Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Hormatly Prezidentimiz Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün 1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. 

Bu dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň Hökümetiniň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular we talyp ýaşlar gatnaşdylar. 

Ýurdumyzyň döwrebap bilim we ylym merkezleri bolan ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleriň möhüm ugrudyr. 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty (TDBGI) ýaş, häzirki zaman ylmy we taslama bilim edarasy bolup, 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredildi. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we binagärlik-gurluşyk, jemagat hojalygy, himiýa, energetika, senagat we ýol-ulag pudaklaryny inžener işgärleri bilen üpjün etmek TDBGI-niň esasy wezipesidir. Häzirki wagtda institutda 7 fakultet, 126 kafedra hereket edýär, olardan 3 müňden gowrak talyp bilim alýar. Bu ýokary okuw mekdebinde her ýyl 600-den gowrak hünärmen taýýarlanylýar. 

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji awgustynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda bina ediljek bu desganyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak, ozal bar bolan inženerçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasyna tabşyryldy. 

Şeýle-de resminama laýyklykda institutyň binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralar dowam edýär.

* * *

Şeýle hem şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 5 müň orunlyk Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.

Mundan başga-da Mary welaýatynyň Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde 2 müň orunlyk täze goşmaça okuw binasynyň, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, ýapyk görnüşli sport desgasynyň hem-de aýlawly ýolda monumentiň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.

01.09.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani bilen duşuşdy.

Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we guralýan baýramçylyk dabaralarynyň ýokary derejesiniň üpjün edilendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Gahryman Arkadagymyzy, ähli türkmen halkyny giňden bellenilýän şanly sene bilen gutlap, türkmen halkynyň Milli Liderine Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Taniniň aýdan mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirmek bilen, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tanä mähirli salamyny aýdyp, täze Arkadag şäheriniň milli binagärlik ýörelgeleriniň hem-de häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşmagynda bina edilendigini, şunda “akylly” şäher konsepsiýasynyň, “ýaşyl” tehnologiýalar ulgamynyň işjeň ornaşdyrylandygyny belledi.

Myhman Arkadag şäheriniň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleriniň bezeg ulgamyndaky döwrebap ýörelgeler bilen utgaşýandygyny nygtap, täze şäheriň ähli görkezijiler babatda ýokary dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändigini belledi. Munuň özi taslamanyň durmuşa geçirilmegine jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilendigini görkezýär. Şeýle hem ol şäheriň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna sebitde atly sport boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri we amatlyklary bolan ilkinji halkara akademiýa hökmünde Aziýa atly sport federasiýasynyň Hormat şahadatnamasyny gowşurmagyň özi üçin uly mertebedigini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna Hormat şahadatnamasyny gowşurandygy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, bu çözgüdi ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde we atçylyk sporty boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda amala aşyrylýan işlere berilýän ýokary baha hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Katar Döwleti bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, bedewleri ýetişdirmek we atçylyk sporty boýunça özara tejribe alyşmak babatda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Ýurdumyzyň gözelligi we ýyndamlygy bilen ady äleme dolan ahalteke bedewleriniň asyl mekanydygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Kataryň Atçylyk federasiýasy bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmagyň ägirt uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani atçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar.

01.09.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti M.Seçina bilen duşuşdy.

Iri sport guramasynyň ýolbaşçysy bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, täze şäheriň amatly ýaşaýşy, göwnejaý dynç alşy üpjün etmekde, ekologiýa abadançylygyny saklamakda ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýändigini belledi we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň enjamlaşdyrylyşyna, onda bilim almak, türgenleşik geçmek üçin döredilen şertlere ýokary baha berdi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabarasyna gatnaşýandygy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostluk, ynanyşmak hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi.

Şeýle hem söwda-ykdysady, energetika we beýleki möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Parlamentara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Atşynaslyk we atçylyk sporty babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Ahalteke bedewleri ajaýyplygy bilen dünýäde uly şöhrata eýe boldy. Behişdi bedewler milli buýsanjymyzdyr. Häzirki döwürde ahalteke bedewlerini giňden wagyz etmek we atçylygy dünýäniň ösen tejribesini ulanmak arkaly ylmy esasda ösdürmek boýunça zerur tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyz atly sporty ösdürmekde, ýaryşlary guramakda we türgenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny bellemek bilen, bu ugurda özara tejribe alyşmagyň ähmiýetini nygtady.

Şeýle hem Russiýanyň atly sport federasiýasy bilen türkmen atşynaslarynyň hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi we Türkmenistan bu ugurda öňe sürülýän başlangyçlary goldamaga taýýardyr.

Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti M.Seçina sebitde atçylyk we atly sport boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji halkara akademiýa bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Türkmenistanda döredilendigi üçin Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasyny gowşurmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasynyň gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi Türkmenistanda atçylygy we atly sporty ösdürmek hem-de giňden wagyz etmek boýunça toplumlaýyn ulgamyň döredilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hem-de myhman, ähli ugurlarda bolşy ýaly, atçylyk pudagynda we atly sport ulgamynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň netijeli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

01.09.2023

TÜRKMEN-PALESTINA PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Palestina döwletiniň Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad Al-Malki bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda Bitarap ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky daşary syýasatyna laýyklykda iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy myhmany Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we onuň alyp barýan işleri, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirýän işler bilen tanyşdyrdy. 

Duşuşygyň soňunda taraplar geljekde ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlaryny döretmek,  şeýle hem döwletara hyzmatdaşlygyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak babatda hyzmatdaşlyk etmeklige taýýardyklaryny bellediler. 

25.08.2023

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ILAT GAZNASYNYŇ (UNFPA) TÜRKMENISTANDAKY ÝURT BOÝUNÇA DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

 

2025-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň ýolbaşçysy myhmany bu wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de alyp barjak işlerinde we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Myhman Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, türkmen Parlamentiniň işi bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda Ilat gaznasy (UNFPA) bilen bilelikde enäniň we çaganyň saglygyny goramak, maşgalany we ýaşlary goldamak, gender deňligini üpjün etmek babatda toplumlaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi kanagatlanma bilen bellenip geçildi we geljekde bilelikde geçirilmeli çäreler ara maslahatlaşyldy.

Şeýle hem ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk esaslarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň ähmiýeti nygtaldy. 

26.03.2023