Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Kökleri asyrlaryň jümmüşine uzaýan hem-de taryhyň, diliň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan türkmen-türk gatnaşyklary bu gün täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, hil taýdan täze derejä çykarylýar. Iki döwletiň arasynda ýola goýlan ýokary derejedäki netijeli syýasy dialog söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýan köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup çykyş edýär.

Döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde okgunly ösdürilýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli dialogy halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen giň möçberli bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýär.

Türki Döwletleriň Guramasy (TDG) bu gün halkara gatnaşyklar ulgamynda möhüm orun eýeläp, durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça gatnaşyjy ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmek üçin netijeli mehanizm bolup çykyş edýär. Bu düzüm energetika, ulag, logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hereketleri utgaşdyrmak üçin binýady kemala getirýär.

TDG-niň çäklerindäki köpugurly hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýar. Türki halklaryň ruhy mirasyny gorap saklamak, olaryň medeni däplerini giňden wagyz etmek, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň ýaşlar guramalarynyň, ylmy we döredijilik jemgyýetçilikleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmek guramanyň gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär.

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna eýermek bilen, synçy ýurt hökmünde Türki Döwletleriň Guramasynyň işine işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz bu gurama medeni dialogy ilerletmek hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança hökmünde garaýar. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär.

Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz uly şahsy goşant goşýar. Gahryman Arkadagymyzyň türki dünýäni jebisleşdirmäge, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de häzirki döwrüň möhüm meselelerini bilelikde çözmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary gurama agza döwletleriň Baştutanlarynyň giň goldawyna we ýokary bahasyna mynasyp bolýar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň alyp barýan işi türki halklaryň köpasyrlyk däpleriniň dowamata atarylýandygynyň aýdyň mysaly boldy. Bu geňeşiň işine möhüm goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaşuly nesliň paýhasy, aksakgallaryň baý durmuş tejribesi we abraýy ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, ahlak ýörelgeleri gorap saklap, geljekki nesillere ýetirmekde bahasyna ýetip bolmajak orun eýeleýär.

TDG-niň çäklerinde Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlary durnukly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak we “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Ýurdumyzyň parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine türki döwletleriň mümkinçiliklerini birleşdirmäge gönükdirilen yzygiderli başlangyçlary netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

...Birnäçe sagatdan hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Ankara şäheriniň “Etimesgut” howa menziline gelip gondy.

Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we Türkiýäniň işewürleri mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz haly düşelen ýodajyk boýunça Hormat garawulynyň esgerleriniň hataryna tarap ýöredi.

Hormat garawulynyň esgerleriniň hatarynyň başynda döwlet Baştutanymyzy Hormat garawulynyň serkerdesi garşylady hem-de hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz esgerlere “Merhaba, asker!” diýip ýüzlendi, esgerler bolsa, öz gezeginde, “Sag boluň!” diýip jogap berdiler.

Soňra Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan döwletleriň Baştutanlary Türki döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine bardylar.

Seýilgähde türki halklaryň taryhyna degişli dürli binalaryň nusgalary ýerleşdirilipdir.

Soňra belent mertebeli myhmanlar bu ýerde bag nahallaryny ekdiler. Taryhy kökleriň, ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň, däp-dessurlaryň umumylygyny alamatlandyrýan bu seýilgähde ýaş bag nahallarynyň oturdylmagy aýratyn many-mazmuna eýe boldy.

Soňra dabaranyň barşynda döwlet Baştutanlary bu ýerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler.

Şeýle çykyşlar we medeni çäreler doganlyk döwletleriň kuwwatly döredijilik mümkinçiligini hem-de ruhy baýlygyny aýdyň şöhlelendirýär. Munuň özi halklary has-da ýakynlaşdyrmaga, özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga, şeýle hem umumy taryhy-medeni mirasy halkara giňişlikde wagyz etmäge ýardam berýär.

Soňra döwlet Baştutanlary bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Döwlet Baştutanlary türki dilli döwletleriň milli ak öýlerini synladylar.

Bu ýerde türkmeniň ak öýi dikilip, onda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy we milli aýratynlyklary şöhlelendirilýär. Ak öý hemişe halkymyzyň myhmansöýerliginiň nyşany bolupdyr. Ak öýüň içinde türkmen halkynyň gündelik durmuşynda ulanan öý esbaplary, milli lybaslary, saz gurallary we beýlekiler ýerleşdirilipdir.

Şeýle hem ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Olarda milli mirasymyzyň, medeniýetimiziň we türkmen halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalary öz beýanyny tapdy. Joşgunly “küştdepdi” tansynyň ýerine ýetirilmegi çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli başlangyçlary esasynda bu baý taryhy-medeni hazyna aýawly saklanylyp, yzygiderli baýlaşdyrylýar we halkara derejede giňden wagyz edilýär. Medeni mirasyň umumylygy ýurtlarymyzyň arasyndaky özara ynanyşmagy we mizemez doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň şerti bolup hyzmat edýär.

Ak öýüň ýanynda halkymyzyň göz guwanjy bolan ahalteke bedewiniň heýkeli oturdylypdyr. Gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda dünýäniň iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Eýesine wepadarlygy, gözelligi we ýyndamlygy bilen halkymyzyň buýsanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr.

Milli we dünýä medeniýetiniň naýbaşy nusgasy bolan behişdi bedewler häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazanýan beýik üstünlikleriniň, ähli ulgamlardaky okgunly ösüşiniň nyşanydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi ahalteke atlaryny wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da ilerletmek üçin täze tapgyry açdy.

Adamzat durmuşynyň dürli ulgamlarynda gazanylan beýik sepgitlere hem-de wakalara baý bolan türki halklaryň köpasyrlyk ýyl ýazgysy dünýä siwilizasiýasynyň taryhynda şöhle saçýan sahypalaryň biri bolup durýar. Ýewraziýanyň uç-gyraksyz giňişliklerinde ýaşan türki halklar müňýyllyklaryň dowamynda döredijilikli zähmete, ula hormat goýmaga hem-de tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaga esaslanýan özboluşly durmuş ýörelgelerini kemala getiripdirler. Şonuň esasynda adamzat jemgyýetiniň taryhynda öçmejek yz galdyran beýik döwletler döredildi.

Baý halk döredijiligi, şadessanlar we rowaýatlar, çuňňur filosofik şygyr eserleri türki dünýäniň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Watansöýüjiligi, edermenligi hem-de parahatçylyga ygrarlylygy wasp edýän ynsanperwer taglymlar nusgawy şahyrlaryň, şol sanda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýär. Bu baky gymmatlyklar häzirki wagtda ýaşlary ahlak taýdan terbiýelemek üçin egsilmez çeşme bolup, türki dilli döwletleriň bu günki nesilleriniň arasynda ruhy gatnaşyklary pugtalandyrýar.

Ýewrаziýanyň iň gadymy ruhy we maddy medeniýetiniň gözbaşynda duran türkmen halky asyrlaryň dowamynda türki dünýäsiniň umumy siwilizasion baýlygyna uly döredijilik goşandyny goşup gelýär. Geçmişiň görnükli alymlary, şahyrlary we ussatlary tarapyndan döredilen edebiýat, binagärlik we amaly-haşam sungatynyň naýbaşy eserleri milletimiziň berk ruhy sütünini emele getirip, dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynda orun aldy. Türkmen topragynyň beýik nusgawy şahyrlary tarapyndan wasp edilen ynsanperwerlik ýörelgeleri parahatçylygyň, adalatlylygyň, dostlugyň we döredijiligiň belent taglymlaryny wagyz edip, ähli doganlyk halklaryň umumy baýlygyna öwrüldi.

Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutanlary Türkiýäniň milli halk oýunlaryna tomaşa etdiler.

Açylyş dabarasyndan soňra döwlet Baştutanlary “Malazgirt” çäreler merkezine bardylar.

Bu ýerde medeni maksatnamanyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan milli we etnosport oýunlary kökleri müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän däpleriň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýany boldy. Täsirli atly çykyşlar we etnografik görkezilişler türki halklaryň asyrlar aşyp gelýän durmuş ýörelgelerini açyp görkezdi. Olarda bedew hemişe erkanalygyň, okgunlylygyň we wepadarlygyň nyşany bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny artdyrmak, ata-babalarymyzdan miras galan milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek we atly sporty ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Türkmenistan gadymy döwürlerden bäri atşynaslygyň iri merkezi bolup durýar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň milli atşynaslygy ösdürmek, onuň gadymdan gelýän däplerini gorap saklamak, behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça başyny başlan giň gerimli işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýyl ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen geçýär. Milli atçylyk pudagy täze belentliklere çykarylyp, atçylyk-sport düzümlerini, atly sportuň görnüşlerini we milli atşynaslyk däplerini ösdürmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmen çapyksuwarlary şöhratly ata-babalarymyzyň iň gowy däplerini dowam edip, abraýly atly sport ýaryşlarynyň we daşary ýurtlarda geçirilýän köp sanly at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar.

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda uly dabaralara beslenýän Türkmen bedewiniň milli baýramy ahalteke bedewlerine diňe bir ählihalk däl-de, eýsem, halkara söýginiň hem nyşanydyr. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen, 2007-nji ýylda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary döredildi. Häzirki wagtda bu topar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşarda hem meşhurdyr. Topar dünýäniň dürli künjeklerinde çykyş edip, abraýly halkara sylaglaryň ençemesine mynasyp boldy.

Çäräniň dowamynda türki döwletleriň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Konsert maksatnamasy dürli halklaryň asyrlarboýy dowam edip gelýän özboluşly däp-dessurlaryny şöhlelendirýän milli aýdym-sazlary öz içine aldy.

Umuman, türki dilli döwletleriň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi türki halklaryň özboluşly aýratynlyklary, taryhy, medeniýeti hem-de milli däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döretmek bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylmagyna itergi berýär.

Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna iş sapary dowam edýär.


Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

29.10.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 4-nji Parlamentara forumyň «Suw, howa, ekologiýa howpsuzlygy sebitiň durnukly ösüşiniň binýadydyr» atly mejlisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji Parlamentara forumynyň «Suw, howa, ekologiýa howpsuzlygy sebitiň durnukly ösüşiniň binýadydyr»atly mejlisine gatnaşdylar.

Mejlisde Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy B.Myradowa çykyş edip, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak we «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada belläp geçdi. Ol Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň, howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmagyň we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi. 

Şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, metan zyňyndylaryny azaltmak we daşky gurşawy goramak boýunça milli strategiýalaryň hem-de halkara başlangyçlaryň ähmiýeti nygtaldy. Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işleriniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendigi barada durlup geçildi.

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar daşky gurşawy goramak boýunça halkara borçnamalary ýerine ýetirmäge we ählumumy ekologiýa meseleleriň çözülmegine mynasyp goşant goşmaga ygrarlydyklaryny bellediler.

29.10.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 4-nji Parlamentara forumyň «Ykdysady integrasiýa, durnukly ösüş we sebitleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi» atly mejlisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji Parlamentara forumynyň «Ykdysady integrasiýa, durnukly ösüş we sebitleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi» atly mejlisine gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, maýa goýumlary çekmek üçin amatly şertleri döretmegiň hem-de ulag-logistika mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň ähmiýetini bellediler. Şeýle hem sebitde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde parlamentara hyzmatdaşlygyň ornuna aýratyn üns berildi. Bu ugurda parlamentleriň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hukuk binýady kämilleşdirmegiň we özara bähbitli başlangyçlary goldamagyň möhüm ähmiýetini nygtadylar.

Mejlisde ýurdumyzyň Milli parlamentiniň wekili çykyş edip, Türkmenistanda daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, bäsdeşlige ukyply innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek, sirkulýar ykdysadyýete geçmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de adam maýasyny ösdürmek babatdaky işleriň döwlet tarapyndan, oňyn başlangyçlar bilen işjeňleşdirilýändigini belledi. 

Maslahatyň ahyrynda doganlyk döwletleriň wekilleriniň çykyşlarynda öňe sürlen täze we anyk teklipleriň, şeýle hem sebitara derejede durmuşa geçirilýän oňyn tejribeleriň gatnaşyjylar üçin örän ähmiýetli bolandygy bellenildi. Bu ýokary derejeli forumyň geljekde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde we halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny täze sepgitlere çykarmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirildi. 

29.10.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 4-nji Parlamentara Forumyň «Parahatçylyk, sebit howpsuzlygy we parlament diplomatiýasyny ösdürmek» atly mejlisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji Parlamentara forumynyň «Parahatçylyk, sebit howpsuzlygy we parlament diplomatiýasyny ösdürmek» atly mejlisine gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar forumyň parahatçylygy pugtalandyrmakda, sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde  tejribeleri we pikir-garaýyşlary paýlaşmakdaky möhüm ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy M.Kulyýew çykyş edip, maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň Merkezi Aziýanyň geljegi üçin örän möhümdigini, bu ugurda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna esaslanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda energiýa serişdeleri we ulag üstaşyr geçelgeleri, parahatçylygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça kabul edilen kararnamalaryň, hususan-da, «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda halkara-hukuk binýady pugtalandyrmaga oňyn itergi berýändigini nygtady.

Mejlise gatnaşyjylar häzirki wagtda şeýle formatdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde parahatçylygy we howpsuzlygy hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmekde, ulag geçelgelerini döretmekde we giňeltmekde, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmakda, energiýa serişdeleriniň elýeterliligini gazanmakda tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini bellediler. Şeýle hem forumyň sebitde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirildi. 

29.10.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň dowamynda gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Täjigistan Respublikasynda geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji Parlamentara forumynyň çäklerinde, meýilnama laýyklykda «Dostluk» meýdançasyndaky Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.  

29.10.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji parlamentara forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde «Merkezi Aziýada agzybirligiň, howpsuzlygyň we gülläp ösüşiň bähbidine» atly temada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji Parlamentara Forumyna gatnaşdy. 

Forumyň esasy maksady sebitiň döwletleriniň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary parlamentler derejesinde goldamaga we parlamentara gatnaşyklary täze sepgitlere çykarmaga gönükdirilendir.

Parlamentara forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, forumyň ýokary derejede guralandygy üçin Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisine minnetdarlyk bildirdi hem-de Duşenbe duşuşygynyň sebitiň geljekki ösüşini we abadançylygyny üpjün etmäge, parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge, durmuş-ykdysady ösüşlerde parlament wekilleriniň işjeň gatnaşmagynyň oňyn tejribelerini alyşmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň tagallalary we yzygiderli goldawy netijesinde Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentara forumy ýaly halkara derejede geçirilýän maslahatlaryň sebitde köpugurly hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde parlamentleriň tagallalaryny utgaşdyrmaga täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.

Merkezi Aziýa sebitiniň häzirki döwürde geosyýasy we ykdysady taýdan dünýäniň iň möhüm merkezleriniň birine öwrülip, ýurtlaryň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigini, durnuklylygyň esasy kepili bolup durýandygyny, Türkmenistanyň maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň parahatçylygy üpjün etmäge, ýurtlaryň arasynda dialogy ýola goýmaga, özara ynamy berkitmäge gönükdirilendigi nygtaldy.

Forumyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň hem-de sebitleýin ýaşlar forumlarynyň, ylmy maslahatlaryň we medeni, sport çäreleriň parahatçylygy, sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýeti bellenildi. 

29.10.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşygy geçirildi

Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň bu ýurduň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň dördünji Parlamentara forumyna gatnaşmaga iberen çakylygy hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen ýokary myhmansöýerlik  üçin hoşallyk bildirip,  bu çäräniň  üstünlikli geçmegi baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary  netijesinde yzygiderli ösdürilýändigini, Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky dostlukly gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde has-da pugtalanýandygyny bellediler.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň  ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de Täjigistan Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen birnäçe möhüm kararnamalarda dostlukly Täjigistan Respublikasynyň awtordaş bolup beren uly goldawy üçin hoşallyk bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwletara derejesindäki syýasy-diplomatik ýörelgelere eýerip, geljekde ählumumy platformalarda — Parlamentara Bileleşik, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasy ýaly halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak bellenildi. 

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly ornyň degişlidigi bellenildi. Bu gatnaşyklaryň häzirki wagtda halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaga, döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga mümkinçilik döredýändigi nygtaldy. 

Duşuşygyň ahyrynda D.Gulmanowa Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomalini hem-de parlament wekillerini ýurdumyzda geçiriljek «ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugy ilerletmek» atly üçünji Aşgabat maslahatyna hem-de Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle hem Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň utgaşykly görnüşde geçiriljek üçünji duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy.

28.10.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Faýzali Idizoda bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň  4-nji Parlamentara Forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Faýzali Idizoda bilen duşuşygy geçirildi. 

Taraplar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini hem-de bu gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen berkitmäge we ösdürmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda D.Gulmanowa Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda köp ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda dostlukly gatnaşyklaryň işjeň ösdürilip, ikitaraplaýyn görnüşde we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak bilen, has-da berkidilýändigini aýtdy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň plenar mejlisinde kabul edilen «2028-nji ýyl- Halkara hukugyň ýyly» atly Kararnamanyň bütin dünýäde halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmakda, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde,  netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy nygtaldy. D.Gulmanowa Täjigistan Respublikasynyň bu halkara ähmiýetli resminamanyň kabul edilmeginde beren uly goldawy üçin aýratyn hoşallygyny bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlarynyň goldanylmagynyň, kanunçykaryjylyk işinde tejribe alşylmagynyň, parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň, wekiliýetleriň saparlarynyň guralmagynyň hem-de duşuşyklaryň geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Faýzali Idizodany hem-de parlament wekillerini ýurdumyzda geçiriljek «ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugy ilerletmek» atly üçünji Aşgabat maslahatyna hem-de Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle hem Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň utgaşykly görnüşde geçiriljek üçünji duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy. 

28.10.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherine iş sapary başlandy

 

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji Parlamentara Forumyna gatnaşmak maksady bilen, Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherine iş sapary başlandy. 

28.10.2026

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, hasyly ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Kadaly gögeriş alnan meýdanlarda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär.

Bu işler bilen bir hatarda, welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen hasyly ýygnap, ilata ýetirmek boýunça işler utgaşykly alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly we agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda hem-de ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler ýerine ýetirilip, ýygymyň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan ýerlerde degişli ideg işleri alnyp barylýar.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, güýzlük ýeralma we gök-bakja ekinlerine ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Şunuň bilen bir hatarda, häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň, hususan-da, pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler dowam edip, ýygymyň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde hem-de netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda ýetişdirilen şalynyň, güýzlük gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, bu ugurdaky işleriň depginlerini güýçlendirmek, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde talabalaýyk geçirmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz we gysga wagtda ýygnap almak, şeýle hem ýygnalan hasyly pagta kabul ediş kärhanalaryna we harmanhanalaryna tabşyrmak işleri alnyp barylýar. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda şalynyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär.

Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, häkime pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Pagta ýygymyna gatnaşýan oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda we kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda suw tutmak we ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyp, häzirki wagtda ýetişdirilen hasyly ýygnap almaga taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda ekilen güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek bilen bir hatarda, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň dokma hem-de azyk senagaty pudaklary üçin gymmatly çig mal bolan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär.

Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilýän meýdanlary mineral dökünler bilen gurplandyrmak, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlarda azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnap almak işleri dowam edip, Mary welaýatynda gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar we häzirki wagtda hasyly ýygnap almaga taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere häzirki wagtda pudakda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek hem-de hasyly gysga möhletde, ýitgisiz ýygnamak üçin ähli zerur işleri ýerine ýetirmegi, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlere laýyklykda, ýokary hilli geçirmegi, ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde, netijeli işledilmegini üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny wagtynda tutup, kadaly gögeriş almak üçin ähli zerur çäreleri görmegi, haşal otlara garşy göreş çärelerini wagtynda geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz içerki bazarlarymyzy üpjün etmek üçin welaýatlarda ýetişdirilen gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýygymyna başlamaga gowy taýýarlyk görmegiň, bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhümdigine ünsi çekip, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

26.10.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň sazlaşygyndan binýat bolan Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurluşygy dowam edýän desgalaryň şekil taslamalary, binalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasy bilen gurlup ulanmaga berlen täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyry batly depginlerde dowam edýär. Bu ýerde medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşyklary häzirki zamanyň talaplaryna we binagärligiň ýokary görkezijilerine laýyk derejede dowam etdirilýär.

...Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny özünde jemleýän hem-de «akylly» şäher konsepsiýasynyň talaplarynyň doly ýerine ýetirilmeginde bina edilen Arkadag şäherine geldi.

Täze şäheriň keşbinde türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli binagärlik ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Munuň özi ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynda milli ülňüler bilen döwrebaplygyň utgaşdyrylyp amala aşyrylýandygyny görkezýär. Şunda şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, bagtyýar maşgalalaryň ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelmekleri bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň we beýleki binalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýan gurluşyk işleri we taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdi.

Bu ýerde görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda 30 müň adama niýetlenen «Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, onuň çäklerinde guruljak desgalaryň görnüşleri, täze şäheriň seýilgähiniň çäginde goýulmagy meýilleşdirilýän dürli şekiller, Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda oturdylmagy göz öňünde tutulýan bedew heýkelleriniň görnüşleri we ýol-ulag düzümine degişli taslamalar bar.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, metjidiň ýanaşyk ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, onuň çäginde guruljak bassyrmalaryň şekil aýratynlyklaryna birnäçe belliklerini aýtdy. Çünki bu künjegiň, aýratyn-da, täze metjidiň binasynyň özboluşly aýratynlyklary bilen bitewi sazlaşygyň döremegine möhüm ähmiýet berlip, ol Arkadag şäheriniň umumy keşbiniň binagärlik sazlaşygynda öz beýanyny tapmalydyr.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň seýilgähiniň taslamasyny, onuň çäginde ýerleşdiriljek şekilleriň we serişdeleriň görnüşlerini synlap, olara birnäçe düzedişleri girizdi. Seýilgähde adamlaryň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri we amatly dynç alşyň hözirini görmekleri üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Şunda seýilgähiň ekologiýa ýagdaýyny ünsden düşürmeli däldir.

Gahryman Arkadagymyz şekil taslamalary bilen tanyşlygyň dowamynda Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda oturdyljak bedew heýkellerini synlady. Şaýoluň esasy bezegleriniň birine öwrüljek heýkelleriň görnüşlerine, olaryň reňk aýratynlyklaryna zerur üns berilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda örän oýlanyşykly çemeleşilmelidigini we bedew heýkelleri taýýarlanylanda milli atşynaslyk tejribelerinden ugur alynmalydygyny aýtdy hem-de bu babatda öwüt-nesihatlaryny berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklarynyň depginleri, bu işleriň häzirki döwürde ýeten derejesi barada giňişleýin maglumat berdi.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde gurulýan binalaryň we desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny belläp, bu işlere taslamaçylaryň, gurluşykçylaryň we şäher ýolbaşçylarynyň örän jogapkärçilikli çemeleşmekleriniň möhümdigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylmalydyr.

Gahryman Arkadagymyz täze şäherde bina edilýän önümçilik maksatly toplumlaryň gurluşyklarynda bolşy ýaly, ýol-ulag düzümine degişli desgalarda hem häzirki zamanyň täzeçil usullaryndan we ösen tehnologiýalardan netijeli peýdalanylmalydygyny belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk ýagdaýy, hil derejesi hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy möhümdir.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa, ilki bilen, döwlet Baştutanymyzyň çözgüdine laýyklykda, bag nahallaryny we dürli gülleri ekmek boýunça tejribe alyşmak maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygyna sapar bilen gitmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem ol güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk işleri, bag nahallarynyň ekiljek ýerleriniň çyzgylary, şol bir wagtyň özünde ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýuna taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, açylan döwründen bäri Arkadag şäherinde jemi 50 müň düýp bag ekildi. Şu ýylyň ýazky möwsüminde 5 müň düýp bagyň ekilendigini aýdyp, häkim güýzki möwsümde hem 5 müň düýp bag ekmegiň meýilleşdirilendigi barada habar berdi. Ýeri gelende belläp geçsek, geçen ýylyň özünde ýurt boýunça 3 milliondan gowrak agaç nahaly ekildi. Munuň özi ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan waka öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyz dürli görnüşli baglary we gülleri ösdürip ýetişdirmekde Niderlandlar Patyşalygynyň baý tejribe toplan ýurt hökmünde ykrar edilendigini belläp, saparyň dowamynda Arkadag şäherinde toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bag nahallaryny we dürli reňkdäki gülleri ekmek boýunça gepleşikleriň geçirilmelidigini aýtdy. Toplanan tejribäniň Arkadag we Aşgabat şäherlerinde utgaşykly alnyp barylmagynyň zerurdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz özüniň degerli maslahatlaryny berdi.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyz boýunça geçirilýän Hasyl toýunda Arkadag şäheriniň mynasyp wekilçilik etmegi bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini belledi. Munuň özi Arkadag şäheriniň nusgalyk şäher hökmündäki derejesiniň pugtalandyrylmagynda ähmiýetli bolar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belläp, iş maslahatyny jemledi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň binagärlik keşbiniň baş bezegine öwrülýän metjidiň gurluşyk işlerini, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synlady. Häzirki döwürde bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk we bezeg işleri kesgitlenen meýilnama laýyklykda, batly depginlerde dowam edýär.

Şol bir wagtyň özünde Arkadagyň ruhy metjidiniň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň berkligine, göze gelüwliligine möhüm ähmiýet berilýär. Aýratyn-da, metjidiň yşyklandyryş ulgamynda ulanylýan serişdeler hil taýdan häzirki zamanyň talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýär. Munuň özi sogap işleriň we ýagşy dessurlaryň berjaý edilýän mukaddes ýerinde ýagtylygyň derejesiniň döwrebap bolmagyny üpjün eder.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki döwürde Arkadagyň ruhy metjidiniň yşyklandyryş ulgamy işe girizilýär. Binalar toplumynyň älemgoşar öwüşginli yşyklardan döreýän şekilleri häzirki zamanyň täzeçil ýörelgelerini özünde jemleýän Arkadag şäheriniň agşamky görnüşleriniň gözelligini artdyrýar.

Al-ýaşyl öwüsýän yşyklaryň özboluşly görnüşleri ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen binýat bolan täze şäheriň ähli desgalarynyň gurluşygyna we olaryň bezeg işlerine hem-de yşyklandyryş ulgamyna aýratyn üns berilýändigini görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerden täze şäheriň çäklerinde gurulýan kottejler toplumynyň ýerleşýän ýerine geldi. Toplumyň çäginde lagym ulgamlarynyň, agyz suwuny geçirijileriň we beýleki hyzmatlaryň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň bökdençsiz hereketiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy we bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz, kottejleriň ýanaşyk ýerlerinde bolşy ýaly, olaryň howlularynda hem bagy-bossanlygyň döredilmelidigini belläp, täze jaýlaryň birine girip gördi.

Kottejleriň enjamlaşdyrylyşy, onuň otaglarynyň üpjünçiligi häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýär. Aýratyn-da, jaýlaryň otaglarynda ýerleşdirilen mebeller we yşyklandyryş ulgamy halkymyzyň islegleri esasynda taýýarlanyldy. Soňra Gahryman Arkadagymyz jaýyň aşhanasy bilen tanyşdy. Bu ýerde ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek we onuň öňüni almak boýunça degişli gulluga dessin habar berýän sanly ulgamyň aýratynlyklary ornaşdyrylypdyr. Bu bolsa «akylly» öýleriň özboluşly mümkinçilikleri bolup durýar. Munuň özi bu jaýlara göçüp gelýän maşgalalaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň netijesidir.

Gahryman Arkadagymyz kottej jaýyň ikinji gatyna galyp, onuň howlusyny synlady hem-de howlynyň bagy-bossanlyga bürenmeginiň bu künjegiň ekologiýa ýagdaýynyň ýokary bolmagynda we maşgala agzalarynyň oňaýly dynç alşynda ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk boýunça geçirýän iş maslahatlarynda ýaşaýyş jaýlarynyň we edara binalarynyň ýyladyş ulgamynyň kadaly işlemegi, olaryň talabalaýyk gyzdyrylmagy babatda berýän tabşyryklaryna laýyklykda, bu ugra aýratyn üns berilýär. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulýan desgalarda hem ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işleýşi döwrebap enjamlar arkaly berkidilendir. Gahryman Arkadagymyz bu babatda özüniň köpýyllyk tejribesine esaslanyp, birnäçe maslahatlaryny berdi we täze şäheriň çäginde gurulýan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birine bardy.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýaşaýyş jaýynyň bezeginde ulanylýan serişdeleriň we mermerleriň görnüşlerini synlady. Bellenilişi ýaly, bu mermerler ýokary hil derejesine laýyk gelýändigi we berkligi bilen tapawutlanýar. Munuň özi jaýlaryň bezegleriniň uzak möhletleýin häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär.

Köp gatly ýaşaýyş jaýynyň öýlerinde ýaşamak we ýokary derejede dynç almak üçin ähli amatlyklar üpjün edilipdir. «Akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda bina edilen ýaşaýyş jaýynda ähli enjamlar sanly tehnologiýalar arkaly dolandyrylýar. Bu bolsa zähmetsöýer halkymyzyň häzirki zamanyň ýokary derejeli şertlerinden we döwrebap eşretlerden peýdalanmaklary ugrunda edilýän aladanyň aýdyň netijesidir.

Gahryman Arkadagymyz bu işleriň «Döwlet adam üçindir!» hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen asylly şygarlary baş ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen tagallalaryň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan işleriniň halkymyzyň bähbidine gönükdirilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz eşretli durmuşyň nesillerimiz arkaly dowamat-dowam bolýandygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ýerden ugrap, ýolugra täze şäheriň awtomenziliniň gurluşygynyň dowam edýän ýerinde saklandy. Bu ýerde şäheriň täze seýilgähiniň gurluşygy-da alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyz gurluşyklary synlap, täze şäherde ýokary ekologiýa ýagdaýynyň saklanmalydygyny, seýilgähiň çäklerinde dürli oturgyçlaryň, amatly bassyrmalaryň ýerleşdirilmelidigini, şol bir wagtyň özünde-de dürli bag nahallarynyň we köp öwüşginli gülleriň ekilmelidigini belledi.

Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde wideogözegçiligiň yzygiderli ýola goýulmagynyň zerurdygyny nygtap, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň şäheriň ähli künjeginde tertip-düzgüniň saklanmagynda we bar bolan kemçilikleriň ýüze çykarylmagynda ähmiýetli boljakdygyny aýtdy. Munuň özi şäher ilatynyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrundaky aladanyň aýdyň netijesidir.

Bu ýerde adamlaryň, maşgalalaryň göwnejaý dynç almaklaryny üpjün edýän ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz şeýle işlere örän jogapkärçilikli hem-de häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.


Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

24.10.2026

MEJLISDE ALNYP BARYLÝAN IŞLER

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde döredilen iş toparlarynda döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, şeýle hem «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda», «Kärende hakynda», «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda» Kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, milli parlamentiň wekilleri Andorra Knýazlygynda, Tanzaniýa Birleşen Respublikasynda we Täjigistan Respublikasynda iş saparynda boldular. Şeýle hem Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirilip, milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, şeýle hem kabul edilen kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi.

23.10.2026 Giňişleýin

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, Mejlisde ýurdumyzda hereket edýän kanunlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, “Elektron söwda hakynda”, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Gümrük, Jenaýat, Raýat iş ýörediş kodekslerine we başga-da birnäçe kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler geçirilýär.

Şu ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sebitde we bütin dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde, parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmekde zenanlaryň orny, gender deňligi, saglygy goraýyş, demografik ösüş, kanun çykaryjy edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de tejribe alyşmak maksady bilen, “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly halkara zenanlar dialogy, “Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary” atly ikinji halkara maslahat, “Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahat geçirildi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine beren hemmetaraplaýyn goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze Kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

17.10.2026 Giňişleýin

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, Mejlisde ýurdumyzda hereket edýän kanunlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, “Elektron söwda hakynda”, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Gümrük, Jenaýat, Raýat iş ýörediş kodekslerine we başga-da birnäçe kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler geçirilýär.

Şu ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sebitde we bütin dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde, parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmekde zenanlaryň orny, gender deňligi, saglygy goraýyş, demografik ösüş, kanun çykaryjy edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de tejribe alyşmak maksady bilen, “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly halkara zenanlar dialogy, “Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary” atly ikinji halkara maslahat, “Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahat geçirildi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine beren hemmetaraplaýyn goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze Kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

17.10.2026 Giňişleýin

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Türkmenistanyň Mejlisinde ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-si we Mejlisiň kararlarynyň 14-si kabul edildi. “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” we “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Mejlisde daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 7-si kabul edildi. Şeýle hem dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 37-si geçirildi. Halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 93-sine gatnaşyldy. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 20-si amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň we ýurdumyzyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ähmiýete eýedigini we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmegi dowam etmegiň zerurdygyny belledi.

02.10.2026 Giňişleýin

Deputatlar

Daşoguz Lebap Mary Ahal Aşgabat Balkan

Daşoguz welaýaty


Gylyçmyradowa Jeren Aşyrgeldiýewna

44-nji «Altynýol» saýlaw okrugy


Arazow Serdar Arazdurdyýewiç

45-nji «Diýar» saýlaw okrugy


Atabaýew Ýakup Otuzbaýewiç

46-njy «Akdepe» saýlaw okrugy


Otuzow Magsat Nurgylyjowiç

47-nji «Nowruz» saýlaw okrugy


Kanjanow Atamurat Otuzbaýewiç

48-nji «Rowaçlyk» saýlaw okrugy


Toýlyýew Aşyr Hudaýnazarowiç

49-njy «Boldumsaz» saýlaw okrugy


Tuwakow Merdan Baýramdurdyýewiç

50-nji «Görogly» saýlaw okrugy


Musaýew Atageldi Amangeldiýewiç

51-nji «Yzmykşir» saýlaw okrugy


Seýilow Baýly Toýlyýewiç

52-nji «Aksaraý» saýlaw okrugy


Durdyýew Gurbangylyç Arazowiç

53-nji «Gubadag» saýlaw okrugy


Kutlyýewa Aýgözel Akmuradowna

54-nji «Baýdak» saýlaw okrugy


Toýlyýewa Aýnabat Gaýypowna

55-nji «Dessan» saýlaw okrugy


Kurambaýewa Mähriban Satywaldyýewna

55-nji «Dessan» saýlaw okrugy


Gurbandurdyýew Şatlyk Meretdurdyýewiç

57-nji «Agzybirlik» saýlaw okrugy


Şäherow Jumamyrat Paltabaýewiç

58-nji «Köneürgenç» saýlaw okrugy


Jumaýewa Maýsa Ýegenmyradowna

59-njy «Derýalyk» saýlaw okrugy


Babaýew Baýmyrat Atanaýewiç

60-njy «Gürgenç» saýlaw okrugy


Amanýazowa Enejan Saparmuhamedowna

61-nji «Bossan» saýlaw okrugy


Nepesow Kakamammet Hemraýewiç

62-nji «S.Rozmetow» saýlaw okrugy


Haýytjanow Ýeňiş Sultanmuradowiç

63-nji «Nowbahar» saýlaw okrugy


Durdymedowa Ogulşad Sapardurdyýewna

64-nji «S.A.Nyýazow» saýlaw okrugy


Maşalaýew Amanmyrat Şyhyýewiç

65-nji «S.Türkmenbaşy» saýlaw okrugy


Meredow Nurgeldi Babageldiýewiç

66-njy «Aýböwür» saýlaw okrugy


Artykow Döwran Arazowiç

67-nji «Sarygamyş» saýlaw okrugy


Sadullaýew Rasul Kamilowiç

68-nji «Ruhubelent» saýlaw okrugy


Gaýypow Serdar Aşyrowiç

69-njy «Daşoguz» saýlaw okrugy


Hangeldiýew Arazmyrat

70-nji «Şabat» saýlaw okrugy


Lebap welaýaty


Haýdarowa Laçyn

71-nji «Dänew» saýlaw okrugy


Omarow Allaýar Hydyrowiç

72-nji «Asuda» saýlaw okrugy


Dosmedow Merdan Hudaýberenowiç

73-nji «Hojagala» saýlaw okrugy


Ýarowa Jahan Jorakulyýewna

75-nji «Zergär» saýlaw okrugy


Jumaýew Babamurat Kemalowiç

76-njy «Çärjew» saýlaw okrugy


Rozyýew Gahryman Öwlýakulyýewiç

77-nji «Farap» saýlaw okrugy


Hasanow Zahid Ýusupowiç

78-nji «Jeýhun» saýlaw okrugy


Jumadurdyýew Atajan Isaýewiç

80-nji «Türkmenabat» saýlaw okrugy


Akyýewa Bossan Bäşimowna

81-nji «Lebap» saýlaw okrugy


Joraýewa Zuleýha Rozybaýewna

82-nji «Amul» saýlaw okrugy


Şadyýew Bahadur Babakulyýewiç

83-nji «Sakar» saýlaw okrugy


Akyýewa Çemen Jumamyrat gyzy

84-nji «Saýat» saýlaw okrugy


Öwlýagulyýew Baýram Astanagulyýewiç

85-nji «Garabekewül» saýlaw okrugy


Ilow Baýram Jomartowiç

86-njy «Pelwert» saýlaw okrugy


Haýydowa Ogulnur Narkulyýewna

87-nji «Halaç» saýlaw okrugy


Çaryýew Nepes Narbaýewiç

88-nji «Seýdi» saýlaw okrugy


Meredow Durdyguly Nazargulyýewiç

89-njy «Astanababa» saýlaw okrugy


Hemraýew Gadam Meretkulyýewiç

90-njy «Kerki» saýlaw okrugy


Berkeliýew Toýly Jorakulowiç

91-nji «Ýalkym» saýlaw okrugy


Awlýakulyýew Intizar Dowrankulyýewiç

92-nji «Hojambaz» saýlaw okrugy


Hezziýew Amangeldi Kerimgulyýewiç

93-nji «Döwletli» saýlaw okrugy


Rozyýew Nepes Janmuradowiç

94-nji «Köýtendag» saýlaw okrugy


Allakulyýew Erkin Çaryýewiç

95-nji «Garlyk» saýlaw okrugy


Mustakowa Hatyça Muratowna

96-njy «Magdanly» saýlaw okrugy


Toýly Allanazarowiç Rozyýew

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy


Aýbölek Begmuradowna Mamedowa

79-njy «Darganata» saýlaw okrugy


Mary welaýaty


Orazmeredow Merdan Artykowiç

97-nji «Mary» saýlaw okrugy


Annaýew Ýusup Orazberdiýewiç

98-nji «Şapak» saýlaw okrugy


Gurbanmyradow Çary Annamyradowiç

99-njy «Kemine» saýlaw okrugy


Abdyýew Orazdurdy Abdyýewiç

100-nji «Baýramaly» saýlaw okrugy


Janmyradow Maksat Çarymyradowiç

101-nji «Oguzhan» saýlaw okrugy


Zyrryýew Kerwen Garlyýewiç

113-nji «Soltan Sanjar» saýlaw okrugy


Çarşakow Saparmyrat Gündogdyýewiç

114-nji «Mekan» saýlaw okrugy


Baýmyradowa Şirin Seýitkulyýewna

115-nji «Garagum» saýlaw okrugy


Berdiýewa Senem Sapargeldiýewna

116-njy «Türkmengala» saýlaw okrugy


Saparow Orazgeldi Şamyradowiç

117-nji «Rehnet» saýlaw okrugy


Rahmedow Ali Muradowiç

118-nji «Ýolöten» saýlaw okrugy


Gurbangeldiýew Begenç Kerimowiç

119-njy «Soltanbent» saýlaw okrugy


Allanowa Aýjemal Täçnazarowna

120-nji «Murgap» saýlaw okrugy


Babanyýazow Maksat Berdimuhammedowiç

121-nji «Ylham» saýlaw okrugy


Aşyrow Gurbanmyrat Durdymyradowiç

122-nji «Miras» saýlaw okrugy


Haýydow Arslan Hudaýberdiýewiç

123-nji «Tagtabazar» saýlaw okrugy


Çaryýew Arslan Meredowiç

124-nji «Pendi» saýlaw okrugy


Gurbanmyradow Allamyrat Geldimyradowiç

125-nji «Serhetabat» saýlaw okrugy


Zyba Serdarowna Nepesowa

102-nji «Jemgyýet» saýlaw okrugy


Bäşim Durdyýewiç Annagurbanow

103-nji «Zarpçy» saýlaw okrugy


Jahangül Mämmetorazowna Myradowa

104-nji «Peşanaly» saýlaw okrugy


Akmuhammet Nurmuhammedowiç Bekmyradow

105-nji «Türkmenistan» saýlaw okrugy


Jumageldi Durdymyradowiç Ataýew

106-njy «Wekil» saýlaw okrugy


Jumamuhammet Hudaýberdiýewiç Şirmämmedow

107-nji «Rysgally» saýlaw okrugy


Atamyrat Agamyradowiç Kössekow

108-nji «Wekilbazar» saýlaw okrugy


Tirkişmyrat Amanmuhammedowiç Ýomudow

109-njy «Sakarçäge» saýlaw okrugy


Süleýman Muhammetamanowiç Nurymow

110-njy «Garaýap» saýlaw okrugy


Atamyrat Ýagmyrowiç Amandurdyýew

111-nji «Çaşgyn» saýlaw okrugy


Maral Atamyradowna Garagulowa

112-nji «Merw» saýlaw okrugy


Soňky kabul edilen kanunlar

Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda

23.09.2026 Giňişleýin

Wirtual aktiwler hakynda

22.11.2025 Giňişleýin

Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

22.11.2025 Giňişleýin

Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda

22.11.2025 Giňişleýin