Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda başyny başlan strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan bilen Malaýziýany birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli pugtalandyrylýar. Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Malaýziýa 2011-nji, 2016-njy ýyllarda amala aşyran resmi hem-de döwlet saparlary, dostlukly ýurduň Hökümet Baştutanlarynyň 2014-nji, 2019-njy ýyllarda Türkmenistana bolan saparlary munuň aýdyň mysalydyr. Şol saparlaryň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýadyny emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyrýan ilkinji sapary we öňde boljak ýokary derejedäki gepleşikler hem özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda, onuň gerimini giňeltmekde nobatdaky tapgyr bolar.

...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Malaýziýanyň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar.

Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna uçaryň ýanynda düşelen haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurduň resmi wekili bilen bolan söhbetdeşliginiň dowamynda yzygiderli ösdürilýän türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesi we ägirt uly mümkinçilikler häzirki döwürde umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly özara gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi sapary dowam edýär.

18.12.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleriniň daşary ýurt kompaniýalary üçin netijeli işlemäge amatly şertler döredilen, geljegi uly türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Pursatdan peýdalanyp, Erik Stýuart Türkmenistanyň gözel tebigatynyň we haýwanat dünýäsiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny aýtdy. Işewür Türkmenistanda tebigata aýawly çemeleşmek, onuň biodürlüligini gorap saklamak hem-de baýlaşdyrmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň dünýä nusgalykdygyny belledi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň öňe sürýän ekologiýa ugurly başlangyçlarynyň halkara jemgyýetçilikde uly goldawa eýe bolýandygyny aýtdy. Işewür ýurdumyzyň gözel tebigatyny aýawly saklamak babatda alnyp barylýan işlerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady goýlan ekologiýa syýasatynyň netijelerini görmek bolýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ekologiýa ugruna aýratyn üns berilýändigini, Türkmenistanyň bu ugurda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylda Türkmenistanyň teklipleri boýunça “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”; “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”; “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary”; «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki tagallalaryna berilýän ýokary bahanyň aýdyň güwäsidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we ABŞ-nyň bu Kararnamalary ilkinjileriň hatarynda goldandygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryna möhüm goşant goşýandygyny belläp, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini we bu şanly sene mynasybetli köp sanly halkara çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar soňky ýyllaryň dowamynda özara hormat goýmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda söwda-ykdysady, energetika, oba hojalygy, ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlykda amerikan kompaniýalarynyň wajyp orny bellenildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde iri amerikan kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ony ösdürmekde “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşine aýratyn orun degişlidir.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyz öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň türkmen bazarynyň strategik taýdan möhüm pudaklarynda üstünlikli işleýändigini, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän amerikan işewürleriniň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady hem-de özara gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarta minnetdarlyk bildirdi.

17.12.2024

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş alnyp, häzirki wagtda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, topragy fosfor döküni bilen gurplandyrmak, sürüm işleri dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýyl ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatyň çägindäki biokärhanalary abatlamak, olary zerur serişdeler, enjamlar bilen üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Pagta öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary geçirmek babatda işler dowam edýär. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça, şeýle-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň çägindäki gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, möwsüme doly taýýar etmek babatda degişli çäreler görülýär. Welaýatyň çägindäki biokärhanalarda abatlaýyş işleri geçirilip, olary zerur serişdelerdir enjamlar bilen üpjün etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem döwlete tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň çägindäki medeni-durmuş, jemgyýetçilik maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, agyz suwy we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda zerur çäreler ýerine ýetirilýär, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda gurluşyk işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň möwsüme talabalaýyk taýýar edilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň çägindäki gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, topragy fosfor döküni bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary abatlanylýar. Sebitde bar bolan biokärhanalary geljek ýylyň möwsümine taýýarlamak boýunça ýörite topar döredilip, olaryň önümçilik binalaryny abatlamak, zerur serişdeler bilen üpjün etmek babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar geçirilýär. Howanyň sowamagy bilen baglylykda, welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, agyz suwy we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatdaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň pagta hasyly üçin ekiş geçiriljek meýdanlarda sürüm, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatdaky biokärhanalary ýazky oba hojalyk işlerine taýýarlamak maksady bilen, olary zerur serişdeler, enjamlar bilen üpjün etmek boýunça işler ýerine ýetirilýär. Welaýatyň pagta öndürijileri bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyk işleri dowam etdirilýär. Mundan başga-da, häkim sebitiň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, agyz suwy we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler, Oba milli maksatnamasynyň çägindäki gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatdaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak hakynda tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýyl oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary abatlamak, möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatdaky biokärhanalarda abatlaýyş işleri geçirilip, olary zerur serişdeler, enjamlar bilen üpjün etmek babatda işler ýerine ýetirilýär. Şeýle-de sebitde ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bökdençsiz kabul etmek, gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Döwlete tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Häkim welaýatyň çägindäki medeni-durmuş, jemgyýetçilik maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, agyz suwy, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin meýdanlarda sürüm, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalary abatlamak hem-de bejermek boýunça degişli işler geçirilýär. Geljek ýyl daýhanlary bioönümler bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, welaýatlardaky biokärhanalaryň zerur bolan ýerlerinde abatlaýyş, bejeriş işlerini geçirmek, olary çig mal we enjamlar bilen üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak hem-de bu möwsümi öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we häzirki wagtda pudakda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegiň, hususan-da, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegine üns berilmeginiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň hasyly üçin oba hojalyk ekinleriniň düýbüni tutmak işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

