Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň aýry-aýry meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek baradaky teklibi goldandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi hem-de Astana şäherinde 9-njy awgustda geçirilmegi meýilleşdirilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitiniň we ikitaraplaýyn duşuşygyň yza süýşürilmeginiň Ýaponiýada bolup geçen güýçli ýertitreme bilen baglydygyny aýdyp, göz öňünde tutulan bu çäreleriň yza süýşürilmeginiň düşünmek bilen kabul edilmegini haýyş etdi.

Öz gezeginde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýada bolup geçen ýertitreme baradaky habary gynanç bilen kabul edendigini belläp, türkmen halkynyň adyndan we hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini, şeýle hem ähli ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň kabul eden çözgüdine düşünmek bilen garaýandygyny belläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berjek ikitaraplaýyn gepleşikleri islendik amatly wagtda geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Fumio Kisida bu sözler üçin çuňňur hoşallygyny bildirip, ýokarda agzalan sammitiň we ikitaraplaýyn duşuşygyň ýakyn wagtda ýokary derejede guralmagy üçin ýapon tarapyndan ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini hem-de ony ileri tutulýan ugurlaryň ählisi boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Şunda ýurtlarymyzyň diňe ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri hem ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, däp bolan gatnaşyklary ösdürmegiň, halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Soňky ýyllarda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň we ýerine ýetirilen işleriň netijesinde ykdysady hyzmatdaşlyk strategik, uzak möhletleýin häsiýete eýe boldy. Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň esasy ugry bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk giň ugurlary, şol sanda senagat pudagyny, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika ulgamlaryny we beýleki ugurlary öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow deňhukuklylyk, milli bähbitleri, iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara dialogyň ösdürilmeginiň wajypdygy barada aýdyp, Ýaponiýanyň Premýer-ministrini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, ýapon tarapynyň hem netijeli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini we bilelikdäki işiň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin Türkmenistanyň Prezidenti bilen ýakyn wagtda gepleşikleriň geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki dostlukly ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

12.08.2024

«Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Sizi her ýylyň 12-nji awgustynda ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilip geçilýän Hazar deňziniň güni mynasybetli hem-de «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistan Hazar deňziniň sebitinde söwda-ykdysady, medeni-durmuş gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda Hazarýaka döwletleriň giň goldawyna eýe bolýan möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Ýurdumyz Hazar deňzini parahatçylygyň, ynanyşmagyň we ekologiýa taýdan abadançylygyň mekanyna öwürmek babatda giň gerimli maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2002-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen birinji Hazar sammiti Hazarýaka döwletleriň arasynda hyzmatdaşlyk etmekde möhüm ädim boldy. Bu taryhy waka ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin berk binýat bolmak bilen, sebitde özara arkalaşykly hereket etmek üçin köp sanly meseleleriň çözülmegine uly badalga berdi. Hazar deňziniň sebiti boýunça birnäçe köptaraplaýyn resminamalaryň, şol sanda deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýanyň hem-de Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýanyň taýýarlanylmagynda ilkinji Hazar sammitiniň wajyp ähmiýeti bardyr.

Hazarýaka ýurtlaryň arasynda bar bolan üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, olaryň ösüşine itergi berjek söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmek maksady bilen, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Bu forum ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma döredýän täze ugurlaryny ýüze çykardy. 2022-nji ýylda Aşgabat şäherinde altynjy Hazar sammitiniň geçirilmegi Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmekde möhüm ädim boldy we Hazaryň ekologiýasyny gorap saklamak boýunça derwaýys wezipeleri öňde goýdy.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, Hazar deňziniň parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dostlugyň deňzi bolmagy ugrunda tagallalaryny dowam etdirýär. Biziň ýurdumyz Hazarýaka döwletleriň arasynda energetika, ulag-logistika, senagat, söwda ulgamlarynda ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ygrarlydyr.

Hazar deňziniň gurşawyny gorap saklamak, sebitde ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen bagly wezipeler bäş döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde hemişe üns merkezinde saklanýar. Hazar deňzi we onuň daşky gurşawy ýüze çykýan dürli wehimlere, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly howplara duýgur özboluşly tebigy toplumdyr. Bu ugurda Türkmenistan sebitiň ähli ýurtlaryny we gyzyklanma bildirýän halkara guramalary Hazaryň baý ekoulgamlaryny, özboluşly biologik köpdürlüligini ylmy taýdan öwrenmek, gorap saklamak boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge çagyrýar. Hazar sebitindäki ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy babatda jikme-jik we ýokary derejede gatnaşyk etmek üçin «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek baradaky teklibi öňe sürdük. Bu başlangyjyň durmuşa geçirilmeginiň ýurtlaryň ekologik abadançylygyna gönükdirilen tagallalaryny birleşdirmekde we geljekde has netijeli ädimleri bilelikde ätmekde möhüm gural bolup hyzmat etjekdigine berk ynanýarys.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Hazar deňziniň güni mynasybetli geçirilýän maslahatlar, medeni we sport çäreleri sebitde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynanyşmagyň has-da berkidilmegine uly goşant goşar. Sizi Hazar deňziniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

12.08.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Sport ulag merkezine bardy

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýän we bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesle nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmegine zerur üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Sport ulag merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenleriň ussatlyklaryny artdyrmagy, olaryň halkara derejede geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagy bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmaklaryna giň ýol açýar.

Şu günler zähmet rugsadynda bolýan Gahryman Arkadagymyz säher bilen adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýän Milli Liderimiz sportuň dürli görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty bilen meşgullanmagyň nusgalyk göreldesini görkezýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň awtomobil sportunyň öňünde uly mümkinçilikler açylýar. Şunda maddy-enjamlaýyn binýadyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna, bu ugra ýaşlaryň işjeň çekilmegine, türkmen türgenleriniň ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, dürli derejedäki ýaryşlary guramak üçinem hemme zerur şertler döredilýär.

Hormatly Arkadagymyz bu ýerde ýaş türgenler üçin döredilen şertler, merkeziň ygtyýarynda bar bolan sport ulaglarynyň görnüşleri we olaryň tehniki aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Bu ýerde ýokary derejede enjamlaşdyrylan döwrebap sport ulaglary bar.

Awtomobil sporty boýunça baý tejribe toplan türkmen halkynyň Milli Lideri merkeziň badalga nokadyna çykdy. Sport ulaglarynyň birini dolandyryp, onuň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ulagy sürmäge başlamazdan ozal, zerur bolan tehniki taýýarlyk işlerini ýerine ýetirmek, şunda ýoluň we howanyň derejesini kesgitlemek, ulagyň tehniki aýratynlyklaryny nazara almak awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenlere bildirilýän esasy talaplaryň biri bolup durýar. Soňra awtoulag Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň dolandyrmagynda dessine tizligini artdyryp, çylşyrymly öwrümleriň birnäçesini ýerine ýetirdi.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda ýurdumyzda awtomobil sporty okgunly ösüşe eýe boldy. Türgenlerimiziň halkara awtoralli ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Şeýlelikde, awtomobil sporty hem sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda giň goldawa eýe bolýar hem-de bu ugurda ýokary netije gazanýan türgenler yzygiderli höweslendirilýär.

Soňky ýyllarda awtomobil sportuny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler ilatyň, ilkinji nobatda, ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn bolup ýetişmeklerine gönükdirilýär. Milli Liderimiz hemişe sportuň adamlarda, aýratyn-da, ýaşlarda maksada okgunlylygy, erki hem-de işjeň hereket etmek endiklerini terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini belleýär. Bu gezek hem Gahryman Arkadagymyz mümkin bolan iň ýokary tizlikde merkeziň türgenleşik meýdançasynyň ýollaryny geçip, driftingiň dürli usullaryny ulanyp, sport ulagyny dolandyrmakda ussatlygyny görkezdi.

Ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösüşiniň hil taýdan täze derejä çykýandygyny, onuň baý taryhynyň bardygyny nygtamak gerek.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda türkmen türgenleri “Ýüpek ýoly — 2024” halkara awtoralli ýaryşyna gatnaşyp, ýokary netijeleri gazandylar. Dünýäniň 13 ýurdundan 100-e golaý toparyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryş 11 günläp dowam etdi. Altaý daglarynyň, Gobi çölüniň ugry boýunça geçirilen ýaryşyň menzili 5 müň kilometrden gowrak bolup, şonda türkmen türgenleri kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular.

