Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam etdirilýär. Daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek üçin gowaça tohumyny taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, ýazky ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, jemgyýetçilik binalarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň durnukly ösýän oba hojalygynyň binýady bolup durýandygyny belledi we häkime welaýatda oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekip, bu babatda degişli görkezmeleri berdi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy hakynda hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda toplumlaýyn çemeleşmäniň üpjün edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almaga ýardam berýändigini belledi we häzirki wagtda welaýatda dowam edýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada-da tabşyryklary berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Bu işleriň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde we ideg işlerinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak ugrunda degişli çäreler görülýär. Şeýle-de häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmeginiň ekinlerden ýokary hasyl almak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden hem netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýändigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda ýerine ýetirilýän işleri gözegçilikde saklamak babatda degişli görkezmeler berildi.
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ony gaýtadan işlemek babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim welaýatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda dowam edýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümiň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň talabalaýyk, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen täze ýylda ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam edýär. Ekiş möwsüminde pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işler alnyp barylýar. Ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak we talabalaýyk saklamak boýunça hem zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýän oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki strategik ornuna ünsi çekdi we wise-premýere pudagy mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini talabalaýyk geçirmegiň, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirmegiň, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň, ýaz ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme talabalaýyk taýýarlamagyň möhümdigini belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda 2024-2025-nji ýyllaryň pagta, 2025-2026-njy ýyllaryň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny öz wagtynda ýygnap almak boýunça zerur çäreleri görmegi, welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işleýşini hem-de ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjünçiligini aýratyn gözegçilikde saklamagy, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.