16.12.2024

Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilýän Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisiniň we Türkmen-eýran işewürlik maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu giň möçberli çäreleriň Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine uly itergi berjekdigine berk ynanýaryn.

Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy uzak möhletleýin, ygtybarly hyzmatdaş bolmak bilen, netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň toplanan tejribesini yzygiderli baýlaşdyrýarlar. Iki goňşy döwletiň halklarynyň gözbaşy asyrlara uzaýan taryhy köklere esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklary häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolup, ähli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda depginli ösdürilýär. Türkmenistanda maýa goýumlar, işewürlik gatnaşyklary, söwda hyzmatdaşlygy babatda döredilýän amatly şertler türkmen-eýran gatnaşyklaryny ösdürmek üçin hem uly mümkinçilikleri açýar.

Hormatly myhmanlar!

Gadyrly dostlar!

Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orny eýeleýär. Munuň şeýledigine iki ýurduň arasynda eksport we import edilýän harytlaryň görnüşleriniň giňelýändigi, olaryň möçberiniň durnukly artýandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Nebitgaz, energetika, senagat, oba we suw hojalygy, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda netijeli hem-de özara bähbitli gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Asylly däbe öwrülen ýöriteleşdirilen sergileriň, işewürlik maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmekde, döwlet we hususy kärhanalaryň özara gatnaşyklaryny täze taslamalar bilen baýlaşdyrmakda, ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Şu gün öz işine başlaýan Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisinde hem oba hojalygy, azyk we gaýtadan işleýän senagat, oba hojalyk, azyk önümlerini gaplamagyň, saklamagyň we daşamagyň döwrebap tehnologiýalary, olaryň eksporty hem importy bilen bagly ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalar innowasion ösüş ýolunda ýeten sepgitlerini görkezerler. Türkmen-eýran işewürlik maslahatynyň çäginde bolsa öňdebaryjy tejribelerini, işläp taýýarlamalaryny alşarlar, hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini, täze taslamalary ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýlelikde, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän bu çäreler iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ýola goýlan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine oňyn täsir eder.

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisiniň hem-de işewürlik maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, türkmen we eýran halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkemeginiň bähbidine iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine gönükdirilen asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

16.12.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gyşynyň tenekar säheriniň irki pursatlarynda täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Fransiýanyň “Buig” kompaniýasynyň ýurdumyzdaky wekili bilen hem duşuşdy.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha ýokarlanýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna, gurluşyk işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşilýär.

Ir säher bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Gyş paslynyň bu pursatlarynda şäheriň keşbinde özboluşly gözellik duýulýar. Onuň älemgoşar öwüşginli yşyklary ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Arkadag şäheriniň ähli ilatynyň adyndan Milli Liderimizi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilýän günlerinde mynasyp bolan ýokary döwlet sylaglary bilen tüýs ýürekden gutladylar we berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

D.Orazow Arkadag şäheriniň wekiliýetiniň Awstriýanyň Wena şäherinde iş saparynda bolup, şol ýerde Arkadag şäheriniň Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyny we güwänamalary alyp gelmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol täze şäheriň binagärlik, ekologik derejesi bilen bagly berlen baýragy, degişli güwänamalary görkezdi we Gahryman Arkadagymyzy täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini alamatlandyrýan bu çözgüt bilen gutlady.