Ýeri gelende, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylyň sentýabrynda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň üstünlikli geçendigini bellemek ýakymly. Şol halkara ýaryşa Milli Liderimiziň hem gatnaşyp, ralliniň ugry boýunça kesgitlenen menzili geçmekde ýokary netije görkezendigi hemmeleriň ýadyndadyr. Şeýlelikde, hormatly Arkadagymyzyň “Amul — Hazar 2018” ýaryşlarynyň saýlama tapgyryna gatnaşmagy ýaşlar üçin nusgalyk mekdebe öwrüldi. Ýokary netijelere beslenen şol ýaryşda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň çylşyrymly şertlerinde kesgitlenen aralygy geçmekde iň oňat wagty görkezipdi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ençeme gezek sport awtomobillerini sürüp, gazanan ajaýyp ýeňişleri ýurdumyzyň awtomobil sportunyň taryhyna altyn sahypalar bilen ýazyldy.

Türkmen awtosportunyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, ýokary tizlikli, döwrebap ýaryş ulaglarynyň täze görnüşleri satyn alynýar. Munuň özi ýaşlaryň sportuň bu görnüşi bilen giňden meşgullanmagyny şertlendirýär, sürüjileriň we olaryň tälimçileriniň ussatlygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Bu ugurda döwlet derejesinde amala aşyrylýan işleriň sebit, ählumumy häsiýete eýe bolýandygyny, sportuň döwletleriňdir halklaryň ýakynlaşmagyna, söwda-ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine oňyn mümkinçilikleri döredýändigini bellemek gerek.

Gahryman Arkadagymyz Sport ulag merkeziniň drift meýdançasynda ýene-de bir gezek ulag sürmegiň ussatlygyny görkezdi.

Soňra bu ýerde Milli Liderimiz Sport ulag merkeziniň ýolbaşçysy R.Begenjow bilen söhbetdeş bolup, häzirki döwürde merkezde alnyp barylýan işler, awtomobil sporty bilen meşgullanýan ýaşlaryň bu ugra bolan höwesi bilen gyzyklandy.

R.Begenjow öz aralaryna gelip, merkeziň işi bilen gyzyklanýandygy üçin hormatly Arkadagymyza hoşallyk bildirip, bu ýerde awtomobil sportunyň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri, netijeli bäsleşikleri guramaga ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Şeýle hem ol häzirki döwürde awtomobil sporty bilen gyzyklanýan ýaşlaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny, merkezde awtomobil sportunyň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleriň geçirilýändigini habar berdi.

Milli Liderimiz Sport ulag merkeziniň ozal boş ýatan künjekde gurlandygyny belläp, häzirki wagtda onuň işiniň talabalaýyk guralmagy ugrunda ähli zerur mümkinçilikleriň döredilendigine kanagatlanma bildirdi. Merkeziň çäginde sport awtoulaglaryny talabalaýyk dolandyrmak, onuň işini toplumlaýyn esasda alyp barmak babatda döredilen şertler ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýär. Gahryman Arkadagymyz ugurdaş desgalar toplumynyň özboluşly şäherçä öwrülendigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, bu ýerde ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyna degişli birnäçe desgalaryň döredilendigini, onuň golaýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, gullukçylary üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurlandygyny, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen merkeziň hereket edýändigini, şol bir wagtyň özünde bolsa bu ýerde şähergurluşyk işleriniň dowam etdirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Sport ulag merkeziniň binalar toplumyny bu ýerden göçürmek we ony seleň ýerde gurmak bilen baglanyşykly meseleleri hemmetaraplaýyn öwrenmegi maslahat berdi hem-de ýaşaýyş toplumlarynyň ýanynda awtomobil sportuna degişli desgalaryň, önümçilik toplumlarynyň gurulmagynyň maksadalaýyk hasaplanmaýandygyny aýdyp, ýaryş geçirilende ýokary tizlikde hereket edýän, güýçli sesli awtoulaglaryň raýatlaryň rahatlygyny bozmazlygy üçin, şeýle-de bu ugra höwesek ýaşlaryň sanynyň artýandygyny nazara alyp, merkezi göçürmek teklibini öňe sürdi. Munuň özi adam hakyndaky aladanyň esasy orunda durýandygyny görkezýär.

Merkeziň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzyň bu maslahatynyň taryhy ähmiýetiniň bardygyny belledi hem-de ähli işgärleriň we gullukçylaryň adyndan hoşallyk bildirdi.

Merkeziň çäginde awtomobil sporty boýunça türgenleri taýýarlamak bilen bir hatarda, türgenleriň awtoulaglary dolandyrmakda hüşgärligini artdyrmak, ýollarda hereket sazlaşygyny üpjün etmek ukybyny we kesgitlenen tertip-düzgüni berk berjaý etmek endiklerini ösdürmek zerurdyr diýip, Milli Liderimiz aýtdy we bu babatda birnäçe nesihatlaryny berdi.

Bu ýerde taýýarlanylýan türgenleriň tapawutly tarapy, olaryň ählitaraplaýyn ukyp-başarnykly bolup ýetişmegidir, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak üçin ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmegi, ýolagçylar üçin hem, sürüjiler üçin hem hereketleriň sazlaşygynyň saklanylmagydyr, ulagy dolandyrýan pursadynda, islendik tizlige garamazdan, örän oýlanyşykly çözgütleri kabul edip bilmegidir, her pursatda olaryň hüşgär hem üşükli bolmagydyr.

Gahryman Arkadagymyz merkeziň ýolbaşçysyna ýüzlenip, türgenleri taýýarlamagyň, olaryň halkara ýaryşlara gatnaşmagyny üpjün etmegiň merkeziň esasy wezipesidigini, bu ugra degişli desgalaryň gurulmagynyň we olarda ähli zerur şertleriň döredilmeginiň döwlet derejesindäki meseledigini aýratyn belledi. Milli Liderimiz täze toplumyň dörediljek ýeri kesgitlenilse, bu babatda öňe sürlen teklibi Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysyna ýetirjekdigini aýtdy. Sportuň hak Howandary Gahryman Arkadagymyz R.Begenjowa ýüzlenip: “Ussat türgenleri taýýarlamak, ýurdumyzyň awtomobil sportunyň abraýyny belende galdyrmak siziň bilen, gurmak, şert döretmek bolsa biziň bilen!” diýip nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Sport ulag merkeziniň ýolbaşçysyna mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

11.08.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz sebit we ählumumy derejede köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleri bilen däp bolan gatnaşyklar nusgalyk häsiýete eýedir. Bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl mundan ozal Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iň ýokary derejede ulgamlaýyn syýasy dialogyň ähmiýetine ünsi çekip, sebitleýin hyzmatdaşlyga düýpgöter täzeçe çemeleşmek pikirini öňe sürdi. Häzirki zaman şertlerinde bu konsepsiýa aýratyn ähmiýete eýe bolýar we oňa uly isleg bildirilýär. Merkezi Aziýa sebitiniň diňe bir yklym däl, eýsem, ählumumy derejede-de alnyp barylýan işlerdäki barha artýan ornuny göz öňünde tutup, Türkmenistan döwletara hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, täze, giň gerimli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Soňky ýyllarda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary sebitleýin hyzmatdaşlygyň barşy we maksady barada bitewi garaýşyň döremeginde, häzirki döwrüň şertlerini, uzak möhletleýin mümkinçilikleri göz öňünde tutup, gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenilmeginde şu formatyň netijelidigini görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçirilendigini bellemek gerek. Bäştaraplaýyn sammitiň sebit ýurtlarynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda guralandygyny-da aýtmaly. Munuň özi gazanylan möhüm ylalaşyklar we kabul edilen çözgütler bilen birlikde, bu çäräniň taryhy ähmiýetini şertlendirdi. Forumyň çäklerinde türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça iri halkara çäreleriň birnäçesi, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, ykdysady forum, sammitiň resmi maksatnamasynyň üstüni ýetiren, goňşy halklaryň has-da ýakynlaşmagyna goşant goşan beýleki çäreler guraldy.

2023-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan ägirt uly goşandy üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanyldy. Bu sylagy gowşurmak dabarasy Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirildi. Şol ýerde şu formatdaky bäşinji duşuşyk guralypdy.

...Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary belende galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Günüň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz «Akorda» köşgüne ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri dostlarça salamlaşyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Sammite gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem Astana şäherine geldiler. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hormatly myhman hökmünde ýokary derejeli çärelere gatnaşmaga çagyryldy. Sammitiň resmi nyşanynyň we oňa gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, «Akorda» köşgünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy geçirildi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew duşuşygy açyp we wekiliýetleriň ýolbaşçylaryny hem-de agzalaryny mübärekläp, soňky ýyllarda konsultatiw duşuşyklaryň sebit hyzmatdaşlygynyň netijeli meýdançasyna öwrülendigini, ony ýokary derejä çykarandygyny, ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklaryny ynanyşmak häsiýetine eýe edendigini nygtady. Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň we halklarynyň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga çalyşýandyklaryny görkezýän şu sammitiň ähmiýetine ünsi çekip, onuň bu ýolda möhüm waka boljakdygyna ynam bildirdi. Soňra gazak Lideri Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda bildirilen myhmansöýerlik we mejlisiň ýokary derejede guralandygy üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirdi.

