişligindäki orny has-da pugtalandyrylýar.

“Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda”, bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 25 — 30-njy noýabry aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty; 5-6-njy dekabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty; 19-njy dekabrda Türkmen oba hojalyk institutynda sanly ulgam arkaly “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Olara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Awstriýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Belarusuň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň, alymlarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Bu maslahatlaryň geçirilmegi ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösýän pudaklary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýe bolar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, kämil hünärmenleri taýýarlamakda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigine, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän ylmy-amaly maslahatlaryň yzygiderli guralýandygyna ünsi çekdi we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmen oba hojalyk institutynda geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatlary guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi wise-premýere tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzy beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen Hökümet agzalarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga, ýokary ynsanperwer gymmatlyklara esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde forumyň ähmiýeti bellenildi. Çärä dünýäniň 24 ýurdundan wekilleriň, şol sanda döwlet Baştutanlary derejesindäki 10 wekiliýetiň, halkara guramalaryň 8-siniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir. Forumy şöhlelendirmek üçin daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 200-den gowragy Aşgabada geldi.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 15 — 17-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Sebitiň döwletleri, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şolaryň hatarynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyny hem görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ŞHG-niň sammitlerine we beýleki duşuşyklaryna hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň wekiliýeti ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Yslamabat şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar Pakistanyň Hökümetiniň çakylygy we döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça amala aşyryldy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň wekiliýeti 16-njy oktýabrda agzalan mejlise gatnaşdy. Türkmen tarapynyň çykyşynda ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, hususy pudagyň ugry boýunça, aýratyn-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Işewürler geňeşiniň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi.

Iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif bilen duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Şeýle hem saparyň dowamynda Pakistanyň energetika ministri bilen gepleşikler geçirildi. Dostlukly ýurduň bilim ministri bilen duşuşygyň çäklerinde bilim ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we berkitmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen ýurdumyzy däp bolan dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine bu düzüm bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmak, elektrikleşdirmek, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de hünärmenleri taýýarlamak işleri göz öňünde tutulyp, bu ugurda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kabul edilen maksatnama esasynda ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň, elektrikleşdirmegiň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak arkaly hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny, bu ugurda halkara tejribäni ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz pudagyň işini halkara derejede kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň ýokary derejede guralandygy üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi we forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Häzirki wagtda akyldar şahyrymyzyň ýubileýi bilen bagly çäreler dowam edýär. Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, ýazyjy-şahyrlary bu ugurda uly işleri bitirýärler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýylyň ahyrynda olaryň zähmetine mynasyp baha berlip, öz zähmeti bilen tapawutlanan raýatlaryň hem dabaraly ýagdaýda sylaglanyljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

18.10.2024

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ ÝOKARY GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

 

2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ýokary Geňeşiniň Başlygy Nurlanbek Şakiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşygy geçirildi. 

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy myhmanlary Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Parlamentiň düzümi hem-de ýurdumyzda gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu gezekki saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan  beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasy bilen parlamentara gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda myhmanlar Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň ýokary guramaçylykly derejede üstünlikli geçirilendigini bellediler. Şeýle netijeli forumlaryň geljekde döwletleriň arasynda parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, durnukly ösüşe hem-de dürli ulgamlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda we tejribe alyşmakda halkara meýdança bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

15.10.2024

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.

Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde oba hojalyk tehnikalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalar netijeli işledilýär. Welaýatda bugdaý ekişi agrotehniki möhletlerde dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin ot-iýmleri taýýarlamak, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekişini ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak üçin zerur çäreler görülýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetini belledi hem-de welaýatda bugdaý ekişiniň ýokary hilli geçirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş alynýar. Ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylmagynyň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, şu günler welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümde oba hojalyk tehnikalaryny, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary bökdençsiz işletmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Sebitde bugdaý ekişi dowam edip, ekiş möwsüminde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri öz wagtynda alnyp barylýar. Welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ýetişdirilen ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri guramaçylykly dowam edýär. Sebitde ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak üçin zerur işler geçirilýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny artdyrmak, olary talabalaýyk idetmek, gyş paslynda ýyly we dok saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi we bu işleriň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçilikleriniň netijesinde welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Sebitde geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş almak üçin zerur çäreler görülýär. Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleri bilen bir hatarda, ýetişdirilen hasyly ýygnap almaga taýýarlyk görülýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak, gyş pasly üçin ätiýaçlyk ot-iým gorlaryny, mallaryň gyşladyljak ýerlerini möwsüme taýýarlamak babatda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Diýarymyzda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş kärhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatlarda bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň ilaty ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, sebitlerde güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň, miweleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly oragy dowam edip, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almaga taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ätiýaçlyk ot-iýmleri taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň — pagta ýygymy möwsüminiň dowam edýändigine ünsi çekdi we ýygymyň depginini güýçlendirmegi, hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmegi, ýygymda kombaýnlaryň we tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagy tabşyrdy. Bu işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almagy, pudakda özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagy üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişiniň hem dowam edýändigine ünsi çekip, bugdaýyň bol hasylyny almagyň, şeýlelikde, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmegiň, halkymyzyň saçagynyň berekedini artdyrmagyň ekiş möwsüminiň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegine köp derejede baglydygyny belledi we geljek ýylyň hasyly üçin welaýatlarda bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmegi, ekişde ulanylýan tehnikalaryň netijeli işledilmegini üpjün etmegi, bugdaýa tagt we gögeriş suwuny wagtynda tutmagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz welaýatlarda güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ýitgisiz ýygnap almak üçin hem ähli zerur işleri geçirmegi, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzyň doly üpjün edilişini aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz gyş paslynyň golaýlap gelýändigini belläp, maldarçylyk hojalyklarynda zerur möçberde ot-iým taýýarlamak hem-de mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

14.10.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon söhbetdeşligi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. 

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, hususan-da, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. 

Ilki bilen dostlukly ýurduň Baştutany Gündogaryň beýik akyldary Magtymgulynyň ýubileýi mynasybetli geçirilen ýokary wekilçilikli foruma gatnaşmak barada iberen çakylygy hem-de bu şanly sene mynasybetli döredilen ýubileý medaly bilen sylaglanandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy hem-de hormatly Prezidentimize mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi. 

Akyldar  şahyr eserlerinde parahatçylyk, ýagşylyk hem-de ynsanperwerlik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny wagyz edipdir. Onuň edebi mirasy häzirki wagtda hem öz gymmatyny  ýitirmän gelýär. Özbegistanda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berilýär diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew belledi hem-de Aşgabatda geçirilen halkara maslahatyň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy. 

Gahryman Arkadagymyz özbek Liderine beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli  geçirilen halkara foruma gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagy bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlady. 

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri forumyň çäklerinde Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny  belledi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda wagtyň synagyndan geçen hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunda döwletara dialoga mahsus özara ynanyşmagyň we açyklygyň ýokary derejesiniň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy guraly bolup durýandygy bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa we oba hojalyk ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

14.10.2024
1 ... 28 29 30 31 32 ... 68