Milli Liderimiz şäheriň halkara baýraklardyr güwänamalara mynasyp bolmagynyň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikleriň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini aňladýandygyny belledi. Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede hasaba alnyp, olaryň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy esasynda tassyklanylmagy ägirt uly ösüşdir. Arkadag şäheri hil dolandyryş ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar we gazanylýan üstünlikler üçin “Hil saýlawy — 2024” nyşany bolan “Diamond” derejesine mynasyp boldy. Munuň özi lukmançylyk klasteriniň saglygy goraýşa degişli serişdeleriniň, çagalar iýmitleriniň, zyýansyzlandyryş sargylarynyň we stomatologiýa degişli önümleriniň hil derejesiniň ykrar edilmesidir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň intellektual eýeçiligi ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň oňyn netije berýändigini görkezýär.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda görüljek çäreler barada bu ýerde goýlan şekil taslamalarynyň üsti bilen hasabat berdi. Taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli binalaryň, söwda we işewürlik merkeziniň, Gökdepe şaýolunyň ugrunda üstaşyr geçýän köpriniň şekil taslamalary, täze köpriniň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bar. Şeýle hem «Akhan» binasyndan «Taýçanak» binasyna çenli bolan ýoluň durkuny täzelemek, köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylýan möwsüminde ekiljek baglaryň görnüşleri barada maglumat berildi.

Milli Liderimiz görkezilýän şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz durmuş maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine laýyklykda ýerleşdirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şeýle-de täze köpriniň bezeg işlerinde Arkadag şäheriniň mynasyp bolan halkara güwänamalarynyň şekilleriniň ýerleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, bu ugurda maslahatlaryny berdi.

Alym Arkadagymyz şäheriň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň ylmy esasda öwrenilmeginiň, olaryň bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň wajypdygyny belledi we şäheriň ekologik derejesiniň has-da sagdynlaşmagynda ähmiýetli bolan seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Milli Liderimiz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalar, Arkadag şäherinde Täze ýyly mynasyp garşylamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Şol bir wagtyň özünde, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerine maýa goýum serişdelerini çekmek bilen bagly meseleler hakynda maglumat berildi. Hormatly Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny çaltlandyrmagyň, binalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini we gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmegiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigine ünsi çekdi. Şäheriň önümçilik maksatly desgalarynyň, lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygyna, olaryň enjamlaşdyrylyşyna maýa goýum serişdelerini çekmek boýunça alnyp barylýan işleri hem netijeli dowam etdirmek zerurdyr.

Iş maslahatynyň dowamynda G.Mämmedowa täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp derejede garşylamak ugrunda görülýän taýýarlyklar barada-da hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hemmeleriň söýüp garşylaýan baýramynyň hormatyna guralýan dabaralar Arkadag şäheriniň ähli künjegini gurşap alar.

Täze ýyl baýramçylygynyň dabaralary täsirli wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý bolmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň öz beýanyny tapmagy babatda zerur tagallalar edilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri täze şäheriň häzirki zaman keşbine we onuň derejesine laýyk gelmelidir. Bu Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde-de göz öňünde tutulmalydyr diýip, Milli Liderimiz nygtady we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa halkymyzdan gelip gowuşýan köp sanly teklipleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň ýüztutmalaryny nazara alyp, Gahryman Arkadagymyzdan 2025-nji ýylda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini Arkadag şäherinde geçirmek baradaky teklibi Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýetirip bermegi haýyş etdiler.

Milli Liderimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilendigini belläp, onuň türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerine we ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyna mahsusdygyny aýtdy. Çünki parahat türkmen ilinde tutuş adamzat ähmiýetli maslahatlar agzybirlikde, halkymyz bilen ylalaşykly geçirilýär. Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ýolbaşçylarynyň tekliplerini hormatly Prezidentimize ýetirjekdigini aýtdy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň teklibi makullan halatynda, degişli taýýarlyk işlerine girişmegiň zerurdygyna ünsi çekip, iş maslahatyny jemledi.

Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Fransiýanyň “Buig Türkmen” kompaniýasynyň Baş direktory A.Reşow bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işewür öz wekilçilik edýän kompaniýasyna ynanylan taslamalaryň ýerine ýetirilişi, işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar we geljekde ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli iş alyp barmaklary ugrunda ähli zerur şertler üpjün edilýär.