Biziň her ýyl geçirilýän duşuşyklarymyz indi däbe öwrüldi we tejribäniň görkezişi ýaly, hemişe möhüm hem derwaýysdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu mejlisleriň dowamynda netijeli, açyk, ynanyşykly dialog alnyp barylýar. Bu bolsa bize pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerine has gowy düşünmäge we şonuň esasynda anyk çözgütleri kabul etmäge ýardam berýär.

Ýokary derejedäki duşuşyklaryň bu formatyny döretmek başlangyjyny öňe süren Türkmenistan olaryň diňe maslahat beriş häsiýetine eýe bolmalydygyndan, syýasy gatnaşyklar üçin berk düzgünleşdiriji kadalardan, amallardan azat meýdança bolmalydygyndan ugur alýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şeýle çemeleşme hyzmatdaşlygymyzyň barşy barada has giňişleýin we dürs düşünje almaga, teklipleridir düzedişleri girizmäge, pikirleri beýan etmäge mümkinçilik berýär.

Konsultatiw duşuşyklaryň ilkibaşdaky mazmuny we maksady saklanyp galmaly diýip hasaplaýaryn. Biziň pikirimizçe, olaryň çäklerinde haýsydyr bir köptaraplaýyn düzümleriň döredilmegi maksadalaýyk däldir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Biz birek-birege örän oňat düşünýäris, her bir duşuşygymyz aýdyň mazmunly jemleýji resminama bilen tamamlanýar hem-de biz şonuň esasynda iş alyp barýarys. Syýasy, şeýle-de iş nukdaýnazaryndan, bu formatyň çäklerinde goşmaça düzümleri döretmegiň zerurlygy ýok diýip hasaplaýarys.

Konsultatiw duşuşyklara diňe Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagy, biziň pikirimizçe, olaryň beýleki möhüm bölegi bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. Munuň özi biziň bäştaraplaýyn syýasy dialogymyzyň, ilkinji nobatda, sebit meselelerine degişlidigi bilen şertlendirilendir. Elbetde, halkara gün tertibiniň meseleleri, olary ara alyp maslahatlaşmak we sebitara, yklym hem-de ählumumy meseleler boýunça bäş döwletiň utgaşdyrylan garaýyşlaryny işläp taýýarlamak nukdaýnazaryndan, biziň üçin hemişe möhüm bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Şeýle çemeleşme bilelikdäki işiň ýokary netijeli bolmagyny üpjün eder, diňe Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna degişli hyzmatdaşlyk meselelerine ünsi jemlemäge mümkinçilik berer.

Häzirki döwürde dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, parahatçylygy, ylalaşygy, durnuklylygy gorap saklamak Merkezi Aziýa döwletleri üçin esasy ileri tutulýan ugur bolmagynda galmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Biz özboluşlylygymyzy, özbaşdaklygymyzy hem-de içerki we daşarky ösüş nusgalarymyzy saýlamak hukugymyzy gorap saklamak bilen, sebitimizi gülläp ösýän, häzirki zaman ählumumy gatnaşyklaryna çuňňur goşulyşan sebite öwürmegi maksat edinýäris. Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, diňe şeýle şertlerde döwletlerimiziň we halklarymyzyň özlerine mynasyp geljegi üpjün etjekdiklerine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz sebitimiziň daşarky täsirlere, hususan-da, gapma-garşylykly ýagdaýlara düşürilmegine, Merkezi Aziýanyň müňýyllyklara uzaýan taryhy bolan geosyýasy, ykdysady, medeni giňişlik hökmünde özbaşdaklygyna şübhelenmek üçin esas döretmäge ýol berilmeli däldir diýip nygtady. Biziň halklarymyzyň öz gün tertibi bar we olar parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we hyzmatdaşlykdyr.

Serhetlerdäki durnuklylyk, asudalyk sebitde howpsuzlygy üpjün etmegiň hökmany şerti bolup durýar. Men, ilkinji nobatda, Owganystan ugry boýunça hyzmatdaşlygymyzy göz öňünde tutýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Ýurtlarymyzyň her biriniň aýratyn garaýyşlaryna hormat goýmak bilen, Owganystanyň goňşulary hökmünde hereket edýän owgan hökümeti babatda umumy oňyn hem-de netijeli gatnaşyklary işläp taýýarlamak üçin açylýan mümkinçilikleri we ýurtdaky durnuklylygyň alamatlaryny ulanmalydyrys. Biziň pikirimizçe, owgan halkynyň bähbitleri, arzuw-islegleri, olaryň ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny dikeltmek boýunça döredijilikli umumymilli işe hem-de parahatçylyga ymtylmasy ileri tutulmalydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu işde Merkezi Aziýa ýurtlary esasy orny eýeleýär. Diňe biziň bilen hyzmatdaşlykda Owganystanyň halkara ykdysady gatnaşyklara goşulyşmagy, infrastruktura we logistika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi mümkin bolup biler. Owganystan bilen bizi taryhy, ruhy, garyndaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Täze, parahat, durnukly Owganystany döretmäge ýardam bermek üçin bu gatnaşyklary ulanmak biziň umumy borjumyz hem-de jogapkärçiligimizdir.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýasy-diplomatik, hukuk goraýjy we ýörite ulgamlardaky ylalaşykly hereketleri sebitde durnuklylygyň ýene-de bir möhüm ugrudyr. Türkmenistan daşary syýasat edaralarynyň täze wehimlere, sebitde durnuksyzlyga garşy durmak, maglumat giňişligini goramak, radikal, ekstremistik elementleriň sebite aralaşmak synanyşyklarynyň öňüni almak we aradan aýyrmak meselelerinde utgaşdyrylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamak boýunça alyp barýan işleriniň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Biziň serhet, migrasiýa, gümrük we ýörite gulluklarymyzyň ýakyndan hem-de sazlaşykly işlemekleri üçin şertleriň döredilmegini wajyp hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Elbetde, ýakyn we özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüşi gazanmak sebit gün tertibiniň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar. Şunda ulag-kommunikasiýalar ulgamyndaky gatnaşyklara esasy orun degişlidir. Häzirki günde bu ulgam depginli ösýär, bäsdeşlik artýar, Ýewraziýada täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Meniň pikirimçe, geografik, logistik we beýleki artykmaçlyklary ulanmak arkaly sebitimiziň bu işlere öz wagtynda, netijeli gatnaşmagyny üpjün etmek Merkezi Aziýa döwletleriniň iň ýakyn geljekde umumy wezipesi bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta durnukly ykdysady hyzmatdaşlyk ugurlarynyň bir bölegi bolmak üçin bizde ähli mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamy barada aýdyp, Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna geçýän ugurlary aýratyn belledi. Gürrüň Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe we ondan aňryk Ýewropa ýurtlaryna çykýan, şeýle hem Hytaý — Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran we ondan aňryk Ýakyn Gündogara çykýan ugurlar barada barýar.

Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran — Pars aýlagy ugry boýunça ýük daşamalara aýratyn ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň, Hindistanyň we Pakistanyň serişde, ykdysady, ulag kuwwatynyň birleşdirilmeginiň hem-de dünýä ummanyna çykylmagynyň giň mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýarys. Şunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ulgamynda Owganystan bilen hyzmatdaşlyk etmegi babatda uly mümkinçiligiň bardygyny nygtamak gerek. Häzirki wagtda döwletlerimiz Owganystan ugry boýunça ulag-kommunikasiýa infrastrukturasyny giňeltmek üçin köp işleri edýärler.

Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Gara deňiz geçelgesi ýene-de bir ähmiýetli utgaşdyrylan suw-guryýer ugrudyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we tagallalary birleşdirmek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň bu ugurda giň möçberli ulag taslamalaryny durmuşa geçirip biljekdiklerine ynam bildirdi.

Elbetde, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag baglanyşygynyň güýçlendirilmegi ýurtlarymyzyň çäginde döwrebap logistikanyň döredilmegini, kanunlaryň sazlaşdyrylmagyny, özara gümrük, nyrh we beýleki ýeňillikleriň berilmegini göz öňünde tutýar. Bu ugurda edilmeli köp işler bar. Biz ady agzalan wezipeleri iň ýakyn geljekde iş ýüzünde amala aşyrmaga girişmegi teklip edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki zaman şertlerinde halkara energetika hyzmatdaşlygynda, ýurtlarymyzyň energiýa serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmakda biziň döwletlerimiziň eýeleýän orny ýokarlanýar diýip belledi. Bar bolan we ýakynda dörediljek täze senagat hem-de oba hojalyk kuwwatlyklaryny, infrastruktura desgalaryny, bilelikdäki önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini nazara almak bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň energiýa serişdelerine barha artýan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak strategik maksatdyr. Şeýle ulgam ýurtlarymyzy dünýäniň energetika bazarynda bolup biljek ýaramaz ýagdaýlardan goramalydyr, olaryň ýetirjek täsirlerini peseltmelidir, tehnogen we tebigy häsiýetli garaşylmadyk ýagdaýlarda milli energiýa ulgamlarynyň zerur ätiýaçlyk goruny döretmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň energetika ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikde işlemäge taýýardygy barada ençeme gezek aýdandygyny belledi.

Söwdanyň giňeldilmegi, senagat taýdan goşulyşmak, kiçi we orta telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ýaly möhüm meseleler hem ünsden düşürilmeli däldir. Şunda biziň döwletlerimiz bilelikdäki oňyn tejribä, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanyp, özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga, işewür düzümleriň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmäge we işjeň ulanmaga, ýurtlarymyzyň çäklerindäki taslamalara gönükdirilýän bilelikdäki maýa goýumlary höweslendirmäge, serhetýaka söwdany ösdürmäge ukyplydyrlar diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşynda belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy — häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini habar berdi.

Magtymguly türkmen halkynyň beýik ogludyr, emma onuň filosofik we şahyrana mirasy tutuş Gündogara, umuman, tutuş dünýä, aýratyn-da, biziň goňşularymyz bolan Merkezi Aziýa halklaryna hem degişlidir. Köp döwletleriň Baştutanlaryny maslahata gatnaşmaga çagyrmak bilen, biz bu çärä diňe bir Magtymgula sarpa goýmak hökmünde däl-de, giň hem-de özara hormat goýmak esasyndaky örän ähmiýetli we öz wagtynda guralýan halkara dialogy, dünýäniň ykbaly, häzirki döwrüň ählumumy syýasy, durmuş-medeni, geoykdysady, ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýagdaýyna, olaryň meýillerine, geljekki mümkinçiliklerine oňyn, döredijilikli çemeleşmeleri hem-de garaýyşlary beýan etmek üçin netijeli forum hökmünde garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Häzirki wagtda şeýle dialog derwaýysdyr. Türkmenistan Merkezi Aziýanyň doganlyk döwletleriniň garaýyşlarynyň şol maslahatda örän düýpli we giňişleýin beýan edilmegine, olaryň diňlenilmegine, şol garaýyşlara düşünilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny öňde boljak halkara maslahata çagyrdy hem-de olaryň foruma işjeň gatnaşjakdyklaryna umyt edýändigini belledi.

Konsultatiw duşuşygyň barşynda dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň çykyşlarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary okgunly ösdürmekde bu formatyň ähmiýeti nygtaldy. Bellenilişi ýaly, şu gezekki sammit taraplaryň umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezdi. Soňky ýyllarda sebit hyzmatdaşlygynda uly tejribe toplandy. Şol hyzmatdaşlyk yzygiderli pugtalandyrylyp, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Muňa hil taýdan täze derejä çykan döwletara syýasy dialog ýardam edýär. Özara gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ulgamyna, halklaryň arasyndaky hoşniýetliligiň we doganlygyň çuňňur taryhy köklerine aýratyn üns berildi. Munuň özi giň gerimli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, onuň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe anyk teklipler beýan edildi.

Sammitiň jemleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi.

Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, sebit kooperasiýasyny ösdürmegiň «Merkezi Aziýa — 2040» Konsepsiýasyna hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewi Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak hakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň Çözgüdine gol çekdiler. Ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça 2025 — 2027-nji ýyllarda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasy” kabul edildi.

Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy giňişleýin görnüşde dowam etdi. Hormatly myhmanlar hökmünde oňa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze hem gatnaşdy. Däp bolşy ýaly, duşuşygyň öňüsyrasynda bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.

Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek, gatnaşyjy ýurtlaryň köptaraplaýyn meýdançalarda, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklaryny has-da ilerletmek üçin giň mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Duşuşyk tamamlanandan soňra, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna resmi kabul edişlik guraldy.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň barşynda goňşy ýurtlaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydyklary tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

***

Şu gün — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda sammitiň gün tertibine hem-de jemleýji resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Maslahata gatnaşyjylar ileri tutulýan ugurlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şu formatyň çäklerinde bilelikdäki işiň netijeleri, möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ýola goýlan netijeli dialogy dowam etdirmegiň wajypdygy tassyklanyldy.

***

Hormatly Prezidentimiziň Astana iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň we Gazagystan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň birnäçesi geçirildi. Olarda söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika, senagat ýaly ulgamlarda, telekeçilik ugry boýunça özara hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, ony diwersifikasiýalaşdyrmaga çalyşýandyklary tassyklanyldy. Şunda medeni-ynsanperwer ulgamda däp bolan gatnaşyklary höweslendirmegiň wajypdygy bellenildi. Munuň özi iki ýurduň arasynda asyrlaryň dowamynda emele gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde, dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň möhüm orny nygtaldy.

09.08.2024

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen kärdeşini ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp hem-de Astana gelmäge çakylygy kabul edendigi we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi, şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini aýtdy.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew döwlet Baştutanymyza köpugurly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalyşýandygy üçin hoşallyk bildirip, söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, senagat ulgamlarynda we beýleki geljegi uly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Ol däp bolan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar barada durup geçip hem-de şu ýylyň iýulynda Astanada beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylandygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna bu dabara gatnaşandygy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Pursatdan peýdalanyp, Gazagystan Respublikasynyň Baştutany Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň işine gatnaşmaga çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu duşuşygyň biziň halklarymyzyň bähbidine dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli sebit hyzmatdaşlygynyň kepili bolmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şu günki sammitiň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň sebitiň döwletleriniň özara bähbitli gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdylanda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Gazagystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz geçirilen duşuşyklaryň hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine, diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde-de döwletara gatnaşyklary giňeltmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 10-11-nji oktýabrynda ýurdumyzda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi saparyna hem-de onuň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak halkara foruma gatnaşmagyna garaşylýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady gatnaşyklar meselesine geçip, ulag ulgamynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Bu babatda deňiz portlarynyň kuwwatyndan peýdalanmak arkaly Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrunda bilelikdäki işleri güýçlendirmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag üstaşyr geçelgesini işjeňleşdirmek teklip edilýär.

Ykdysady hyzmatdaşlygyň beýleki bir ileri tutulýan ugry energetika bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň gazak Lideri bilen duşuşygynyň barşynda gaz ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bu mesele boýunça gepleşiklere taýýardygyny ýene-de bir gezek nygtady. Şeýle-de elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-gazak gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, şu ýylyň 25 — 27-nji iýunynda Gazagystan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigine ünsi çekdi. Oktýabr aýynda bolsa ýurdumyzda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günlerini guramak meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň çäginde gazak şahyry we filosofy Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligini oturtmak üçin ýer bölegini bermek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri barada-da gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynam bildirip, birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

 


 

09.08.2024

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Iki goňşy ýurduň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Duşuşygyň başynda Prezidentler ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine daýanýan däp bolan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz özbek kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de ony ýokary sylag — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy bilen gutlady. Munuň özi Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Şawkat Mirziýoýewiň goşandyna berlen ýokary bahanyň nyşanydyr.

Özbegistanyň Prezidenti gutlaglar üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we hemmetaraplaýyn ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly şahsy goşandyny belledi hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlary, şol sanda ykdysadyýet, söwda, ulag, medeniýet ýaly möhüm ugurlary öz içine alýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň alty aýynyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14 göterim artdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň möhüm ornuny, onuň nobatdaky mejlisiniň şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde geçirilendigini belläp, Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň üsti bilen işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegi teklip etdi.

Özbegistanyň Prezidenti giň ugurlar, şol sanda oba hojalygy, elektroenergetika, nebitgaz toplumy, himiýa senagaty we beýleki pudaklar boýunça özbek-türkmen ykdysady hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, öz nobatynda, iki döwletiň çäklerinde söwda öýleriniň açylmagynyň hem-de ykdysady forumlaryň geçirilmeginiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki wajyp ugurlaryna degip geçmek bilen, Türkmenistan bilen Özbegistanyň Merkezi Aziýanyň, Hytaýyň, Ýewropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmek üçin zerur şertleri döretmek boýunça tagallalaryny birleşdirip biljekdiklerini aýdyp, ulag ulgamyna aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Pars aýlagyna hem-de Hazar deňzine çykalgasy bolan Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan ulag ugrunyň, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň möhümdigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar ulag geçelgesiniň döredilmegini göz öňünde tutýan Aşgabat Ylalaşygyna ünsi çekdi. Energetika ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň oktýabrynda Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini ýatladyp, türkmen tarapynyň şu ýyl ýurdumyzda Özbegistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge taýýardygyny beýan etdi. Umumy pikire görä, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ähli döwürlerde hem halklary birleşdirip, dostlugyň we özara düşünişmegiň köprüsi bolup hyzmat edýär. Türkmen edebiýatynyň dünýäde ykrar edilen nusgawy şahyry, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda, şol sanda Özbegistanda-da köp sanly dabaralar guralýar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew şu ýylyň başynda beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny Özbegistanda giňden bellemek hakynda Karara gol çekendigini aýdyp, Magtymguly Pyragynyň diňe bir türki halklaryň däl, eýsem, tutuş dünýä edebiýatynyň we medeniýetiniň taryhynda hem aýratyn orun eýeleýändigini belledi.

Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de Gahryman Arkadagymyzy islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Özbegistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

09.08.2024

Arkadagly Gahryman Serdarymyz MA döwletleriň Baştutanlaryny Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen altynjy Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlaryny şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy – häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady» atly Halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

«Köp döwletleriň Baştutanlaryny bu maslahata gatnaşmaga çagyrmak bilen, biz bu çärä diňe bir Magtymgula sarpa goýmak hökmünde däl-de, giň hem-de özara hormat goýmak esasyndaky örän ähmiýetli we öz wagtynda guralýan halkara dialogy, dünýäniň ykbaly, häzirki wagtyň ählumumy syýasy, durmuş-medeni, geoykdysady we ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýagdaýyna, olaryň meýillerine we geljekki mümkinçiliklerine oňyn, döredijilikli çemeleşmeleri hem-de garaýyşlary beýan etmek üçin netijeli forum hökmünde garaýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Gahryman Arkadagly Serdarymyz häzirki wagtda şeýle dialog aýratyn islege eýedigini belläp, Merkezi Aziýanyň doganlyk döwletleriniň garaýyşlarynyň şol maslahatda örän düýpli hem-de giňişleýin beýan edilmegine, olaryň diňlenilmegine hem-de şol garaýyşlara düşünilmegine möhüm ähmiýet berýändigimizi aýtdy.

09.08.2024

Hormatly Prezidentimiz Konsultatiw duşuşyklaryň esasy maksadyny saklanyp galmalydygyny aýtdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen altynjy Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda her ýyl geçirilýän duşuşyklarynyň indi däbe öwrüldendigini we tejribäniň görkezişi ýaly, hemişe möhüm we derwaýysdygyny belledi.

Bu mejlisleriň dowamynda netijeli, açyk, ynanyşykly dialog alnyp barylýar, bu bolsa pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine has gowy düşünmäge we bu esasda anyk çözgütleri kabul etmäge ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, ýokary derejedäki duşuşyklaryň bu formatyny guramak başlangyjyny öňe süren Türkmenistan bu duşuşyklaryň diňe maslahat beriş häsiýete eýe bolmalydygyndan, berk düzgünleşdiriji kadalardan we amallardan azat syýasy gatnaşyk üçin meýdança bolmalydygyndan ugur alýar. Şeýle çemeleşme hyzmatdaşlygymyzyň barşy barada has giňişleýin we dürs düşünje almaga, teklipleri we düzedişleri girizmäge, pikirleri beýan etmäge mümkinçilik berýär.

«Konsultatiw duşuşyklaryň ilki başdaky mazmuny bu maksady saklanyp galmaly diýip hasaplaýaryn. Biziň pikirimizçe, olaryň çäklerinde haýsydyr bir köptaraplaýyn düzümleriň döredilmegi maksadalaýyk däldir. Biz birek-birege örän oňat düşünýäris, biziň her bir duşuşygymyz aýdyň mazmunly jemleýji resminama bilen tamamlanýar we resminama esasynda biz iş alyp barýarys. Syýasy nukdaýnazardan, şeýle hem iş nukdaýnazaryndan, bu formatyň çäklerinde goşmaça düzümleri döretmegiň zerurlygy ýok diýip hasaplaýarys» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Konsultatiw duşuşyklara diňe Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagy biziň pikirimizçe, bu duşuşyklaryň beýleki möhüm bölegi bolup durýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, biziň bäştaraplaýyn syýasy dialogymyzyň sebit meselelerine degişlidigi bilen şertlendirilendir.

09.08.2024

Hormatly Prezidentimiz: «Biziň halklarymyzyň öz gün tertibi bar: bular – parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk»

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen altynjy Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda häzirki döwürde dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda parahatçylygy, ylalaşygy we durnuklylygy gorap saklamak Merkezi Aziýa döwletleri üçin esasy ileri tutulýan ugur bolmagynda galmalydygyny aýtdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, biz özboluşlylygymyzy, özbaşdaklygymyzy hem-de içerki we daşarky ösüş nusgalarymyzy saýlamak hukugymyzy gorap saklamak bilen, sebitimizi gülläp ösýän we häzirki zaman ählumumy gatnaşyklara çuňňur goşulyşan sebite öwürmegi maksat edinýäris. Döwlet Baştutanymyz diňe şeýle şertlerde döwletlerimiziň we halklarymyzyň özlerine mynasyp geljek üpjün etjekdiklerine berk ynan bildirdi.

«Sebitimizi daşarky täsirleriň astyna, hususan-da, gapma-garşylykly ýagdaýlara düşürilmegine, Merkezi Aziýanyň müňýyllyklara uzaýan taryhy bolan geosyýasy, ykdysady, medeni giňişlik hökmünde özbaşdaklylygyna şübhelenmek üçin esas döretmäge ýol berilmeli däldir. Biziň halklarymyzyň öz gün tertibi bar: bular – parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow.

09.08.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar

Şu gün Astana iş sapary amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar.

Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl mundan ozal Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iň ýokary derejede ulgamlaýyn syýasy dialogyň ähmiýetine ünsi çekip, sebitleýin hyzmatdaşlyga düýpgöter täzeçe çemeleşmek pikirini öňe sürdi. Häzirki zaman şertlerinde bu konsepsiýa aýratyn ähmiýete eýe bolýar we oňa uly isleg bildirilýär. Merkezi Aziýa sebitiniň diňe bir yklym derejesinde däl, eýsem, ählumumy derejede alnyp barylýan işlerdäki barha artýan ornuny göz öňünde tutup, Türkmenistan döwletara hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak hem-de täze giň gerimli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Soňky ýyllarda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklary sebitleýin hyzmatdaşlygyň barşy we gönükdirilen ugry barada bitewi garaýşyň döremeginde, häzirki döwrüň şertlerini hem-de uzak möhletleýin mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenmeginde şu formatyň netijelidigini görkezdi.

09.08.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygyna, şeýle hem «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Oňyn bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz sebit we ählumumy derejesinde köpugurly netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleri bilen däp bolan gatnaşyklar nusgalyk häsiýete eýedir. Bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär.

09.08.2024

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen tagallalary üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Gazagystan Respublikasy bilen däp bolan dostluk gatnaşyklary biziň halklarymyzy birleşdirýän köpýyllyk hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýar. Şeýle hem iki döwletiň halkara giňişlikde, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi, ählumumy, sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigi ýa-da ýakyndygy, birek-biregiň başlangyçlaryny goldaýandyklary nygtaldy.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystana sapar bilen gelmäge hem-de Astanada geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna we “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýandygyny ýene-de bir gezek beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz çakylyk üçin gazak kärdeşine minnetdarlyk bildirip, çakylygy hormat bilen kabul etdi hem-de öňde boljak duşuşyklarda beýan ediljek başlangyçlaryň sebitde hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi we olaryň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Munuň özi söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary, halkara giňişlikde hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak ýaly meseleleri öz içine alýar.

Bilelikdäki taslamalary, hususan-da, gaz, energetika pudaklarynda, üstaşyr ulag ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmek meselesi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamyna aýratyn üns çekip, ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň wajypdygyny nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, yzygiderli ýagdaýda geçirilýän hem-de ynanyşmak häsiýetine eýe bolan ýokary derejedäki duşuşyklar türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Astana şäherine amala aşyran saparynyň ähmiýeti nygtaldy. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň, hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň birnäçesine garalan “ŞHG+” görnüşindäki duşuşygyň jemleriniň iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna uly goşant boljakdygyna ynam bildirildi.

Astanada beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň oturdylandygy, onuň türkmen halkynyň Milli Lideriniň dostlukly ýurda saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygynyň gatnaşmagynda 4-nji iýulda dabaraly ýagdaýda açylandygy bellenildi. Aşgabatda bolsa meşhur gazak şahyry we filosofy Abaý Kunanbaýewiň özboluşly kompozisiýany özünde jemleýän heýkeli bina ediler. Bularyň ählisi biziň halklarymyzyň arasyndaky taryhy taýdan emele gelen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdiginiň nyşanydyr.

Pursatdan peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda täze wehimleriň ýüze çykýan şertlerinde sebit derejesinde tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň möhümdigi bellenildi. Şunda Türkmenistanyň sebitiň ähli döwletleri bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna berk ygrarlydygy tassyklanyldy.

Dostlukly ýurduň Baştutany telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda türkmen kärdeşini Gazagystanda geçiriljek möhüm forumlara uly hormat bilen çagyrýandygyny ýene-de bir gezek mälim etdi.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew hoşlaşanlarynda, birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw etdiler.

05.08.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda “akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady.

Ir bilen Milli Liderimiz dikuçarda täze şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrmak maksady bilen, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Gahryman Arkadagymyza Çeper halyçylyk kärhanasynyň guruljak ýeriniň çyzgylary we toplumyň golaýynda ýerleşdiriljek binalar, kärhananyň beýleki desgalar bilen aradaşlygy barada hasabat berildi. Şol bir wagtyň özünde, önümçilik toplumynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy boýunça meýilleşdirilen işler hasabatyň özenini düzdi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalara birnäçe belliklerini aýdyp, degişli düzedişlerini girizdi. Çeper halyçylyk kärhanasynyň täze şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine, onuň ekologik derejesine we binanyň ýerleşiş aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Çeper halyçylyk kärhanasynyň gurulýandygy üçin şäher ilatynyň adyndan hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol taryhyň dowamynda bu künjekde reňkleriniň sazlaşygy, nepisligi babatda dünýä nusgalyk halylaryň dokalandygyny, täze önümçilik toplumynda çeper elli gelin-gyzlaryň döreden milli gymmatlygynyň döwrebap derejede ösdüriljekdigini aýratyn nygtady.

Täzeçil häsiýete eýe bolan taslamanyň durmuşa geçirilmegine toplumlaýyn, oýlanyşykly esasda çemeleşilmelidigini belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy önümçilik toplumynyň gurluşygynda bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryna we ekologik derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde, kärhanada dokalýan halylar ekologik talaplara doly laýyk gelmelidir hem-de ýakymlylygy babatda ýokary hil derejesine eýe bolmalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri önümçilik toplumynyň gurluşyk işlerine, enjamlaşdyrylyşyna, Çeper halyçylyk kärhanasynyň hojalyk düzümleriniň dolandyrylyşyna utgaşykly esasda çemeleşilmelidigini belledi we bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny aýtdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyzyň dikuçary paýtagtymyzdan ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäheri bolan Arkadag şäherine tarap ugur aldy. Milli Liderimiz guşuçar belentlikden Arkadag şäheriniň çäginde alnyp barylýan işleri, binalarynyň ýerleşiş aýratynlyklaryny, ýollaryň hereketini synlady.

Ekologik taýdan bildirilýän häzirki zaman talaplaryna we şähergurluşyk maksatnamasyna laýyk derejede bina edilen täze şäheriň gurluşygynda ylmyň ýokary gazananlary, ösen tejribeler utgaşdyryldy. Bu bolsa Arkadag şäheriniň binagärlik aýratynlyklarynyň döwrüň talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etdi. Munuň özi iri şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň sebitleri senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmek, ýokary ekologik derejesini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde ähmiýetli bolup durýar.

Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen edara binalarynyň, durmuş maksatly desgalaryň işi döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýuldy. Şäher ilaty ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna göçüp geldiler. Bu ýerde adamlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, oňaýly dynç almagy ugrunda ähli zerur şertler üpjün edildi. Bu bolsa ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary ýörelge edinýän durmuş ugurly syýasatyň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyz guşuçar belentlikden täze şäheriň binagärlik keşbini synlap barşyna bu ýerde özboluşly şäher gurşawynyň döredilmeginiň, şunda taslamalaryň talabalaýyk derejede taýýarlanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Bu işler bilen bir hatarda, şäheriň häzirki zaman ýol-ulag düzüminiň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegi hem wajypdyr.

Uçuşyň dowamynda Çeper halyçylyk kärhanasynyň ýerleşjek ýerini synlap, türkmen halkynyň Milli Lideri önümçilik toplumynyň gurluşyk işlerine, kärhananyň işiniň ekologik talaplara laýyk derejede ýola goýulmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Hususan-da, önümçilik toplumlarynyň golaýynda ugurdaş desgalaryň ýerleşdirilmegi talabalaýyk bolar. Täze şäheriň çäklerinde bu künjegiň tebigy aýratynlyklarynyň şäher gurşawy bilen sazlaşykly utgaşmagyna, ýaşyl zolaklaryň döredilmegine zerur üns berilmelidir.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda, esasan, önümçilik toplumlarynyň bina ediljekdigini nazara alyp, ylmy işläp taýýarlamalaryň we häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil garaýyşlaryň bu ugra gönükdirilmeginiň wajypdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işlerde täze ylmy açyşlaryň, ýaşlaryň öňe sürýän teklipleriniň içgin öwrenilmelidigini aýtdy.

Milli Liderimiz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek lukmançylyk klasteriniň desgalarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady. Şunuň bilen baglylykda, önümçilik toplumlarynyň işine dünýäniň ösen tejribesiniň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Täze toplumyň gurulmagy diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmaga ýardam eder hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirer. Bu bolsa «akylly» şäheriň eksport mümkinçilikleriniň artmagynda bolşy ýaly, şäher ilatynyň durmuş üpjünçiliginiň gowulanmagynda hem ähmiýetlidir.

Hormatly Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, şäheriň çäklerinde bina edilýän her bir toplumyň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň yşyklandyryş ulgamyna döwrebap derejede üns berilmelidigini belledi. Älemgoşar öwüşginli yşyklaryň sazlaşygy täze şäheriň gijeki görnüşlerine özboluşly öwüşgin çaýmalydyr. Owadan şekillerde ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň özgerişleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapmalydyr. Bellenilişi ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Arkadag şäheriniň ekologik taýdan arassa, dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülmegini, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny üpjün eder.

Milli Liderimiz dikuçarda Arkadag şäherine guran nobatdaky iş saparyny tamamlap, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi.

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan dynç almaga rugsat berendigi, hemişe bolşy ýaly, olaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki şypahanalarda dynç almaklaryna zerur şertleriň döredilendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlyk bildirip, özüniň hem zähmet rugsadyna gidýändigini aýtdy we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa, Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa dynç alyş günlerinde rowaçlyklary, işlerinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de bu ýerden ugrady.

03.08.2024

Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky zähmet rugsady başlandy

Düýn — 1-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalary bilen nobatdaky zähmet rugsadyna çykdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan dynç almaga rugsat berilýändigini, hemişe bolşy ýaly, olaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki şypahanalarda dynç alyp biljekdigini aýtdy.

01.08.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek duşuşyklardyr geňeşmeleriň netijeli boljakdygyna we iki ýurduň energetika ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi, döwletara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, Türkiýede Türkmenistan bilen giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, doganlyk döwletiň Baştutanyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de köpasyrlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň bu gün baý tejribä eýedigini, munuň bolsa syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ileri tutulýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin berk binýat bolup durýandygyny belledi. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk özara ynanyşmak, birek-birege goldaw bermek esasynda ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady ulgama aýratyn orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi bellenildi. Şeýle-de ýangyç-energetika, magdan önümçiligi, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, maýa goýumlar babatda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biridigini we Türkiýe bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen gazynyň doganlyk Türkiýe Respublikasyna, soňra Ýewropa ýurtlaryna iberilmegi möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň martynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama hem-de “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilendigi nygtaldy. Bu resminamalar nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin möhüm hukuk binýady bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy dowam edýär. Onuň işe girizilmegi türkmen elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda ady agzalan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz türk tarapynyň tekliplerine garamaga hem-de netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda strategik döwletara hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

* * *

Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň ýolbaşçylygynda Türkmenistana gelen wekiliýet meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Olarda ýangyç-energetika, elektroenergetika ýaly pudaklarda iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljekki mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda giň gerimli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, türk tarapy duşuşyga gatnaşyjylary “MTA” kompaniýasynyň işi bilen tanyşdyryp, bilelikdäki dag-magdan işlerini, şol sanda Köýtendagda magdan ugry hem-de Garabogazköl aýlagynda seýrek duş gelýän minerallar boýunça bilelikde iş alyp barmak baradaky teklibi beýan etdi. Öz nobatynda, türkmen tarapy bu tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.

Türkiýäniň wekiliýetiniň ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri bilen geçiren duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanda elektrik energiýasynyň, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň netijeli peýdalanylmagyna, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde öňdebaryjy dünýä tejribesiniň özleşdirilmegine, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ileri tutulýan ugur hökmünde garalýar.

Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri öz wekilçilik edýän döwletinde energetika pudagynyň ösüşi barada aýdyp, häzirki wagtda elektrik energiýasyny daşary ýurtlardan satyn almak üçin täze bazarlaryň öwrenilýändigini habar berdi we bu meseläni ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşyklaryň dowamynda türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Türk tarapy geljekde-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

31.07.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rudy kabul etdi.

Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi we öz ýurdunyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz hanym Elizabet Rudy ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa köpugurly türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz ABŞ-nyň Prezidentine salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň özara düşünişmek, hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda ähli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik ulgamda okgunly ösdürilýän döwletara dialogyň netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda durnukly ösüşi üpjün etmek, howpsuzlyk, howanyň üýtgemegi ýaly meseleler boýunça netijeli pikir alyşmaga ýardam berýändigi tassyklanyldy. Şunda Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň işjeň daşary syýasaty alyp barýandygyna, sebit we ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, parahatçylygyň pugtalandyrylmagynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýändigine üns çekildi.

Söwda-ykdysady ulgam ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň iki ýurduň bu ugurdaky bar bolan mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine goşýan saldamly goşandy bellenildi. “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Case New Holland” ýaly iri amerikan kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen birlikde, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Iki ýurduň wekiliýetleriniň özara saparlary, Medeniýet günleriniň, dürli sergileriň, beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň maýynda Aşgabatda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylandygy we bu ýerde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, şol sanda amerikan şahyry Lengston Hýuzuň hem heýkeliniň oturdylandygy bellenildi.

Diplomat Türkmenistanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, däp bolan döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ony hil taýdan täze derejä çykarmak üçin hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň özara hoşmeýilli erke esaslanyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Men Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň abraýly raýaty Elizabet Rudy Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi hökmünde Siziň ýurduňyzda öz wekilim edip belledim. Ol biziň ýurtlarymyzyň özara bähbitlerine oňat düşünýär hem-de aramyzdaky dostlukly gatnaşyklary saklamak we pugtalandyrmak baradaky meniň tüýs ýürekden ymtylmalarymy goldaýar. Onuň ýokary şahsy häsiýetleri, ukyp-başarnyklary öz üstüne ýüklenen wezipäni Siziň makullamagyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň adyndan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Türkmenistana abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Jozef Baýden,

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.

31.07.2024

Türkmenistanyň we Türkiýäniň energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Halkara energetika hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistan häzirki döwürde işjeň syýasaty alyp barýar. Daşary ýurt döwletleri, halkara guramalary we dünýäniň esasy energetika kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir.

Ozal habar berlişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde «Türkmenistanyň energetika hepdeligi» atlandyrylan şu hepdäniň dowamynda milli nebitgaz toplumynda Birleşen Arap Emirliklerinden, Koreýa Respublikasyndan we ençeme beýleki ýurtlardan bolan kompaniýalar bilen duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Bu duşuşyklarynyň we gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynda iri we uzakmöhletli taslamalary amala aşyrmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle yzygiderli işiň dowamy hökmünde türk tarapynyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 30–31-nji iýulynda Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň Aşgabada sapary guraldy.

Şu gün türk ministri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky energetika, senagat, ulag, aragatnaşyk we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi hem-de gaz, gazhimiýa, elektrik energetikasy pudaklarynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi, şeýle hem bilelikdäki işleriň meýilnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledi.

Öz gezeginde ministr Alparslan Baýraktar ikitaraplaýyn meseleleriň ähli ugurlary, şol sanda energetika meselesi boýunça gatnaşyklary berkitmekde Türkiýäniň taýýardygy barada Türkmenistanyň Prezidentini ynandyrdy.

Saparyň dowamynda degişli düzümleriň ýolbaşçylary bilen Türkiýä türkmen tebigy gazyny eltmek boýunça taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň, türkmen nebithimiýa we gazhimiýa senagatyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Şunuň bilen baglylykda, ozal halkara konsorsiumlaryň düzüminde türk kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çäginde karbamid, suwuk ammiak, kükürt kislotasyny, sintetiki benzini (GTG) öndürýän iri kärhanalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşandygyny bellemek zerurdyr.

Energetika ulgamynda türk kompaniýalary bilen işleşmegiň baý tejribesine daýanyp, taraplar şeýle-de türk tarapynyň Türkmenistanyň baý tebigy serişdeleriniň känlerini – kaliý duzuny, ýody, demir magdanlaryny özleşdirmäge hem-de bu ýerde häzirki zaman ýokary tehnologiýaly we eskporta niýetlenen önümçilikleri döretmäge gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistandan Türkiýä elektrik energiýasyny ibermek meselesine hem garaldy. Bu ugurda häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda gurulýan kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyndan ýakyn geljekde türk tarapyna türkmen elektrik energiýasyny ibermek mümkinçiligi bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, türkiýeli hyzmatdaşlar dünýäniň öňdebaryjy elektroenergiýa kompaniýalary bilen bilelikde Türkmenistanda häzirki zaman elektrik stansiýalarynyň gurluşygy boýunça birnäçe taslamalary durmuşa geçirdiler. Bu elektrik stansiýalarynda öndürilýän elektrik energiýasy Türkmenistanyň içerki bazaryna, şeýle hem dünýä döwletlerine iberilýär.

Umuman, ministr Alparslan Baýraktaryň sapary Türkmenistanyň we Türkiýäniň hyzmatdaşlygynyň strategik möhüm ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmakdaky işjeň ornuny aýdyň görkezdi.

31.07.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu saparyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Iri halkara guramanyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň oýlanyşykly daşary syýasy ugruna ýokary baha berdi. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýar. Pursatdan peýdalanyp, myhman halkara giňişlikde Türkmenistana uly abraý getiren parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň başyny başlan türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny, ähli türkmenistanlylara bagtyýarlyk, abadançylyk, ýurduň saýlap alan ýolunda täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň dowamynda umumy bähbitlere laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, Türkmenistan Ýer ýüzüniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy.

Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň BMG-niň howandarlygynda parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky başlangyçlaryny ähli tarapdan goldaýar. Biziň ýurdumyz ýaragsyzlanmagy, köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýaýratmazlygy, ählumumy ýadro howpsuzlygyny üpjün etmegiň tarapdary bolup çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy, Ýadro ýaraglarynyň synaglarynyň ählumumy gadagan edilmegi, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda möhüm şertnamalara gatnaşmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselesine degip geçmek bilen, seýsmologiýa we monitoring ugurlarynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler.

Biz, öz gezegimizde, dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge ygrarly bolmak bilen, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähli goldawy bermäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow duşuşygyň ahyrynda nygtady we guramanyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýda berk jan saglyk, işinde üstünlikleri arzuw etdi.

30.07.2024

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk pudagyny ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, beýleki degişli ýolbaşçylar çagyryldy. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy, käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, geljek ýylyň hasyly üçin ekiş geçiriljek meýdanlary sürmek, tekizlemek, bugdaý tohumlaryny, ekişde ulanyljak tehnikalarydyr gurallary möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, gowaçanyň ujuny çyrpmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Güýzlük ýeralmany ekmek bilen bir hatarda, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiş möwsümine hem taýýarlyk görülýär. Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak maksady bilen, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, R.Hojagulyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýygnalan bugdaý hasylyny elewatorlara, ammarlara daşamak hem-de ýerleşdirmek boýunça işler dowam edip, bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl, hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň bugdaý oragyndan boşan meýdanlaryny sürmek, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda azyk üpjünçiligini mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, güýzki möwsüm üçin ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler dowam edýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine welaýatdan jemgyýetçilik wekilleriniň guramaçylykly gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny talabalaýyk saklamak maksady bilen, bugdaýy galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara, elewatorlara ýitgisiz daşamak boýunça degişli işler geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär, bugdaý tohumlary taýýarlanylýar. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyk işleri doly geçirildi. Sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şu ýylyň güýzki möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilýän gök-bakja, beýleki azyklyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine welaýatdan jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, S.Soltanmyradowy Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine belledi hem-de ony Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Häkim özüne bildirilen uly ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli gujur-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny dowam edip, Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň direktory wezipesinde işleýän D.Babaýewi Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine belledi.

D.Babaýew özüne jogapkärli wezipäniň ynanylandygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, bu wezipede ak ýürekden zähmet çekjekdigine, ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz täze wezipä bellenen ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw edip, resminamalara gol çekdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitde ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara, elewatorlara ýitgisiz daşamak hem-de ýerleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin ýerleri bugdaý ekişine taýýarlamak maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda topragy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, sürmek, tekizlemek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ekiş möwsümine çenli önüm öndürijileri ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar doly geçirildi. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, şaly ekilen meýdanlarynda bolsa ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň güýzki ekişini talabalaýyk geçirmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ş.Amangeldiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň direktory wezipesinde işleýän M.Annanepesowy belledi.

M.Annanepesow bildirilen uly ynam üçin hoşallyk bildirip, täze wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz O.Berdiliýewany, başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä T.Amanowany belledi hem-de ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiz resminamalara gol çekip, täze wezipä bellenen ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýygnalan galla hasylyny kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara, ammarlara ýitgisiz daşamak, ýerleşdirmek we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Döwlete tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar doly geçirilip, hyzmat ediji edara-kärhanalaryň ýerine ýetiren işleri boýunça hasaplaşyklar dowam etdirilýär. Geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Önüm öndürijileri ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gant şugundyry ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, başga işe geçmegi sebäpli, A.Orazowany Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä Ç.Akyýewany belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekip, täze wezipä bellenen ýolbaşça üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewe söz berildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň seçgiçilik we tohumçylyk işini dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutlarynyň, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda bu ylmy-barlag institutlarynda gowaçanyň, bugdaýyň, gök-bakja ekinleriniň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli tohumlaryny öndürmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak maksady bilen, zerur işler dowam etdirilýär. Şeýle hem Döwlet ýer kadastryny ýöretmek boýunça işleriň çäklerinde zerur bolan tehnikalar, enjamlar bilen üpjün etmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk pudagyndaky özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, pudakda önümçilik-ykdysady gatnaşyklary has-da kämilleşdirmek, önüm öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň we gant şugundyrynyň döwlet satyn alyş bahalary ýokarlandyryldy. Oba hojalyk pudagyny dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly pudagyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmak, olaryň tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň binýadynda “Türkmenpagta” döwlet konserni, “Türkmengallaönümleri”, Türkmenistanyň Azyk senagaty, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşikleri, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň garamagynda Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk we Ylmy-barlag pagtaçylyk institutlary, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkezi döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gurlan, sebitde ýeke-täk “akylly” şäher hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherinde Oba hojalyk pudagynyň edara binasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy açylyp ulanmaga berildi.

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň pudagara topary döredildi. “Gaplaňgyr” we “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanalary, “Repetek” döwlet biosfera goraghanasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistan Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip barýan görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa goşuldy.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek, olaryň tutanýerli, öndürijilikli işlemekleri üçin amatly şertleri döretmek, öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary netijesinde, şu ýyl bereketli türkmen topragyndan jemi 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly, 2 müň 150 tonnadan gowrak pile hasyly ýygnalyp, uly zähmet ýeňşi gazanyldy.

Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak maksady bilen, ýurdumyzyň howdanlaryna suw toplamak, derýalaryň kenarlaryny berkitmek hem-de suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak boýunça degişli işler geçirilýär. Diýarymyzda şu ýylda ýygnalan bugdaý hasylyny talabalaýyk saklamak üçin hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara, elewatorlara daşamak, olary ýerleşdirmek boýunça zerur işler dowam etdirilýär. Pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş nokatlaryny, pagta ýygýan kombaýnlary pagta ýygymy möwsümine, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary we ekijileri bugdaý ekişi möwsümine taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda behişdi ahalteke bedewleriniň baş sanyny köpeltmek, olary talabalaýyk idetmek, tohum arassalygyny gorap saklamak ugrunda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär, pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda geljek ýylda bugdaýyň, güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda bu ekinleriň ekişine başlamak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Soňra Merkezi bankyň başlygy T.Mälikowa söz berildi. Ol oba hojalyk pudagyna gönükdirilýän maýa goýumlar barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, pudagy mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, döwletimiz tarapyndan pudaga ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalygynyň karz serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada aýdyldy. Şu babatda berilýän döwlet goldawynyň çäklerinde kiçi we orta telekeçilige ýeňillikli bank karzlaryny bermek, hususy önüm öndürijilere tehnikalary we enjamlary satyn almak üçin karzlary bermek babatda görkezijiler beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Häzirki döwürde bu pudagy toplumlaýyn ösdürmek, onuň düzüm birlikleriniň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Oba hojalyk ministrliginiň däneçilik, ekerançylyk we pagtaçylyk ylmy-barlag institutlary, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkezi açyldy. Bu bolsa ekinleriň täze sortlaryny döretmäge, tohumçylyk işini kämilleşdirmäge uly mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Oba hojalyk ministrliginiň binýadynda gallaçylyk, pagtaçylyk, maldarçylyk we guşçulyk, azyk senagaty, oba hojalygynyň tehniki taýdan hyzmat ediş ugurlary boýunça täze pudaklaýyn dolandyryş edaralary döredildi. Daýhanlarymyz tehniki hyzmatlar, suw, mineral dökünler, tohum, himiki serişdeler bilen ýeterlik üpjün edilýär. Tabşyrylýan önümler üçin wagtynda hasaplaşyklar geçirilýär. Bugdaý we pagta öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek üçin şu ýylyň hasylyndan başlap, bu önümleriň döwlet satyn alyş bahalary ýokarlandyryldy. Ýurdumyzyň oba hojalyk zähmetkeşleriniň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Döwlet Baştutanymyz geçirilýän bu çäreleriň netijesinde edermen daýhanlarymyzyň uly üstünlikleri gazanýandyklaryny, şu ýyl olaryň 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny, 2 müň 150 tonnadan gowrak pile tabşyrandyklaryny, gowaçanyň hem bol hasylynyň ýetişdirilýändigini kanagatlanma bilen nygtap, oba hojalyk pudagynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny, sanly ulgamy önümçilige giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasaryna, degişli ýolbaşçylara hem-de welaýat häkimlerine ýüzlenip, pudagyň kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, maddy-tehniki binýadyny, önümçilik, hojalyk işlerini yzygiderli seljerip durmagy, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmagy, olaryň durkuny täzelemek we täze kärhanalary gurmak boýunça işleri dowam etdirmegi, önümiň, ýerine ýetirilýän işleriň özüne düşýän gymmatyny peseltmek boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmegi, oba hojalyk ylmy-barlag institutlary tarapyndan bugdaýyň, gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyny gowulandyrmak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz pudakda halkyň sarp edýän azyk harytlarynyň görnüşleriniň we öndürilýän möçberiniň artdyrylmagy, döwlet tarapyndan satyn alynýan oba hojalyk tehnikalarynyň maksadalaýyk, netijeli ulanylmagy, oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin berlen ýer serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, Döwlet ýer kadastrynyň ýeke-täk ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çaltlandyrylmagy, ýurdumyzyň suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagy, goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça işleriň durmuşa geçirilmegi, suw ulgamynyň ýagdaýynyň seljerilmegi we olary gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň görülmegi babatda görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkitmegiň we arassalap durmagyň, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, şorlaşmagyna garşy göreşmegiň, zeýkeşleri arassalamak işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň özboluşly ekoulgamlaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işlere berk gözegçilik etmegi, maldarçylyk we guşçulyk pudagyny ösdürmek üçin öňdebaryjy usullary ulanmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda işleri dowam etdirmegi, atçylygy ösdürmäge uly üns berip, atlaryň baş sanyny köpeltmegi, bu ugurda alnyp barylýan işleri ylmy esasda guramagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň welaýatlarda öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleriň görülmeginiň, sebitlerde desgalaryň we binalaryň gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna, hiline berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz täze okuw ýylynyň hem ýetip gelýändigine ünsi çekip, welaýatlardaky mekdeplerde abatlaýyş işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny zähmet üstünlikleri bilen garşylamak üçin häzirden gowy taýýarlyk görüp başlamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherinde oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyna bagyşlanyp halkara maslahatyň geçiriljekdigini belläp, oňa gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň dowamynda başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

29.07.2024
1 ... 27 28 29 30 31 ... 59