Gahryman Arkadagymyz “Buig Türkmen” kompaniýasynyň ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýandygyny, şu geçen döwürde bu kompaniýanyň özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taslamalaryň wajyp ugurlaryny kesgitlemegiň möhümdigini aýdyp, Milli Liderimiz gurluşyk işlerinde döwrebap serişdeleriň ulanylmalydygyna ünsi çekdi.

Işewür bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň ýurduň gurluşyk we senagat kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant bolýandygyny duýmagyň özleri üçin uly buýsançdygyny belläp, Türkmenistanda şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde özlerine ynanylan gurluşyk işleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. Şeýle hem A.Reşow duşuşygyň dowamynda wekilçilik edýän kompaniýasynyň häzirki döwürde ýerine ýetirýän gurluşyklary we geljekde alnyp barylmaly işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda bina edilýän önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, binalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeler berklik, uzak möhletleýinlik derejesine doly laýyk gelmelidir. Bu barada aýtmak bilen, Milli Liderimiz gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny aýratyn nygtap, işewüre öňde goýlan wezipeleri netijeli ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny tamamlap, hemmelere alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

14.12.2024

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerine

Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda giňden bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň yhlasly we tutanýerli zähmetiňiziň netijesinde ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda uly üstünlikler gazanylýar. Pudakda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň esasynda ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny berkidýär. Bu ugurda halkara derejedäki iri taslamalara badalga bermek bilen, uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, halkymyzyň eşretli durmuşyna, geljek nesillerimiziň hem-de goňşy döwletleriň halklarynyň abadançylygyna hyzmat etmegini gazanmak babatda möhüm wezipeleri öňde goýýar.

Berkarar Watanymyzy sazlaşykly ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzda iri senagat toplumlaryny, gaz geçiriji ulgamlary döretmek, geljegi uly nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek babatda öňde goýlan sepgitlere ýetmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Güneşli Diýarymyzyň dürli ýerlerinde täze nebitgazly ýataklaryň açylmagyny, Türkmenistan — Hytaý, Gündogar — Günbatar gaz geçirijilerini, gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň taslamasyny pudakda gazanylan üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwletimize baştutanlyk eden döwründe, 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisi açylyp ulanmaga berildi we türkmen mawy ýangyjy dünýäniň ykdysady taýdan okgunly ösýän sebitine akdyrylyp başlandy. Taryha altyn harplar bilen ýazylan şol senäniň ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde bellenilmegi özboluşly many-mazmuna eýedir.

Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar!

Energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň ýurdumyz üçin örän uly ykdysady ähmiýeti bar. Bu käniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara ibermegiň gerimini giňeltmekde täze mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde türkmen energiýa serişdelerine isleg bildirýän ýurtlaryň sany barha artýar. Dünýä belli kompaniýalar we maliýe düzümleri bu ugurda ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Türkmenistanyň tebigy gazyň eksportyny köpugurly esasda ösdürmek strategiýasy uglewodorod serişdelerini çykarmak mümkinçilikleriniň artdyrylmagyndan ugur alýar. Diýarymyzda tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda isleg bildirilýän önümleri öndürmäge hem aýratyn üns berilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda döwrebap gazhimiýa toplumlarynyň birnäçesiniň gurlup ulanmaga berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, pudakda önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Ýakynda «Galkynyş» gaz känindäki ulanyş guýularyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli täze akymynyň alynmagy we ýurdumyzyň çägindäki beýleki nebitgazly ýataklaryň üstünlikli özleşdirilmegi bolsa bu ugurdaky işleriň ýokary depginde alnyp barylýandygyny görkezýär. Nebitgaz ýataklary özleşdirilende, uglewodorod serişdeleri çykarylanda, gaýtadan işlenende hem-de sarp edijilere iberilende daşky gurşawy aýawly saklamagyň talaplaryny berjaý etmek, bu işleri ýokary ekologik kadalara laýyklykda amala aşyrmak, şeýle-de onuň howanyň üýtgemegine täsirini peseltmek öňde durýan möhüm wezipelerdir. Nebitgaz pudagynyň işgärleriniň öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirip, Türkmenistanyň bu ugurdaky borçnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Gadyrly nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleri!

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, sebit we dünýä halklarynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge hem gönükdirmäge çalyşýar. Pudagyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň bu ugurda alyp barýan işlerimiz energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, sebitiň ýurtlarynyň abadançylygyna, ykdysady taýdan durnukly gurşawy emele getirmäge gönükdirilendir. Biz geljekde hem şeýle işleri dowam etdireris.

Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar!

Sizi hünär baýramyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

14.12.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen binýady goýlup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasaty sebitde we dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Bitarap Türkmenistan ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryna möhüm goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”; “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”; “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary”; «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilendigini bellemek gerek. Halklaryň arasynda dostlugyň, hyzmatdaşlygyň, raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, sebit we ählumumy derejede parahatçylygy goldamaga gönükdirilen bu Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

...Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow parahatçylygyň, ynsanperwerligiň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi halkymyzyň beýik gymmatlygy bolup, tutuş dünýäde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Şundan ugur alyp, ýurdumyz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen hemişelik Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri esasynda ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri — Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek babatda-da zerur tagallalary edýär. Şunuň bilen birlikde, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi ýaly beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň bu ugurlarda öňe sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçilik tarapyndan giňden goldanylýar.

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzda “Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar” atly halkara maslahat geçirildi. Onuň dowamynda hyzmatdaşlygy ilerletmekde, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna oňyn baha berildi. Bu çäräniň ýokary wekilçilikli düzümi, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna, Baş Assambleýa tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi ýaly möhüm senelere beslenjek geljek ýylyň öňüsyrasynda geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Türkmenistan halkara giňişlikde möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen, olaryň dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerine laýyk gelmegini ileri tutýar. Tagallalary birleşdirmek, yzygiderli bilelikdäki işe daýanmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň kesgitleýji şerti, filosofiýasy bolup durýar.

Ýurdumyz döwletara gatnaşyklarda we diplomatiýada “Dialog — parahatçylygyň kepili” ýörelgesini ilerledýär. Çünki dialog medeniýeti, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasyndaky gatnaşyklara ukyply we taýýar bolmak häzirki günde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden halkara gatnaşyklarda bitaraplyk, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly ata-babalarymyzdan gelýän kadalara eýerip gelýändigi bellenilýär. Geçen ýyllar Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize we Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we netijeli işlemegi hem ýurdumyzyň saýlap alan Bitaraplyk syýasatynyň many-mazmunyny açyp görkezýän hakykatdyr.

Biz bütin dünýäde parahatçylyga esaslanýan, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam bermek bilen birlikde, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirýäris. Eziz Diýarymyzda täze obalary, şäherleri, şäherçeleri we döwrebap senagat toplumlaryny gurýarys. Ähli ugurlarda alyp barýan tutumly işlerimiz beýik maksada — ata Watanymyzyň durnukly ösüşini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.

...Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdançada Mejlisiň we Halk Maslahatynyň wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Bitaraplyk binasynyň öňündäki baýramçylyk äheňinde bezelen meýdança gelýär. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen mübärekleýärler. Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow merdana halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül çemenini goýdy.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, beýleki dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.

Asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza doly laýyk gelýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy halkara giňişlikde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine netijeli başlangyçlary ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralar şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.

12.12.2024

Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

Işewür duşuşmaga wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady, şeýle hem Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Russiýanyň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysyna gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeliligini kanagatlanma bilen belledi. “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda möhüm taslamalary durmuşa geçirip gelýändigi nygtaldy. Ol özüni ýurdumyzyň gurluşyk we senagat mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga işjeň gatnaşýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi.

Häzirki wagtda Aşgabatda şäher infrastrukturasyny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnama amala aşyrylýar. Paýtagtymyzy dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriň birine öwürmek şol maksatnamanyň esasy wezipesidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu maksatnama ugurlaryň giň gerimini, şol sanda döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, ulag infrastrukturasyny ösdürmek, ekologik ýagdaýy mundan beýläk-de gowulandyrmak ýaly ugurlary öz içine alýar. Strategiýanyň çäklerinde bilim, medeniýet edaralary hem işjeň ösdürilýär. Munuň özi işlemek, bilim we dynç almak üçin amatly şertleri döretmäge ýardam berýär. Bu ugurdaky tagallalaryň ählisi özünde gözelligi, täzeçilligi, ýaşaýjylardyr myhmanlar üçin ýokary derejeli durmuş şertlerini jemleýän şäheri döretmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de Türkmenistanyň ýokary önümçilik kuwwaty bolan kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. “Wozroždeniýe” kompaniýasy hem şolaryň hataryndadyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen tarapynyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny beýan etdi.

Igor Bukato bildirilýän ynam we goldaw üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady hem-de “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryny ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirmek we Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

12.12.2024

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna